17:39 Aýgyt / hekaýa | |
AÝGYT
Hekaýalar
Jereniñ gözüne çiş kakylana döndi. Ol näme etjegini bilmän, iki ýana urunýardy. Ýok, ol näme etjegini bilýärdi. Emma aýgyt edip bilenokdy. Ol ýekeje ädim ätmelidi. Ony hökman etjeginem bilýärdi. Emma şol ädimi ätmek kyndy. Ol tirsegine galdy-da, açyk tüýnükden asmana garady. Doly aý dury asmany gulaçlap, parahat ýüzüp barýardy. Birdenem Jereniñ göwnüne, Aý sakga duraga-da, onuñ ýüzüne çiñerilýän ýaly boldy. "Ýadyñdamy?" diýip soraýan ýaly boldy. Heý, ol günlerem Jereniñ ýadyndan çykarmy? Ol günler Jereniñ dünýä täzeden inen günleridi. Ata-enesi ony göwün söýen ýigidine beripdi. Ol özüniñ mähriban Durdysyna hemişelik gowşupdy. Onuñ durmuşa çykan günleri hem aýdyñ gijeli günlerdi. Edil şu wagtky ýaly, şonda-da olaryñ düşeginiñ üstüne Aýyñ şöhlesi düşýärdi. Gyz uýaljañlygy zerarly söýgülisiniñ ýüzüne ine-gana seredip bilmedik Jeren onuñ mährinden ganmak üçin uklap ýatan adamsynyñ ýüzüne sagatlap serederdi. Emaý bilen onuñ ýüzünden-gözünden sypardy, öperdi. Özem ony oýandyrmajak bolup, şeýle bir emaý bilen hereket ederdi. Hut öz-özünden ogurlyk edýän ýalydy. Onuñ bu bolşuny bir özi bilýärdi. Onuñ bu bolşuny bir asmandaky Aý görýärdi. Şonda Durdynyñ keşbi Aýyñ şuglasyna dury çeşmäniñ düýbünde ýaly görünýärdi. Duýlar-duýulmaz ýeñiljek tolkunlar ol mähriban keşbe özüne çekiji bir öwüşgin berýärdi. Onu şol mähriban keşbe bent edip goýýardy. Ol häzirem gapdalynda arkan düşüp ýatan adamsynyñ ýüzüne seretdi. Emma ol häzir öñki Durda meñzemedi. Aýyñ sowuk şöhlesine onuñ ýüzi mumdan ýasalan dek mährewsiz göründi. Hemişeki şeýle mähriban keşp oña jesedi ýatlatdy. Onuñ endamy tikenekläp gitdi. Onsoñ ol howatyr bilen öýüñ duluna, Durdynyñ bäşatarynyñ ýüke söýelgi duran ýerine tarap garady. Alasarmyk garañkyda hiç zady oñly saýgaryp bilmedi. Diñe bäşataryñ haýsydyr bir demir bölegi ýylanyñ gözi ýaly eýmenji lowurdaýardy. Ol derrew beýlesine öwrüldi-de, ýüzüne Aýyñ şöhlesi düşüp duran oguljygyny üýtgeşik bir howsala bilen bagryna basdy. Jeren Durda durmuşa çykanda ähli dokuzym düzeldi diýip hasap edipdi. Dünýäde başga gaýgy-alada bardyr öýdenokdy. Dogry, olar biri-biriniñ gadryny bilip, gül ýaly ýaşaşybam ýördüler. Birek-birekden göwnübölekçiliklerem ýokdy. Ilkinji perzentleriniñ dünýä inmego olary hasam ysnyşdyran ýaly edipdi. Emma bar zat birden düýpgöter özgerdi duruberdi. Olaryñ arasyna dag düşdi. Kolhoz gurluşygynyñ gyzgalañly günleridi. Aldawa düşen Durdy hem baýlaryñ tarapynda bolup çykdy. Galtamanlar onuñ eline ýarag berdiler. Aldap-ogşap her hili erbet işlere iterdiler. Olaryñ mekir-aly Durdynyñ añyny alsa, petde-petde puly ynsabyny aldy. Ýöne Durdynyñ düşen ýoly Jereni begendirmedi. Ol ilki Durdynyñ beýle etmegine onuñ öz janyndan gorkup garşy boldy. Soñra bolsa ol Durdynyñ bütinleý ters ýola düşendigine göz ýetirip başlady. Galtamanlar bir gün kolhozyñ tohumlyk dänesini talaýardylar, bir gün mekdebiñ jaýyny otlaýardylar. Ýene bir gün ondsnam beter elhençlik edýärdiler. Jereniñ göwnüne bu zatlaryñ barynyñ sebäpkäri diñe Durdy ýalydy. Ol näme üçin beýle edýär? Ýa öz gara zähmeti bilen eklenip bilenokmy? Ýa-da onuñ öldürýän, talaýan adamlarynda ary köýdümi? Ýok, ol özi ýaly garyp-gasarlaryñ garşysyna gidýär. Baýlaryñ gepi bilen gabahatlyk edýär. Onuñ ýylan ýaly bolup, gizlinlik bilen iş görýänini bolsa Jereden başga bilýän adam ýok. Ilki Jeren bu barada hiç kimiñ ýanynda dil ýarman, Durdyny özi yrmaga synandy. "Gaty erbet iş edýärsiñ. Ynsabyñy pula satma! Öz gara güni bilen gydyrdanyp ýören adamlaram ajyndan ölenok. Iliñ mydar eden ýerine bizem öläýesimiz ýok" diýdi. Emma Durdy onuñ gürrüñine gulagam gabartmady. "Aýal diýeniñ lal bolar oturar" diýip, öz göwnüne gelenini etdi. Bir gezek bolsa ol talanyp alnan iki-üç sany çaga köýnejigini getirdi. Ol köýnejikleriñ bazardan alynmandygyna göz ýetiren Jeren: - Men beýle zady çagajygymyñ tenine degrip bilmen - diýip, çürt-kesik aýtdy. - Eýesine buýurmadyk zat, meniñem çagama buýurmaz. - Gatam buýrar - diýip, Durdy gözlerini alardyp seretdi. - Buýursa-da geýdirjek däl. Biri tanaýsa näme diýjek? Jeren gaharyna köýnekleri oda oklapdy. Şonuñ üçinem ol ärinden mazaly taýak iýipdi. Emma Jeren munuñ üçin müzzermedi. Agşamara onuñ bir ýere hyýallanýandygyny gören Jeren onuñ öñüne keserdi: - Aýagyñam ätmersiñ! Durdy ony bir gapdala pyzyp goýberdi-de, ugramak bilen boldy. Jeren hasyrdap turdy-da, ýene onuñ öñünde kükregini gerdi. - Şu gezek gitseñ, öz elim bilen işiñi gaýtararyn! Bu söze Durdynyñ gany depesine urdy. Dişini gyjap soñky sözüni aýtdy: - Gidip, hökümede aýtjakmy? Milt edäýmegin. Elim bilen öldirin. Özem aýryl ýolumdan. Durdy oña tüpeñ gezedi. Häzir onuñ ýüzünde adam ruhy ýokdy. Özüni lampa aşak goýberdi. Durdy sesini çykarman çykyp gitdi. Jeren onuñ bilen arasynyñ hemişelik ýolnandygyny bildi. Indi Durdynyñ özi üçin ýat adamdygyny bildi. Onuñ öñünde kesermekçi bolsa, it atança-da görmejekdigine göz ýetirdi. "Sen meni atman öldürdiñ, Durdy. Indi ikimiz biri-birimiz üçin ýat adam - diýip, aýgytly karara geldi. - Men indi etjegimi bilýärin. Men aýal bolanym üçin gorkup gezmeli däldirin..." Bu günki bolan waka Jereniñ ikirjiñlenmesiniñ iñ soñky gylynam ýolup taşlady. Düýn oba şurasynyñ başlygyny pyçaklap öldüripdiler. Dokuz çaga ýetim galypdy. Ganhorlaryñ kimdigi bilinmändi. Anyk bir zat bilmese-de, Jeren äriniñ bu işiñ gyrasynda bardygyny güman edýärdi. Bu gün ol ýalñyşmandygyna açyk göz ýetirdi. Äriniñ çykaryp çuwala dykyp goýan köýnegindäki gan oña sähelçe-de şübhelenere ýer goýmandy. Jeren çagasyny bagryna hasam berk gysdy. Äri turup, onuñ ýeñsesinden pyçak gezäp gelýän ýaly bolup duýuldy. "Men näme üçin gandar bilen bir düşekde ýatyryn? Men indi gandar bilen ömür sürmelimi? Diñe aýaldygym, gorkýandygym üçin şeýtmelimi? Ýok!" diýip, ol aýgytly netijä geldi. Lañña ýerinden galdy. "Men gandar bilen ýaşaşmaryn". Ol uklap ýatan çagajygyny gujagyna aldy. Pişik basyşyny edip, gapynyñ agzyna bardy. Şol wagtam bir ses onuñ gulagyna "sen ony öz eliñ bilen ölüme berýäñ, ol diri ele düşmez" diýip pyşyrdady. Ikinji bir ses bolsa "seniñ bu ýerde çigit ýaly günäń ýok, sen gandar bilen ýaşaşmazlyga haklysyń" diýip jogap berdi. Ol gyssandy. Daşary çykdy. Ýüzüni ýalap gelýän sowuk şemaly-da, süññüniñ gamyş ýaly galpyldaýanyny-da duýmady. Alasarmyk garañkynyñ içinde iññe ýaly bolup ýitip gitdi. Öýüñ daşyny gabadylar. Jereniñ pikir edişi ýaly boldy. Durdy diri ele düşmek islemedi. "Ýaragyñy taşla-da, daşaryk çyk!" diýlen buýruga ok bilen jogap berdi. Maý tapyp, öýden çykyp gaçmakçy bolanda bolsa jaýdar degen ok ony çiñ arkan gaýtardy. Jeren onuñ jesediniñ açyk gözlerine dogry seredil bilmedi. Onuñ hälki bäşataryñ demriniñ lowurdysy ýaly sowuklyk bilen ýalpyldap duran gözlerine nazary kaklyşandan beýlesine döndi. Bütin göwresi bilen gagşaýanynu duýdy. Çagasyny pugta bagryna basyp, çalaja pyşyrdady: - Seni öz elim bilen ýetim goýdum, balam. Ýöne men seniñ öñüñde günäkär däldirin. Seniñ atañ gandardy. Ol dokuz çaganu ýetim goýdy. "Nähak gan ýerde ýatmaly dälmiş, balam. Biz indi päk ýaşarys". Sentýabr, 1974. Nargylyç HOJAGELDIÝEW. | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |