00:09 Çuwal serpen / hekaýa | |
ÇUWAL SERPEN
Hekaýalar
Halypa tüýdükçi Baky MAŞAKOWA bagyşlaýaryn. Nurly baýyñ toýunyñ gyzan wagtydy. Özüniñ ýalñyz kemakyl ogluna Tejen etrapynyñ iñ owadan, iñ çeper gyzyny alyp berýän baý toýy uludan tutupdy. Toýa ýygnanan märekäniñ añyrsy-bärisi ýokdy. Diñe Tejen etrapynyñ däl, Mary, Ahal etraplarynyñam atly bagşydyr pälwanlary, ýyndam atlary toýdan nijeme gün öñ gelip, bu ýerde goş basyp ýatyrdylar. Gelin getirilip, ýörite tutulan alty ganat ak öýe salnandan soñ, märeke sap-sap bolup başlady. Kimler pälwanlaryñ göreş tutýan ýerine eñse, kimler her ýerde-her ýerde eşidilip ugran aýdym sesine tarap yñdy. Çünki her bagşy öz diñleýjisini öz sesi bilen ýanyna çekmelidi. Kim ýanyna köp märeke toplap bilse, şol bagşynyñ ýeñdigidi. Onsoñ tä bagşylaryñ aýdyşygy bir ýan ýüzli bolaýança, märeke bir ol bagşynyñ ýanyna akýardy, bir bu bagşynyñ. Kimler bsa uzaga goýberiljek atlaryñ ýanynda hümer bolşup durdy. Kimler ýaglyga towusýardy, kimler ýüzük oýnaýardy. Gyrmyzy donunyñ dynyny biline dakyp, mele ýorgany säpjedip ýören Nurly baý iki ýana alakjaýardy. Ol bir bagşylaryñ aýdym aýdyp oturan ýerine, bir pälwanlaryñ göreş tutýan ýerine, bir atlaryñ çapyşyga ugradyljak bolnup duran ýerine barýardy. Toýa serenjam berýärdi, baýrak belleýärdi. Onsoñ telim jarçy telim ýerden gygyryp, onuñ aýdanlaryny märekä ýetirýärdi. Gelniñ salan öýüniñ gözeneginiñ gabadynda üýşüp duran bir topbajyk märeke hem Nurly baýyñ nazaryndan sypmady. Ol ýere üýşen adamlar eli gargy tüýdükli, başy şyrdagy çykan çypyrmaly, egni sal-sal donly çopan ýigidiñ daşyna egrilişip durdular. Bu sähraýy ýigit barmaklaryny tüýdüginiñ deşiklerine goýup, ony döşüne ýaplap durşuna ýanyndaky adamlara gargy tüýdügiñ döreýşi barada rowaýat aýdyp berýärdi. - Isgender Zülkarnaýn patyşa şahly bolanmyş. Emma ol öz şahyny hiç wagt adam ogluna görkezmeýän eken. Onsoñ meniñ ýaly bir çopan pahyr tötänden onuñ şahyny göräýenmiş. Ol " Isgender Zülkarnaýn patyşanyñ şahy bar eken" diýip, biriniñ ýanynda dilini ýarsa, başynyñ ölümli, malynyñ hem talañly boljagyny bilipdir. Ýöne ol bu gören zadyny içine sygdyryp saklabam bilmändir. Edil ýüregi agzyndan çykyp barýarmyş. Onsoñ bu üýtgeşik ahwalaty bir ýerde aýdyp, içini sowatmasa, ynjalmajagyny bilen çopan görgüli ahyry bir kyrk gulaç guýynyñ agzyndan seredipdir-de: "A-haw, adamlar, Isgender Zülkarnaýnyñ şahy bar eken, haw!" diýip gygyrypdyr. Şondan soñra ýüregi az-kem düşüşip, yzyna dolanypdyr. Ýöne dünýäde bilinmän syr galmaly dälmiş diýýä. Isgender Zülkarnaýnyñ hem şahynyñ bardygy bir ý bilen hökman bilinäýmelimiş diýýä. Onsoñ hälki çopanyñ agzyndan gygyryp gaýdan guýusynyñ içinden bir gamyş gögerip çykanmyş. Ine, onsoñ biri ýañky gamyşdan tüýdük edinenmiş welin, ol: "A-haw, adamlar, Isgender Zülkarnaýnyñ şahy bar eken, haw!" diýip, gygyryberipdir. Göräýmäge gamak gargy ýalydyr welin, oýun bardyr munda. Munuñ owazy adamyñ kalbyna sygman, zor bilen böwsüp çykan owazdyr... Çopan ýigit şeýle diýip, tüýdügini agzyna ýetirip, mukam çalmaga synandy. Emma edil şol pursatda añyrdan ýetip gelen Nurly baý oña mukam çalmaga maý bermedi. Öz toýunda şeýle bir eleşan çopanyñ orta çykyp durşuna gahary geldi, muny özüne kiçilik bildi. - Ýeri-ow, ýagşy ýigit, meniñ toýumda märekäniñ öñüne çykyp, meni masgaralajak bolýañmy? - diýip, Nurly baý märekäniñ üstaşyry çopana tarap gaharly gygyrdy. - Bu her ýeteniñ orta çykybermeli toýy däl. Meniñ toýumda diñe külli türkmeniñ atly bagşylary aýdym aýtmalydyr. Ana, ýomutdan, gökleñdenem bagşylar geldiler. Çopan duýdansyz çykan bu sese tisginip, agzyna ýetirip barýan tüýdügini ýene gursagyna goýsa-da, özüni ýitirmedi. Arkaýyn gürledi: - Baý aga, toýuñ mübärek bolsun. Gelniñ aýagy düşümli bolsun. Ol baýyñ jogabyna-da garaşman, sözüni dowam etdi: - Hawa, baý aga, seniñ toýuñ dabarasy tutuş türkmen sährasyna ýaýrady. Ýomutdan, gökleñden, çowdurdan bagşy geljeginem eşitdik. Bizem onsoñ baý aganyñ toýuny gutlaly, hemem birki sany mukam gaçyryp bereli diýdik-de gaýdyberdik. Çopanyñ ýeser jogap berşi toý humary bilen göçgün adamlaryñ keýpini hasam göterdi. Bir gyrada duran ýaşuly hasasyna agram salyp, loh-loh güldi-de: - Haý, berekella, bolsa-da ýeser çopan ekeniñ - diýip, gygyrdy. Soñra bolsa näme diýjegini bilmän agzyny müñküldedip duran baýa ýüzlendi. - Baý, ýigit dogry aýdýa. Tüýs sähraýy ýigit eken. Ýürejigindäki dilinde. Azar berme ýigide. Goý, olam görsün toýuñ hezilini. - Görse görsün welin... - diýip, bu sözlerden soñ bady ýatyşan baý gümürtik gürledi. Soñra bolsa nägile äheñde sözüniñ üstüne goşdy. - Ýöne tüýdügini bir ýygnasyn. Bu ýerde külli türkmeni dañan atly bagşylar bar. Nurly baýyñ toýunda sazandalyk etmek, sährada mal yzyndan başga zady görmedik çopana galmandyr. Bu ýer her bir zaññaryñ henek edip ýörmeli ýeri däl. Çopan hem pes oturmady: - Atly bolsun, atsyz bolsun, ähli bagşylaryñ örki sähradyr, baý aga. Türkmeniñ ähli mukamy ozaly sährada döreýändir. Ymgyr çölüñ içinde malyñ yzyna düşüp ýören adamlaram bihal adamlar däldir. Olar gamak garga gudrat görkezdirýän adamlardyr. Ummasyz sähradaky süri-süri goýunlar tüýdügiñ owazy bilen agyp-dönýändir. Sähranyñ üsti bilen toýnuk ýasap uçup barýan durnalar tüýdügiñ owazyny eşidende sähraýy çopanyñ daşynda perwaz urup başlaýandyr. Sähraýy çopan tüýdügiñ owazy bilen alysdaky ýarynyñ ýüregini sersdirýändir. Tüýdügiñ owazy bilen çopan gum depelerini ondan-oña göçürip ýören harasady dep edýändir. - Haý, berekella, bolsa-da gaty ýeser ýigit ekeni - diýşip, duranlar gülüşdiler. Hälki ýaşuly bolsa henizem gaharlanjagyny, güljegini bilmän duran Nurly baýa töwella etdi: - Baý, azar bermesene oglana. Goý, keýpden çyksyn. Toý günüdir-dä. Goý, tüýdük çalasy gelen tüýdük çalsyn, aýdym aýdasy gelen aýdym aýtsyn. Ýanynda adam galmasa, özem goýar tüýdük çalmasyny. Toý güni özüni giñ tutmagy ýüregine düwen baý şundan soñ sesini çykarman öz işi bilen boldy. - Hany, ýagşy ýigit, adamlara bir hezil ber! - diýşip, çopanyñ daşyna üýşüp duranlar ýerli-ýerden oña jelal berdiler. Emma olaryñ tüýdük diñlemek arzuwyndan kelesañrak sähraýy çopanyñ bolşuna tomaşa edesi gelşi artygrakdy. Olar çopanyñ bolşuna güýmenje hökmünde tomaşa edýärdiler. Ondan ullakan zat çykar öýdübem duranokdylar. Çopan ýigidem adamlaryñ bolşuna üns bermän, öz işi bilen boldy. Köne donunyñ synyny biline gysdyrdy-da, çök düşüp mukam çalmaga başlady. Ýapbyllajak owazyñ mymyjak tolkuny entek şeýle bir uzaga ýaýrap, her ýerde-her ýerde aýdym aýdyp oturan atly bagşylaryñ daşyndaky märekä dawa edenokdy. Entek mukam ummanynyñ düýbünden gopup başlan harasay duýlanokdy. Her niçigem bolsa, onuñ ýüzündäki mymyjak tolkunlar özüniñ ýeten ýerindäki adamlary girdabyna dolap aldy. Dolanyp sypdyrmady. Soñra mukam ummany hanasyma sygman, gaýnap, çyrpynyp başlady. Onuñ owazyna gulak salyp duran adamlar dünýädäki bar zady unutdylar. Beýleki bagşylar ýatdan çykdy. Sähraýy tüýdükçiniñ daşyndaky märeke bolsa barha artýardy. Ondan soñra bu ýerdäki märekäni görüp, beýleki bagşylaryñ ýanyndaky adamlaram ikiden-ýekeden bu ýere gelip ugradylar. Gargy gamyş daşyna üýşen märekäni ýylanyñ guş sürüjigini öz owsunyna bent edişi ýaly bent edip taşlady. Mukamyñ tolkunlary barha möwjeýärdi, aşyrym-aşyrym gomlar uzak sähralara ýaýrap, geriş-geriş gum depeleri bilen sepleşip gidýärdi. Bütin dünýä mukamdan dolup çaýkanyp ýatyrdy. Tüýnükden beter sähraýy çopanyñ bolşuna hezil edinip, şowhun turzup duran adamlardan indi ses-selem çykanokdy. Mukamyñ tolkunlary adamlaryñ ýüregine bir güýç bilen baryp urulýardy-da, olary düýrmegi bilen dolap alyp gaýdýardy. Şeýdip, ol tolkunlar atly bagşylaryñ daşyndaky märekesini hem ýuwdup başlady. Daşynyñ märekesi dagan bagşylaram gazma dutarlaryny düñderip goýdular-da, tolkunyñ zarbyna düşen agaç bölejigi ýaly bolup, sähraýy çopanyñ mukamynyñ owsunyna bükdürilip bardylar. Olar häzir ýeñmek hakynda-da, ýeñilmek hakynda-da pikir edenokdylar. Olar giñ sähranyñ üstünden öwüsýän mylaýym şemal ýaly ýakymly, asmana ümzük atýan deñiz gomlary ýaly kuwwatly mukamyñ gudratyndan ýaña humat bolşup durdular. Şobarmana gelinli öýdäki gelin-gyzlaram bu gudraty görkezýän adamyny görmek, synlamak üçin öýün gamyşyny, durlugyny aýryp taşladylar. Diñe täze gelen gelniñ öñündäki haly çuwal galdy. Tüýdükçi gelin-gyzlara hem görner ýaly, olaryñ öñüni tutup duran adamlaryñam baryny aşak oturtdylar. Tüýdükçiniñ daşyny gallap duran adamlar sap-sap bolup duran agyr goşuna meñzese, bir gapdalda ülker ýaly bolup duran gelin-gyzlar gülälekli meýdany ýada salýardy. Ömür agyr sürüleri, gülälekli giñ meýdany, ümmülmez sährany hüwdüläp gelen tüýdükçiniñ bu gözel görnüşe göwni göterilipdi. Ol indi dik duran ýerinden çalaja çaýkanyp mukam çalýardy. Tüýdük käte çalaja ýokary galýardy, käte aşak düşýärdi. Onuñ hereketine kybap mukamyñ owazy hem tolkun atyp-tolkun atyp gidýärdi. Tüýdükçi çalyp oturan mukamyny tamamlady-da, tüýdügini agzyndan aýryp, uludan demini aldy. Töweregine çalaja nazar aýlady. Märeke ýere çüýlenen ýalydy. Hälki ulumsylyk bilen gepleýän baýam ön hatarda agzyny açyp durdy. Tüýdükçi sesini çykarman, tüýdügini ýene agzyna ýetirdi. Bu gezek tüýdügiñ owazy üýtgeşik bir güýç bilen ýañlanyp başlady. Beýle mukamy uludan-kiçä heniz eşiden ýokdy. Birden diñleýjileriñ gözüniñ öñünde giñ türkmen sährazy ýaýylyp giden ýaly boldy. Al-ýaşyl öwsüp oturan gülli-gülälekli meýdanlar, peýwagtyna agyp-dönüp ýören goýun sürüleri, bökjekleşip ýören owlak-guzular, iner-maýalar, boýny bir gez bedew atlar, kebelejik ýaly ganat kakyşyp ýören taýçanaklar, süýt sagyp oturan, ýanlyk ýaýyp duran gelin-gyzlar - bu zatlaryñ bary bu mukamda janly ýaly bolup görnüp durdy. Dünýäde bir reñk, bir öwüşgin bar bolsa şu mukamda bardy. Dünýäde bir süýji duýgy bar bolsa şu mukama siñipdi. Bu mukam baharyñ tämiz şemalydy. Bu mukam çyrpynup ýatan deñizdi. Bu mukam şildiräp akyp ýatan tämiz çeşmedi. Bu mukam ýanyp duran otdy. Özbaşyna bir gözellik dünýäsidi. Ol dünýä erk edip duran bolsa sähraýy türkmen ýigididi. Bütin märekäniñ nazary şol ýigide dikilipdi. Diñe bir adam bilen onuñ arasynda galyñ diwar bardy. Gelniñ öñünde gerilgi haly çuwal sazanda ýigidi onuñ nazaryndan gizleýärdi. Sazanda ýigidi görmese-de, tüýdügiñ owazy ýañlanyp başlan pursatyndan beýläk gelniñ kalby şol owaz bilen badaşypdy. Tüýdügin zaryn owazy onuñ ýüregini päki ýaly gyýym-gyýym edýärdi. Onuñ ýüregi kükregine sygman, şol erkana owaz ýaly giñ sähralaryñ üstünde ganat gersem diýýärdi. Ol özüniñ çagalyk döwrüni, owlak-guzy ýaly erkana bökjekläp gezen günlerini ýatlaýardy. Häzir bolsa tüýdügiñ owazy oña şol döwrüñ sähra şemaly ýaly hemişelik geçip gidendigini, indi onuñ galan ömrüniñ zyndan ýaly durmuşda geçjekdigini tekrarlaýan ýalydy. Onuñ gözüniñ öñünde perde bolup duran haly çuwal azat dünýä bilen onuñ arasyna müdimlik serhet çekip duran ýalydy. Bu gün onuñ iñ bagtly güni bolmalydy. Bu dabarasy dag aşan toý onuñ toýydy. Bu gün adamlaryñ ýadynda uzak wagtlap galar. Nurly baýyñ toý eden güni diýerler. Dünýägözeliñ çykan güni diýerler. Bu gün onuñ şatlanmaly, depeso göge ýetmeli güni. Emma ol häzir şatlanmaýardy. Tüýdügiñ owazy hem onuñ göwnüni götermeýärdi. Iñ baý adamyñ gelni bolmak her kime ýetdirip duran bagt däl. Gör, näçe gelin-gyzlar onuñ bagtyna gözügidijilik bilen seredýändirler. Şeýle dabaraly toýy kim küýseýän däldir öýdýäñ? Emma Dünýägözel şatlanmaýardy. Ol näme üçin şatlansyn. Baýlyk onuñ üçin hiç zatdy. Ol ýekeje günüñ erkinligini dünýäniñ ähli baýlygyna berjek däldi. Baýlyk hakda pikir edende, baýlyk onuñ depesinden agyr ýük bolup basýardy, dünýäsini daraldýardy. Şol baýlyk dälmi onun bagtyny ýatyran? Şol baýlyk dälmi ony gyrnak kimin satyn alan? Ol özüni şol baýlygyñ eýesi däl-de, gyrnagy diýip duýýardy. Baýlyk diýen düşünje özüne dahylsyz zat ýaly, gaýta üstüne abanyp duran howp ýaly duýulýardy. Ol özünin ykbalynyñ kim bilen çatylýandygyny hem bilmeýärdi. Berilýän ýigidi hakda "kem akylrakmyş" diýen sözden başga gulagyna ilen zat ýokdy. Ony ömründe bir gezek görmändi. Birem şu getirilenden soñ ony meýdana alyp giden gyzlaryñ biri "Lala han-a "Dünýägözel gyz bilen ala palasyñ añrysynda hezil edineris" diýýämiş" diýip gülüpdi. Bu sözler onuñ ýüreginden hanjar bolup geçipdi. Görene özüni oýnatdyryp ýören Lallanyñ keşbi oña maýmynpisint bir zat bolup görnüpdi. Şonuñ üçinem häzir tüýdügiñ zaryn owazy onuñ göwnüni götermän, gam laýyna batyrypdy. Häzir onuñ toýy tutulman, tüýdük onuñ şum ykbalyna aglap duran ýalydy. Tüýdük ony müdimilik ara açan erkana sähralara çagyrýardy. Tüýdügiñ owazy onuñ köýüp galan arzuwydy. Ol näçe gijelerini tüýdügiñ täsin owazyna gulak salyp geçiripdi. Ol näçe gijeleri özüniñ sulhy alan ýigidi Seýidiñ alyslardan gelýän tüýdük owazyna diñ salyp geçiripdi. Dünýäm, haw, Dünýäm haw, Gel ýanyma, Dünýäm haw! Saçlaryñy şemal bolup daraýyn, Gözleriñe bägül bolup ýaraýyn, Dünýäm haw, Dünýäm haw! - diýip, Seýidiñ tüýdüginiñ owazy ony öz ýanyna çagyrýardy. Ol hyýalynda onuñ ýanyna uçup barýardy. Onuñ boýnundan çemen bolup oralýardy. Şonda tüýdügiñ owazynda giñ hem gözel dünýäni, tükeniksiz arzuwlary wada berýän bir zat bardy. Häzir bolsa tüýdügiñ owazy onuñ gulagyna özünden el üzüp barýan arzuwlarynyñ owazy bolup ýañlandy. Häzirem niredendir bir ýerden Seýidiñ tüýdüginiñ owazy ony çagyrýan ýaly bolup durdy. Emma ol owaz ýetip bolmajak bir alyslykdan eşidilýärdi. Ol häzir öz kalbyndan çykaryp bilmedik mukaddes arzuwyny kalbynyñ iñ bir gizlin ýerinde müdimilik jaýlaýardy. Ol Seýide daşyndan guwanyp gezipdi. Ol belki Dünýägözeliñ özüni söýendigini bilenem däldir. Nämedir bir zat onuñ öñüne böwet bolupdy. Häzirem oña tüýdük çalyp duran Seýit ýaly bolup duýuldy. Ol gelen bolaýmasyn diýip pikir etdi. Häzirem oña gerlen haly çuwal Seýit bilen arasyna sarsmaz gala salyp duran ýaly bolup göründi. Onuñ añyrsyndan Seýidi görjek bolup garady. Emma çuwalyñ ýüzündäki al-elwan nagyşlar onuñ gözleriniñ öñüni ümezleden gözýaş bilen utgaşyp, alasarmyk şekile girdi. Haly çuwal onuñ gözüne keç ykbalynyñ şekili bolup göründi. Ol tegelek göli özüniñ ýaşdan püre-pür gözlerine meñzetdi. Ondaky ýiti gyzyl reñk onuñ gözüne akyp duran ganly ýaş bolup göründi. Ol hemme zady unutdy. Indi onuñ bar pikiri haly çuwalyñ añyrsyndaky Seýit hakdady. Onuñ göwnüne ol Seýitden başga hiç kim bolmaly däldi. Tüýdükçi sonky mukama başlanda onuñ ýüregi kükregine sygmady. Ol-a haly çuwal eken, häzir tüýdükçi ýigit bilen arada daş gaýa bolsa-da, ol serpip taşlajakdy. Hakykatdanam, onuñ öñünde keserip duran ýönekeý bir haly çuwal däldi. Ol gaýadanam aýylganç diwardy. Ol türkmen zenany bilen erkinligiñ arasyna çekilen gaýady. Henize çenli ony ýykmak barada pikir edip bilen zenanam ýokdy. Ol perdäni zyñyp taşlap biljek güýjem ýokdy. Emma häzirki mukam şol güýji döretdi. Dünýägözel mukamyñ iñ joşam pursatynda çuwaly serpip, mukam çalyp duran ýigide nazaryny dikenini duýman galdy. Emma ol allanypdy. Tüýdük çalyp duran Seýit däldi. Başga bir ýigitdi. Emma ol häzir hiç zady duýanokdy. Mukam ony özüne bent edip taşlapdy. Ol çuwaly serpenini hem bilenokdy; asyrlar bäri türkmen zenanynyñ öñüne böwet bolup duran gaýany böwsenini hem duýanokdy... Tüýdükçi ýigit mukamy tamamlady-da, töweregine bir laý göz aýlady. Märeke henizem sarsman durdy. Birden oniñ nazary çuwaly serpip, özüne syn edip oturan gelne düşdi. Doñup galdy. Märekäniñem nazary şol tarapa dikildi. Gelin bolsa henizem dünýäden bihabar otyrdy. Ony bir aýalyñ içini çekip gygyran sesi özüne getirdi: - Toba, o gelin çuwaly serpip oturyberipdir, gyz! Şol pursatda çuwalyñ etegi agyr gaýa bolup aşak çökdi. Märeke birhili tolgunjak ýaly etdi. Nurly baý ýüzüni ak-tam edip, lampa çökdi. Şol wagtam bir ak sakgal ýaşuly orta çykdy. - Adamlar, rahatlanyñ. Baý, aýyp etme senem. Bu ýerde aýyplara zat ýok, adamlar - diýip, ol söze başlady. - Çuwalyñ serpilmegine gelin günäkär däl. Ony serpen jadyly mukam. Men bütin ömrümi gara gazma dutary gazap geçirdim. Henize çenli daşymdaky märekäni elimden alyp bilen adam ýokdy. Emma bu gün gudrat döredi. - Onsoñ ol çopan ýigide ýüzlendi. - Ýagşu ýigit çuwal serpen mukamy ýene bir gezek çal. Märeke demini almaga-da ýetişmänkä, mukam täzeden ýañlanyp başlady. Gyzlar bu gezek gelniñ öñündäki haly çuwaly hem aýryp taşladylar. Iki sany gyz bolsa gelniñ kürtesiniñ her haýsy bir synyny tutup otyrdy. Mukam sähralary bagyrtlap tolkun atýardy. Gelniñ bolsa gözünden şol mukamyñ düwmeleri ýaly bolup, dür monjuklary togalanyp gidýärdi. Ýok, ol çuwal serpip, ile ryswa bolany üçin aglamaýardy, ol mukam öz ykbalyndan närazy betbagt gyzyñ ýüregindäki gert baglap ýatan hasratyñ böwedini ýarypdy. Ol özüniñ keç ykbalyna aglaýardy. Häzir onuñ arka diräre mukamdan güýçli hossary, derdini paýlaşara mukamdan ýakyn syrdaşy ýokdy. Fewral, 1974. Nargylyç HOJAGELDIÝEW. | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||