11:15 Gorky | |
GORKY
Goşgular
Kamata guwanyp söýmedim guwy, Akja däl, ýene şol gara sen gowy, Köp bişensoň indi bir bulgur suwy, Özgeleň golundan içmekden gorkýan. Özlükden geçen kim dogulyp-döräp, Gyş gitdi suw basdy buzluklar eräp, Kalpdaky alawym ýaksa-da köräp, Pessaýy şemala öçmekden gorkýan. Geläý, içeli biz yşk döndi sa:ka:, Senli ýatlamadan dolsun her waka, Wah, diýmen, armanly gitsem-de baka, Kalbyň suprasyndan göçmekden gorkýan. Ýakyndan dalda ýok, haraý ýok ýatdan, Eşreti kesdiler suw kimin ýapdan, Bu ýürek durmuşda geçdi kän zatdan, Iň soňky umytdan geçmekden gorkýan. Seniň bar ýeriňde hemişe men bar, Seniň bar ýeriňde hemişe dem bar, Sen bolsaň hiç zatdan gorkmaryn, emma, Seniň ýoklugyňda uçmahdan gorkýan. Ahmet ARAZOW | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||