16:34 "Gorkut ataly" edebiýat | |
"GORKUT ATALY" EDEBIÝAT
Edebi tankyt
• ýa-da onuñ sowet döwründe gören görgüsi Sowet ýyllarynda biziň milli edebiýatymyzyň, klassyky edebiýatymyzyň "Gorkut ataly" edebiýatymyzyň gören görgüleri hem az däl. Edebi mirasymyzyň ylmy taýdan öwrenilişiinde taryhy hakykat doly açylyp görkezilenok. Umuman, bolşewistik totalitar düzgüni döwründe milli däp-dessurlarymyzyň, taryhymyzyň, edebi mirasymyzyň başyna salynmadyk oýun galmady. Ýedi ýaşap, mekdep gapysyny açan günümizden başlap, biziň taryhymyzyň ýokdugyny, edebiýatymyzyň, edebi kirasymyzyň ýokdugyny beýnimize guýup başladylar. Hamana ömürboýy dagynyk ýaşan Türkmenistanyň taryhy hem asyrlaryň gatyna siňip gidipdir, ol ýazuw edebiýatyny hem döretmäge ýetişmändir. Emma hakykata göz ýetirseň, beýle däl. Türkmeniň taryham, edebiýatam, sungatam, medeniýetem öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Seredip otursaň, Orsyýet jemgyýetiniň taryhy ösüş şertlerine laýyklykda, ors edebiýaty has gijigip ösüpdir. Ýewropa ýurtlarynyň edebi täsiri netijesinde, sentimentalizm, klassisizm edebi usullary geçipdir. Lomonosowdan, Karamzinden başlap, janlanyp ugran ors edebiýatynyň altyn asyry diňe XIX asyrda geldi, beýik ors tankytçysy W.Belinskiniň sözleri bilen aýtsak, Puşkiniň, Gogolyň naturalistik döredijilik usuly döräpdi. Soňra ol naturalistik mekdep tankydy realizm diýen ady alypdy. Şu ýagdaý hem bolşewistik edebiýatçylaryň dünýä edebiýatynyň taryhyny ors edebiýatynyň ölçegine laýyklap kesmegine sebäp bolupdy. Ors edebiýatynda XIX asyrda dörän tankydy realizm usuly dünýä edebiýatynda hem XIX asyrda döredi diýlip kabul edilipdi. Beýik Magtymgulynyň A.S.Puşkinden hem ozal tankydy realizm usulynda eser döretmegi bolşewikleriň pikiriçe, yza galak türkmen edebiýatynda geň görlerdi. Emma bu geň däl-de, türkmen klassyky edebiýatyndaky uly hadysadyr. Dünýä edebiýatynyň taryhyny bir ýasama ölçege sygdyrjak bolup, arrygyny gynaýan bolşewistik edebiýatçylaryñ özleridi. Dünýäde men edebiýatçydyryn diýip, eline galam alan ýekeje adamda hem ors edebiýatynyñ Puşkin, Gogol, Dostoýewskiý, Tolstoý, Turgenew, Çehow ýaly ägirtleriñ bitiren işlerini, saýyrdyñ eserlerini kemsitmek meýli ýokdy, çeper sözüñ gadyryny bilýän her bir adam olary beýik ussat derejesinde hormatlaýardy. Olaryñ döredijiligine uly sarpa goýýardy. Aýdaly, Puşkiniñ Magtymgulydan soñ dünýä inendiginden hiç kim many gözläp duranokdy. Emma bolşewistik edebiýatçylaryñ tutuş dünýä edebiýatyny ors edebiýatynyñ ölçegleri bilen ölçäp-kesmek meýilleri bardy. Edebi döredijilik usuly hökmünde tankydy realizmiñ diñe ors edebiýatynda dörändigini öñe süren bolşewikleriñ edebiýata garaýşy şeýle ýöntem ýasamalykdan ybaratdy. Munuñ galp, ýasama düşünjedigi, bütindünýä edebiýaty üçin ulanarlykly däldigi aç-açan görnüp durdy. Hatda bolşewistik edebiýatçylardan hem bu ýörelgäni iki-ýeke oñlamaýany bardy. Mysal üçin, edebi döredijilik işi edebi tankyt bilen, söweşjeñ tankyt aýrylmaz baglanyşykly bolan A.Fadeýew edebiýat ylmynyñ tankydy realizmi diñe ors edebiýatyndan başlanýar diýen tassyklamasynyñ nädogrudygyny nygtaýardy. Tankydy realizmiñ her bir edebiýatda özboluşly häsiýete eýedigini aýdyp, mysal üçin, hytaý edebiýaty sekiz asyrlap, tankydu realizmsiz ýaşapdyr diýip tassyklamagyñ örän öte geçmeklikdigini belläpdi. Aslynda bütin dünýä edebiýatyny bir ölçeg bilen ölçejek bolmak, bir darak bilen darajak bolmak hiç weçden akyla sygýan zat däldi, dünýäniñ edebiýatlary dürli döwürde, dürli formalarda, aýdaly, tankydy realizm döredijilik usulyna gelip biler. Biziñ tankydy realizmi kabul edişimizem, her bir edebiýatda oña düşünişimizem, ahlak, etiki normalarymyzam özboluşly bolup biler. Men, mysal üçin, Magtymgulynyñ poeziýasyndaky tankydy başlangyçlary fransuz edebiýatyndaky tankydy garaýyşlar bilen hiç bir weçden deñeşdirip bilmerin. Fransuz ýazyjysy Emil Zolýanyñ ýigrimi romandan ybarat "Rugon-Makkary" romanlar tapgyryny okanymda, şeýle bir zada göz ýetirdim. Meniñ alan terbiýämem, ahlak garaýyşlarymam Emil Zolýanyñ edişi ýaly, durmuşa beýle ýowuzlyk bilen daraşmaga, ony büs-bütin tersine çöwrüp taşlamaga mümkinçilik berjek däl eken. Biz özümiziñ ideallarymyz, oñat maksatlarymyz bilen ýaşaýar ekenik. Durmuşy ýuwmarlap görkezjek bolmak biziñ ganymyzda, tebigatymyzda bar eken. Diýmek, öz ahlak-etik normalaryna laýyklykda her bir edebiýatyñ durmuşa özüçe garaýşy bar. 1991-nji ýylyñ baharynda Moskwada SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ tankyt baradaky Sowetiniñ maslahatyna gatnaşmak üçin sowet häkimiýeti döwründe iñ soñky gezek Moskwa gidenligim ýadyma düşýär. Şol iñ soñky maslahata köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşypdy. Şol gezek gürrüñ, esasan, tankydy realizm, sosialistik realizm döredijilik usullary hakynda bolupdy. Menem şol maslahatda A.Fadeýewiñ pikirlerine salgylanypdym. Bütindünýä edebiýaty üçin şol bir ölçegleri ulanjak bolmagyñ nädogrudygyny aýdypdym. Bütindünýä edebiýaty üçin awtomatik suratda haýsy döredijilik usullarynyñ döränligini däl-de, aýratyn alnan haýsydyr bir edebiýatyñ näme sebäplere görä ol ýa-da beýleki döredijilik usulyndan peýdalandygyny öwrenmekligiń dogry boljakdygynyñ tarapynda durupdym. Bolşewistik edebiýaty öwreniş ylmynyñ ýasama toslamalarynyñ tersine her halkyñ, onuñ edebiýatynyñ öz anyk taryhy bar. Bir edebiýatda nähilidir bir düýpli eseriñ döremegi onuñ öz şertleri bilen kesgitlenilýär. Bolşewistik edebiýaty öwreniş ylmy haýsydyr bir edebiýatyñ ýagdaýyna onuñ diñe şu günki ýagdaýyna seredip baha berýärdi. Şu, ol ýa-da beýleki edebiýat öñdebaryjy bolsa, şol edebiýat hemme wagt hem öñdebaryjy bolmalydy. Bolşewistik edebiýaty öwreniş ylmynyñ nazaryýetinden seredeniñde, Türkmenistan Orsyýet imperiýasyna zorluk bilen birikdirilenden soñ, ýatyp galmaga mejbur bolan türkmen edebiýaty XIX asyrda özüniñ altyn asyryny başdan geçiren, dürli žanrlara baý ors edebiýatyndan has yza galypdy. Ol sowet döwründe, sosialistik realizm döwründe-de wagty bilen özüni ele alyp bilmändi. Emma bu gün türkmen edebiýatynyñ iñ soñky derejesi däldi ahyry. Türkmen edebiýaty ençeme gezek özüniñ gülleýän döwründe, diñe bir Soltan Sanjaryñ döwründe onuñ köşgünde ýüzläp ady dünýä edebiýatynda galan tanymal köşk şahyrlary bolupdyr. Bize mekdebe gatnap başlan döwrümizden tä uniwersiteti tamamlaýançak, edebiýat bilen meşgullanýan zenan maşgalanyñ diñe sowet döwründe peýda bolandygyny, onuñ hem Towşan Esenowadygyny tekrarlap geldiler. Biz baryp Soltan Sanjaryñ köşgünde meşhur zenan şahyr Mahestiniñ bolandygyny soñ-soñlar bilip galdyk. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soñ, däp-dessurlarymyza dolanmak ilkinji derejeli wezipämiz boldy. Biz bu döwri Milli Galkynyş döwri diýip atlandyrdyk. Ata-babalarymyzyñ däp-dessurlaryna ymykly dolanmak üçin, taryhymyzy içgin öwrenmek, edebi mirasymyzy göwnejaý öwrenmek ýola goýuldy. 1999-njy ýylda Türkmenistanyñ Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniñ gadymy eposy "Gorkut atanyñ" 1500 ýyllygyny bellemek hakynda Perman çykardy. Gadymy oguz eposy "Gorkut ata" eposy döredilende, Orsyýet entek asyl çokunmaga-da ýetişmändi. Sowet döwründe yza galan hasaplanan türkmen halky bolsa, eýýäm şöhraty müñ bäş ýüz ýyllap, peselmedik ajaýyp epos döredipdi. Bolşewistik propogandaçy edebiýaty öwreniş ylmy bolsa, türkmen halkynyñ asyrlar boýy ukuda bimar bolup ýatandygy barada totyguş ýaly şol bir galp zady gaýtalap gelýärdi. Biz beýik ors edebiýatynyñ öñünde baş egýäris, onuñ ýeten derejesine guwanýarys. Emma hiç kimiñ, hatda sowet edebiýaty öwreniş ylmynyñ hem türkmen edebiýatynyñ mundan müñ ýyllardanam öñ gazanan üstünliklerine kembaha garamaga haky ýokdur. Türkmen halkynyñ "Gorkut ata", "Görogly" eposlary biziñ edebi mirasymyzyñ gaty baýdygyna şaýatlyk edýär. Bolşewistik propoganda bizi hatsyz-sowatsyz nadan halk atlandyrmaga utanmady. Mysal üçin, arap elipbiýinde müñ adamdan ýedi adam ýazyp-okap bilenmiş. Soñra jedidler hereketi netijesiz diýen ýaly galypdyr. Bolşewikleriñ emri bilen bary-ýogy on ýylyñ içinde türkmen dilinde üç gezek elipbiý täzelenipdir. Ýigriminji ýyllaryñ ahyrynda arap, otuzynjy ýyllaryñ ahyrynda latyn, kyrkynjy ýyllaryñ başynda ors elipbiýine geçilipdir. On ýyldan Hasan-Hüseýniñ gününi başymyza getiren bolşewikler bizi iñ soñkuja gazanan zatlarymyzdan mahrum edip başladylar. Adymyzam bisowat, nadan halk boldy. Zehinli türkmen halkynyñ "heniz arap-ajam gelip goşulmazyndan has öñem elipbiýli bolandygy barada bolsa gürrüñ etmegem gadagan edildi. Muña klassyk şahyr Şeýdaýynyñ aýdyp-goýberen biwazy zady hökmünde garaldy. Türkmen halkynyñ taryhyny ymykly öwrenmäge-de ýol berilmedi. Ata-babalarymyzyñ däp-dessurlaryna dolanmak hakdaky taglymat biziñ täze Türkmen döwletiniñ düýbüni tutmakdaky beýik ýeñşimizdir. Biz taryhymyzyñ, edebu mirasymyzyñ iññän gadymylygyna, baýlygyna, ata-babalarymyzdañ miras galan gymmatlyklaryñ elýetmez beýikligine göz ýetirdik. Bizde "Gorkut ata", "Görogly" ýaly ajaýyp eposlaryñ bardygy biziñ halkymyzyñ ruhunyñ sagdynlygyna, zehininiñ durulygyna şaýatlyk etmeýärmi näme? Bolşewikleriñ bir tersýoñkalygy bardy. Olar türkmen halkynyñ iñ mukaddes şahyrlarynyñ, halk eposlarynyñ, dessanlarynyñ hemmesini bir ujundan üstüne tüýkürip, hapalap çykdylar. Bu işde esasy ýaraglary hem edebiýatyñ synpylygy hakyndaky ýalan toslamady. Dessine pylan şahyr "halk duşmany" zyýanly şahyr diýip, "pylan eser duşmanparazçylykly, milletçi eser" diýlip yglan edilerdi. Magtymgulyny garalap taşlamak weli, bolşewiklere başartmandy. Ýöne "dini wagyz edýär" bahanasy bilen, Magtymgulynyń edil Gurhan ýaly arassa eserleriniñ köpüsi onuñ ýygydylaryndan kesilip aýrylypdy. Türkmeniñ müñ bäş ýüz ýyl ýaşan ajaýyp eposy "Gorkut atanyñ" başyna nähili oýunlaryñ gelendigi bolsa oñat ýadymyzdadyr. Ol duşmançylykly, milletçilikli, zyýanly eser atlandyrylypdy. Oguzlaryñ jümmüşinde dörändigi gadymy golýazmalarda her setirleýin görnüp duran "Gorkut atany" türkmen halkyna hiç bir dahyly bolmadyk, aýdaly, azerbaýjan halkyna degişli zat hasaplan kommunist ketdeler hem bolupdy. Men "Gorkut atanyñ" bir nusgasyny neşir edendikleri üçin B.Garryýewiñ, M.Kösäýewiñ ejir çekendigi hakyndaky gürrüñi edibem oturamok. Özem şeýle yrsaralyp ýörlen eserde beýik adamkärçilikden, beýik watançylykdan, danalykdan başga ýekeje aýybam ýokdy. Her bir türkmen Gorkut atanyñ neslidigine guwanýar, buýsanýar. Türkmenler oña ýöne ýerden dädem Gorkut diýip at bermeýär. Ol türkmen halkynyñ ruhy atasydy, ynsabydy. "Gorkut atada" oña bolşewistik ideologlaryñ ýöñkän kemçilikleriniñ biri hem ýokdy. Bolşewistik ideologlaryñ eposa ýöñkän zatlarynyñ bary töhmetdi. "Gorkut ata" dil ýetirmeklik halkyñ halal ruhuny basyp ýatyrmakdy. Gorkut ata halk bilen birligiñ, bitewiligiñ janly nusgasydyr. Gorkut atanyñ obrazynda halkyñ iñ gowy däp-dessurlary, edim-gylymlary, ajaýyp, adamkärçilik sypatlary görünýär. Gorkut atada halkyñ ruhy jemlenendir, geljekde hem her bir ädimde ondan nusga alarlyk gylyk-häsiýetleri bardyr. Ol dana paýhasa gulluk etmegiñ nusgasydyr. Halk ony özüniñ ruhy dädesi hasaplaýar. Onuñ agzyna seredýär. Ýekeje maslahat, toý, üýşmeleñ Gorkut atasyz geçmeýär. Bu gadymy türkmen demokratiýasynyñ janly nusgasydyr. Halkyñ özi gynanan, begenen ýerinde Gorkut atany çagyrýar. Onuñ danalygyna gözi ýetip duransoñ, her bir işde ondan geñeş soraýar. Hatda belli bir iş bitirenden soñ, iliñ çagasyna at dakyp berýänem Gorkut ata. "Gorkut atada" hiç bir basybalyjylyk meýli hem ýok. Onda özleriniñ başyna bir iş düşende "Agam Gazan, men ýetişerin" diýşip duran beýik watançylar bar. Hiç kimden taýýar göreldäni aljak bolman, öz ata-babalarymyzyñ däp-dessurlaryna ýüz öwürmegimiziñ gerekdigi hakynda gürrüñ edenimizde, beýik ata-babalarymyz Gorkutdyr, atam Jygaly begi göz öñünde tutýarys. Dädem Gorkut bilen Jygaly begde danalygyñ, akyllylygyñ-paýhaslylygyñ, adamkärçiligiñ ähli ajaýup sypatlary bar. Arkamyzda dädem Gorkut, atam Jygaly beg durka, bu günki türkmeniñ, Garaşsyz Türkmenistan döwletiniñ düýbüniñ mäkäm boljakdygyna ynanýarys. "Gorkut atanyñ" 1500 ýyllyk ýyllygynyñ bellenilmegi hem şonuñ aýdyñ dabarasydyr. © Nargylyç HOJAGELDIÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. # "Edebiýat we sungat" gazeti, 1999 ý. | |
|
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |