15:23 Göwündäki gündelik -11/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Akademik Gaýyp Nepesowyň öz eli bilen ýazan ömür ýoly hakdaky ýatlamalarynda şeýle setirler bar: "Men 17 ýaşanymda ilkinji gezek mekdep partasynyň başyna geçip oturdym. Şeýdibem 32 ýaşda instituty tamamladym“. Öte zehinli bolmasaň, azapdan-zähmetden basylmasaň, tutan ýeriňi goparmasaň, ylymdyr sowada on iki süňňüň bilen berilmeseň, ömür ýoluňda beýle şowlulyk miýesser etmeýär. Gaýyp Nepesow diňe bir türkmenleriň içinde däl, eýsem Orta Aziýa halkarynyň arasynda hem taryh ylymlarynyň ilkinji doktory. Türkmenistan Ylymlar akademiýasyny esaslandyryjy akademikleriň biri, "Garagalpagystan Respublikasynyň ylymda at gazanan işgäri” diýen hormatly ada ilkinji bolup mynasyp bolan, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň uniwersitetleridir institutlarynyň mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň onlarçasyny ýetişdiren, birgideniniň kandidatlyk, doktorlyk işlerine ýolbaşçylyk eden, iň esasam, milli ylymda yz goýan adamlaryň birnäçesine halypalyk eden pedagog. 1948-nji ýylyň başynda 41 ýaşly alymy SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmen filialynyň Prezidiumynyň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlaýarlar. Şonda SSSR YA-nyň Prezidiumynyň başlygy, dünýä belli alym, meşhur geolog, ömrüniň köp bölegini Türkmenistan bilen baglan, milli geologiýa ylmynyň esasyny goýan hem-de onuň ösmegi, türkmenlerden tanymal geologlaryň ýetişmegi üçin uçursyz alada eden, uly hyzmat görkezen akademik D. W. Naliwkin ýörite aşgabada gelip, eden çykyşynda “tutuş Soýuzda eýýäm ykrar edilen alym, gurmaçy ýolbaşçy Gaýyp Nepesow bu wezipä tüýs mynasyp adamdyr“ diýip belläp geçipdir. 26.01.2019. * * * “Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalalaryň birindäki şeýle maglumatlarda gözüm eglendi: “Häzirki wagtda dünýä siwilizasiýasy «maglumatlar jemgyýeti» diýlip atlandyrylýan täze döwre gadam basdy. Bu döwürde adamlaryň iş öndürijiligi olaryň intellektual derejesi bilen kesgitlenilip, maglumatlara uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda maglumat ykdysadyýetiň ösüşine düýpli täsir edýär. Onuň şeýledigini şu mysal hem tassyklaýar: 2019-njy ýylyň 13-nji ýanwarynda bazar kapitalizasiýa görkezijisi boýunça düzülen dünýä reýtinginiň birinji onlugyna girýän kompaniýalaryň 7-si maglumat tehnologiýalary bilen meşgullanýan kompaniýalardyr. Bilermenleriň çaklamagyna görä, 2020-nji ýylda dünýäniň ilat sany 7,75 milliarda deň bolup, her adam bir sekundyň dowamynda 1,7 Mb maglumat döreder. Bu maglumatlary toplamak we seljermek ähli ykdysady amallary ýokary takyklykda çaklamaga mümkinçilik berer. Maglumatlaryň aglaba bölegi adamlar däl-de, eýsem, enjamlar tarapyndan dörediler.” Biziň döwrümiz gör nähili özgerýär, alhepus, aň ýetmez çaltlykda! 28.01.2019. * * * “EUROPE INITED” žurnalynyň soňky sanlarynyň birinde şeýle maglumat berlipdir: ýagny, Germaniýa 2020-nji ýyla çenli ýurduň energiýa bolan mätäçliginiň 18 göterimini Günden, ýelden, hem-de biomassalardan alynýan ebergiýanyň hasabyna ödemekçi bolýar. 2016-njy ýylda bu görkeziji 14,8 göterime ýetipdir. Ýewropa Bileleşigine girýän 18 ýurduň 11-si 2017-nji ýylyň ahyrynda bu babatda öz öňlerinde goýan meýilnamalaryna ýetdiler hem-de ýene öňe ilerlemegi niýet edinýärler. Bu meselede lider-öňi çekýän ýurtlar Şwesiýa (53, 8) hem-de Finlandiýa (38,7) döwletlri hasaplanýar. Ýene-de bir maglumat has gyzykly. Dünýä ýüzünde benziniň bahasy yzygider ýokarlanyp gidip otyr. Şonuň üçin hem elektomobilleri döretmek meselesinde alymlar “kelle döwýärler”. Eýýäm bu meselede belli bir derejede gazanylan netijeler, umyt ederlik “gözýetimler” hem bar. Statistika häzir Ýer ýüzüniň ýollarynda ýöräp ýören dürli uaglaryň 6 göteriminiň eletromobiller arkaly hereket edýändigini habar berýär. Özem şol energiýa aglaba biomassalaryň, zyňylýan zir-zibilleri energiýa öwürmegiň hasabyna alynýar. Ýer ýüzünde energiýa serişdelerine geljekde barha mätäçligiň dörejekdigi düşnükli. Eýsem ýylyň 330 güni açyk howaly, Günüň gyzgynlygy elmydama ýetik Türkmenistany bu meselede bagty çüwen hasaplap boljak-da! Jurnal Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň halklarynyň gepleýän dilleri hakda hem bilip goýaýmaly maglumatlary çap edipdir. Ýewropa geoykdysady giňişlikde 24 dil resmi hasaplanýar, şolaryň üstüne 60 sany dürli dilleri hem goşmaly. Bu dillerde diňe belli bir çäkdäki milletler ýa-da halkyýetler gürleýär. Ýewropa Bileleşiginde nemes dili has giň ýaýran, onda 95 million ilat gürleýär. Žurnalda ykdysady syn hem bar. Statistik maglumatlara görä, 2018-nji ýylda jemi içerki önümiň möçberi hem-de alyjylyk isleglerini kanagatlandyrmak jähtinden 18,5 göterim ösüş gazanypdyr. Bu görkeziji babatda ABŞ-dan ( ol ýurtda ösüş 15,1 göterim) öňe geçenem bolsa, Hytaý heniz hem öňdeligi elden bermän gelýär. Hytaýda ýokarky görkeziji 18,7 göterime deň bolupdyr. Umuman, bu babatda ýewropalylar ikinji, ýaponlar bolsa dördünji (4,16 göterim) orunda dünýäniň ykdysady “parowozyny” çekip barýarlar. Ýaponlar diýlende ýene-de bir biläýmeli zady agzaly. “Tokio” sözi ýapon dilindäki “To”-Gündogar, “Kio”-baş şäher sözlerinden emele gelip, “Gündogardaky baş şäher” diýen manydadyr. 29.01.2019. * * * “Nesil” gazetiniň şu günki sanynda Atamyrat Atabaýewiň Şygryýet hakynda ýaş şahyrlara gollanma (bilgeşleýin garaldýan-üns çekmek üçin) diýen tüýs gerekli, goşgny nähili ýazmalydygyny änik-şänik edip berýän goşgysy çap edildi. Sizem okap görüň! Sebäbi mundaky setirler-ündewler ähli zamanda, ähli “men şahyr” diýýänler, özüni şahyr saýýanlar, taňry zehini joş urýanlar ýa-da körzehini bilen poeziýa meýdanynda gündiziň güni eli çyraly gezýän bedibagtlar üçin tüýs tymsal: Goşguda il-günüň düýni, ertesi, Şu güni, şöhraty-şany bolmaly. Göýä gadymýetden gelen erteki, Geljek günler oň nyşany bolmaly. Şu günüň şatlygy, könäň perýady, Pesleriň pesligi, beýikleň ady, Ýurduň dagy-düzi, deňzi, derýasy — Üstündäki gök asmany bolmaly. Teselli bolmaly ejiz aglanda, Aň bolmaly il bir zady aňmanda. Halkyň ýapyşara zady galmanda, Hem ruhy, hem suwy, nany bolmaly. Pak şänik gerek däl, gerekdir maňzam, Dişläre diş gerek, çeýnäre agzam. Ýelekde ýazsaňam, setirde agram Hem-de özüň söz pälwany bolmaly. Kä öňe ymtylyp, kä yza tesip, Gol ýaýradyp, gülläp barsaňam ösüp, Ýorunja deý orup, üzüm deý kesip, Öz setirleň mert bagbany bolmaly. Uçar goşgy ganatdyr per berdigiň, Janyňdan jan, ýürekden ýer berdigiň. Bir näumyt ýatan hassaň derdiniň Emi-ýomy hem dermany bolmaly. Uzyn, gysga, döwük, uly setirler, Alynsa, şahyryň puly setirler. Hiç kime derkar däl öli setirler, Ölmeýän, çykmaýan jany bolmaly. Suw çykmaýan ýeri gazmak gerek däl, Köp suw berip, tarpyn bozmak gerek däl. Gyzyl syýa bilen ýazmak gerek däl, Setirde şahyryň gany bolmaly. Akly gözden, çyn duýgusy ýürekden, Şöhlesi alkymdan, güýji bilekden Çogup duran, nogta saçy ýüpekden, Janyňa hyrydar hany bolmaly. Garşyňa gidene garşy durmaga, Darkaş gerek bolsa, darkaş gurmaga, Çenän zadyň maňlaýyndan urmaga Boz tüpeňiň didiwany bolmaly. Ejiz däl-de, güýçli bolsun ýykjagyň, Teşne bolsun sözden suwa ýakjagyň. Asmana göterlip, göge çykjagyň Basgançagy, merduwany bolmaly. Setirler urgan deý işilse elin, Dawada araçy, ýaryşda — emin. Dyňzap duran duýgam derkardyr welin, Çuň pikir, giň paýhas, many bolmaly. Gowşak sözlän sözüň ile ýetirmez, Zandyňdan çykmasa, abraý getirmez. Özüň ýazyp, özüň dogran setirleň Hem-ä dosty, hem duşmany bolmaly. Süsüşse, ýeňlermiş şahy kelekler, Pikiriň eleýän paýhas — elekdir. Oýlanyp otursaň, köp zat gerekdir Hemem az zat — setir sany bolmaly. 29.01.2019. * * * Düýn Türkmenistanyň Surtakeşler birleşiginiň sergiler zalynda uly halypa, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýese, Hormatly il ýaşulysy Saragt Babaýewiň şahsy sergisi açyldy. Ol ýerde saragt halypanyň 200-den gowrak eserleri goýuldy. Ajaýyp dabara boldy. Şol ýerde bolan birje wakany hem gürrüň bereýin. Baran adam kän. Şolaryň içinde belli ýazyjymyz Kömek Kuly hem gabat geldi-de, birsalym gürleşip durduk. -“Heňňam hekaýatlaryňy” okaýan, tüweleme, gowy-diýdi. Menem: -Hekaýa ýazybilmeseň hekaýat ýazmaly bolýar-diýdim. Umuman, döredijilik adamlary bilen döredijilge dahylly çäredir beýleki ýerlerde duşsaň, heziller edäýýäň. Şu günki “Türkmenistan” gazetinde zehinli kärdeşimiz Myratgeldi Berdiýew “Heýkele öwrülen ykbal” atly gowy makala ýazypdyr. Şondaky şeýle setireler gör nähili göwnemakul: “”heýkeltaraş heýkeliň içine girmese, heýkele jan girmez” diýýärler”. Ýene bir jümle: “Özüni daşa meýletin baglan halypa heýkeltaraşyň eliniň degen daşlarynyň gör, näçesiniň ýüregi eräp, sungata öwrülendir”. Bu nähili? “ Men henize-bu güne çenli sungatyň kimdir birini barýan dogry ýolundan sowanyny eşidemok. Ýöne haýsydyr bir spektakla tomaşa edip, haýsydyr bir kitaby okap, haýsydyr bir heýkeli synlap, durmuşyny gowulyga tarap özgerden adamlary bolsa näçe diýseň aýdyp biljek. Şonuň üçinem Dostoýewskiý: “gözellik adamzady halas eder” diýipdir”. Ussatlar hakynda ussatlarça ýazylsa, göwne jüňk bolaýýar. 31.01.2019. * * * Bilmeýän köne sözleriňi göreňde ýitigiň üstünden baran ýaly bolaýýň. «Türkmenistan» gazetinde çykan bir makalada aşakdaky sözleri okadym: Hyza—bugdaý desselerini harmana daşamak üçin ýörite ýasalan gural. Ol ХХ asyryň başlarynda ýüze çykyp, Etrek eteklerinde we Ahal sebitlerinde ulanylypdyr. Parhow—kerpiçden ýa daşdan örülip, ýörite galla saklamaga niýetlenen jaý. Olar dürli beýiklikde we dürli ölçeglerde bolup, onda 100 putdan 110—120 puta çenli däne saklamaklyga mümkinçilik bolupdyr. Şular ýaly parhowlaryň 3 bölekden durýan we her böleginde 1—1,5 tonna däne saklamaklyga niýetlenen görnüşleri hem bolupdyr. Parhowlar, esasan, daglyk we dag etek sebitlerinde ýaşaýan ilatyň durmuşynda giňden ulanylypdyr. Ýanawçy—galla meýdanlaryny wagtynda sürmek, bejermek, suwarmak, ekmek, hasyly isripsiz ýygnap almak bilen meşgullanýan daýhana goşmaça meýletin kömek berýän adam. Nekirt—galla oragyny, sürümi, ekişi başlap bermek. Santartyk—peşgeş berlen galla harmany. Jabdyk—galla harmanyny köpçülik bolup deň paýlaşmak. Zirät—galla harmanyny paýlaýjy. Epenek hak—galla harmanyndan miraba hormatlanylyp berilýän hasyl paý. Peýmen—gallany ýerleşdirmek üçin ýörite dokalýan, ýedi put agramdaky bugdaý sygýan çuwal. Tugur—elekden geçmän galan ownuk däne gatyşykly bugdaý başlary. Galbir—bugdaý däneleri elenýän elek. Çäç—döwlenden soň atylyp, entek elenmän, harman bolup ýatan bugdaý üýşmegi. Bir atymlyk üýşmek bugdaý çäjine «maýy» diýilýär. Harpyk—bugdaý köwzelende, tiriň içindäki däneleriň ýüzüne çykýan gabyklaryň üýşmegi. Tir—galla öwsülýän gap. Towza—degirmende bugdaý üwelende kilwana galla harmanynyň möçberine görä tölenýän hak. Nerme—döwek döwlende bugdaý harmanynyň daşyna halkalanyp aýlanýan däne gatyşykly saman üýşmegi. Girmiş—galla oragy möwsüminde daýhanlaryň birek-birege gezekli-gezegine kömekleşmegi. 1.02.2019. * * * Minnetdarlyk sözi sada bolarmyş... Hormatly ýazyjymyz Gurbannazar Orazgulyýew! Hormatly ýazyjymyz Atajan Tagan! Size bolan hormatymy we minnetdarlygymy, Siziň eserleriňize bolan söýgümi we hormatymy şu ýazgylaryň üsti bilen size ýetiresim gelýär. Hormatly ýazyjylarymyz! Siziň her bir döreden we döredýän eserleriňiz öz okyjylaryňyz üçin ürç edip okalýan, olaryň uly söýgüsine mynasyp bolan eserler. Özüm-ä Siziň diňe bir uly göwrümli eserleriňizi däl, eýsem gazet-žurnallardaky çykyşlaryňyzy, oçerk-makalalaryňyzy, ýazyjy şahyrlar hakdaky ýatlamalaryňyzy hem yzygiderli okaýan. Okadygyňça okasyň gelýär, okadygyňça her okan zadyňdan täze bir zat öwrenip bolýar. Hormatly Gurbannazar aga! Arada siziň “Mugallymlar gazetinde” çap edilen oçerkiňizi okadym. Uzak ýyllar mekdepde çagalara bilim bermekde päk zähmeti bilen adygan, tüweleme, ýurdumyzda tanymal mugallymlaryň biri bolan, gaýynagam Kakageldi Ataýew baradaky bu oçerkiňizi okap hem begendim, hem buýsandym. Nämä ukyply bolsaň, hämä mynasyp bolsaň beýik Biribar şony-da nesibäňe berýär diýleni. Siziň bu oçerkiňiz tüýs ýerine düşen oçerk bolupdyr. Öz mähriban obaň, öz ýakyn adamlaryň hakdaky şeýle täsirli hem çeper ýazylan ýazgylary okamak hemmeler üçinem buýsandyryjy we ýakymly bolsa gerek. Hormatly ýazyjymyz, sag boluň edýän işleriňize! Okyjy söýgüsi uly söýgi. Bu söýgä, bu hormata mynsayp bolmak, ýazyjy üçin uly sylag, uly serpaý. Söýgüli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň bir gowy setiri bar: ,,Söýgä mynasyplar söýgüni göterýändir’’. Siz hem mähriban ýazyjylarymyz öz eserleriňiz bilen özgeleriň ýüregine haşamlap nagyş salýan duýgularyny gozgaýan, ýüreklerini gobsundyrýan, olaryň durmuşyna şatlyk paýlaýan, durmuşyna täsir edýän eserleriňiz bilen şol söýgüni göterýän adamlar. Gowy gören eserlerimi gaýta-gaýta okaýaryn. Hormatly Atajan aga, Siziň, ,,Uruş haçan gutarýar’’ diýen hekaýaňyz hakda aýdasym gelýär. Bu hekaýany men juda gowy görýärin. Okadygymça ýene-de okasym gelýär. Hekaýadaky gahrymanlar bilen bile bolarsyň, ýylgyrsa ýylgyrarsyň, begense begenersiň, gynansa senem bileje gynanarsyň. Garazhaý, eserdäki durmuşda senem ýaşaýarsyň. Bu–da ýazyjynyň beýikligi. Köp sag boluň Atajan aga, şeýle eserleriňiz üçin! Hormatly Gurbannazar aga! Siziň,, Heňňam hekaýatlary’’ atly kyssa eseriňiz okyjynyň ýüregini gobsundyryp, duýgularyny gozgaýan eserleriň biri. Bu eserde ýatlanylýan zehinli sungat ussatlary Çary Nurymow, Nury Halmämmedow, Baba Annanow, Artyk, Jallyýew hakyndaky ýazgylaryňyzy tolgunman, gözüňe ýaş aýlaman okamak mümkin däl. Ylahy zehinden paýly türkmen halkymyzyň beýik ogullaryna bolan buýsançdan ýaňa depäň gök direýär. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly atamyzdan soň, meniň hormat goýýan ýazyjy şahyrlarym Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Nury Baýramow, Häzik Annatyýewa, ýazyjy Osman Öde. Men bu ýazyjy-şahyrlara mydama hormat goýýaryn we baş egýärin. Ýene-de söýüp okaýan ýazyjy-şahyrlarymdan Atamyrat Atabaýew, Gurbanýaz Daşgynow, Atageldi Allanazarow, Terjimeçi-ýazyjy Rahmet Gylyjow, ýaşlyk ýyllarymyzyň söýgüli ýazyjylary Şirinjemal Geldiýewa, Ogultäç Orazberdiýewa. Meniň bu ýazyjy- şahyrlara bolan hormatym çäksiz. Men okamagy juda gowy görýärin. Okamak durmuşymyň aýrylmaz bölegi. Käwagtlar özümem nähilem bolsa, nämedir bir zatlar ýazasym gelýär. Aýlanýan, dolanýan, özümde bilmän Açaryn gapysyny bu syrly dünýäň – diýip, elime kagyz-galamymy alanymy duýman galýan. Şu ajaýyp mümkinüilikden peýdalanyp, söýgüli žurnalymyz ,,Diýar’’ žurnaly barada ýazasym gelýär. Ady ýaly owadan bu žurnalyň her sanyny eliňe alanyňda, dürli güllerden boglan ajaýyp gül çemenini eliňe alan uly duýgy kalbyňa dolýar. Bu gül çemeniň bark urýan hoşboý ysynda, gözel Diýarymyzyň yssy mähri, söýgüsi, şatlygy, joşguny, bedew batly ösüşlerine bolan buýsançly ylham – bularyň hemmesi jemlenip, okyjynyň ýüregine şeýle bir mylaýym we ýakymly täsirini ýetirýär. ,,Diýar’’ žurnalynyň redaksiýasynyň işgärlerine çekýän zähmetleri üçin öz adymdan, ähli okyjylaryň adyndan tüýs ýüregimden minnetdarlyk bildirýärin! Hormatly Prezidentimiz, Mähriban Arkadagymyzyň şeýle bir ajaýyp sözleri bar: ,,Saz we söz sungatynyň gadryny bilýän ynsanlar ýagşylyk eýeleridir. Olaryň köňli sahabatlykdyr, olar hemişe haýryň tarapyndadyrlar, döwletli işe mubteladyrlar. Şeýle adamlaryň hazarlarynyň nurlylygyndan aňyp bolýar. Ruhy dünýäsiniň baýlygy ynsanyň daşky keşbini nurlandyrýar’’. Nähili ajaýyp sözler! Şeýle sözleri aýdýan Prezidenti bar halk, nähili bagtly diýip oýlanýan. Her gezek şu sözleri gaýtalap okanymda, siz göz öňüme gelýärsiňiz, mähriban ýazyjylar! Eziz Allanyň eçilen nygmaty, ylahy zehinden bol paý berilen hormatly ýazyjylarymyz! Alla size mundan beýlägem uzak ömür, berk jan saglyk bersin. Ylham goruňyz egsilmesin. Okyjylaryň size bolan söýgüsi, hormaty üstünlikler we şowlylyklar bilen bezelen durmuş ýoluňyza hasam bezeg bersin! Gülleýän, gül açýan mähriban Watanymyzda Hak nazary siňen eziz Arkadagymyzyň saýasynda görjegiňiz mydama gowluk bolsun! Size hormat goýmak bilen öz okyjyňyz Ataýewa Şemşat. * * * Aşgabada bir günläp, asyl ondanam artygrak ýagyş ýagdy, soňuny gara tutaýjak ýalam etdi-de, başarmady. Ýöne şäheriň ileri etegine, Köpetdagyň depelerine galyň gar ýagdy. Düýn Akmuhammet Hemit bilen asma ýola gitdik. Baý, adam bary barypdyr. Hemmelerem gar görjek, çagajyklaryň ýany bilen käşir alyp baranlaram bar, “gardan adam ýasajak” diýip. Haýran galmaly, asma ýola ýetäýmänkäk, dag içindäki öwrümde bir düýp erik, ondan aňyrda bolsa ülje gülläpdir. Ak güle bürenip otyr, gapdalynda-da ak gar ýatyr. Geň görnüş! Häý, agaç janawer ýeňlesje gyz ýaly howlugaýypdyr-da, indem sowuk urar weli, miwesiz galar (durmuşda ir ýalňyşýan, ýaşyndan öň ulaljak, ulularyň edýänini özünde synap görjek bolýan eýjejik gyzlaryň ykbalam miwesiz galmaga barýar, haýp). Dagyň depesindäki garyň galyňlygy gonjuňdan geçýär, has köp düşen ýerlerem bar. Belki, gar ýene-de ýagaýady-da! 8.02.2019. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |