17:40 Gorky | |
GORKY
Edebi makalalar
Ýedi-sekiz ýyl ozal biziň ýurdumyza gelip giden amerikaly žurnalistleriň biri türkmenler hakynda ýazan makalasynda bir ýagdaýy geňleýär: hemişeler türkmenler mertebesini kemsiden adam bilen gylyçly gürleşipdirler, indi seniň aýagyňdan ýazyşymy bir gör diýip haýbat atýarlar. Şu gün olar gylyjy galama çalşyp, birek-birege töhmet atýan golsuz arzalar ýazmagy hiç zatça görenoklar diýýär. Geçen asyrda Amerikada dawany pistolet bilen çözüşmegi dereje bilen kowboýlaryň bu günki nesilleriniň kanunyň güýjüni ýaragyň emrinden ýokary goýup, ata-babalarynyň wagşyýana däbini inkär edendiklerini men-ä geňlämok. Eýsem-de bolsa, men žurnalistiň näme diýjek bolýandygyna düşünýärin. Bir mahal erkinligi janyndan ileri gören halkyň batyrlyk häsiýetini ýitirendigini aýtjak bolýar. Dogrusy, soňky döwürde bizi gorkaklykda aýyplaýanlar köpeldi, olar öz içimizde-de az däl. Nebit, gaz, kükürt hem gaýry magdanlar, pagta, ýüpek, bagana onlarça ýyl bäri garawsyz gidip ýatyr, emma respublika ýaşaýyş derejesi boýunça iň soňky ýerde. Ekologiýa ýagdaýymyz çekip-çydar ýaly däl, halkyň tohumynyň tükenmegi ähtimal diýýän adamlar çaga ölüminiň, ýokanç keselleriň ýokarydygyny nygtaýarlar. Bu faktlary inkär etmekçi däl, ýöne agyr ýagdaýy aýtmak, boýun almak entek onuň garşysyna göreşmegi aňlatmaýar. “Nähili göreşmeli? Mitinge çykmalymy, iş taşlamalymy?” “Näme, sowal baryny berip, ýaýdanyp otyrsyňyz, beýleki ýerlerde edilişi ýaly ediberiň.” “Eger edilmese?” “Onda gorkaklygyňyzy boýun alyň-da, gara günüňize kaýyl boluň geziň ýörüň!” Şeýleräk gürrüňleri il arasyndan eşitse bolýar. Bu ýerde kim mamla? Meselem aýdaly, Pribaltika respublikalarynyň göreş usulyny oňaýly ýörelge hökmünde Orta Aziýa respublikalaryna ündeýänlermi, ýa bolmasa, biz öz ýaşaýyş däbimize, häsiýetimize kybapdaş ýoly saýlap almaly diýýänlermi? Gorkaklyk, ýaýdanjaňlyk eýýäm biziň häsiýetimize öwrülen alamatmyka? Onda Ferganadaky, Oşdaky, Duşenbedäki bolup geçen ganly çaknyşyklar nämäniň alamatyka? Oňa batyrlygyň alamaty diýip düşünmelimi? Sosial deňsizligi, milletara gatnaşykdaky nogsanlary ganjaryşyp çözlüşmäňde bolanokmy? Sowal yzyna sowal döredýän pajygaly wakalary eşidip, respublikamyzdaky asudalyga şükür edýänleri gorkaklykda aýyplap oturybermelimi? Belki, emele gelen ýagdaýa başgarak garamak gerekdir? Sosial kynçylyklaryň, horluklaryň garşysyna batyrgaý çykyş etmeýänligimiz, belki, biziň terbiýämize baglydyr? Bizi kemala getiren jemgyýetde dowam eden düzgünler, olardan galan endikler bizi henizem öz penjesinden boşadýan däldir? Men öz neslimiň mysalynda gürrüň etjek. Biz otuzynjy ýyllaryň ahyrynda dünýä indik. Enelerimiz bizi göwresinde göterip ýörkä otuz ýediň, otuz sekiziň aýylganç zorlugy dowam edýär ekeni. Eger gorky ene-atanyň üsti bilen çaga geçýän bolsa, ol biziň ganymyza garylan bolmaly. Oba sowetinde biziň doglandygymyz hakynda oňly hasabatam ýöredilmändir. Ölüp, ýok bolup gidilse-de bilnip duruljak däl ekeni. Hojalykdaky her malyň sany welin, örän takyklyk bilen ýöredilipdir, sebäbi olaryň jan başyna salgyt salynýardy. Şähere gelip, orta mekdepde okap ýörkäk ýokary okuw jaýyna gitmäge hyýal etmekçi bolanymyzda, her bir ynsan saýylýan adamda dogluş şahadatnamasynyň bolmalydygyny aýtdylar. Şäher sudmedekspertizasy obada doglanlaryň dünýä inen gününi “kesgitläp” elimize sprawka berdi. Enelerimiziň dogran senesini soraýan ýok, bizi sprawkalaryň dogran senesi bilen hasaba aldylar. Bäbekkäk mahalynda ýatmajak bolsak, enelerimiz: «Ýatmasaň galtamana berip goýbererin» diýip, gorkuzar ekeniler. Anygyna ýetip otursak, olaryň galtaman diýýäni soňra biziň ürç edip ýazan taryhy-rewolýusion eserlerimiziň hemişelik otrisatel gahrymanlary bolan basmaçylar bolup çykdy. Juda aglak çagalary tirýek bilen meýmiredýärdiler. Pylany iki ýaşynda tirýegini goýandyr diýip degişýärdiler. Şol hakykatdy. Obadaky tebip aýal iç keseline duçar bolan çagalara galapyn bir diagnoz goýardy: göbegi çözülipdir. Çözlen göbegi düwýän şekilde garnymyzdan basyp dyzaýyşy, gaýdyp içimiz agyrsa-da, juda eňkamdan gidäýmesek duýdurman çydap gezmäge mejbur edýärdi. Bize diňe kesel ugrundan birmeňzeş diagnoz goýulan ekeni, asyl ählimiziň durmuşymyz bir diagnoz bilen kesgitlenen bolsa nätjek. Urşuň agyr ýyllaryndan ölmän sypanlar mekdebe bardylar, şolaryň arasynda menem bardym. «Bagt» diýen sözi şonda eşitdik. Mugallymlarymyz: «Siz bagtly zamanyň çagalary, bu bagty size beýik Lenin, beýik Stalin berdi» diýdiler. Bu sözler çaga kalbymyza jaýdar ornaşdy, hudaýyň ornuny eýeledi. Alla sözüni dile almaklygy garrylyga mahsus alamatdyr öýdýärdik. Garaz, biz uçdantutma bagtly ekenik! Okuw kitabymyzda: «Kowduk ganym baýlary, saldyk täze jaýlary» diýen setirler bilen başlanýan goşgular bardy. Olary hökman ýat tutmalydy. Uly obadaky ýeke-täk daşy agardylan mekdep jaýy wasp edilýän täze jaýlaryň takyk nusgasydy. Ol ýekedi, hemmäniň gözüne ilýärdi. Hojalyklar aglaba gara öýlerde gün görýärdiler. Häli-şindi küküräp gelýän gara ýelden gorkýardyk, ol süňňi gowşan öýleri ýykar giderdi. Biz baý-feodallaryň, galyberse-de, nemes faşistleriniň zulumynda ýaşamaýandygymyz üçin özümizi azat adamlar diýip bilýärdik. Azatlyk diýen düşünjäniň adam durmuşynyň dürli sferalaryna degişli bolup biljekdigi barada oýlanmandyrysam. Tire-taýpa bolup, ýarym feodal ýagdaýda ýaşap gelen halkyň kapitalizmden sowlup, gös-göni sosializme bökmegi onuň bagtyny getiripdir asyl. Sosializme bökdürlen islendik adamyň çüýreýän kapitalistik jemgyýetiň öňdebaryjy wekiliniň progres babatda telim basgançak ýokarda durýandygy hakda serdarlaryň aýdan sözleri bizi buýsandyrýardy. Arkaýyndyk. Okajak, biljek bolubam heläk bolup ýörmeli däl ekeni, ýöne sosialistik ýurtda ýaşaýmaly ekeni, barybir sen progresiň çür depesine galýar ekeniň, sosializmiň başarmajak zady ýok! Oglankak aýda bir-iki gezek obamyza kino getirerdiler. Filmler rus dilinde bolany üçin düşünmezdik. Düşünmesegem filmdäkileri öz ýanymyzdan iki topara: «baý-garyplar», ýa-da «nemisler-biziňkiler» diýip bölerdik. Soň-soňlar şol filmleriň käbirini görüp, maşgala dawasyna gatnaşýan är-aýaly-da biz synp boýunça bölendigimizi bilip galdyk, ýöne ökünip oturmadyk, sebäbi, ulalsak hem biziň dünýä garaýyşymyz mizemez synpylyk esasda dowam edýärdi. Şoňa ygrarly, şoňa kybapdaş ertekä çalymdaş ýazyp bilýän ýazyjylarymyza guwanýardyk. Biziň kolhozymyzyň ady-da “Synpy göreşdi”. Meniň önüp-ösen obam orta asyrlarda ylmyň hem medeniýetiň gündogardaky merkezleriniň biri bolan Merwi Eýran bilen birleşdirýän ýoluň ugrunda ýerleşýär. Gapdalynda gadymy Dendenakan – Daşrabat ýatyr. Şol zamanda obamyzyň häzirki ýerinde meşhur kerwensaraý bolupdyr, onda danalar Ibn Sina, Omar Haýýam, Biruni düşläp geçipdir. Mekdepde okaýarkak bu atlary eşitmändik. Türkmenistanyň taryhy geografiýasy okadylmaýardy. “Synpy göreş” kolhozynda adyna mynasyp adamlar gahrymanlarça zähmet çekýärler diýip gazetler ýazýardylar. Döwlet öňündäki planlaryň berjaý edilmegini synpy düşünjeliligiň iňňän ýokarylygy bilen düşündirerdiler. Pagta meýdanynda ir säherden garaňky düşýänçä dowam edýän surnukdyryjy zähmetiň «ajaýyp miwesi» gara bokurdagyňa ýetse, her kim kaýyldy, gaýta açlykdan ölmeýändigimiz üçin beýik serdara minnetdarlygymyzy bildirip, syýasy taýdan düşünjämiziň ýokarydygyndan kanagat tapýardyk. Barly adamlaryň gapysynda talaban duranlaram aç ölmändir, ýöne olaryň arkasynda pena bolup duran kolhoz bolmandyr. Biz kollektiw hojalygyň agzasy! Bu hormaty göterip bilmedik adamyň kolhozdan güm edilip kowulmagy bolýan ýagdaýdy. Kolhozdan kowlanyň dat gününe! Oglankak güzerde suwa düşerdik. Birdenkä başlygyň maşyny görnäýse, dyr-pytrak, çöpe siňerdik. Ol güzere seretmän geçer giderdi. Gündiz obada gezip ýören adam başlygyň gözüne görünmeli däldi, ulularyň gorkusy çagalara-da geçýärdi. Sähel gazanjyň bolsa, döwlet zaýomyna çalşyp alar giderdiler, kime dadyň ýetsin! Başlygyň razylygy bolmasa, obadan okuwa-da gidip bolmazdy. Ýalkasa ýaz, gargasa gyş. Tomus mahaly mellegindäki iki joýa üzümini suwarany üçin kolhozdan kowlan ýa-da bir aýlyk zähmet güni kesilen adamlar az bolmandy. Ýogsa ol mellek ýerine, her düýp agajyna salgyt töleýärdi. Kolhozyň ustawyna ýazlan hukugyňy mazamlajak bolup gör, mellegiň eliňden gider. Okuwçy ogluň ýa gyzyň okuwdan soň işe çykmady diýip, brigadir onuň ene-atasyny kowar goýbererdi. Etjek alajyň bolmaz. Adamyň durmuşyny iki usul bilen ugrukdyrýarlar. Birinji: çekýän zähmetine kanagatlanarly hak tölemek, ykdysady taýdan höweslendirmek arkaly. Ikinji: gorky bilen. Biz esasan ikinji usuly gördük. Kolhozyň bardyr, emma özümiňki diýip, agyz dolduryp aýtmaga hususy emlägiň ýokdur. “Ýok bolsun hususy eýeçilik diýip!” gygyrdyk. Hususy bähbide ymtylyş bolmadyk ýerde ykdysady inisiatiwa gutarýandyr. Adamyň mümkinçiligi belentli pesli. Belent bilen pesiň parhy ortalyk ölçege getirlen ýagdaýynda höwese badak salyndygy bolýar. Okuwçykak mahal-mahal brigadire bäş günlük işiň tabelini doldurmaga kömekleşerdik. Bir daýaw adam bardy, günüň dowamynda dört-bäş zähmetlik çil çekerdi. Emma brigadir onuň doly hakyny ýazmazdy, juda köp bolýar, buhgalterler ynanmaz diýerdi. Ýarym günlügini ýazaňda-da, iň ýokary zähmet güni diýip oňdurmakçy boldy. Ol adamam soňra diňe ýarym gün işe çykyp oňaýdy. Zady bolmadyk adam hemişe garaşlydyr. Garaşly adam hiç mahal gorkusyz, ätiýaçsyz ýaşap bilmez. Akademik Saharowyň pikirine salgylanyp aýtsaň, gedaý adamyň hakyky raýat bolmaga başarnygy ýokdur. Zady bolan, hususy emläge hukugy bolan adam jemgyýetiň aladasy bilen hakyky meşgullanyp biler. Men bu ýerde ogurlyk, para bilen toplanan haram emlägi göz öňünde tutamok, halal eklenjiň gürrüňini edýän. Halal gazanjyňam bu güne çenli meýdany çäkli boldy. Kapitalist ýetişäýmesin diýip, gorka-gorka ahyry ýurdy gedaý goýduk. Bagtly durmuşy wasp edýän sözleri gije-gündiz eşidenem, okanam bolsak, olary hakyky durmuş bilen deňeşdirmek adamlaryň ýadyna-da düşmezdi. Baýlar döwründäki ýagdaý juda aýylganç bolupdyr diýen ynanç kalbymyza şujagaz günüňe şükür et diýen pikiriň ymykly ornamagyna getiripdi. Oba wäşisiniň düzen goşgusyndan bir topbagy ýadymda galypdyr: Hazan alan Nekelaý, Ak nan-bulka baý etdiň. Ýaşa ýoldaş Stalin, Arjanoýa zar etdiň. Otuzynjy ýyllarda ölüp giden adamyň bu setirlerini ilki eşidenimde tirýege aňyny aldyran, agzynyň aýdanyny gulagy eşitmeýän, sözüne üns berip oturmaga-da mynasyp däl hudaýuran göz öňüme gelipdi. Ajy ýaňsylamadan dörän setirler ýurduň başyna düşen gahatçylygy ýaňzytmak maksady bilen ýöwselje edilen synanyşygyňam soňy bolan bolsa gerek. Ol görgüli hakykaty aýtjak bolupdyr, biziň gulagymyza ýaňrama bolup eşidilýärdi. Beýle hakykatyň boljagyna aklymyz çatanokdy. Töwerekden dyngysyz eşidilýän ýaşasyn sözleri, serdarlary, partiýany wasp etmekden ötri dörän tutuş bir edebiýat biziň çaga kalbymyza din bolup giripdi. Gurhan Allatagalla alkyşdan başlanýan bolsa, täze adamy terbiýelemek niýeti bilen döredilen täze edebiýat Lenine, aýratynam Staline alkyşdan başlanýardy. Täze edebiýat täze adamy durmuş hakynda oý-pikire çagyrman, ýokarda taýýar edilen pikirlerişübhesiz kabul etmegi ündeýärdi. Şeýlelikde, özbaşdak oýlanmaga ukypsyz, diňe çeýnäp berleni ýuwutmaga höwesek okyjy kemala geldi. Gündelik görüp ýören ahwalatlary, durmuş güzerany onuň üçin hakykaty aňladýan faktorlar däldi, hakykat şundan ybaratdyr diýlip, her gün beýnisine guýulýan sözlere neşe deýin maýyl bolandy. Başga bir hakykata onuň ünsüni sowmak başa barmajak telekdi. Onuň goragynda döwlet möçberinde gaýym işleýän kuwwatly güýç durdy. *** Ýalňyşmaýan bolsam, elli birinji ýylda «Synpy göreş» kolhozyna Aşgabatdan «uly adam» bardy. Men altynjy klasda okaýardym. Obanyň ortasyna kolhozçylary, ýediýyllyk mekdebiň mugallymlaryny, okuwçylaryny ýygnadylar. Aýagy ýalpyldap duran ädikli, galife balakly, başy sugry gulakjyn telpekli, egnine iňňeden çykma kitel geýen «uly adamyň» keşbi göz öňümde surat bolup galypdyr. Onuň ady hakydamdan çykanok. Babagarry Baýramow diýdiler. Ol «Gorkut ata» eposyny kitap edip halka ýaýratmaga synanyşyk eden adamlara gargady. Olary buržuaz milletçilikde, sowet häkimiýetini ýigrenýän, ony ýykmakdan ötri, halkara pantürkistleriniň buýrugyna görä iş gören garakçylar hökmünde aýyplady. Olary düýp-teýkary bilen ýok etmäge çagyrdy. Ol öňünde ýatan kagyza gaýta-gaýta seredip gürleýärdi. Ýygnanan mähelle «Gorkut atadanam», ony ile ýaýratjak bolanlardanam bihabardy. Uzak Aşgabatdan ýörite gelen adamyň, hamala, jenaýatkärleriň ykbaly biziň çözgüdimize bagly ýaly janygyp gürlemegi, indi seredip otursak, gülkünjem bolsa, ol mahal hiç kimiň geňirgenmändigi açykdy. Partiýanyň, hökümetiň adyndan gelen adamyň agzyndan diňe hakykat eşidilmelidi, onuň matlabyna şübhe bolmaly däldi. Bu ynama öňi bilen gelen adamyň özi buýsanýardy. Halk duşmanlary eýýäm türmede suduň jezasyna garaşyp otyrdylar. Olaryň ykbalyna oba adamlarynyň hiç hili täsiriniň bolup bilmejekdigine «uly adamyň» düşünýändigi açyk. Maksat başgady, märekäniň, halkyň kalbyna gorky salmalydy. Şol gorky biziň neslimiziňem emer-damaryna siňdi. Taryh – hakykat, ol eýýäm bolup geçen ýagdaý. geçeni yza dolamak mümkin däl. “Taryhyň çarhyny yza dolap bilmersiňiz!” diýip, imperialistlere duýdurardyk, özümizem şol pursat endik edinen synpy garaýyşymyz bilen taryhy gaýtadan ýazmaga, derwaýys hasaplan ýerimizde ony özümizçe “döretmäge” ýykgyn edýärdik. Çeper edebiýat hem syýasatyň ölçegine tabyn ýagdaýda goýuldy. Iki reňk: ak-gara, iki gatnaşyk: dost-duşman, bir garaýyş: synpylyk. Başga ölçeg ýokdy. Halkyň beýik eposy “Gorkut ata” halkyň hakydasydy, ony çap edenlere atuw jezasy berilmeli diýen höküm çykdy. Gorky damarymyz ýognady. Omar Haýýam, Nowaýy, Azady, Magtymguly halkyň hakydasydy, olary okamaga ýaýdandyk, synpy hüşgärlige arassa kalbymyz dini hem feodal filosofiýa bilen hapalanar öýtdük. Bu gün Azadynyň, Magtymgulynyň ýazgarylan eserlerini halka hödürleýäris. Olar adamlaryň aňyny zyýanlykly tarapa üýtgedip, howply ýagdaý döredäýdimi? Men-ä duýamok. Täleýimiz, ykbalymyz, mertebämiz hakynda has teýli oýlanmalara ulaşýan bolmagymyz ähtimal. Adamyň agramy pikirine bagly, dünýäni saklaýan pikir dälmi! Staliniň ölüminden soň ýurda aralaşn sergin şemal adyna nälet okalan adamlary türmelerden çykardy. “Gorkut atany” halka hödürlän “buržuaz milletçiler” Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew soňra uniwersitetde işlediler. Şol mahal menam uniwersitetde okaýardym. Obamyza baryp olara gargap gaýdan “uly adamam” uly edaralaryň birinde wezipe eýeläp otyrdy. Ol edebiýat, sungat meselelerinden daş adam ekeni. Onuňam ýokardan berlen buýruga görä halkyň arasyna gideni belli. Ýyllar geçse-de, “Gorkut ata” eposynyň ady tutulanokdy, oňa zyýanly eser hökmünde baha berýän karar güýjündedi, ol karar otuz ýedi ýyl ýaşady. Şunça wagt dowam eden gorkynyň zaňy beýik eposyň ruhy dünýämize aýrylmaz alamat bolup aralaşmagyna enteklerem päsgel berer. Biziň neslimiz üçin onuň hemişelik ýitgä öwrülen bolmagam ähtimal. Filologiýa fakultetiniň ikinji kursunda okap ýörkäk, edebiýat kafedrasynyň müdiri, SSSR ýazyjylar soýuzynyň çleni, şahyr, dosent Ruhy Alyýew Boris Pasternagy näletläp, tutuş bir sagat çykyş etdi. Biz Pasternagyň kimdiginem, Nobel baýragy berlen «Doktor Žiwago» romanyndanam bihabardyk. Alyýew Pasternagy tanaýandygyny, onuň hiç mahalam partiýanyň ideýalaryna wepa bermändigini, imperialistleriň islegine görä iş görüp, olaryň göwnünden turýan eserler döredýändigini, ady tutulan romanyň muňa degerli delildigini aýratyn gahar bilen aýtdy. Biz oňa ynanýardyk, sebäbi Alyýew birnäçe ýyl Türkmenistanyň ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň jogapkär sekretary bolup işläpdi. Özüniň ýakyn dostlary hökmünde görnükli ýazyjylary, şol sanda Pawlenkonyň, Leonowyň, Lugawskoýyň, Samet Wurgunyň, Tihonowyň atlaryny tutmagy dereje bilýärdi. Biz onuň «Doktor Žiwago» romanyny asla görmändigini soň bilip galdym, emma şol mahal ol bu eseri üns bilen okap çykan adam hökmünde, ony sowet jemgyýetine şyltak atmakda henize çenli görlüp-eşidilmedik nusga görnüşde häsiýetlendiripdi. Pasternagyň halkyň gazabyna duçar bolandygyny, studentleriň onuň öýüni daşlaýandygyny guwanç bilen habar berip, beýle adamlaryň täleýiniň hemişe şumlukda gutarjakdygyny duýdurdy. Indi seredip otursam, obamyza baran «uly adam» bilen uniwersitetiň kafedra müdiriniň äheňinde birjik hem tapawut ýok ekeni. Gyzykly ýeri, olaryň ikisi-de näletleýän eserlerini okamandyrlar. Olaryň delili umumydy, gargyşlary biziň dünýä garaýyşymyzy emele getiren ak hem gara reňkden ugur alýardy. Gürrüňi edilýän zatdan diňleýijileriň büs-bütin bihabardygy olara ynam, artykmaçlyk berýärdi, emelsizdiklerini märekeden gizleýärdi. Haýsydyr bir adamlaryň töwereginde galdyrylýan şowhunly ideologiýa göreşi her dört-bäş ýyldan diýen ýaly gaýtalanyp durýardy. Altmyşynjy ýyllaryň başynda modernistleriň hem abstraksionistleriň garşysyna Moskwada başlanan ideýa göreşi bilen baglylykda respublikanyň Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesi ýörite plenum geçiripdi. Men oňa ýaş ýazyjy hökmünde gatnaşypdym. Ruhy Alyýewe söz beripdiler. Synpy göreşiň ýörelgesine ýugurlan şol bir häsiýetdäki aýyplamalar täze adam atlarynyň, ýagny, Neizwestniniň, Ýewtuşenkonyň, Woznesenskiniň töwereginde aýlanýardy. Zaldan kimdir biriniň oratora oklan sözi ýadyma düşýär: «Türkmen ýazyjylarynyň arasynda abstraksionistler, modernistler ýok» diýdi. Ruhy Alyýew säginmän jogap berdi: «Tapmalydyr!» Bu ýeke sözüň emri bilen nähili ahwalatlaryň bolup biljekdigi, bolandygy, tapylyp, gitse gelmeze iberlen, ruhy hem beden taýdan maýyp edilen bigünäleriň ykbaly islendik adamyň başyndan inip biljek çäre hökmünde oturanlaryň kalbyna wehim salýardy. Yhlas görkezilse, islendik adamdan abstraksionist ýasap boljakdygyna tribunadaky orator şübhe etmeýärdi. Bir şahyr” men özümiň tankyt edilmegimden o diýen gorkup duramok, ýöne obada ýaşaýan dogan garyndaşlarymyň tankydy okap, oda düşjekleri meni howpurgadýar diýipdir. Men şu boýun almanyň hakykata juda ýakyndygyny tassyklap biljek. Hojalykdaky nogsanlary tankyt edilende adminstratiw çäre görlüşi ýaly, edebi tankytdanam şoňa meňzeş netije çykarmagy talap edýärdiler. “Ideýa taýdan yrga” diýen ýakymsyz termin bardyr, tankydy makalada şol termin getiriläýse, awtor görgüliniň dat gününedir. Kitabyň redaktory işinden kowulmasa, telpegini göge zyňar. Gaýdyp awtora şol neşirýatda nähili ätiýaç bilen garaljakdygy düşnükli bolsa gerek. Durmuşa ýeke-täk garaýyş bolmaly, ol hem partiýanyň, hökümetiň kararlarynda ýazylandyr, şoňa eýermek gerek diýen talap bardy. Sähel pikir erkinligine gol ýapaýdygyň, senden ideýa yrgalygyny gözläp ugrarlar. Çeper edebiýat adam bilen, onuň ruhy bilen iş salyşýar. Adam ruhuny belli bir karara, çäkli ideýa bent edip bolanok, wagtal-wagtal guş kimin ganat ýaýyp asmanda uçasy gelýär diýersiň. Haýry bolmaz, bi howaýy islegiň sosrealizmiň kanunlaryna ýazylmandyr, sen ýazylany berjaý et. Edebi tankyt diýilýäni senzoryň wezipesini berjaý edip geldi. Onuň ölçegi umumyadamzat gymmatlyklarynyň nukdaý nazaryndan döremän, synpylygyň çäkli garaýyşlaryna daýanýardy. Ol garaýyşlar syýasatyň islegine tabynlykda mahal-mahal äheňini üýtgetse-de, içki mazmuny bir durkuna saklaýardy. Ata Gowşudowyň «Perman» romanynda Stepan atly rus adamynyň obrazy berilýär. Bu obrazy ýazyjynyň zoraýakdan eserine sokandygy görnüp dur. Roman geçen asyryň ahyrlarynda Türkmenistany Russiýa birikdirmekde dörän pajygaly wakalary beýan etmäge synanyşýar. General Skobolewiň harby ýörişini görkezmek gadagandy. Ýazyjy nähilem bolsa, ýagdaýyny ýeňilleşdirmek üçin eglişik hökmünde şol obrazy girizýär. Ruslar ýarag çekip, türkmenleri boýun egdirmäge gelenem bolsa, olaryň hemmesine ýaman diýip bolmaz, Stepan ýaly türkmenleriň azatlyk meýillerine düşünýänleri hem bolupdyr diýen pikiri tekrarlamak üçin edýär. Bu pikir ýazyjynyň görkezýän döwrüne häsiýetli pikir däl. Otuzynjy ýyllarda ýüz urlan taryhy galplaşdyrýan syýasatyň talabyndan dörän resmi pikir. Ol ýazyjyny galp ýola iterýär. Soňky döredilen syýasatyň ölçegine görä, taryhy dogrulajak bolmak endigi taryhyň ýoýulmagyndan başga-da, biziň neslimiziň dünýägaraýyşyny ýoýdy. Ýoýlan aňy düzetmek taryhy hakykaty dikeltmekdenem kyn. Resmi syýasatyň öňünde alaçsyz ýazyjy öz eseriniň okyja ýetmegi üçin ýokarky talaba-da kaýyl, sebäbi türkmen taryhynyň pajygaly döwri hakynda sähelçe mümkinçilige görä bolsa-da, okyjyaryna gürrüň beresi gelýär. Emma onuň ujypsyz islegi-de başa baranok. Taryhy hakykatyň halka ýetmeginden howatyrlanýan syýasy akym eseriň ýoluna böwet bolýar. Şeýle çäreler bilen halkyň hakydasyna zarba uruldy. Taryhy hakykatdan ugur alyp aýtjak bolsaň, Oktýabr rewolýusiýasyndan soň syýasy häkimiýeti ele almak etaby Türkmenistanda giň köpçülik gatnaşmazdan geçdi. Rewolýusiýanyň hakyky manysy türkmenlere ýer-suw reformasy hem kollektiwleşdirmek döwründe ýetdi. Asyrlar boýy urug-tire düzgüni bilen ýaşap gelen halky güýje daýanyp birden kollektiw hojalygyň prinsipine geçirmek çäresi uly tragediýalara alyp geldi. Hojalygyň aňyrdan gelýän däbi, halkyň häsiýeti, ýekebaralygyň psihologiýasy äsgerilmedi, milli aýratynlyklar göz öňünde tutulman, hemme halklar üçin bir galyp ulanyldy. Daýhanlaryň obýektiw garşylygy hem baýlaryň etmişiniň üstüne uruldy. Asyl-ha rewolýusiýanyň birinji gününden, hamala, bisowat halk köpçüligi rewolýusiýany urra bilen garşylady diýip görkezmek kada bolup galdy. Resmi syýasata köre-körlük bilen eýeren çeper edebiýat döwrüň häsiýetli aýratynlyklarynyň deňinden geçip, umumy derektiwa gol ýapany üçin ähli respublikalarda birmeňzeş konfliktli, sýužetli, gahrymanly eserler döredildi. Öwrülişikli pursatlarda wakalaryň girdabyna düşen şahsyýetleriň dünýäsine, tragediýasyna aralaşýan eserler juda seýrekdi. Ýokarky birmeňzeşlik edebiýatlaryň kämillik derejesiniň ösmegine uly päsgelçilikler döretdi. Hakykata eserdeň garamaga bolan batyrgaý çagyryşlar şol mahallar syýasy hem döwlet işgärleriniň arasynda-da bolupdyr. 1922-nji ýylda Türküstan Halk komissarlar sowetiniň başlygy, belli döwlet işgäri Gaýgysyz Atabaýew basmaçylyk hereketine bolan garaýyşdaky dowam edýän bitaraplylygyň zyýanly taraplaryna ünsi çekmek isläpdi. Basmaçylyk hereketlerine goşulanlaryň hemmesini biraýakdan sürüp, baryny sowet häkimiýetiniň duşmany hasap etmegiň özi, bolşewikleriň ile jar eden syýasatyna gabat gelenokdy. Aldananlaryň, täze häkimiýetiň syýasatyna düşünmeýänleriň ýa-da ony kabul etmeýänleriň boljakdygy hakykat. Şu hakykaty real kabul edip, ilatyň dürli gatlaklary babatda aýry-aýrylykda sabyrlylyk bilen iş alyp barylmaga derek, güýje daýanmak, mejbury suratda sowet häkimiýetini ykrar etdirmek syýasaty alnyp baryldy. Bu syýasat basmaçylyk hereketiniň giňemegine, barly däl gatlagyň hem oňa goşulmagyna getiripdi. Gaýgysyz Atabaýew tüýs mahalynda juda zerur meseläni orta atan ekeni. Emma onuň paýhasa iterýän pikirinden ugur alynmandyr. Ugur alnyp hem bilinjek däldi. “biz bilen bolmadyk biziň duşmanymyz” diýen prinsip höküm sürýärdi. Çeper edebiýatyň obýekti hökmünde anyk taryhy şertlerde ýaşaýan adamyň real durmuşy alynman, sosialistik realizmi döreden syýasatyň islegine görä toslanan taryha bap geljek galp adam alyndy. Biz bu ýagdaýy aýratynam taryhy-rewolýusion tema diýip atlandyrylan eserlerimizde gördük. Ýalňyşmaýan bolsam, Orta Azyýa edebiýatynyň tas ýarysy şu tema bagyşlanan. Synpy garaýyşyň dar ölçegi bu eserleriň aglabasyna mahsus. Olar resmi syýasatyň taýýarlan shemasy esasynda döredildi. Ol shema görä, hanlar, serdarlar, baýlar uçdantutma reaksionerler, öz halkyny horlamakdan başga olaryň eden işi bolmandyr. Haýsydyr bir ýazyjy şu ýörelgeden ujypsyzja çykaýan ýerinde tankyt onuň üstünden gor bolup dökülýärdi. Halkyň hakydasynyň telper däldigine şükür edäýmeli. Neneňsi ýagdaýda-da, aýgytly pursatda är işini bitiren ägirtleri ýadyndan çykarmandyr, kalbynyň pynhan ýerinde saklamagy başarypdyr. Amaty geldi welin, şine ýaryp çykyberdi. Gowşut han, Nurberdi han... Emlägini ölçäp, synpy derejesine mynasyp diýip geýdiren gara lybasymyzy aýryp, taryhy şahslar hökmünde olaryň hyzmatlaryna sarpa goýup başladyk. Jüneýit hanyň, Eziz hanyň gapdalynda ullakan sorag belgisi dur. Bu belgi täze garaýyşyň alamaty. Synpy çäklilikden çykagadan olaryňam durmuş ýoluna gaýtadan ser salyp göreliň. Eger olaryň ornunda bolan bolsadyk, özümiz nähili hereket ederdik? Belki, olar biziň galyň eserlerimizde suratlandyrylyşy ýaly, öz ilini çapyp ýören beýle bir haramzada-da däldirler? Belki, Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow gor bolup dökülýän tankydyň öňünde ýöwsellik edip, käbir halatda öz islegleriniň tersine gidendirler? Olaryň şahsy tragediýasyna, döwrüň iňňän çylşyrymly dramasyna bir taraply çemeleşendirler? Döwrüň tragediýasy adamlaryň ykbalynda ýüze çykýar. Zarba urujy çäreleri amala aşyrmakda edebi tankydyň oýnan roluny inkär edip bolmaz. Ýazyjylar tankydy halanoklar diýen igenjiň ýerliksizdigi şundan soň düşnükli bolar. pikiriň dürlüligini, erkinligini “ideýa yrgalyny” diýen aýyplama bilen ýazyjyny kötekläp gelen tankydy kim halar öýdýärsiňiz? Ol tankyt edebiýatyň ösüşine ýardam etmän, döredijini ideologiýanyň baknalygynda saklamak üçin gorky serişdesi bolup hyzmat edip geldi. Eger ýokardan salgy berilýän ideýa tabyn bolup, täze zawod gurýan işçileriň, çuň buraw bilen nebit alýan nebitçileriň, “ak altynyň” harmanyny beýgeldýän pagtaçylaryň kommunizme golaýlaşdyrýan edermenliklerini wasp edýän eserler ýazsaň, höweslendirmelere, baýraklara golaý durýandygymyzy bilýärdik. Bu ýoluň sýužeti, konflikti, çözgüdi taýyndy, kelle döwme aladaň ýok, ýaltanma-da, ýazyber. Bol gazanjyň daşyndan çeper edebiýatyň gerçegi hökmünde seni belende galdyrarlar, mekdeplerde terjimehalyňy okadarlar, kaşaň zallarda häkimiýetiň içgin tagallasy bilen ýubileýiňi dabaraly belläp geçerler. Şeýlelikde resmi edebiýatyň resmi şahslarynyň arasyndaky ornuňy eýelärsiň. Biz muňa ýazyjynyň gazanybiljek bagty diýip düşünýärdik. Biz bir ugurly edebiýaty okamaga endik etdirilen okyjylaryň gözüne belent bolup görünýärdik. *** Häzir resmi ideologiýanyň çeper edebiýata monopolistik täsiri aradan aýrylyp barýar. Soňky döwrüň aýanlyk syýasaty, pikir erkinligi, taryhyň beýan edilişindäki birtaraplygyň soňuna çykylyp barylmagy çeper edebiýatda kanun hökmünde öňe tutulan ugurlardan daşlaşmaga bolan meýli güýçlendirdi. Öňki apalanan eserlerimize garaýyşlar üýtgeýär. Ýyllaryň dowamynda sosrealizmi beýik usul hökmünde bize düşündirip gelen tankytçylaryň arasynda-da ondan ýüz öwürýänler, asyl ony taýaklaýanlar köpelip barýar. Hakykatdan ynançlarynyň üýtgeýändigi üçin edýän bolsalar, bu taýda geňläp oturara esas ýok. Emma döwrüň göterýän zadyny et-de, şemalyň ugruna öwsüber, hor bolmarsyň diýen ýaly ýörelgä eýerilýän bolsa, muňa gorky diýip düşüniň. Gorky bolan ýerde hakyky ynanja bil baglap bolmaz. Mundan beýläk ýazyjynyň meşhurlygy diňe okyjylaryň goldawyna, söýgüsine bagly bolsun gerek. Köppikirliligiň, erkinligiň zamanynda ony hem gazanmak juda kyn bolar. şonuň üçinem resmi syýasatyň emri bilen geçirlen haý-haýly ýubileýleriň gabarasyna garap, ýazyjylaryň mertebesini ölçemek endigimizden barha daşlaşmaly bolarys. Emma şu ýörelgä juda imrigen döredijilik adamynda häzir gorky döremegi adaty ýagdaý. olar islegsiz, serişdesiz galarys öýdýärler. Dabaraly ýygnaklardan, hormatly orunlardan dynyp oturybermek kyn düşýär. Näme-de bolsa, döwrüň emri bilen ýaşamaly bolarys. Eger okyjy bizden ýüz öwürse, esasy günäni özümize syrykdyrmaly bolarys. Demokratiýanyň kadasy şeýle. Demokratiýa hakynda Uinston Çerçil şeýle ýazýar: “Demokratiýanyň kemçiligi az däl, ýöne entek hiç kimiň ondan gowy zat döredip bilmändigi onuň ýeke-täk artykmaçlygydyr”. Türkmenlerde “Taýagyň iki ujy bar” diýilýär. Bir ujundan tutup, beýleki ujy bilen depäňden inderýärler. Garaz, taýagyň ortasyndan tutulmaýandygy belli. Ortasyndan tutulsa, eýýäm ol taýaklyk manysyny ýitirýär. Bize ortalyk gerek, aýratynam demokratik prinsiplerde ýaşamaga isleg bildirýän jemgyýete ortalyk ýagdaý juda islegli. Diýmek, biz taýagy aradan aýyrmaly bolarys. Hakykat ortalykda. Gegel hem şony tassyklaýar. Gegel iki ujuň ortasynda hakykat ýatyr diýen bolsa, Gýote ony problema bilen çalşyrýar. Eger ylalyşyga gol ýapjagymyz çynymyz bolsa, gapma-garşy duran iki tarapyňam ortadaky problema üns bermegi zerur. Ony äsgermedik halatymyzda neneňsi ýagdaýyň döreýändigini aşaky mysalda görüp geçeliň. Geçen ýylyň aýagynda Türkmen döwlet uniwersitetinde şeýle bir waka boldy. Alymlar soweti filologiýa fakultetiniň bäşinji kursunda okap ýören studenti şark-mark okuwdan çykarýar. Esasy tutaryk: ol student ýoldaşlaryny mitinge çagyrypdyr, Leniniň heýkelini zaldan aýyrmagy talap edipdir. Sowetiň mejlisinde studentiň pikirini diňlemek gerekdirem öýtmändirler. Eger Soýuzda bolup geçýän wakalaryň möçberinde garasaň, bu ýerde oda-köze düşüp, jenaýat agtaryp ýörmek ýerliksiz ýaly. Emma miting diýlende ony diňe döwlete howp salýan bozgaklygyň alamaty hökmünde kabul edilen halatynda çykaryljak netijäni özüňiz bilýänsiňiz. Sowete gatnaşan kyrkdan gowrak alym studenti uniwersitetden kowmagy biragyzdan goldaýar. Studentiň ýoldaşlary protest hökmünde açlyk yglan etjekdiklerini duýdurýarlar. Bu çäreden ätiýaç eden ýolbaşçylar iki günden soň meselä gaýtadan dolanýarlar, sowetiň çlenleri düýnki kararlarynyň garşysyna ýene-de biragyzdan ses berýärler. Bary-ýogy iki günüň dowamynda ters tarapa öwrülip bilýän alym kişileriň messebine baha bermegi okyjylaryň ygtyýaryna goýmak bilen, men ýene-de taýagyň iki ujuna dolanmakçy bolýaryn. Bir ujunda studentiň talaby, beýleki ujunda sowetiň karary. Hany ortalyk? Respublikada dowam edip gelen ýagdaý, jemgyýetçilik pikiriniň derejesi bizden ortalyk talap edýär. Lenini hudaý derejesine göteren ideologiýanyň howasyndan dem alyp kemala gelen adamlara, ony inkär ediljek bolýar diýen ätiýajyň döremegine sebäp bolup biljek maýdaja gürrüň hem gorkuly görünýär. Olar Leniniň eserlerini kelle döwüp öwrenmediler, diňe ol hakda döredilen legendalara ynanyp ulaldylar. Leniniň özem derwaýysdyr öýden ýerinde halky mitinge çagyrypdyr, näme sebäbe bu gün studentleri mitinge çagyrýan adamy ýazgarmalymyş diýilmegi ähtimal. Bu sowalyň äheňine üns beriň! Muny biziň durmuşymyzy Leniniň taglymatynyň aýnasydyr öýdüp gelen adam aýdarmyka? Men-ä hä diýip biljek däl. Muny gözüniň ody alynmadyk adam diýip biler. Oňa biziň neslimiz nähili jogap berer öýdýärsiňiz? Isle unaň, isle ret ediň, jogap şeýleräk bolar. Adamlary mitinge çagyrmak aňsat, emma mitin bizi haýsy ugra alyp giderkä? Şu sowaly ünsden düşürmäliň. Onsoňam olar mitinge barjaklarmy? Biz bu güne çenli ýygnak, miting diňe häkimiýetiň, partiýanyň geçirmeli çäresidir öýdüp geldik. Olardan bigeňeş geçirilýän bolsa, döwlete garşy bir çäredir, oňa gatnaşmagyň özi oňňullygyň üstünden eltmez diýen gorky bar. Bu pikiri üçin adamlary ýazgaryp, olary syýasy taýdan passiwlikde aýyplap bolmaz. Her kim alan terbiýesine görä, öz aladasyny edýär. Bir günde olary üýtgetmek başartmaz. Döwlet syýasatyndan, ýerli häkimleriň etmişlerinden närazy adamlar mitinhe barany bilen akylly-başly, sabyrly gürrüň ediljegine ynamyň barmy? Gahar-gazap, ýigrenç paýhasdan öňe düşse, nähili bolar? nähili bolýandygyny Orta Azyýa respublikalarynda bolan mitingler görkezdi. Zorluk ikinji bir zorlugyň döremegine getirýär. Üýtgedip gurmak syýasaty zorlugyň syýasaty däldir. Eger pikir erkinligini durmuş kadasy hökmünde kabul edýän bolsak, iki tarapam şol ýörelgä eýermeli bolar. durmuşyň akymy kimiň rüstemligini aýyl-saýyl eder. Taryhyň dowamynda dartgynly pursatlar halkyň durmuşynda bola-bola gelýär. Amatly çykalga tapmakdan ötri, ylalaşygy, agzybirligi gazanmakda halkyň taryh boýy toplan tejribesini unutmalyň. Belki, şol tejribede biziň halkymyza häsiýetli birgiden oňaýly alamatlar jemlenendir, olary täzeçe işletmelidir? Halk tejribesiniň gymmatly mirasy hökmünde men türkmeniň GEŇEŞ däbini dikeltmeli diýjek. Elbetde, hemişeki geňeş bilen häzirki geňeşiň arasynda bir giden tapawudyň boljakdygy kanuny ýagdaý. bir döwlete birleşip bilmedik türkmen taýpalary ýurduň ykbaly bilen bagly uly çözgüdiň zerurlygy ýüze çykan halatynda geňeşe ýygnanypdyr. Bu köplenç daşardan howp abananda bolupdyr. Häzir üstümize abanyp gelýän eli ýaragly duşman bolmasa-da, ykbalymyzyň öwrümli pursatynda dogry çözgüdi tapmak ýagyny gaýtarmakdaky tagalladan pes däldir. Adamkärçilige, paýhasa, sabyrlylyga gol ýapyp, birek-birege gulak asmagymyz gerek. Hemişe geňeşe tire-taýpalaryň wekilleri gatnaşypdyrlar, döwleti bolmadyk halk üçin bu wekilçilik dogry çözgüt. Häzir türkmeniň öz döwleti bar, onuň özygtyýarlylygyny jar etdik. Indi tire-taýpa wekilçiligi aradan aýrylýar. Meniň pikirimçe geňeşe jemgyýetçilik we professional toparlaryň wekilçiligi esasda ýygnanylsa, demokratiýanyň däplerini berjaý etmäge has amatly bolan ýagdaý dörärdi. Geňeşe beýleki halklaryň wekillerem deň hukukda gatnaşyp biler, ýöne milli toparlanyşyklar esasda däl-de, professional hem jemgyýetçilik toparlarynyň çlenleri hökmünde gatnaşarlar. Umuman, milletlere parh goýmak meýlini inkär etmeli. Adminstratiw ýa-da haýsydyr bir partiýanyň hem zorlugy duýulmaly däldir. Orta atylan mesele boýunça geňeşiň gelen netijesi döwleti dolandyrýan ýolbaşçylar üçin degerli çäreleriň badalgasy bolup biler. Geňeşe döwlet organynyň ygtyýarlylygyny bermegiň zerurlygy ýok, ol halk pikirini öňe sürýän maslahatçy bolmalydyr. Geňeş diýilse, diňe ýaşulular gatnaşmalydyr öýtmäň. Biziň jemgyýetimiz demokratiýa çyndan meýil edýän bolsa, geňeşde halkyň dürli gatlagynyň sesi eşidilmeli bolýar. Ýaşulular bilen deň derejede ýaşlaryň hem pikiriniň diňlenilmegi hökmanydyr. Bu gün ýaşulularyň aýdany ýaşlara kanun bolmalydyr diýip gygyryp otursak, onda ýüze çykan real ýagdaýy bilmän, ýa-da onuň problemalaryny äsgermän iş gördügimiz bolardy. Diňe agzybir bolalyň diýeniň bilen iş bitenok. Milleti, ýurdy agzybirlige, asudalyga alyp barjak syýasy hem ykdysady problemalary batyrgaýlyk bilen çözmeli. Onlarça ýylyň dowamynda birtaraply pikire endik etdirilen, administratiw zorlugyň ejirinden dagdy bolup, gözi gorkuda ýaşan garrylarymyz batyrgaý pikirlerden oňly baş alyp çykyp bilenoklar, baş alyp çykaýjaklary-da töwekgellik etmäge döwtalap däl. Munuň üçin biz olary günälendirmeýäris, olary şol ýagdaýa salan döwri, sistemany günälendirýäris. Dünýä progresine daýanýan, döwrebap, töwekgel pikirleri orta atyp biljek ýaşlaryň tagallasyna gol ýapmagy paýhasly aksakgallarymyzam özlerine kiçilik bilip durmazlar diýen ynamymyz bar. Onsoňam öz şahsy bähbidini araýan, ýa-da öň ýolbaşçy wezipelerde işläp, il abraýyny gazanyp bilmedik, bu gün bolsa ýaşululaň donuny geýip, öňki ýitiren täsirini dolap getirmäge ýykgyn edýän adamlaryň geňeşi şahsy bähbitleri üçin ulanmaklaryna ýol berilmese, şonda işiň amatyna bolar. Geňeşe gatnaşýan adamlaryň birinji maksady respublika ortalyk bähbitleri gözlemekden, şol bähbitleriň çäginde toparlara degişli gaýry meseleleri çözmekden ybarat bolmalydyr. Geňeşe din hadymlarynyň gatnaşmagy şu günüň zerurlygy, ýöne olar haýsydyr bir artykmaçlykdan peýdalanmaly diýen ýörelgäni aradan aýyrmaly bolar. eger din wekili öz toparynyň içki bähbidine maýyl bolup oturman, hakyky musulmançylyga mahsus adyl häkimligiň tarapynda durmak, ejize rehim etmek, haýyr-sahawaty artdyrmak, hudaýyň bendeleriniň deňligini gazanmak ýaly aladalar bilen gümra bolsa, onuň pikiriniň goldanylmajak gümany ýok. Telim asyryň dowamynda döwleti bolmadyk türkmen hemişe goňşy döwletleriň çozmak howpy bilen ýaşapdyr, emma taýpanyň içki durmuşynda ol öz erkinligini saklap bilipdir, ol ýeri gelende tiräniň, iliň hanyna-da göwnündäkini diýipdir, gorkyny özüne hemra edinmändir. Göwnüne deglen ýerinde mertebesini gylyç bilen goramakdanam çekinip durmandyr. Elbetde, bu ýagdaýy amerikaly žurnalist ýaly diňe türkmenleriň batyrlygyna syrykdyryp oturman, ony şol döwürleriň jemgyýetçilik gurluşynyň aýratynlyklary bilen düşündirilse, ylmy taýdan ygtybarly bolardy diýen ynanja eýermekçi bolýaryn. Häzir türkmenleriň döwleti, prezidenti bar. Eger geňeş prezidentiň ýanynda bolmaly diýen pikir ýüze çykaýsa, mazaly oýlanmaly bolar. Umuman, geňeşiň döwlet organlarynyň täsirine düşmegi gerekmi? Ol garaşsyz, meýletin, halk pikirini aňladýan demokratik birleşik bolsa, has ähmiýetli bolmazmydy? Biziň etimize-ganymyza ornap giden gorkudan dynmagymyz üçin hem garaşsyz geňeşiň bolmagy zerur. Gorky diňe garamaýagyň başyndadyr öýtmäň. Gorky barlyda-da, emeldarda-da ýeterlik. Ol wezipesiniň elden giderinden, ýygnan zadynyň ýitmeginden gorkýar. Garaz, kim bolanda-da adama gorkusyz ýaşamak miýesser etmändir-dä diýmegiňiz ähtimal. “Gorkmadyk sylamaz” diýen söz halk pähiminden döräpdir, biz ony inkär etjek bolup oturamzog-a. Bu ýerde aýdylýan gorkynyň manysy adalaty basyp ýatyrýan, adamyň mertebesini basgylaýan gara güýjüň öňündäki gorkyny aňladanok, meniň aňlaýşyma görä, adalatyň öňündäki gorky. Adalat hemme adama ýarap durandyr öýtmäň. Ýene “Hudaýdan gorkmadygyň imany ýokdur” diýilýär. Hakyky manysynda hudaýdan gorkmak wyždanyň, ynsabyň öňündäki borç bilen utgaşýar. Ol adamy ahlak arassalagyna gönükdirýär. Wyždansyz bolmakdan gorkýan adamyň gorkusy hiç mahal onuň mertebesiniň peselmegine getirmez, ony belende göterer. Eger ony gorky diýip atlandyryp bolýan bolsa, özüm-ä şeýle gorkynyň tarapynda. Kanunyň öňünde-de gorky bolup biler. Adalatly kanundan ynsaply, niýeti düzüw adam gorkýan däldir, olar adalatsyz kanundan ejir çekýärler. Jemgyýeti sosial gorkudan halas etmegiň esasy ýoly adalatly kanun döredip, onuň öňünde ähli adamyň deňligini gazanmakdan ybarat. Biz muny demokratiýa daýanýan, raýatlarynyň mertebesini Kanunyň güýji bilen sözüň doly manysynda gorap bilýän döwletde berkarar edip bileris. Aprel, 1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |