GÖROGLY BILEN BAGLY SOWAL
Göroglynyň döreýişi, haýsy halka degişliligi, haýsy döwürde ýaşandygy barada dürli pikirler dowam edýär. Eýranda Russiýanyň konsuly bolup işlän gündogarşynas Aleksandr Hodzkonyň syýahatlardan soňky ýazgylaryna salgylansaň, Görogly türkmenleriň teke taýpasyndan çykan şahandaz adam bolan, özem Eýran bilen Türkiýäniň aralygyndaky söwda ýollarynda talaňçylyk edip meşhurlyk ga- zananmyş, ýaşan mahalam XVII asyryň ikinji ýarymy bolmaly.
Belli alym I.P.Petruşewskiniň “Oçerki po istorii feodalnyh otno- şeniý w Azerbaýdžane i Armenii w XVI i naçale XIX wekah” diýen ki- tabyndaky pikirlere salgylanyp aýtmaly bolsa, Osman imperiýasyn- da halkyň hal-ýagdaýynyň juda agyrlaşmagy bilen bagly, XVII asyryň başynda maýda feodallaryň hem olary goldan daýhanlaryň gozgalaňy başlanýar. Oňa taryhda jelalylaryň gozgalaňy diýilýär. Emma şyh Jelalyň özi şondan bir asyr öň gozgalaňa baştutanlyk eden adam. Soňky gozgalaň hem şonuň ady bilen atlandyrylypdyr. Bu gozgalaň bir ýurduň çäginde durmaýar, assa-assa Kürdüstana, Ermenistana, Azerbaýjana ýaýraýar. Sefewiler döwletini has berkeden Apbas şa-da jelalylaryň gozgalaňyny gutarnykly ýatyryp bilmeýär. Gozgalaň köp ýyllar dowam edýär. Ermeni taryhçysy Arakel Tebrizskiý bu uzaga çeken gozgalaňyň 23 sany serdarynyň adyny görkezýär. Şolaryň arasynda Körogly ady bilen biri has-da meşhur bolupdyr. Körogly Azerbaýjanda, Ermenistanda hereket edýär, has takygy Nahçewan ülkesiniň Salmas Hoý diýen ýerinde. Häzir şol ýerde onuň galasynyň harabasam ýatyr.
Aleksandr Hodzkonyň Köroglynyň Azerbäýjan welaýatyndaky galasynyň Şamli-bil (“Dag galasy”) atlandyrylýandygyny ýazýar.
Alymlaryň pikiri esasan gabatlaşýar.
Türkmen alymy Baýmuhammet Garryýew türki halklaryndaky Görogly hakyndaky eposlary derňäp ýazan ylmy monografiýasynda XIX asyryň birinji ýarymynda Aleksandr Hodzko tarapyndan ýazylyp alnan günorta Azerbaýjan wariantynyň beýleki wariantlara garanyňda XVI-XVII asyrlarda Günorta Azerbaýjanda hem oňa golaý ýurtlarda bolup geçen taryhy wakalara has ýakyndygyny belleýär. Bu wariantyň döremegine halklaryň, taýpalaryň, ilkinji nobatda-da türkmen hem azerbaýjan halklarynyň tagallasynyň uly bolandygyny aýtmak bilen, esasy delil hökmünde olaryň Günorta Azerbaýjanda goňşy ýaşandyklaryny, gelip çykyşlarynyň, dilleriniň juda meňzeşdigini tutaryk edýär.
Bu wariant boýunça Köroglynyň gaýduwsyz gahrymanlygy, zehinli aýdymçylygy hakyndaky habarlar Apbas şanyň köşgüne ýetýär. Şa ony özüne ýakynlaşdyrmak isleýär, goşunbaşy bellemäge wada berýär. Emma Körogly şanyň teklibini kabul etmeýär. Şa kemsidilenine gahar edip, kim Köroglynyň kellesini alsa, şol adamy serdar diýip yglan etjek diýýär. Körogly garraýar, Mekgä haja gidermen bolýar. Onuň ýoly Eýranyň üstünden düşýär. Yspyhan bilen Kaşanyň aralygynda Kuhrit diýen kiçijik şäherde Almas han bilen Bährem han onuň kellesini alýar.
Dogrudanam, Apbas şanyň eposa getirilmegi Köroglyny takyk taryhy döwre baglap goýýar. Türkmen “Göroglysynda-da “ol başdan aýak gyzylbaşlaryň garşysyna göreşip geçýär. Eýse, gyzylbaşlar kim?
1502-nji ýylda Ysmaýyl öz ýaranlary bilen Töwrizi akgoýunly türkmenlerden basyp alýar, ilki Azerbaýjanyň, soňra Eýranyň tagtyna çykýar. Ysmaýyl şa Sefewiler döwletini berkarar eden dessine şaýy mezhebini Eýranyň döwlet dini diýip yglan edýär, sünni mezhebine eýerip gelen musulmanlaryň garşysyna ýowuz çäreler ulanýar.
Ysmaýyl şa XIII asyryň ikinji ýarymynda Ardebilde sopuçylyk uguryny ýöreden şyh Sefiýeddin Ishak Erdebilliniň altynjy arkasy. Döwlet guran dinastiýanyň ady hem şol şyhyň ady bilen bagly. Ysmaýyl Hataýynyň tagta çykmagyna ýardam eden türkmen taýpalary
Petruşewskiý şol taýpalaryň arasynda ýedi sanysyny has tapawutlandyrýar: şamly, rumly, ustajly, tekeli, awşar, gajar, zülkadar. Bulardan başga-da asirli, garadagly, türkmenli, gazakly, baýburdly, baýat, talyş diýen taýpalar bar.
Rus alymy P.I.Petrow 1964-nji ýylda ýazan bir makalasynda ady tutulan taýpalaryň esasan türkmenlerdigi nygtalýar. Petruşewskiniň ýazmagyna görä, olar Orta hem Kiçi Aziýadan ýygnanypdyrlar. Meselem, Eýrana baran tekeliler teke taýpasynyň bir bölegi.
Ýokarky taýpalaryň umumy ady bar: gyzylbaşlar. Olar sefewileriň derwüş ordenine gol ýapýarlar, olaryň şyhlaryny özlerine pir edinýärler. Ysmaýyl şanyň kakasy Haýdar şyh olaryň türkmen telpeginiň daşyna on iki zolak gyzyl mata oralan külah bilen çalşyrdýar. Şoňa seredibem olara gyzylbaşlar diýip at goýýarlar.
Aramyzdan juda ir gidenem bolsa, türkmen edebiýatynyň, medeniýetiniň taryhyny öwrenmekde birgiden gyzykly işler ýazmaga ýetişen Ahmet Bekmyradowyň “Göroglynyň yzlary” diýen kitabyny okansyňyz. Ol Göroglynyň gözbaşyny gözläp, biziň eýýämimiziň başky asyrlaryna gidýär. Häzirki biziň okaýan “Görogly” eposymyzyň diňe Öwez bilen bagly şahalaryny jelalylar döwrüne degişli hasap edýär. Halkyň taryhynyň gadymylygyna ynanyp, ony subut edäýjek faktlary köpräk hödürlejek bolup, mahal-mahal howlugýaram. Çaklamalaryň giden bir hataryna ünsi çekmekdenem howatyrlanyp duranok. Biz onuň hyjuwdan doly ýüreginiň joşgunyny aňýarys, duýýarys. Ýöne ylymda çaklamalar hakykatyň ýoluny belertmäge ýardam edip biler, emma onuň özi bolup bilmez.
“Görogly” eposynyň çeperçilik tärlerine halkyň döredijilik babatda asyrlar boýy toplan tejribesiniň oňaýly täsirini duýmak kyn däl. Ahmet Bekmyradow olary “Oguznamanyň”, “Gorkut atanyň” çeperçilik tärlerinden mysallar alyp, deňeşdirip göwnejaý derňeýär Emma meniň pikirimçe, çeperçilik däpleriniň gaýtalanmagy eposyň gahrymanlarnyň taryhy döwür taýdan bir adamlardygny aňladanok.
XVI-XVII asyrda Eýranyň, Türkiýäniň, Horasanyň durmuşynyň köp taraplary “Görogly” eposynda şöhlelenipdir. Ýokarda alymlaryň belläp geçişleri ýaly, tekeli, türkmenli taýpalar gyzylbaşlar birleşme- sine giren ekeni. Olar Rumystandan Eýrana gelendirler diýip aýtsa bolar. Bir mahal olaryň Rumystana-da şu ýerlerden gidendikleri açyk. Diýmek, gyzylbaş adyny alan, agzalan bu taýpalar bärdäki tekelerden, türkmenlerden dini mezhebi babatda tapawutly. Eger Görogly beg şol tekeli-türkmenleriň arasyndan çykan bolsa, onuň-da mezhebi şaýy bolmaly. Emma eposda başdan-aýak oňa Görogly sünni diýýärler. Ahmet Bekmyradow ady agzalan kitabynda: “Eposda garşydaşlary ýygy-ýygydan “Görogly sünni” diýýär. Elbetde, muny yslamyň sünni, şyga bölünşigi bilen baglamaga döwtalap boljaklar tapylar. Ýöne onuň gadymy hunlardan galan bolmagy-da bolup biljek zat. Hytaýlylar hunlara “sunny diýipdirler” diýip ýazýar. Eger gyzylbaşlar döwründe, aýratynam olaryň 232 ýyl dowam eden sefewiler döwletiniň birinji ýüz ýylynda sünni-şaýy garşylygynyň juda ýiti ýagdaýda bolandygyny nazarda tutsaň, onda hakykatdanam dini ynanjyna garap “Görogly sünni” diýlendir diýen pikire gelse bolar. Şol bir mahalyň özünde-de, Görogly şaýylaryň baş ymamy Hezret Alyny özüne pir tutunýar, her ädimde “pirim Aly” diýip gygyrýar.
XVI asyryň başlarynda-da Eýranyň aglaba ilatynyň, şol sanda parslaryň hem sünni bolandyklary bize aýan. Soň sefewileriň döwlet syýasatynyň zoruna çydaman, şaýy mezhebini kabul etmeli bolýarlar, ýöne kabul ediliş döwri onlarça ýyla çekýär. Göroglynyň şaýy mezhebini almadyk ýa-da almaga ýetişmedik tekeli türkmenlerden bolmagy gaty ähtimal.
Aleksandr Hodzkonyň ýazgylaryna salgylansaň, Görogly türkmenleriň teke taýpasyndan bolup, onuň kakasy Türküstan welaýatlarynyň biriniň häkimi Soltan Myrada gulluk edipdir. Ýöne Soltan Myrat welaýat häkimi däl-de, Akgoýunly türkmenleriň döwlet başy soltany bolan. 1503-nji ýylda Hemadan şäheriniň golaýynda Ysmaýyl şanyň gyzylbaşlary Soltan Myradyň goşunyny dargadýar, soltanyň özi Yragyň jümmüşine gaçýar.
Ýene bir fakt. I.P.Petruşewskiniň işlerinde Apbas şanyň garşydaşy, zehinli goşun serkerdesi Jygaly ogly hakynda gysgaça maglumat berilýär. Ol 1605-nji ýylda gyzylbaşlaryň garşysyna garşylyklaýyn hüjüm eden türk goşunyna baştutanlyk edipdir. Görüň, şu iki faktda Görogla dahylly adamlar gyzylbaşlaryň garşysyna göreşipdir.
Gyzylbaşlara giren tekelileriň hem soňy pajygaly gutarýar.
I.P.Petruşewskiniň ady getirlen kitabynda ýazmagyna görä, tekeli taýpasy häli-şindi gozgalaňa ýüz urup, ygtybarsyzlyk görkezeni üçin Apbas şa 1596-njy ýylda perman çykaryp, bu taýpanyň agzalaryny uçdan-tutma gyrmagy buýurýar. Nirede-de bolsa, tekelilerden biri ele salynaýsa bada-bat heläklemegi welaýatlaryň häkimlerine tabşyrylýar. Baştutanlary Mustapa han bilen birlikde tekelileriň aglabasy ýok edilýär, gaçyp-tozup sypanlary-da beýleki taýpalaryň arasynda ýitip gidýärler. Tekeli taýpasy ýaşamagyny bes edýär.
Elbetde, ýok edilen tekeli taýpasyny olaryň gyzylbaşlara giren bölegi diýip düşünmeli. Girmedik tekeler ýaşadylar, göreşdiler. Şeýle dartgynly taryhy wakalaryň fonunda Görogly begiň alyp baran göreşiniň ugury, maksady aýdyň dälmi näme? Belki, ol şaýy-sünni diýip parh goýup duran däldir, horlanan, heläklenen taýpadaşlary, ildeşleri üçin söweşendir, gyzylbaşlardan olaryň aryny alandyr, olara bakna bolup ýaşamazlygyň gamyny iýendir? ..
Tirkiş JUMAGELDI.
Edebi makalalar