00:56 "Gorkut ata" kitaby | |
"GORKUT ATA" KITABY
Edebiýaty öwreniş
Milli edebiýatymyzyň taryhynda Gorkut ata hem onuň «Kitaby dädem Gorkut» atly ajaýyp şadessany geçmişden geljege şöhle saçýar. Gorkut atadan galan bu ýadygärlik türkmen halkynyň geçmişiniň çeper ýazgylary bolup, ol edebiýatymyzyň taryhynda müdümi orun aldy. „Gorkut ata“ kitabynyň ýazylan döwrüniň taryhy ýagdaýyny öwrenmezden onda beýan edilýän wakalara, mazmuna düşünmek çetindir. Bu kitabyň biziň günlerimize gelip ýeten ygtybarly hasaplanylýan Drezden nusgasy edebi ylma näbelli bolan nusgadan XVI asyrda göçürilipdir. Onuň doly eser görnüşine emele gelen döwri hakynda dürli pikirler bar. Bu eseri öwrenijileriň käbiri ony XV-XVI asyrda döredilen hasaplaýarlar. Emma bu kitap XI asyrda doly çeper eser hökmünde kemala gelipdir. Häzirki Türkmenistandan Kiçi Aziýa giden kowumdaşlarymyz bu eseri öz ýanlary bilen alyp gidipdirler. Şeýdip „Gorkut ata“ kitaby Türkiýeli türkmenleriň arasyna ýaýrapdyr. Ol Kawkaz halklarynda hem meşhur bolupdyr. «Gorkut ata» kitabynyň başynda şeýle maglumat bar: «Resul aleýhyssalam zamanyna ýakyn baýat boýundan Gorkut ata diýrler bir är gopdy. Oguzyň owwal kişi tamam bilijisidi. Ne diýrse, olardy. Gaýybdan dürlü habar söýlärdi. Hak taala anyň köňlüne ylham ederdi.» Taryhy çeşmelerden bilşimiz ýaly, Muhammet Pygamber 570-632-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir. Diýmek, Gorkut ata VII-VIII asyrlarda ýaşan bolmalydyr. Ylmy çeşmelerde Gorkut atanyň örän uzak ýaşandygy hakynda aýdylýar. Onuň IX asyrda ýaşan Salyr Gazana wezirlik edendigi aýdylýar. Gorkut ata juda sowatly, paýhasly, her tarapdan düşünjeli, durmuş tejribeli, islendik ýagdaýda maslahat berip bilýän beýik şahsyýet bolupdyr. Şonuň üçin ol zamanasynyň patyşalaryna wezirlik edipdir. Gorkut ata zamanynda ylym, edebiýat hem medeniýet hertaraplaýyn ösüpdir. Bilşimiz ýaly, VII-VIII asyrlarda Orta Aziýa araplar tarapyndan basylyp alynýar. Netijede yslam dini ýaýradylyp başlanýar. Yslam dininiň adamlaryň kalbynda ornaşmagy üçin birnäçe asyr gerek bolupdyr. Şol sebäpli „Gorkut ata“ kitabynda diniň täsiri ýüzleý görünýär. Eserde yslam bilen baglanyşykly wakanyň her boýuň başynda, ortasynda ýa ahyrynda özbaşdak, umumy ýordumdan üzňe beýan edilmegi, oňa yslamyň garaýyşlarynyň soňra goşulandygyndan habar berýär. Sebäbi ortodoksal yslamyň meşhur bolan döwründe her bir eseriň ýaşamagy üçin onuň öz zamanasynyň donuna bürenmegi zerur bolupdyr. Oguzlar Gorkut ata eýýamynda baý, gurply ýaşapdyr. Oguzlar batyr, edermen, myhmansöýer, geçirimli, juda gurgun halk hökmünde tanalypdyr. Gorkut atanyň eýýamynda patyşalar, soltanlar ylma, edebiýata aýratyn üns beripdirler. Köşkde bilgeleri, alymlary, şahyrlary saklamak, goldamak we şolar bilen şöhratlanmak döwrüň soltanlaryna mahsus bolupdyr. Bu döwürde dürli dindäki alymlar dini ynanjyna seretmezden bir paýhas öýünde zähmet çekipdir. Alymlar türk, hindi, arap, pars, grek, ýunan, pehlewi dillerini suwara bilipdirler. Ine, şu zatlar hem Gorkut atanyň zamanynda ylmyň ösmegine getiripdir. Gorkut ata şeýle zamanda ýaşapdyr we öz „Oguznamasyny“ döredipdir. Öňde-de belleýşimiz ýaly, Islendik zamananyň taryhy ýagdaýyny bilmezden onuň edebiýatyny dolulygyna öwrenmek mümkin däl. Onuň üçin ilki bilen zamananyň taryhy durmuşy bilen tanyşmak, taryhy hakykaty janlandyrmak zerur. Diňe şondan soň çeper edebiýatymyzyň ösüşini, ýeten derejesini, galan belentligini aňlamak mümkin. Gorkut ata eýýamynyň taryhy ýagdaýyna düşünmek üçin, şol döwrüň öňüsyrasyndaky taryhy wakalary öwrenmeli bolýarys. Bu babatda taryh ylmy örän gyzykly maglumatlary berýär. Mysal üçin biziň miladynyň 224-227-nji ýyllarynda ykdysady taýdan baý, medeni taýdan ösen, emma syýasy taýdan gowşan Parfiýa döwleti sasanylar tarapyndan syndyrylyp, döwlet olaryň golastyna düşýär. Şunlukda Parfiýa medeniýeti bilen taryha ornan ullakan ösüşler birbada togtaýar. Soňra VII-VIII asyrdan başlap biziň ata-babalarymyzyň durmuşy gowulaşyp başlaýar. Eýýäm VII-VIII asyrlarda edebiýat taryhçysy Nazar Gullaýewiň ýazmagyna görä kaşaň edara binalary, zamananyň baý, gurply adamlary üçin ýaşaýyş jaýlary gurlup ugraýar. Binaçy ussalar çig kerpiçden peýdalanyp, ajaýyp ymaratlary gurupdyrlar. Olaryň diwarlary, küňreleri, ylaýta-da iç ýüzleri nepis nagyşlar bilen bezelipdir. Hut şol döwürde Maryda, Abywerdden, Nusaýdan tapylan tapyndylar bu döwürde senetçilik sungatynyň ösendiginden habar berýär. Bu döwürde dürli reňkli ululy-kiçili çüýşe gaplary, güldanlar, monjuklar öndürilipdir. Mary, Daňdanakan ýaly şäherlerde öndürilýän, ýüzüne her hili güller, nagyşlar çekilen ýüpek we nah matalar, geýim-gejimler, dürli baş gaplar özüniň nepisligi, oňaýlylygy bilen meşhurlyga eýe bolupdyr. Bu döwürde türkmenler oguzlar ady bilen tanalypdyr. Olar örän giň territoriýany eýeläpdirler. Olaryň eýeleýän meýdanynyň bir çeti Hytaý bolsa, beýleki çeti Eýran, ýene bir tarapy Kiçi Aziýa bolup, häzirki Türkmenistanyň ýerleri oguzlaryň merkezi bolupdyr. Türkmenistanyň çäkleriniň gadymy ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmegi sebitiň ykdysady hem medeni tarapdan ösmegine oňyn täsir edipdir. Beýik ýüpek ýoly Hytaý bilen Alynky Aziýany, hatda Ýewropany birleşdiren kerwenli söwda ýoludyr. Taryhy maglumatlara görä ol miladydan öňki II asyrdan miladynyň XIV-XVI asyrlaryna çenli gatnawly bolupdyr. Onuň bir bölegi Türkmenistanyň üstünden geçipdir. Hytaýdan gaýdan ýüpek ýoly iki şaha bölünipdir we ol ýollar Orta Aziýanyň hem Owganystanyň hem Türkmenabadyň (Çärjewiň) üstünden geçip Maryda ýene birigipdir. Ol Nusaýyň üsti bilen Ortaýer deňziniň kenarlaryna ýetipdir. Soňra suwuň üsti bilen Ýewropa çenli baryp ýetipdir. Beýik ýüpek ýolunyň söwdadan başga edebiýatyň hem ösmegine hem onuň giň territoriýa ýaýramagyna täsir edipdir. „Gorkut ata“ kitabynyň dünýäniň köp ýerlerinde belli bolmagynda Beýik ýüpek ýolunyň täsiriniň bolandygy ikuçsyzdyr. Taryhy çeşmelerden bilşimiz ýaly, Gorkut atanyň zamanynda yslam dini täze ynanç hökmünde ornaşyp başlaýar. Otparazçylyk dini bilen baglanyşykly ýazgylar ýok edilýär. Yslam täze dünýägaraýyş bolup, onuň doly kabul edilmegi belli bir wagty kanuny talap edýärdi. Ol kem-kemden ornaýardy. Şonuň üçin bu döwrüň edebiýatynda yslam juda solak görünýär. Muňa “Kitaby dädem Gorkudy” mysal getirmek bolar. Şu ýerde iki ruhy dünýäň biri-birine eden täsirini ýuzugra belläsimiz gelýär. Arap edebiýatynyň oguz edebiýatyna täsiriniň bolşy ýaly oguz edebiýaty araplara hem oňyn täsir edýär. Munuň özi edebi kanunalaýyklykdyr. Edebiýat nazaryýetiniň delilli düşündirmegine görä, täze dünýägaraýyş ur-tut ornap gidibermeýär. Ol belli bir päsgelçilikleri ýeňip geçmeli bolýar. Onuň üçin wagt, taryhy pursat gerekdi. Çünki öňe sürülýän täzeçilligiň şahyrana zehinleriň aňynda bişmegi gerekdi. Yslam milady hasaby bilen 650-nji ýylda häzirki Türkmenistanyň çäklerine gelenem bolsa, onuň ruhundaky doly bahaly eserler IX-X asyrlarda döräp başlaýar. Ol döwürde çeper söze seredende ylyma uly üns berlipdir. Muňa Mamunyň “Paýhas öýi” özboluşly delildir. Muhammet Horezminiň hem Farabynyň ylym dünýäsinde galan mertebeleri guwandyryjy bolupdy. Bu eýýamda arap dilli edebiýat ösüp-örňäp başlaýar. Özem edebiýat çeper pikire seredende şygyr şekilleri, görnüşleri babatda has ösýär. Türkmen nusgawy edebiýatynda ýörgünli işledilen mesnewi, gazal, müsemmet, rubagy ýaly şygyr şekilleri hut şu döwürde arap-pars edebiýatyndan biziň edebiýatymyza aralaşyp başlapdyr. Araplaryň yslam dinini Orta Aziýa ülkelerine ornaşdyrmaklary bilen otparazçylyk dini bilen baglanyşykly köp kitaphanalar, taryhy ýadygärlikler ýakylyp-ýandyrylyp ýok edilipdir. Ondan öň Aleksandr Makadonyýalynyň goşunlarynyň astynda ýiten ýazuwlar az bolmandyr. Taryha ser salanymyzda üç uly hasrat dünýäniň gaty köp halklarynyň başyndan inip, olaryň medeniýetleriniň ösüşine uly zyýan ýetiripdir. Olaryň birinjisi Aleksandr Makadoniýaly ( Isgender Zülkarneýin), ikinjisi araplaryň sebiti basyp almaklary, üçünjisi Çingiz hanyň çozuşlary. Şularyň üçüsinde hem Orta Aziýa halklarynyň gaty köp ýazuw ýadygärlikleriniň ýakylyp-ýandyrylyp ýok edilendigi barada taryhy çeşmelerde maglumat berilýär. Bu bolsa öz gezeginde gadymy edebiýaty öwrenmekde uly kynçylyk döredýär. Umuman, Gorkut ata eýýamynda medeniýet, şol sanda edebiýat hem ösüşlere-de eýe bolýar. Elbetde, bir bada yslam dininiň gelmegi bilen pikirlenmäniň ösüşini çäklendirýär. Edebi maglumatlara görä, edebiýat yslam dini ornaşdyrylan döwründe pikir jähetden däl-de, görnüş şekiller babatda ösüpdir. Munuň özi dogrudyr. Emma VIII-IX asyrlarda, aýratynam, X- XI asyrlarda Gündogar, şol sanda türkmeniň edebiýaty hem ylmy uly ösüşleriň ýoluna düşýär. Hut şu döwürde dünýä ylmyna uly goşant goşan Al-Horezmi, Faraby, Biruny, Ibn Sina ýaly genial şahsyýetler kemala gelýär. *** «Kitaby Dädem Gorkut» Gündogar halklarynyň arasynda gadymy ýazuw ýadygärliginiň biridir. Bu kitap oguz taryhyny, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, edim-gylymyny, durmuşyny, medeniýetini öwrenmekde bahasyz hazynadyr. Şol sebäpli bu kitap uzak ýyllaryň dowamynda ylmy jemgyýetçiligi gyzyklandyryp geldi. «Kitaby Dädem Gorkut» eserini öwrenmäge alymlaryň gaty köpüsi gatnaşdy. Şeýlelikde türkişynaslyk ylmynda «Gorkut ata» kitabyny öwrenýän ýörite ugur emele geldi. «Gorkut ata» kitabynyň öwreniliş taryhyny şertli iki topara bölmek bolar: «Gorkut ata» şadessanynyň Günbatar alymlary tarapyndan öwrenilişi; «Gorkut ata» şadessanynyň türkmen alymlary tarapyndan öwrenilişi. Şunda «Gorkut ata» şadessanynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde öwrenilişi aýratyn bellenmäge degişlidir. Çünki Garaşsyzlyk türkmen halky bilen bilelikde hupbat baryny geçiren bu kitabyň hem alnyndan ak gün bolup dogdy. Milli Garaşsyzlygymyz „Gorkut ata“ kitabyna täze ömür berdi. «Kitaby Dädem Gorkut» eseri dogrusynda türkişynaslyk ylmynda Günbatar alymlary tarapyndan edilen işler köpdür. «Gorkut ata» kitabyny öwrenmekde B. B. Bartold, A. Ý. Ýakubowskiý, W. M. Žirmunskiý, we türkmen alymy Halyk Görogly we başga-da köp alymlar tutumly işleri etdiler. 1962-nji ýylda «Kitaby Dädem Gorkut» rus diline terjime edilýär, neşir edilýär. Oňa Drezden nusgasynyň 12 boýy girizilipdir. Eseri akademik B. B. Bartold terjime edipdir. Şeýle hem bu kitapda B. B. Bartoldyň, A. Ý. Ýakubowskiniň, W. M. Žirmunskiniň makalalary ýerleşdirilipdir. Kitaby W. M. Žirmunskiý bilen Kononow çapa taýýarlapdyrlar. Kitapda B. B. Bartoldyň «Türk eposy we Kawkaz» atly makalasy ýerleşdirilipdir. Makalada awtor «Gorkut ata» eseriniň kitap görnüşine gelen döwrüni XV asyryň başlaryna degişli hasaplaýar. Şeýle-de ol bu kitabyň Kawkazda uly meşhurlyga eýe bolandygyny we eseriň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly ähmiýete eýe bolandygyny belleýär. Ol bu kitabyň awtoryny Gorkudyň hut özi hasaplaýar. Şeýle-de bu kitapda A. Ý. Ýakubowskiniň «Kitaby Gorkut» we onuň irki orta asyrlarda türkmen jemgyýetiniň taryhyny öwrenmekde ähmiýeti» atly makalasy ýerleşdirilýär. Ol bu makalada oguzlaryň has irki durmuşynyň kitapda suratlandyrylýandygyny beýan edýär. Wakalaryň XI asyrdan has irki döwre degişlidigini nygtaýar. Iň esasy hem ol eser Orta Aziýada emele gelipdir diýen pikiri orta atýar. Ýokarda ady agzalan kitabyň esli bölegini W. M. Žirmunskiniň «Oguz gahrymançylyk eposy we «Gorkudyň kitaby» atly tutumly makalasy tutýar. Alymyň bu işi on bölümden ybarat. Ol makalada eseri has töwerekleýin öwrenmäge çalşypdyr. Boýlardaky wakalary taryhy wakalara baglanyşdyrmaga çalyşýar. Ol kitapdaky seneleriň, wakalaryň aglabasyny XVI asyra degişli edýär we bu kitabyň Seljuk şalygy döwründe Kawkaza, Azerbeýjana, Kiçi Aziýa ýaýrandygyny belleýär. Käbir bölümleri bolsa, mysal üçin, «Döwhe goja ogly Däli Domrul» boýuna giren hekaýany grek mifologiýasy bilen baglanyşdyrýar. «Gorkut ata» şadessany sowet ýyllarynda düýpli derňän, öwrenen alymlaryň biri-de Moskwada ýaşan professor Halyk Göroglydyr. Alym bu barada 1972-nji ýylda neşir etdiren «Türkmen edebiýaty» atly kitabynda maglumat berýär. Ol eseriň oguz taýpalaryna degişlidigini nygtaýar. 1976-njy ýylda ol «Oguz gahrymançylyk eposy diýen at bilen ylmy iş ýazýar. «Gorkut atadaky» wakalary, çeper keşpleri, käbir pursatlary «Görogly», «Ýusup-Ahmet», «Şasenem-Garyp» ýaly türkmen eserleri bilen deňeşdirýär. Umuman, Günbatar alymlarynyň «Gorkut ata» dogrusyndaky eden işleri kändir. Olaryň hemmesi barada jikme-jik durmak mümkin däl. «Gorkut ata» kitabyny Türkmenistanda öwrenmek işi onuň tekstini, mazmunyny eseri neşir etmekden başlandy. «Gorkut ata» kitabynyň gysgaldylan görnüşi ilkinji gezek 1945-nji ýylda «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edilýär. Ony çapa taýýarlan Mäti Kösäýewdir. Soňra onuň doly görnüşi 1951-nji ýylda çap edilýär. Emma «Gorkut ata» kitaby şol döwürde «Ideýa pikir taýdan zyýanly» eseriň hataryna goşulýar. Kitap halka ýaýradylmanka onuň ähli tiražy, çap edilen sany ýok edilýär. 80-njy ýyllaryň ahyrlaryna çenli milli mirasyň ykbaly garaňkylygynda galýardy, olar gulp astynda saklanýardy, belli-belli eserler zyýanly hasaplanyp halkdan gizlenýärdi. Diňe 1989-njy ýylda A. Annanurow bilen T. Guzuçyýewiň eposy köpçülige niýetlenen nusgasyny Drezden nusgasynyň esasynda çapa taýýarlaýarlar we «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 7-8-nji sanlarynda doly görnüşde çap edýärler. 1990-njy ýylda M. Kösäýewiň çapa taýýarlan nusgasy doly görnüşinde neşir edilýär. Şu ýerde „Gorkut ata“ kitabyny öwrenmekde edebiýatçy alym Mäti Kösäýewiň hyzmatynyň uly bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Ol türkmen alymlarynyň içinde ilki bolup bu eseri köpçülige ýetirmegiň aladasyny edipdir. Emma sowetçiler döwründe edebiýatymyzyň taryhyny öwrenmek XVII – XVIII asyrdan känbir aňry geçirlenokdy. Erbet ýerem bar bolan golýazmalara el gatylýardy. Edebiýatymyzyň dürdäneleri – oguznamalarymyz, şadessanlarymyz, köşk edebiýaty, dini-ylahy pikirli eserler, taryhy şahsyýetlere bagyşlanan golýazmalarymyz agyr gulpuň astynda saklanýardy. Olar ýurtdan hem äkidilýärdi. Alymlarymyz sähel batyrlyk görkezäýenlerinde derrew gözüniň ody alynýardy. Muňa “Gorkut ata” kitabymyzyň janköýeri alym Mäti Kösäýewiň ykbaly mysaldyr. Taryh hem edebiýat ylmynda zamanasynyň beýik şahsyýeti Gorkut ata hakynda dürli pikirler bar. Sowetçiler döwründe Gorkut ata hem onuň kitaby ylmy jemgyýetçiligiň esasan göz aýtymynda ýaşady. Gorkut ata dogrusynda agyz dolduryp gürlär ýaly iş edilmedi. Bu münkinem bolmady. Sebäbi bu kitap halk üçin zyýanly hasaplanyp, ony okamak, öwrenmek düýbünden gadagan edildi. Şeýlelikde «Gorkut ata» şadessany entek öwrenilmäge mätäçdi. Ol diňe Garaşsyzlyk ýyllarynda çuňdan öwrenilip başlandy. Ol ençeme gezek neşir edilip halk köpçüligine ýetirildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda «Gorkut ata» kitabyna berilýän üns has artýar. Eseriň ykbalynda täze ömür başlanýar. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda milli däp-dessurlarymyzy, edebi gymmatlyklarymyzy, dini ynançlarymyzy, mukaddes Gurhany halka gaýtaryp bermek işi ýola goýulýar. Milli türkmen alymlarynyň Gorkut ata dogrusynda ýazan işleri neşir edilip başlanýar. 1991-nji ýylda meşhur edebiýatçy alym R. Rejepowyň «Gadymy türkmen edebiýaty» atly kitaby neşir edildi. Onuň bu kitabynyň bir bölümi «Gorkut ata» kitabyna bagyşlanypdyr. 1990-njy ýylda A. Gylyçdurdyýewiň «Gorkut ata» atly ylmy kitaby neşir edilýär. Ol bu barada irki oguz durmuşyndan söhbet açýar. 1995-nji ýylda «Kitaby Dädem Gorkut» kitabyny A. Annanurow, T. Guzuçyýew çapa taýýarladylar we ol A. Orazowyň redaksiýasy bilen çap edilýär. A. Orazow neşire «Edebi hazyna» atly sözbaşy ýazypdyr. Ol sözbaşyda „Gorkut ata“ kitabynyň öwrenilişine syn berilýär. 1999-njy ýylda «Gorkut ata» eseriniň 1500 ýyllygyna bagyşlanyp, uly halkara ylmy konferensiýa geçirildi we nutuklar ýörite kitap edilip çykaryldy. Häzirki günlerde «Gorkut ata» kitabyny öwrenmek, ony il-güne ýetirmek işi dowam edýär. 2001-nji ýylda «Gorkut ata» kitabynyň A. Aşyrow tarapyndan çapa taýýarlanan nusgasy Türkmenistan Milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edildi. Geljekde «Gorkut ata» şadessanyny düýpli öwrenmek Garaşsyz döwletimiziň edebiýaty öwreniş ylmynyň wajyp wezipeleriniň biridir. *** Türkmeniň taryhynda, türkmen halkynyň arasynda „Oguznamalar“ köpdür. Olarda oguz taryhy dürlüçe beýan edilipdir. Her „Oguznamanyň“ özüne mynasyp aýratynlygy bar. Biziň öwrenýän «Gorkut ata» şadessanymyz bu edebi däbiň ajaýyp nusgasydyr. «Gorkut ata» şadessanynda türkmeniň 1500 ýyl mundan öňki taryhy ýatyr. Onda Gadymy türkmenleriň däp-dessurlary, ata-babalary, geçmişi dogrusynda örän gymmatly maglumatlar jemlenipdir. «Gorkut ata» eseriniň her bir boýy zamanasynyň gaýratly, mert, batyr, edermen ogullaryna bagyşlanypdyr. Gorkut ata bu babatda her boýuň soňunda ýatlaýar. «Gorkut atany» çuňňur okap onda diňe bir VIII-IX asyrlardaky türkmen durmuşyny däl, eýsem has ir döwürlerdäki ata-baba däp-dessury, medeniýeti, edim-gylymy bilen tanyşmak mümkin. Bellemeli tarapy käbir boýlar miladydan öňki müňýyllygymyzyň taryhy wakalaryndan gözbaşyny alýar. Mysal üçin belli taryhçy alym Öwez Gündogdyýew Gorkut atanyň «Besediň Depegözi öldürdigi» boýunyň biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllyga degişlidigini, şonuň ýaly-da, Depegöz bilen baglanşykly rowaýatyň dünýä edebiýatyna (Gomer «Odiseý») we beýleki Gündogar halklarynyň halk döredijiligine siňendigini nygtaýar. Munuň özi adalatlydyr. Biziň pikirimizçe, «Gorkut ata» şadessanynyň beýleki boýlary hem taryhy boýlardyr. Geljekde bu barada ymykly oýlanmak gerek. «Gorkut ata» şadessany ylmy çeşmelerde XI asyrda doly bitewi kitap görnüşine gelipdir diýlip aýdylýar. Bu kitabyň dörän, ýazylan ýeri häzirki Türkmenistandyr. Ol soňra dünýäniň gaty köp ýerlerinde tanalypdyr. Edebi çeşme hökmünde biziň şu günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Bu kitap Kiçi Aziýada hem Kawkazda meşhurdyr. Çünki oguzlar Kiçi Aziýa ýöriş edenlerinde Gorkut atanyň düzen bu kitabyny öz ýanlary bilen alyp gidipdirler. Bu kitap dünýäniň dürli muzeýlerinde, arhiw materiallarynda saklanýar. «Gorkut atanyň» üç nusgasy bar: 1. Drezden nusgasy – 12 boýdan ybarat. 2. Watikan nusgasy – 6 boýdan ybarat. 3. Türkmen nusgasy – 16 boýdan ybarat. Türkmenleriň arasynda Gorkut ata ilkinji gezek türkmenleriň çowdur urugynyň dilinden ýazylyp alnypdyr. «Gorkut atanyň» käbir boýlary dilden-dile geçip hatda, erteki görnüşine gelipdir. «Gorkut ata» şadessany geçmişden galan bahasyz ýazuw ýadygärligidir. Onuň boý sany dürli nusgalarda bir meňzeş däldir. Bu babatda birlik saklanmaýar. Mysal üçin, türkmen warianty diýlip atlandyrylýan çowdur nusgasy 16 boýdan, Drezden nusgasy 12, Watikan nusgasy 6 boýdan ybarat. Okyjylara hödürlenen neşirler Drezden nusgasy esasynda çapa taýýarlanypdyr. Emma oňa seretmezden boýlaryň atlandyrylyşynda tapawut çapa taýýarlaýjylar tarapyndan döredilipdir. Şol bir boýlar käbir neşirde asyl nusgada berlen bolsa, başgalary häzirki türkmen diline has golaý görnüşde beýan edilipdir. «Gorkut ata» şadessany Mäti Kösäýew, A. Annanurow, T. Guzuçyýew, A. Aşyrow tarapyndan çapa taýýarlanylyldy. Edebiýatçy alym R. Rejepowyň „Gadym türkmen edebiýaty“ kitabynda hem bu eser okyjylar köpçüligine ýetirildi. «Gorkut ata» şadessany jemi 12 boýdan ybarat bolup, olar şu aşakdakylardan ybarat: 1) Bugaç han Derse han oglunyň boýy. 2) Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýy. 3) Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek boýy. 4) Gazan begiň ogly Oraz begiň tussag bolmagy boýy. 5) Döwhe Goja ogly Däli Domrul boýy. 6) Gaňly goja ogly Hantöreli boýy. 7) Kazylyk goja ogly Ýegenek boýy. 8) Besediň Depegözi öldürdigi boýy. 9) Bekel ogly Ymranyň boýy. 10) Owşar goja ogly Segregiň boýy. 11) Salyr Gazanyň tussag bolup, ogly Orazyň çykardygy boýy. 12) Içogza Daşogzuň baş galdyryp, Biregiň öldügi boýy. «Gorkut ata» şadessany bilen baglanşykly bir giden hekaýalar, rowaýatlar, ertekiler türkmen halkynyň arasynda saklanyp galypdyr. Şeýle hekaýalaryň birnäçesini A. Rahmanow Daşoguz welaýatyndan toplapdyr. Olar şulardan ybaratdyr: «Yza bergedren», «Nesilsiz Makaw», «Ýekegöz», «Bamsy Birek», «Salyr», «Igdir», «Gorkudyň gabry gazylgy». Şeýle-de M. Esenmyradow Mary welaýatyndan «Tekemuhammet», «Salyr Gazan» we «Itemjek» ýaly «Gorkut ata» şadessany bilen baglanyşykly eserleri toplapdyr. Mundan başga-da Sarahs etrabyndan Gurbandurdy Çaryýew, M. Ýazmyradow, Mary welaýatyndan G. Sopyýew, Hoşaly Baýmuhammet ogly dagylar halkyň arasynda bar bolan «Gorkut ata» dahylly gürrüňleri berýärler. Bularyň hemmesi «Gorkut ata» şadessanynyň halkyň arasynda meşhur bolandygyny görkezýär. Olaryň köpüsi dil üsti biln biziň günlerimize gelip ýetipdir we birnäçe üýtgeşmelere sezewar bolupdyr. Şol sebäpden asyl nusgadan daşlaşypdyr, erteki görnüşine geçipdir. Halk döredijiligi döwre kybap ýaşaýar, döwre görä üýtgäp durýar, ilkinji nobatda dil öz döwrüniň diline uýgunlaşýar. Belli bir derejede bagşylar, aýdymçylar tarapyndan waka üýtgedilýär, emma şeýle-de bolsa, asyl häsiýet eseriň soňunda saklanýar. Bu ýagdaý „Gorkut ata“ şadessanynyň agzaki ýol bilen gelip ýeten bölümleri barada-da şeýledir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen alymlary öz taryhyndan söhbet açýan kitaby «Gorkut ata» kitaby hakynda çynlakaý oýlanyp başlady. Belli bir döwürde alymlaryň göz aýtymynda ýaşan bu eser öz okyjysynda türkmeniň taryhynyň hem sungatynyň gadymydygyny äşgär edýär. Eýsem, «Gorkut ata» şadessanynyň ähli boýlary biziň günlerimize gelip ýetdimikä? Biziň şahsy ynanjymyza görä, bu kitabyň boý sany aslynda köp bolmaly. Biziň günlerimize onuň bir bölegi gelip ýetipdir. Abulgazy Bahadur hanyň «Şejereýi terakimesinde» Gorkut atanyň Salyr Gazany taryplap aýdan öwgi goşgusy getirilýär. Şol goşguda hem Salyr Gazanyň görkezen gahrymançylykly hereketleri ýatlanyp, onuň waspy ýetirilýär. Goşgy jemi ýedi bentden ybarat bolup, onda Salyr Gazanyň edermenligi birin-birin ýatlanylýar. Gürrüňini edýän goşgymyzyň ikinji bendinde Salyr Gazanyň gazan adyny alşy beýan edilipdir: Bir gazanga kyrk bir atnyň etin saldy, Ol gazanny sol elige birlen aldy, Sag eli bilen birlen ilge ülüşdirdi, Alplar, begler gören barmy Gazan kibi. «Gorkut ata» kitabynda il içinde hormatdan peýdalanmak üçin söweş edip, at gazanmagyň gerekdigi ýa-da saçak ýazmagy zerurdygy dogrusynda aýdylýar. Salyr Gazan bu iki talabyň hötdesinden gelen şahs. Eposdan bilşimiz ýaly Salyr Gazan ile saçak ýazyp, Gazan adyny alypdyr. Biziň şahsy ynanjymyza görä şu wakany suratlandyrýan ýörite boý-şaha bolan bolmaly. Ýokarky mysal getiren bendimizde şol waka ýatlanylýar. Ýöne ol biziň günlerimize gelip ýetmändir. Salyr Gazanyň Gazan adyny alşy dogrusynda rowaýat salyr türkmenleriniň arasynda biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Gürrüňini edýän öwgi goşgymyzyň üçünji bendinde Salyr Gazanyň asmandan inen ýylan aždarhanyň başyny kesip, ilini uly beladan halas edendigi hakynda aýdylýar: Gök asmandan inip geldi tennin ýylan, Her adamny ýutar erdi görgen zaman, Salyr Gazan başyn kesdi bermeý aman, Alplar, begler gören barmy Gazan kibi. Salyr Gazanyň gahrymançylygyny beýan edýän bu sýužet «Kitaby Dädem Gorkut» eseriniň hiç bir boýunda duş gelmeýär. Ýöne bu gahrymançylykly wakany beýan edýän mifologik fantastik boýuň aslynda bolandygyna ynanasyň gelip dur. Ýatlanylýan wakanyň şeýle boýa sýužet bolup biljekdigi görnüp dur. «Gorkut ata» şadessany türkmen taryhyndan, gadymyýetden söhbet açýar. Dessan türkmenleriň VII-VIII-IX asyrlardaky durmuşynyň çeper beýanydyr. Dessany okap, türkmeniň gadymyýetine syýahat edip bolýar. Öňde belleýşimiz ýaly, biziň günlerimize ýazuw arkaly gelip ýeten «Gorkut ata» şadessany 12 boýdan ybarat. Şu boýlaryň içine oguz durmuşy siňip gidipdir. Boýlaryň ählisinde türkmeniň ata-babalary bolan oguzlaryň durmuşy bilen tanyşmak mümkin. Eseri okap, türkmenleriň iň gadymy halklaryň biridigini bilmek bolýar. Sebäbi gorkutşynaslyk ylmynda käbir boýlaryň b. e. öňki müňýyllyga degişlidigi subut edildi. Muňa mysal edip «Besediň Depegözi öldürdigi» boýuny görkezmek bolar. Bu bolsa türkmeniň şahyrana ýürekli halkdygyna, bu halkyň hiç haçan edebiýatsyz oňmandygyna özbaşyna subutnamadyr. Eseri okap, oguz durmuşy, olaryň gün-güzeranyny dolandyryşy bilen ýakyndan tanyşmak mümkin. Meselem, «Derse han ogly Bugaç han» boýy örän gyzykly wakalary özünde jemleýär. Eserde «Oguldyr döwletiň başy, gyz hem bolsa göwün hoşy» diýen düşünje bar. Perzentsizlik aýyp, erbet hasaplanylýar. Ine, şu boýda hem Derse hanyň durmuşyndan söhbet açylyp, onuň kemsidilişi, saçak ýazyşy, ogul zürýadyna gözi düşüşi, bolan oglunyň gahryman, gerçek, goç ýigit bolup ýetişişi, öz adyna özi eýe bolşy örän gyzykly, çeper suratlandyrylýar. Waka VII-VIII asyrlara degişli bolsa-da, ondaky durmuş, birgiden däpler biziň günlerimizde hem dowam edýär. Umuman, eserdäki oguz durmuşy şu günki XXI asyrda ýaşaýan türkmene ýat däl. Sebäbi eserde ata-babalarymyzyň gadymyýetinden, durmuşyndan söhbet açýar. Eserde ata-enäniň perzende bolan söýgüsi, perzendiň ata-enäniň öňündäki borjy, zenan we onuň maşgaladaky orny, söýgi meselesi, garaz, birgiden meseleler, durmuş däpler şu günki günlerde-de dowam edýär. Munuň özi eseriň aradan 1500 ýyl çemesi wagt geçensoň hem söýlüp okalýandygynyň esasy sebäpleriň biridir. «Gorkut ata» şadessanynda Gorkut ata öz zamanasynyň gaýduwsyz, gerçek ogullaryna ýörite boý bagyşlapdyr. Olara bagyşlap „Oguznama“ döredipdir. Eserde waspy ýetirilýän gerçekler döwrüniň merdana, batyr, gaýduwsyz, at üstünde naýza urup, galkan goýup bilýän adamlar. Gorkut atanyň kitabynda şol batyrlar wasplanýar. Ol ýa-da beýleki boýuň ahyrynda Gorkut ata bu boýy – oguznamany kime bagyşlandygyny aýdýar. Mysal üçin, «Derse han ogly Bugaç han» boýunyň ahyrynda şeýle diýýär: «Dädem Gorkut boý boýlady, soý soýlady. Bu „Oguznamany“ düzdi, goşdy». Ýa-da «Baý Bugranyň ogly Bamsy Birek» boýunyň soňunda şeýle diýýär: «Dädem Gorkut geldi, şatlyk çaldy, boý boýlady, soý soýlady. Bu «Oguznama» - Biregiňki bolsun» diýdi». Görşümiz ýaly, dädem Gorkut zamanasynyň gaýratly, edermen, il-günüň aladasyna ýugrulan gerçeklerine „Oguznama“ düzýär. Bu kitapda gahrymançylyk, edermenlik wasp edilýär. Kitapda batyrlygyň, gahrymançylygyň wasp edilmegi, onuň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Eserde diňe bir oglanlar, ýigitler gaýduwsyzlyk görkezmeýär. Eserde türkmeniň zenanlary söweş etmekde, edermenlikde erkek adamlardan pes däl. Islendik halkyň durmuş derejesi, milli ruha ýugrulan däp-dessury, urp-adaty şol halkyň edebi hem medeni mirasynda, taryhyň ýyl ýazgylarynda beýan edilýär. Muňa biz «Gorkut ata» şadessanyny okanymyzda hem göz ýetirýäris. «Gorkut ata» şadessanynda biziň aslymyz hasaplanýan oguz hanlarynyň, oguz begleriniň, külli oguz iliniň heniz yslam dini döremänkä we yslam dini döwründe dowam eden milli däpleri birin-birin beýan edilýär. Ýagny, eserde beýan edilişine görä Ýaradanyň gudraty bilen dünýä inen çaga şolbada at dakylmandyr. Her bir erkek oglanyň ady öz ukyby, zehini, hünäri, edermenligi, gaýduwsyzlygy bilen bir ýeňiş gazanmaly bolupdyr. Diňe şondan soň oňa bitiren işine, görkezen gahrymançylygyna görä at dakypdyrlar. Şonuň üçin her bir ýigit mynasyp at almak üçin çalşypdyr. Iliň göwnünden turjak edermenlik görkezmäge çalşypdyrlar. Ondan soň oguz ilinde uly hormatdan, abraýdan peýdalanýan Gorkut ata gelip uly il bilen ýigide at dakypdyr. Eserde Gorkut atanyň obrazy arkaly parasatly türkmen ýaşulysynyň keşbi janlandyrylýar. Onuň jemgyýetdäki hormaty açylyp görkezilýär. Türkmen ýazuwly edebiýatynyň iň ajaýyplarynyň biri “Gorkut ata” şadessanymyzda dädem Gorkut türkmen gojasynyň keşbinde janlandyrylýar. Ol her bir işiň maslahatyny berýär. Bellemeli tarapy, gadymy türkmen döwletlerinde akyl-paýhasa aýratyn sarpa goýlupdyr. Patyşalar paýhasly manysyny berýän “Bilge” lakamyny alanlaryny kem görmändirler, akylly-paýhasly adamlary maslahatçy tutunyp, olara wezirlik wezipe mertebesini beripdirler. Muňa mysal edip “Gorkut ata” şadessanyndaky Gorkut atanyň öz keşbini mysal görkezmek bolar. Gorkut ata paýhasly hem maslahat berip bilijiligi bilen uly mertebä eýe bolupdyr. Bu keşbiň üsti bilen maslahaty paýhasly adamdan almalydygyny öwrenýäris. “Gorkut ata” şadessanynda jemgyýetimizdäki milli demokratiýamyzyň gadymy kökleriniň dabaralananyşyny gaty köp boýlar, wakalar subut edýär. “Kitaby dädem Gorkudyň” “Derse han ogly Bugaç han boýunda” Derse hanyň oglunyň Bugaç adyny, “Besediň Depegözi öldürdigi boýunda” hem Besediň Beset adyny alyşy çeper beýan edilipdir. Şeýle mysallary şadessandan başga-da getirip bolar. Emma biziň nygtamak isleýän pikirimiz Gorkut ata eýýamynda türkmen ýigitleriniň öz atlaryny özleri almaly, ýagny, il içinde gahrymançylyk, gaýduwsyzlyk, batyrlyk görkezip gazanmaly bolandygy hakyndaky meseledir. Adamyň göterýän ady şol adamyň häsiýetini, onuň jemgyýetdäki mertebesini aňladypdyr. Jemgyýetde her kimiň durmuşda öz ornuny tapmakda, at gazanmakda, mertebä eýe bolmakda doly bahada erkinligiň, deňligiň, adalatyň bardygyny görýäris. Bu meselede hanyň ýa begiň ogly bol, ýa ýönekeý çopanyň ogly bol, parhy ýok, kimiň ogly bolsaň hem, hemme deň. Gorkut ata eýýamynda jemgyýetdäki şeýlekin ýörelgeler iň soňunda Watana bolan söýgiň, merdanalyga bolan höwesiň, ýaşaýyşa yşkyň pajarlamagyna getiripdir. Biziň bu pikirimizi şadessanyň “Salar Gazanyň öýüniň ýagmalandygy” boýundaky bir ýagdaý has-da jaýdar tassyklaýar. Garaja çopanyň ýaga-duşmana garşy göreşişini ýatlalyň. Salar Gazan beg ýigit duşmanyna garşy özi söweşmek isleýär. Ol “çopanyna çenli yzyna tirkäpdir” diýen, ady alasy gelenok. Şonuň üçinem Garaja çopanyň erk islegine garamany ony sarap, daňyp ýaga garşy söweşmäge özi gidýär. Emma çopan ýigit saragyndan boşap, ýene söweşe girýär. Gör, nähili batyrlyk hem watansöýüjilik! Çünki türkmen ýigidi Watan ýolunda gara başyny orta goýup bilse biarmandyr. Şadessanda beýan edilýän milli däpleriň ýene biri, ol hem öýlenýän ýigit bilen maşgala durmuşyna gadam basjak gyzyň özara synag «köprüsinden» geçmegi, birek-biregiň şertini bitirmek däbidir. Öýlenýän ýigit saýlan gyzyna mynasypdygyny gyz bilen ýaý atmak, göreş tutmak, at çapyşmak boýunça ýaryşda subut etmeli bolupdyr. Eserde halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däbi-de öz beýanyny tapýar. Oguz begleri Gorkut atanyň «Myhman gelmedik öýüň ýykylany ýeg» diýen dana sözlerinden netije çykaryp, myhmanparazlygyň ajaýyp nusgasyny görkezipdirler. Muny Bugaç hanyň, Salyr Gazanyň keşbinde görmek bolýar. Şeýle-de iliň üýşen, köpüň ýygnanan ýerinde ýurt bähbitli, il ykbalyna dahylly edilmeli işleri maslahatlaşmak däbi-de şahyrana teswirlenýär. Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan bu asylly däp biziň şu günlerimizde döwlet derejesinde dowam etdirilýär. Şadessanda aýdym-saza, çeper sözüň gymmatyna, gözel tebigata aýratyn üns berilýär. «Gorkut ata» kitabyndaky oguzlaryň däp-dessury gaýduwsyz batyr ýigitleri we asylly gyzlary terbiýeläp ýetişdirmeklige gönükdirilipdir. Batyrlardan bolsa, batyrlar döreýär. «Gorkut ata» şadessanynyň özboluşly şygyr sungatynyň bardygy bellärliklidir. Özem olar öz döwri üçin kämildir. Bu eser öwrenilen wagtynda onuň 1500 ýyl mundan ozal ýazylandygyny unutmaly däldir. Biz «Gorkut ata» şadessanyndaky şahyranalygy, çeper sözlüligi düýpli öwrenmelidir. Dessandaky şygyrlar kyssa bölümi bilen baglanyşykda ýüze çykýar. Olarda pikir eseriň umumy waka ýordumyna gulluk etdirilýär. Hatda eseriň proza böleginde-de şygyr sungatyna degişli sözleriň özara sazlaşygy ulanylýar. Oňa eserden näçe diýseň mysal tapmak bolýar: «Ýom bereýin, hanym, ýerli gara daglaryň ýykylmasyn. Kölegeli agaçlaryň kesilmesin. Görkli akar suwuň guramasyn, ganatlaryň uçlary gyrylmasyn. Çapýan gyr atyň büdremesin. Çalyşaňda, uz gylyjyň gädilmesin! Söweşeňde, naýzaň ujy döwülmesin, ak gyňaçly eneň jaýy jennet bolsun. Ak sakgally ataň jaýy uçmak bolsun!» Bu ýerde «ýykylmasyn, kesilmesin», «guramasyn, gyrylmasyn», «gädilmesin, döwülmesin, jaýy jennet bolsun, uçmak bolsun» sözler sazlaşýar. Şu sözlemleriň içinde içki sazlaşygy hem görmek bolýar. «Çalyşaňda, söweşeňde». Şeýle-de şahyrana söz düzümleri bar, «akar suw, uz gylyç, kölgeli agaç». Bular ýöne şeýle aýdylan söz bolman sypatlandyrmalar bolman, many öwüşgini şahyranalyk bilen şöhlelendirilipdir. Bu aýdanlarymyzyň hemmsi eseriň kyssa bölüminde duş gelýän şahyranalykdyr. «Gorkut ata» şadessanyň şygyrlarynda dürli çeperçilik serişdelerine: ulaltma, kiçeltme, deňeşdirme, içki sazlaşyk we gaýrylardan ýerlikli peýdalanylypdyr. Eserdäki şygyrlary şu günki şygyr sungaty bilen deňeşdirilende içki golaýlygy görmek bolýar. Ýöne ony, giçki orta asyr şygyr görnüşi bilen deňeşdirende uly tapawudyň bardygyny bellemek gerekdir. Sebäbi şygyr sungaty Gorkut atanyň döwründen biziň şu günlerimize çenli örän uly ösüş ýoluny geçipdir. Dürli şygyr görnüşleri, şekilleri emele gelipdir. Mysal üçin, orta asyrlarda we nusgawy edebiýatda şygryň gazal, müsemmet, mesnewi, rubagy, kytga, tuýg, goşuk ýaly görnüşleri ulanylypdyr. Biz «Gorkut atadaky» şygyrlary şol görnüşleriň birine degişli edip bilmeýäris. «Gorkut atada» juda irki, gadymy şygyr görnüşi bar. Ol eýýäm belli bir çeperçilik serişdeleri, belli bir görnüşi gutarnykly bolmasa-da kesgitli ösüş ýoluna düşüpdir. Ol entek ösüş ýolundaky şygyr sungaty. «Gorkut ata» şadessanynyň şygyrlary erkin şygyr sungaty diýip atlandyrmak bolar. Çünki şygyr pikir joşgunyna tabyn edilipdir. Olarda bogun ölçegleri saklanmandyr. Hatda sazlaşyk hem belli bir kanunalaýyklyga tabyn däl. Setirleriň bogun sany deň däl. Her setiriň bogun sany 4 bogundan 15-16, hat-da ýigrimi boguna çenli üýtgäp durýar: Bäri gelgil, salyr begi, salyr görki – 12 bogun. Başym bagty, öýüm tagty – 4 bogun. Han atamyň giýewisi – 8 bogun. Gaýyn enemiň söýgüsi – 8 bogun. Atam, enem berdigi – 7 bogun. Göz açyban gördügim – 7 bogun. Köňül berip söwdügim – 7 bogun. Beg ýigidim, gazap – 6 bogun. Galkyban ýeriňden ýeri turduň – 10 bogun. Ogluň bile ýaly gara kazylyk atyň mündüň – 15 bogun. Görşümiz ýaly, bu goşgy setirlerindäki bogunlaryň sany dürli-dürli görnüşde gelýär. Kitabyň goşgularyndaky kapiýalaryň sazlaşygy-da erkin halda gelýär. Sebäbi her bent iki, dört, bäş ýa-da ondan köp setirden gelip, onda kesgitli bir düzgün saklanmaýar: Ýigitlerim, ýeriňizden öri turuň, Ak boz atymyň guýrugyny kesiň, Är goramly ala dagdan dörüp aşyň,. Akgynly, görkli suwy dilip geçiň, Gazanyň diwanyna çapyp baryň, Ak çakaryp, gara geýiň, «Sen sag bol, Birek öldi» diýiň. Şadessandaky şygyrlarda bogun sazlaşygyna seredeniňde toniki sazlaşyga köpräk orun berilýär. Käbir setirlerde sillabiki-toniki sazlaşygyň ikisem bile ulanylypdyr. Umuman, «Gorkut atada» özboluşly, erkin, şahyrana şygyr sungaty bolup, ol eserdäki gahrymanlaryň ruhy dünýälerini açyp görkezmäge hyzmat edýär. Gejekde şadessany bezeýän, onuň gyzykly okalmagyna estetiki lezzet berýän, ömrüni uzaldýan şygyr sungaty düýpli ylmy derňew easynda öwrenilmelidir. Türkmen edebiýatynyň taryhyna, ösüş ýoluna nazar aýlanyňda onuň örän gadymy döwürlerden bäri dessançylyk häsiýetiniň bolandygyny görmek bolýar. Belli türkmen alymy A. Kekilow türkmen edebiýatynda dessançylyk däbiniň başlangyjynyň irki döwürlerine degişlidigini nygtamak bilen onuň ilkinji nusgalarynyň biri hökmünde «Gorkut ata» kitabyny görkezýär. Öz başlangyjyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan «Gorkut ata» kitabynyň esasy öňe sürýän ideýa watançylyk, watany gözüň göreji ýaly goramak, oňa gara niýet bilen garaýanlara berk gaýtawul bermek il-günüň ar-namysyny goramak ýaly meseleler bolupdyr. «Gorkut ata» kitabynda Salyr Gazanyň keşbi batyr, akylly, pähimli, paýhasly serkerde hem belent adamkärçilikli, pespäl adam hökmünde görkezilýär. Şonuň üçin ol iliniň arslany, batyr ýigitleriň serkerdesi hasaplanýar. Ol hiç haçan degmedige degmeýär. Gaçany kowmaýar. Iman diläni öldürmeýär. Bu häsiýet bolsa «Görogly» eposyndaky Göroglynyň keşbini ýadyňa salýar. Türkmen edebiýatynyň ajaýyp ýadygärligi bolan «Gorkut atanyň» boýlarynda «Görogly» eposyna meňzeşlik bar. Bu bolsa kitabyň özünden soňky çeper döredijilige täsirini ýetirendigini görkezýär. «Gorkut ata» hem «Görogly» eposlarynda mazmun kyssa bilen goşgynyň aralaşyp gelmegi arkaly beýan edilýär. Eserleriň gurluşynda hem meňzeşlik bar. Ýagny, «Gorkut ata» kitaby birnäçe boýlardan düzülen bolsa, «Görogly» eposynda hem birnäçe şahalar bar. Şeýle hem meňzeşlikleri wakalarda we keşplerde görmek bolýar. Ýagny, «Gorkut atada» gahrymançylykly hereketler Salyr Gazanyň we onuň ýigitleriniň keşbinde jemlenen bolsa, «Görogly» eposynda Göroglynyň hem-de onuň 40 ýigidiniň keşbinde gahrymançylykly häsiýetleri açylýar. Görogly özüniň 40 ýigidi, ogullyk alnan ogullary Öwezi, Ärhasyny, ömürlik ýoldaşy, syrdaşy bolan Agaýunusy bilen birlikde ýurduny, il-gününi daşary duşmanlardan gorap saklaýan bolsa, «Gorkut ata» kitabynda Salyr Gazan we onuň ýigitleri, ogly Oraz, aýaly Burla hatyn we beýlekiler watanyň, il-halkyň ar-namysy üçin aýaga galýarlar. Eserleriň ikisinde-de bedew atyň goç ýigidiň syrdaşy hasaplanýandygyny görýäris. Umuman «Gorkut ata» kitaby bilen «Göroglynyň» arasyndaky şeýle meňzeşlikleri görmek bolýar. Şeýle bolsa-da bularyň arasynda tapawut bar. «Gorkut ata» kitabynda şygyr setirleriniň ilkinji nusgalaryna duş gelinýän bolsa, «Görogly» eposunda eýýäm kämil şygyrlar, aýdymlar bolup, olar eseriň çeperçiligini kyssa bilen deň derejede bezeýärler. «Gorkut ata» kitaby bilen beýleki türkmen dessanlarynyň arasynda hem uly ýakynlyk bar. Muny biz «Hüýrlukga-Hemra», «Şasenem-Garyp», «Ýusup- Ahmet» ýaly dessanlaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Mysal üçin «Gorkut ata» kitabyndaky Baýbüre begiň ogul dileýän pursatynda diýýän sözlerini «Hüýrlukga-Hemra» dessanyndaky Hysrow patyşanyň dilinden hem eşitmek bolýar. «Gorkut ata» kitabynyň «Baýbüräniň ogly Bamsy Birek» boýy bilen «Şasenem-Garyp» dessanynda perzentsizlik ýa-da söýgi meselesinde meňzeşlik bar. «Gorkut ata» kitabynyň baş gahrymany bolan Salyr Gazanyň keşbine mahsus bolan batyrlyk, edermenlik ýaly häsiýetleri XVIII asyr türkmen şahyry Magrupynyň «Ýusup-Ahmet» dessanyndaky Ýusupdyr Ahmediň keşplerinde hem görmek bolýar. Şeýlelikde bu gadymy we medeni taryhy ýadygärligimiz bolan «Gorkut ata» kitabyndaky ajaýyp gylyk-häsiýetler, sypatlar biziň dessanlarymyza siňipdir. «Gorkut ata» kitaby il-ýurduňy jan-dilden söýmegi, arly-namysly, edep-ekramly ynsan bolmagy nesihat edýär, öwredýär. Gorkut atanyň öwüt-ündewleri, diňe bir öz döwri üçin däl, ähli döwürlerde hem ähmiýetini ýitirmejek pentler bolup, ol ýaşlarymyzy, geljekki nesillerimizi watansöýüjilik, adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde iňňän gymmatly çeşmedir. Şol nesihatlar arkaly Gorkut ata kiçi göwünlilik, pespällik, il-günüňe, ýurduňa halal hyzmat etmek, lebzi halallyk, mertlik ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmeýän adamkärçilik häsiýetlerini wasp edýär. Türkmen halkyna mahsus bolan dana öwüt-ündew bu eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hakykatdan-da Gorkut atanyň pähim-parasady, gyzylyň hiç wagt poslamaýşy ýaly, näçe ýyl, näçe asyr geçse-de öz ähmiýetini, gymmatyny ýitirmeýär. Şu günki hem geljekki nesiller bu gadymy ajaýyp eserden watansöýüjilik, topragy, il-güni goramak, gahrymançylyk, dostluk, söýgä wepalylyk ýaly ynsany bezeýän beýik adamkärçilik sypatlary öwrenip bilerler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |