01:37 Garaşsyz Türkmenistan we Ak işan | |
GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN WE AK IŞAN
Publisistika
Beýik akyldarlar ölmeýärler. Olar öz halkyna, hak işe hyzmat edip, halkyň ruhy bilen müdimilik badaşýarlar, ölenlerinden soňam halkyň ruhunda ýaşamagyny dowam etdirýärler. Türkmeniň Ak işany hem şeýle baky diri adamlaryň biri. Diňe elime tötänden düşen käbir zatlary okadym diýmesem, men Ak işanyň terjimehalyna belet däl. Şu babatdan, meniň ol hakda ýazmaga moral we professional hakymam ýok. Ýöne Ak işanyň hemişe adamlaryň ynanç sütüni bolup gelendigini welin, çagalygymdan bilýärin. Şunuň üçinem onuň geçmişini bilmesem hem biziň şu döwrümizdäki roly hakda ýazmaklygy publisist hökmünde öz borjum hasaplaýaryn. Watanymyz Garaşsyzlygyny alan gününden beýläk, türkmeniň ruhy günlerine tarap ugur aldy. Şolary nusga edip almazdan, türkmeniň ruhuny täzeden galkyndyrmagyň mümkin däldigini görkezdi. Şol beýik işe hyzmat etmekligiň öz borjumdygyna düşünenim üçinem, Ak işan we häzirki zaman hakda ýazmak üçin galama ýapyşdym. Oktýabr rewolýusiýasyndan soň döwlet dinden, mekdep-metjitden bölünip aýryldy. Biziň Garaşsyz, dünýewi döwletimizde-de şeýle. Ýurdumyz garaşsyzlyk alan badyna Türkmenistanyň kommunistik döwletem, yslam döwletem bolmajakdygy, dünýewi, demokratik, hukuk döwleti boljakdygy bütin dünýä jar edildi. Munuň özi, gürrüňsiz, ýeke-täk dogry syýasatdyr. Demokratik döwletiň esasy şertidir. Demokratik döwletde kanunyň çäklerinde her bir şahsyýet çäklendirilmedik derejede azatdyr. Onuň dünýäde bar bolan islendik dine ynanmaga-da, ynanmazlyga-da haky bardyr. Dine ynanýandygy ýa-da ynanmaýandygy üçin, bir dine däl-de ikinji bir dine ynanýandygy şahsyýetiň döwlet tarapyndan ýa-da haýsydyr bir ikinji şahsyýet tarapyndan kemsidilmäge, yzarlamaga artykmaç hukugy ýokdur. Bu ýerde hiç bir diniň ýörelgesine ters gelýän zat ýok. Hakykat ýüzünde yslamyň many-mazmuny döwletden aýrydyr. Yslamyň hiç bir ýerde döwlet bilen baglanyşdyrylýan ýeri ýokdur. Hemme zadyň düýp eýesi Hakdyr. Hudaýdan bidin çöp başy gymyldamaýar. Hemme zat Hudaýyň eradasy bilen bolýar. Eger Allanyň Resuly Muhammet pygamberi (s.a.w) hasap etmeseň, Hudaýyň öňünde bir şahsyýetiň başga bir şahsyýetiň günäsine-de, sogabyna-da dahyly ýok. Bu dünýäde atanyň ogla peýdasy degýär. Bütin ömrüni atasynyň boýnunda geçirýän ogullaram kän. Ýöne o dünýäde welin, atanyň tükeniksiz sogabyndan Hakyň öňünde ýazykly ogla hiç bir delalat ýokdur. Yslam dininiň hiç wagt syýasat bolmandygyny, ruhy ynanç bolandygyny men şeýle tutaryk bilenem subut edip biljek. Yslamyň Ak işan, Molla Töre ahun, Azady, Magtymguly ýaly sütünleri hiç wagt hem döwlet gullugynda bolmandyrlar. Men şu wagt hem Ak işanyň ýa-da Magtymgulynyň ýustisiýa ministri ýa-da Ýokary suduň başlygy bolup işlemäge razylyk berjekdigine ynanmaýaryn. Beýik Ymam Agzamy agzap göräýeliň. Bagdadyň halyfy ony kazy etjek bolup, zyndana salanda-da, hatda onuň özüni awy berip öldürjekdigine gözi ýetip durka-da, kazy bolup işlemäge razylyk bermeýär. Sowet häkimiýeti ýyllarynda hem din döwletden bölünip aýrylan bolsa-da, kagyz ýüzünde hemme zat gülala-güllükdi. SSSR-iň graždanlarynyň dini ygtykadynyň azatlygy SSSR Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilipdi. Diniň döwlet bilen, beýleki syýasy partiýalar bilen işi bolmaly däldi, döwletiňem, haýsydyr bir syýasy partiýanyň hem din bilen işi bolmaly däldi. Iş ýüzünde bolsa hemme zat düýbünden tersinedi. Totalitar sistema heniz taryhda görlüp-eşdilmedik synpsyz jemgyýet gurmak ýoluna düşüpdi. Adamyň ynanjyndan başlap, hemme zada synpy many berilýärdi. Proletar diktaturasy özünden öňki hemme zady inkär edýärdi, ýykyp-ýumurýärdy. Köne zatlaryň hemmesini ýykyp ýok etmeli, täze, has oňadyny gurarys diýýärdiler. Köne ýumrulyp, boşluk emele getirilýärdi, täze gurulýan has owadan zat welin ýokdy. Negözel metjitler, ybadathanalar ýumrulýardy. “Täze bagtly geljegiň” hatyrasyna adamzadyň asyrlar boýy bina edip gelen mukaddes ymaratlary, iň esasysy hem adamlaryň ynanjy zalymlyk bilen weýran edilýärdi. Bu zatlaryň düýp manysy adamy ynançdan mahrum etmekdi. Adamlary ata-baba ganyna siňen mukaddes ynançdan mahrum etmezden, sosializmiň lager düzgünini berkarar etmek mümkin däldi. Edeniňe kaýyl bolup, oturar ýaly, adamlary Çingiz Aýtmatowyň romanyndaky ýaly, uçdantutma mankurtlaşdyrtmak gerekdi. Altmyşynjy ýyllarda gazetleriň we žurnallaryň birenteginiň redaksiýasy marksizm-leninizm institutynyň Türkmenistan filialynyň howlusynda ýerleşýärdi. Filialyň işgärleri bilen duşuşardyk, gürleşerdik, günorta arakesme wagtynda bolsa woleýbol oýnalardy. Sapa Baýryýew diýen ökde terjimeçi bardy. Akylly, degişmen adamdy. Ol özüniň pöwheräk ýoldaşyna degip gülerdi. - Adamy ýokary işe çekjek bolanlarynda, ilki onuň kellesine pitikläp görýärler – diýerdi. – Eger kellesine pitiklenýän adamyň kellesi “pyt-pyt” edip dursa, “ýok ediň muny, munuň kellesi öňem doly ahyry. Muňa täze zat salyp bolmaz” diýip, ýaňky adamy zyňyp goýberýärler. Eger onuň kellesi Pylany Pylanyýewiçiňki ýaly “pöň-pöň” edip duran bolsa, gyzyl tapana dönýärdiler. “Ine, munuň kellesi boş eken. Ýer bolýar. Näme dykasyň gelse dykybermeli” diýip, ony derrew uly kürsä mündürýärler. Bu hakykatdanam, totalitar sistemanyň ýörelgesidi. Oňa “pöň-pöň” edip duran boş kelle, Uzboýyň hanasy ýaly gurap ýatan boş kalp gerekdi. Adamlaryň ruhy ynanjyny, ahlak daýanjyny, elinden alyp, kalbyny, aň-düşünjesini boş goýmalydy. Onsoň şol boşap galan kalba hapyr-hupu zibil diýmän, zalymlyk, zorluk diýmän, islän zadyňy gapgarybermelidi. Adamlardan aňsatlyk bilen mankurt ýasabermelidi. Adam üçin hiç bir mukaddes zat bolmaly däldi. Mankurta öwrülen adam özüni dünýä inderen, ak süýt berip ulaldan eneňi öldür diýseňem gaýgyrmaly däldi. Totalitar sistemanyň asyl maksady şeýledi. Adamlary uçdantutma öwürmekdi, adamlaryň dini ynanjyny ýüreginden goparyp almakdy, aňyndan öçürip taşlamakdy. Türknen bu zorlukdan has-da köp ejir çekdi. Biz beýleki respublikalara, aýratynam Russiýanyň uly şäherlerine gidenimizde, işleýän metjitleri, ybadathanalary görýärdik. Işleýän musulman metjidi hatda Leningradda hem bardy. Ýöne olar, hamala SSSR-de dini ygtykadyň azatlygyny görkezmek maksady bilen göz üçin saklanýar, olarda işleýän adamlaryň köpüsi kommunistik partiýanyň çleni, Döwlet howpsuzlyk komitetiniň (KGB) işgärimiş diýip gürrüň ederdiler. Biri maňa tötänden diýen ýaly Leningraddaky musulman metjidiniň baş ymamy bilen tanyş bolandygyny gürrüň berdi. Ol ymam tatar adamy eken. Eniň tanşym hem onuň gyzy bilen Leningradyň eteginde kurortda bile bolupdyr. Ol gyz hem tanşymyň musulmandygyny görüp, öz kakasy bilen tanyşdyrypdyr. Bir gün şol ymam tanşymy metjide äkidipdir. Şol ýerde hem özüniň şu günden başlap ymamlykdan aýrylýandygyny aýdypdyr. - Meniň ýerime hana, şol ýaş ýigit bolýar – diýip, birini görkezipdir. - Näme üçin? – diýen soraga bolsa ol: - Men partiýa çleni däl – diýip jogap beripdir. Halypam, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkowdan eşiden bir gürrüňim has-da täsirlidi. Ol altmyşynjy ýyllaryň ortalarynda Hywa aýlanyp görüpdir. Ekskursowodlary dini medresäni tamamlan bir ýaş ýigitmiş. Beki Seýtäkow oňa ýalandan-çyndan degip goýmandyr. - Aý, inim, ýaş janyň bilen, bir döwüm çörek iýmäge başga kär tapmadyňmy? – diýipdir. Şoňa meňzeşlerini aýdyp, ýaňky ýaş ekskursowoda gün bermändir. Ahyry başy selleli ýaş ekskursowod Beki Seýtäkowy bir gyra çekipdir-de: - Äl, ýaşuly, halys ýürege-de düşdüň. Şol sendäki bilet mende-de bar-a – diýip, jübüsinden partiýa biletini çykaryp görkezipdir. - Şondan soň lal bolaýandyryn. Özümiň onuň elindedigime düşündim. Bbirden bir diýmesiz zady diýäýen bolsamam ýagşydyr diýip, galdym bir alada – diýip, Beki Seýtäkow hezil edinip gülerdi... Ine, Konstitusiýasynda “dini ynanç erkindir” diýlip ýazylan SSSR-de ýagdaý şeýledi. Türkmenistanda-da işleýärmiş diýip, iki-üç sany metjidiň adyny tutardylar. Ýöne başga ýerlerde göz üçin açyk saklanýan metjitlere, ybadathanalara adamlar arkaýyn baryp bilseler, Türkmenistanda uly öwlüýäleriň başyny adam barmasyn diýip, milisiýaly saklamakdanam gaýdanokdylar. Adamlar öz ata-enesiniň mazarynyň başyna baryp, arkaýyn aýat okabam bilenokdylar. Totalitar sistema döwründe din diňe döwletden aýrylmak bilen çäklenmän, eýsem adamlaryň dini ynanjy zalymlyk bilen yzarlanýardy. Bu döwletiň dinden zyýan görüp edýän işi däldi. Öwlüýäleriň başynda hiç kim sowet häkimiýetine, kommunistik partiýa dil ýetirenokdy, oklaryň garşysyna propoganda geçirenokdy. Bu başyna selle, aýagyna mesi geýip, işan-mollasumaklara garşy alnyp barylýan göreş hem däldi. Adamlaryň Hudaýa, pygamberlere, päklige, adalata bolan ynanjyny zor bilen elinden almak üçin ýöredilýän syýasatdy. Sowet häkimiýeti özüniň ýaşan döwrüniň tutuş dowamynda türkmeniň ynanç sütünleriniň biri bolan Ak işanyň garşysyna barlyşyksyz göreş alyp bardy. Adamlaryň onuň mukaddes ýadygärligini hormatlamagyny, gudrat diýip ykrar edip, onuň mazaryna ýykylmagyny goýdurjak bolup, her hili ýollara ýüz urup çykdy. Ak işanyň mazarynyň başynda onuň ogly Ýazly işan tarapyndan salnan işigi eýwanlyja tam bardy. Zyýaratçylar şol jaýy penalanardylar, şonda dem-dynç alardylar. Sowet häkimiýeti şol tamy ýykdyrjak bolup, peşe ýaly bahana tapsa, pil ýaly çişirip, şol tamy göz edip ýykdyrmakçy boldy. Ýöne şol tam hemişe abat galdy. Ony ýykmak üçin päk ýürekli adamlaryň hiç biriniň eli uzamady. Beýle etmäge hiç kimi mejbur edip bilmediler. Tamy ýykmagy buýruk berýän kişileriň özleriniň hem oňa el batyrmaga gaýratlary çatmady. Ýeri gelende, şol tamy her ýyl suwamaga Arçman, Mürçe obalarynyň ilatynyň, esasan-da Bamy obasynyň adamlarynyň köp kömek edendigini aýtmalydyrys. Ömürboýy Ak işanyň töwereginde mal bakyp, Ak işanyň mazaryna hyzmat edip geçiren Orazmyrat Sähetmyradow – Omat aga şeýle bir wakany gürrüň berýär. 1941-nji ýylda totalitar sistema üçin Ak işanyň mazarynyň başyndaky tamy ýykdyrmak üçin uly bir bahana tapylýar. Şol ýyl Ak işanyň başynda öü derdine delalat isläp gelen bäş sany akylyna şikes ýeten näsag eken. Şol erkek adamlaryň biriniň ogly hem kakasyna göz-gulak bolmak üçin, onuň ýanynda bolýar eken. Şeýlelikde, Ak işanyň mazarynyň başyndaky tamda alty adam bar eken. Bir gün kakasyna göz-gulak bolup ýören ýigit tamyň kölegesinde uklap ýatyrka, adyny halk arasynda aýdylyşy ýaly tutaýalyň, ikinji däli pyçagy ukuda ýatan ýigidiň sepirjiginiň eteginden urupdyr. Däli-de bolsa ata-da, ol görgüli hem ogluny penalajak bolup topulypdyr. Däli onuňam boýnunyň ýüzündenmi-egnindenmi iki ýerinden dagy ýaralapdyr. Yzyndanam hiç zat bolmadyk ýaly göni Arçmana gaýdyberipdir. Omat aga-da ol wagtlar on iki-on üç ýaşlaryndaky oglanjyk eken. Ylgapdyr-da, bolan wakany Sähetmyrat aga habar beripdir. Bolan iş gaty mojuk bolansoň, Sähetmyrat aga-da ilki bilen jenaýatçy däliniň yzyndan ylgaýar. Ýetip bilmeýär. Ýöne oba baryp, bolan wakany habar berip gaýdýar. Soňra ýaralananlaryň ýanyna gelýar. Gursagyndan pyçaklanan ýaradan köpürjikläp, gan görnüp durmuş. Onuň däli kakasy bolsa, tama söýenip, ganyny sarkdyryp, sus otyr diýýär. Sähetmyrat aga ýigidi ýüzin ýatyrypdyr. Onuň içine dolan gan syrygyp akyp başlapdyr. Onsoň doktor gelip, ýaraly ata-oguly keselhana alyp gidipdir. Bu waka ýerli häkimiýetleri basga düşüripdir. Ak işanyň mukaddes guburynyň başy erbet işleriň bolýan ýeri atlandyrylypdyr. Obada uly ýygnak geçirilip, Ak işanyň başyndaky tamy ýykmaly diýlip buýruk berlipdir. Şol wagtlar oba sowetiniň başlygy aýal adam eken. Ýöne ol erkek kişidenem mert durupdyr. Ýokardan gelen wekile ýülenip: - Biziň bar edip biljek zadymyz – gapysyna kerpiç örüp, şol tama adam girmez ýaly etmek. Ony ýykmaga bolsa şu obada eli uzajak adam ýok. Şol tamy ýykmasaňyz ynjalmajak bolsaňyz, baryň, özüňiz ýykyberiň – diýipdir. Ol tamy ýykmaga bu barada adamlaryň özleriniňem eli uzamandyr. Iň haýran galaýmaly, hut Ak işanyň gudraty diýip, ykrar edäýmeli ýeri hem ýaralanan ataly-gluň ikisi-de sag-aman galypdyr. Edil gursagyndan girren pyçak ýaş ýigidiň ne ýüregine, ne bagyr-öýkenine, ne beýleki iç goşuna zeper ýetiripdir. Hiç kim hiç wagt şeýle hasap bilen adamyň gursagyndan pyçak urup bilmez. Muny hakykatdanam, diňe Ak işanyň gudraty diýip düşünmeli. Muny adamlaryň Ak işana bolan yhlasynyň, ýanbermz ynanjynyň gudraty diýip düşünmeli. Halkynyň beýik ogly Ak işan ýaly mukaddes adamyň mazarynyň başynda hiç hili gabahat iş bolmaly däl ahyry! Omat aga aslynda Ak işanyň jaýlanan ýerini gudratly, mukaddes atlandyrýar. Bu barada gyzykly wakany gürrüň berýär. Bir gezek Ak işan özüniň mährem sopusy Muham sopy bilen şu ýerden geçip barýarka, düşläp namaz okapdyrlar. Azan aýdylanda, Ak işan üç gezek dagy: “Gatyrak! Gatyrak! Gatyrak” diýip, sopusyna duýduraýypdyr. Namazdan soň Muham sopy: - Pirimiz, bu hemişe edýän zadyňyz däldi-le? – diýip sorapdyr. Onda Ak işan: - Öňem şu ýerde ulamalar gaty köp eken. Kiçisi biz ýaly eken – diýip jogap beripdir. – Menem dünýäden gaýdanymda, ine şu ulamalaryň ýatan ýeriniň günbatar çetinde jaýlaň – diýip, lüň galdyrdypdyr. Şonda Muham sopy gözüne ýaş aýlanmyş. Onuň hapa bolanyny gören Ak işan: - Muham sopy, hapa bolma, seniňem ýeriň meniň aýak ujumda bolar. Senem şu ýerden lüň galdyraý – diýipdir. Ak işan häzirki ýatan ýerinden 9 kilometr gaýrada, gum içinde aradan çykypdyr. Ak işanyň gowlugy Balşat işan şol ýerde piramida şekilli demir bilen bellik edendiklerini aýdýar. Hawa, Ak işanyň aradan çykan ýeri Arçman ýeri eken. Onsoň börmeli syçmazlar “işan biziňki, biz ony öz ýerimizde jaýlajak” diýip, Börme ýerinde jaýlajak bolupdyrlar. Muham sopy “Pirim özüniň jaýlanmaly ýerini özi belledipdi” diýse-de, oňa gulak gabardan adam bolmandyr. Onda Muham sopy: - Pirimiň jesedi ýüklenjek düýäni itmäň. Nirä gitmelidigini düýäniň özi biler – diýenmiş. Düýe-de edil Muham sopynyň aýdyşy ýaly, Ak işanyň “şu ýerde jaýlaň” diýip, lüň galdyrdan ýerine gelip çökenmiş. Ony şol ýerde hem jaýlapdyrlar. Muham sopy hem soňra onuň aýak ujunda jaýlanypdyr. Omat aganyň aýtmagyna görä, bu ýerde Ak işan jaýlanmazyndan öň, käte ot gören adamlar bolanmyş. Emma Ak işan jaýlanandan soň bu ýerde ot gördüm diýen adam bolmanmyş. Omat aga hem özüniň ömür şu töwerekde mal bakyp gezendigini, emma hiç wagt hem ot görmändigini tassyklaýar. Bu zatlar Ak işana adamlaryň sygynandygyna, onuň gudratynyň güýjüne ynanýandygyna, köp adamlaryň oňa ýykylyp peýda tapandygyna şaýatlyk edýär. Omat aga aýratynam akylyna şikest ýetip gelen adamlaryň Ak işandan köp peýda tapýandyklaryny gürrüň erýär. - Öz ömrümde Ak işandan peýda tapan şeýle adamlaryň sanyny men iki ýüz ýa-da dört ýüz diýip sanap biljek dal. Belki, has köpräkdir. Men bu ýere gelende özüni bilmeýän adamlaryňam soňra şu adam hiç wagtam akylyndan üýtgän däldir diýerlik derejede gutulyp gidenlerini gördüm – diýip, Omat aga gürrüň berýär. Adamlar Ak işana ýürk bilen ynanýardylar, oňa ýykylýardylar, peýda tapýardylar. Sowet häkimiýeti bolsa adamlaryň ynanjyny goldamagyň, höweslendirmegiň deregine, Ak işana barmagy gadagan edýärdi. Onuň daşyny milisiýaly goraýardylar, baran adamlary kowýardylar. Ateistik propoganda: - Hudaý ýok, Hudaý adamy döretmedi, adam Hudaýy döretdi – diýip gygyrýardy. Bar, şeýle ekenem-dä. Bu ýerde näme gabahatlyk, näme erbetlik barmyş?! Eger adamzat öz kalbynda, öz aňynda dünýäniň päkligini, adalaty gorap bilýän ýalňyz Hudaýy, oňa bolan ýalňyz hem ýanbermez ynanjy döredip bilen bolsa, adamzady bir ynanja getirip bilen bolsa, ol hem adamlaryň diňe bu dünýädäki päklige bolan ynamyny däl, eýsem o dünýä bolan ynanjyny hem pugtalandyryp bilýän bolsa, mundan başga näme gerek? Adamyñ elini, aýagyny, dilini we beýleki islendik organlaryny kesip aýyrmak bolar. Emma onuň ynanjyny welin kesip aýryp bolmaz. Adamyny ynanjyndan dändermek üçin ýekeje zat – oňa öňküsinden berk ynanç bermelidir. Zorluk däl-de, ynandyrmak gerekdir. Biz sowet döwrüniň, diniň zor bilen basylyp ýatyrylýan döwrüniň çagalarydyk. Beýnimizem Sapa Baýryýewiň aýdyşy ýaly, pöň-pöň edip boş gugaryp durdy. Oňa näm dyksaň dykybermelidi. Hudaý ýok, din real dünýäni dogry düşündirip bilmeýär diýip, biziň beýnimize guýýardylar. Ýöne ylma-bilme bizden has pugtarak berlen, has köp wagtyny sarp eden, bizden ýüz, müň esse köp bilýän Magtymguly, Ak işan, Molla Töre ahun, ýaly gigantlary ham-hyýala uýan, bimany ylym okan adamlar hasap etmek üçin Ak işana ýykylaňda-da peýda tapmajak däli-tentek bolmalydygy barada welin pikir edýänem ýok. Biz Magtymgulynyň, Ak işanyň, Molla Töre ahunyň ýalan zada ynanandygyny bilmek üçin, iň bärkisi, şolaryň bilen zadyny bir bilmeli ahyry. Bilmeýän zadyň barada sen nädip pikir ýöredip bilersiň?!.. Hudaý ýok diýip gygyrmakdan aňsat zat ýok. Ýöne Hudaý ýok diýip gygyrmak üçin, Hudaý bar diýýän we Oňa ynanýan adamlaryň juda beýikliginden bir utanmaly ahyry... Türkmeniň aňynda Ak işan ylmyň aňyrsyna ýeten, gudrat görkezip bilýän adam. Ak işan hakda oglanjykkam eşiden iki sany rowaýatym henizem ýadymda. Olaryň birinde-hä Ak işanyň özi bir bilimdar adam ýaryşyşy hakda aýdylýardy. Onuň garşydaşy öz gudratyny görkezmek üçin, gyşyň güniýaňy sapagyndan tänen sary zamçany getirenmiş. Ak işan bolsa oňa jogap edip, ýere galtaşman howada duran namazlygyň üstünde namaza duranmyş. Ikinji rowaýat Gijen gyrkyň Ak işany synap görjek bolşy hakdady. Gijen girk tanaýarmyka, tanamaýarmyka diýip, köşek bolan bolup, Ak işanyň ýolunda çöküp otyrmyş. Ak işanam ony görüp: - Her näçe tüýsüňi üýtgetseňem, gözüň-ä Gijeniň gözi – diýenmiş. Ak işan hakynda gürrüň edilende ýene-de bir pursady nazardan düşürmek bolmaz. Ak işan türkmeniň milli guwanjydyr. Türkmen özüniň şeýle ylymly-bilimli, din ýolunda belende göterilen, gudratly oglunyň bolandygyna buýsanýar. Ony öz ýüreginden şineläp çykan belent daragt hasaplaýar. Men şu manyda hem Ak işany Hakyň ony bilen we ysnyşdyran şahsyýet atlandyrsam, hata goýbererin ýa-da öte geçerin öýdemok. Milli duýgy, milli guwanç adamzada her babatda hem mahsusmyka diýýärin. Türkmen öz ýüreginden dömüp çykan mukaddes ynanjy bolan Ak işandan totalitar sistemanyň iň elhenç ýyllarynda hem el çekmedi. Türkmeniň Ak işana barýan ýoly kesilmedi. Halkyň onuň mazarynyň başyndaky tamy ýykmaga eli barmady. Ak işan hemişe halkyň aňynda mukaddesligiň, haýyr-sogabyň, päkligiň, arassalygyň, Haka wepalylygyň şamçyragy hökmünde şugla saçyp geldi. Ak işan totalitar sistema bilen başa-baş söweşde üstün çykdy. Garaşsyzlyk ýoluna düşen watanymyza, halkymyza täze güýç bilen hyzmat etmäge başlady. Totalitar sistema sähel gowşap ugrandan, halk hem öz ynanç sütüni, sähel gynanan-gyssanan ýerinde hemaýat islän, ýürek bilen sygynan Ak işanyna ýüz öwürdi. Ak işana zyýarata barýan adamlaryň sany juda köpeldi. Oňa barylýan ýoly abadanlaşdyrmak, Ak işanyň başyny tertibe salmak, zerur gurluşyklary amala aşyrmak zerurlygy ýüze çykdy. Sähel wagtyň içinde Ak işana tarap asfalt ýol, elektrik yşygy çekildi. Ýazly işanyň öňki eýwanlyja tamynyň ýerinde Hywadan kerpiç, özbek ussalary getirilip, Türkmenistanda birinji metjit guruldy. Onuň gapdalyndan azan aýdar ýaly, belent minara salyndy. Akyly şikest tapan adamlar hem olara olara göz-gulak bolmaga gelen hossarlary bolar ýaly üç otagly jaý guruldy. Zyýarata barýan adamlaryň ýaşamagy, dem-dynç almagy üçin, on alty otagly, bug bilen ýyladylýan jaý guruldy. Maýyl howada, aýratynam dynç günleri bu ýere gelýänler juda köp bolýar. Şolaryň çaý-nahar edineri, oturary ýaly ullakan bassyrma guruldy. Nahar bişitilýän ýerde hem bassyrma guruldy. Mal saklar ýaly, ýörite jaý hem salyndy. Ak işanyň, Muham sopynyň we olaryň ýanyndaky beýleki adamlaryň mazarynyň zyýaratçylar tarapyndan basalanyp ýörülmezligi üçin, olaryň mazarynyň daşyna haýat aýlandy. Ak işanyň öwlüýäsiniň daşynatutuş beton haýat salyndy. Ýer asty suwunyň ýokary galýandygy üçin, öwlüýäniň daşyna zeýkeş gazyldy. Bu ýerde arassaçylyga uly üns berilýär. Adam köp gelip, günde telim janly öldrüilip, telim gazan atarylyp durlansoň, bu mesele ýörite üns berilmegini talap edýär. Bu ýerde iýlip-içilýän we oturlyp-turulýan ýeriňi syryp-süpürmegi, zibil galdyrman arassalamagy ýazylmadyk kanun hasap edilýär. Ak işana zyýarat gelýän, ondan delalat isläp, birnäçe gün bu ýerde bolýan adamlar oňa hyzmat etmegi, daş-töwereginiň tämizligini üpjün etmegi özleriniň mukaddes borjy hasap edýärler. Yhlas bilen işleýärler. Şonuň üçinem Ak işanyň başy bu ýere ýüzläp, müňläp adam gelip-gidip durana meňzänok. Edil ýalanan ýaly, ap-arassa. Arassaçylygy üpjün etmek barada görlen bu çärä synyň oturýar. Öň aýdyşymyz ýaly, bu ýere gelýän adam köp bolansoň, her gün sadaka üçin birnäçe janly öldürilýär. Tomsuň güni arassaçylygy saklamak juda kyn. Siňekden ýaňa gymyldar ýaly bolanok. Şonuň üçindem mal soýulýan ýeri bu ýerden ýüzlerçe metr uzaga, gum içindäki gollaryň birine geçirdiler. Ol ýerden guýy gazyp, mal soýar ýaly ýer taýýarladylar. Sadaka üçin soýulýan ähli mallar şol ýerde soýlup, taýýar edilip getirilýär. Ak işanyň mazarynyň başynda bina edilen ähli gurluşyklar, öňki sowet döwründäki dilimiz bilen aýtsak, ählihalk gurluşyklarydyr. Bu ýere zyýarata gelýän adamlaryň haýyr-sogap üçin, ol gurluşyklara azda-kände goşant goşmadygy ýokdur. Haýyr-sogap üçin ep-esli goşant goşýan adamlaram köp. Gurluşyklara goşant goşan hususy ýa-da kollektiwleýin kärhanalaram az däl. Olaryň arasynda Tejenden, Gökdepeden, Bäherdenden, Gyzylarbatdan gelip işlänlerem bar. Makalamyzda Ak işanyň gurluşyklaryna goşant goşan kärhanalaryň, aýry-aýry adamlaryň adyny agzamakçydygymyzy aýdanymyzda, Ak işanyň gowlugy Balşat Berdimyradow olaryň hemmesini sanamak mümkin däldigini aýtdy. Ähli adamlaryň we kärhanalaryň atlaryny ýeke-ýeke tutup geçmäge mümkinçiligimiziň ýokdugy üçin, adamlardan we kärhanalardan ötünç soraýarys. Olaryň haýyr-sogabynyň hasaby Ak işanyň we Allatagalanyň huzurynda bardyr. Sadakalary kabul bolsun, Allahym! Ak işanda amala aşyrylan ululy-kiçili gurluşyklaryň hemmesiniň başynda onuň gowlugy Balşat işan Berdimyradow durdy we beýemçilik etdi. Ak işanyň öz adyna ýörite sçýoty bar. Mundan başga-da Balşat işanyň özüniňem kiçi kärhanasy bar. Ol kärhananyň ähli tehniki serişdeleri Ak işana hyzmat edýär. Türkmeniň ruhy, ynanç sütünleriniň biri Ak işanyň hatyrasyna edilýän ähli işlere onuň hut özüniň gowlugy Balşat işanyň beýemçilik edýändigi il bolup guwanmaly zatdyr. Diýmek, Ak işanyň il-gün üçin bitiren haýyr-sogap işini il-gün üçin onuň nesli, gowlugy dowam etditrýär. Ak işanyň nesillerine Allatagalanyň özi rowaç bersin, ösdürsin, örňetsin! Gara günler geçdi. Watanymyz garaşsyzlyk aldy. Ak işanyň mazarynyň başyna adam goýbermejek bolup, garawul goýlup ýörlen wagtdan oba göçdi. Ak işanyň ruhy öz halky bilen müdimilik birleşdi. Şu gün, biziň döwrümizde Ak işanyň halk üçin, watan üçin gymmaty, zerurlygy hemme wagtdakysyndan belentdir. Ak işan totalitar sistema döwründe elimizden gaňrylyp alnan diňe bir dine ynanç sütünimiz däldir, ruhy-ah;ak sütünimizdir, ylym sütünimizdir, adamkärçilik-etiki sütünimizdir, filosofiki sütünimizdir, watançylyk sütünimizdir. Ak işan biziň hut şu günki zamanymyzdyr, her babatdan biziň diri göreldämizdir. Ak işan biz üçin şeýle açyk, şeýle äşgär dünýedir, şonuň bilen bir wagtda hem akyl ýetmez syrly dünýedir. Ak işanda öwrenere biziň göwnümiziň küýsän ähli zady bardyr. Olar biziň bilýän, duýýan zatlarymyzdanam has kändir. Şonuň üçinem biz Ak işandan nämeleri öwrenmegiň gerekdigi barada has düýpli oýlanmalydyrys. Has düşnükli edip aýtsak, Ak işandan öwrenip boljak zatlaryň özi uly bir ylymdyr. Ak işan ozaly bilen, öňem telim gezek nygtaýşymyz ýaly, halkyň ynanç sütünidir. Halk onuň ulamalyga ýetişen gudratly adamdygyna şübhesiz ynanýar. Iň mukaddes arzuwlarynyň hasyl bolmagyny diläp, oňa ýykylýar. Akyly şikes tapan ýüzlerçe adamlaryň Ak işandan peýda tapandygyny Omat aga we ýene-de onlarça sylanýan kişiler tassyklap otyr. Ak işanda gudratyň bardygyny inkär etmek mümkin däl. Sepirjiginiň eteginden pyçak urlan ýigidiň ýüregine-bagryna şikest ýetmän, aman galandygyny gudratdan başga näme bilen düşündirip biljek? Bu Ak işanyň mazarynyň başynyň gabahat işiň bolmaýan, mukaddes ýerdigini subut etmeýärmi näme? Ak işanyň jaýlanan ýerinde öňler ot görnüp, ol jaýlanandan soň beýle ýagdaýyň ýitip gitmegine nähili düşünmeli? Bu Ak işanyň mazarynyň arwah-jyndan we beýleki gabahat zatlardan arassa mukaddes ýerdigini aňlatmaýarmy näme? Ylym adamzadyň ömründe ynanjyň, umuman, adamyň psihologiýasynyň uly rol oýnaýandygyny inkär etmeýär. Diýmek, totalitar sistemanyň türkmeniň ynanjyny elinden aljak bolup, onuň Ak işan bilen ruhy gatnaşygyny gadagan etjek bolup, juda gabahatlyk edendigi öz-özünden aýdyň bolýar. Ak işanda gudratyň bardygyny biz nämä esaslanyp subut edip bileris. Tersokan Gijen gyrkyň köşege öwrülip, Ak işanyň öňünden çykandygyna men-ä şeksiz ynanýaryn. Sirkde gözbagçylaryň, jadygöýleriň, gipnozçylaryň adamyny iki kesip duranyny, sansyz kepderi uçuryp duranyny, arenany ygşyldap duran gök maýsalyga öwrüşini biz görüp ýörüs ahyry. Biz bu zatlaryň baryny gipnoz diýen söz bilen aňsatja düşündirdim edýäris. Bar, şol gipnozyň güýji eken diýeliň. Ylym gipnozyň güýjüni ykrar etse-de, ony bize şerribasy bilen düşündirip, özümizem şeýle etmegi öwrenerimiz ýaly şerribasy bilen düşündirip ahyry. Näme-de bolsa, Gijen gyrkyň göz baglap bilendigini inkär etmäge esas ýok. Eger Gijen gyrk ters okap, gözbagçylyk edip, bozlapoturan köşege öwrülip bilýän bolsa, Ak işanyň düzüw okap, ylmynyň gçýji bilen ony tanap bilmegi mümkin dälmişmi? Eger biri gipnoz bilen, gözbagçylyk bilen gyşyň güni sary zamça görkezip bilýän bolsa, biz näme üçin Ak işanyň namazlygynyň howada durup bilendine ynanmaly däl?!.. Biz Ak işanda gudrat bardygyna şübhelenmeli däldiris. Eger-ylym-bilim bilen, Hudaýa päk ýürekli hyzmat etmek bilen, halallyk, arassalyk bilen şeýle derejä ýetmek mümkin bolýan bolsa, şoňa ýetmegiň, Ak işanyň ýolunymundanam artyk dowam etdirmegiň aladasyny etmelidiris. Ak işan ikinji gezek dünýä inmez. Ýöne halkyň bagtyna ondan pesräk ýa-da beýgiräk adamlaryň dünýä inäýmegi, Allanyň eradasy bilen, gaty bolaýyp biljek zatdyr. Bu zatlar nämäni aňladýar? Ak işanyň ýolunyň düzdügini, şonuň ýörän ýoly bilen ýöremelidigini aňladýar. Ak işan pirlige, ulamalyga ýetişen adam. Onuň beýle derejä aňsatlyk bilen ýetmändigi düşnükli. Şonuň üçinem biziň Ak işanyň göreldesine eýerjek bolýanymyz çynymyz bolsa, halal zähmet çekmegi öwrenmelidiris. Totalitar sistema marksizm-leninizmi ýeke-täk ylmy, sistemalaýyn, hemme zady dogruçyl çözýän dünýägaraýyş diýip, beýnimize guýup geldi. Şoňa laýyk gelmeýän ähli zatdan ýüz dönderdi. Emma marksizm-leninizmden öňem elýetmez belentliklere göterilen adamlar bolupdyr ahyry. Mysal üçin, biz şu wagta çenli Ak işanyň haýsy ylymlary öwrenendigini, haýsy awtorlary, haýsy kitaplary okandygyny hem bilemzok ahyry. Şu ýerden biziň Ak işany düýpli öwrenmegimiziň zerurlygy ýüze çykýar. Biz Ak işany çuňňur öwrenmelidiris, onuň kanuny hem mynasyp mirasdarlarydygymyzy subut etmelidiris. Gör, biz nähili ägirt adamlaryň neslinden, gör, biz kimlerden görelde alýarys! Türkmenistan dünýewi, demojratik, hukuk döwletidir. Onda dini çäklendirfme-de, kommunistik çäklendirme-de ýokdur. Bizde indi Ak işanyň taglymatyny, ýörelgesini öwrenmäge-de doly mümkinçilik bardyr. Ak işan biziň üçin halallyk, arassalyk mekdebidir. Şonuň ýaly halal, arassaýaşamagy öwrenmelidiris. Halal, arassa ýaşamak bolsa adamzada mahsus bolan pes gylyklardan saplanmakdyr. Öz iýjek çöregiňi halal zähmetiň bilen gazanmakdyr, ile, iliň zadyna kast etmekden, galplykdan, göriplikden, gybatdan saplanmaklykdyr. Bu zatlary bolsa biz Ak işanyň ruhundan tapyp bileris. Meniñ bu zatlary hetjikläp oturmagymyň öz sebäbi bar. Sowet häkimiýeti döwründe biziň ata-baba däplerimiz bilen aramyz üzüldi. Seýitmyrat Öwezbaýew “Gönübek” makalasynda 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwaryny türkmençiligiň gutaran güni atlandyrýar. Sowet döwründe bu sözler özüniň gös-göni, hakyky manysyna eýe bolupdy. Magtymgulynyň adyny ýarym-ýalta tutýardyk, sowet ideologiýasyna hyzmat edip biljek goşgularyny ýarym-ýalta öwrenýärdik. Dini mazmuna ýugrulan diýip, Magtymgulynyň iň filosofiki, iň ylmy mazmunly goşgularyny bolsa çygly arhiwlerde gizlin saklaýardyk. Türkmeniň Ak işan, Molla Töre ahun, Çary ahun, Haknazar ahun, Öwezmämmet ahun, Goçmyrat ahun, Nygmatylla ahun, Sapaly ahun, Buharanyň beýik müderrisiniň biri, Mekgede araplara sapak beren, Orazly ahunyň ussatlarynyň biri Jumageldi (Annageldi) ýaly titanlarynyň bolsa biz atlaryny hem bilemzok. Biz türkmeniň ýokarda ady agzalan beýik sütünleriniň mirasyny özleşdirmän, olaryň, ylym, adamkärçilik dünýäsinde ýeten derejesine ýetmän we has-da ösdürmän, hakyky milli galkynyşy gazanyp bilmeris. Häzirlikçe bolsa biziň aramyzda şolar hakda habarly Hoja Ahmet ahun ýaly birlän-ikilän adamlar bar. Atlary agzalan adamlar türkmeniň ruhy sütünleriniň diňe bir bölegi. Medrese gutaran, öz döwrüniň ylmynyň belentligine göterilen adamlar. Hoja Ahmet ahunyň aýtmagyna görä, medreselerde azyndan her haýsy birnäçe tomdan ybarat 40-45 öwrenilýän eken. Diýmek şol kitaplaryň her haýsy düýpli bir taglymatyň okuw kitaby bolmaly. Diýmek, medrese tamamlan adamlar juda bilimli adamlar bolmaly. Gudratly, weli adamlar bolmaly. Halk arasynda Molla Töre ahunyň öz janyny jesedinden çykaryp we soňra salyp bilen adam bolandygy hakdaky gürrüňler ýaşap ýör. Şeýle gudratly türkmeniň türkmenden ýakyn, türkmenden mynasyp nähili mirasdüşeri bolup biler? Şu günki türkmeniň bolsa Molla Töre ahun barada bilýän zady hindi ýoglary hakda bilýän ýüzleýje zatlaryça-da ýok. Şu zatlardan hasap tutsak, biziň Ak işana päkligiň, imanlylygyň nusgasy, gudratly şähsyýet hökmünde ýürek bilen ynanmagymyz bärden gaýdýar. Biz oňa çuňňur akyl ýetirmäge, hemme babatda oňa meňzejek bolmaga borçly. Çagalarymyzy, agtyklarymyzy, çowluklarymyzy Ak işanyň ruhunda terbiýelemäge borçly. Ine, Ak işanyň göreldesi, Ak işanyň ruhy şu gün bizden watan, halk öňündäki mukaddes borçlarymyz barada çynlakaý oýlanmagy talap edýär. Nargylyç HOJAGELDIÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. # "Nesil" gazeti, 1995 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |