10:34 Sazanda / hekaýa | |
SAZANDA
Hekaýalar
Kakamyñ uly doganyna Meñli ussa diýerdiler. Ol elinden dür dökülýän adamdy. Demirçilikde-de, gaýyşçylykda-da, tebipçilikde-de, sazandalykda-da oña taý geljek adam tapaýmak añsat däldi. Emma indi ony garrylyk kemsiz basmarlapdy. Demirçilik kärem, gaýyşçylyk kärem ondan arany açdy. Indi onuñ bar mydary dutardy. Ýasardy, çalardy. Ol köplenç bizde ýaşardy hem-de ikimiz bir otagda bolardyk. Biziñ darajyk otagymyz mydama adamdan hyryn-dykyndy. Adamlar gelerdiler-de: - Hany, Meñli aga, birki heñ gaçyryp bersene - diýerdiler. Ol bolsa: - Garaja halypa "Garry saltygy" çalýar, Artyk hojam "Kararymy" çalýar - diýerdi-de, çalmaga başlar. Onsoñ onuñ halypasam gutarmaz, sazam. Şol çalyp oturandyr. Onda-da onuñ çalaýşyny diýsene! Onuñ sazyny biperwaý diñläp biljek gümanyñ ýokdur. Onuñ sagaç ýaly barmaklary dutaryñ taryna däl-de, edil seniñ duýgularyñ taryna kakýan ýalydyr. Sazyñ ýakymly owazy seniñ bütin kalbyñy özüne bent eder. Sen nirede oturanyñy-da unudarsyñ. Seniñ hyýalyñ welin, sazyñ näzik owazyna dolaşyp, bir görseñ, ýatlamalar älemine, bir görseñ, arzuwlar älemine syýahat edýändir. Özem çalyp otyrka, onuñ bir adamyny-da gepletjek gümany ýokdur. Bardy-geldi biri gepläýdigi: - Bu taýda biri azap çekip, saz çalyp otyr, ýene biri diñläp otyr. Gürrüñ edesiñ gelýän bolsa, bar, o tama geç - diýip, dessine onuñ al-petinden alardy. Diñe gije ýarymdan agansoñ, biz ikiçäk galardyk. Ol welin şonda-da, dutaryna dümtünip, perdelerine syntgy berip oturandyr. Ine bir görseñ, hemme zady düzüw, gümmürdäp duran dutardyr. Birdenem ol pylan perdesi degýär ýa-da tara alşanok diýip, negözel dutaryñ ähli perdelerini söküşdirip taşlandyr. Täzeden düzer, täzeden söker. Bejerer, çalar. Men hiç wagt onuñ ýatan wagtyny görmezdim. Agşam onuñ sazyny diñläp uklardym, ertir sazynyñ sesine oýanardym. Ol maña saz öwretjek bolup bir jan ederdi welin, diýip-aýdar ýaly däldi. Pahyr: - Oglum, men şu sazlary altmyş ýyllap, ýetmiş gapydan ýygnadym. Ýeke "Garry saltygy" öwrenjek bolup, Tejenden Gökdepä Garaja halypañka gitdim. Meñ indi köpüm geçip, azym galypdyr. Bu sazlary meniñ bilen bile gömmäñ, oglum. Bularyñ her biri dünýä malyna degýändir - diýerdi. Yzyndanam ogullaryndan, agtyklaryndan zeýrenip başlardy: - Ol öýi köýenler-ä näme saz çalanyñy nagara kakanyñdan enaýy görenoklar. Ýogsa her ellerine bir dutar ýasap berdim. Öýi köýenler edil ant içen ýaly. Ellerine dagam alaýyn diýenoklar. Meniñem ondan saz öwrenjek bolup jan edişim ýöne-möne däldi. Biziñ saz sapagymyz gijeden-gijä ulaşardy. Ol maña her basymy müñ gezek dagy gaýtaladardy. Özem birneme ugruna bolaýsa-ha, guş bolup uçaýjak bolýardy. Edil çaga ýaly begenerdi. "Heý, berekella!" diýerdi. Bardy-geldi ugruna bolmadymy, şeýle bir lapykeç bolardy. Käte bolsa erbet gaharlanardy, ýüzümi alardy. Her niçigem bolsa, menem el çekmezdim. Şeýdip, men onuñ käbir sazyny edil öz çalşy ýaly öwrendim. Şonda-da meniñ ondan sussum basylardy. Seredip otyrka arkaýyn çalyp bilmezdim. Bulaşdyrar otyrdym. Onsoñ onuñ bir zada güýmenen ýa-da daş çykan wagtyny añtardym. Emma bary biderekdi. Halypamyñ meni sypdyrjak gümany ýokdy. Ol diñleýändirem öýtmän, arkaýyn çalan bolup duransyñam welin, birden başyny galdyrardy-da: - Hany, şo ýerini ýene bir gezek gaýtala - diýerdi. Men gaýtalardym. Ol käýinjiräp, dutary elimden alardy-da, özi çalyp başlardy. Käte özünden göwnühoşluk bilen: - Ine, inijigim, dutardan şeýle owaz alarlar - diýerdi. Men şonda onuñ özüni hemme kişiden beter diñläp hezil edinýändigine göz ýetirerdim. Meniñ halypamyñ geñ galaýmaly bir gylygy bardy. Ol her gezek namaza durmazyndan öñ: - Namazymy okap bolýançam, dutar çalaýmagyn - diýip, berk tabşyrardy. Men onuñ näme üçin beýle edýänini sorabam durmazdym. Sesimi çykarman, diýenini ederdim. Çalyp oturan bolsamam, ol namaza durdugy dutarymy taşlardym. Bu maña endik bolup galypdy. Emma bir gezek men ol namaz okap durka dutar çalaýsam nätjek. "Zelil göwnümi" tiññildeden bolup ugranymam şoldy welin, birden bulaşdyrdym oturyberdim. Şol ýerini ýañadan çaljak bolup synandym. Ýene bolmady. Şol wagtam ýañky namaz okap oturan adam namazlygyndan syçrap düşdi-de meniñ ýanyma geldi. Elimdäki dutary silkip aldy. Onjñ bolup durşy gorkunçdy. Elindäki dutary aýlap ýere urarly görünýärdi. Ol meniñ ýüzüme şeýle bir gaharly seredýärdi welin, men onuñ içinden geçip barýan gözlerine seredip bilmän, ýüzümi aşak saldym. Ysgynsyz ses bilen zordan: - Meñli kaka, namazyñyzy bozduraýdymmy? - diýdim. Ol meniñ üstüme gygyryp başlady: - Seniñ namaz düşýä ýadyña! Negözel sazyñ işini görüp otyryn diýeñok. Ine, "Zelil göwnümiñ" şu ýerini şeýle çalmaly ahyry. Ol oturdy-da, janyýangynlyk bilen çalmaga başlady. "Zelil göwnümiñ yzynam "Mukamlara" sapyp goýberdi. Çaldy-çaldy, içini sowatdy-da dutaryny diwara söýäp goýdy. Birdenem onuñ gözi bulaşyp ýatan namazlygyna düşdi... - Häýk, eýesiz... - diýip, müýnli ýylgyrdy. Bir namazlyga, bir meniñ ýüzüme seretdi. Gaharlanjak ýaly etdi. Munam başarmady. Gözleriniñ mekirlik bilen oýnaklap duranyny görkezmejek bolýan ýaly ýüzüni keseräk sowdy-da: - Häýk, oglum, bir gün şeýtjegiñi öñdenem-ä bilýärdim - diýdi. - Saz çalyp ugraýañ welin, meniñ bar küýüm-köçäm sende. Näderkäñ diýip janym çykýa. Her perdä basañda, her şelpä kakañda sag-aman inip-çykyp biläýse ýagşydyr diýip, şol galpyldap otyryn. Dünýäde başga zat ýadyma düşenok. Wah, saz bilen takwalyk bir ýere sygyşýamy, oglum. Bu adamlaryñky ozalam bir jan durmazlyk ahyry... Şondan soñ tä ölýänçä, onuñ namazlyga aýak basanyny görmedim. 1962. Nargylyç HOJAGELDIÝEW. | |
|
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |