00:21 Halypalygam aňsat däl borly... | |
HALYPALYGAM AŇSAT DÄL BORLY...
Aýdym-saz sungaty
Kel bagşynyň durmuşyndan iki tymsal • MYLLY GELER-DE... Meşhur sazanda Mylly Täçmyradow ýaş wagtlarynda halypasy Kel bagşynyň ýanyndan aýrylmandyr. Onuň ýanynda aýlap bolar eken, ondan şirin mukamlaryň inçe tilsimlerini öwrener eken. Kel bagşynyň aýaly Aýsoltan eje hem sazyň gadyryny bilýän, oňa kemsiz düşünýän adam bolupdyr. Ol mukamyň ýekeje basymy ýa-da kakuwy kem bolsa-da, bilýär eken. Aýsoltan eje Kel bagşynyň her gezek Myllyny ugradandan soňra, her bir mukamy ürç edip syntgylaýandygyny, käýerlerini üýtgeip, käýerlerine täze öwrümler goşýandygyny görüpdir. Bu ýagdaýa geň galan Aýsoltan ahyry bir gün adamsyndan: - Aýu, sen näme, hernä Mylla birhili öwredýäň-de, soň ýa-ha bir zat goşan bolýaň, ýa-da bir ýerini üýtgeden bolýaň? - diýip sorapdyr. - Bu näme etdigiň bolýa seniň? Öň Mylla-da şeýle öwredäýseň bolmaýamy? Kel bagşy ýüzüni keseräk sowup, täsin ýylgyrypdyr-da: E-eý, enesi, şeýtmeseň, basym süregiňe ýetdirersiň. Osnoň ertir Mylly geler-de, üstüňe gerner-de durar - diýip, jogap beripdir. • HAN AKYLLYDYR-DA... Kel bagşy Yzgantdaka aşgabatly tanyşlaryndan Agabaý diýen biri onuňka myhmançylyga barypdyr. Kel bagşy ondan: hanyň ýagdaýy niçik? Görýäňmi ony bu günlerde? Näme pişe edýä bu günler? - diýip, Täçmämmet Suhangulyýew hakda sorapdyr. - Hawa, golaýda ýanyna baryp gaýtdym - diýip, Agabaý gürrüň berip başlapdyr. - Barsam, saz baryny orta döküpdir-de, elsizine el, golsuzyna gol ýasaşdyryp oturan eken. Ýassyga ýanyny berip, arkaýyn gök çaý süzüp ýatan Kel bagşy bu sözleri eşiden badyna, laňňa ýerinden galypdyr-da: - Ol "Maral geldä-hä" onuň goşup-aýran zady ýok - diýip, Agabaý jogap beripdir. "Maral geldi" mukamynyň kemini goýan däldirin diýip, öz ýanyndan pugta ynanyp ýören halyna bu jogapdan soň birneme arkaýynlaşyp, ýene öňküsi ýaly ýassyga gyşarypdyr-da, göwnühoşluk bilen: - Aý, Han akyllydyr-la!.. - diýipdir. Nargylyç HOJAGELDIÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 12.03.1975 ý | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |