10:31 Gorky bilen boýun egdirmek | |
GORKY BILEN BOÝUN EGDIRMEK
Publisistika
"Meniñ indi AKP hakda hiç zat aýdasym gelenok!" Şeý diýdim welin, tanyş-bilişlerim geñ galdy. Ýogsam bolmasa. Meniñ beýle djýmegimiñ sebäbi, 22 ýyldyr gaýtalanyp duran boş sözleriñ hiç üýtgemeýänligi! Soñky saýlawy Erdogan ikinji tapgyrda gazandy welin, tanyşlarymyñ biri sms ugradypdyr: "Indi başymyza geljekleri görersiñ". Başymyza geljekler diýmek bilen, onuñ göz öñüne tutýan zady - şerigat düzgüniniñ guruljakdygyna çyny bilen ynanmagy! 22 ýyllap dynuwsyz gaýtalanyp duran gorky çeşmesi şu... Hepdäniñ soñunda dostlarymyñ üns merkezinde-de şuña meñzeş gorkular bardy. Eýse Erdogan HÜDA-PAR partiýasy bilen nämüçin güýç birikdirdi? Bu soraga syýasy taýdan köp taraply jogap berip bolar. Başda-da ýazyşym ýaly gürrüñim AKP däl! 22 ýyllap gürrüñini etmeli başga bir wawwaly temamyz bar: Oppozisiýa! Birnäçe ýyl bäri yzy tükenmeýän gorkularymyz sebäpli oppozisiýa garşy hiç kim dil ýarmady we ýarman gelýär. Türkiýäniñ esasy meselelerinden biri aslynda oppozisiýa. Hawa, 22 ýyllap meseläniñ bir ýoluny tapyp oppozisiýa gelmezliginiñ ýeke-täk sebäbi: Gorkularymyz! * * * Beýnimizde “amigdala” diýilýän ýer bar. Gorky bilen bir hatarda duýgularyñ sazlanyşyndan jogapkär ýer... Adamlarda amigdalanyñ birnäçe ruhy näsazlyk bilen ilteşiginiñ bardygy anyklandy. Mysal üçin, yzygiderli aljyraññy haldaky araçäk şahsy näsazygy barlarda adatdaka garanda çep amigdala işjeñligi ýokary. Galyberse-de, sag amigdala näsazlygy sosial işleýiş ukyplaryna täsir edýär. Sosial fobisi bar näsaglarda amigdala işjeñliginiñ artýandygy aýdylýar. Şizofreniýa kesellilerdr sag amigdala çepe garanda has köp. Umuman şeýle. Käbir maýmynlaryñ has añsat eldekileşdirilýändigini bilýärsiñizmi? "Rheseus" maýmynlary bilen geçirilen ylmy-barlagda amigdalalarynda lezion-näsazlyk tapylan maýmynlaryñ sagdyn beýnili maýmynlara garanda howply elementlere hasam garşylyksyz galýandygy görüldi. A adamlar? Gorky arkaly amigdalanyñ oýarylmagy adamlarda nämelere sebäp bolýar? Amigdala howp hasaplaýan närsesiniñ ýa-da ýagdaýynyñ garşysynda nähili garşylyk berýär? Munuñ syýasy netijä gelmelere edýän täsiri nähili bolýar? * * * Gorky - ýokanç kesel ýaly duýgy. Adaty ýolukmalaryñ müñ essesindenem köp. Mysal üçin, sosial mediýada bir pikiriñ töwereginde birleşen adamlaryñ emele getirýän ýañy gorkynyñ sakasyna öwrüldi. Hiç bir tarapdan ynandyryjylygy ýok sözler hiç hili seljerilmezdan ýyldyrym çaltlygynda ýaýraýar. Pikirdeş adamlaryñ şolar ýaly ýagdaýda gorkmagy "pandemiýa" ýol açýar... Munuñ şeýledigini bilýän adamlar gorkynyñ üstünden "ynanç" ýaýradýar... Ýigrimi iki ýyllap häkimiýet başynda oturan partiýanyñ ýene bir gezek saýlawlarda üstün çykanlygyndan gorkan tanşymyñ beren garşylygy munuñ netijesi: "Şerigat gelýär!" Adamlaryñ şu tarapyny bilen "Cambridge Analytica" ýaly şereketler şol manipulirleme tehnikasyny" ulandy, häzirem ulanýar. Meselem, saýlawçynyñ nämeden gorkýandygyny bilip, şoña görä maglumaty öñünde goýýar! Soñky saýlawda häkimiýetdäki partiýanyñ garşysyna gidýänleriñ HÜDA-PAR/Hizbullah, oppozisiýa garşy gidýänleriñem Kandil/PKK gorkusyny sanjym edýändiklerini gözümiz bilen gördük, başymyzdan geçirdik. Galp maglumatlar ýaýradyldy duruldy. Gorkýanlar bilen gorkuzylýanlar partiýasyna dört el bolup ýapyşdy. Saýlawa gidesi gelmeýänlerem ylgap ses bermäge gitdi. Meniñ ýaly hakykaty öñe sürýänlerem her hili myjabata uçrady. Ine, hepdäniñ ahyrynda tanyş-bilişler bilen özara gürrüñimiziñ aýlanyp-dolanyp "AKP-den gorkulmagyna" gelende, men şol sözi diýdim: "Meniñ indi AKP hakda hiç zat aýdasym gelenok!" Ýigrimi iki ýyl bäri bu gorky syýasaty gutarmady, gutarjaga-da meñzänok. AKP-niñ nähiligini, nämäni etmedigini we etmejegini 22 ýylda şindizem öwrenmedikmi? Asyl gürrüñi edilmeli zat - oppozisiýa dälmi? AKP gorkusyndan ýaña oppozisiýanyñ hiç gürrüñini edemzok pikir alyşamzok. Munuñ soñuna nokat goýsak gowy bolmazmy? Pikirleniş dünýämiziñ göýdükleşdirilýändigini hiç kim görenokmy? Oppozisiýanyñ gorkusy arkaly bizi boýun egdirmekleriniñ soñuna nokat goýmak gerek. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |