12:45 Ynam | |
YNAM / oçerk
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
• Zähmet adamynyñ waspy Filologiýa ylymlarynyñ kandidaty, Türkmen döwlet uniwersitetiniñ türkmen dili kafedrasynyñ dosenti Pirjan Aşyrowyñ birden Oktýabr raýonynyñ Aşyr Kakabaýew adyndaky kolhozyna başlyk bolup ötägidendigini eşiden kärdeşleri birbada bu habara ynanjaklaryny-ynanmajaklaryny bilmediler. Soñam her kim bir pikiri orta atdy. Biri: - Pirjan ýalñyşypdyr. Ol ýerde şäherdäki gününi tapmaz - diýdi. Ikinjisi: - Pirjanyñ ýalñyşy şäherden gidenliginde däl-de, başga meselede - diýdi. Birazajyk böwrüni diñläp oturdy-da, sözüniñ üstüni ýetirdi. - Dilçilik nire, kolhoz başlygy bolmak nire. Dil bilimi bilen oba hojalygynyñ baglanşykly ýeri ýok ahyry. Oba hojalygyndan ýörite bilimiñ bolmasa, häzirki döwürde kolhoza ýolbaşçylyk edip bilmersiñ. Üçünji biri degişmä saldy: - Pirjanyñ bilimi oba hojalygy bilen dahylsyzam däl- ä. Ol "Türkmen dilinde maldarçylyk leksikasy" diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny gorady ahyry. - Gepem, ana, şonda - diýip, onuñ degişmesine çynlakaý äheñde jogap berdiler. - Pirjan ol ýere baryp, kolhozçylara maldarçylyk leksikasyny öwretmeli däl-de, hojalyga ýolbaşçylyk etmeli. Hem adamlaryñ dilini tapmaly, hem ýeriñ dilini tapmaly. Guramaçylyk ukybyñ bolmaly... Gepiñ gysgasy, Pirjan Aşyrowyñ başlyk bolup gitmegi adamlarda dürli pikirleri oýardy. Ýöne olar şeýle şübheli oýlary Pirjan Aşyrowyñ özüniñem başyndan geçirenliginden, ýaýdanandygyndan habarsyzdylar. Obadaşlary özünden kolhoza başlyk bolmaga razylyk bermegini haýyş edenlerinde, Pirjan Aşyrowyñ bu haýyşa geñ galyşy kärdeşleriniñ onuñ başlyk bolup gidenini eşidendäki geñ galyşynyñam çaky bolmandy. Pirjan Aşyrowyñ kakasy, meşhur hasyl ussady, Sosialistik Zähmetiñ Gahrymany Aşyr Kakabaýew aradan çykandan soñ, onuñ egindeşlerinden biri Annaş Halnepesow kolhoza başlyk saýlanyldy. Ol kolhoza tä aradan çykýança başlyklyk etdi. 1979-njy ýylyñ tomsunda zähmet rugsadynda gezip ýören Pirjan Aşyrow hem Annaş aganyñ aradan çykanyny eşidip, onuñ ýerine görünmek üçin obalaryna gelipdi. Ana, şonda hem oba ýaşululary üýşüp, Pirjan Aşyrowyñ ýanyna geldiler. - Biz oba adamlarynyñ tabşyrygy bilen geldik - diýip, habarlaryny berdiler. - Annaş aga pahyr aradan çykdy. Dogrusy, ömrüniñ soñky ýyllarynda Annaş aga pahyryñ öñküligi bolmady. Depgin gowşady. Indem bize iliñ sylajak, sözüne gulak asjak adamy gerek. Biziñ kolhozymyzy kolhoz eden, onuñ abraýyny göteren kakañ Aşyr aga boldy. Indem kolhozymyz onuñ adyny göterýär. Aşyr aga bu ili sylady, ilem ony sylady. Aşyr agany kolhozçylar bu günem edil diriligindäki ýaly hormatlaýarlar, onuñ adyna-abraýyna sarpa goýýarlar. Onsoñ Aşyr aganyñ hatyrasyna kolhozçylar senden kolhoza başlyk bolmaga razylyk bermegi haýyş edýärler. Biz saña şol haýyşy aýtmaga geldik. Ýaşulularyñ üýşüp gelmeginiñ ýöne ýere däldigini añsa-da, Pirjan Aşyrow beýle zada garaşmandy. Ol birbada näme diýjeginem bilmedi. Başyny aşak salyp, pikire çümdi. Ýaşulularam ony gyssap durmay. Ahyry ol ýüzüni galdyrdy-da, uludan demini aldy: - Kakama hormat goýýanyñyz üçinem, özüme sala salanyñyz üçinem sag boluñ. Ýöne men bu diýýän işiñizi başarman. Men bütinleý başga ugruñ adamy. Bu wagt kolhoza ýolbaşçylyk etmek üçin oba hojalygyndan ýörite bilimiñ bolmaly... Ýaşulularyñ biri onuñ sözüni agzyndan aldy: - Iñ esasy zat, inim, oba adamlaryna Aşyryñ adamkärçiligi gerek. Ömrüni başlyk bolup geçirse-de, Aşyryñ adam ynjadanyny gören ýokdur. Onuñ ýaly pes göwünli adamam tapmak kyndyr. Il-günüñ raýyny ýykma, inim. Il-güñ yhlasyndan senem kakañ ýaly kemal taparsyñ. Şeýdip, oba ýaşululary Pirjan Aşyrowyñ razylygyny aldylar. Onuñ razylyk bermegine sebäp bolan esasy zat kakasynyñ orta atylmagydy. Pirjan Aşyrowy howsala salýan zadam kakasynyñ orta atylmagydy. Kakasynyñ hatyrasyna özüne bildirilen şeýle uly ynamy ödäp biljekdigi-bilmejegi hakdaky ünji ony aldym-berdime salýardy. Ýöne Pirjan Aşyrow üçin bir zat aýdyñdy. Ol her zat etmelidi welin, hökman ynamy ödäýmelidi. Ras, razylyk berip, işe başladyñmy, yza dönmek ýokdy. Azaba, zähmete bitýän bir zat bolsa hökman bitiräýmelidi. Ol ynam mukaddesdi. Pirjan Aşyrow işe başlan ilkinji gününden diñw şu pikire, şu maksada gulluk etdi. Her ädimimde kakasynyñ tejribesini ýatlady. Irginsiz okady, bilýän adamlardan öwrendi. Adamlar bilen gatnaşygynda basym ol özüni aldyryp başlady. "Tüweleme, Pirjanda Aşyr aganyñ adamkärçiligi bar" diýdirdi. Iş babatda welin ilki-ilkiler oña gaty kyn düşdi. Onuñ aljyran, howsala düşen wagtlary köp boldy. Ol awgust aýynda, gowaçanyñ aýny hasyl toplaýan döwründe işe başlapdy. Her sagadyñ gymmaty gyzyla barabardy. Ýol berlen käbir kemçilikleri hem ýüz ugruna düzedip gitmelidi... Iñ kyn mesele-de suw meselesidi. Kolhoz iñ aýakda ýerleşeni üçin bu ýere suwuñ sarkyndysy gelip ýetýärdi. Hasylyñ bolsa ykbaly häzir suwa baglydy. Şonuñ üçinem Pirjan bir ýerde durup bilenokdy. Suwuñ her damjasynyñ eşrepi ýaly tutulmagy ugrunda jan çekýärdi. Uzynly gününi gowaça meýdanlarynda geçirýärdi. Kömek etmeklerini sorap, raýon ýolbaşçylarynyñ ýanyna zygyr-zygyr gatnaýardy. Raýon ýolbaşçylary onuñ birneme aljyrajak bolýanyny, oña kyn düşýändigini bilýärdiler. Onuñ ýagdaýyna düşünýärdiler. Şonuñ üçinem ellerinden gelen kömegi edýärdiler. Oba ýaşululary hem oña el kömeginem, dil kömeginem berýärdiler. - Tüweleme, ýagdaýlar oñuşmazça däl. Göwrümiñi giñ tut - diýip, oña basalyk edýärdiler. Emma birinji tä pagta tabşyrmak plany ýerine ýetirilýänçä, Pirjan Aşyrow ýekeje sagadam göwrümini giñ tutup bilmedi. Plan bolsa giç doldy. Kynlyk bilen doldy. Ýöne birinji ýyl Pirjan Aşyrow diñe kynçylyklary ýeñip geçmek bilen çäklenmedi. Ol kynçylyklardan sapagam aldy. 1980-nji ýylda ol turuwbaşdan öten ýylky goýberilen kemçiliklere ýol bermezligiñ aladasyny etdi. Çynlakaý yhlas, ýadawsyz zähmet uly üstünlik getirdi. Aşyr Kakabaýew adyndaky kolhoz Oktýabr raýonynyñ iñ öñdebaryjy hojalyklary bilen egin deñedi. 1980-nji ýylda 2170 gektar gowaçanyñ her gektaryndan 33,5 sentner hasyl alnyp, plan 110 % ýerine ýetirildi. Kolhoz döwlere 7300 tonna "ak altyn" tabşyrdy. Aýry-aýry brigadalaryñ gazanan üstünligi has-da ýokary boldy. Mysal üçin, Geldek Atanyýazow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 14-nji brigadanyñ pagtaçylary 104 gektar ýerden 553 tonna "ak altyn" ýygnap, plany 180% ýerine ýetirdiler. Oba hojalygynyñ beýleki pudaklary boýunça hem önüm öndürmegiñ döwlet planlary artykmajy bilen berjaý edildi. Diñe döwlete et tabşyrmakda birneme asgynjañlyk çekildi, planyñ ýerine ýetirilişi 93% boldy. Kolhozçylaryñ medeni-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, kolhoz posýologyny abadanlaşdyrmak, medeni-durmuş obýektlerini bina etmek barada hem uly işler edildi. 1980-nji ýylda kolhoz öz güýji bilen 200 sygyr saklar ýaly tipli ýatakhana gurdy. 25 adamlyk keselhananyñ gurluşygy tamamlanyp barýar. Kolhozyñ 60 gektardan ybarat miweli bagy bar. Şol baglygyñ içinde hem myhmanhana salyndy. Ol myhmanhana kolhozçylar üçin dynç alyş öýi hökmünde peýdalanylýar. Onda bir wagtda 15-20 adam dynç alyp bilýär. Remont ussahanasynyñ gurluşygyna başlanyldy. 600 orunlyk gyşky klubyñ gurluşygyna taýýarlyk görlüp ýör. Kolhozyñ öz güýji bilen Garawulgala uçastogynda bäş kilometrlik köçe abadanlaşdyryldy. Munuñ üçin ýerli material - gyryñ daşy peýdalanyldy. M.Gorkiý adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniñ türkmen edebiýaty kafedrasynyñ müdiri, professor Jora Allakow ikimize golaýda Aşyr Kakabaýew adyndaky kolhozda bolup görmek miýesser etdi. Köne buhgalteriýa işgäri Jora Allakow: - Pirjan, tüweleme, sen-ä gowy başlyk bolupsyñ. Hany, nähili edip, şeýle üstünliklere ýetdiñ, gürrüñ ber. Dilçiden, edebiýatçydan beýle başarjañ başlyk çykýan bolsa, belki, biz ýalam göwnüni böler - diýip, öñki kärdeşine degişme bilen ýüzlenýär. Pirjan Aşyrow ýüzüni aşak salyp, çalaja ýylgyryp oturyşyna öñki kärdeşiniñ degişme sowalyna: - Işlemeli-dä - diýip, bir söz bilen jogap berýär-de, soñra çynlakaý keşbe girip, gürrüñ bermäge başlaýar: - Hawa, işlemeli. Ýöne azabyñ ýerine düşer ýaly edip işlemeli. Munuñ üçinem, ilki bilen, her işi öz wagtynda etmeli. Pursaty goldan giderip, soñra yzyndan kowalamagyñ peýdasy ýok. Ýeriñi wagtynda ekişe taýýarla. Iñ esasy zadam ekişi öz wagtynda, gowy hilli geçir. Tohumy gögerjek wagtyny bilip at. Gijä-de galma, ir ekip, tohumyñy toprak astynda-da çüýretme. Ol sözüne azajyk dyngy berip, oýlanjyrap oturýar. Çaýynyñ soñuny sarkdyryp, usullyjak bilen çäýnegiñ gapagyny şykyrdadýar. Sesimizi çykarman, gürrüñiñ yzyna garaşyp oturamyzsoñ, ýene-de pessaý ses bilen dowam edýär: - Agrotehnikany pugta berjaý etmeli. Maşyn güýjünden ýerlikli peýdalanmagy başarmaly. Häzirki döwürde maşyn ulanyp bilmeseñ, aljak galañ ýok. Dogry, sürüm, ekiş, bejergi döwründe tas hemme iş maşyn güýji bilen edilýär. Ýöne pagta ýygymynda, gynansagam, maşyn güýjünden ýeterlik peýdalanyp bilemzok. Pagtany maşyn bilen ýygmak bolsa häzirki döwrüñ iñ derwaýys meselesi bolup durýar. Pagta ýygymy döwründe okuwçylaryñ, studentleriñ kömegine mätäç bolýandygymyzyñ sebäbi biziñ bu işi talaba laýyk ýola goýup bilmeýändigimiziñ netijesi. Mysal üçin, biz 1980-nji ýyl döwlete tabşyrylan 7300 tonna pagtanyñ 4300 tonnasyny maşyn güýji bilen ýygdyk. Tutuş hasylyñ ýarysyndanam köp. Bu bolsa bjzu keseden kömek soramakdan dyndardy. Ýöne bu-da entek mümkinçiligiñ añry başy däl. Maşynlardan oñat peýdalanylanda hasylyñ 80 prosentini, hatda ondanam köpüsini maşyn güýji bilen ýygmak mümkin. Iñ esasysam bu pagta ýygymyny iññän gysga möhletde tamamlamaga, täze ýylyñ aladasyny irgözinden etmäge ýagdaý döretjek. Munuñ üçin bolsa respublikamyzyñ ähli hojalyklarynda doly mümkinçilik bar. Оnsoñ Рirjan Аşyrow ýеtmezçilikler, gаbat gеlýän kуnçylyklar bаrada gürrüñ bеrýär. Sürüm trаktorlarynyñ ýеtmеýänliginden zеýrеnýär. Rеsрublikanyñ iñ çеtki kоlhоzy bоlansoñ, suw ýеtmezçiliginden kösеnilýändigini аýdýar. Gurluşyk mаteriallarynyñ, аýratynam sеmentiñ, tаgtanyñ ýеtmezçilik еdýändigini, şоl sеbäpli hеm gurluşyk işlеriniñ bökdеlýändigini, şоnuñ üçinеm mümkin bоldugyndan ýеrli mаteriallardan реýdalanmaga jаn еdýändiklerini gürrüñ bеrýär. - Ýöne hemme zat gol astyndan tapylyp, öz elimizden gelip duranok - diýip, Pirjan Aşyrow uludan demini alýar. - Köçeleri daşlamak üçin, jaýlaryñ fundamentini tutmak üçin gyryk daşyny peýdalanýarys. Ýöne tagtany nireden aljak? Onsoñ jaý salsañam, onuñ üstüni basyrmak kyn. Biz kolhozyñ geçen ýyl döwlete et tabşyrmagyñ planyny näme üçin ýerine ýetirip bilmändigi bilen gyzyklanýarys. Bu ugurda kolhozyñ geljekki mümkinçilikleriniñ nähilidigini soraýarys. Başlyk munuñ esasy sebäbini mallaryñ ýokary semizliginiñ gazanylup bilinmänligi bilen düşündirýär. Ete tabşyrylýam her düýäniñ diri agramyndan 400 kilogramdan, gara malyñ 380 kilogramdan, goýnuñ 40 kilogramdan pes bolmaly däldigini aýdýar. - Ýöne geçen ýyl et planyny ýerine ýetirip bilmezligimiz wagtlaýyn kemçiligimiz. Bizde bu meseläni üstünlikli çözmäge mümkinçilikler bar. Biz şol mümkinçiliklerden doly peýdalanarys. Bu ýyl et planymyzy geçen ýylyñam öwezini doldurar ýaly berjaý ederis - diýip, Pirjan Aşyrow ynam bilen aýdýar. Dogrudanam, kolhozyñ baý maldarçylyk hojalygy bar. 7500 garaköli goýun, 500 iri şahly mal, 550 düýe. Kolhozda düýedarçylyga aýratynam uly üns berilýär. Pirjan Aşyrow düýäniñ gara maldan düşewüntlidigini degerli deliller bilen düşündirýär. - Bu zatlary aýtdygym esasy ünsi diñe düýedarçylyga bermeli diýdigim, maldarçylygyñ beýleki görnüşleri düşewüntsiz diýdigim däl - diýip, Pirjan Aşyrow düşündirýär. - Men düýedarçylyk hakda maldarçylygyñ idisi añsat, et öndürmegiñ ygtybarly goşmaça çeşmesi hökmünde gürrüñ edýärin. Biz geljekde maldarçylygyñ beýleki görnüşlerini ösdürmeklige aýratyn uly üns bermekçi. Pirjan Aşyrow obadaşlarynyñ ynamyny, kakasynyñ sarpasyny ýere salmady. Ol kolhoza ýolbaşçylyk eden gysga döwrüniñ içinde hojalygy aýaga galdyrmagy başardy. Ýöne ol gazanylan bu üstünliklere ilkinji ädimler hökmünde garaýar. Onuñ geljekki planlary, arzuwlary has-da uly. Ol planlaryñ, arzuwlaryñ hökman hasyl boljakdygyna sähelçe-de şübhe ýok. Sebäbi başlygyñ yhlasy, gujur-gaýraty, isleg-arzuwlary oba zähmetkeşleriniñ Pirjan Aşyrowa bildiren ynamy olaryñ öz päk zähmetone bolan ýanbermez ynamy. Ynam bilen çekilýän päk zähmetiñ bolsa rowaç tapjakdygyna şek bolup bilmez. Nargylyç HOJAGELDIÝEW. # "Edebiyat we sungat" gazeti, 1981 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |