17:34 Göwündäki gündelik -12/ dowamy | |
* * *
Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginde giňden tanalýan hem-de ykrar edilen meşhur alym, manyly ömrüni ylma bagyşlan, gazet-žurnallar bilen ýygjam aragatnaşyk saklan Paltamät Esenow ömrüniň soňky günlerinde «Diýar» žurnalynyň redaksiýasyna şu makalany getiripdi. Biz ajaýyp alyma iman baýlygyny diläp, täsirli hem peýdaly ýazgylaryny žurnalymyzyň şu ýylyň 2-nji sanynda okyjylarymyza hödürläpdik. Ynha, şol: Suwuň bolmadyk şertlerinde adamzadyň ýaşaýşyny göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ýer ýüzünde ilatyň sanynyň artmagy tebigy baýlyklara, şol sanda suw bilen üpjün etmegiň ýagdaýyna gös-göni baglydyr. Şunuň bilen baglylykda häzirki döwürde suwuň gytlygy gün-günden ýitileşýän global meselä öwrülip barýar. Ýer togalagynda suw gorlarynyň umumy möçberiniň 97%-i ummanlarda we deňizlerde jemlenip, olaryň diňe 3%-i süýji suwlardyr. Süýji suwlar buzluklarda, ýerastynda we topragyň gatlaklarynda toplanandyr. Süýji suw gorlarynyň ýarysyndan köprägi buzluklardadyr. Gеçirilen bаha bеriş bаrlaglaryna görä, häzirki döwürdе dünýäniň ilаtynyň 1 milliаrddan gоwragy suw ýetmеzçiliginden еjir çekýär. ВMG-niň hаsaplamalaryna görä, 2025-nji ýyldа dünýäniň ilatуnyň 3 milliаrda gоlaýy suw mesеlesinden kуnçylyk çеkýän ýurtlаrda ýaşаp, olаryň suw gуtlуgy mеsеlesi bilеn ýüzbе-ýüz bоlmаgynа gаraşylýar. Gurаk zоlaklarda ýеrleşen ýurtlаryň 40-а gоlaýy bu ýurtlаra dаşyndan gеlýän suwа bаgly bоlup, оlar suwа 50% we оndan-da köр dеrejede mätäçlik çеkýär. Нäzirki wаgtda dünýäniň ilаtynyň ýаrysyna gоlaýy iň uly dеrýalaryň оnusynyň kеnarlarynda ýaşаýar. Olаra Dunаý, Gаng, Нind, Nil, Ýаnszy, Mеkong, Ýеwfrat, Riо-Grаnde, Lа-Рlata, Мurreý-Dаrling derýalary degişlidir. Bu derýalaryň suw toplaýan aýtymlarynda ýaşaýan ilatyň 41%-i suw gytlygyndan ejir çekýärler. Bu derýalaryň ugrunda köpsanly bentleriň gurulmagy, suwuň uly möçberde suwaryş üçin alynmagy, klimatyň üýtgemegi, çendenaşa köp balyk tutulmagy munuň esasy sebäpleridir. BMG-niň hasaplamalaryna görä, dünýäniň iň iri derýalarynyň 227-sine bentleri we kanallary gurmak bilen 60%-den gowrak möçberde aşa agram salynýar, bu bolsa öz gezeginde olaryň ugrundaky ekoulgamlaryň zaýalanmagyna alyp barýar. Eger ХХ asyryň başynda beýikligi 15 metrden uly bolan bentleriň sany örän az bolan bolsa, bu san eýýäm 1950-nji ýylda 5000-e ýetdi, ХХI asyryň başynda bolsa suw bentleriniň sany 50 müňe golaýlady. Suw üpjünçilik meseleleriniň ýitileşmegi dünýäniň käbir sebitlerinde ХХ asyryň ikinji ýarymynda has hem güýçlendi. Bu ýagdaý, ylaýta-da, Aziýa materigi üçin kyn şertleri döretdi, bu ýerde dünýäniň ilatynyň ýarysyndan gowragy ýaşaýar, emma onuň paýyna suw gorlarynyň 36%-i degişlidir. Suw üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklaryň döremegine ilatyň sanynyň artmagy, suwarymly ýerleriň meýdanynyň giňelmegi hem-de suwa bolan islegiň ýokarlanmagy sebäp boldy. Eger ХХ asyryň başynda dünýäde suwarymly ýerleriň umumy meýdany 48 million gektar bolan bolsa, asyryň ahyrynda ol 247 million gektara çenli, ýagny 5,5 esse artdy. ХХI asyryň başlarynda bu san eýýäm 274,1 million gektara barabar boldy. Dünýä ýurtlarynda oba hojalygynyň suw bilen üpjün edilişiniň deň bolmaýşy ýaly, olaryň suwdan peýdalanyş derejesiniň hem deň däldigini bellemek gerek. Bu ýagdaý dünýä derejesinde howanyň üýtgemeginiň we ilatyň sanynyň artmagynyň şertlerinde kynçylykly ýagdaýlary döredýär. Suw üpjünçilik meseleleri geljekde suwarymly ýerleriň giňelmegi üçin çäklendiriji ýagdaý bolup durýar. Käbir ýurtlarda suw gytlygy has ýiti duýulýar. Bu ýagdaý oba hojalygynyň ösmeginde suw üpjünçiliginiň möhüm ornuny kesgitleýär. Suw meselesiniň häzirki ýagdaýy dünýäniň gurak zolaklarynda ýerleşen döwletlerde örän möhüm ekologik we ykdysady mesele hökmünde öňe çykýar. Merkezi Aziýa sebitinde ХХ asyryň başlarynda dürli suwaryş torlary bilen enjamlaşdyrylan ýerleriň meýdany 2,5-3,5 million gektar bolup, bu san asyryň ahyrynda 7-8 million gektara çenli artdy. Suwarymly ekerançylyk işleriniň depgini, ylaýta-da, 1960-njy ýyldan soňra has hem güýçlendi. Agzalan döwürde 1 gektar suwarymly ýer üçin alynýan suw yzygiderli azalýar, bu ýagdaý häzir hem dowam edýär. Bu sebitde ilatyň sanynyň artmagy sebäpli, jan başyna düşýän sürüm ýerleriniň meýdany hem azalýar. Bu görkeziji ХХ asyryň başlarynda Merkezi Aziýada 0,6 gektar bolup, asyryň ahyrynda ol 0,2 gektara çenli azaldy. Sebitde suwarymly ýerleriň meýdanynyň artmagy netijesinde, zeýakaba-zeýkeş suwlarynyň döremegi sebitiň ösüşiniň häsiýetli aýratynlygydyr. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkeziniň maglumatlaryna görä, Merkezi Aziýa sebitinde soňky ýyllarda her ýylda ortaça 30 kub metr zeýakaba-zeýkeş suwlary (ZZS) emele gelip, 16%-i suwaryş üçin gaýtadan ulanylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň öz harajatlarynyň hasabyna «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmagy we onuň birinji tapgyrynyň 2009-njy ýylda işe girizilmegi bilen netijede Lebap welaýatynyň çepkenar zolagynda emele gelýän zeýkeş suwlary «Altyn asyr»Türkmen kölüne ugrukdyrylýar. Bu ýagdaý Amyderýanyň orta we aşak akymlarynda ýaşaýan ilatyň saglyk derejesine, suwarymly ýerleriň duzlaşmagyny azaltmaga oňyn täsir edýär. Bu işler Türkmenistanyň tebigaty goramak we ekologiýa meseleleri boýunça halkara konwensiýalaryna hem ylalaşyklaryna gol çekmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirýändiginiň subutnamasydyr. Уsrаýyl döwlеti оba wе suw hоjalyk tehnоlogiýalarynyň dеrejesi bоýunça dünýäniň öňdеbaryjy döwlеtleriniň biri hаsaplanylýar. Уsrаýyl döwlеtiniň geоgrafik şеrtleri оba hojаlygyny alуp barmаkda bеýle bir оňaýly däldir. Ýurduň umumу mеýdanynyň (2,2 milliоn gеktar) ýаrysyndan gоwragyny çöllük ýеrler tutýаr, ýurduň ýеrleriniň diňе 20%-i оba hоjalygyny alуp bаrmak üçin ýarаmlydyr. Ysrаýyldа bar bolan işçi güýjüniň diňe 3.7%-niň оba hojalygy bilen mеşgullanýandygyna garamazdan, döwlet özüniň oba hojalyk önümlerine bolan hususy zerurlyklarynyň 95%-ni üpjün edýär. Ýurdуň içine diňe däne, et, ýаg, kofe, kаkao, gаnt ýaly önümler getirilýär. Oba hojalyk ekinleri demirgazykdaky kenarýaka düzlüklerinde, Galileý kölüniň töwereklerinde hem-de Iоrdan derýasynyň jülgelerinde ýetişdirilýär. Suwarymly ýerleriň umumy meýdany 1948-nji ýylda 30 müň gektar bolup, häzirki wagtda 300 müň gektara golaýdyr. Уsrаýylyň oba hojalyk kärhanalary köpçülikleýin işlemäge esaslanýan kibutsylarda we moşawlarda alnyp barylýar. Ýurtda öndürilýän täze ter önümleriň 76%-i, täzeden işlenýän önümleriň aglaba bölegi kibutsylarda we moşawlarda ýetişdirilýär. Toprak we howa şertlerine baglylykda Уsrаýylda oba hojalyk önümleriniň köp görnüşleri: dänelik ekinler, sorgo, mekgejöwen, bakja ekinleri, pomidor, hyýar, burç, alma, armyt, çereşnýa, hurma ekilýär. Üzümçilik ýurduň ähli ýerlerinde ýaýrap, bu ugurda Ysraýyl dünýä derejesinde uly üstünlikleri gazanandyr. Tehniki ekinlerden gowaça 30 müň gektara golaý meýdana damjalaýyn suwaryş usulyny ulanmak bilen ekilýär. Gowaçanyň aziýa sortlaryndan her gektardan ortaça 55 sentner, amerikan sortlaryndan 50 sentner hasyl alynýar. Bu dünýädäki iň ýokary görkezijileriň biridir. Уsrаýyl döwlеti tarуhynyň bütin dоwamynda içеrki sаrp еdiş üçin еlmydama suw ýеtmezçiliginden kуnçylyk çеken döwlеtdir. Suw ýеtmezçiligi ýurduň çäklеriniň Оrtaýer dеňiz klimаtynyň we ýаrym çöl şеrtlerinde ýеrleşmegi bilеn bаglydyr. Ýаgyş ýаgýan möwsümiň dört аý töweregi dоwam еtmegi tеbigy suw gоrlarynyň tорlanmagyna (уlaýta-da gurak ýyllаrda) wе ýurduň suw zеrurlyklaryny üрjün еtmäge mümkinçilik bеrmeýär. Bu ýagdaý Уsrаýyl döwletiniň suw üpjünçilik ulgamynda dürli ugurlarda iş alyp barmaga zerurlyk döredýär. Olara aşakdaky strategik ugurlar degişlidir: — zyňyndy suwlary ýörite enjamlaryň kömegi bilen arassalap, soňra olary oba hojalyk zerurlyklary üçin ýerleri we baglary suwarmakda hem-de senagat maksatlary üçin peýdalanmak; — deňiz suwuny süýjetmek hem-de «tersin osmos» tehnologiýasynyň esasynda bu suwlary howpsuz agyz suwuna öwürmek; — şorlaşan ýerasty we ýerüsti çeşmeleriň suwuny süýjetmek; — hapalanan ýa-da şorlaşan suw çeşmelerini dikeltmek. Ysraýylda suw üpjünçilik meseleleri boýunça döwlet syýasaty «Mekorot» döwlet suw kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar. Bu kompaniýa 1937-nji ýylda döredilip, ol suw gorlaryny dolandyrmak, süýjetmek, zyňyndy suwlary arassalamak we gaýtadan peýdalanmak, suw üpjünçiligi boýunça taslamalary ýerine ýetirmek bilen meşgullanýar. Barlaglary yzygiderli alyp barmak, tejribeleri geçirmek we innowasiýalary ornaşdyrmak bilen «Mekorot» kompaniýasy çylşyrymly howa we geosyýasy şertlerde ýurduň tiz köpelýän ilatyny suw bilen ýeterlik üpjün edýär. Ýurduň dürli ýerlerinde gurlan 3000 sany desgalaryň kömegi bilen «Mekorot» ýurduň ilatynyň agyz suwuna bolan zerurlyklarynyň 80%-ni we umumy suw zerurlygynyň 70%-ni üpjün edýär. Bu kompaniýanyň düzümine aşakdaky iň uly kärhanalar girýärler: Merkezi filtrasion zawod — dünýädäki iň uly we tehniki taýdan oňat enjamlaşdyrylan kärhana bolup, bir ýylda 500 million metr kub ýokary hilli suwy öndürip bilýär. Lagym suwlary deslapky arassalaýyşdan soňra göwrümi 55,0 müň kub metr bolan howuzlarda 17 sagatlap arassalanyp, soňra ýörite gurlan çägeli howuzlara akdyrylýar. Bu howuzlarda lagym suwlary çägeden süzülip geçirmek bilen arassalanylýar we ýörite gurlan dik guýular arkaly ýokary çykarylýar hem-de suw oba hojalygynda suwaryş işlerini geçirmekde ulanylýar. Arassalanan lagym suwlarynyň ulanylmaýan bölegi ýörite gurlan howdanlarda saklanylýar we olarda bugarma ýitgileriniň öňüni almak üçin üsti togalak (şar) görnüşli örtükler bilen örtülýär, arassalanandan soňra galan galyndylar ekin meýdanlarynda dökün hökmünde ulanylýar. Ýurt boýunça 5 sany desgada süýjedilýän deňiz suwunyň möçberi ýylda 624,0 million kub metre deň bolup, ol ýurduň suw serişdeleriniň 86%-ni tutýar. Arassalanan suwlaryň bir kub metriniň bahasy 0,50-0.80 sent aralygynda bolup, Ysraýyl süýjedilen deňiz suwunyň iň arzan döwletidir. Ysraýyl döwletiniň oba hojalygynda damjalaýyn suwaryş enjamlaryny öndürýän we gurnaýan «Netafim» kompaniýasy 55 ýyl mundan ozal döredilip, onuň esasy edarasy Tel-Awiw şäherinde, onuň bölümleri ýurduň Istah, Katefim we Magal (obalarynda) kibutsylarynda ýerleşýär. Magal kibutsysynda kompaniýanyň tejribe-synag meýdançalary bar. Bu kompaniýa dünýäniň 17 döwletinde iş alyp barýar. Kompaniýa diňe damjalaýyn suwaryş enjamlaryny öndürmekden başga-da, suw göterijilerini gurnamak, suwaryş ulgamlaryny gurmak işlerini hem alyp barýar. Kompaniýa oba hojalygynda damjalaýyn suwaryşy ornaşdyrmak işleriniň taslamasyny, gurluşygyny we suw çeşmesinden tä ekin meýdanyna çenli suwy eltmek işlerini özi alyp barýar. Damjalaýyn suwaryş ulgamlarynda ulanylýan turbajyklaryň ulanyş möhleti 10 ýyla deňdir. Kompaniýa Hindistanda 11 müň gektar meýdanda damjalaýyn suwaryşy gurapdyr, olaryň iki sany wekili Türkmenistanda, Azerbaýjanda we Gazagystan Respublikasynda hem iş alyp barýar. 1 bir gektar meýdanda damjalaýyn suwaryşy gurnamagyň bahasy birnäçe görkezijilere baglydygy, gowaçada 1 gektar damjalaýyn suwaryşy ornaşdyrmak üçin harajatlaryň, takmynan, 5000 amerikan dollaryna barabar bolýar. Ysraýyl döwletiniň günorta böleginde (Negew çölünde) «Sde-Boker» şäherinde ýerleşýän Ýakow Blauşteýn adyndaky ylmy-barlag Çöller instituty bar. Bu institut Ben Gurion adyndaky uniwersitetiň bölümi bolup, ol döwlet býujetinden hem-de hususy adamlar tarapyndan maliýeleşdirilýär. Ysraýyl gurak we ýarym gurak zolakda ýerleşip, onuň umumy meýdanynyň 65 %-ni çöl ýerleri tutýar. Onda energetika, suw we azyk üpjünçiligini gowulandyrmak, daşky gurşawy goramak we biodürlüligi gorap saklamak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Institutyň ylmy-barlag işleriniň 56-60 %-i döwletiň içinde we galan bölegi daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. Ylmy-barlag Çöller institutynda köp sanly ýyladyşhanalar bolup, olarda gün energiýasyny we beýleki öwezi dolunýan energiýalary ulanmak boýunça işler amala aşyrylýar. Barlaglarda arassalanan lagym hem-de süýjedilen deňiz suwy degişli goşundylar arkaly baýlaşdyrylýar we soňra oba hojalyk ekinlerini suwarmak üçin ulanylýar. Arassalanan lagym suwlaryndan galan çökündileri dökün hökmünde ulanylýar, olardan alnan önümler iýmek üçin howpsuzdyr. Ýagyş suwlary howdanlarda toplanýar, soňra ekinleri suwarmakda ulanylýar, ýörite aýnaly turbalarda ekiniň köküniň ösüşi gözegçilikde saklanylýar. Şeýle-de genetik inženerçilik barlag usullary hem peýdalanylýar. Bu institutyň düzümine girýän Sukerberg adyndaky suw barlaglary institutynda köpugurly barlaglar geçirilýär: — ýerasty suwlaryň gorlaryny anyklamak we san taýdan baha bermek; — suwy hem-de topragy arassalamagyň biotehnologiýa usullary; — ýerasty suwlaryň sebit we halkara rezerwuarlaryny dolandyrmak; — senagatyň we jemagat hojalygynyň zyňyndy suwlaryny biologik serişdeler bilen arassalamagyň usullaryny işläp düzmek; — tersin osmos üçin täze membranalary işläp düzmek we gowulandyrmak hem-de deňiz suwuny süýjetmek; — jemagat hojalygynyň suw akymlary üçin dürli membranalary, şol sanda iongeçiriji membranalary işläp düzmek; — tersin osmos üçin suwuň deslapky işlenişi we ş.m. Kineret köli Iordan derýasynyň ugrunda ýerleşen tebigy çöketlik bolup, ol derýanyň we daş-töweregindäki ýerleriň sil suwlaryny ýygnaýar. Bu köl Ysraýyldaky iň uly tebigy süýji suw rezerwuary bolup, onuň uzynlygy 21 kilometr, ini 12 kilometr, iň çuň ýeri 45 metr, meýdany 167 kub metr (ýa-da 16700 gektar), suwunyň göwrümi 4 milliard kub metr. Bu köl deňiz derejesinden 213 metr pesde ýerleşen dünýädäki süýji suwly kölleriň biridir. Kineret kölüniň demirgazyk böleginden uzynlygy 130 kilometr bolan Bütinysraýyl suw geçirijisi başlanýar we kölden alnan suw ýurduň gür ilatly merkezi hem-de günortadaky suwsuz böleklerine berilýär, suw şäher häkimliklerine, kibutsylara (önüm öndürýän obalar) tölegli esasda berilýär, hususy adamlara bu suwdan berilmeýär. Suw Kineret kölünden 350 metr ýokary göterilip, beton kanaly arkaly suw arassalaýjy desga getirilýär. Bir ýylda arassalanan suwuň möçberi 800 million kub metr bolup, esasan, agyz suwy hökmünde ulanylýar. Suw arassalaýjy desgadan diametri 2,5 metr bolan turba arkaly ýurduň demirgazygyndan günorta tarapa suw akdyrylýar. Häzirki wagtda ikinji Bütinysraýyl suw geçirijisini gurmak meýilleşdirilýär. Bu suw geçirijisi Ortaýer deňzinden başlanyp, ýurduň gündogar we günorta sebitlerini suw bilen üpjün etmäge niýetlenendir. Suwuň gytlygy we howanyň üýtgemegi bilen baglylykdaky meselä Öli deňziniň mysalynda seretmek belli bir derejede Aral deňziniň we dünýädäki guraýan kölleriň ýagdaýyny görkezýär. Öli deňzi Iordan çöketliginiň ugrunda (deňiz derejesinden 412 metr aşakda) ýerleşen Ýer togalagynyň iň pes bölegidir. Kölüň uzynlygy 75 kilometre golaý, ini 17 kilometr, meýdany 1000 inedördül kilometr, iň çuň ýeri 400 metre deňdir. Kölüň duzlulyk derejesi 300-350 bolup, Ýer togalagynda deňiz suwunyň ortaça duzlulyk derejesinden on esse ýokarydyr. Kölüň gündogaryndaky Laşon ýarymadasy kölüň has çuň demirgazyk bölegini onuň çuň bolmadyk (1-3 metr) günorta böleginden arasyny bölýär. Köle guýulýan Iordan we Ýarmuk derýalarynyň ugrunda gidrotehniki desgalaryň işe girizilmegi we suwaryşa alynýan suwuň artmagy sebäpli soňky döwürde kölüň uzynlygy gysgaldy hem-de çuňlugy peseldi. Öli deňziň Aral deňziniň ykbalyny gaýtalamazlygyny göz öňünde tutup, Iordaniýa döwleti tarapyndan ХХ asyryň aýagynda «Öli deňiz – Gyzyl deňiz» taslamasy teklip edildi. umumy bahasy 1 milliard dollardan köpräkdir. Taslama görä, Gyzyl deňizden Öli deňze çenli uzynlygy 200 kilometr bolan kanal gurmak we her ýylda 700 million kub metr suw geçirmek göz öňünde tutulýar. Kanalyň Öli deňze guýjak nokadynda beýikligiň tapawudy 540 metr bolup, bu ýerde GES (gidroelektrik stansiýa) gurmak meýilleşdirilýär. Alnan energiýanyň bir bölegi Iordaniýanyň çäklerinde suwy süýjetmäge sarp ediler, galan suw Öli deňzine goýberiler. Ysraýyl döwletiniň ilaty 8,9 million adam, tutýan meýdany 22 müň inedördül kilometr, ähli suw serişdeleri bolsa 2142 million kub metr möçberdedir. Ekin meýdany 300 müň gektardyr. 2050-nji ýyla çenli ekin meýdanyny 400 müň gektara ýetirmek göz öňünde tutulýar. 2023-2024-nji ýyllarda demirgazykda (Kineret kölünde) suw ýene-de 2 sany süýjediji desgalary gurmak, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli suw süýjediji desgalaryň 1 ýyldaky kuwwatlylygyny 1000 million kub metr möçbere ýetirmek meýilleşdirilýär. Ýurduň suw serişdelerini esasy sarp ediji oba hojalygy bolup durýar. Her ýylda oba hojalygyna 1122 million kub metr, ilatyň agyz suwy hajatlaryna 754 million kub metr, senagata 117 million kub metr we daşky gurşawa 29 million kub metr möçberinde suw bermek bellenen. Ýurt boýunça lagym suwlarynyň 93 %-i arassalanýar we şonuň 85 %-i oba hojalygynda ulanylýar. Ýerli standartlara laýyklykda, 3 gezek arassalanan lagym suwlary bilen islendik ekinleri suwaryp bolýar. Taýýar önüm, esasan, Ýewropa ýurtlaryna çykarylýar. Ösdürip ýetişdirmek amatly bolmadyk ekinler ekilmeýär, olara bugdaý we şaly degişlidir. Ysraýyl döwleti bugdaýy satyn alýar. Maldarçylykda 1 sygyrdan ýylda 12000 litr süýt alynýar. Olar golştyn tohumly (Niderland patyşalygyndan getirilen), ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan sygyrlardyr. Oba hojalygynda ekinleri ösdürip ýetişdirmekde (suw tutmak, dökün bermek) emeli hemralardan alnan, ekinleriň häzirki ýagdaýlaryny görkezýän kosmiki suratlaryň maglumatlary hem giňden ulanylýar. ABŞ-nyň alymlary bilen seleksiýa hem-de genetik inženeriýa ugurlarynda bilelikde işleýärler. Mundan başga-da, fermerleriň bileleşigi bolup, olarda gaznalar hereket edýär. Bu gazna geňeşe özüniň tekliplerini berýär. Umuman, oba hojalygyna goýberilýän maliýe serişdeleriniň 5 %-i ylmy işler üçin harçlanylýar. Ysraýyl döwleti bilen Türkmenistanyň arasynda geografik we howa şertleriniň aýratynlyklary boýunça (ýerüstüniň relýefi, klimat we toprak şertleri, suw serişdeleriniň gytlygy, ösümlik we haýwanat dünýäsi) köp meňzeşlikleriň bardygyny göz öňünde tutup, suw hojalygy, suw serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy we suwy tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ugrunda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bolar. 11.02.2019. * * * Daşoguza gidip-geldik. Iş-döredijilik sapary wagtynda “Altyn asyr” teleýaýlymy üçin “Salam, mugallym!”, “Žurnalistika we döwür” gepleşiklerini ýazdyk, şeýle-de Daşoguz şypahanasyndan “Döwür-Döwlet-Arkadag” gepleşiklerini taýýýarladyk. Gowy oçerk ýazaýsam gerek. Eýýäm başladym, başlasak aldygymyzdyr-la. Howa hem gowy boldy. Kiçi çille wagtam maýylganlyk. Aşgabatda weli ýagyş ýetik, şükür. Aýdylyşy ýaly, “Ýagmyr bilen ýer gögär”. Ýene bir möhüm täzelik. Türkmenisatnyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 14-nji fewaralynda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçdi. Eden çykyşynda ýurt Baştutany syýasy, jemgyýetçilik, medeni, taryh, iň esam, ýaşlar-nesil terbiýesine degip geçdi. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine Myrat Garryýewiň, Milli konserwatoriýa ýa-da Türkmenistanyň Milli medeni merkeziniň Mukamlar köşgüne Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň adyny dakmagy teklip etdi. Şeýle hem Aşgabadyň täze dörediljek etrabynda-Çoganlyda dörejek bölegindäki köçelere, binalara, seýilgählere belli ýazyjy-şahyrlaryň, alymlaryň, umuman, görnükli şahslaryň adyny dakmak, olaryň birnäçesine “Ylham” seýilgähinde heýkel oturtmak teklibini aýtdy. “Ölüsini sylan han, dirisini sylan beg bolar” diýleni. 19.02.2019. * * * Geň galdyran bir zat okadym. Italiýada sygyrlara sagyljak wagty Mosartyň sazyny diňledýärler. Şonda owaza imrinen janawerler has köp süýt berýärler. 20.02.2019. * * * Öýe bardygym, “çeke-çeke” oýny başlanýar. Her gün şeýle. Her gezegem bir-biinden gyzykly. Ýok, ol garrylaryň oýnaýan gadymy”çeke-çeki” däl. Kiçijik adamjyk peltekläp gören zadyny tutýar, tutan zadynam goparjak bolar. Menem haýdan-haý bärsinden ýapyşýan-“goý, bala beýtme!” Heniz bir ýarym hem ýaşamadyk agtyjagym Mälik aňyrdan “beý (“ber” diýdigi peltejigiň) diýip, menem bärden “goý!” diýip, çeke-çeke başlaýas. Öňem biri “Biziň öýümizde bir patyşa bar. özem ýaşy hemmämizden kiçi, hökümi weli, hemmämimiziňkiden güýçli” diýipdir. Şol irretsiz çyn. Özem şol höküm şeýle bir ýakymly, şol oýunlar şeýle bir duýdansyz, şeýle bir gyzykly, heý, goýaý! Ylahym, her bir ata-enä agtyk-çowluk bilen şeýle “hökümdar-hyzmatkär” hezilligi nesip etsin! 27.02.2019. * * * Seýil etmegiň lezzetem bar, ezýetem. Şu gezegem şeýle boldy. “Gyssagly ýagdaýda Türkmen kölüne gitmeli” diýdiler. Ilki-hä “wertolýotda-dikuçarda gdersiňiz, irden sahgat 6-30-da köne aeroportuň SIP zalyna barmaly” diýdiler. Öýleden öňem “derrew wokzala baryp, otla bilen alyň!” diýildi. Gepiň keltesi, agşamara otlynyň biline basylyp, gije 1-iň ýary töweregi Gyzylarbada-Serdara baryldy. Ol ýerde gowy çaý-suw edinibem, maşynda ýarygijeden agansoň ugralyp, daň ujy gyzarmanka içimizi ala sanjydan dolduryp, Türkmen Kölüniň kenaryna ýetdik. Kakamyrat Rejep, Jumamyrat Gurbangeldi, “Altyn asyr”, “TW-4” teleýaýlymlarynyň oglanlaram bar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Altyn asyr” Türkmen kölüne baryp, onuň ekeologiýa ýagdaýy bilen tanyşdy. Ol ýere Türkmenistandaky Halkara Guramalarynyň wekilleri hem bardylar. Hemmesi wertolýotda geldiler, ir guşluk wagty. Howa çigerräk, ýelliräk boldy, mahal-mahal ýagyş guýdy. Gum içlerine bahar nepesi degipdir. Umuman, etmeli işlerimizi birkemsiz bitirdik. Düýn agşam “Altyn asyr” teleýaýlymynda meniň taýýarlan gepleşigim 40 minut çemesi berildi. “Ak ýagyşyň aýdymy” atly uly publisistika hem başladym. Kölüň kenarynda, oňa barýan akabalaryň golaýynda täze oba döretmegiň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýere Serdardan bäri 200 kilometr çemesi aralyga asfalt ýoly çekiler, elektrik, tebigy gaz, aragatnaşyk ulgamlary gurlar. Kölüň ýakasynda telekeçiler balyk awlaýjy hem gaýtadan işleýji kärhanany hem gurmaly. Garaz, Garagumyň gujagyna döwran dönjek. Düýn agşam 8-lere ýadaw halda öýe ýetdik. Ýadaw, üst-baş çaň-tozan, köwüş palçyk. Ýöne täsirler gowy. 1.03.2019. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||