11:03 Halypa we terjimeçilik | |
HALYPA WE TERJIMEÇILIK
Edebi makalalar
sungatymyz hakynda söhbet 1994-nji ýylda meniñ "Gökdepe mukamy" diýen hekaýalar ýygyndym çykaryldy. Şol ýygynda giren hekaýalaryñ ikisi öz bile işleşen halypalarym Annaly Berdiýew bilen Ata Söýünowa bagyşlanypdy. Ýygyndynyñ redaktory uniwesrsitetli kursdaşym Hudaýebrdi Meläýewdi. Meniñ "halypalarym" diýip, aýdaly, Berdi Kerbabaýew ýa-da Beki Seýtäkow ýaly uly ýazyjylar däl-de, Annaly Berdiýew, Ata Söýünow ýaly öz kärdeş ýoldaşlarymy agzamagym H.Meläýewiñ göwnüne beýle jaý bolmadyk borly, ol bir-iki gezek maña bellik etdi. - Nargylyç, seniñ halypam diýýänleriñ özüñ ýaly kärdeşleriñ bolup dur. Berdi Kerbabaýew ýa-da Beki Seýtäkow ýaly uly ýazyjylar bolsa, başga gep - diýdi. Men oña şobada jogap berdim: - Hudaýberdi, gardaş, Berdi Kerbabaýew hem, Beki Seýtäkow hem meniñ halypalarym. Men Gorkiý bilen Dostoýewskini hem, Zolýa bilen Gýugony hem halypalarym atlandyryp bilerdim. Men olary hem köp okadym, öwrendim. Olaryñ hemmesi meniñ ruhy halypam. Ýöne Annaly Berdiýew bilen Ata Söýünow, aýratynam terjime babatda, meniñ elimden tutup işlemegi öwreden iş halypalarym ahyry. Men işlän döwrümde olarsyz bir ädim ätmedim-ä. Men rusça-türkmençe sözlükleri, ors diliniñ beýleki köp tomly düşündirişli sözlüklerini elimden düşürmän, tüýdere getirdim. Emma men şolaryñ baryny birlikde alanyñda hem, Annaly Berdiýewden has köp peýdalanandyryn. Ýöne hut şu günlerem Annaly Berdiýewiñ işde bar wagty, sähel şübhelenen ýerimde, ondan soraman, oña tassyklatman, meniñ ýekeje sözi hem terjime etjek gümanym ýok. Özem Annaly Berdiýewiñ meniñ sowalyma jogap bermegi kyn görüp, tykyran gezegi ýok. Annaly Berdiýew meniñ elimden tutup, terjime etmegi öwreden halypam bolmaýarmy näme? ■ Annaly Berdiýew kim? Annaly Berdiýewiñ çagalygy agyr uruş ýyllaryna gabat geldi. Şonuñ üçinem ol zähmet ýoluna on iki ýaşly çagalygyndan başlamaly boldy. 1944-nji ýylda ol Sowet Türkmenistanynyñ häzirki "Türkmenistan" gazetiniñ podçitçigi bolup işe başlady. Soñra ol edebi işgär bolup işledi. Şol döwürde hem onuñ terjimeçilik işi başlandy. Gazet işiniñ körüginde taplanan Annaly Berdiýew terjimäniñ hötdesinden gelýändigini subut etdi, şondan soñ gazet terjime işini ikirjiñlenmän Annaly Berdiýewe ynanyp geldi. Türkmen hem ors dillerinden baş çykarýan Annaly Berdiýewde terjimeçilik işine özboluşly garaýyş hem özboluşly talant bardy. Şonuñ üçinem ol turuwbaşdan ökde terjimeçileriñ hataryna goşuldy. Soñra ol çeper terjimede öz güýjüni synap görmäge başlady. Ol ilkinji gezek italýan ýazyjysy Žanni Rodariniñ "Çippolionyñ başdan geçirenleri" diýen kitabyny terjime edenleriñ biridi. Bu kitap many-mazmun taýdan hem, çeperçilik bezegi taýundan hem türkmen okyjylary üçin gymmatly sowgat bolupdy. Ol kitabyñ ors dilinden türkmen diline terjime edilişi şowly çykypdy. Ony çagalar üçin örän gowy terjime edilen eserleriñ biri hasaplamak boljakdy. Bu işde Annaly Berdiýewiñ hyzmaty uludy. Annaly Berdiýewden öñ, Türkmenistanda gadymy awtorlaryñ poeziýa bilen ýazylan drama eserlerini türkmen diline terjime etmek bilen yzygiderli meşgullanýan terjimeçi ýokdy. Ol terjime sungatymyz babatda täze dörän hadysa boldy. Ol terjime sungatynyñ žanry babatda hem, tehnikasy babatda hem, iş stili babatda hem täze terjimeçidi. Onuñ eden işleri türkmen tomaşaçylary, okyjylary üçin täze mekdep boldy. Annaly Berdiýew olar üçin gadymy edebiýata açylan täze gapy boldy. Ol türkmen edebiýatyna Sofokl, Ýewripid, Şekspir, Karlo Goññi ýaly ölmez-ýitmez edebi ägirtleri getirdi. Mende Annaly Berdiýewiñ eden işleriniñ öz eli bilen ýazylan bir tagta kagyzlyk sanawy bar. Ony okap, Annaly Berdiýewiñ döredijiligine mahsus bolan ullakan bir aýratynlygy gördüm. Bütindünýä teatr sungatynyñ taryhynda, şol sanda biziñ Türkmenistanymyzda hem, gadymy klassykanyñ terjime edilmegi uly bir waka hasap edilýär. Beýle eserleri terjime etdirmek üçin, dünýäniñ men diýen teatrlary belli terjimeçiler bilen iñ ýokary bahadan şertnama baglaşýarlar. Ol pýessa boýunça spektakl goýuljak gününe çenli anyk bellenilýär. Şeýle drama eseriniñ terjimesini almak teatr üçin ullakan problema bolupdyr. Sowet döwründe bolsa, Annaly Berdiýewe gezek gelende, dünýä teatrlaryna mahsus bolan bu ýazylmadyk kanun gödeklik bilen bozulypdyr. Özem iki tarapdan. Birinjiden-ä, sowet hukuk goraýjy edaralary gödek biperwaýlyk edip, poeziýa bilen ýazylan eserler türkmen diline terjime edilende, terjimeçiniñ hukuklary kemsidilipdir. Mysal üçin, poeziýa bilen ýazylan pýesa üçin döwlet awtoryñ galam hakyny proza bilen ýazylan pýesa görä on esse köp töleýän bolsa, bu düzgün poeziýa bilen ýazylan pýesalary türkmen diline terjime etmek babatd saklanmandyr. Sowet ýyllarynda Türkmenistanda poeziýa bilen terjime edilen pýesanyñam, proza bilen ýazylan pýesanyñ hem türkmen diline terjimesi des-deñ diýen ýaly bolupdyr. Ikinjiden, Annaly Berdiýew, hamala, maddy taýdan kanagatlanmak üçin däl-de, diñe döredijilik şatlygyny, döredijilik lezzetini almak üçin işleýän ýaly hemişe töwekgelçilige bil baglap ýaşan adam. Dünýä teatrlarynyñ däl bolup galan endikleri oña degişli däl ýalydy. Ol teatrlar bilen, haýsydyr bir resmi adam bilen teatr şertnama baglaşman, diñe belli-belli režissýorlar bilen hoşgylaw gürrüñler bilen haýsydyr bir pýesany terjime etmäge alardy. Ol pýesanyñ sahnada goýuljakdygyny-goýulmajakdygyny, hatda ony terjime etmegi haýyş eden režissýoram bilmezdi. Mysal üçin, Annaly Berdiýew režissýor Öwlüýäguly Hojagulyýewiñ haýyşy boýunça W.Şekspiriñ "Kariolan" tragediýasyny terjime etdi. Emma ol soñra hiç bir teatrda görkezilmedi. Garaz, Annaly Berdiýewiñ ençeme terjimesi türkmen tomaşaçysyna ýetmän galsa-a, sähelçe hak tölense-de, käbir terjimeleri neşirýat tarapyndan çap edilip, okyjylar köpçüligije gowuşdy. Sofoklyñ "Edip şa" tragediýasy sahnada goýulmady. Özbaşyna kitap edilip çykaryldy. Redaktory Mämmet Seýidow. W.Şekspiriñ "Romeo we Žulýetta" tragediýasy Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda görkezildi. Aman Gurbandurdyýewiñ režissýorlyk diplom işi. Özbaşyna kitabam edilip çykaryldy. W.Şekspiriñ "Riçard III" diýen tragediýasy. Tragediýa Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda görkezildi. Ata Alowowyñ režissýorlyk diplom işi. W.Şekspiriñ "Nadaranyñ nogtalanyşy" komediýasy. Mollanepes adyndaky akademiki drama teatry tarapyndan görkezildi. Kakajan Aşyrowyñ režissýorlyk diplom işi. Annaly Berdiýewiñ galamynyñ astyndan çykan terjimeler az-küş däl. Özem zybrym dünýä klassykasynyñ naýbaşy eserleri. Diñe şu faktyñ özi hem Annaly Berdiýewiñ türkmen terjime sungatyndaky ornuny aýdyñlyk bilen görkezýär. Şu günki terjimeçilik sungatymyzyñ pälwanlarynyñ biri Annaly Berdiýew hakynda gürrüñe başlap, terjimeçilik sungatymyzyñ taryhy, ösüş ýolunyñ şu günki esasy problemalary baradaky gürrüñi hem Annaly Berdiýew hakdaky gürrüñ bilen baglanyşdyrmazlyk mümkin däl. Türkmen sowet edebiýaty hem tutuş sowet edebiýaty ýaly, partiýalaýynlyk, synpylyk prinsipleri esasynda gös-göni bolşewikler partiýasynyñ ýolbaşçylyk etmeginde döredi. Özem partiýa bu işe şeýle bir üns berdi, ol edebiýat işine guramaçylyk babatda gös-göni ýolbaşçylyk etdi. Edebiýat işi ähli teoretiki meseleler, ähli žanrlar boýunça, giñ front boýunça ösdürildi. Türkmen terjimeçilik sungaty bütinleý täzeden döräpdi. Mysal üçin, gazak edebiýatynyñ klassygy Abaý Kunanbaýew rewolýusiýadan has ozal beýik ors şahyry A.S.Puşkiniñ eserlerini gazak diline terjime etmek babatda käbir synanyşyklary eden bolsa, hiç bir dilden türkmen diline terjime etmäge synanyşyk edilmändir. Ýigriminji ýyllaryñ ahyrlarynda, otuzynjy ýyllaryñ başlarynda türkmen terjimeçilik sungaty bütinleý täzeden döräp başlady. Bada-bat bu iş, esasan, döwürleýin metbugatyñ materiallaryny terjime etmekden başlandy. Ýigriminji ýyllaryñ ahyrlarynda terjimeçilik sungaty ors dilinden türkmen diline terjime etmekden, türkmen dilinden ors diline terjime etmekden başlandy. Emma eýýäm ýigriminji ýyllaryñ ortalaryndan çeper döredijilik işi bütinleý partiýa kontrollygyna geçipdi. Erkana pikirli adamlar zabunlyk bilen yzarlanýardy, iñ bolmanda, wezipesinden çetleşdirilýärdi. Döredijilik işi tutuşlaýyn partiýanyñ kontrollygyndaka, onuñ hemme işi anyk planly alyp barýan döwründe, terjimeçilik sungaty bilgeşleýin, bir taraplaýyn, esasan, ors diliniñ üsti bilen alnyp barylýardy. Netijede, bütin dünýä edebiýatynyñ eserleri ors dilinden terjime edilensoñ, Türkmenistanda gysga wagtyñ dowamynda ors dilinden türkmen diline terjime edýän ökde adamlar ösüp ýetişdiler. Terjimeçilik işi allanäme ýola goýuldy. Dünýä edebiýatynyñ, ors edebiýatynyñ saýlama, ajaýyp eserleri türkmen diline terjime edildi. Emma sowet häkimiýetiniñ segsen ýylynyñ dowamynda türkmen dilinden ors ýa-da beýleki dillere originaldan terjime edip bilýän ýekeje terjimeçi hem ösüp ýetişmedi. Türkmen dilinden ors diline terjime etmeli adamlar ýa-ha ors dilini ýetik bilenokdylar, ýa-da türkmen dilini bilýän ors ýokdy, ors dilini köstsüz öwrenen türkmenlerem öz ene dillerini ýatlaryndan çykarypdylar. Onsoñ türkmen dilinden ors diline sözme-söz terjimäniñ üsti bilen türkmen dilinden bütinleý bihabar adamlar türkmen eserlerini terjime edipdi. Munuñam esasy sebäbi türkmen dilinden ors diline terjime etmek şeýle bir zerurlyk hasap edilmeýärdi. Sowet häkimiýetiniñ ahyrky ýyllarynda bolsa, türkmen ýazyjylarynyñ eserlerini terjime etmek ýazyjylaryñ öz şahsy işine öwrüldi. Sözme-söz terjime edýän adamyny hem, çeper terjimeçini hem onuñ özi tapmalydy. Iñ ýaman ýeri hem türkmen awtorynyñ originaly naýynsaplyk bilen bozulardy. Mysal üçin, görnükli türkmen ýazyjysy Hydyr Derýaýewiñ "Ykbal" romany hakynda türkmen tankytçylarynyñ pikiri bilen ors tankytçylarynyñ pikiri bilen birsyhly çapraz gelýärdi. Sebäbi terjimeçi W.Kurdiskiý "Ykbalyñ" originalyndan çykypdy, ony köp ýerde islegine görä "düzedipdi". Terjime sungaty barada şeýle birtaraplaýyn syýasat albyp barylýandygyna garamazdan, otuzynjy ýyllaryñ başlarynda dünýä edebiýatynyñ, ors edebiýatynyñ, ilkinji nobatda bolsa rus sowet edebiýatynyñ iñ ajaýyp eserlerini türkmen diline terjime etmek barada ep-esli işler edildi. Şol wagtlar dünýä hem rus sowet ýazyjylarynyñ bir giden meşhur eserleriniñ türkmen diline terjime edilip ýetişilişini bellemän geçmek bolmaz. Özem bu işde iki taraplaýyn utuş bardy. Birinjiden, dünýä edebiýatynyñ naýbaşy eserleriniñ terjime edilmegi netijesinde terjimeçileriñ ussat wekilleri kemala gelýärdi. Türkmen terjimeçileri özleriniñ meşhur eserleri türkmen diline terjime etmäge ukyplydyklaryny subut etdiler. Ikinjiden, şol wagtlar terjimeçilik işi bilen köp türkmen ýazyjylary meşgullanýardylar. Bu bolsa olar üçin dünýä hem ors edebiýatynyñ däplerini öwrenmegiñ uly mekdebi bolupdy. Dogry, biziñ terjimeçilik sungatymyzda fransuz, iñlis, hindi, arap hem beýleki dillerden terjime edip bilýän kadrlarymyz ýokdy. Häzir biz terjimeçilik sungatymyzyñ bu kemçiligini añsatlyk bilen ýeñip geçip bileris. Ýöne terjimeçilik sungatymyzda bar bolan bu kemçiligi ors dilinden terjjme etmeklige ýöñkemek nädogrudyr. "Terjime sungaty" diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Bu sungatdyr, onda-d gaty nepis, inçe sungatdyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyz bu gün terjimeçilik sungatymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin hem ähli mümkinçilikleri açýar. Soñky wagtda diñe ors dilinden däl-de, özge dillerden türkmen diline geçirilýän eserleriñ peýda bolmagy hem onuñ aýdyñ alamatydyr. Nargylyç HOJAGELDIÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. # "Edebiýat we sungat" gazeti, 1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |