22:18 Göwündäki gündelik -18/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Şu gün Hudaýberdi halypanyň belli güni -3-i. Hawa, türkmen edebiýatynyň läheň pälwanlarynyň biri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, “Çuwal bagşy” romany, “Şatlyk Şamsetdinowiçiň doglan güni”, "Göwher ýüzüklije gelin”, “Dumana dulanan dünýä”, powestleriniň (bu sanaw doly däl, ýada düşeni), “Kalpda galan keşpler”, “Gurbannazar Ezizow” esse-ýatlama kitaplarynyň awtory Hudaýberdi Diwangulyýew aramyzdan gidiberdi. Iman baýlygyny bersin! Segseniň gapysyny kakanam bolsa, halypa entek tendardy. “Gözüň öňküligi ýok” diýip zeýrense-de, akyl-huşy ýerindedi. “Biznes reklama” gazetinde işläp ýördi. Ol hakyky söz ussady bolşy ýaly, hakyky türkmen aksakalydy hem. Iň halaýan sözi “derejeli garramak”, “derejeli ölmek” diýen sözlerdi. Derejeli garramagy ol ýaşyň soňunda gagala öwrülip, bala-çagaňa, agtyk-çowlugyňa “garry käýinjeň” bolup görünmezligi ündärdi. “Ýaş gitdigiçe bişen miwe ýaly süýjemegi” arzuwlardy. Akly däne-däne, göwresine erk etdirip bilýän, agras, ýöne dilewar, gapdalyna gonsaň, aňsat-aňsat gopasyň gelmeýän goja bolmagyň aňrybaş bagtdygyny süýjüdip ýanjardy. “Derejeli ölmek” diýibem, öz ojagyňda uzyn süýnüp, onda-da derde uzak baglanman, ýüregiňdäki soňky sargydyňy-pentleriňi daşyňa egele bolup oturan ýakyn garyndaşlaryňa tabşyryp, şoň bitjegine-de ynanyp, göz ýummagy Hudaýyň iň soňky eçilen bagty diýip bilerdi. Arman, halypa soňky bagt nesip etmedi. Bende 80 ýaşyň içinde häzirki dünýä ýaýran nägehan derde uçrap, Çoganlydaky ýokanç keseller hassahanasynda soňky deminde aýtjak zatlaryny içine salyp, arman bilen göz ýummaly boldy. Hatda onuň jesedini hem öýüne bermän, gara sallofana dolap, şol ýerdäki “Morfologiýa merkezinden”-morgdan göni öwlüýä äkitmeli etdiler. Jynaza şol ýerde okaldy. Asly nur-imanly türkmeniň “Öýüňde ölüp, duluňda süýnmek-bagt“ diýlen nesibesi ylahym, hemmä miýesser etsin! Hudaýberdi halypa, sen hakda aýdylmaly, ile ýaýylmaly sözler köňüldedir. Jaýyňyz jennet bolsun! 30.07.2020. * * * Adam gözi gorksa yrymçyl bolaýýan ýaly. Ynha, “sen nasag” diýleninden öňňün hassahanadan öýe geldim. Günortana howlugybam, işde gögerdim. Ýüregim giňän, dogrysy, täzeden dünýä inen ýaly boldum. Hezreti Magtymgulynyň şu setirleri ýürege ýag bolup damyp gidýär: Jan saglygyň bolmaz belli gadyry, Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy. Biribar, öz ähli bendäňe sagykdyr şükranalayk, kanagatdyr takat bereweri! Muny ynha, özümiz ýagşyja bildik. Iýul aýynyň 29-y güni irden “senden sol aýdylýan keseliň alamatlary tapyldy” diýip, Çoganlydaky ýokanç kesseller hassahanasyna eltip, bir hepde çemesi ýatyrdylar. Soň “aman-esen öýe geldik” diýip, çagalaryň ýüzüne gözüm düşüp, ýaňy keýpiçaglyk başlanandan, tutdy ynha, bir görülmedik üsgülewük. Hernä lukmanlaram, gelip gijä-gündize parh goýman derdime em eden Parahat dogtoram (Ysmamyt atanyň dili dogaly kişileriniň neberesinden, Hytaýda lukmançylyk uniwersitetini tamamalap gelen ýürek lukmany) sag bolsunlar! Gije uky bolman, elime ilen kitaby gözüm ýumulýança okaýan, kükregimi üzüp gelýän üsgülewükden ýaňa kirpigim kirpigime gatylman, soňabaka telewizoryň ekranyndaky gahrymanlar-adamlar ýanyma gelip otyryp gidýän ýaly boluberdi göwnüme. “Birden agtyklara, beýlekä ýokaşmasyn” diýen ätiýaç bilen Ogulnabady alyp, keýwany ikimiz Gowdandaky köne jaýa göç etdik. Eý, Hudaý! Şonda görendirin, derdiň gije nähili güýjeýänini! Öňde bir kesel saklap oturanyň “Daňam-a atsa atdy weli, aňkamyzy aşyryp atdy” diýeni tüýs meň maňlaýyma geldi. Bir hepdäni geçirmek bir ýyla döndi dogrusy. Demiň kemeliberse, adam dowla düşüberýän eken. Şondanam ýakany ýazdyrmajagyny bilip, Iç keselleri hassahanasyna Ogulnabat bilen bile girdim. Ine, şunda görendirin, lukmançylgyň kermatyny, kärine kämil berlen ak halatlylaryň yhlas etse ölünem direldip biljekdigini! Bahar Myradowna, Gözel Serdarowna, Baýram Sähedowiç, Sonagül Agajanowna ýaly lukmanlar kökenek boldular. Muhammet Bozaganowiçiň ýolbaşçy hökmünde eden hyzmaty üçin jida bergilidirin. Ylaýta-da ýaş hem bolsa her bir emi, edilmeli sanjymdyr içilmeli dermany “men muny ertir hökman internet üsti bilenem anyklaryn” diýip, ylym, tehnologik täzeleniş bilen deň gopup işäbilýän, yhlasyny kärine halal siňdirýän Gözel Serdarowna ýalylar hökman milli lukmançylygymyzyň çyn guwanjy, ömürboýy alkyş eýesi bolarlar. Ine, indem, ýürek-damar ýetmezçiligini doly bejerip, “bar, arkaýyn işäber, ýöne buýran kada-düzgünlerimiizi gylyny gyşartman berjaý et!” diýip, çykaryp goýberdiler. Janyň sag bolsa, işem gapdalyňdan “dürtüp” duran bolsa, kellede-de “hany, bu günki bitirjegiňi ertire goýma!” diýen hyýal-oý bolsa, dünýäniň iň uly lezzeti-ine, şu! Beýle bagtdan aýyrmawersin! Hany, ýa bismilla, saglyk bilen işlemek bagty maňlaýlardan aýrylmasyn! Gepiň gerdişi gelende, özüm üçin eden hakykatymam aýdyp galaýyn: agyr näsaglap, açylsaň, göýä özüňi dünýä täzeden köýnekli inen ýaly duýaýýan ekeniň. 21.08.2020. * * * Rossiýanyň “ORT” teleýaýlymynda berilýän (millionllarça, belki-de, milliardlarça tomaçaçyny ýüpsüz daýýan) “Täsinlikler meýdany” (“Поле чудес”) gepleşiginiň geçen hepdäniň anna günündäki sanynda Aşgabatly ýigit (ol özüni tanyşdyranda uly buýsanç, nazymly ses bilen “Men aşgabadyň oglany. Häzirem bu ajaýyp şäherde garry atam ýaşaýar, 84 ýaşly bolsa-da, ol nebitgaz ugrundan henizem işläp ýör” diýende, gepleşigi alyp baryjy Leonid Ýakubowiç “Şu ýaşda şeýdip işläp ýören goja biz baş egýäris” diýdi. Iň täsin, iň ýakymly tarapam şol ýigit (arman adyny, familiýasyny unudypdyryn) gepleşigiň ýeňijisi bolup, “Super oýun” diýilýän jemleýji bäsleşigiň baýragynam gaňryp aldy. Özüm ýeňen ýaly telewizoryň öňünde oturyp, baý, hekgerdim-ä! Alys ýurtlarda ildeşiň özgelerden rüstem gelse, ýurduň, paýtagtyň at-owazasyny ýaňlandyrsa, begenjiňden özüňem uçuberýäň. Elbetde, “Watan”, “ýurtdaş” diýlen gudratyň güýjünden şeýle bolýan bolmaly. 24.08.2020. * * * Okap otyrkam, oba hojalygyna degişli gadymy adalgalaryň käbiriniň üstünden bardym: Boýun baş — sürümiň ilki başlanýan ýeri Mandy — sürümde sürülmän galan ýer. Boz ýer — ekin ekilmän ýatan ýer. Par — öňki ýyl sürlüp, üstünden ýyl aşan ýer. Ödek ýer — gyzyl topurly gaty ýer. Nurhorda — dökün dökülip, ýumşap ýatan ýer. Adyr — toýun we çäge gatyşykly beýikli-pesli ýer. Mala — sürlen ýeriň üstüni tekizlemek üçin tirkelen agaç. Serber — kesekli ýere mala basylanda, malanyň agramyny artdyrmak üçin onuň üstüne basylýan agramlyk ýük. Hyrawa — ozal ekilen ýerde galan tohumdan gögeren ekin. Hodraýy — ýola-yza düşen tohumdan gögeren ekin. * * * Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň “Saýlanan eserlerini” okap otyrkam, şeýle täsin setirleri gaýtalap-gaýyalap okadym: “...Ellinji ýedinji ýylyň güýzi men Moskwa, Ýokary edebiýat kursyna alyp geldi. Bu iki ýyllyk kurslara türkmenlerden ilkinji bolup giren ekenim. Okuwa diňe SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çlenleri kabul edilýärdi, oňa derek ýokary bilimlimiň, orta bilimlimiň ýa-da diňe başlangyç bilimiň barmy-bu ýagdaýa ähmiýet berilmeýärdi. Özüm barada aýdanymda bolsa, meniň orta bilimim bardy, ol hem gaýybana okap alnan bilimdi. Eedebiýatyň uly wekilleri bilen guralýan duşuşyklary sypdyrmaýardym. Köpi gören I. G. Erenburgyň beren gürrüňleri, aýdan pähimleri uly täsir galdyrýardy. Ol özüniň bir romanyny, (megerem, «Parižiň synmagy» bolsa gerek) Moskwa tankytçylarynyň ara alyp maslahatlaşyşyny aýtdy. Maslahata awtoryň özüni-de çagyrypdyrlar. Çykyp geplänler romany zyýanly eser hökmünde ýepbekläpdirler, onuň awtoryna günä baryny ýükläpdirler. Ahyrynda-da I. Erenburgyň özüne söz beripdirler. -Men kitaby tankytçylar üçin ýazamok, okyjylar üçin ýazýaryn-diýip ýazyjy söze başlapdyr-Diýmek, eserime baha berjegem okyjy bolmaly. Olardan gowuşýan hatlara görä, okyjylar romany ýaman görmändirler. Ine, mysal hökmünde bir okyjydan gelen telegrammany okap berýärin... I.G.Erenburgyň şol okan telegrammasy I. W. Stalinden gelen eken. Onuň adyny eşiden tankytçylaryň birnäçesi şo bada gapydan duýdansyz çykyp gidipdir. Student gyzlaryň biri şol duşuşykda I. G. Erenburga: -Ine, biz edebiýat institutynda okap ýöris, okuwy gutaryp ýazyjy bolup bilerismi?-diýip sorag berdi. -Onçasyny-ha bilemok, ýöne gelipsiňiz, okaberiň, teý bolmanda ýazyjy bolup bilmeseňiz, tankytçy-ha bolarsyňyz-da!-diýip, myhman jogap berdi. Soň bir gezek fransuz kinotankytçysy Jorj Sadul myhmançylyga geldi. Döredijiligi, garaýyşlary barada gürrüň berdi. Onuň stol başynda däl-de, diwanda ýatyp ýazýandygy meni haýran galdyrdy. Özümden başga ýatyp ýazýan bardyram öýdemokdym. Bir gezek daşary ýurt edebiýatyndan synag bermeli günümiň öňküsi agşam bolşuna görä taýynlyk görüp otyrkam, birdenkä ýylgyranymy duýman galdym. Mundan üç-dört ýyl öň uzak Kerki şäherinde 4-nji orta mekdebi gutarmaga gaýybana synag tabşyrýan günlerimiz ýada düşdi. Biziň aramyzda raýonyň hojalyk edarasynda ýolbaşçy bolup işleýän bir epeý kişi bardy. Ertir edebiýatdan ekzamen bermeli güni ol meni myhmançylyga çagyrdy. Hödür-kerem etdi. Elbetde, menden kömek hantamady. Men oňa şeýle maslahat berdim: -Barybir bir gijäniň içinde men seni edebiýat bilen habardar edip bilmen. Sen ýygnaklarda geplemäge ökdelän adam, ertir haýsy sowal düşse-de, bilseň-bilmeseň hergiz dymyp oturma. Geple. Ine, ertesi ol kişä «Çernyşewskiý-demokrat» diýen tema düşdi. Çernyşewskiniň adyny onuň eşiden bolmagy mümkin diýäýmeseň, bu barada başga aýdyp biljek zadynyň ýokdugy ilkinji minutlardan belli boldy. Şoňa görä-de, agşamky meniň beren maslahatymy berjaý etmekden başga alaç ýokdy. Ol doklada başlaýan ýaly ardynjyrady: -Çernyşewskiý! (adyny, atasynyň adyny bilmeýän bolarly) Bu pähimdar adamyň durmuşda nähili rol oýnandygyny kim bilmeýär. Elbetde, mekdep okuwçysyndan başlap, çal saçly garrylara çenli bilýär! Men onuň örän ökde demokrat bolanlygy hakda kän zatlar aýdyp bilerdim. Men onuň adamkärçilikli sypatlary barada, şahsy sadalygy barada-da kän zatlar aýdyp bilerdim. Onuň adamsöýüjiligi, myhmanparazlygy biziň hemmämiz üçin-de görelde almaga mynasypdyr... Ekzamen alýan mugallymlaryň özüne känbir üns bermän näme hakdadyr özara pikir alyşýandyklaryny, biziň bolsa gulak ýapyryp diňleýändigimizi gören ýoldaşymyz sözüni öňküdenem batly dowam etdi: -Onuň şahsy sadalygyny, şonuň bilen birlikde-de ajaýyp adamkärçiligine mahsus bolýan anyk bir mysala, rugsat berseňiz ýüzlenesim gelýär, ýoldaşlar... Ol bir gezek gapysynyň öňünde dalbaryň astyndaky tapçankasynda çaý içip otyrka gapdalyndan geçip barýan adamy görüp «gel, gardaş, bir käse çaý içip git» diýip mylakatly çagyrypdyr. Elbetde, ol gürleşmek üçin ol adamy çaýa çagyrypdyr. Bu ýerde ýoldaşlar, pikirlenip otursaň, gürrüňiň näme hakynda bolandygyny çen etmek bütinleý mümkin. Elbetde, demokratiýa hakynda! Şunuň ýaly mysallary näçe diýseň getirmek mümkin... Soňky jümleler mugallymyň gulagyna ilen bolarly, ol ekzamen berýäniň arasyna düşdi: -Tapçanka? Çaý? Emma bu sorag biziň ýoldaşymyzy darykdyrmady: -Hawa, Çernyşewskiý çaýy gowy görýän eken, özem tapçankanyň üstünde içmegi halaýan eken!-diýip ol haýallaman jogap gaýtardy. Hut onuň ýaýaplamazlygy-da mugallyma täsir etdi öýdýän. Kim bilýär, Çernyşewskiý mümkin-hakykatdanam çaýy gowy görendir... Ekzamen berýäniň aýdany dogry bolup çykaýsa ekzamen alýanyň oňaýsyz ýagdaýda galmagy mümkin. Ine, şeýdibem biziň ýoldaşymyz ekzamenden geçdi. * * * Ýazyjylaryň Moskwadaky Merkezi öýi agzalanda kän wakalar ýadyma düşýär. Bu öýde günde-günaşa diýen ýaly nähilidir bir ýygnak geçirilýän uly hem-de kiçi zal, kitaphana, bilýardhana, üç bufet bilen bir restoran, dellekhana bar. Diwarlar belli ýazyjylaryň gülüknç keşplerinden, degişmelerden, ýiti şorta sözlerden doly. Kofe içip, çilim çekip oturan adamlar günüň bütin dowamynda gözüňe ilýär, kofeden has güýçliräk içgä melul bolup, jedele gyzyşan epeý-epeý adamlaryň arasynda gaýybanadan tanalýanlar az däl, goşgy okap, goşgy diňläp, çilim tüssesine gaplanan stollarda oturanlaryň ýüzi zordan görünýär. Hut şu ýerde stol başynda goşgy goşup oturanam, gapdalda bir ýerde oturanyň keşbini kagyza ogrygyn çekýän hem bar. Bu üýtgeşik jemende Stalin bilen Polikarpowyň arasynda bolan gürrüňi bada-bat hakydaňa getirýär. Hawa, uruşdan soňky ýyllarda Ýazyjylar Soýuzyna A. A. Fadeýew başlyklyk edýän döwründe Kremlden D. Polikarpowy oňa kömekçi edip (elbetde, ýazyjylara göz gulak bolmak üçin) iberipdirler. Köp wagt geçmänkä, bu ýere iberilen belent mertebeli wekil I. W. Staliniň huzurynda peýda bolupdyr. — Ýeri, ýagdaýlar nähili, öwrenişýärmiň? — diýip, serdar ondan sorapdyr. — Öwrenişemok, öwrenişerinem öýdemok, ýoldaş Stalin! — Ýeri, näme boldy? — Näme bolany şol: bufetden çykanoklar. Fadeýew haý-küş diýmeli ýaly welin, gaýtam, onuň özi hem işe gelende ilki bufete sowulýar... Tanyş şybygyndan «Flora» temmäkisini işdämenlik bilen sorup oturan Stalin gürrüňdeşine ýüzlenip, şeýle diýipdir. — Bir zada düşün: Fadeýew mende bir ekzemplýar. Asla ýazyjy halkynyň ikinji ekzemplýary ýok. Şonuň üçin-de, olar seniň diliňi tapmasa, sen olaryň dilini tapmaly bolarsyň. * * * Türkmeniatanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň “Saýlanan eserleriniň” III tomunda ýene-de oşeýle ýazgylar bar: ....Tomus Peredelkinonyň Döredijilik öýüne işlemäge baranymda bir gezek ýogyn sesi bilen käýinjiräp ýören belli rus ýazyjysy W. S. -ýe gabat geldim. O mahallar korpusda ýekeje telefon bardy. W. S. şol telefon budkasyna girýän kişileriň juda uzak gepleşýändiklerinden, gezek ýetmeýänliginden zeýrenýärdi. Men adamlar bu ýerde telefon arkaly möhüm meseleleri çözýändirler diýip pikir edýärdim. W. S. «nähili mesele çözýändiklerini diňle!» diýip, maňa kinaýaly ümledi. Men telefonly budkanyň golaýyna bardym. -Bobigi meniň juda göresim gelýär!-diýip, moskwaly gartaşan ýazyjy aýal öýi bilen gürleşýärdi-Ony gezelenje çykaransyňyz diýip umyt edýärin. Ezizim, allanyň haky üçin haýyş edýärin: ir bilen gezelenje çykaranyňyzda, onuň içirgijigini hökman geýdiriň. Maňa deregem onuň maňlaýyndan öpmegiňi towakga edýärin. Hawa, holodilnikde kotlet bardyr-towuk etindendir, şol Bobige şamlyk bolar diýip pikir edýärin. Ezizim, ýöne seresap bol, holodilnikden çykaran badyňa däl-de, bir dem soňrak ber, birneme doňy çözülsin. Hany, asyl onuň özüni telefonyň ýanyna alyp gelsene... äh-ä, Bo-bik, bo-bi-je-gim! Halyň, keýpiň ýagşymy, tanadyňmy? -Haýwan janawerlere hossar çykmak ýuka ýürekligiň alamaty, rus adamynyň bu häsiýeti gowy ahyry!-diýip men W. S.-e duýgudaşlyk etdim-de, ony köşeşdirmek isledim. -Seniň göwnüňe bu ýerdäkileriň hemmesi rus ýazyjylary ýaly-da-diýip, W. S. seslendi. -Dagy näme? Ol sag eli bilen meniň egnime patlatdy-Hawa-da, Iwan Nikolaýewiç... Mihail Petrowiç... Emma bu ýerde barmak basyp sanaýmalyja rus ýazyjysy bar. Tanasyň gelýän bolsa, bir ýol salgy bereýin. -Ýeri, bakaly? -Nahar iýilýän wagty ine, şu ýerde duruber. Bir zada güýmenen bol-da dur. Ine, nahar sowlar. Adamlar şu ýerden otaglaryna geçerler. Başga zat bilen işiň bolmasyn, sen ine, ho-ol çilim çekilýän stola bak. Kim şol ýere gelip çilim çekip lakgyldap otursa, ana şol rus adamy diý-de, hasap edäý. Beýlekiler beýdip wagt ýitirmez. Elleri termoslyja otaglaryna girip, derrew maşynkalaryny şarkyldadyp başlar. W. S.-iň bälçiklige salyp, açyk ýüreginden aýdan bu sözi maňa hakykata ýakyn bolup göründi. Ömrümde rus adamlary bilen iş salyşmak maňa kän miýesser boldy, olar diňe işlemegi däl, eýsem dynç almagy-da, keýp çekmegi-de başarýan adamlardy. Şeýlelikde, men W. S.-iň diýen wagty nahar iýip gelýänlere seredip başladym. Telefonda uzak gürleşen şol gartaşan aýal naharhanadan kagyza dolangy bir zat alyp gelýärdi. Seredip otursam, ol Döredijilik öýüniň mydama ekdisi Şarik atly akja güjügi naharlamak üçin aňry-bäri getirýän ekeni. Indi men bu aýalyň haýwanlara hakykatdan-da hossarlyk edýändigine ynandym. Naharhanadan ylgaşlap diýen ýaly gelýän ýeňilaýak kişiler telefon budkasynda eýýäm kimiňdir biriniň oturandygyny görüp, sagata seredýärler-de, nobat belleýärler. Günde iki-üç gezek öý bilen gürleşmek bulara nahar iýmek ýaly endik bolupdyr. Mysal üçin ýigrimi kilometr aralykdaky öýlerinden gelen badyna, olar derrew telefona ýapyşýarlar. Ýap-ýaňyja öýünden gelip ýene näme hakynda gürleşýärkäler? Näme howa hakynda gürleşeniňde bolmaýarmyşynmy? -Mişinka, bu ýerde howa aýylganç yssy-20 gradus. Öýlän ýagyş ýagjak diýýärler. O ýerde nähili? we ş.m. Bir gezek men durup bilmän yssydan zeýrenýän kişa «biziň ilde-hä häzir salkyn-bary-ýogy 45 gardus» diýdim. Ol maňa şeýle bir seretdi welin, tas gözi hanasyndan çykypdy. * * * Eduar Sklýaryň durmuşy Ýahýanyňkydan üýtgeşigräkdi. Onuň hemişelik gulluk işi, kadaly ýaşaýşy, il deňinde maşgalasy, çaga-çugasy bardy. Mydama kömege ýetişmäge taýyndy, mylaýymdy. Türkmençä suwarady. Bir gezek Beki Seýtäkow bilen redaksiýada otyrkak, Edik (onuň dostlary onuň adyny şeýle tutýardylar) ýanymyza bardy. Beki aga onuň şireli türkmen dilinde gürleýşini geň görüp: -Nirede dil öwrenip ýörsüň?-diýip sorady. - Aý, Beki aga, Garryçyrla bilen Tejen aralygynda çepegiň tozdurylmadyk oýy ýokdur. Çopanlaryň arasynda-da ýaşap görlendir-diýip, Sklýar geçmişini ýatlady-ikindi çaglary Uçdepeden pyýadalap ugrarsyň, iňrik garalanda Tejeniň çetinden girersiň... Sklýar ýanymyzdan gidensoň: -Äl-aýt ýaňkyň çepek diýýäni, iňrik diýýäni name-aýt?-diýip Beki aga menden sorady. Zehini daş ýarýan Edigiň hem aýdylyşy ýaly üsti ala şakyrdydy. Köplenç şahyrlar oňa goşgy terjime etdirerdiler. Onuň elinden çykan sözme-söz terjime çeper terjimä ýakyndy. Özümem käte oňa goşgularymy bererdim. Bolýar diýip wada berer, ýöne wagtynda etmez. «Näme beýdýäň?» diýerdim. Onsoň ol kimiňdir bir goşgyçynyň adyny tutup, şonuň öňürtiländigini aýdar. Onsoň şeýle diýer: «Ol seniň ýaly däl, edil garadalak ýapyşan ýaly sypdyranok». Eý görýän aýaly aradan çykandan soň Edik aýňalyp bilmedi. Durmuş ony basmarlady. Ömrüni öz janyna kast etmek bilen tamamlady. * * * Beki Seýtäkowyň redaktorlyk häsiýeti-de, adamçylyk edähedi-de başga hiliräkdi. Birinji aýratynlygy: işi şowunady. Näme arzuw etse hasyl bolýardy. Sebäbi Balyş Öwezow Türkmenistana ýolbaşçylyk edýärdi. Beki aga ol adama «meniň bagtyma doglan» diýýärdi. Hakykatdan-da şeýle bolarly. Olar Bedirkentde bir wagtrakda dünýä inipdirler, internatda bileje okapdyrlar. Beki aganyň aýtmagyna görä şol döwürde olaryň okaýan internadyna Gaýgysyz Atabaýew baryp görüpdir. Ikisiniň elinden tutup koridorda gezmeläpdir. Balyş Bekiden hem keltejik eken. Gaýgysyz Atabaýew oňa ýüzlenip: — Sen-ä, ogul, mugallym bolaýanyňda-da münberiň aňyrsyndan görünjegem-ä däl? — diýip bälçiräpdir. Ýaşajyk Balyş kän oýlanyp durman şeýle jogap beripdir: — Ýoldaş Atabaýew, kerweniň öňüni çekmek üçin uzyn boýuň bolmagy hökman däl, biriniň owsaryndan idip bilseň, kerwen yzyňa düşer gider oturar-da näme! Bedirkendiň gonambaşysy Ysmamyt ata ýaş oglanjygyň agzyndan gaçan bu söze «omyn!» diýen bolarly, garaz Balyş Öwezow bütin ömrüni — Kerwenbaşylykda, ýagny ýolbaşçy işlerde geçirmeli bolýar. Men žurnalda işlän ýyllarymda Beki aganyň işiniň rowaçlygy, ýüreginiň suwlulygy, elbetde, şu ýagdaý bilen baglydy. Balyş Öwezow Türkmenistanyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretarydy. Biziň žurnalymyz bilen MK-nyň arasynda ýeke haýat bardy. Beki aganyň respublikanyň ýolbaşçyna ýakynlygy onuň diňe özüne däl, eýsem ýoldaşlaryna-da täsirini ýetirýärdi. Kerim Gurbannepesowa halk ýazyjysy adyny bermäge Balyşy Pöwrizä barýarkak razy etdim diýip ol gürrüň berdi. Howandarlyga ýetesi näme bar, ýöne Beki aganyň özüniň aýdyşy ýaly, zähmet öndürijiligi babatda ol respublikada öňüne adam geçirmedik ýazyjydy. Onuň zähmet çekijilik ukyby üýtgeşikdi. Maňa hormat edip Beki aga adymy Berdi baý diýip tutardy. «Sen, Berdi baý, bihal adam däl» diýip, gara çyny bilen aýdardy. Beýle baha bermegine iki ýagdaý sebäp bolupdy. Bir gezek ol edarada otyrkak içini döküp maňa ýüzlendi: — Gijelerine uklap bilemok, sebäbini belki sen bilersiň? Men göwnüme gelşine görä jogap gaýtardym: — Ýaňy irkileniňizde gara basan ýaly hopugyp turýarsyňyzmy? — Edil özi. — Ýer titräp bankyň seýflerindäki çekleriň, pullaryň şemala gaýyşy gözüňize görünýärmi? — Hut şeýle. — Diýmek, banka goýan puluňyzyň aladasy-ünjüsi ýatyrmaýan eken-dä. — Berdi baý, sen weli, sen bihal adam däl! — diýip dillenende, onuň ýüzi mese-mälim gyzardy. — Meni ýatyrmaýan zat, dogrudanam, şol: ýer titräp birden bankyň jaýy ýykylsa goýan pulumy bererlermikä ýa bermezlermikä diýip pikirlendim, onsoň ýatuw ýok... Ikinji gezek şeýle boldy: ertir sagat 10-lara Beki aga edaranyň koridoryndan keýpi çag halda nämedir bir zada hiňlenip gelýärdi. Şol keýpihoşluk bilen-de ol maňa ýüzlendi: — Näme üçin keýpimiň köklügini bilseň, men saňa telpek goýmaga taýýar. Bu gezegem kelläme gelen pikiri aýdyp göýberdim: — Ylymlar Akademiýasyna saýlanjaksyňyz-da... Bu sapar ol aňk bolup, esli salym koridorda gymyldaman, diňe ýüzüme seredip durdy. Bu çenim hem çyn bolup çykdy. Şuş-şu wagt onuň Balyş Öwezowyň ýanyndan hoş habar eşidip gelşi eken. Beki aga degişmegi, bälçiremegi gowy görýärdi, birem gepde ýeňilse-de şondan lezzet almagy başarardy. Bir gezek ol çaý içmäge öýüne çagyrdy. Işden çykyp, bile gitdik. Ol nahar taýýardyr öýden bolarly, ýöne nahar entek atarylmanam eken. Gyzy: — Kaka, näçe adamlyk nahar bişireýin? — diýip sorady. Agzyna çulum Beki aga gahar gatyşykly bälçiklik bilen: — Koridorda bir petinke ýatandyr, bar şoňa seret, onsoň näçe adamlyk bişirmelidigini bilersiň! — diýip jogap gaýtardy. Ol elbetde, meniň 46 ölçegli tuflimi göz öňünde tutýardy... * * * Aýjeren Gadamowa diýilýän zehinlije gyz bar. Ol geçen ýyl Aşgabadyň medeniýet we sungat ýörite orta mekdebinde (öňki medeni-aň bilim tehnikum) okap ýörkä hem redaksiýa bilen aragatnaşyk saklaýardy. Soň özi aýtmyşlaýyn “maňlaýy işläp”, şu ýyl tehnikumy gutarandan Türkmendöwlet medeniýet institutynyň täze açylan dramaturgiýa bölümine okuwa girdi. Talyp bolmak iň uly bagt ahyry. Ine, şol talyp gyz öňräjik şeýle hat goýup gidipdir: “Ýürekden çykan söz ýürege barar” diýdiler. Men hem «Diýar» žurnalynyň baş redaktory Gurbannazar Orazgulyýewe şu setirleri ýürekden ýazdym: Sizde gördüm parasadyň çuňuny, Döretdiňiz mende mertlik dogumy, Ýalanym ýok ýürek aýdýar çynyny, Siziň şägirdiňiz bolasym gelýär, Men size halypam diýesim gelýär. Işiňize ökde ussat redaktor, Maňa her sözüňiz pähim-kitapdyr, Alýanyňyz diňe alkyş sogapdyr, Siziň şägirdiňiz bolasym gelýär, Men size halypam diýesim gelýär. Sizde akyl-paýhas hem mähremlik bar, Ýaş şahyr ýürek hem şol päk duýga zar, Goý mydam her işde bolsun Alla ýar Siziň şägirdiňiz bolasym gelýär, Men size halypam diýesim gelýär. Halk içinde uly belent sarpasy Meň üçin parasat paýhas nusgasy, Sözlerim jemläp aýtsam mahlasy, Siziň şägirdiňiz bolasym gelýär, Men size halypam diýesim gelýär. 29.09.2020 * * * Çaga dünýäsine, çaga diline gülüp oturmaly. Ynha, işden öýe baryp, eşikleri çalşyryp, ýaňy telewizoryň öňüne geçdim weli, kiçi agtyjagym Mäligiň wägirýän sesi ol otagdan geldi. Agtyk ýaly süýji zat barmy? Atylyp barsam, üç ýaşynaky çaga ýumrujagy bilen gözüni sylyp otyr. -Näme boldy, balam? -Diwar kelläme degdi. Gülüp heziller etdim. Gör-ä, garagolllyk edip ýörşüne, kellesi diwara däl-de, diwar gelip kellejigine degipdir. Ertesimi, birigüni, uluja agtygym Ajýäjek atygsap oturan otagyma girdi: -Ata, nahar içjekmi? 5-nji synpda okaýan, özem agyn rusça pikirlenýän çaga howlugyp soranyny duýup, müýnli ýylgyryp ýetişmänkä, men jogaby nagt etdim: -Ýok, bala men çaý içip, nahar iýjek. Ikimizem hezil edip gülüşdik. 7.10.2020. * * * Aýmyrat Pirjikow diýilýän ýigit (ol “Diýaryň” ýetişdiren žurnalisti, häzir “Türkmenistan”gazetinde işleýär) gelip, şu aşakdaky ýazgylaryny kompýuterde goýup gitdi. H A L Y P A (Halypam Gurbannazar Orazgulyýewe bagyşlanýar) Ýüregi, ýollary, hatda Saçlary-da ak halypa! Elden gelse, ýardam eder, Niýet-päli päk halypa. Bolmaz gijä galan jaýy. Alan ýaly iki paýy, Dessinlikde deňi-taýy Ýokdur, ýeke-täk halypa! Mydam gözlegdedir seri, Ýazyp döker alyn deri. Gowy ýa gowşak eseri Saýlar, goýar çäk halypa. Şoh, şadyýan, şahandazdyr, Baran ýeri alaýazdyr, Sarpalany sözdür, sazdyr, Garamaz hiç gyýk halypa. Etmez galplyk, bassyr-ýussur, Halal gazanç oňa besdir. Diňlenýändir, sözi kesgir, Ýaşar jikme-jik halypa. Görmedik ýeri galmady, (Meniň toýum-a gelmedi!) Kitap gatlary galňady, Ýaşasyn uza:k halypa! Bilenlerim hem bilmelim, Öwüdi kändir — almalym. Ozmasak kär ýiter welin, Özüň boljak ýok, HALYPA! 13.10.2020 * * * Okanlarymdan: Nesil dowamatyna degişli ýatda galany: Ogul, agtyk, çowluk, ýuwluk, gowulyk, beglik. (Kä ýerde soňkusy “ýatlyk”, ýagny, şunça arkadan soň ýada-kesekä öwrülip gidýär diýlen manyda aýdylyşyndan şu juda jüpüne düşen hasaplaýan-G.O.) Bagtly bolmak-dünýä ineňde on iki synaň abat bolmagy. Yrsgal-daban azabyň bilen gazanan berekediň-baýlygyň. Döwlet-ogul bilen gyz. 29.10.2020. * * * Şu günki “Edebiýat we sungat” gazeti Beki Seýtek aýtmyşlaýyn, “altyn harplar” bilen çykypdyr. Nijeme wagt bäri Gazakbaý Ýolly hakda ýatlama ýazýyn diýen hyýal kellämde tüweleýläp ýördi. Uzak göterip (ahyry bişendir-dä), nijeme eserlerini gaýtdan okap, dost-ýarlarynyň ýatlamalaryny diňläp, halypa ýazyjy-şahyrlaryň kesen “nyrhlaryny” tapyp, ahyry “boldum” edip, gazete beripdim. Şu gün ýokarda agzan gazetimde “Sözüň nuruny, sazyň dürüni saýlan” diýen sözbaşy bilen sahypany dolduryp diýen ýaly beripdirler. Özem gylyny gymyldatman. Okap oýlandym: “Sözüň dürüni” diýen bolsam has jüpüne düşjek, sözbaşy has akgynly boljak eken. Adam çig süýt emen, käte çig-çarsy edenini giç duýýan bende-dä. Ylaýta-da meniň ýaly ýedi aýlyklar howlukmaç, harsaň. Gazetiň şu sany dogrudanam gowy çykypdyr. Pomma Nurberdi hakdaky çaklaňja ýatlama, Azat Rahmanyň çagalar üçin goşgulary, Seýitmämmet Hydyryň “Halypanyň sapaklary” diýlip Hemra Şiriň döredijiligine bagyşlanan syny, hemem Muhammet Bekgiýew diýilýän ýaş, ýöne irginsiz hem ezber işleýän ýigidiň “Ýagşylykly günler baky ömürdir” atly sözbaşy bilen Rejepgeldi Mejikowy ýatlap, kiçijikden ýüregi ersdirýän sözbaşy bilen, bu awtoryň goşgularyndan toplap beren ýarym sahypasy okyjylaryň tüýs göwünlerinden turaýjak zatlar. “Ölüsini sylan beg, kiçisini sylan han bolar” diýleni, Muhammet inimiz ýalkanar, bereket tapar. Ol ozalam aramyzdan giden söz, saz ussatalrynyň hatyrasyny tututp, şeýle ýagşy işleri edipdi. Dowam etse ne söz! Meniň ýegre dostum, zenininň müň gülünden ýüzüsi açylmanka agyr keselden solup giden alçakdan, akýürek, sadadan ýumşak ýigit Rejep jan meger, minnetdarlykdan ýaňa tirsegine galandyr. “Ölä aýan, dirä güman” diýilýär-ä. Guýmagursak şahyr dostumyň şu setirlerini okap, gözüme ýaş aýlandy: Çäre ýok, ömrümiň geçipdir ýazy, Nadyl däl, toý gördüm, geçirdim ýasy. Hudaý halan güni giderin, razy, Belki aňyrda-da gerekdirin men... Sen Hudaý halan ýigitsiň, Rejep jan! “Hudaýada ýagşysy gerek” diýleni ýöne gep däldir. Jaýyň jennet bolsun, ylanym! 30.10.2020. * * * Iňňe aljak bolsaňam pul puldur, Düýe aljak bolsaňam pul puldur. Şu pikir bir nätanyşyň “Wah, gowja zat gördümem weli, almaga pulum kemterräk boldy-da” diýen gürrüňi gulagyma degende serime geldi. 4.11.2020. * * * Eşidenlerimden: Tohumlyk üçin öňler (gytçylyk döwürleri) “deň ýara” diýlip tohum alnypdyr. Bu biten ekiniň deň ýaryny dermek diýmekdir. Soň-soňlar “üçden bire” hem geçipdir. Gurbany gitdigim, bereketbaşy toprakda bitýän hasyldan iki hili hüşür-zekat çykarylypdyr. Birinjisine “köwser” diýilýär, ol guş-gumursylaryň paýy. Ol azrak mukdarda harmanyň gyrasyna üýşürilip goýulýar. Bu arasasaçylyk üçinem niýetlenen. Sebäbi harman at ýa eşek bilen döwülýär. Şonda gözi daňlyp, harmanyň daşyndan aýlanýan janawerleriň buşugyp ýa tezekleýän mahallary bolýar. Köwser-guş paýy şol edilen işi päkleýär diýlen düşünjeden. Ikinji hili harman sadakasyna “üşür” diýilýär. Bu ýetim-ýesire, garyba, dul hatyna berilýän sadaka. Ol önen hasylyň ondan biri görnüşinde paýlanypdyr. 10.11.2020. * * * Dost saýyp ýöreniň ýok ýerden üstüňe küpürsese, onda-da köpüň içinde ýüzüňi alsa, göwün gaty ynjaýar eken. Her hepdäniň şenbe (6-njy güni) geçýän önümçilik ýygnagymyzda A. H. bir sebäp hakda gürrüň çykanda meniň adymy tutup, “bu-ýa boljagy bolan, pensiýa ýaşyna ýeten, sen ýaňy ýolbaşçy bolan ýaş ýigid-ä” diýdi weli, gülmäge bahana tapman ýörenleriň käbiriniň erni ýerine gelmedi. Bu söz juda janyma degdi. Degşirip, olçäp-biçip gördüm. Soňam öýe baryp, telefony aýladym, agzyndan telek gep gaçyran ýolbaşçy almady. Meger, özüniň müýnüni duýan borly. Menem kinämi içime sygdyryp bilmän (belki meňki ýalňyşdyram), aýdylany oňa derrew ýetirjekleriň birine jaň etdim. -Eger pygamber ýaşy hasaplanýan 62 ýaşa ýeteniň boljagy bolýan bolsa, şol gadyrdanyň ylahym, işi gaýtmasyn-şol ýaşa ýetmesin... Soňam şeý diýdim: -Ýöne Taňry hernä meniň bu arzumymy eşitmäwersin! 16. 11. 2020. * * * Kuraýyşlar şejere başyny Muhammet pygamberden alyp gaýdyp, biziň illerde, umuman Orta Aziýada “hojalar” diýip atlandyrylýar. Häzir Mekgede hem-de Medinede ýaşaýan kuraýyşlara “seýitler” hem diýilýär. Arapça “weled” diýmek, türkmençe “öwlat” sözi bolup, hojalaryň öwladyň düýp başynda durýanlygy hakynda maglumatlar XVIII-XIX asyrlarda ýazylan ylmy işlerde, syýahatçylaryň ýazgylarynda, etnografik-taryhy çeşmelerde gabat gelýär. 18.11.2020. * * * Şu günki “Biznes reklama” gazeti Nobatgulynyň goşgy okap duran pursadyndaky suraty bilen tutuş bir sahypa beripdir. Ajaýyp! Goşgularyň hemmesem biri-birinden gowy. Men ýaş, ýöne ýitirdim men ýaşlygym. Saçymda ak, Kalbymda çoh armanym. Güler ýüzlüm maňa ýaşlygyňy ber, Ýogsa men, ýogsa men garrap barýaryn, Eý, meniň baýdak deý parlap barýanym!.. Ýa-da bu setirleri diňle: Söýgüm soldy, Söndi otly ýüregim, Olardan kalbymda diňe gubur bar. Mazar agajymy gögerme meniň, Ol nahal däl, Ýok, ol barybir gurar. Hem begenme muny söýgüdir öýdüp, Sowsuzluga düşdüm diýibem dowl alma. Sen-ä giç doglanňa günäkär dälsiň, Menem ýazykly däl owal doglanma!.. Ýene-de biri: Sen bagtly ýaşa, Gam-gussa batma, Ylahym, duşma-da bel-betere. Eger bagtyň ýatsa... Bir zaman daşa Öwrüp zyňan ýüregime büdüre! * * * Örän elhenç ykbaldyr söýmedikleň ykbaly, Dünýä yşka köwsar eýläp, eý görenne dadyrar. Söýmedikler ýaşap ýör, zerre derdi ýok ýaly, Söýgä ýolgan bendeler “ýandym” diýip gygyrar. Şeýle setirleri gözüň düşen ýerden alybermeli! Ussatlygyň çyn nusgasyny görkezip giden halypa, seniň poeziýa bagynda eken gülleriň hiç mahalam solmaz. Jaýyň jennet, imanyň hemra bolsun! Şu goşgulary okap otyrkam, gapydan Atajan Tagan girdi. Hasasyna söýenip durşuna maňa gyrkylan gazet bölegini uzadýar: -Okap gördüňmi! Görsem Kakamyrat Rejebiň “Nesiliň” geçen sanynda çykan goşgulary. Barmagyny dürten ýerindäki setirleri okadym: Adam bir guş söýdi- Aldy-da, kapasa saldy. Adam bir gül söýdi- Ýoldy-da, saldy güldana, Adam bir ýar söýdi- Ýüregi döndi zyndana. Atajan halypa hasasyny pola tyrkyldatdy: -Okadyň dämi? Men Nobat bilen Atamyrat gidensoň poeziýaň meýdany boşap galarmyka diýipdim weli, ýok, ynha ýetişip gelýär ýene bir äpet şahyr. Ussatlaryň beýle bahasy ker kese nesip etmeýär. Men öz ýanymdan Kakamyrada ýene bir öwre “döredijiligiň gülläbersin!” diýdim. 23.11. 2020. * * * Täze nakyl eşitdim: “Gözden alys giden, göwünden-de alys gider”. Gör, manysy nähili çuň pähim. Ata-babalaryň aklyna gurban! 27.11.2020. * * * Şeýle maglumaty okap, haýran galdym: Tas 350 ýyl çemesi mundan ozal Merkezi Aziýadan, has anygy, Hywa hanlygynyň çäginden 18 müň öýli, orta hasap bilen 90 müň türkmen Russiýanyň Ýewropa bölegine göç edipdir. Munuň esasy sebäbem edilýän zuluma, ykdysady kynçylyklara-yzy üzülmeýän salgyda, iň ýamanam, Hywa hanynyň başbermezek türkmenleri “agyzdyryklamak” üçin suwuny kesmek jebrinden dynmak bolupdyr. Şonça maşgalanyň aglabasy “ýagyşdan gaçyp, damja uçrapdyr”. Has anygy, patyşa köşgündäki Stolypin ýaly doňýürekleriň hokga çykaran “bosgunlary ýerleşdirmek reformasynyň” zulmaty bilen Stwaropol ülkesine baryp ýer-ýurt tutanlaryň sany 15 müň çemesi bolupdyr. Galanlary ýolda tozupdyr, dürli kesellere ýolugyp, aradan çykyp, mazarlary näbelli bolup galypdyr, garaz, ugralandaky 90 müň adamdan diňe...15 müňüsi eňek atyp, berlen ýere ýetip, gütde-ýetde güzeran bilen mesgen tutupdyr. Sowet döwrüniň belli şahyry hökmünde ady okuw kitaplaryna girizilen, ençeme eserleri çap edilen Süleýman Stalskiý hem stawropol türkmenleriniň ogludyr. Wah, garagöz türkmeniň görmedik güni galman eken-ä! 30.11.2020. * * * Beýik kompozitor Mosart 4 ýaşynda islän heňini çalyp bilipdir, 5 ýaşynda ilkinjil simfoniýasyny döredipdir, 14 ýaşynda Milan şäherinde oz operasyny ýerine ýetiren saz toparyna dirižýorlyk edipdir. Ady tutuş Ýewropa dolan uçursyz zehini Rim papasy iň ýokary orden-“Altyn nal” bilen sylaglapdyr. Şeýle geniý 30 ýaşynda bu dünýäden gidipdir. Rus poeziýasynyň binýadyny goýan ölmez-ýitmez şahyr Aleksandr Puşkun 38 ýaşamanka pajygaly ölüme sezewar bolupdyr. Rus edebiýatynyň ägirdi Griboýedew 34 ýaşda pany bilen hoşlaşypdyr. Poeziýanyň saýrak bilbiline öwrülen Lermontow bary-ýogy 27 ýaşapdyr. Gurbannazar Ezizow näme? Ömrüň 38 ýylyny doldurman dünýäden gaýdan. Eýsem, döredijilik äleminde ýyldyz bolup doganlar şeýle ir öçüp gidiberýärmikä? Olaryň goýup giden dördijiligi weli, gör, nijeme ömürlere ýetýär. Durmuşyň gapma-garşylykly kanunlaryndan baş çykarar ýalymy eýse? * * * Çepbekeýleriň her bäşinjisi dünýä belli şahsyýetler eken. Mysal näçe diýseň bar: Aleksandr Makedonskiý, Ýuliý Sezar, Napoleon, Leonardo da Winçi, Rafael, Albert Eýnşteýn. Eýsem türkmenleriň meşhur şahsyýetleriniň arasynda çepbekeýleri näçekä? Bilýän diýsem ýalançy. Ýöne ilimizde “Çepbekeýiň çeni bolmaz, eden işiniň kemi bolmaz” diýen ýörgünli nakylyň bardygy-ha belli. 2.12.2020. * * * Şeýle bir zat okap, ajy ýylgyrdym: ...1938-nji ýylda Leninçi Ýaşlar Guramasynyň (şol wagtky WLKSM-G.O.) Moskwadaky edarasyndan Aşgabada-bu guramanyň Türkmenistandaky merkezi edarasyna şeýle telegramma gelipdir. Özem güýz ortalarynda. “Lyžaly gezelenji guraň. Hemmeler lyža münmeli!”. Nätjegini bilmän, ikijahanowarrasy bolanlar Moskwa şeýle jogap gönderipdirler: “Lyža münmäge hemmämiz taýýar. Siz ýöne bize gar goýberiň!”. Meger, sowuk ýurtda oturanlar yssy Türkmenistanda garyň tebigatyň seýrek peşgeşidigini unudan borly. * * * Orsýetde okan wagtym pitiwa etmedigem bolsam, indi-akyl käsesi goýalyşansoň, käbir ýer-ýurt atlarynyň agynjak özümiziňkä meňzäp durandygy hakda oýlanýaň. Ust-Kut, Ust-Ilim, Týumen, Baýkal. Ine, Sibiriň jümmüşinde, dagly hem kölli Altaý ülkesinde şeýle atlar bilen belli şäherler, uluslar, köller, daglar taryh gatynda türki-oguz kowumlarynyň birwagtlar Beýik sährada çarwaçylyk edendigi, soň kem-kem Sibirden, Altaýdan bärik süýşendigi hakda magumatlat bar ahbetin! Altaý ülkesi hakda bir telegepleşikde bu jelegaýda Biragaç, Üçagaç atly obalaryň bardygyny eşitdim.Diýmek, bu atlar şondan galan tagmalar bolaýmasyn? Asyl gümana ýer hem ýok-la. * * * “Туркменская Искра” gazetiniň 1948-nji ýylyň 13-nji oktýabryndaky sanynda şeýle habar çap edilipdir: “Ylymlar akademiýasynyň merkezi “Moskwa” seýsmiki stansiýasy, Swerdlowsk, Irkutsk, Daşkent... şäherlerindäki seýsmiki stansiýalary şu ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabra geçilen gijede bolan gaty çüýçli ýer titremesini hasaba aldylar. Yranmanyň zarbyndan ýaňa toprak gatlaklary böleklere bölündi we çökdi. Agzalan seýsmiki stansiýalaryň maglumatlaryna görä, ýer titremäniň episentri-merkezi Türkmenistan SSR-niň serhedine golaý Demirgazyk Eýranda-Aşgabatdan takmynan 80 kilometr daşlykda diýlip kesgitlendi... Ýer yranmasy görülmedik derejede şeýle güýçli bolup, onuň zarby episentrinden 2500 kilometr daşlykdaky Moskwada hem toprak gatlagynyň durkuny 0,4 mm. üýtgetdi. Şeýle kesgitleme onuň episentrinde 10 ball, Aşgabatda bolsa 8-9 ball bolandygyny görkezýär”. Takyk kesgitlenmegine görä, bary-ýogy 30 sekunt dowam eden bu elhençlik ýüz müňlerçe adamyň ömür tanapyny gyrdy. 3.12.2020. * * * Belli dramaturg, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hudaýberdi Bäşimowyň gürrüňinden: -Bagty çüwen okamaga baran ýerinden diňe diplom däl, ýanýoldaşam alyp gaýdyberýän eken. Biz Daşkendiň A. N. Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik institutynda Aman Kömek, Baýram Seýdyllaýew, Taňryguly Seýitgulyýew dagy bilen birräk okadyk. Auditoriýa ilkinji gezek girenimizde eýýäm okuwyň agramyny aşyran, Daşkendiň bar ýerine ýetik Baba Annan, Artyk Jally, Orazdurdy Hoja, Oraz Çerkez dagynyň “Ýeri, gögelejikler, okuwyňyz oňuna bolsun, türkmeniň adyna ysnat getirmän okajak boluň!” diýip, ýarym degişme bilen “gulagymyzdan çekip” gidenlerem ýadymda. Ady agzalan ägirtleriň soň türkmen milli sungatynda nähili belent sütünler bolandygyny ýanjap oturmagam gerek däldir. Hä-ä, indi häki aýtjak bolýanyma dolanaýyn. Göreniň türkmeniň zeberdest, şahandaz, “Almaý gitmez demir donly Görogly” bolup ýören ýigtleri-dä. Ynha, soň Türkmenistanyň halk artisti, Döwlet baýragynyň eýesi bolan Baýram Seýdyllaýew şowurdysy kyrk ädimden eşidilip duran atlas köýnekli, başlary ýediburç zerli tahýaly, kyrk örüm saçly özbek gözelleriniň birini - soň köpleriň Zülfiýa bajysyna, köpleriň Zülfiýa gelnejesine öwrülen hamrak maşgalany Daşkendiň diplomy bilen bile Aşgabada aldy-da gaýdyberdi. Özem nädip diýsene?! Aýdylyşy ýaly, sahna - bu durmuşdaky wakalary bolşy-bolşy ýaly görkezýän aýna. Geljekki artist, şo döwür biziň Baýram jan inimiz bolup ýören ýigit gyz-gelinleriň üýşen ýerine barardy-da, jübüsinden çykaran inçejik sapagyny göz eglän näzeniniň egnine bildirmän ýelmeşdirerdi-de, soňam çyna berimsiz edip: “Bagyşlaň, gözel gyz, siziň egniňize gylmy, sapakmy, bir zad-a ýapyşypdyr, aýyrmaga ygtyýar ediň!” diýäge-de, şelaýynlyk bilen hyzmatyny görkezerdi. Beýle ilgezik, ýüzi gülüp duran, ýumşa gaýym ýigit gyzlara-da gereg-ä! Şeýde-şeýde ynha, Daşkendiň taýsyz gözelleriniň biri Zülfiýa hanymy “çeňňegine” ildirdi oturyberdi. Baýramyň özem görmegeý, dilewar, ederini bilýän ýigitdi. Onuň türkmen teatr sungatynda zehinli režissýor hökmünde bitiren abyrsyz hyzmaty tüýs “är işi” diýilýänidir. Ýöne onuň şol derejä ýetmeginde palawy, lagmany, narymy bir iýseň tagamy agzyňdan gitmez ýaly edip bişiribilýän, elem süýji, dilem süýji Zülfiýa gelnejemiziň hyzmatam ýetik bardyr... 2.12.2020. * * * Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow hakynda ýazylan “Daýhan mertebesi” atly dokumental-çeper powest kitap bolup çykdy. Ýazyjy-awtor üçin eseriniň, ylaýta-da kitabynyň çykmagyndan uly şatlyk, ýetdirmeýän bagt ýok. Bu kitap dogrusy, mart aýynda çykmalydy. Ýöne nesibesi ýylyň ahyryna-dekabra çekendir-dä! “Hiçden giç ýagşy” diýleni. Şol gün üç şatlyk tirkeşip geldi. “Edebiýat we sungat” gazetinde “Sungatyň Berdi dädesi” atly oçerkim çykdy, “Garagum” žurnalynda “Gudrat” atly powestimiň dowamy çap edilip, ele geldi. Garaz, garynja gaýraty bilen gyrmyldanyň depe-harman, şükranalyk-kanagat bilen garaşanyňam kitap bolup baryberse, bu ömürden yrza bolsa bor-la! 5.12.2020. * * * Bu dünýäde parodoks-bir-birine çapraz zatlar kän-ow! 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabatda bolan ýer titremesiniň ertesi Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň howlusyna bir zenan maşgala gelipdir. Ýewropa eşigindäki aýalyň alnyndan çykanam bu jaýyň eýesi-Türkmenistanyň Baştutany Şaja Batyrowyň kömekçisi Sergeý Barhudarowiç Karamow bolupdyr. -Şu Merkezi Komitetmi? Hany hökümet agzalary ýokmy? Men arzymy diňe şolara aýtjak... Soňam özi bilmezden samrapdyr: -Un kombinaty ýykylman galypdyr-a. Diýmek, meniň adamym hak eken-ä! Soňraky gürrüňdeşlikde şeýle zatlar anyklanypdyr: Bu aýalyň adamsy şu kominat gurlanda baş inženeri eken. Şonda ol bendäni “Sen gurluşyk materilallaryny, ylaýta-da sementi has köp harçladyň” diýen günä bilen basypdyrlar. Hernä “halk duşmany” däl-de, “zyýankeş” diýlen ýarlyk bilen gidenem bäbit bolupdyr. Ine, gyrp-çyrp edilmän, bolmalysy ýaly gurlan şol kombinat ýer yrananda sarsaman durup, weýrançylygyň ertesi ýene çörek berip ugrapdyr. Meselä Şaja Batyrow goşulyşmaly bolýar. Respublikanyň ýolbaşçysy adam ykbalyna gara çeken, maşgala ezýetine getiren säwlik üçin zenandan ötünç sorap, ony ýer titremesi bilen bagly döredilen Hökümet komissiýasynyň agzasy bolup Aşgabada gelen SSSR Içeri işler ministriniň orunbasary, general I. I. Maslennnikow bilen duşurýar. Meseläniň änigine-şänigine ýeten general şol bada Moskwa bigünä basylany dessine boşatmak, sud işine gaýtadan seredip, hak iş edip, döwlete hem-de halka uly ýagşylyk eden adamy aklamak hakynda şifrowka ugradýar. “Нейтральный Туркменистан” gazetiniň 1998-nji ýylyň 8-nji iýuldaky sanynda çap edilen ýatlama-makalasynda S. B. Karamow şeýle ýazýar: “Men soň şol baş inženeriň boşap gelenini bildim. Aman-esen maşgalasyna gowşanyna begensemem, haýp, şol zenanyň özüniňem, adamsynyňam ady-ýamiliýasyny şo başgaý günlerde ýa-ha soramagy unudypdyryn, ýogsamam gije-gündiz ýatylmansoň, ýatdan çykarypdyryn”. Aşgabat ýer titremesi bilen bagly ýene-de käbir täsin maglumatlar bar. Mälim bolan statistiki maglumatlara görä, paýtagtda 132 müň ýaşaýjy bolup, şolaryň aglabasy gumdur kesegiň, kerpijiň... aşagynda galypdyr. Diňe şol döwürde “Tekstilka” diýilýän tikin fabriginiň önümçilik binasy hem-de sagatly diňi, Merkezi bankyň jaýy, №1 orta mekdebiň jaýy (ol patyşa döwründe salnan ozalky gimnaziýanyň binasynda ýerleşen), ýene-de antiseýsmiki durnuky derejedeki birlän-ikilän 2 gatly jaýlar ýykylman durupdyr. Jat-jaýryk açypdyr, şonuň üçin ol jaýlary hem partladyp aýrypdyrlar. Meşhur Lenin bagynda 1927-nji ýylda paýtagtyň ýaşaýjylarynyň meýletin serişdeleriniň hasabyna gurlan beýik serdaryň-Wladimir Iliçiň ýadygärligi hem ýykylman durupdyr. Hakykatda soň mälim bolşuna görä, ýer titremäniň episentri Eýranda däl-de, hut Aşgabadyň 30-40 kilometrlik günorta-gündogaryndaky Garahowdan diýlen ýerde bolup çykýar. Bu hakda soň “Туркменская искра” gazetinde hem ýazylypdyr. Ýykylman galan ýene bir ymarat hem behaistleriň metjididir. Tegelek şar görnüşinde gurlan bu metjit jat hem açmandyr. Görlüp oturylsa, tegelek-silindr görnüşde, gümmez şekilli gurlan binalar ýer titremesine durnukly bolýan eken. Arheologlaryň, seýsmikleriň hem-de geçirilen ylmy tejribeleriň gürrüňsiz gelen netijesi şeýledir. Aşgabadyň häzirki arhitektura-binagärlik gurluşyna içgin syn edip gördüňizmi?! Iň kaşaň binalaryň tas ählisi diýen ýaly gümmez şekilli ýa-da depesi tegelek görnüşdedir. 9.12.2020. * * * Gyş tüweleme “güýç-gaýratyny” görkezýär. Dekabryň 10-laryna Aşgabada bassyr dört günläp gar ýagdy. Hernä arasyna salym berip guýdy. Howa hem 5, käte gijelerine 7 gradus çemesi aýaza tutdy. Daşoguzda-ha 13-15 gradusa hem barypdyr. Gaýta kemem däl. Ata-baba diýipdir-ä: “ Ak iner çökmese, gök gaýan kükremez” diýip. Topragy doňan meýdan hasylly bolýar. Aýaz belki häzirki “koranowirus” diýlen bela-beteri azaldar. Şükür, türkmeniň ýurdunda-ha bu dünýä ot beren kesel ýok diýen ýaly. Ylahym, Ýer ýüzünden ýok bolup gitsin. Häzirem sürçegi aýrylmadyk ýoldan ir bilen “Hudaý-Hudaý” bilen işe geldik. Bitaraplyk baýramynam geçirdik. Köpler bilen bir hatarda meni hem “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy” ýubileb medaly bilen sylagladylar. 14.12.2020. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |