22:21 Göwündäki gündelik -19/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Garaguma baryp görmedik, iň bolmanda içinden geçmek, bolmanda bu çölüň gyrak-bujagyna durup, gysymyndan ak çäge akdyryp görmedik meger, ýokdur. Şonda heý, keremli, sahawatly hem gazaply, şol bir wagtda-da jomart, müň bir syrly hem şonçarak gözelikdir geňligi gujagynda göterip oturan Garagum hakda bilýän zatlaryňyzy ýada salyp gördüňizmi! Gel, gowusy, bu gürrüňe menem goşulaýaýan! Garagumyň gujagynda oba kän. Parallel boýunça 800 kilometre, meridian boýunça 450 kilometre uzalyp, 35 million gektara ýaýlyp gidýän Hydyr gören bu sähranyň içinde 300 çemesi ululy-kiçili obalar bar. Ýer togalagynda çöl az däl. 700 million gektar meýdany tutýan, Afrika yklymyndaky Sahara çöli, şondan o diýen daş bolmadyk ýerde 193,4 million gektara ýaýlyp gidýän Liwiýa çöli, Afrika yklymynyň gujagynda 124 million gektary eýelep ýatan Nibiýa çöli, Aziýa yklymyndaky iň uly, 105 million gektarlyk Gobi çöli... garaz, sanap oturmaly. Garagum Aziýa yklymynda ululygy boýunça Gobi hem-de Rib-el-Hali çölünden soň 3-nji ýerde durýar. Garagum giň, geň-enaýy, goýny-genji-känli, üsti müň bir dürli ot-çöpli mekan. Gurbany boldugym, Garagum dünýäniň beýleki çöllerine seredeňde ösümlik dünýäsine juda baýdyr. Onuň sähra-düzlerinde, depedir gollarynda ösümlikleriň 1 müňden gowrak görnüşiniň bardygy ylmy taýdan subut edilen. Olar 3 gatlaga (ýarusa) bölünýärler. 1-njisine sazak, çerkez ýaly uly-gabaraly ösümlikler girýär. 2-njisine gandym, ýylgyn, ýowşan, çogan boýalyç, selin ýaly ösümlikler degişli. 3-njisine bolsa biraýlyk we köpýyllyk otlar girýär. Garagumuň iň owadan, iň syrdam ösümligi, görene «çölüň akderegi» diýdirýän sözeniň boýy 5-8 metre ýetip, köki çägäniň asty bilen 16-18 metre çenli uzap gidýär. Garagumuň ümmülmez giňişliginde guşlaryň 220-den gowrak görnüşi duşýar. Şolaryň 60 görnüşi bu owadan hem iýmite bol sähranyň hemişelik eýeleri hökmünde höwürtgeläp, galanlary bolsa pasla laýyk uçup geçýärler. Garagumyň giň sährasy keýik, jeren, gulan, aýrak ýaly seýrek duş gelýän, dünýäniň “Gyzyl kitabyna” girizilen janawerleriň hem hakyky mesgeni. Garagumyň gujagynda ýurdumyzda bar bolan dowarlaryň 80 göteriminden gowagy sonarlaýar. Gum içindäki ýollary söküberseň, düýeleriň,sygyrlaryň ýylkylaryň sürülerine-de kän gabat gelersiň... * * * Türkmen Kölüniň Baş şor suw akabasynyň gurulmagy goşmaça 1 million 500 müň gektar öri meýdanlaryny suwlulandyrmaga mümkinçilik berer. Alymlarymyzyň hasaplamalaryna görä, Türkmen Kölüniň geçýän akabalarynyň çöl ösümlikleriniň görnüş-sanynyň köpelip, hasyllylygyny artdyrmagynyň netijesinde 4-4,5 milliona golaý dowary we 60 müň çemesi düýäni goşmaça saklap bolar. Sebäbi bu kölüň ýakasynda hem-de geçýän ulyly-kiçili zeý akabalarynyň golaýynda täze ýerleriň giň ýaýlasy döredi. Türkmen Kölü Garaguma öň çem gelen ýerden akdyrylýan suwlary bir akaba, soň Garaşor çöketligine ýygnamak bilen, 1 million 300 müň gektar ýerde öri meýdanlaryň parç bolmagyny üpjün eder. Alymlar-ekologlar Türkmen Kölüniň döremegi bilen Garaşor töwereklerinde öň görülmedik, belki birwagtlar bu jelegaýlarda biten, soň gurakçylyk zerarly ýiten öt-çöpleriň 8 görnüşiniň täzeden peýda bolandygyny-göçüp gelendigini buşlaýarlar. Türkmen Köli biziň suwarymly ekin ýerlerimiziň 75 göterim çemesiniň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyryp, hasyllylygy 25 göterime çenli artdyrar. * * * Ýer togalagynyň 70 göterim suwunyň bary-ýogy 0,3 göterimi içimlik üçin ýaramly diýip, dünýä guramalarynyň bu mesele bilen gyzyklanýan bilermenleri anyk kesgitleme berýärler. Takyk ylmy maglumatlara görä, dünäniň suw gory 1400 milliard kubkilometr, şonuňam 35 milliard kubkilometri süýji suw. Şonuň üçinem säwliklerdir bilmezlik zerarly suw çeşmelerini zaýalamak ötülmejek günädir. * * * Taryhy maglumatlara görä, Türkmenistanda suwarymly ekerançylygyň ýöredilip gelinýänine 7 müň ýyldan aşandyr. * * * Türkmenistanda adatça 250-300 gün açyk, bulutsyz howa bolýar. Şonuň üçinem biziň topragymyzda bitýän miwelerdir ir-iýmişleriň tagamy datlydyr. Şol bir wagtda biziň gurak, köplenç jöwzaly howamyz suwuň bugarmak hadysasyny hem artdyrýar. Ylmy maglumatlara görä, sakadan ekin meýdanyna baryp ýetýänçä suwuň 35 göterimi dürli ýitgilere sezewar bolýar. Ýagny, 10 % topraga syzylyp siňýär, 20% bugaryp gidýär, 5% beýleki ýitgilere sezewar bolýar. Diýmek, „Ýer-ene, Suw-ata“ diýip giden pederlerimiziň pendine eýerip, zer damjasy hasaplanýan Suwuň hijem isrip edilmezli biziň perzentlik borjumyzdyr. * * * Amyderýa ýer ýüzünde iň bulançak suwly, laýly, gyrmançaly derýadyr. Jeýhunyň düzlüge çykýan hanasynda 1 kubmetr suwuň düzüminde 3,8 kilogram çemesi gyrmança bolýar. Şeýlelikde 1 ýylda bu towlanyp-joş urup, köplenjem akym ugruny üýtgedýän derýanyň öz akabasy bilen getirýän gyrmançasynyň mukdary 23 millon tonna golaýlaýar. Şol gyrmançanyň düzüminde bolsa topraga ýaramly, hat-da biziň ulanýan organiki we mineral dökünlerimize hem gaýra dur diýdirýän mikroorganizmler-topragy mes edýän närseler bar. * * * Sarygamyş oýy ýa-da çöketligi Merkezi Aziýada iň uly çöketlikleriň biridir. Ol Garagum çöli bilen Üstýurt (platnosynyň) eňňitliginiň aralygynda ýerleşýär. Uzynlygy 125, ini 90 kilometre ýetýän bu köl gadymy kitaplarda, köne golýazmalarda, il arasyndaky rowaýatlarda "Doýmadym“ diýlip hem atlandyrylýar. Kölüň iň pes ýeri deňiz derejesinden 38 metr aşakda. Sarygamyşy dürli döwürlerde 3 gezek Amyderýanyň suwy basyp, 3 gezek äpet köle öwrülipdir. XIV asyrda Döwdan we Derýalyk hanalary bilen, soň XVI asyryň ahyrynda Jeýhun derýasy Sarygamyşa akmasyny togtadyp, Arala guýup ugraýar. 1878-nji ýylda derýa güýçli joşup, ýene Sarygamyşa guýýar. Şonda by kölüň golaýydaky Bötendag obasynda ýaşaýan Ýegengylyç atly adam oturymly ýerleri suwa basdyrmazlyk hem-de gerekli ýerine sowmak üçin bent gurýar. Häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şol gadymy obasy şol döwürden bäri „Bent“ diýlip atlandyrylyp gelinýär. Ýegençylyjyň guran şol bendini gören rus inženerleridir harby adamlary ýönekeý türkmeniň elinden çykan desganyň inženerçilik tilsimatlarynyň ähli ülňülerine gabat gelýändigini haýran galmak bilen belläpdirler. Oňa anyk şaýatlyk edýän taryhy maglumatlar ýazylyp galdyrylypdyr. Bent obasyna baryp, duz-çörek içmek maňa-da nesip edipdi. Bu obanyň başga, dogrusy, häzirki ýörgünli ady Bötendag. Bu obada üýtgeşik zehinli, hem kyssaçy, hem şahyr, hem mirasy öwreniji mugallym Täçdurdy Kerimow bar. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi hem bolupdy. Bir gapdalyna Üstýurduň çal gaýalary abanyp duran, beýlesini Sarygamyşyň suwlary ýuwýan oba özboluşly gözel, tebigaty üýtgeşik, adamlary myhmansöýer, ýürekleri jomart. Özem Türkmenistanyň iň çet künjekleri, şondan aňyrda gazak gyrlary başlanýar. 1971-nji ýylda Özbegistandan başlanyp, Türkmenistanyň hem içinden geçip gidýän respublikanara "Dostluk“ kollektory hem-de hanasy juda giň “Derýalyk” zeý akabasy Sarygamyşa guýup başlaýar. Häzir Sarygamyşyň giňligi 3 müň inedördül kilometre, çuňlugy 40 metre ýetýär. Kölde balyklaryň onlarça görnüşi duşýar. * * * Ýer togalagynda gury ýeriň dörtden bir bölegini çöller tutýar. Çölleşmek-bu tebigy ýa-da adamyň hojalyk işine bagly sebäplere görä, ýeriň biologik ukyplylygynyň pese gaçmagydyr. * * * Garagumyň taryhda „Baky güneş ýurdy“ diýlen ady bar. Ymgyr sähranyň 1 inedördül santimetr ýer üstüne ýylda 160 müň içki kaloriýa ýylylyk düşýär. Bu san öňki Soýuzyň Ýewropa böleginde 95 müňden geçmeýär. Ylymda „Çöl-bu ýylda ygalyň 100 millimetrden az düşýän, ota-çöpe çüpre künjegidir” diýlen düşündiriş bar. Ýöne, Hydyr gezen Garagumymyza ýylda 130-200 millimetr möçberräkde ygal düşýär. Garagumyň ýaýlyp ýatan meýdany 210 million gektar çemesi. Bu sähranyň ýylylyk möçberi tropiklerden pes däl. indi Garagumyň gyjagyndaky Türkmen Köli bu sährany dünýädäki iň bol suwly sähra öwürdi. Gumda 3 million gektara golaý takyr bar. Garagum dünýäniň beýleki çöllerine seredeňde ösümlik dünýäsine juda baýdyr. Onuň sähra-düzlerinde, depedir gollarynda ösümlikleriň 1 müňden gowrak görnüşiniň bardygy ylmy taýdan subut edilen. * * * Ylmy dilde „çöller zonasy“ diýlip atlandyrylýan giňişlikde ýer ýüzüniň esasy suwarymly ekerançylyk meýdanlary ýerleşýär. Çöl we ýarym çöllük hasaplanýan ýerlerde bolsa dünýä ýüzündäki mallaryň ýarysyndan gowragy sonarlaýar. Takyk aýdylanda, goýunlaryň 30 göterim, geçileriň 70 göterim çemesi şol ýerlerden agyz otuny alýar. Dogry, Ýer togalagynyň iň uly çölleri hasaplanýan Sahara, Gobi, Atakama ekerançylyk-ha beýlede dursun, hatda maldarçylyk üçinem ýaramly däl hasaplanýar. Ýöne Garagum ýurdumyzyň esasy maldarçylyk örüsi bolmak bilenem çäklenmän, bu sahawatly sähranyň gujagynda ekerançylyk üçin ýaramly meýdanlaryňam ýüz müňlerçe gektary bar. * * * Türkmenistanda dürli ösümlikleriň 7064 görnüşi ösýär. Şolaryň 3140-sy ýabany ösýän ýokary derejeli ösümlikleriň, 3924 sanysy bolsa pes derejeli ösümlikleriň sanawyna girýär. * * * Ösümlikleriň ýygjam ösen ýerinde tozan 20-30 göterim, goh-galmagal bolsa 50 göterim az bolýar. * * * Gury ýerde dürli sebaplere görä bugaryp, atmosfera göterilip gidýän suwuň tas 90 göteriminiň öwezini ösüp oturan dürli ösümlikler, baglar doldurýarlar. * * * Ylym tarapyndan häzire çenli Ýer ýüzünde bitýan ýokary derejedäki ösümlikleriň görnüşleriniň 500 müňi ýüze çykaryldy. Adamzat bolsa häzir şolaryň bary-ýogy 2500-e golaý görnüşini peýdalanýar. Diýmek, geljek nesiller üçin onuň Alyhezretleri Tebigatyň goýnundaky baýlyklar heniz az däl. 19.12. 2020 * * * Gorkut ata alplara-är ýugutlere mahsus bolmaly sypaty-häsiýeti şeýle kesgitläpdir: söweşjeňlik, myhmansöýerlik, ata-enä wepalylyk, ar-namyslylyk, dilewarlyk, edep-ekramlylyk. 23.12. 2020. * * * Boljak-geljegi dyrnagynda gören ýaly edip şygra salan hezreti Magtymgulyda şeýle setirler bar: Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy. Älhepus, aklyna! Dünýäniň şu günki gün bar baýlygyny- hany-manyny döküp, saglygy satyn alybilmeýän, elhenç derdi dep etmegiň ýoluny tapman kösenýän biçäräniň halyny göz öňüne getirip görüň! 25.12.2020. * * * Tamamlanyp barýan ýylyň soňy aklyga bürendi. Şeýle bir gar ýagdy weli, şäher içinde bir garyşdan geçdi. Onsoň ilerde-Köpetdagyň gerişlerinde, baýyr depelerine ondanam kan düşen bolmaly. Aýdyşlaryna görä, ýurduň hemme ýerine ak gardan paý ýetipdir. Gar-ýagyş Zemin baýlygy. Gar galyň ýagsa, enşalla, bahar ygally gelip, bir tohum müň bolup gögerer. Menem indi 4-nji gatdan bu görnüşi synlap otyryn. Öň “Diýar” birinji gatdady, indi täze işde-kitap-neşir işleri boýunça baş hünärmen bolamsoň bärde otyryn. Iş tapylsa, zehiniň işläp dursa, halk üçin, Watan üçin gaýratyňy görkezip bolsa nirede oturaňda nä parh! Ynsana ruhy güýç berýän, göwnüni garratmaýan, gijelerem beýnisine dynç bermeýän (şol weli megerem, iň gowy dynç-lezzet bolsa gerek) iş-döredijilik endişesi. Ylahym, şu bagty Biribar uzak nesip etdirsin! Gör-ä, gyş gözelligi nähili täsin! Ak gardan ýaňa şahalaryny ýere ýetiräýjek bolýan agaçlaryň özi ýazylmadyk hekaýa, düzülmedik goşgy ýaly owadam, syrly. Synlap durşuňa şahyr Nobatguly Rejebiň setirlerini ýatlanyňy duýmaýaň: Gaýmalaýar, Garyň başy aýlanýar, Synlap ýeriň jemalynyň gowlugyn. Asman ak garyny patrak dek seçip, Diş toýuny edýär söwer oglunyň. 28.12.2020. * * * 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşyna gatnaşanlaryň her 100 müňüsine düşýän Sowet Soýuzynyň Gahrymanlarynyň sany boýunça Türkmenistan ozalky SSSR-iň respubliklarynyň arasynda birinji ýerde durýar. Bu uruş döwründe Türkmenistanly gelin-gyzlaryň 1600-dan gowragy goşun gullugyna çagyrylypdyr. Dürli frontlardaky söweşjeň hataralarda N.A.Aganowa, R.I.Borodina, Ý.K.Plotnikowa, A.G.Dorofeewa, A.A.Şabanowa, D.G.Şamsutdinowa ýaly türkmenistanly zenanlaryň edermenlikler taryh sahypasyna ebedilik ýazylypdyr. Şepagat uýalary hökmünde olar müňlerçe esgerleri ajaldan halas edipdirler. S. Dursunowa, M. A. Bagşyýewa, D. M. Ismailowa, K. Kuliewa, R. Gurbanowa, T. G. Kozenko, A. Magtumowa-Kadyrowa, A. T. Orazowa, R. O. Ödäýewa-Grehowa, M. S. Sirma ýaly zenanlar edermenligiň nusgasyny görkezip, olaryň aglabasy jeň meýdanynda wepat bolupdyrlar. Ewaukasiýa edilen-uruş gidýän ýerlerden göçürilen zawod-gabrikleriň, kärhanalaryň ençemesi Aşgabatda, Tuapse şäheriniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Krasnowodskä ýerleşýär. Şeýleikde 1944-nji ýylda Aşgabatda senagat kärhanalarynyň 83-si bolupdyr. Şol ýyllarda Türkmenistan göçürilip getirilen kärhanalaryň binýadynda 50–den gowrak täze karhana işläp başlaýar. Olarda uruş üçin zerur bolan önümleriň 70-den gowrak görnüşi öndürilipdir. 1943-nji ýylyň ortalaryna çenli Türkmenistana jemi 32 müňden gowrak adam göçürilip getirilipdir. Olar respublikanyň dürli ýerlerinde mesgen tutupdyrlar. Ukrain şahyry Agata Turçinskaýa “Türkmenistana salam” atly goşgusynda Aşgabatda ýaşan günlerini mähir bilen ýatlaýar: ...Türkmenistan! Öz mähriban ülkämde Minnetdarlyk bilen ýatlaýan seni. Saňa sungatymy bagş edýärin, Başa iş düşende enem deý durduň... Dünýä belli atomçy alym A. Saharow hem Aşgabada göçürilip getilrilen Moskwa döwlet uniwerisitetiniň fizika fakultetini şu ýerde okapdyr. 30.12. 2020. * * * Täze ýyl bilen bagly el telefonyma gelýän gutlag ýazgylaryň käbiri: Sagat dili 12-ä ýetip, jaňjagazlar kakan wagty, Gapyňyzdan Aýazbaba alyp gelsin uly bagty, Şol pursatda bosagadan jan saglyňňyz ilki girsin, Ömrüňize ömür goşýan şatlyk bilen gülki girsin. Ertekiler dünýäsi deý Asman aýdyň, Aýly bolsun, Akmaýanyň ak ýolundan kerwen gurap rysgal girsin, Täze ýylňyz gutly bolsun! 4.01.2021. * * * Köne kagyzlary saýhallap otyrkam öňümden şeýle ýazgy çykdy: ...ÝAZAR Işlese-de lukman bolup, Diýip bilmen derman ýazar. Ýöne welin gelnejem-ä Säher bilen perman ýazar: “Aşhanada demlän çaýym, Ertitlikden bermen paýyň, Oçerkiň etmeseň taýyn” Onsoň olam derhal ýazar. Perman berse bolany, bes, At çapdyryp geler höwes. Hehaýa diýse-hä powest, Powest diýse roman ýazar. Kän synlap, ondan bilenim, Dek goýmaz dili, elinem. Ýazjakmyş çepi bilenem, Durman ýazar, durman ýazar. Kä ýüzüp Türkmen Kölünde, Kä gurup demir ýolyny-da, Tanymal türkmen ilinde, Edara görünmän ýazar. Ýazanyna çyksaň seýle, Diýip bolmaz, eýle-beýle... Işleýändir ine, şeýle Ýazyjymyz Gurbannazar. Seýitmämmet Hydyrow, 5.02.2005.(Başdaky sene doglan günüm). 21.01.2021. * * * Dostum, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Muhammetguly Amansähedow hakda dessan: Rawylar bir seretse, Güller bolanmyş desse... ...Ine şo aý, elkyssa, Dünýä indi Hanguly. Ýyllar geçdi yz-yza, Gül-gül açdy yz-yza. Ol “Han” diýdi bir gyza, Wah, öz adam Han weli... Lezzet aldy şygyrdan, Iş etdi şo ugurdan, Edebi dokma ýüwürden, Şu ýigide syn uly. Buýra saçy başynda, Bäş çagasy daşynda, Aýjan gelniň gaşynda, Nämedenkä müýni uly. Juda ösgün munda ýat, Aýdar müňläp bendi ýat, Ylymda-ha kandidat, Adamçylygy kän uly. Gol berdi bir ägirde, Juda çulum her ýerde. Şu talantly şägirde Allakowyň syn uly. Ýatlap ýaşlyk ýazyny, Diňläp ylham sazyny. Şu dessanyň yzyny, Özüň ýazaý, Hanguly. Giçgeldi AŞYROW, çagalar şahyry, filologiýa ylymlarynyň kandidaty 09.07. 1983 ý. * * * Dünýa taryhynda belli bolşy ýaly, demir ýol tekerleri diňe ykdysadyýeti öňe alyp gitmän, özi bilen siwilizasiýanyň täzeliklerini, medeniýetleri, ylmy-bilimi, senagat täzelenişini hem alyp gelýär. Bu gepe delil hökmünde juda täsin maglumatlary agzamak hökmanylykdyr. ...Ahal ýaýlasynda ýaşan "köne adamlar"-käp gary depelän garrylar ýaňy-ýakynlara çenli hem demir ýoldan gürrüň açylsa, "hä-ä, ol otly bilen gelen saýrylarmy?!" diýşer ekenler. Sebäbi otly özi bilen başga ýerli, saýry milletden bolan, görülmedik kärdäki saýry adamlary hem getiripdir. Olaryň içinde harby gullukçylaram, lukmanlaram, inženerlerem, mugallymlaram... bolupdyr. Gökdepe, Bäherden jelegaýlaryna Russiýanyň dürli uezdleridir şäherlerinden getirilen, işe iberilen ruslar, ukrainler, wengerler, awstriýalylar, nemesler bar eken. Şolaryň biri bolsa Bouş familiýaly wenger bolan. Ony okumyşlygy, Türkmenistany jany-teni bilen söýenligi üçin Aşgabat, Duşak töwereklerinde-de gowy tanapdyrlar. Harby lukman bolup, ol Zakaspide ýerleşen patyşa goşunlarynyň harby biriklmeleriniň birinde işläpdir. Gaty dogumly, eli ýeňil, hem terapewt, hem diş lukmany, hem hirurg, hem çaga hekimi hökmünde ol ýerli milletiň arasynda juda sylanypdyr. Sebäbi gereklenýän ýerine irinmändir. Türkmen dilini hem suwara öwrenipdir. Ol otstawka-pensiýa çykanyndan soň hem gitmän, "men Türkmenistandan gowy ýeri tapman" diýip, şu ýerde hemişelik galypdyr. Ýanýoldaşynyň razylygy bilen, şu ýerde doglan çagalaryna türkmen atlaryny dakypdyr. Iň täsin tarapam, Bouşyň Gökdepede öz serişdeleriniň hasabyna demir ýoluň boýunda keselhana saldyrypmagydyr. Bu sahawatly işi bitirmäge ýerli adamlaram ikelläp goşulypdyrlar. Bouşlaryň işjanly nesilleri Gökdepe töwereklerinde köp süýt berýän sygyrlary ösdürip-ýetişdirmegiň hem başyny başlan adamlar bolupdyr. Nazar Bouş şonuň üçin soň weterinar lukmany bolup ýetişipdir. Myrat diýen ogly bolsa lukman bolup, kakasynyň kesbini ýöredip, döwründe atly-abraýly kişi bolupdyr, gyzlary hem asylly hyzmatlary bilen ile-güne hyzmat edipdirler. Berliner diýen asly wewrer başga bir lukman bolsa öz serişdesiniň hasabyna Bäherdende keselhana saldyrypdyr. Gelen näsaglary bolsa mugt bejeripdir. Soň onuň ogly Boris Berliner trawmatologiýa-döwük-ýenjik şikesleri ugrundan professor bolup ýetişipdir, Daşkentde Orta Aziýa boýunça ilkinji trawmatologik ylmy-kliniki ylmy merkeziň düýbüni tutýar, şoňa ýolbaşçylyk edýär. Ol türkmen dilini suw ýaly bilýän eken. Megerem, şeýle mysallary, Marydan, Baýramalydan, Guşgydan (häzirki Serhetabat), garaz, ilkinji demir ýol baran ýerlerden hem tapyp bolardy. Bulat barada akademik Çary Baýryýewiň “Garaşsyzlyk-ömrümiň röwşenligi” atly kitabynda ýatlanýar. 2.02.2021. * * * Dünýäniň geň-taňlygyna akyl ýetirer ýaly däl. Heý, awy oňmadyk ýylanyň, onda-da suwda däl-de, çölde-sährada ýaşaýan ýylanyň hilegärlik bilen lukma tapyşyny eşidip görüpmidiňiz?! Hiç oňuna bolman, awsuz galan ýylan tüp yssyda göwresiniň ýarpysyny çägeden-toprakdan çykaryp, dim-dik bolup, nijeme sagatlap durubilýär. Ýokardan uçup gelen, ýadap, gonara zat gözleýän guş guran çöpdür öýdüp, ýaňky ýylanyň depesine gonýaram weli, derrew aw bolýar duruberýän eken. 4.02.2021. * * * “Ömrüm heý!” diýleni eken ýaşap ýörseň. Ine, bizem pygamber ýaşyna baraýypdyrys, özümiz duýmadyksyrap ýörsegem. Eý-ý, oglanlyk sen nirelerde galdyň, hä?! Ilkinji kitabymyz çykanda şar gara saçymyz buýnuz ýaly, içine darak geçmezdi. Indi gör? Bu kellä gar ýagan ýaly bolupdyr. Sermes bolup söýlen, serden geçilip söýdürilen günlerim ömrüň gör naýsy buljumynda galdy, kim bilýär?! Hernä türkmen aýtmyşlaýyn, deňli-derejeli bolduk, gol doly maşgala döredi. Şükür, agtyga gözümiz düşdi. Öý abat, dokuzymyz düzüw, ojak agzybir, aýdan sözüňi asmandaka gapyp alýarlar. Kethudalyk ýaşyna baraňsoň, saňa başga näme gerek?! Gutlamaga gelen säher bilen Kakamyrat Rejep boldy. Göreniň Kakamyrat jan-da! Zandy şahyr, päli pes, üresi arassa, kalby jomardam bolsa, kän geplemek, parlap-parlap göçübermek berilmändir. Ýürek sözüni ak göwünden getiren sowgadynyň içindäki birje tagta kagyza sygdyrypdyr. Ine, şeýle: “Ussat adamlaryň doglan senesi adaty günleri hem uly senä, uly taryha öwrülip bilýär. Gurbannazar halypa, adaty gyş gününi bahara, ajaýyp senä öwrüp doglan günüňiz-pygamber ýaşyňyz gutly bolsun, ömrüňiz uazak, başyňyz dik, öý-ojagyňyz hemişe abadan bolsun! Çyn zehinler aslynda, halkyň ruhy yrsgaly hasaplanýar. Siz uzak ýyllaryň dowamynda manyly eserleriňiz-keremli sözüň gymmatyna çalşan ukuzyz gijeleriňiz, bagtdan çykan bijeleriňiz, heňňama heň beren hekaýatlaryňyz, Garaşsyzlyga gadyryňyz... bilen halkyň ruhy yrsgalyna bereket goşduňyz. “Kim näme ýazsa-da, ahyrynda öz terjimehalyny ýazýandyr, kim näçe çekse-de, ahyrynda öz suratyny çekýändir” diýilýär. Siz öz eserleriňizde ençeme türkmen şahsyýetleriniň keşbini çekmegi başardyňyz. Şol keşpleriň aňyrsyndan hem şu günüň ussat hem görnükli ýazyjysynyň, görnükli žurnalistiniň keşbi-Siziň yhlasly, jepekeş, zehinli we zähmeti goşa ganat edinen keşbiňiz görünýär. Joşgunly ummanlaryň her ýedi ädimden özüni täzeleýşi ýaly, bahardan bähre tapan elwan bägülleriň içinden açylyşy ýaly, Siziň barha we barha joşguna beslenip barşyňyz bize nusgadyr, halypa! Ykbal maňa Siziň bilen ençe gezek uzak-uzak illere, alys-alys ýollara ýoldaş bolmak nesibesini bagyş etdi. Ykbal maňa Siziň bilen duldegşirme goňşy bolmak nesibesini bagyş etdi. Beýik Magtymguly “Är ýanynda gezseň är dek bolar sen” diýýär. Sizden köp zat öwrendik, öwrenip ýörüs. Başyňyz dik, ylhamyňyz mundan beýlägem joşgunly bolsun! Iň agyr ýüňüňiz abraýyňyz bolsun! Türkmeniň zandy zehinli nesillerine mekdep bolup, wesýet bolup, uzak-uzak ömür sürmek Size nesip etsin! Iň gowy arzuwlar bilen, Kakamyrat. O5. 02. 2021. * * * Demir çat açyp, agaç jomrulyp, gamyş-ýeken porruk bolup garraýar. Adamyň nädip garraýanyny bolsa hemmämiz bilip, görüp ýörüs. * * * “Adam garrasa huşy gidýär” diýilýän gürrüňiň gaty bir çyndygyna ynanyp baramaok. Muňa meniň tutarygym bar. Duldegşir diýen ýaly goňşy, köne halypa, ýurdumyzyň neşirýat-poligraf ugrundan iň tejribeli hem sowatly adamlarynyň biri, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy, at gazanan medeniet işgäri Amangeldi Amanow daň säher çagy hem, iňrik garalan mahallaram pyýadalp gezelenç edip ýör. Özi aýtmyşlaýyn, günde 5-6 kilometr ýöremese, ýatyp ukusy, iýip idäsi bolmaýar. Işden gelşime Nyýazow seýilgähinde ulagymdan düşüp, 30-40 minut pyýadalamak endigi mende-de bar. Dynç günleri-hä, 7-8 kilometr pyýadalamak hezil berýär. Aýtjak bolýanym, käte Amangeldi aga bilen pete-pet gelýäris. Şonda saglyk-amanlykdan soň gürrüň derrew metbugata, edebiýata ýazýar. Älhepus, ýaşy 80-den geçen bu ýaşulynyň ýatkeşligine, okumyşlygyna, suhangöýlügine telpek goýaýmaly. Özem türkmen dilinde-de, rus dilinde-de saýrap dur. Partadaşy Gurbannazar Ezizden başlap, Berdinazar Hudaýnazar, Gara Seýitli, Pomma şahyr, ondan aňryk ätleseň, Mätäji... garaz, elini uran ýeri goşgy-ýatlama bolup dur. Maýakowskiden, Lermontowdan, Anna Ahmatowadan, Ýeseninden, Rubsowdan... goşgulary şeýlekin labyz hem keýp bilen, tüýs içine girip, gözlerini ýumup okaýar weli, ýat haltasynyň “ýyrtylmandygyna” aperin aýdýarsyň. Gep bir waka ýa-da haýsydyr adam bilen bagly ýatlama ýazaýsa-da, ýyly däl, aýy, güni bilen aýdyp berip otyr. Aý, garaz, “bir öýe bir garry bolsa-da gerek, bolmasa-da gerek” diýleni-dä. 21.02.2021. * * * Tebigatyň täsinligi kän-ow! Ynha, häzir-gijöýlänler Gün bulutlaryň arasyndan jyklap dur, asmandan bolsa elekden dökülýän ýaly gar ýagýar. Gyşyň biziň illerden gidesi gelenokmyka ýa? Çarwa hasaby boýunça üç gün mundan ozal togsan dolup, ýere ýyly gitdi. Gyş gar sowrup gitjek boýarmyka ýa bahar aklyk bilen geljek bolýarmyka?! 24.02.2021. * * * Nursultan Nazarbaýewiň “Gazagystanyň ýoly” atly kitabynda şeýle diýilýär: “Döwlet ýolbaşçylarynda dostlar ýok, diňe halkyň we döwletiň bägbitleri bar. Garaşsyz döwlet diňe öz güýjüne daýanmalydyr, her hili mümkin bolan kynçylyklara öňünden taýyn bolmalydyr”. Muňa men biziň berk ýatda saklamaly hem-de hemişelik uýmaly ýörelgämiz diýip düşündim. * * * Kärdeşräk, asla-ha ony-muny ýazyberýän, çaphanada ýönekeý sahaplaýjy bolup işleýän Şöhrat Meredalyýew diýen bir ýigit (ýigit diýsegem ýaşy-ha 40-dan geçiberendir) bar. Ol diýseň okumyş, bilesigeliji, göwnüne ýaran dokumental kinony ýa-da radioýny ýazdyryp alyp, arhiw edip saklap ýör. Öňräjigem ýanyma gelende “ähli artistleriň suratlaryny ýygnaýan, käbirleri ýogalanam bolsa öýlerine baryp, aýalyndan, oglundan, gyzyndan, agtygyndan haýyş edip, alyp gaýdyp, skanirläp-nusgasyny alyp, soň eltip berýän. Ýazyjy-şahyrlary hem şeýdesim gelýär. Öýde arhiw edip goýmakçy” diýdi. Şeýle ýagşy-sogaply iş edýän adamlar hernä köp bolsun, ömürlerem uzak bolsun! Ýaňam ýanyma-iş otagyma gelip, gep arasynda “Men käbir kitaplary, ylaýta-da Magtymgulyny, käbir keramatly hemem belli şahslara bagyşlanan eserleri täret alyp, onsoň okaýan. Asyl-ha kitaby elime almazdan ozal öümi şoňa taýynlaýan” diýdi. Haýran galmaly edähet! 4.03.2021. * * * Akmuhammet Hemidow “Başga tüýsli hekaýalar” atly kitabyny “Şuny okap gör, pikiriňi gapdalyna belleşdiriber, golýazma görnüşdäkisi” diýip berdi. Şeýle diýse-de, hakyt dükanda goýup satybermeli derejede rejelenen, “tüýs kitap” diýilýäni. Ilki ady geňräk göründi. Dogry, türkmeniň beýik şahyry Atamyrat Atabaýewiň (ýatan ýeri ýagty bolsyn, düýn ýylyny bellediler. Asyl 3-nji mart Bütindünýä ýazyjylar güni eken, şol gün ol dünýäden gaýdypdy) “Başga tüýsli goşgular” atly kitaby bar. Diýmek , “Başga tüýsli hekaýalar” hem bolup biler. Aslyýetinde bu hekaýa sygmadyk, hekaýa edip bolmajak ahwalatlaryň, başdan geçirmeleriň, ýatlamalaryň kitap görnüşi. Dünýä edebiýatynda beýle usul ozalam bar. Dogrusy-ha, beýle žanr gaýtam okyjyny basym yzyna düşürýär. Sebäbi bärde ýasamalyk, edebi fantaziýa, awtoryň özünden ýasajak bolmak usuly ýok-da, tersine, diňe durmuşy wakalar, anyk beýanatlar bar. Bu kitabynda Akmugammediň aýdýan bir wakasy meniň hem süňňümi sarsdyrdy. Onda sebäp bilen dogduk obasyna-Çohpetdä baranda, bir gowy adamyň dünýäsini täzelänini eşidip, şonyň ojagyna ”yzy ýarasyna” sowulýar. Şonda bili guşalgy, ýüzünde gam-gussa alamatlary ýygyrtlara öwrülen daýza, duz dadylyp, aýat-töwür okalansoň, içini dökýär: ”Her ädimde, her pursatda otuz ýyl bile ömür süren ömrümizde her bir aýdan sözi, her bir eden hereketi göz öňümde täzeden janlanýar. Ýatlajak bolup ýatlamok, özünden-özi ýadyma düşýär. Şonda pyşyrdap: “Sen mydama meniň ýanymda. Seni hiç kim görmese-de, men görýärin, seni hiç kim eşitmese-de, men eşidýärin, seniň bilen hiç kim söhbet edip bilmese-de, men edýärin” diýýärin. Ýöne barybir, onuň bilen ýüregim köşeşip baranok. Bu dünýäniň hiç bir zady gözüme görnenok. Onuň ýanyna gidesim gelýär. Bu gün bolmasa, ertir Hudaý nalamy eşider diýip, garaşýan...” Awtor bu ahwalata öz garaýşyndan soň şeýle ýazýar: “Öňräk onuň hem adamsynyň ýogalanyndan kän wagt geçmänkä, bu dünýäden gidenini eşidip, gynandym. Ikinji bir tarapdan bolsa, onuň adamsynyň yzyndan gitmek islegi amal bolupdyr diýip düşündim. Ol meni bagry badaşmak hakdaky oýlara gark etdi. Aram-aram “Aýaly ýogalansoň, görgüli halys bärledi, hiç zat bilen weji bolmady...” diýlip, erkek adam hakynda aýdylýan gürrüňler hem hakyda dolýar. Bu dünýä jübüt bolup ýaşalaýn dünýä eken.” Awtoryň soňky pikiri ýüregime jüňk bolaýdy. Muňa mysaly men türkmeniň belli şahyry Sapar Öräýewden tapdym. Ol gaty dünýäsöýer, ruhubelent, tüýs şahyrgöwün adamdy. Ýöne aýaly Arzygül gelneje ýogalansoň bir sukum bolaýdy. Gelnejemiziň kyrkyna, beýleki belli günlerine baramyzda, müjesi kiçelip, çaga ýaljak bolup, çugutdyrypjyk otyr. Öň juda gowy tanap-bilip ýören kişilerinem “men şol-da” biýse-de, ýüzüne çiňerilip, zordan ýadyna salýar. Hut “aňy gidipdir” diýleniň özü-dä. Sapar aga bilen Arzygül gelnejäniň bir-bitini gowy görüşleri aýdyp-düşündirip bolmaýan derejede aňyrdandy. Men bir gezek 80-den geçenem bolsa, Sapar dädäniň “Arzygül zir-zibil dökülýän ýere gitse-de, sähel eglense ýüregim agzymdan çykyberýär” diýenini eşidipdim. Şeýle-de boldy. Ýanýoldaşynyň kyrky geçeniniň yzysüre Sapar dädede onuň yzyndan gitdi. Ogly Myrat “Ejem ölensoň, kakam hiç zat iýmän-içmän, içerik-daşarygam çykman, öz otagynda şol samrady ýatyberdi” diýende, inim dyglap gidipdi. Bu hakykata meger, hiç hili filosofiýa, düşündiriş gerek däldir. Bu waka näme üçin aýal-gyzlaryň baýramynyň öňýanjagazynda ýadyma düşdükä?! 5.03.2021. * * * Säher bilen daşaryk gezelenje çykdym. Gaýmak ýaly howadan dem alyp ganar ýaly däl. Gijesi bilen diýen ýaly ýagyş ýagdy. Walla, şu gelin-gyzlarda bir hikmet baryna irretsiz ynanaýmaly. Ýasuwy şeýle-dä, bu ynjykdan ejiz, näzli hem näzik “millet” gynasa-da gözýaş edýär, begense-de. Her ýyl haýran galaýmaly, baýramçylyklary gelýärem weli, asmanam hem aglap, hem gülüp dur. Ynha, häzirem şeýle tereň, şeýle tämiz, gelin-gyzlaryň göwni ýaly bahar nepesi degen howa. Ýöne asman weli ýaryndan ynjan gelniň ýüzi ýaly garalyp dur. Haçan “gahary gelse gözýaşyny” paýradyp gidibermeli. Şeýle howada ökjäň ýeňläp, göwräň gamak ýaly boluberýär. Özüň ýaly ýöräp ýa çala ylgaşlap ýörenleri görüp, guwanýaň, şu wagt ýorgandan jyklap, ýogsamam goram-gowşak bolup pallap, öýden çykybilmän oturanlar ýadyňa düşübem, haýpyň gelýär. Tebigatyň eçilen şeýle howasyndan paýyňy almak bagt, binesip galmak... Men-ä näme aýtjagymam bilemok. 6.03.2021. * * * Köne kagyzlarymy dörüp otyrkam, şu bukja çykdy. Senesine seretseň, bu men Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny alan wagtym ýazylan bolmaly. Şonda men Mollagara şypahanasynda dynç alyp ýördüm. Ynha şol setirler: Gurbannazar Orazgulyýewe gutlag ýerine: Tapamok baýragyn gutlajak bolup, Gurbannazar Orazguly nirede? Golda tutan kyssaçynyň baýdagyn. Gurbannazar Orazguly nirede? Öýdäkiler kurortdadyr öýdüpdir, Molagaradan-a birçak gaýdypdyr. Kaýdadyr bilinmez, kime aýdypdyr, Gurbannazar Orazguly nirede? Saklap bilmän kurort düzgün-edebin, Ýanyna gitdimi Ahmet Medediň? Bilýärmi özi bir näme edenin, Gurbannazar Orazguly nirede? Nähili bor anygyna ýetmesek, Münejjim çagyryp, palyn atmasak, Boljak däl ýa gözleg yglan etmesek, Gurbannazar Orazguly nirede? Bir pursat düşürmän düşsünler ýola, Dostlaryndan uýýan bir ýägşy päle. Seýitmämmet bu gün ýüz tutýar ile, Gurbannazar Orazguly nirede? Seýitmämmet Hydyrow, 23-nji noýabr, 2001-nji ýyl. * * * Alleýanyň-bagzarlygyň içinde peýwagtyna gezelenç edip ýördüm. Agşamara. Bahar howasy şeýlekin ýumşaksy bolansoň, ulularam az däl, çagalaram. Birden geçip barýan ýigitleriň biri agzyna salan kempudynyňmy, boşadan buzgaýmagynyňmy, garaz, kagyzy eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. Ony gören bäş-alty ýaşlaryndaky oglanjyk durubilmedi. Bardy-da, ýaňky şemala gaýmalajak bolýan kagyzy alyp, hapa atylaýan urna zyňdy-da, hiç zat bolmadyk ýaly ýene ata-enesiniň oturan oturgyjyna ýöneldi. Kiçiniň bitiren işine begndim, ulynyň eden telek işine gynandym. Göwnüňe tersine bolaýmaly ýaly weli, ýöne akyl, edep-terbiýe ýaşda däl-de, başda borly. 9.03.2021. * * * Eşiden rowaýatlarymdan käbiri. Il içinde aýdylýan “Ýagşylygam özüňe, ýamanlygam”, “Eder-eder, özüne eder” diýen tymsallaryň syryny eşidipmidiňiz. Ol hakda şeýle bir rowaýat bar: ... Uly memleketiň patyşasynyň weziri her gün säher bilen köşge girmänkä, derwezäniň agzyndaky jemendäniň gürrüňlerini diňläp ötýän eken. Kerwen bilen geçip barýan bezirgen-söwdagär gelip, patyşa salama barjakmy, zulum görüp, horlugynyň arzyny ýetirmäge howlugýan barmy, ýurt söküp ýören derwüşler gelip, geň-enaýy gürrüň aýdyp berjekmi... garaz, özi kesgitläp, hökümdaryň huzuryna eltýän eken. Ine, bir günem geçip barýarka, öň görülmedik bir kişi beýlekilerem eşider ýaly ses bilen “Ýagşylygam özüňe, ýamanlygam” diýip, zol gaýtalap oturan. Bu gepiň hikmetiniň özüne aýdylmajagyny, ony aýdyp oturanyňam ýöne adam däldigini aňan wezir bu geň ahwalat barada derhal patyşa habar berýär. Getirýärler ýaňky gepi gaýtalap oturan bendäni. Salam-helikde soň sowal sorasalar, dünýäniň düýbüni deşen ýaly diýýä. Munuň juda okumyş hem takwa kişidigini, özem “gyly dik kesýär” diýilýän adyldygyny aňan patyşa oňa “Saňa günüňe bir teňňe hak berýän, öňki ýeriňde otur-da, bäri gelýäniň haýsynyň näme derdi-halynyň bardygyny, haýsynyň çyn, haýsynyň nädürsdigini bilip, meni habardar edip dur. Şonda eden işimiz, çykaran permanymyz kelte biçilmez” diýýär. Ol adam byýrulan işe kaýyl bilup, özem şony kemsiz-kössüz bitirmegiň ugrunda ylgaberýär. Weziriň weli ugry gaçýar. “Muny nireden getirdim diýsene, akmak” diýip özüni kötekläp ugraýar. “Öňler patyşanyň huzuryna howlugýanyň, kazy-kelan bilen işi bitip gitjegiň, özüme möhümi düşüp duranyň zeruryny bitirsem, şeýtel haky galaýýrdy. Indi beýle işler muňa tabşyrylansoň jübülerem bilbiliň ketegi ýaly bolup galdy” diýen gabahat pikire gaplanyp gezip ýören. Bir günem “Şuny kowduryp dynaýyn-la” diýen betpäl matlaba münen. Onsoň köpbilmiş wezir ýaňky halalhon takwa “Men şu gün agşam seni zyýapata çagyrýan, hökman gelgin!” diýen. Weziriň çakylygyndan ýüz öwürmegi takwa uslyp bilmändir. Diýlen wagty barypdyr. Ortada bolsa islän naz-u-nygmatyň barmyş. Ýöne alhepus, haýsyny agzyňa degirseň, sarymsak ysy gelip duranmyş. Iň bärkisi, çaý içmek üçin getirilen käseleriňem gyrasyna sarymsak çalnan diýýä. Bu ahwalatyň sebäbini soramagyň ebeteýini tapmadyk myhman “Saçaga äberilen nygmat datmasaň elenermiş” diýlen yryma uýup, ählisinden çäm-çüm edipdir. Ertesi ol barmanka bolsa wezir patyşanyň huzurynda gögeripdir. Barşyna-da şugul habar ýetiripdir: -Paryşahym, o Ýerde, Gökde goýman ýören takwaňyzyň-a gäbi azypdyr.. -O ne beýle, hany anygrak aýt! -Aýtsam, siziň hezretleriňiz, ol “Patyşanyň agzy porsy” diýip gören ýerinde gürrüň edip ýör. Bu gürrüňe güp ynanan patyşa derhal ýaňkyny çagyrmagy buýran. Ol bende-de içinden oýlanyp barýan ”hä-k, patyşa hezretleriniň şumat çagyrmasy çatak boldy-ow. Golaýyna baryp gepleşsem agşamky sarymsagyň ysy porsar durar. Ýüzüme aýtmasa-da, içinden “Häý, bu-ýa hapysa eken” diýse, ähli edeniň bir pul bolar-ow. Gowusy, şu gezek daşrakda durup gepleşjek bolaýyn.” Huzuryna barandan patyşa aýdylan gepiň çyndygyny ýa-da ýalandygyny barlamakdan ötri, öňküje berilýän bir teňňäni iki dodagynyň arasyna gysdyrýar-da, “senem agzyň bilen al!” diýip yşarat edýär. Golaý barsa agzyndan agşamky iýlen sarymsaklaryň ysynyň geljegini magat aňan takwa patyşanyň ýaňagy bilen öz ýaňagynyň arasyna eliniň ýeňsesini goýup, teňňäni alýar. Bu hereketden “hä-ä, aýdylan dogry eken” diýen many çykaran patyşa şol wagtyň özünde mürzesini çagyrýar-da, hat ýazdyrýar. Şol bölejik kagyzam takwanyň eline berip, şeýle diýýär: -Şu wagta çenli eden hyzmatyň muzdy üçin men saňa ýüz tylla berjek. Ynha, şu haty pylan ýere eltseň şo hezzetimi saňa gowşurarlar. Derrew git özüňem! Beýle garaşylmadyk ezmaýyşlyga haýran galan takwa aýdylan ýere ýola düşen. Öz-özem hüňürdäp barýan: -Ýagşylygam özüňe, ýamanlygam. Ýöne maňa günüme bir tylla aňryýany bilen ýetýärkä, ýüz tylla nämä gerek. Ne derdime ýaradaýyn ony... Şol wagt gapdaldan geçip barýan zer donly, telpegine guş ýeleginden jyga gysdyrylan, abaýtoş ýigit bu aýdylan gürrüňi, ylaýta-da “ýüz tyllany nämäme ýaradaýyn” diýlen del gepi eşidip, atynyň başyny çeken. Sanly salymyň içinde bolan-goýany eşiden begzada ýigidiň nebsiniň otugany gepinden aňdyran: -Me saňa şo diýýän bir tyllaň, hat gerekmese al bäri, byradar! -Me hat, bir tyllaňam özüňe nesip etsin, ýigit, ýaňy patyşa berdi şu günüme geregimi. Ertirkinem Alla ýetirer. Ýaňky haty jantaýyna uran ýigit aýdylan ýere atynyň julawuny buran. Baryp haty görkezendenem, ony eýerden agdaryp, bogazyna hanjar goýanlar. Asyl şol hatda “Şuny gowşurany jezalandyrmaly” diýlip ýazylan eken. Şol peýmanasy biwagt dolanam görüp otursalar, weziriň ýeke dikrary bolup çykan. Gopan wakaýanyň änigine-şänigine ýeten patyşa “Kezzabyň ornam o dünýädir” diýip, weziri-de jezalandyryp, ornuna bolsa ýaňky ak ýürek takwany alan. * * * Öz döwründe bir patyşa raýatlarynyň niçiksi ýaşaýandygy, dolandyrýan memleketinde ne gürrüňler, geň-enaýylyklar bardygy bilen gyzyklanyp, käteler sypatyny, lybasyny üýtgedip, kä gündiz, kätelerem gije il içine çykar eken. Ine, bir gezegem gijäniň tümüstanynda şäheriň köçeleriniň birinde aýlanyp ýörkä, bir tünegiň içinden hem sazyň, hem aýdymyň owazy gelýärmiş. “Bu ne şady-horramlykka?” diýip, dereje-aýnadan çalaja jyklap görse, ine, bir horaşaja jaýyň içinde kakasy tüýdük çalýan, ogly nagara-dep kakyp, aýdyma zowladýan, ýaňy saçy örüme gelenje gyzjagazam ortada pyrlanyp tans oýnaýan. Ojakda-da bir kiçijik gazan gapagy ýapylgy bugaryp-gaýnap duran. Bu hikmetiň, syryny bilmekçi bolan patyşa işigi açyp, salam berip giren. Gijäniň bir çaky duýdansyz gelen Taňry myhmanyny töre geçirip, öňüne ýuwan demlenen çaý, gatan çöregiň gyňagyny, bir düwürem gant goýanlar-da, ýene bezm-saz-söhbetleri bilen boluberenler. Patyşa-da sesini çykarman, synlap oturyberen. Ýagşy birsellemden soň pyrlanyp-pyrlanyp halys surnugan gyzjagaz düşege geçmäge-de ýaraman, duran ýerinde gyşaryp uklap galan. Onuň yzýanam hem aldygyna nagara urup, hem aldygyna aýdyma gygyryp daljygan, sesi bogulan ýigdekçe-de tarpa ýykylyp, ukynyň gujagyna giden. Çagalaryny gaýnap duran gazandakydan iýdirmän, aç ukladan kakalaryna çalaja gahary gelip ugran patyşa munuň syryny soran. Öý eýesi jogap ýerine gazanyň gapagyny galdyran. Görseler, içinde gön-çerim gaýnap duran. Patyşanyň geň galanyny gabaklarynyň galyp gideninden aňan öý eýesi şeýle diýen: -Men pylan bazaryň içindäki köwüş ussasy. Günemamyzy dolamak hyllala. Ylaýta-da ejeleri biwgt ölüp gidensoň, iki çagamyň hossasy işiň gapdalyndan meň boýnuma. Gazanjym hepdede birje gezek içi etli gazan gaýnatmaga zordan ýetýär. Hudaýa şükür, balalarymy irden ýyljajyk süýt ýa peýnir, bolmasa-da hesine bir gaýnan ýumurtga bilen el ýaly çöreg-ä beribilýan. Agşamlaryna-da jazsyz aş ýa-da suwa ýagy çala ýüzüne çykan ýarma berip ýatyran. Ýöne her gün şu gazan gaýnap durandyr. Gapagyny açmagam çagalara gadagan. Sebäbi ýarym aç neressejikleri “içnde omaça gaýnap dur, ýöne bişýänçä birsellem aýdym-saz edip, tans oýnalyň, onsoň iýeris” diýip güýmeýän. Görşüň ýalam bujagazlar halys surnugyp, “bişmedimi?” diýmäge-de ýaraman ýykylyp galýarlar. Menem gaýnap, halys ýumşan göni daň bilen äkidýän-de, gül ýaly köwüş tikýän. Aç-horragam bolsak şeýdip agşamymyz şady-horramlykda, günümizem azapda geçýär... Ugurtapyjy atany patyşa ertesi köşk ýasawuly edip işe alyp, gününe-de “çagajyklaryň garny doýsun” diýip, gününe üç tylla belleýär. Bir günem ol öňki köwüş ussasynyň üşügini barlamakçy bolýar. Huzuryna çagyrýar-da: “ertir birini jezalandyrmakçy bolýas. Haýp, o bendäniň günälidiginem, bigünädiginem anyklap bilmedik. Herhal sen ony gylyçdan geçirmeli borsuň. Şol ýere özümem barjakdyryn” diýýär. Çykgynsyz ýagdaýda galan täze ýasawul ýok ýerden günä gazanmazlykdan ötri, eýdip-beýdip ýaňky jeza berilmeli kişiniň düýpden bigünädigini magat anyklaýar. Şol agşamam ýatman diýen ýaly agaçdan gylyç ýasaýar. Gaty sünnälenensoň sapy dagam hakyt demirden ýasalana meňzäp durmuş. Aýdylan pillesinde ýasawul diýlen ýerde dikilgazyk bolýar. Jemende baram üýşenmiş. Patyşa-da wezir-wekilleri bilen ýetip gelen. Perman okalyp, jeza buýrulany orta getirenler. Patyşa ýaňky ýasawulyna “başlaber!” diýen yşarat edýär. Kellesi alynjagyň ýanyna gelen ýasawul gaty ses bilen gygyran: -Eý, Perwerdigär, eger şu bende günäli bolsa, zulmaty özüniňki. Eger-de günäsiz bolsa goý meniň şu dembermez polat gylyjym gynyndan çykandan agaja öwrülsin. Ýa bismilla! Şeýle diýip, gylyjyny sogranda hemmeler gözi düşen gudrata haýran bolmakdan ýaňa aňk bolup galaýan. Sebäbi gylyç agaçmyş. Beýle adyl hem ugurtapyjy adamynyň köp ýerde peýdasynyň degjegini bilen patyşa ony öz ýanyna uly emeldar edip alypdyr. 11.03.2021. * * * Ýurduň ähli ýerine seýran-sapar etdik. Ilki çal Hazaryň kenaryndaky Garabogaza baryp goş ýazdyrdyk. Bärde gurulýan karbamid zawodynyň gurluşygy bilen aýdylyşy ýaly üç günläp, ilik-düwme tanyşma kemini goýmadyk. Garabogaz aýlagyny birinji gezek ine-gana synladym. Täsin aýlag. Gadymy döwütlerde „Ajyderýa“ diýlip atlandyrylan aýlagda Mendeleewiň himiki tablisasyna girýän elementleriň ählisi-60-a golaý görnüşi bar. Şondandyr-da suwy Hazaryň adaty ýerlerindäkä seredeňde, has garamtyl öwüsýär. Gelip bu aýlag baradaky maglumatlary tapyp, käsini birinji gezek, käsini gaýtadan okap çykdym. * * * Telewizorda iki sany zenanyň bokslaşyp duranyny görsem birhili bolýan. Dogry, “Bärde näme geň-taňlyk bar, sportyň bir görnüşidir-dä” diýler. Ýöne şony göremde, gözellik bilen gödeklik ýumruklaşyp duran ýaly duýgyny başdan geçirýän. Zenana näziklik berlipdir. Goşguda aýdylyşy ýaly, gülden näzik göwünli, näzden ýasalan synaly, gözelligiň jemalyny özünde jemlän hoşsuratlyk. Al ýöne ýaňky bols diýilýände olar bir-birine şeýle bir hüjüm edýärler, eli ýetdiginden, käte aýaklary bilen bir-birini şeýle bir ýençýäler weli, walla, öýdäki aýalyň ýüzüne seredeniňi duýman galýaň. Onuňam şu görnüşi halap durmaýany: -Başga ýere geçiräýsene-diýşinden aňdyrýar. Ýene bir oňlamaýan zadymam aýdaýyn. “Дикая природа” teleýaýlymynda aw edilişini änigi-şänigi bilen görkezýärler. Eli suw ýaly tüpeňli, gözi görgür, eli türgen zeberdest erkekler hil bir iş edýän ýaly saýgagy ýa keýigi, iň bolmanda suwa emeli-jansyz ördekleri goýberip, özlerem buljum-buky ýerde oturyp, käte-de ördegiňkä ýa gazyňka meňzeş ses edip, ýa-da şol sesi berýän guraly ulanyp, garaz, dokuzlaryny doly düzläp, şeýle bir aw edýärler weli, olaryň hoşuna gelse-de, seretseň kejebäň darygyp, keýpiň bozulyberýär. Negözel janawerleri duýdurman, aldaw ýoly bilen didiwana mündürip, soňam hil bir iş eden ýaly başam barmak çommaldyp, gomalmak, halal aw däl-de, tüýs karam aw. Bügünä gözleri balkyldap duran ak jerene nädip tüpeň diräp, tüwdürip bolar? Bar etdiňem-dä, şony tomaşa edip oturan millionlarça adama mazamlamagyň ne hajaty bar? Iň bärkisi, çagalara tebigata aýawly garamak hakdaky terbiýä-ündewe ters gelmeýärmi eýsem? 12.03.2021. * * * Ýagyş diňipdi. Köpem ýagmandy, ýeri ölläp geçipdi. Şeýle wagtda zerre tozan bolmaýar-da, kükregiňi gaýmak ýaly howa ýuwýar gidiberýär. Keýpihon hiňlenjiräp gelýärkäm, ine, bir adam belent-12 gatly jaýyň bärrägindäki ozalam agaç ekilen ýeriň ajagujynda üç-dört çukur gazyp, eli kinniwanja pil:lli nahal oturdyp ýör. Ýaşy segsene ýetiberen, diklenende biliniň hökgereni bildirýän goja kişi. Ony görüp, öz ýanymdan öňküleriň: “Ekdiler iýdik, ekeli, iýerler” diýip giden aýtgysyny ýatladym. * * * Aleksandr Makedonskiý Darini ýeňeninde onuň owadanlykda owazasy uzaklara ýaýran gyzlary bar eken. Gören aşyk bolaýýan näzeninlermiş. Emma Isgender olary aýallyga almak hakynda pikirem etmändir. Sebäbini soranlarynda bolsa, şeýle diýipdir: -Dünýäni basyp alyp, onam bir owadan gyza aldyrmak bolmaz. Ýöne Tibeti basyp alanynda, oňa dag içindäki az sanly, ady-sory bilinmeýän, ejiz, emma janahda iň syrly hem akylly halk lowurdap duran gymmatbaha daşy sowgat beripdirler. Isgender ony şa täjine buýsanç bilen dakypdyr. Gör-ä, muny! Şol daşy ýanynda göteren adamyň derrew ölýändigini dünýä ylmy iki müň ýyl soň täsin syr hökmünde açypdyrlar. Älem içinde “şahly Isgender”, “Aristoteliň okuwçysy” adyny alan hökümdar zenan gözelligine boýun sunmasa-da, lagl-göwhere bolan açgözlüginiň öňünde ejizlik edip, şonuňam pidasyna öwrülipdir. 11.03.2021. * * * Okalan kitapdan: Diňe süýji bolmagam ýagşy däl, seni iýip goýbererler, ýöne öte ajy bolsaňam, seni dadan tüýkürip goýberer. Adam sary hem gyzyl arydan gorkýar, emma balara bolsa özüni çakdyrýar, çünki onuň zäheri derman. Bir ýylan diýipdir: “Meniň owurdymda zäher bar diýip, gören kişi meni öldürip ýör, emma adamyň tüýküligi hem meni öldürýär, oňa bolsa üns berýänem ýok”. Adamzadyň işi Alla bilen: “Hudaý nirede oturýar, ol kim, ol nähili?” Emma Allatagalanyň şindi kimdir birine “Sen kim, edýäniň näme?” diýen ýeri barmy? Gargy gamşa “Sen örän owadan, dik synaň bar, ýöne bir garyşdan seni bogupdyrlar-da” diýipdirler. Şonda gamyş “Meni şeýdip bogun-bogun etmedik bolanlarynda, iki adam boýuna ösüp bilerinmidim!” diýen. Her him hergiz ölmejek ýaly. Şu pikirem biziň aňymyzda bakylygy oýarýar. Dünýä panam bolsa, ýalança baky gelen ýaly ýaşa. Jenaýatkäri ene däl-de, durmuş dogurýar. Adam bilen gabatlaşanda, tary-mar edip taşlaýan ýyrtyjy gaplaň ýa möjek hem bäbejige duş gelse, zat degmeýar, gaýta, sürenine äkidip, ekläp-saklaýandygyna köp mysallar bar. Kirpiniň tikenleri hem çagaka ýumşak. Metjidi gurup bilseň, öz kalbyňda gur. Bu dünýä zähmet dünýäsidir, işläň, işläň, o dünýä barylsa ýatma kemi galmaz. Etmişiň üçin bu dünýäde örten, ýan, şindi ýülünmäge mümkinçilik bar. Bir kişi “men Pylany handan beýikdirin, ol nebsiniň guly, men bolsam nebsimiň hanydyryn” diýer eken. Adam gadym dünýäde gowakdan çykypdyr, emma şol gowak onuň kalbynda gowak bolup galypdyr. Dostuň gözünden ýaş akdyranda, onuň bilen aglaşmak hökman däldir, ýöne dostuň bagryndan gan akdyranda, seniň gözleriňden ýaş aksyn. “Ajalyň garagy-da, aňy-da, gulagy-da, ýüregi-de ýok. Ol adamlaryň arzylaýan, gowy görýän, buýsanyp ýören adamsyny-ha ir alýar, iliň-günüň gününe awy gatyp ýören, ýigrenji deýýusa bolsa uzyn ýaş berýär. Munuň sebäbi näme?” diýip, bir akyldar beýleki akyldardan sorapdyr. “Allatagala şol deýýusa düzelmäge puryja berýär” diýip, akyldar jogap beripdir. Kubada bir ybadathana bar, oňa “Keramatly Lazaryň ybadathanasy” diýilýär. Kommunistik ideologiýanyň höküm sürýän döwründe-de şol ybadathana ýykdyrylman, aman saklanypdyr. Ol halkyň halys ynanýan keramatly ýeri. Isa Pygamberiň doglan aýynda diňe Kubadan däl, töwerekdäki ýurtardan özünde günä bar kişiler günäsinden ýülünmek üçin şol ybadathana zyýarata ugraýarlar. Geň ýeri, her kim öz ynanjyna görä, oňa bir hili ýol bilen barýar. Kim bagry bilen süýşenekläp, kim iki dyzynda ýöräp, kim togalanyp... Belki her kim öz etmişine göreräk ýoly saýlap alýandyr, belki “Şeýdenimde meni Alla ýalkar” diýip, göwün edýändir. Şeýdip müňlerçe-müňlerçe dindarlar özlerine ejir baryny çekdirip, azap baryny görüp zyýarata barýarlar. Ömür ölüme barýan ýol. Oňa her kim bir hili ýol bilen barýar. Kim her ädiminde ýagşylyk edýär, kim gijesini gündiz edip işleýär, kim sadaka berýär, kim nebsiniň, mal-baýlygyň yzynda sergezdan gezýär. Kimler bolsa asla ölümiň bardygynam ýadyna salmaýar. Ýöne barybir barýar. Meger, ýaşaýyş Allatagalanyň ynsanlary üçin ýaradan synag meýdançasy bolsa gerek. 12.03.2021. * * * Bir ikiýüzli kişi her gije saba-säher oýanyp, Biribara ýalbabar-ybadat eder eken. Bir günem ýene şeýdip otyrka, Arşdan Jebraýyl perişde inipdir-de, şeýle diýipdir: -Saňa Hudaý yrsgal berjek weli... Iki elini asmana serip oturan omzap turupdyr: -Welisi näme? -Welisi, sen iki adamdan ybarat, Hudaý siziň haýsy biriňize kömek etjegini bilibilenok. * * * Bir döwür bir adam gark bolup, batly suwda “kyrk-kyrk” sanap, gidip barýamyş. Şonda geçip barýan bir baý kişi ony halas edipdir. Ýöne ol adam ýeri gelse-gelmese, märeke az bolsun, köp bolsun, ýa ýeke özi ýolda-yzda duşsun, garaz: -Şonda men seni halad edendirin-diýip, ýürek-bagryna düşüpdir. Bir gün halas bolan adam öz elini özi çapaýypdyr. Kazy oňa: -Näme diýip musulman halyňa goluňy çapdyň?-diýip, hemle uran. -Aslynda şol meni halas etmäge uzan goly çapmalydym, ol maňa başartjak iş däl. Şonuň üçin günäniň ýeňilini saýlap, öz golumy çapdym. Indikide gark bolaýsam elimi uzadyp bilmezim ýaly-diýip, ol jogap beripdir. Eden ýagşylygyňy diliňe çolamak hebes, ony egniňde oturan perişde hasaba alýandyr. * * * Bir gezek Aleksandr Makedonskiý şeýle diýipdir: -Iki adam bir zadyň üstünde urşup dawalaryny çözmäge gelenlerinde, eli boş kişiden iň bolmanda gysymyna birje alma gysyp gelen adam gözüme ýagşy görünýär. Onsoň şoňa ýagşylyk edäýesim gelip dur-diýipdir. Bakyň-a, Älemi-jahanyň bar baýlygynyň eýesi birje almany hem mal bilýär. Çünki dana Isgender nebsiň hemişe oýadygyny, hemişe seni gapyllyga saljak bolup durandygyny, nebsine ejiziň jinnek ýaljak zadam baýlyk hasaplaýandygyny nygtajak bolup, ýaňky tymsaly getiripdir. * * * Sokrat bir begzada bilen bazaryň içinden geçip barýan eken. Şol mahal bir gedaý begzadadan däl-de, akyldardan sadaka sorapdyr. Iki jübüsem boş Sokrat begzadany gyra çekip: -Maňa iki altyn pul ber, men öýe baramsoň gaýtararyn-diýipdir. -O gedaý senden ýekeje altyn pul diledi ahyry. -Eger mende ýekeje altyn pul bolan bolsa, men dessine gedaýa bererdim. Emma men senden karz dilemeli boldum. Eger men oňa diýenini bersem, “Akyldaryň ýagdaýy hem meniňki ýaly eken” diýer. Eger iki tylla bersem, “Bardyr-da, berýändir, ýokdan bar etse-de, meniň çak edişimden has gowy adam eken” diýer, düşündiňmi?-diýipdir. * * * Beýik dana, dilosof, alym Diogenden sorapdyrlar: -Ömrüňi ylma bagş edip, hany, seniň toplan baýlygyň? Şonda ol “Hon-ha, meniň baýlygym” diýip, şägirtlerini görkezipdir. * * * Üzmden sorapdyrlar: -Näme gören zadyňa dyrmaşyp ýörsüň? -Ýerde bulaşyp ýatsam, hoşamy kim görer! * * * Ölüme höküm edilen Nesimini jeza meýdanyna getiripdirler. Beýik şahyry, akyldar dahany jellatlar pyçagyny ýalaw ýaly çalyp, oňa edilen hökümi ýerine ýetirmäge häzirlenipdirler. Nesiminiň hamyny soýjak bolup, pyçak urýamyşlar weli, hergiz ötmeýärmiş. Her hili edip görüpdirler! Eger-eger pyçak kesmeýärmiş. Ahyr Nesiminiň özi: -Dabanymdan soýup başlaň, oglan mahalym aýakýalaňdym, bilmezlikden towugyň hejasadyny basypdym-diýipdir. Jellatlar haýdan-haý dabanyna pyçak ursa, ötüp başlapdyr. Magtymguly şonuň üçin “Nesimini dabanyndan soýdular” diýip ýazandyr. 18.03.2021. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |