20:53 Tapyşyk / hekaýa | |
TAPYŞYK *
Hekaýalar
1. - Nadýa! Nadýuşa! Beýik, tagaşyksyz, "görkünden-berki" edilip ýasalan eşegiñ üstüne çykyp, potologyñ etegini suwap duran egni gögümtil kombinezonly, orta boýly, berdaşly gyz elindäki uzyn agaç gilmala bilen onsuzam aýna ýaly tekiz suwagyñ ýüzüni ýene bir gezek ýeñiljek sypap goýberdi-de, bärsini bakdy. Eliniñ tersi bilen mañlaýynyñ burçak-burçak derini syldy. Derini sylanda, kombinezonynyñ ýeñi birneme çyzgalyp, ap-ak, çomuç ýaly dolmaç goşary ýalañaçlandy. Palçyk syçrap, çyr-çyrşak bolup duran iş geýimi-de, solup, reñkiniñ nähilidigi saýgartmaýan galyñ, üçgyrañ ýaglygy-da gyzyñ owadanlygyny gizläp bilenokdy. Onuñ ýüzi aslynda howa, güne az-kem gaýzyganam bolsa, häzir derçigip duransoñ, özüniñ tebigy näzikligi bilen lowurdaýardy. Şol näzik, hat çyzybermeli ak ýüzde nähilidir duýlar-duýulmaz sary alma öwüşgini bardy, ylla altyn suwy berlen ýalydy. Özem ol öwüşgin gözelligiñ janly öwüşginidi, onuñ ýaly öwüşgin diñe ýap-ýañyja açylan bägülde bolýar. Gyzyñ ullakan mawy gözleri asman ýaly aýdyñdy, durudy, röwşendi. Gönümel burny gyzyñ ýüzüne gadymy grek hudaý zenanlarynyñ mermer skulpturasy ýaly sussuñy basyjy badyhowalyk berýärdi. Onuñ galyñ kombinezonynyñ aşagynda tümmerip duran göwüslerinde hem sussuñy basyjy şol badyhowalyk bardy. Gyz üçgyrañ ýaglygynyñ iki ujuny depesine düýrlengi örme saçynyñ arkasynda çatypdyr. Ol ýaglygyny çümre dañansoñ, saçy mañlaýyndan görünmese-de, goşar ýaly ýogyn, ýeke örüm mele saç ýaglygyñ gyzyñ depesinde galdagyp duran üçünji burçunyñ astyndan burum-burum bolup çykyp durdy. Häzir çözülip goýberiläýse, ol saçlaryñ şamar kimin şapyrdap gaýtjakdygyna hem gyzyñ baldyrlaryny öpjekdigine şübhe ýokdy. Gyzyñ enaýy dodaklary ýylgyrmaga meýil edip durdy. Aşakda elindäki kagyzjygy bulaýlap duran çepiksije, garagözelejik gyza sesini çykarman seredip duran bu gyz durşy bilen mähirden ýasalan heýkele meñzeýärdi. - Nadýa! Nadýuşa! - diýip, çepiksije gyz aýaklarynyñ asty ýaýjykly ýaly towsaklaýardy. - Telegramma! Seni agşam telefonda gepleşmäge çagyrýarlar. Gözellik heýkeli çalaja gymyldady. Elini uzadyp, gyzyñ galgadyp duran kagyzyny almaga meýil etdi. Emma çepiksije gyz kagyzy bermedi: - Ýo-ýok! Aşak düş! - Aýnaşka! Oýun etmesene! Äberäýsene! - diýip, aşak düşmegi kyn gören Nadýa ýalbardy. - Ýok! Düşersiñem, kimiñ telefona çagyrýanynam aýdarsyñ - diýip, Aýna kesgin aýtdy. Nadýa elini galyñ tagtanyñ erñegine diredi-de, aşak böküp düşdi. Aýnanyñ elindäki telegrammany alyp, okap çykdy. Kimdir biri ony Moskwa wagty bilen on dokuz sagat otuz minutda Don boýundaky Rostow bilen gepleşmäge çagyrýardy. Kimiñ çagyrýany näbelli bolansoñ, Nadýa lapykeçlik bilen gaşlaryny çytdy. Onuñ hälki gülmäge meýil edip duran dodaklary indi aglajak bolup kemşerýäne meñzedi. Nadýanyñ ýüzündäki özgerişi gören Aýna hem bökjeklemesini goýup, çynlakaý keşbe girdi. - Kimden gelipdir? - diýip, bilesigelijilik bilen sorady. Nadýa "bilemok" diýen manyda başyny ýaýkady. Suwagçylar brigadasybyñ brigadiri Nadýa Kurilenko respublikanyñ Ýokary Sowetine deputatlyga görkezilenden soñra, oña gelýän gutlag telegrammalarynyñ, hatlarynyñ yzy üzülenokdy. Onuñ öz brigadasynyñ çlenleriniñ bir topary bilen düşen suratynyñ "Prawda" gazetinde çap edilmegi gutlaglaryń sanyny hasam artdyrypdy. Oña ýurdumyzyñ dürli künjeklerinden ýazýardylar. Olaryñ köpüsi çagalar öýünde Nadýa bilen bile terbiýe alan ýigitlerdir gyzlardy. Şeýle gutlag oña Wilnýusda ýaşaýan uýasy Weradanam gelipdi. Ýöne ony entek telefonda gepleşmäge çagyrýan adam ýokdy. Onuñ kimdigink hem Nadýa çaklap bilmedi. Sebäbi onuñ Don boýundaky Rostowda ýaşaýan tanşy ýokdy. Telegrammanyñ onuñ öý adresine däl-de, işleýän ýerine iberilmegi hem kimdir bir nätanyş adam bilen gepleşmelo boljakdygyny añladýardy. Ol Aýnanyñ sowalyna belli bir jogap berip bilmese-de, uzakly gününi howsalaly umyt bilen geçirdi. Süññi bir zat syzýan ýaly boldy durdy. "Ol näme üçin telegrammada adyny ýazmadyka? - diýip, şol bir sowaly öz ýanyndan müñ mertebe gaýtalaýardy. - Be, şolaryñ birimikä? Birden şeýle bolaýsa..." Nadýa "şolary" ýatlajak, göz öñüne getirjek bolup jan edýärdi. Emma onuñ aýyl-saýyl göz öñüne getirip bilýän zady ýokdy. Diñe düýşdäki ýaly üzlem-saplam wakalar çala sudur bolup, gözüniñ öñünde janlanýardy-da, şobada hem gubara siñip gidýärdi. Ülje bagly giñ howly. Kakasy ullakan tabagy üljeden dolduryp gelýär. Onsoñ kakasy Nadýanyñ gözüniñ öñüne egni tüpeñli halda dolanyp gelýär. Ol Nadýany gujagyna alyp, gyssanmaç haýdap barýar. Onuñ ýüzünden akýan der Nadýanyñ ýüzüne damýar. Yzy üzülmän atylýan tüpeñ sesi eşidilýär. Bu suratyñ ornuny ak garyñ üstünde moýmudyklaşyp ýören gara gargalar ýaly nemes soldatlarynyñ suraty eýeleýär. Ine-de olar Nadýanyñ uly uýasy Tanýany südürläp alyp barýarlar. Onsoñ onuñ gözüniñ öñüne ýaraly ejesini furgona ýükläp duruşlary gelýär. Wera bilen Nadýa aglap, elden-aýakdan çykyp barýarlar... Bu üzlem-saplam ýatlamalaryñ añyrsynda uly wakalaryñ ýatandygyny Nadýa bilmeýärdi. Ol her näçe jan etse-de kakasynyñam, ejesiniñem, doganlary Stepandyr Grişanyñam, uýalary Tanýadyr Daşanyñam keşbini aýyl-saýyl göz öñüne getirip bilmeýärdi. Wagt şemaly olaryñ keşbini Nadýayñ ýadyndan süpürip taşlapdy. 2. Uruşdan ozal Nadýalaryñ giñ howlusy bardy. Ol durşy bilen ülje bagyna basyrylyp otyrdy. Iwan Kurilenko bagyny gaty aýap saklaýardy. Çagasynyñ kändigine garamazdan, tä mazaly bişäýýänçä, hiç kim baga el degrip bilmezdi. Ülje kemsiz bişerdem welin, onuñ özi tabak-tabak ýygyp, çagalarynyñ öñünde goýardy. Ol günler çagalar üçin iñ hezil günler bolardy. Uruş turanda, Stepan goşun hatarynda gulluk edýärdi. Iwan Kurilenko bolsa faşistler obany eýelänlerinden soñ, kiçi ogly Grişany hem ýanyna alyp, partizançylyga gidipdi. Bir gezek faşistler oglan-uşak diýmän, obanyñ bar ilatynyñ olaryñ ştabynyñ ýerleşýän jaýynyñ ýanyna ýygnanmalydygy barada buýruk berdiler. Faşistleriñ arasynda gizlin işleýän partizanlaryñ üsti bilen bu buýrugyñ maksady ilata ýetirildi. Bu Germaniýa ugratmak üçin adam saýlamak maksady bilen edilýärdi. Muny duýan adamlar duran-duran ýerlerinden tokaýa siñip gitdiler. Obadan gaçylanda, üç ýaşlyja Nadýa uklap ýatyrdy. Ony ýadyndan çykaryp gaýdandygyny ejesi tokaýa ýygnananlaryndan soñ bilip galypdy. Partizanlar kyn güne düşdüler. Çagajygy ýeke, onda-da faşistleriñ arasynda galdyrmak mümkin däldi. Ýöne ony halas etjek bolmagam howpludy. Ony halas etmegiñ deregine özüñiñ ele düşäýmegiñ ýa-da heläk bolaýmagyñ gaty ähtimaldy. Çagany faşistleriñ arasyndan alyp çykmak üçin partizanlar hut gündiziñ günortany ölüme gidipdiler. Tokaýa siñen adamlary gözläp sümsünişip ýören faşistleriñ gözüne çöp atyp, Iwan Kurilenko öz howlusyna sag-aman giripdi. Onuñ ýoldaşlary bolsa yzyna gaýdanda faşistler duýaýsa, Iwany goldar ýaly tokaýyñ eteginde gizlenipdiper. Faşistler Iwanyñ oba girenini duýmasalaram, ol Nadýany gujagyna alyp, tokaýa ýetip barýarka duýupdylar. Onuñ yzyndan ok ýagdyryp başlapdylar. Ýöne Iwanyñ öýi obanyñ çetinde, erñeginde bolansoñ, ol tokaýa özüni atmagy başarypdy. Tokaýyñ eteginde gizlenen partizanlar hem ok atyp başlansoñlar, faşistler tokaýa girmäge het edip bilmän, nalaç aýak çekipdiler. ...Soñra aýal-oglan-uşaklar kem-kemden ýene öýlerine ýygnanyşyp başlapdylar. Faşistler hem olary ürküzmejek bolup, hiç zada üns bermeýän kişi bolan bolupdylar. Ýöne olar indi başgaça iş görýärdiler. Öñ olar Germaniýa iberiljek adamlary saýlap almak üçin oba ilatyny bir ýere ýygnamakçy bolan bolsalar, indi gerek adamlaryny üstüne baryp alyp gaýdýardylar. Nadýanyñ uly uýasy Tanýa hem gapyllykda olaryñ girisine düşüpdi. Tanýanyñ partizanlaryñ ýanyndan gelip oturyşydy. Ony obadaky ýagdaýy bilmek üçin iberipdiler. Üstüni gapyl basdyran Tanýa başga alaç tapman, penjiräniñ tutusynyñ añyrsynda gizlenipdi. Içerik giren nemesler ony görmändiler. Ýöne özüniñ daşardan görnüp duranlygyndan Tanýanyñ habary ýokdy. Onuñ bukulyp duranyny daşarda gezip ýören faşistlerñ biri görüpdi hem ony ýeñsesinden südürläp alyp gidipdiler. Tanýadan nemes polkowniginiñ özi sorag edip başlady. Partizanlaryñ nirededigini aýtsa, hiç zat degmejekdigini, ýogsa soñunyñ erbet boljakdygyny aýdyp, haýbat atdy. Emma ol Tanýadan ýagşydan-ýamandan ýekeje agyz hem söz eşidip bilmedi. Ol edil lal ýalydy. Paltasy daşa degen polkownik Tanýany çuw-ýalañaç etmegi buýurdy. Ony çuw-ýalañaç edenlerinden soñ bolsa, jaýyñ bir burçunda dyzyny ýassanyp ýatan äpet itine "bas!" diýen yşarat etdi. It hojaýynynyñ yşaratyna onuñ iki aýakly itlerindenem bejit düşündi. Ol hasyrdap ýerinden turdy-da, baryp iki öñ aýagyny Tanýanyñ egniniñ üstüne atdy. Tanýanyñ bir duýup galan zady şol boldy. It aýagyny atandan, ol özünden gidip ýykyldy. Polkownik gyzyñ bokurdagyny çeýnemäge häzir itine "aýryl!" diýen buýrugy berdi. Sebäbi häzir it tüýdüm-tüýdüm etse-de, gyz duýjak däldi. Hojaýny bilen keýp çekmäge razy bolmadyk ýesir gyzlary parçalamaga endik eden it onuñ ýüzüne nägilelik bilen garady-da, epeý-epeý basyp, ýerine geçdi, öñküsi ýaly dyzyny ýassanyp ýatdy. Tanýany bolsa süýräp, garañky otaga taşladylar. Ol aradan esli wagt geçenden soñ, özüne geldi. Ýöne Tanýanyñ saçy eýýäm çuw-ak bolupdy. Şol günüñ ertesi saçy çuw-ak bolan Tanýany Germaniýa ugratmak üçin köçä alyp çykanlarynda oba adamlary oña seretmäge tap getirip bilmän, nazarlaryny başga tarapa sowupdylar. ...Faşistler ahmal galmajak bolup, indi aýal-oglan-uşak diýmän, obanyñ ilatynyñ baryny tikenli simiñ içine ýygnapdylar. Olar şeýdip, adamlaryñ gaçyp gitmegine, partizanlar bilen aragatnaşyk saklamagyna ýol bermezlik isleýärdiler. Aýallary nemes soldatlarynyñ geýim-gejimlerini ýuwup-ýamamaga mejbur edýärdiler. Nadýanyñ ejesi hem iki kiçijik gyzy Weradyr Nadýa bilen tä biziñkiler gelip azat edäýýänçä, şol lageriñ içinde ýaşapdy. Nemesler gaçanlarynda, hemme ýeri minalap çykypdylar. Hatda çaga oýnawaçlaryna çenli minalangydy. "Ýatan oýnawaçjyg-ow" diýip, ýerden galdyrdygyñ, mina güwläp ýarylýardy. Nadýanyñ ejesiniñem başyna ýeten şol miwe boldy. Ol gapynyñ agzynda ot ýakyp, çagalaryna ýarmajyk bişirmegiñ aladasy bilendi. Emma ýa-ha onuñ ot ýakan ýeri mina gömülen ýer bolup çykypdy, ýa-da çagalaryñ çöpläp gelen odunynyñ arasy bilen mina gelen borludy, ene oduñ üstüne eglip durka, gyzgyn ýeten mina ýarylypdy. Onuñ garnynyñ ýüzi eleme-deşik bolupdy. Ony furgona ýükläp, şäherdäki keselhana alyp gidipdiler. Emma ol keselhana eltilen gününiñ ertesi aradan çykypdy. Ony äkidişleri ýaly, ýene-de furgona ýükläp getiripdiler. Enäni jaýlamaga äkitmezlerinden öñürti haýsydyr bir yrymçy adam tapylyp, Wera bilen Nadýany ejesiniñ jesedi ýüklenen furgonyñ aşagyndan geçmäge mejbur edipdi. Hem ejesiniñ ölenine gözi ýeten, hem öliniñ jesediniñ aşagyndan geçmäge gorkan çagalar aglaşyp, elden-aýakdan çykyp barýardylar. Şeýdip, Nadýa bilen Wera ikisi uly maşgalanyñ hataryndan üzülip galyberipdi. Olar ejesiniñ ölendigini bilýärdiler, ondan tamalaryny üzüpdiler. Ýöne maşgalanyñ beýleki çlenleriniñ ykbalyndan welin olar düýbünden habarsyzdylar. Olar kakasy Iwanyñ ýaraly bolup, nemesleriñ eline düşendigini hem krematoride ýakylandyygyny bilmeýärdiler. Doganlarynyñ ykbaly-da olara mälim däldi. Nadýa bilen Werany uruşda ata-enesinden mahrum bolan çagalar üçin Ýezerişede ýörite açylan çagalar öýüne ýerleşdirdiler. Ol çagalar öýi barada front komanduýuşisi I.H.Bagramýanyñ hut özi alada edýärdi. Ol wagt tapdygy, çagalaryñ arasyna gelip gidýärdi, olaryñ ýagdaýy bilen tanyş bolýardy, kömek edýärdi. Wera onunjy klasy tamamlandan soñ, Wilnýusa gidip, şol ýerde tehnikuma okuwa girdi. Nadýanyñ bolsa ýeke özi çagalar öýünde galypdy. 3. Müñ dokuz ýüz elli bäşinji ýylyñ baharynda Nadýa hem çagalar öýi bilen hoşlaşdy. Şol wagtlar Nadýa dagt dokuzynky klasda okap ýördüler. Bir gün olary ýygnap, uly ýygnak geçirdiler. Çagalar öýüniñ müdiri Anna Afanasýewna olara ýüzlenip şeýle diýdi: - Çagalar, sowet adamlarynyñ hemmesi bir agzybir maşgala. Sowet adamlary beýik Watanymyzyñ azatlygy ugrunda bir dogan ýaly bolup gan dökdüler. Biziñ mähriban belorus topragymyzy azat etmäge beýleki doganlyk halklar bilen bir hatarda türkmen esgerleri hem gatnaşdylar. Olar kyn günde biziñ biken deñ durdular. Birek-biregi goldamak biziñ däbimiz. Bu gün bolsa biziñ türkmen doganlarymyz kömege mätäç. Özüñize mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyñ paýtagty Aşgabat kyrk sekizinji ýylda güýçli ýer titremesi sebäpli weýran boldy. Bu gün onuñ ýerinde täze has gözel şäher ýetişip gelýär. Ýer titremesinden soñky alty ýylyñ içinde tanalmaz ýaly ösdi. Emma ol ýerde gurmaly ymaratlar entegem kän. Şäheri kemsiz dikeltmek hem giñeltmek üçin hünärli gurluşykçy işçiler gerek. Şäherde güýçli depgin bilen alnyp barylýan gurluşykçy işleri işci kadrlarynyñ köpelmegini talap edýär. Şonuñ üçinem sizi doganlyk Türkmenistanyñ paýtagty Aşgabada gitmäge çagyrýarys. Ol ýerde size gurluşyk mekdeplerinde, FZO-larda hünär öwrederler. Höwesjeñler gaty köp bolupdy. Nadýa hem ilkinjileriñ biri bolup ýazyldy. Onu uzak Türkmenistana gitmäge meýillendiren zat syýahat romantikasy däldi. Yssy günorta bolan höwes däldi. Ol bu çagyryşda özüniñ belent graždanlyk borjuny görüpdi. Ol ata-ene ornunda ekläp-saklan Watanyñ iýdiren duzuny haklamak üçin, doganlyk borjuny haklamak üçin Aşgabada gitmeli diýip hasap edipdi. Witebsk oblastynyñ çagalar öýlerinden ýygnanan ýaşlaryñ sekiz ýüzden gowragy ýörite otly bilen Aşgabada tarap ýörite otly bilen ýola düşüpdi. Watanymyzyñ ümmülmezligi hakdaky buýsançly duýgy biziñ her birimiziñ dogabitdi ganymyza siñen duýgy. Dünýã kartasynyñ tas ýarpysyny tutup ýatan ägirt territoriýany synlanymyzda, biziñ her birimizi Watana bolan çäksiz buýsanç duýgusy gaplap alýar. Ýöne Aşgabada gelýärkä, Nadýa biziñ Watanymyzyñ ony karta boýunça göz öñüne getirişinden has ümmülmez ekenligine göz ýetirdi. Olary Watanymyzyñ ýüregi Moskwanyñ üsti bilen alyp gaýdan otly birnäçe günläp ok ursañ geçmez tokaýlyklaryñ içi bilen ýöredi. Nadýa öz ýanyndan "heý, bu tokaýlyklaryñ gutarýan ýeri barmyka?" diýip pikir edýärdi. Soñra bolsa baharyñ ýaşyl begresini ýapynan giñ sähra başlandy. Uzak ýoly birsyhly külterläp barýan otly agşam sähra garañkylygynyñ içine siñip gidýärdi. Nadýa ertir irden ukudan oýananda-da, ol şol giñ sährany gulaçlap barýardy. Onuñ otlynyñ uzakly gije ýörändigine ynanasy gelenokdy. Ol şol bir duran ýerinde bütin gijäni durup geçiräýen ýalydy. Olar ençeme günläp ýaşyl tokaýlyklary, gyzyl gülälekli sähralary söküp, gözel Aşgabada gelip ýetdiler. Aşgabadyñ görnüşi Nadýany hem begendirdi, hem gynandyrdy. Bahar bilen bäsleşip parlap barýan şäher Nadýanyñ göwnüni göterdi. Emma entek her ädimde diýen ýaly tebigy belanyñ yzy bildirip durdy. Negözel täze jaýyñ gapdalynsa ýer titremesiniñ yzysüre howul-hara salnan wagtlaýyn tagta jaýlar gözgyny halda kibtini gysyşyp otyrdylar. Käýerde-käýerde bolsa weýran bolan jaýlar üýşmek kesek bolup ýatyrdy. Ol depelere gözi düşende Nadýanyñ endamy düýrügip gidýärdi. Olar Nadýa faşistleriñ snarýadlary tarapyndan weýran edilen jaýlary ýatladýardy. Onuñ gulagyna toplaryñ gümmürdisi, oklaryñ şuwwuldusydyr sykylygy eşidilýän ýaly bolýardy. Şäher mazaly aýaga galanam bolsa, edilmeli iş has kändi. Soñra şäheriñ iñ gözel ymaratlary bolup galjak jaýlar indi gurulmalydy. Nadýa özüne nähili belent işleriñ garaşýandygyna, özüniñ nähili mukaddes işe baş goşýandygyna göz ýetirdi. Nadýa alty aýlyk gurluşykçylar mekdebine girdi hem agşamky işçi-ýaşlar mekdebinde okuwyny dowam etdirdi. Ol Wilnýusda ýaşaýan uýasy Wera bilen hat alşyp durýardy. Emma olaryñ beýleki doganlaryny tapmak üçin eden synanyşyklary welin şowsuz gutarypdy. 4. Gurluşyk mekdebinde Nadýa suwagçylyk hünärini öwrendi. Her bir işiñ öz tilsimi, öz kynçylyklary bar. Olaryñ alty aýy basalykly zähmet bilen geçdi. Ussa Gurban aga olara suwagçylygyñ çylşyrymly tärlerini, gurallary işletmegiñ usullafyny sabyrlylyk bilen öwredýärdi. Ilki-ilkiler olara öwredilýän zat juda ýöntem, hatda gülki ýaly bolup göründi. Olaryñ hyýaky turuwdan karniz etmek, jaýlaryñ burçuny, gapylary we penjireleri göni çykarmak ýaly suwagçylygyñ kyn işlerini öwrenibermekdi. Juda bolmanda, diwarlaryñ suwalyşyny öwrenmekden başlarys öýdýärdiler. Emma ençeme günläp olara asyl palçygam görkezmediler. Olara öwredilýän zat çaga oýunjagyna meñzeýärdi. Uzyn kerpiç haýatyñ düýbüne çäge dökülip çykylypdy. Nadýa dagynyñ bar işi susguç bilen şol çägäni susup alyp, diwaryñ ýüzüne urup çykmakdan ybaratdy. Elleriniñ ugruna urup görýärdiler, elleriniñ tersine urup görýärdiler. Çäge bolsa şobada aşak dökülýärdi. Şeýdip, olar diwaryñ ýüzüne palçygy tekiz hem tiz urmagyñ tilsimini öwrenýärdiler. Öz edýän işlerine şeýle bir göwni ýetmedik ýaşlar gülüşýärdiler. Gurban aga bolsa olara düşündirýärdi: - Gülki ýalydyr welin, häzir siz suwagçynyñ işiniñ esasy tilsimini öwrenýärsiñiz. Suwagçy palçygy diwara pugta hem tekiz urmagy öwrenmeli. Diwara uranyñyzda, çägäniñ nähili dökülýändigini görýäñizmi? Palçyk hem ilki bada şondan añsat däldir. Şabrar gaýdar durar. Onsoñ size diwara palçyk urmagy öwretmek üçin näçe palçygyñ gerek boljakdygyny bir göz öñüne getirip görüñ! Ýöne bu-da hemmesi däl. Suwagçy göz çeni bilen suwagyñ tekizligini bilmelidir. Bir ýerik köp palçyk ursañ, bir ýerik az palçyk ursañ yzyndan suwagyñy tekizlejek bolup günuzyn bulaşar durarsyñ. Oñarsañ welin, onsoñ palçygyñ üstünden gilmalany bir gezek ýöredäýmek galar. Gilmala ýöretmek ýeñilem düşer. Onsoñam ýene-de gaýtalap aýdýaryn - palçygy diwara urmak kesesinden seredeniñde añsat ýalydyr welin, öwrenmeseñ, ol diwara añsat ýelmeşäýýänem däldir. Edil döşünden itilýän ýalydyr. Yzyna şabyrdar gaýdyberer. Ýa-da palçygyñ göz çeni bilen çak eden ýeriñe düşmän, başga ýere düşer. Suwdan palçygyñdan ýere döken palçygyn has köp bolar. Şeýle suwagçylary kän görendiris. - Hakyky palçyk bir bolsady-da, gury çäge bolman - diýip, ýaşlar nägile seslenýärdiler. - Diwara nähili düşýänini bir gözümiz bilen görsedik-dä käşgä. - Aýdyp otyryn-a men size - diýip, Gurban aga janygyp düşündirmäge başlaýardy. - Munça suwagça ençeme günläp ýeter ýaly diwary nireden tapaýyn, palçygy nireden tapaýyn. - Soñra bolsa ol çolgaja sakgalyny sypalap, ýaşlara göwünlik bererdi. - Gyssanmañ. Ine, palçygam bolar, diwaram bolar. Gilmala-da bereris. Karniz eder ýaly, haşamly suwaglar eder ýaly ülñülerem bereris. Dogrudanam, ýaşlaryñky barha çylşyrymlaşýardy. Suwagçylyk gurallaryndan peýdalanmagy öwrenmek, jaýyñ burçlaryny, gapylaryñ, penjireleriñ çüñkleriji dogry çykarmagy, karniz etmegi öwrenmek añsat düşmedi. Uzak wagtlap azap çekmeli boldy. Munuñ üstesine, suwagçylyk işi fiziki gujury hem talap edýärdi. Nadýa yhlas bilen öwrenýärdi. Onuñ öz saýlap alan hünärine bolan höwesi çäksizdi. Ýer titrän badyna, howul-hara salnan wagtlaýyn jaýjagazlaryñ ornunda gözel ymaratlaryñ peýda boljakdygy, şol ymaratlary bina etmäge özüniñ hem gatnaşjakdygy hakyndaky buýsançly duýgy onuñ yhlasyna yhlas, güýjüne güýç goşýardy. Ol okuwyny tamamlaryna, özbaşdak zähmet ýoluna başlamaga howlugýardy. Ol okuwyny üstünlik bilen tamamlady. Oña okuwy täze tamamlan suwagça berilýän iñ ýokary razrýady - dördünji razrýady berdiler. Ol hünär öwrendi. Gurban aga ýaly halypa tapyndy. Belorus joralaryndan başga Aýna ýaly täze jora, kärdeş tapyndy. Ýöne okuwlaryny gutaranlaryndan soñam, olar birbada uly jaýlaryñ gurluşygyny ynanaýmadylar. Olar ilki haýatlary suwamakdan başladylar. Ýöne ýaşlar derrew özleriniñ ukybyny görkezdiler. Basym olaryñ brigadasyna uly gurluşyklary hem ynanyp başladylar. Nadýanyñ işleýän suwagçylar brigadasynyñ gurmaga gatnaşan ilkinji jaýy Döwlet arhiwiniñ jaýy boldy. Gözel Aşgabadyñ meşhur Swoboda prospektiniñ ugrundaky iñ belent ýedi gat ymaratyñ gurluşygynda öz paýynyñ bardygy Nadýanyñ göwnüni hem ýedi gat asmana göterdi. Soñra şeýle ymaratlar köpelip gitdi. Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyñ jaýy, Pionerler köşgi, "Kolhozçy" myhmanhanasy, Statistiki uprawleniýäniñ jaýy, Uniwersitet, "Mir" kinoteatry, onlarça ýaşaýyş jaýlary... Aşgabat gün-günden gurulýardy, gözelleşýärdi. Bu asylly işde öz paýynyñ barlygy bolsa Nadýanyñ göwnüne ganat bekleýärdi. Ol öz işine barha türgenleşýärdi. Barha uly üstünlikler gazanýardy. Türkmen döwlet kitaphanasynyñ täze jaýynyñ gurluşygynda işläp başlanlarynda bolsa, iñ gujurly, iñ ökde suwagçy hökmünde ona suwagçylar brigadasynyñ brigadirligini ynandylar. Ol bu ynamyñ üstünlik bilen hötdesinden geldi. Onuñ brigadasy tutuş Aşgabat gurluşyk tresti boýunça hemişe birinji orny eýeleýärdi. Ine bir gün bolsa Nadýanyñ durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy. Oña Aşgabadyñ zähmetkeşlerinden hat geldi. Ol hatda paýtagtly saýlawçylar ajaýyp gurluşykçy gyzyñ özüni Türkmenistan SSR Ýokary Sowetine deputatlyga kandidat görkezmeklige razylyk bermegini haýyş edýärdiler. "Siz asylly käriñ eýesi. Gurluşykçy. Siz özüñiziñ gaýduwsyz zähmetiñiz bilen uly abraýa eýe bolduñyz. Siziñ bina eden ajaýyp ymaratlaryñyz paýtagtymyzyñ guwanjy bolup durýar. Diýmek, şol ajaýyp ymaratlary bina eden sizem biziñ guwanjymyz. Biz siziñ işçi, gurluşykçy diýen belent adyñyza guwanýarys. Siziñ asylly işiñizde mundan bu ýana-da uly üstünlikler gazanmagyñyzy, hemişe birinjiligi elde saklamagyñyzy arzuw edýäris. Paýtagtymyzyñ tanymal gurluşykçysy hökmünde biz size uly ynam bildirmegi ýüregimize düwdük hem şol ynamy abraý bilen ödejekdigimize pugta ynanýarys. Siziñ öz okrugyñyz boýunça respublikanyñ Ýokary Sowetine deputatlyga ses goýulmaga razylyk bermegiñizi haýyş edýäris" - diýip, saýlawçylar ýazýardylar. Tolgunmakdan ýaña özüni ýitiren Nadýa joralarynyñ gutlagyna nähili jogap berjekdigini bilenokdy. Joralary bolsa onuñ daşyna hümer bolup, gujaklaşyp ýatyrdylar. Ýerli-ýerden ony gutlaýardylar. - Gyzlar, bu diñe maña bildirilen ynam däl, hemmämize bildirilen ynam - diýip, Nadýa ahyry tolguna-tolguna gürledi. - Bu ynamy ödemek biziñ üçin mundan bu ýana-da arman-ýadaman zähmet çekmegimiz gerek. Şundan soñ oña dumly-duşdan gutlag hatlary, telegrammalary ýagyp başlady. Onuñ öz brigadasynyñ çlenleriniñ bir topary bilen aldyran suraty, kandidat görkezilendigi baradaky habar "Правда" gazetinde çap edildi. Ine, bu gün bolsa kimdir biro ony telefonda gürleşmäge çagyrýar. 5. Nadýa uzakly gününi alasarmyk çaklamalaryñ girdabynda geçirdi. Don boýundaky Rostowdan oña kim jañ edip biler? Çagalar öýündäki ýoldaşlaryny, mugallymlaryny, terbiýeçilerini, hossarlaryny ýekän-ýekän ýatlap çykdy. Göze görünmez bir syrly duýgy bolsa oña "telefona çagyrýan özüñkileriñ biri bolaýmasyn?" diýip çawuş çakýardy. "Näme üçin telefonda gepleşmäge çagyrýan öz adyny ýazmadyka?" - diýip, ol igençli pikir öwürýärdi. Şobada hem öz-özüne garşy çykýardy. - Ýeri, ol seniñ beýle zatlara garaşjakdygyñy nireden bilsin diýsene. Kimem bolsa tanyşlarymyñ biridir. Gutlajak bolýandyr". Ol ýene mugallymlaryny, terbiýeçilerini, ýoldaşlaryny ýatlap başlady. Jañ edýäniñ olaryñ haýsysy bolup biljekdigi barada oýlandy. Hyýalynda olar bilen gepleşdi. Ýöne ol hyýaly gepleşiklerem Nadýany ynjaldyp bilmedi. "Jañ edýän özümiziñkileriñ biri bolaýmasyn?" diýen duýgy niredendir bir ýerden onun kalbyna gelipdi-de, indi hiç çykasy gelenokdy. Onuñ üçin her sagat ýyla döndi. Işde-de, işden soñam onun oturyp-turup karary ýetmedi. Agşamara howa garalyp başlady. Agyr bulutlar barha aşak çöküp gelýän ýalydy. Bu onsuzam sabry-takaty gaçan Nadýanyñ kejebesini hasam daraltdy. Ol häli-şindi sagadyna seredýärdi. Sagadyñ sekundy görkezýän diljagazy öñe süýşmän, bir duran ýerinde bökjekläp duran ýalydy. Ol öñe dyzaýan, göze görünmez bir sapak bolsa ony yzyna çekip duran ýalydy. Ahyry ol karar tapman, daşary çykdy. Galan wagty köçede gezip geçirmegi ýüregine düwdi. Käwagt gaçýan iri damjalar asfaltyñ ýüzüne şaplap urulýardy-da, oýmur yz galdyryp, gyzgyn sajyñ üstüne düşen dek gurap gidýärdi. Onuñ kalbyndaky alasarmyk ýatlamalaram edil şol damjalar ýaly birden oýmur yz galdyryp, birdenem alsarmyk garañkynyñ içine siñip gidýärdi. Egni tüpeñli kakasy. Ýeñsesinden südürlenip barýan Tanýa. Furgonda ýüklenip duran agyr ýaraly ejesi. Ejesiniñ jesedi ýüklenen furgonyñ aşagyndan geçirjek bolanlarynda Wera ikisiniñ çabalanyp aglaýşy. Stepan bilen Grişany bolsa ol oñly göz öñüne hem getirip bilenokdy. "Jañ etjek hökman şolaryñ biridir" diýip, öz ugruna gidip barýan Nadýa ýene oýlanýar. "Grişamyka? Stepanmyka? Ýa-da Tanýamyka. Belki, Daşadyr?" Ol ýene sagadyna seredýär. Öñki gezek seredeli bäri tükeniksiz wagt geçen ýaly welin, sagadyñ dili şol öńki duran ýerinde dur. Sekundy görkezýän diljagaz bolsa birden öñe towsup gidýär-de, bökjeklemesino dowam etdirýär. Nadýanyñ gözüne ol her gezek bir zada urlup yzyna towsup duran ýaly. Ol özüniñ sagada ýap-ýañyja seredenine ynanmajak bolýar. Ýene ol bir sowallar ony aldym-berdime salýar. "Kimkä? Wah, basym wagt bolup, çybynymy bir çybanymy bjr ýarsamdym". Gezmegem onuñ ýüregine düşdi. Ol ahyry Aýnanyñ ýanyna barmagy ýüregine düwdi. Ol baranda, Aýna gazet-žurnallara göz gezdirop otyrdy. Ol böküp ýerinden turdy-da, Nadýa oturgyç görkezdi. - Geç, otur, Nadýuşa. Gepleşdiñmi? - Ýok. Entek wagt kän - diýip, Nadýa ahmyrly seslendi. Aýnanyñ äberen oturgyjynda oturdy. Uludan demini aldy-da, sözüniñ üstüne goşdy. - Aýnaşka, bilýäñmi, şu gepleşik meni gaty alada goýdy. Kimiñ jañ etjekdigini hiç göz öñüne getirip bilemok. Onda-da Don boýundaky Rostowdan... Aýna onuñ aladaly görmegeý ýüzüne syrly ýylgyryş bilen syn etdi-de, gözüni gypyp goýberdi: - Birden bir gözel ýigit bolsa bilýäñmi? - Şobada hem çynlakaý äheñe geçdi. - Nadýuşa, bu ýerde alada eder ýaly zat ýok ahyry. Tanyşlaryñ biridir. Gutlamak isleýändir. Nadýa Aýnanyñ degişmesine göwünsiz ýylgyrdy. Aladaly seslendi: - Aýna, dogrymy aýtsam, men saña häzir göwnüme gelýän zady aýtmaga-da gorkýan. Ynanar ýaly däl. Bu zatlaryñ nirelerden kelläme gelip ýörenini bilemok welin, maña jañ edýän öz ýitiglerimiñ biri ýaly bolup dur... Aýna birden üşerildi. Soragly nazar bilen Nadýanyñ ýüzüne çiñerildi. Birdenem bökjekläp gygyrmaga başlady: - Dogry! Sen bildiñ, Nadýuşa! Hökman şolardyr! Ozal aýt ahyry şeýle diý-de! Ine, tüýs bolaýdy indi! Ine görersiñ! Ýok, kelle bar sende, Nadýuşa! Onsoñ ol hasyr-husur geýinmäge durdy: - Ýör! Menem seniñ bilen gidýän! Nadýa onuñ bolşuna aljyrady, gözlerini howsala bilen tegeledi: - Aýnaşka, sen meniñ ýüregimi ýarýañ! Men ynanarynam onsoñ öñkimçe-de bolmaz. - Ynanaý! Ynanaý! Ine görersiñ! Ynan diýilýä-dä asyl saña! - Aýnaşka, birden başga biri bolaýmasyn? - Başga biri bolsa-da, eliñden alaýasym ýok. Gorkma - diýip, Aýna onuñ elinden tutup, gapa tarap çekip ugrady. Şol arada hem degişmesini dowam etdi. - Seniñ göwnüñ küýseýändir başga bir gözel ýigidi welin, bu gezek ol çakyñ çykmaz. Çykmaz diýýän men saña! Ha-ha-ha! Olar derrew köçä çykdylar. Iri damjalar ownap, ýagyş birsydyrgyn ýagyp durdy. Asfalt ýuwlan aýna ýaly lowurdap ýatyrdy. Köçeleriñ ugrundaky çyralaryñ şöhlesi aslfalta düşüp, ylla ýere ýyldyzly haly düşelen ýalydy. Gyzlar şäherara telefon stansiýasyna baryp, çakylyk hatyny nobatça berdiler-de, garaşmaga durdular. Nadýa oturgyja çöküp, butnaman otyrdy. Onuñ häzir gymyldamaga-da ragbaty ýokdy. Aýna bolsa edil aýagy bişen dek iki ýana zowzanaklaýardy. Usilitel bilen her gezek nobatdaky gepleşige çagyranlarynda, aýak çekip diñleýärdi. Nadýanyñ ady tutulmansoñ, her gezegem gaşlaryny çytyp, elini silkip goýberýärdi-de, öñküsindenem beter zowzanaklamaga başlaýardy. Nadýanyñ adyny tutup çagyranlarynda bolsa, ol derrew oña tarap topuldy. Añk bolup oturan Nadýany oturgyçdan süýräp diýen ýaly alyp ugrady. - Ýör! Ýör! Bäşinji kabina diýýä. Ine görersiñ! Olar girenden soñ, kabinanyñ içindäki çyra ýanyp, bir burçda duran telefon apparatyny ýagtyltdy. Nadýa trubkany göterende, has-da aljyrady. Ol bütin göwresi bilen galpyldaýardy. "Allo!" diýjek bolup synandy. Emma bokurdagy gurap, sesini çykaryp bilmedi. Geplemegiñ deregine, bokurdagyna dykylyp gelen ýüregini kynlyk bilen yzyna ýuwutdy. Şol wagt hem onuñ trubkany ters tutup durandygyny gören Aýna elinden trubkany kakyp aldy: - Näme aljyrap dursuñ?! Trubkany bir dogry tut ahyry! Ine, şu tarapyny tut gulagyña! Ol şeýle diýdi-de, özi trubkany Nadýanyñ gulagyna tutup berdi. Añyrdan gyryljyk erkek adam sesi eşidildi: - Nadýuşa! Aýnanyñ "gözel ýigit" hakda aýdan sözi beýnisinde ýyldyrym bolup çakan Nadýa özüne gelen ýaly boldy. Ähli umydy puja çykana döndi. Näme diýjegini bilmän dymdy. - Näme dursuñ? Geple ahyry! - diýip, Aýna ony gyssady. Emma Nadýa geplemäge ýetişmedi. - Nadýuşa! Nadeýa! Uýajygym, bu men - Grişa! - diýen sözler onuñ endamyna tok bolup ýöredi. Ol: - Gri-i-şa-a! - diýdi-de, başga bir sözem aýdyp bilmän, bagyryp başlady. Añyrdan eşidilýän sesem sandyrap çykdy: - Nadýuşa! Doganjygym, men seniñ suratyñy gören badyma tanadym. Suratyñ aşagyndaky ýazgyny okamakam tanadym. Aradan şunça ýyl geçse-de, ulalsañam üýtgemänsiñ. Gözým kaklyşandan tanadym. Okap görsem, dogrudanam, sen. Deputatlyga kandidat. Brigadir. Gutlaýan, uýajygym! Nadýa aglap başlansoñ nämäniñ-nämedigine açyk göz ýetiren Aýna duran ýerinde böküp başlady: - Diýdim-ä! Aýtmadymmy?! Ýaşa! - Birdenem ol Nadýany gujaklady. Ura! Ýeri, näme zörledip dursuñ? Geple ahyry! Nadýa näme diýjegini bilenokdy. Grişanyñ özi onuñ diýmeli sözüni agzyna salyp berdi: - Nadýuşa, Weradan näme habar? Nadýa agy arasy bilen jogap berdi: - Wera Wilnýusda. Şondan soñ ol özüni birneme ele aldy. Grişadan beýleki doganlaryndan näme habar berilýändigini sorady. Grişa Stepanyñ, Daşanyñ, Tanýanyñ Witebskde ýaşaýandygyny, özüniñ bolsa Don boýundaky Rostowda graždan howa flotunda gulluk edýändigini gürrüñ berdi. Ol eýýäm Nadýany tapandugy barada Stepan daga habar edendigini, özüniñ bolsa ertir Aşgabada barjakdygyny aýtdy. Trubkany ýerinde goýan Nadýa Aýnany gujaklady: - Aýnaşka! Begenjimden ýüregim ýarylyp barýar! 6. Grişanyñ gelen gününiñ ertesi Stepan dagy hem geldi. Nadýanyñ telegrammasyny alan badyna, Wilnýusdan Aşgabada ugran Werany bolsa olar aerowokzalda üýşüp garşy aldylar. Nadýa gündiz doganlaryny gözel Aşgabat bilen, öz guran ymaratlary bilen tanyşdyrdy. Agşam bolsa öz saýlawçylary bilen boljak duşuşyga çagyrdy. Duşuşyk paýtagtyñ iñ gözel ymaratlarynyñ biri Türkmen döwlet drama teatrynyñ jaýynda geçýärdi. Giñ tomaşaçylar zaly adamdan hyryn-dykyndy. Ložada oturan Grişa dagy begençden ýaña iki bolup bilenokdylar. Ynanylan adam Gurban aga tribuna çykyp, tolgunma bilen söze başlady: - Ýoldaş saýlawçylar! Biziñ şu günki duşuşygymyz uly baýram. Bu biziñ sowet demokratiýamyzyñ, bu biziñ halklarymyzyñ doganlyk dostlugynyñ, bu biziñ ýurdumuzda zähmete goýulýan çäksiz hormatyñ baýramy. Bu günki duşuşugyñ manysyny ullakan kitaba-da sygdyrmak mümkin däl. - Gurban aga çalaja ardynjyrap, çokgaja sakgalyny sypady - Mähriban Kommunistik partiýamyzyñ leninçilik milli syýasaty bolmadyk bolsa, biziñ halklarymyzyñ doganluk-dostlugy bolmadyk bolsa, şu duşuşygy göz öñüne getitip bolarmydy?! Uruşda ata-enesinden, doganlaryndan mahrum bolan ýetim gyzjagaz şeýle derejä ýetip bilermidi? Biziñ kandidatymyz Nadežda Kurilenkonyñ ykbaly biziñ sowet demokratiýamyzyñ ajaýyp mysaly bolup durýar. Watan onuñ üçin ata-enäniñ ornuny tutdy. Oña terbiýe berdi, hünär öwretdi. Adam edip ýetişdirdi. Nadýanyñ ykbaly biziñ ýurdumyzda işçä goýulýan sarpanyñ, azat zähmete goýulýan sarpanyñ ajaýyp mysaly bolup durýar. Nadýa özüniñ gahrymançylykly zähmeti bilen halkyñ söýgüsine, ynamyna mynasyp boldy. Dada belorus gyzynyñ mähriban paýtagtymyz Aşgabadyñ gurluşugyna goşan goşandynyñ bahasyna ýetme ýok. Ol arman-ýadaman zähmet çekdi. Zähmet çekişi ýaly hem zähmetinden kemal tapdy. Biziñ aramyzda häzir Nadýanyñ uruş döwründe ýitiren doganlary otyr. Olaryñ biri-birini gözläp ýörenleri bäri on bäş ýyl geçipdir. Ine, olary bu gün tapyşdyranam Nadýanyñ päk zähmeti! Görüñ, ýoldaşlar, işçi zähmetiniñ gudratyny! Birden gübürdäp giden elçarpyşmalar zaly sarsdyrdy. Ložada oturan doganlaryny begenç bilen synlaýan Nadýa giñ zala çalaja göz aýlady. Şonda ol öz doganlarynyñ diñe ložada oturan doganlary bilen çäklenmeýändiginin giñ zaly dolduryp duran adamlaryñ hemmesiniñ-de öz mähriban doganlarydygyna göz ýetirdi. Onuñ gözünden begenç gözýaşlary togalanyp gitdi. Nadýanyñ päk zähmeti bilen gazanan uly abraýyna guwanyp, giñ zala sygyp bilmän oturan Grişa dagy hem Nadýanyñ abraýyna ähli halkyñ özleri bilen des-deñ derejede guwanýandygyna göz ýetirdiler. 1976 Nargylyç HOJAGELDIÝEW. ___________________________________ * Hekaýa ýaş işçileriñ durmuşyna bagyşlanan eserler üçin 1977-nji ýylda geçirilen respublikan konkursda birinji baýraga mynasyp boldy. | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |