23:39 Göwündäki gündelik -15/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Älhepus! Şahyry dilinden, sazandany dutaryndan mahrum etseň, diri wagty ölýän bolsa gerek. Türkmeniň iň saýrak dilli şahyrlarynyň biri Atamyrat Atabaý duýdansyz düşege baglandy. Wah, gürläp, derdini aýdyp ýatsa, janyň ujy. Aslynda-ha, Hudaý bendesini az iýdirip, aňsatlyk bilenem amanadyny alsa, iň gowusy! Atamayrat halypanyňky kyn boldy. Insult urup, ilki sag elini, soň göwräniň tutuş şol tarapyny hereketsiz goýdy. Keselhanadan çykyp, öýüne gelende, Kakamyrat Rejep bilen soramaga bardyk. Çep eli bilen salamlaşsa-da, dili gepleýärdi. Şonda ol “reanimasiýa” diýilýän ýer-öli bilen diriligiň arasyndakylaryň ýatýan ýeri eken. Şol ýere düşseň, o dünýä ugradyljak ýaly bolýan ekeniň, gowusy öý” diýipdi. Şonda-da ertesi güni özi aýak depip garşy bolsa-da, poliklinikanyň wraçlarynyň talaby bilenmi, garaz, ýene reaniamasiýa salypdyrlar. Şol ýerde-de aýdyşlaryna görä, üçünji gezek insult geçiripdir. 10-15 gün ýatyryp, dilsiz-agyzdyz ýagdaýda öýüne getiripdirler. Düýn soramaga baramda, ýatyr türkmeniň uly şahyry bir gysym bolup. Eti çekilişip, horlanypdyr, ýüz-gözüniň nury öçük, dili geplänok, ýerinden galyp bilenok. Görüp, göwnüm bozulyp gitdi. Uzak oturman (şol bolşuna seredip uzak oturmaga ýürek gerek) turmak bilen boldum. “Atam, gowulaşarsyň, ýazylmaly gowy goşgular entek kändir” diýemde, mäzleşen gözi bilen ýüzüme seredip, bir ajy ýylgyrdy weli, inim dyglap gitdi. Gaýtjak bolamda, elimi goýbermän saklap, bir zatlar aýtjak bolup, dilini aýladam, haýp, ses çykmady, diňe hyňranaýdy. Soňam gözünden iki düwme üzülip gaýtdy weli, hut duran ýerimde möňňürmän, zordan gapydan çykdym. Bibi gelnejä “sag oturyň!” diýip aýdanymy, aýtmadygymam bilemok. Hernä, Biribar derdine şypa bersin-dä! 20.08. 2019. * * * Tomusky dynç alyş aýdylyşy ýaly, “hasylly” geçdi. Ýörite Karar esasynda Baýramaly şypahanasynda 10 günläp dynç aldyk. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy Akmyrat Hudaýberdiýew, “Aşgabat” gazetiniň baş redaktory Annamyrat Mämmedow hem-de men (başga-da ýolbaşçylar, öz kärdeşleimizem bar) bir ýerde bolduk. Bejergem aldyk, dynjam. Şol bir wagtda-da “daýymlara-da gitdik, taýymyza-da baş öwretdik”. Anyk aýdanda, ýörite tabşyryk bilen her baş redaktor günde bir ýerden çykyp, telewideniýe üçin gepleşik etdi. Menem gapdalyma Annamyrady tirkäp, Baýramaly etrabyndaky “Erjel daýhan” hojalygyndan, şol etrapdan “Aýwaly oý” daýhan hojalygyndan, Mary etrabyndan “Azat bazar” hususy kärhanasyndan, Hindiguş elektrik stansiýasyndan “Altyn asyr” teleýaýlymy üçin käsi 40, käsi 1 sagatlyk gepleşikler taýýarladyk. Ýandepderçäm bilen kinnwanja fotoapparatymymam ýanymda. Şeýdibem gelen badyma (dogrusy-ha, ol täsirlerden dörän oçerkler Awazada komýutere ýazyldy) “Bereketli toprak” gazetinde “Erjel mülkdary” görseň...” , yzýandaky günem “Türkmenistan” gazetinde “Aýwaly oýa geliň!” atly oçerkler ýalpyldap çykdy. Häzirem “Çartuduň eýesi” oçerkine dümtünip otyryn. Başlabilseň yzy gidýä-le. Soň 19 günläp-25-nji iýuldan 13-nji awgusta çenli Awazada bolduk. Birinji “Hazar ykdysady forumynyň” çäklerinde gije-gündiz ylgap işledik. Nesibe çekip-ýörute tabşyryk esasynda Kakamyrat, Annamyrat üçümiz deňziň içinde işleýän Malaýziýanyň “Petronas” kompanisyna degişli Magtymguly platformasyna dikuçarda 80 kilometr uçup baryp-gaýtdyk, anyk aýdanda, döredijilik saparyny etdik. Garabogaz aýlagyna, Garabogaz şäherindäki karmabid zawodyna, Türkmenbaşy halkara deňiz portuna, Jebeldäki deňiz duzlaryndan hem-de palçygyndan melhem gaplaýan zawoda... garaz, aýak ýeter ýerlere aýlandyk. Indem, aýdylyşy ýaly, galama bat beribermeli. 23.08.2019. * * * Gezip, idäp ýörseň, il içinde “bäh” diýdirjek zatlar kän. Birküç günlükde akademik Agajan Geldiýewiç Babaýewiň ýanyna baryp gaýtdym. Dünýä belli bu türkmen alymy hakynda ýazyp ýören dokumental powestim 40 sahypadan agyberdi. Ýňne kagyzlar has galňarmyka diýýän, sebäbi onuň ömür ýoly küti kitaba meňzeş. Gepiň keltesi, çaý başynda ol maňa birnäçe kitap, öz döwründe bellik edilen ýazgylary görkezdi. Arasynda komýuterde kitap-monografiýa görnüşine getirilen, görnüşi žurnala meňzeş bir zadam bar. Agajan Geldiýewiç: -Seýitli Söýün diýip eşidensiň-le. Belli žurnalist, öz döwründe Mary welaýat “Bilim” muzeýiniň guramaçy-müdiri bolup işledi. Meniň 90 ýyllyk ýubileýime bagyşlap ýazan oçerki bar eken şunuň içinde, ýadygärlik ýazgy bilen ugradypdyr. Okap göreýin diýseň alaý, ýöne yzyna gowşurmak şerti bilen-diýidi. Alyp gaýtdym. Şonuň içinde täsin bir maglumatyň, heniz açylmadyk syryň üstünden bardym Ol şeýle: Türkmen zenanlarynyň arasynda ilkinji ýokary bilimli mugallym, soň Mary şäherindäki 10-njy türkmen gyzlar orta mekdebiniň direktory (1949-1957 ý) bolan, “Türkmenistanyň at gazanan mugallymy” diýen hormatly ada eýe bolan Durdygül Täçmämmedowa hakyt meniň obadaşym bolup çykaýdy. Gowusy, ömrüni ýagşy işe ulaşdyran, hemişe geň ykballaryň gözleginde bolup, soň şolary kagyza geçirip, metbugatda çap etdirip, sogap alan, alkyş eýesine öwrülen Seýitli Söýnüň şol ýazgysyny dolulygyna okap göräýeliň: ILKINJI MUGALLYM Ýa-da geň ykbal hakda gürrüň Mähriban mugallym üçin bir aýdym. Aşgabadyň gurultaýlar köşgünde mugallymlaryň respublikan VI gurultaýy öz işini dowam etdirýärdi. Zalda oturanlaryň bar ünsi tribunadady. Gurultaýa başlyklyk ediji gurultaýyň öz işini tamamlandygyny, indi bolsa delegatlar üçin giň mazmunly konsert boljakdygyny mälim etdi. Sahnada türkmen aýdymy ýaňlanyp başlady. Türkmen aýdymynyň özüne bendi ediji owazy gulaklara degenden, zalyň orta gürpräginde oturan, gartaşan bir aýalyň goşa didarynda ýaş göründi. Şeýle dabaraly günde ol enäniň, gözünde näme üçin ýaş göründikä? Aslynda bu aýal kimkä? Megerem, bu mähriban aýalyň şol göz ýaşyna sebäp bolan zat, aýdymçy gelniň giň sahnadan: -Meniň şeýle derejä ýetmegime ýatdan çykmajak ýardamyny ýetiren, meni şu ýola gönükdiren, häzir hem şu zalda oturan hormatly mugallymam üçin bir aýdym aýdyp bereýin-diýen sözleri bolsa gerek. Hawa, ol aýal öz göz ýaşyny töweregindäkilerden gizlejek hem bolmady. Sebäbi, ol guwanç hem begenç ýaşlarydy. Gyzlyk berlen gyzjagaz Durdygül Täçmämmedowa 1910-njy ýylda Daşhowuzyň Tagta etrabynda garyp-daýhan maşgalada dünýä inýär. «Iki aýakly iki günde» diýlişi ýaly, Durdygüljik üç ýaşady. Täçmämmet aga baýyň gapysynda talabançylyk ederdi. Ejesi Annajemal bolsa, «elinden dür dökülýär» diýilýän aýallardandy. Günlerde bir gün Annajemalyň erkek dogany gezmäge gelýär. Ol öz aýal doganyndan Durdygüljigi özlerine gyzlyk bermegi soraýar. Annajemala Durdygüljikden aýrylyşmak näçe kyn bolsa-da, perzentsizlik dagyny çekip ýören ýalňyz dogany Annagulynyň göwnüni ýykyp bilmeýär. Annagulynyň aýaly Täjigül Durdygüljigi birbada mähir bilen garşylan hem bolsa soň-soňlar: - Wah, öz bagryňdan önmedik çagadan dişiň ýyrşarmaz Annaguly-diýip, igenjini artdyryp ugraýar. Durdygül şeýle durmuşda daýylarynda 9 ýaşady. Günlerde bir gün Annaguly öýünde agşamlyk edinip otyrka, gapydan iki sany eli ýaragly adam girdi. Olar: -Ä-hä, haramzada. Ahyrym ele düşdüňmi. Tur, öňe düş-diýip, Annagulynyň elini ýeňsesine daňdylar. Durdygüljik bolsa: -Waý, kaka jan-diýip, Annagula tarap okduryldy. Eli ýaraglylaryň biri Durdygüljigi rehimsizlik bilen, honda zyňyp goýberdi. Annaguly elini çekişdirip, öňe dyzady, ýakynyndaky ýaraglylaryň birini jaýdar depdi. Ol ýylan ýaly towlanyp tükgä düşdi. Oňa çenli depileniň ýoldaşy tüpeginiň gundagy bilen Annagulynyň çat maňlaýyna ýelmedi. Annaguly bir ah çekdi-de, zordan: -Durdygül jan, gyzym, mert bolgun-diýmäge ýetişdi. Annagulynyň ölümi Durdygüljige has agyr degdi. Täjigül bolsa, ýaka ýyrtyp: -Dat meniň günüme. Ýeri, bu tulany näme üçin aldymkam? Başyňa ýapjakmy diýsene-diýip, haýýarlyk edip aglaýardy. Ikindinaralar Durdygüljik başy açyk, aýakýalaňaç nirädigini özi hem bilmän, obadan çykyp ugrady. Öňde Durdygüljige iki howp abanýardy. Bir-ä, garaňkylyk, ikinjisi hem Täjigüldi. Durdygüljik aglap barşyna näçe gorksa-da, onuň yzyna gaýdasy gelenokdy. Täjigül Durdygüljigiň agşam öýe gelmändigi üçin aladalanybam durmady. Daýylaryndan çykyp gideniniň ikinji güni Durdygüljigi bir ýolagçy Tagtadaky internata eltip tabşyrdy. Tagtadaky internatda Durdygüli mähir bilen kabul etdiler. Ol ýerde bir ýyl bolandan soň, ony Daşhowuzdaky internada geçirdiler. Maksatly ýol 1930-njy ýyl Durdygül Täçmämmedowa Aşgabatdaky pedagogik kursa okuwa girdi. Munuň hem sebäbi internatda okadan mugallymlarynyň göreldesidi: -Men hem hökman şular ýaly mugallym bolaryn. Onda-da diňe mugallym-diýip, Durdygül internada gelen ilkinji güni öz ýüreginde belent maksat besläpdi. Ýürekde beslenen arzuw kem-kemden öz miwesini görkezip ugrady. Durdygül pedagogik kursy üstünlikli tamamlady. Emma ol munuň bilen kanagatlanyp bilmedi. Ol pedagogik kursy gutaran ýyly 1933-nji ýylda Türkmen döwlet pedagogik institutynyň dil-edebiýat fakultetine okuwa girýär. Okuw kyndy. Onda-da Durdygül ýaly ýygra, utanjaň gyza. Durdygül kursdaşy Pygam Azymowyň, mugallymy Ruhy Alyýewiň ýakyndan kömek bermeginde gije-gündiz yhlas bilen okap, instituty ökdeleriň hatarynda üstünlikli tamamlady. Bu gün bolsa, “kim nirede işlemeli?” diýen mesele çözülýärdi. Durdygül Täçmämmedowany Aşgabatdaky aýal-gyzlar pedagogik uçilişesine mugallym edip bellediler. 1937-nji ýylyň 1-nji sentýabry klasyň içi bahar güllerini ýada salýan al-ýaşyl geýnen gyzlardan doludy. Täçmämmedowa öz häsiýetine laýyk, agras ädimläp klasa girdi. Durdygülüň birbada susty basyljak ýaly boldy. Emma ol özüni tiz ele aldy. Ol okuwçylar bilen salamlaşyp, tanşandan soň klas žurnalyny okap ugrady. — Annagulyýewa Annagül, Kulyýewa Maýa... Sapak gutardy. Ilkinji günüň netijesi ýaman däl. Günler bolsa geçip dur, geçip dur... Okuw ýylynyň ortalarydy. Durdygül ýuwaşja ýöräp ýaşaýan otagyna bardy. Oňa hem gyzlaryň umumy ýaşaýyş jaýyndan bir otag beripdiler. Durdygül çaý-nahar edinmekçi bolup otyrka, goňşy otagda ýaşaýan gyzlaryň biri geldi-de: -Ýoldaş mugallyma, ýörüň bizde naharlanaýyn. Obadan ejem geldi. Gürrüňdeş bolarsyňyz-diýip, Durdygüli alyp gitdi. Durdygül ol gyzyň ejesi bilen gijäniň bir wagtyna çenli gürrüňleşip oturdy. -A gyz, molluma, seniň ejeň, kakaň nirede ýaşaýarlar?-diýlen oslagsyz sowala Durdygül tisginip gitdi. -Kakam men üç ýaşlarymdakam ölüpdir. Ejemiň bolsa nirededigini bilemok. Kakam ölenden soň ejem meni erkek doganyna- daýyma gyzlyk beripdir. Kakalygymy hem gözümiň öňünde «Sen baýlaryň garşysyna gidýärsiň» diýip öldürdiler. Ejeligim bolsa: «Seniň ejeň açlykdan ölüpdir» diýdi. Ýöne göwnüme bolmasa ejem diri ýaly, bar ýaly — diýip, mugallyma gürrüňini gysgaça gutardy. Goňşy otagda Durdygül ertirki boljak sapaklara taýýarlyk görüp otyrdy. Goňşy otagdan ýakymly aýdylýan aýdymyň şirin owazy eşidildi. Durdygül ýuwaşlyk bilen aýdym eşidilýän otagyň gapysyny kakdy. Aýdym sesi tapba ýatdy. -Geliň, geçiň, ýoldaş mugallym! -Meniň geçmäm kyn däl, ýöne aýdym sesi kesiläýdi-le. Hany, aýdyň, bile diňläliň. Ýogsa-da, ýaňky aýdym aýdýan haýsyňyz? -Maýa bilen Annagül-diýip, gyzlardan biri jogap berdi. -Maýa, Annagül! Eger garşy bolmasaňyz, meniň ýanyma geçiň. Öňi-soňy meniň hem ýeke özüm. Siziň bolsa otagyňyz altyňyza darlyk edýär-diýip, mugallyma öz okuwçylaryna ýüzlendi. Gyzlar garşy bolmadylar. Şol günden başlap Durdygül Maýa bilen Annagüle: «Size geljekki türkmen döwlet opera we balet teatrynyň sahnasy garaşýar» diýip, olarda uly arzuw, ajaýyp maksat döretdi. 1960-njy ýylda Durdygül Täçmämmedowany mugallymlaryň respublikan gurultaýyna delegat saýlaýarlar. Hawa, Aşgabadyň Gurultaýlar köşgünde türkmen aýdymynyň owazy ýaňlananda gözüne ýaş getiren aýal Durdygül Täçmämmedowady. Şol aýdymy ýerine ýetiren bolsa, Täçmämmedowanyň ilkinji uçurymlarynyň biri, SSSR-iň halk artisti Maýa Kulyýewady. «Durdygül, gyzym, men seň ejeň...» Durdygül eje mekdepden gelip, poçtalýonyň getiren gazetlerine seredişdirip otyrdy. Onuň ünsi gazetdäki «Doganym, sen nirede?» diýlen sözbaşyly kiçiräjik makalada saklandy. Ol makalany okap boldy-da, eline ruçka alyp, redaksiýa hat ýazmaga oturdy. «Durdygül ejesini gözleýär» diýen sözbaşyly habar Daşhowuz şäherindäki haly fabriginiň ozalky direktory Annajemal Täçmämmedowany guwanç atyna atlandyrdy. 80-iň onuna aýak basan mährem ene-Annajemal Täçmämmedowa wagty ýitirmän «polat guşa» münüp, niredesiň Mary raýonynyň «Leninizm» kolhozy diýdi-de, ýola düşdi. Annajemal eje Marynyň howa menzilinden «Leninizm» kolhozyna telefon etdi. -Allo, kim gerek?-diýip, kolhoz kommutatorynyň nobatçysy Toran Çörow soraýar. -Maňa Durdygül Täçmämmedowa gerek. Gyzym gerek. Men şoň ejesi-diýen ses eşidilýär. -Öwez aga, şäherden Durdygül gelnejäni soraýarlar-diýip, kommutatoryň nobatçysy aýdýar. Durdygül eje telefon trubkasyndan: -Saglyk-amanlykmy gyzym. Men seň ejeň Annajemal, Daşhowuzdan geldim. Aeroporta gelip biljekmi?-diýen sesi eşidýär. Durdygül eje trubkadan eşiden sözlerine ynanmasa-da: -Wah, ejem bor-da, barmanmy. Ejem bolmasa, myhman eken-dä. Daşhowuz ýaly daş ýerden gelen bolsa, hökman baraýyn-diýdi-de, adamsy Öwez agany hem alyp, kolhozyň mele «Wolgasy» bilen Mary aeroportuna garşy eňdi. 52 ýyldan soň eneli-gyzyň tapyşygy «Leninizm» kolhozynda uly toýa öwrüldi. Gadyrlyň gadyry bar Respublikamyzda türkmen aýal-gyzlaryndan ilkinji mugallymlaryň biri Durdygül Täçmämmedowanyň halk magaryfynda bitiren uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, partiýamyz hem-de hökümetimiz tarapyndan ol «Hormat nyşany», «Zähmet», «Gyzyl Baýdak» ordenleri bilen, TSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň hem-de SSSR-iň Magaryf ministrliginiň «Hormat hatlary» bilen birnäçe gezek sylaglandy. Baryp-ha 1947-nji ýylda Durdygül Täçmämmedowa Türkmenistan SSR-niň «At gazanan mugallymy» diýen hormatly adyň eýesi bolupdy. Obalaryň medeni ösüşi hakynda gürrüň agzalsa, «Leninizm» kolhozynyň ady respublikamyzda öňde baryjylaryň hatarynda tutulýar. Şeýle ösüşe şol kolhozdaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy Durdygül Täçmämmedowanyň goşandy az däldir. -Ýetimlik yzda galdy. Durmuşda özümi iň bagtly eneleriň biri hasap edýärin. Meni hem-de meň ýaly ýüzlerçe, müňlerçe ýetim gyzlary elýetmez bagta ýetiren il-günümize baky minnetdar-diýip, at gazanan mugallyma guwanç bilen aýdýar. Durdygül eje bagtly maşgalanyň kerwenbaşysy. Onuň ogly Baýram Türkmen döwlet oba hojalyk institutynyň mehanizasiýa fakultetini gutaryp, inžener bolup işleýär. Baýramçylyk günlerinde Durdygül ejäniň salgysyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gutlag telegrammalarynyň onlarçasy gowuşýar, olar mugallymyň elinde bilim hem terbiýe alan düýnki okuwçylar-şu günki agronomlar, alymlar, nebitçiler, talyplardyr. Alladurdy Gandymow obasyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymlary hem-de okuwçylary bilelikde şol ýylyň bahar baýramçylygyny goşa toýa öwürdiler. Şol toýa oba adamlary-da, köp ýerlerden myhmanlar-da geldiler. 33 ýylap biregne çagalara bilim hem-de terbiýe beren mugallymyň rahat dynç alşa-pensiýa çykmagyna bagyşlanan dabarada onuň okuwçylary, mugallymlar, kolhoz aktiwistleri Durdygül ejäniň bitiren hyzmatlaryna uly baha berdiler hem-de tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar. Bizem sözümiziň soňuny şol dabarada 9-njy synp okuwçysy Ogulnäzik Baýramowanyň öz mugallymy Durdygül Täçmämmedowa bagyşlap ýazan goşgusy bilen tamamlamakçy: Ukusyz geçiren gijeleň bilen, Ýüzläp ynsanlary etdiň bagtyýar. Ýoldaş mugallymam, biziň üçin sen, Çeken zähmetiňe baky minnetdar! 1970 ý. * * * Hormatly Prezidentimiziň Singapur Pespublikasyna döwlet saparynyň (27-28 awgust) hökümýet wekilýetiniň düzüminde bolmak miýesser etdi. Umuman, men saparlar barada “Barlan iller, ýörelen ýollar” atly esse-ýol ýazgylaryny ýazyp ýörün. Şonuň üçin ol hakda bärde anyk-açyk agzap oturmaýyn. Gepiň keltesi, Aşgabada gelip, iş otagymyň gapysyny agsam, bir hatly bukja ýatyr. Açdym, okadym. Ine, indem gylyny gymyldatman size ýetireýin. «Diýar» žurnalynyň Baş redaktory G.Orazgulyýewe Hormatly Gurbannazar aga! Size halypa žurnalist, kärdeş hökmünde hormatym uludyr. Öňi bilen «Bagt bijesi» atly kitabyňyzyň geljekde hem «Höwri köp bolsun!» diýesim gelýär. Özüm publisistik makalalary gowy göremsoň, şu kanikulda kitaby höwes bilen okadym. Publisistiki makalalar maglumatlara diýseň baý. Şonuň üçin-de olarda öwrenere zat köp. Kitabyň öwredijilik we terbiýeçilik ähmiýetli özünde jemleýän makalalary, hekaýalary çeperçiligi we täsirliligi bilen okanyňdan bada-bat özüne çekýär. Metbugat neşirlerinde yzygiderli çap edilýän oçerkleriňizi-de okaýaryn. Mähriban mugallymymyz Ata Myradow baradaky («Jaýy jennetden bolsun!») «Mugallymlar gazetinde» çap edilen we ýazyjy Seýitnyýaz Ataýew baradaky (Jaýy jennetden bolsun!) oçerkleriňiz üçin hem çäksiz minnetdarlygymyzy kabul et! Sag boluň! Taňryýalkasyn! Ylhamyň egsilmesin, hemişe joşgunly bolsun! Şeýle ilhalar materiallaryňyzyň geljekde hem höwri köp bolsun!. Zähmet çekýän mekdebimizde 100-den gowrak mugallym bar. Okandyrlar. Menden: «Sag bolsun! Taňryýalkasyn aýtmagy haýyş etdiler. Kabul ediň! Ömrüňiz uzak, ilhalar materiallaryňyz hem dowamly bolsun! Ýene-de bir köpüň haýyşy: Hormatly Prezidentimiziň baş bolmagynda ýurdumyz uly ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Muňa tutuş halkymyz guwanýar hem buýsanýar. Şol ösüşler bilen baglanyşykly metbugat neşirlerinde çap edilýän materiallarda täze adalgalar we sözler peýda boldy. Mysal üçin: innowasiýa, diwersifikasiýa, potensial, strategiýa, konwensiýa, konsepsiýa, kommunikasiýa, modern, multimodal, nanotehnologiýa, makroykdysady, daýwer, draýwer, bestseller, global, bloger... we başga-da birnäçe sözler. Şu sözlere çuňňur düşündiriş berýän ýörite makala taýýarlanylyp, çap edilse biz- žurnalyň okyjylary diýseň hoşal bolardyk. Bu iş hormatly mugallym R.Mustakowa tabşyrylaýsa-iňlis dilinden tejribeli hünärmen, mugallym hökmünde onuň abraý bilen hötdesinden gelerdi. Şeýle sözlere düşündiriş berýän material welin hökman zerur. Oňa žurnalyň okyjylary sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şeýle makalalar gazetlerde çap edilse-de, okyjylar gaty hoşal bolardy! Indi gözler kütileşýär, garrylyk bosagadan jyklap dur. Kompýuterde işlemek hem gözüňe täsir edýär. Onsoň, ýazuw-pozuw hem azalyp barýar. Söýgüli neşirim bolan «Diýarda» birki sany materialym bolmaly. «Türkmen arwanasy» we ýene biri. Şolar hem ýagdaýy bolsa galmasyn! Gaýrat ediň seredeweriň! Döredijilik işgärleri hem terbiýeçi. Ýetip gelýän Bilimler we talyp ýaşlar güni baýramyňyz gutly bolsun! Jan saglygy bilen zähmet adamsyny, ýurdumyzyň buýsançly ösüşlerini we özgerişlerini çeper söz, şirin dil bilen wasp etmek hemmämize uzagyndan nesip etsin! Metbugatda 46 ýylyň içinde ýeten derejelerimde «Diýaryň» orny, hyzmaty uludyr, kalbymda orny hemişe tördendir! Sag-aman işläň! Size we Siziň ähliňize-kärdeşlerime kärdeşlik salamy, agalyk we halypalyk hormaty bilen; Annamyrat BERDIMYRADOW, mugallym-žurnalist. Babadaýhan etraby, 7-nji orta mekdep. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |