02:16 Göwündäki gündelik -2/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Sungatyň, edebiýatyň güýjüne haýran galyp, has anygy, baş egip bolýandygynyň iki mysalyny aýdaýyn. Baýdak baýramyna bagyşlanyp Maslahatlar köşgünde geçirilen konsert heniz başlamanka, Türkmenistanyň öň Belgiýa Patyşalygyndaky, häzir Ukrainadaky doly ygtyýarly ilçisi Nury (wah, familiýasy ýadyma düşenok-da) gelip salamlaşdy-da, meniň gapdaljygymda oturan Akmyrat Hudaýberdiewe-Türkmen döwlet neşirýan gullugynyň başlygyna ýüzlendi: -Gaýrat edip maňa Atajan Taganyň “Serwi gelin” atly kitabyny tapyp ber, gardaş, iki ýyl mundan ozal çykypdyr. Aşgabadyň kitap dükanlarynda tapman, Marydan soratsam, kitap dükandakylar “Şol kitabyň bar ýerini bilseňiz, bize-de aýdyň, günde pesinden on dagy adam gelip, elenip sorap gidýäler” diýipdir. Lebapdanam, Daşoguzdanam ideg etdirdim, satylyp gutarypdyr. Ahyry “Akmyratda hökman birki ekzemplýary saklanaýmaly” diýlensoň gelşim. - Hawa, signal ekzemplýaryndan ikisi bardy, birini beräýmeli bor, halys tapmadyk bolsaň. Dilege gelen aty çykan ýaly begendi. Şondan birküç gün geçensoň giçagjam ýeke özüm öýde telewizora seredip otyrkam, “NTB” ýaýlymy Russiýa Federasiýasynyň halk artisti, meşhur “ЛЮБЕ” ansamblynyň ýolbaşçysy Nikolaý Rastorguýewiiň 60 ýaş ýubileýine bagyşlanan gepleşik-konsert berip duran eken. Oglanlykdan soýüp diňleýän aýdymçym. Älhepus, sungatyň güýjüni! Aýdýan aýdymlary edil türkmençe ýaňlanýan ýaly. Aýdym gutarýaram weli, elimi çarpanymy duýman galýan. Özüm bilmän edýän şony. Owazasy-ady dünýä dolan “КОМБАТ” aýdymyny dagy edäýşini diýsene! Diňleseň iniň düýrügip, urşa, zulma, ok atylyşyga lagnat-nälet okap oturmaly. -Ýanmasaň döräp bolmaýar-diýip, žurnalistiň sowalyna beren jogabynda aýdan jümlesi ýadymda galdy. Onsoň oýlanyp otursaň, sözüň, sazyň, aýdymyň gudratdygyna neneň ynanmarsyň! 27.02. 2017. * * * “Pasyllaryň soltany” diýilýän baharyň gelýäni howanyň ysyndan belli. Käte damýan ak ýagyşyň damjasynyň ýüzüňe degişi başga. Düýn agşamara 10-njy gatdan düşüp, gapdalymyzdaky alleýada gezelenç etdim ýeke özüm. Leýlisaçlar eýýäm gök pyntyk bolupdyr, çynarlaryň monjuk ýaly pyntyklaram sähel maýylganlyk bolsa ýaryljak-ýaryljak. Gapdaldaky akasiýanyň pyntyklary akjaryp başlan şahasyny kimdir biri döwüpdir. Şonda-da ujy gurasa-da galan pyntyklary janlyja, gör-ä, ýaşaýşa teşneligiň güýçlidigini! Şol görnüş meni oglanlyk dünýäme alyp gaçdy. ... Tüýs jahyllygyň gapysyndan jyklap ýören döwürlerimizdi şol mahal-8-nji-9-njy synpyň okuwçysydyk. Murt ýerlerimiz garalyp ugransoň bahar gelende dagy bu pasly hakyt özümiz ýasap, ak ýazlar diňe özümiz üçin gelýän ýaly, baý gudurardyg-a. Anyk ýadymda, Şady mugallym diýip mekdep direktorymyz, onuňam Walentina Iwanowna diýip rus dilinden okadýan aýaly bardy. Ýatan ýerleri ýagty bolsun, diýseň mährem adamlardy. Baýram diýen ogullary (ol häzir gurluşyk kärhanalarynyň birinde inžener bolup işleýär) deň-duşragymyzdy. Üýnümiz-gepimiz alşansoň, içem döküşerdik ýaşlyk “derdimizi” ara alyp. Ine, baharyň agaçlara akly-gyzylly güller geýdiren günleriniň birinde gijöýlänler Baýramyň ýanyndan gaýdyp, mellekleriniň içi bilen gaýraky uly ýola tarap ýöräp barýan. Olaryň ikimi-üç düýp erikleri şeýlebir gülläpdir weli, walla deňinde agzymy açyp duruberipdirin. Şol döwürlerde ady kellämde, keşbi düýşümde gezip ýören gyzyma şonuň çogdam gül bolup oturan şahalarynyň birini sowgat berip, şahyr bolmasamam, şahyrlyk hetdine ýeten (dessanlardan, Gurbannazar Ezizden, Atamyrat Atabaýdan göçürilip, aşagyna-da adyňy goýup goýberilýän “söýgi hatlary) ýüregimden syzdyrybam “men ömürboýy seniň durmuşyňy şu ak güller kibi ýagty etjekdigimi ynandyrýaryn. Beýle bagty bolsa saňa menden başga hiç kim bagş edip bilmez” diýip, dyzyma çökesim geldi. Nädip şol şahany omrup, döwlensoňam elime gursagymdaky arzuwymy wysal etjek närse düşen ýaly eňip gaýdanymy özümem bilemok. Bir görsem, iki köçe gaýrada, Nury aga diýilýän garyndaşlarymyzyň öýüniň golaýynda durun. Sebäbi ol ýer ähli köçeleriň çatrygy bolansoň, gelýän-geçýän kändi. Belki, göçüp duran däli kellä “şol gyz şu ýerden geçip gidäýmesin” diýen pikir gelen bolsa, kim bilýär? Ony walla, özüm-ä bilemok ýöne. Bir görsem dädem gelýär gabat garşymdan. Ol kitaphanada işlänsoň, elindäki gazetlere gözüm düşenden işi gutaryp, öýe gelýänini aňdym. Elimdäki uzatsam aşak ýetip duran jowur ak gülli şaha gözi düşendir-dä, ýüzüme bir seretdi. Men weli, kelläm başga ýerde bolansoň, elimde näme barynam bilemok. -Beýle kelesaňlyk edip, negözel agajy jomurmaly däl ekeniň-ol göni gözümiň içine seretdi-Şeýtmedik bolsaň, gör näçe miwe biterdi munda. Gül diýilýän zat barmagyňa tiken dürtdürip, çemen baglap sowgat berlende dogry bolýandyr. Içimi okansoň, içim üzülen ýaly bolaýdy. Hiç kim ýogam bolsa, dädemiň alnynda şeýle bir utandym, ýer ýarylsa, şoňa girjekden. Ol gidensoň, içimiň ýangyjyna, özem eden işime ökünip, elimdäki ömrüni gysga eden şahama şeýle bir ýüregim awap, ýuwduna-ýuwduna ony akyp ýatan salma salladym. Boýnumy sallabam ýöräp ugradym... Akasiýanyň döwlen şahasy maňa şol wakany ýatlatdy. Munam belki biri jahyllyk heseri içine sygmansoň şeýdendir. Jadyly bahar, seniň ýene bir gudratyň, joşgunly sile meňzeş dälilik hetdindäki söýgülere bat berýäniň bolsa gerek. Dagy nä, söýgüniň özi bahara meňzeş ahbetin! Ynha, agşam gezelenç edip ýörkämem baharyň ak ýagşy ak saçlarymy ezdi. 6.03. 2017. * * * Mara gidip geldik Nowruz baýramynda, has anygy, 19-njy martda. Ak öýde konsert boldy, ertesem ençeme adamlara geçen ýylyň-“Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” atlandyrylan ýylyň netijeleri, şonda žurnalistikada, edebiýatda, sungatda, ylymda bitiren hyzmatlary boýunça baýraklardyr sylaglar gowşuryldy. Hudaýa şükür, “Diýar” žurnalynyň hödürlän awtorlarynyň ählisem geçdi. Bäşimdurdy Şadurdyýew bilen bäherdenli mülkdar Aşyrmuhammet Seýitnurow ýubileý medalyny, Türkmenbaşy şäherinden pensioner mugallym Hojagylyç Nazarow bolsa “Gaýrat” medallaryny aldylar. Öz hödürlän adamlarymyň atlary tutulanda özlerinden zyýat begendim. Ile ýagşylyk etmegiň lezzeti gör nähili ýakymly! Şu gün “Edebiýat-sungatda” Saragt Baba bagyşlanan “Heýkel rowaýaty” hekaýam çykdy. Yzynam zor bilen zomap ýazyp alyp çykmaly bor. Şu gün “Bagt nury” kinofilminiň sssenarisiniň soňkyny nokadyny daň bilen goýup, gerekli ýerlerine tabşyrdym günortandan öň. Indi işlerim ýeňilleşdi. “Alkyşnama” dokumental kinonymyzy bolsa önümçilige aldylar. Umuman, “Gyrmyldan gyr aşar” boluberýär. Indi bir başlap, gutarylman goýan hekaýam bar, şoň daşyna geçsem gerek. Ertir suwçular bilen Hanhowuz suw howdanyna gitsem gerek gara daňdan, nesip bolsa. “Giden getirer, oturan nyrh sorar” boluberýär, kabinetde iki eliňi döşüňe goýup otursaň, gepleşigem bolanok, setirem ýazylanok. “Hem seýil, hem sergazdançylyk” bolsa meň üçin-ä gowy. Düýn agşamdan bäri ýagyş ýagýar. Ýagyş däl, nur ýagýar. 24.03.2017. “Edebiýat-sungatda” Kömek Kulynyň “Omar onbeginiň on bölek bagty” atly hekaýasy çykdy. Ajaýyp eser. Ýazyjynyň iň ötgür ýaragy bolan dil ine, şu ýazyjyda bar. Wakalary beýan edişi dagy edil gözüň öňünde surat çekip barýan ýaly. Şeýle çeper ýazybilseň, tüýs bagty getiren ýazyjy boldugyň! 29.03. 2017. * * * Köýtendagyň gujagyna-Garlyga gidip geldik. Ol ýerde Mekezi Aziýada iň kuwwatly dag-magdan toplumy açyldy. Ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý döküni çykmaly. Giden şäherçe 60 gektara golaý meýdanda. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Bedimuhamedow bilen Belarus Frespublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko gatnaşdylar. Howa tüýs “bahar nepesi düşen” diýleni boldy. Kelif stansiýasynda otludan düşüp, 30 kilometr çemesi awtobusda barýarkak, çar parasyny geri-geriş dagalr gurşan sähralyk çomuşdan ýaňa sary gül bolup ýatyr. Ýetik adamlaryň gürrüňine görä, çomuş bol ýyly kömelek az düşýärmiş. Ýogsam-a, Köýten töwerekleriniň “guzy guýruk” diýilýän kömelegi tüýs adyna mynasyp, tagamy agzyňdan gitmeýän närsedir öz-ä. Gowy sapar boldy. Kelleleri şemallatdyk Türkmenabatdan aňryk, ondanam bärik gül pürkülen ýaly, her küpesi iki adamlyk otlynyň içinde çaýkanjyrap gidip gelşimize. Indem bir zatlar ýazmagyň küýünde. Işlerem erbet gidenok. Edil häzirem “Heýkel rowaty” powestinden 3 sahypany agdardyk, ir sagat 7-den bäri. Žurnalyň 3-nji sany hem gowy çykdy. Düýn Gurban Hallyýewiçiň ýanyna baramda, ol Russiýanyň Wladimir obalastynyň gubernatory S. Ýu. Orlowdan gelen resmi haty görkezdi. Şonda “Diýar” žurnalynyň 2017-nji ýylyň 1-nji-ýanwar sanynda çap edilen “Другой бы жизни я ненотела ” atly makala, ýagny şol makalanyň baş gahrymanlary-Wýaznikow şäherindäki peduçilişäni gutaryp, geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Türkmenistana gaýdan 30 sany rus gyzynyň Türkmenistany ikinji, özem ömürlik Watany edendikleri hakda gürrüň berilýär. Şo makala Wladimir obalstynyň “Владимирские ведомости” gazetinde, soň bolsa şol makalanyda gürrüňi edilýän Walentina Wasilýewna Ataýewanyň dogduk mekany bolan Wýaznikow raýonynyň “Маяк” gazetinde hem çap edilipdir. Bu waka biziň žurnalymyz, umuman, Türkmenistan üçin uly abraý. 3.04. 2017. * * * 7-nji aprelde “Awazada” diýseň tutumly hem-de juda ýatda galyjy wakalara gatnaşdyk. Irden Kongresler köşgünde ”Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkar kongresi geçirildi. Oňä dünýäniň 50-den gowrak döwletinden syýasatçylar, sportsmenler, alymlar, bilermenler, esasanam Aziýa hem-de Okeaniýa ýurtlaryndan gelen mmyhmanlar gatnaşdylar. Kongresi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow açdy, söz sözledi. Çykyş edenleriň Türkmenistanda sport hem bedenterbiýe hereketiniň ösdürilişine, neşä, çilime garşy göreşmekdäki netijesine, gurulýan sport desgalary, mekdepler babatda dünýä nusgalykdygy, ylaýta-da sentýabrda geçiriljek Aziada-2017-ä taýynlygy hakdaky aýdanlary türkmendigiňe begendirýär. Agşam Hazaryň kenarynda uly gala konserti boldy. (Elbetde, myhmanlardyr ilçilere berlen “balyk ýüzmedik suw” bize-de berlen bolsa keýpimiz has gowy bolardy) Polart Bibil ogluny, Roza Rymbaýewany, Lew leşenkony, Ýuliana Karaulowany, özbekleriň meşhur “Parhod we Şirin” duetini, iňlis aýdymçysy Jon Nýimeni golaýjygyndan görüp diňlemek, gapdallarynda durup tans oýnamak gaty ýakymly. Gije sagat 1-lerde Aşgabada gaýdyp geldik. 8.04. 2017. * * * Aprel aýynyň 18-19-na Gazagystan Respublikasyna hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň düzüminde Astanada bolduk. Astana täsinden owadan şäher. Umuman, men ähli saparlar hakda “Barlan iller, ýörelen ýollar” atly edebi-publisistik ýol ýazgylaryny döretmekçi Alla öňuna etse. Gelşimize-de gyzgyny bilen ýazan““Ýollar dost öýüne äkidýär” atly makalam Edebiýat we sungat” gazetinde çap boldy. Aprel aýynyň 22-sine agşamara jaý toýy, günortan bolsa toý sadakasyny berdim. Sag bolsunlar, aýdylan adamlar galman diýen ýaly geldiler. Uly malyny, aşpezini Daşoguzdan getirtdim. Agşamara gapyda gaýnap duran gazanlary, jyzyrdap duran çişligi, gübürdäp duran çaý güplerini görüp nahar iýmegiň, saz diňlemegiň, özara söhbet etmegiň (iň esasam, gulagyňy deşip barýan mirofondyr ses gataldyjysyz), mesawy gürrüňleşmegiň lezzetiniň üýtgeşik bolýandygyny çagyrylan myhmanlar gördülerem, aýtdylaram. Il sylabildi, bizdenem gaýtsyn! Dogrudanam, iliň toýuna, ýasyna barsaň, “men pylankesdirin-ow” diýip gomalmasaň, “wezipelidirin” diýip, toý-märekeden gaçganaklamasaň, ilem edeniňi, görenini gaýtarýan eken. Garaz, öňküleriň aýdyp gidişi ýaly, kimdigiňi biljek bolsaň, toý-märeke edip göräýmeli. Wah, bu ýalançyda her gün şatlyk, her gün toý bolsa bolmaýarmy?! Ynha, düýn Gurbannazar Eziziň ejesini (ady ýalňyşmasam, Ogulnabat eje bolsa gerek) soňky ýoluna ugratdyk. Hemmä nesip etdirsin, 96 ýaşapdyr bende, iman baýlygyny bersin hernä! Ýas ýerinde durkak baryp-ha 1992-mi, 93-nji ýylda Pöwrüzedäki Ýazyjylaryň daçasynda bile goňşy bolup bir aýdan gowrak ýaşanymyzy ýatlaýan. Şonda bu maşgala bilen gowy ysnyşypdyk, keýwanym Ogulnabadyň bişiren palawyny iýende kän alkyşlar, ýagşy sözler aýdypdylar. Şonda oglum Ezize iň sarpalaýan şahyrym Gurbannazar Eziziň hormatyna şeýle ady goýanymy eşidip, bende monça bolupdy. Şol wagt dagy Aşgabadyň ed-dil ortarasyndan şeýle kaşaň-“elitka” diýilýän özem 5 otagly, içine girseň bir-biriňi gygyryp gözläp tapmaly jaý bererler diýilse, walla, kes-kelläm ynanmazdym. Wah, ol wagtlar “öýsüz-öwzarsyz Goňurjadyk” ahyry. Şonuň üçin hormatly Prezidentimize gijr-gündiz alkyş okaýas tutuş maşgalamyz bolup. Düýn-öňun öýmüze myhmançylyga çagyrylan Öre Sopyýew bilen onuň 5 ýaşlyja gyzy Leýlini ugradyp, yzymyz gelýärkäk, ýanymdaky agtyjagym, meniň “Leglegim”diýilýän alty ýaşlyja, diýseň dilewrja, mekdepden diňe 5-lik getirýän Aýjäjek belent jaýlara, giň köçä, gijäniň dürli öwüsýän yşyklaryna seredip, näme diýýär diýsene: -Öňki ýaşaýan ýerimizden bärsi gaty gowy, ata. Men aňyrda ýaşarkak telewizorda şeýle köçeleri, şeýle jaýlary görkezseler “bizde haçan şeýle jaý bolarka?” diýýärdim-dä. Walla, gözüme ýaş aýlanyp gitdi. Indem içinde goşa “altyn aşyk”-ogul agtyklar jägidäýse, başga armanym ýok! Şu gün agşam 18-den 20 minut geçende Lebaba ugramaly otly bilen. “Alkyşnama” dokumental kinonyň käbir epizodlaryny surata düşürmek üçin, Nurguly aga, Esen hemem men. Hernä Allam saparymyzy oňuna etsin! Düýn “Bagtdan ýeten peşgeş” atly oçerkimi ýazyp gutaryp, “Türkmenistan” gazetine tabşyrdym. “Alnyny” açmak baş redaktor Kakamyrat jana bagly. “Altyn gapy” diýen hekaýamy jemläp bilemok, tapýan pikir-ideýalarym hiç göwnüme jaý däl, hany beýni bişirmezmikä bir zatlary. 26.04. 2017. * * * “Altyn asyr” Türkmen Kölüne gidip-geldik. “Seýilem seýil, sergezdançylygam seýil” diýlen. Ondan öň Lebaba-Türkmenabada hem barlyp–gelindi otly bilen. Hernä işimiz bitdi. Ýogsam baran günümiziň ir säheri-hä ýagyş ýagyp, bulutlaşyp, operatorymyz Esen Çarty aýtmyşlaýyn, aljak kadrlaryň “moloko” boljak boldy. Soňam Türkmenabat-Farap köprüsine bardyk weli, turdy bir şemal, ýeňilräk bolsaň göteribem äkitjek. Soň “Altyn asyr” teleýaýlymynda gepleşigimizi görüp otyrkam, penjegimiň üç iligi ildirilgem bolsa, içine ýel girip, syýnynyň galgap durşyny görüp, özümiň gülkim tutdy. Hernä, iş bitdi, film üçinem, telegepleşik üçinem eden azabymyz ýerine düşäýdi. Munuň üçin aladamyzy eden ýerli ýolbaşçylaram, baran adamlaram sag bolsun! Ondan gelibem, aýdylyşy ýaly tozanymyz dökülmänkä, “Altyn asyr” türkmen kölüne gidip-gelindi. Tüýs “Giden getirer, oturan nyrh sotar” diýleni. Gören-eşidenlerimizi aýdyp berýän weli, kärdeşlerimime, beýlekilerem “bä-ä, şeýlemi-aý” diýýäler. Ýöne çaň iýip, tozana garylsaňam, “ýol azaby-gör azaby” diýleni bolsa-da, öýdäki endigiň bozulsa-da, baranyň, göreniň gowy. Ýatan ýeri ýagty bolsun, belli satitik ýazyjy Gurbangylyç Hydyr aýdypdyr-a “öýden çykybilseň, hezillikden başga horluk ýok” diýip. Gurbany boldugym, türkmeniň myhmansöýerligine-de tagzym edäýmeli. Kölüň bärsindäki Garabogaz obasynda iýen gowurdagymyň, içen düýe çalymdyr iýen agaranymyň tagamy entegem agzymdan gidenok. Wah, Kölüň ýakasynda ýaşaýan Anna mugallymyň gapysynda ojar oduna demir gözenekde jyzyrdap bişen sary sazanyň kebabyny diýsene! Garaz, hezzetläp tokly hem soýdular, towugam. Pah, sazak közüne gyzdyrylan galyň tamdyr çöreginiň şo mahalky tagamyny, ysyny diýsene, janyňy alyp gelýär! Döwrüň badyna, gudratyna haýran galaýmaly! Ony Garagumyň gujagynda dörän Köle baryp gören, gyrasynda gezen bilýär. Gyrasy sürü-süri goýun-geçi, içi adyny tutan balygyňdan doly, kenarlary ygaly ýetensoň ýaşyl sonar bolup otyr. Aňyrsyna göz ýetmeýän Kölüň üstünde ganat ýaýyp ýören, içinde ýüzüp ýören, kenarynda düşläp oturan guşlaryň adyny tapar ýalam däl. Rejissýorymyz Nurguly aga kamera işledilse-de, äwmän oturan guşlary balagyny dyzyndan geçirip çermäp suwa girip, ürküzip, täsin görnüşi aldyrybildi. Barsaň, görseň, otryşsaň, tanyşsaň, del gürrüňlerem eşidýäň, käsibni gözüň bilenem görýäň. Häki bizi bir gije gara öýüýnde myhman alan Akýaýlay Anna mugallymyň möjek awlaýşy hakda aýdyp beren wakasyndan gowja bir hekaýa ýasaýmaly. Häzirem “Çöl içinde bir köl gördüm” atly publisistikama girişdim. Uly gürlemäýin weli, başladygym-aldygymdyr “Altyn gapy” hekaýamy “Edebiýat-sungata” iberdim. Ýöne göwnüme bolmasa, şol hekaýanyň bir ýeri kem kakýan ýaly, bir “perdesi” owaz bermeýän ýaly göwnüme. Bolýa-la, wagt geçse, belki gaýtadan işläp, “dokuzyny düzläp” bolar. Wah, ýöne okyja oňarsaň ilkibaşdan gowy eseriňi berseň diýsene! 7.05. 2017. * * * Daşoguza jaň edip, ilkinji halypam, zähmet depderçäme ilkiji gol goýan baýry žurnalist, köp ýyllar “Daşoguz habarlary” gazetine baş redaktorlyk eden Baba Garaýew bilen gürleşdim. 102 ýaşap barýan adamdan: -Halypa, saglyk neneňdir?-diýip sorasam, ol: -Indi äýnek geýmesem gözüm gazetdäki ýazylanlary çala saýgartjak bolup dur, şondan başga kemim ýok. Saňa bir haýyşym bar. Geçen ýylmy, öňüýyl Beki Seýtegi eserlerini çapa taýýarlap, “Tylla, seniň yşgyňda” diýen kitap eden ekeniň, bärdäki kitap dükanlardan tapmadym, aňyrda bolsa ugratsana birjejigini -diýdi. Trubkany goýup, “şeýle saglygy bilen şeýle uzak ömri, onda-da şu ýaşda kitap okamak höwesini Alla bize-de nesip etdirsin-dä” diýdim. * * * Düýn hormatly Prezidentimiz ir bilen Oguzhan köşgünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 4 aýyň jemine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Agyr gürrüňler boldy. Esasan korrupsiýa hemem parahorluk meselesi, bu jenaýata baş goşan prokuratura işgärleri, eden pyssy-pujyrlyklary, bedinebislikleri hakda açyk gürrüň boldy. Mejlisde hasabat berip duranlaryň birine hormatly Prezidentimiz “sen çapraz gürläp dursuň. Bilýämiň “çapraz” diýen sözüň manysyny?” diýip sorady. Ol egnini gysdy weli, zala seredip: “hany “Diýar” sen aýt şu sözüň manysyny diýdi. Menem ýerimden galdym-da “gapma-garşylyk” manysynda, ýaşuly” diýdim weli, “ine, eşitdiňmi dogry jogabyny” diýdi. Ýygnagyň dowamynda soňam iki gezek adymy-”Diýary” tutdy. Döwlet derejesinde geçýän iň aňrybaş mejlisde hut patyşanyň seniň adyňy gowulykda tutup durmagy diiýseň-diýmeseňem juda ýakymly. Birhili göwün guşuň howalanyberýä-le. Hernä, Magtymgulynyň: -Ikiniň hezzeti birin azdyrar, Taýak bir dälini ýola getirmiş- diýşi ýaly bir bolmawrsin, jan Allam! “Nesilde” saparyň kagyza geçeni-“Çöl içinde bir köl gördüm” atlandyrylan publisistikam çykdy. Gazete gözüm düşenden mundan 10 ýyl çemesi ozalrak Türkmen Köli barada tapgyr-tapgyr makala (soň kitap boldy) ýazamda, şahyr Atamyrat Atabaýyň: -Gurbannazar, bu köli makala bilen däl, suw bilen doldurmaly- diýip, aýdan ýarym çyn, ýarym degişmesi ýadyma düşüp gitdi. Juda jaýdar aýdylan deňeşdirme-söz. Uly halypalaryň aýdany nakyla meňzäp dur-da. “Türkmenistan” gazetinde hem “Serim sag-ömrüm uzyn” atly bir sahypalyk publisistikam çykdy. Bar aladam Saragt halypa hakdaky dokumentla hekaýamy tamamlamak. Professor Muhammetguly Amansähedow diňe bir uly alym däl, şol bir wagtda gaty kämil ýazyjam eken. “Edebiýat-sungatda” çykan “Ajap ejäniň arzuwy” hekaýasyny okap, şeýle netijä geldim. Edebiýat teoriýasynyň içinden geçen ussadyň sýujet düzüberşi ýütgeşik, dilem diýseň halky. 13.05.2017. * * * Lebap boýlaryna gidip geldik. 24-nji maýda Pelwert-Mekan aralygynda panton köprüsi açyldy. Öň Halaçdan Hojambaza ýa-da tersine geçjek bolsaň ýa-ha Kekiçiniň, ýogsamam Türkmenabadyň üstünden aýlanmaly eken. Indi 990 mert çemesi uzynlykdaky köprüden geçmäge pyýada üçin jemi 20-30 minut gerek. Ine döwrüň gudraty! Gelip, asly Burdalykly belli alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Soltanşa Atanyýazowyň “Ýola elten ýodalar” kitabyny “Garagum” žurnalynyň redaktory Soltanýaz Şaýymowdan alyp, öň okamda galan ýelrerini gaýtadan sahypalap gördüm. Ynha, şeýle ýazylan: ““...Farapda otludan düşüp, demir ýol stansyýasynyň öňündäki awtowokzaldan Kerkiçä gidýän awtobusa münersiň. Bardy-geldi bu awtobus ir bilen 9-da ugraýan bolsa-ha, bagtyň getirdigi. Pagta meýdanlarynyň arasyndan, ululy-kiçili ýaplaryň boýuny jähekläp oturan miweli baglaryň ýele ýanyndan şaglap geçýän garaýol seni sanlyja minutdan Amyderýa-Buhara kanalynyň köprüsine elter. Ýwropanyň uly derýalaryndan asla pes bolmadyk bu emeli suw ýolunyň çep kenaryny syryp gidýän şosse ýoly göni Buhara, kanalyň äpet köprüsinden geçip, gündogara sowulýan garaýol bolsa Amyderýanyň sag kenary bilen Burdalyga we Kerkiçä sary uzalyp gider. Ilki aňňat-aňňat ak gumlaryň, soňra belentli-pesli ulgam-ulgam gumaksy gyrlaryň göwsüni dilip geçýän bu ýoluň belent ýerlerinde saga seretseň, ho-ol pesde Amyderýanyň egrem-bugram bolup geçýän suwly hanasy dumanlap, ýalpyldap görünýär. Ýoluň çepini gözýetime çenli Gyzylgumuň ymgyr çöllügi tutup ýatyr. Farapdan Nerezim oazisine çenli bolan 30-40 kilonetr aralykda Samandepäniň gaz känlerine tarap sowulýan iki sany gara ýoly we Özbegistanyň Kaşgaderýa welaýatyndan gelip, Amyrderýa guýup ýatan uly zeýkeşi hasaba almasaň, bu aralykda ýoluň çetinde ýaşaýyşyň bardygyna güwä geçjek zada gözüň düşmez. Çöllük gutaryp, Nerezim we Ýapaç oazislerinde Farap etrabynyň täze özleşdirin ekin meýdanlary başlanar. Bu meýdanlar Lebap boýlarynyň meşhur jeňňelleri hem-de toraňňy tokaýlary bilen utgaşyp gidýändir.” Ine, biz nesibe tartyp şu ýerlere gadam basyp barýarys. Ýöne şu köprüniň gadyr-gymmatyna düşünjek bolsaň, Soltanşa aganyň galamyndan çykan şu setirleri weli hökman okamaly. Üns ber, okyjym: “...Işanguly Hudaýguly Burdalyga gidip, etrabyň MTS-hden Kerkiçä haçan maşynyň gitjekdigini bilip geldi. Ol döwürde bu aralyga gatnaýan awtobus ýa başga ulag ýokdy, diňe köp kireý töläp, ýük maşynynda gitmelidi. Ýoluň Burdalyk-Mekan aralygynda 7-8, Mekan-Beşir aralygynda hem 10 kilometr çemesi ürgün çügüniň üstünden geçýändigi üçin, bu ýoldan çem gelen maşyn ötüp hem bilmeýärdi. MTS-de iki sany uly ýük maşyny bolup, olar demirýol stansiýasyndan Burdalyk üçin niýetlene ýükleri getirmäge Amyderýa şäherçesine ýa Kerkiçä hepdede-on günde bir-iki gezek gatnaýardy. Ynha, bizem şol maşynlaryň birine münmelidik...” Bir-birini gujaklap, “ahyry arzuwymyz hasyl boldy, öň o kenardan bu kenara geçjek bolsak, barža ýa gaýyga garaşyp, ol tapylsa-da, howa bulaşsa esli garaşyp, gara görgi ýuwdup zordan geçişimiz indi yzda galýan boldy” diýip, gözlerini ýaşlaşyp duran aksakgallardyr oral aýallaryň gürrüňlerini diňlemegem, boluşlaryny synlamagam, “her döwür-bir döwür” diýlenin hökman ýatladýar. Gowy sapar, ýatda galyjy gezelenç boldy. Hawa, ondan 4-5 gün öň Awaza hem gidip-geldik. 26.05.2017. * * * Gündeligiň bardygynyň ýada düşmedigine bir aý boluberen ýaly-la. Ilki bilen dek düýn bolan gülküli wakadan başlaly. Atajan Tagan redaksiýanyň kompýuterçisi Meret Hallaýewiň ýanyna girip, bir diski görkezip, zeýrenýär: -Inim, şu Mähribanyň kompýuterinde-de, Şeker gelniň komýuterinde-de açylýar, al emma, meň komýuterimde weli açylanok... Gulagy agyr adam-da, meň gapydan girenimi weli görenok. Menem edil gulagynyň düýbüne diýen ýaly baryp: -“Mal eýesine çekmese şumluk” diýleni, bu halypa-diýdim. Ol bärik öwrülip: -O näme diýdigiň boldy?-diýdi. -Eliň açylmasa, gulagyň açylmasa, ýöräňde aýagyň arasy açylmasa, mahal-mahal kelläň açylmasa, seň kompýuteriňem açylmaz-diýdim. Hemmler gülüşdi weli, ol elini uzatdy: -Beki aga aýtmyşlaýyn, “aldyň, inim”. Ýöne sen bu gürrüňi Atamyrada weli agzamaweri, uly ile ýaýar. * * * Daşoguzda döredijilik saparynda bolup geldik, şol öňküje toparymyz-Nurguly aga hemem Esen dagy bolup. Haýdap işläpdiris. Oba hojalyk institutynda, Sadulla Rozmetow adyndaky paýdarlar jemgyýetinde bolduk ik günläp diýen ýaly. Täze açan “Döwür, Döwlet, Arkadag” atly awtorlyk gepleşigimiz üçin esli “harman” boldy. Şondandyr-da, ýap-ýaňyja Nurguly halypa jaň edip: “Tehdubl üç ýarym sagatdan geçipdir. Şoň üçinem gysaldanymyzda 55 minutlyk gepleşik çykýar, ýogsamam 40 min çemesinde iki gepleşigem ýasasa boljak, arkaýyn” diýýär. Özüm-ä şol institutda işleýän belli bakjaçy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Maral Orazbaýewa hakda oçerk ýazaýmak hyýalynda. Oh-ow,özüm üçin iň buşlukly täzelik-edil häzirjek “Heýkel rowaýaty” dokumental powestimiň soňky nokadynty goýdum. Sag bolsun, soňky 5 sahypadan galan ýerini belli žurnalist, Türkmenistanyň hormatly il ýasulysy, eseriň baş gahrymany Saragt Babanyň klasdaşy Derýa Aşyr okap berdi. Eden bellikleri, çykaran harp, orfografik ýalňyşlary, iň esasam, aýdan maslahatlary üçin taňryýalkasyn! Ýöne jemlemäme göwnüm ýetenok. Meger, ýütgetsem gerek. Hany, birki gün beýnide bişişýänçä, ýazanymy ellemäýin, gowusy. 17.06.2017. * * * Edebiýatyň kerlerbaşysy Atajan Tagan bilen iş otagyny gohdan dolduryp gürleşdik. Hernä kabulhanada hiç kimiň ýoklugy, ýogsam içerdäkiler türkmen aýtmyşlaýyn, ham paýlaşýamykalar, ýa-da sögüşýämikäler diýerdi. Jedel okap gelen”Çal möjek” hekaýasynyň üstünde turdy. “Sen şuny iň ahyrky-kulminasiýadan başla. Özünem öňündäki bir sahypa golaý ýerini aýyr, arykmaç, nätjek okyjynyň agzyna hetjikläp salyp berip” diiýä. Dogram ýaly. Ýöne öňüni aýyrsaň jotda boljak-da o hekaýa. Hany göreýin, käbir ýerlerine kakyş-kukuş edäýsem biçem däl ýalam. Bir aýdan gepini weli haladym: -Lew Tolstoý “Uky” diýen hekaýasyny 96 gezek, Gogol bir hekaýasyny 8 gezek elde täzeden göçürip düzedipdir. Hany o zamanlar häzirki ýaly kompýuter barmy saňa. Atajan Tagan diýilýän menem “Edebiýat-sungata” beren “Beýik gudratyň derňewi” diýlen hekaýa-ertekimi 9 gezek gaýtadan işledim-göçürdim. Ine, şeýdibilseň weli, eser tüýs maňzyna ýeten eser bolaýar. Ýöne ony men oňarmaýmasam. 5. 07. 2017. * * * Adam pahyr sähel salymyň içinde begenibem bilýär eken, gynanybam. Hezreti Magtymguly aýdyp gidipdir-ä: -Ertiri şat bolan, öýlän gülmedi -diýip. Şol rast eken. 13-nji awgustda ekiz agtygym bolanda dünýäde menden bagtly, menden baý adam ýokdy. Ikisem oguljyk. Ulusynyň adyna Mälik, kiçisiniň adyna-da Merdem dakdyk. Jägildäp ýagty dünýä inenlerinde ällanämejediler. Äkidip görkezdilerem. Ikijigem barmajyklaryny sorupjyk ýatyrlar. Öz ýanymdan “zaňňarjyklar, nebsewüwürje boljak ýaly boluşlary’ diýipdim. Begenjimden hemem dynç berlensoň ertesi Nurgeldi Aşyrmämmedow, Akmuhammet Hemid, Bekmämmet Halymow hem-de Begjan aga diýilýän Nurgeldiniň gaýynagasy bilen Nohura gezelnje gitdik. Bir gije çeşme boýunda biten äpet hoz agajynyň aşagyndaky agaç sekide aýdylyşy ýaly “aýak uzadyp” dynç aldyk, iýip-içdik, daş-röwerege iýlenleri siňdirmek üçin gezelenç etdik. Tebigat, onda-da dag içleriniň asyl mdurky bozulmadyk tebigaty nähili geň, hähili görkana! Ertesem galarmyzy islediler weli, birhili ýüregime howul düşýän ýaly boluberensoň, özem ol töwewreklrde el telefony hem işlemänsoň, “gaýdalyň’ diýip, aýak diredim durdum. Ine, Aşgabada geldigem “ kiçi agtygyň haly-taby gowy däl” diýdiler. Bazar güni özem. Şol gün irden Ministrler Kabinetinde wise-premýeriň adatça hepdäniň jemi boýunça edýän ýygnagyndan çykyp, Kuwwat dädäniň ýogalan güni üçin edilýän sadaka baryp, ýaňy dyz ependen, duz datmankak, “keselhana ýet!” diýlen habar geldi. Şeýdiň Merdemjigi aldyrdyk. Ömri gysga eken neressejigiň. Jaýlap durkak beýnime şu setirler ýazyldy: -Ýatlanarsyň, gelip dursa her demim, Ak guş bolup uçup giden Merdemim! Hiç bir ata-enä öz balasyny, agtyk-çowlugyny eli bilen jaýlamak nesibesi ýazylmawrsin! Kerim şahyr aýtmyşlaýyn, “nobatyňda gara ýere sümüp gitmek” nähili bagt! 23.07. 2017. * * * “Edebiýat-sungat” gazetiniň baş redaktoryna jaň edip, “Çal möjek” hekaýamy entek saklaň, Atajan Tagan käbir bellikleri aýtdy, gaýtadan işlejek” diýdim. Şu günem elek-soky edip elden geçirdim. Dogrudanam, “başaşak” etdim weli, süňňi düzlenene meňzäýdi. Ýarym sahypa çemesem aýryp zyňdym. Indi-hä, öz göwnüme-de jaý, okyjylaryňam maňzyna bataýsa-da biri. Üç-dört günlükde-de “Garagum” žurnalynyň iýul sanyny aldym. “Heýkel rowaýatynyň” başky bölegi çap edilipdir. “ Dokumental hekaýa” diýip berenem bolsam ( hile-de bir usul eseri çykartmak üçin), ol göwrümi taýdan powest. Ýazan zadyň çyksa edil ogluň bolan ýaly begenäýýäň, walla! Eýýäm okanlaram jaň edip gutladylar. Düýn “Mekan” köşgünde “Sport. Gadynlyk. Ruhubelentlik” atly döwlet derejesinde maslahat-aksiýa geçirildi. Agşam “Altyn asyr” teleýaýlymynda doly görkezdilerem. Şony ýokardan “Diýaryň” redaktory alyp barsyn” diýlen tabşyryk esasynda maňa ynandylar. Erbet bolmadymyka diýýän. 1.08. 2017. * * * Edil häzirjek –saba säher çagynda “Oguzhan” adyndaky kinostudiýanyň tabşyrygy esasynda saragt Babaýew hakda “Heýkel rowaty” atly çeper-publisistik kinofilmiň sssenarisiniň soňky nokadyny goýdum. Ynha, häzirjegem poçtany-gazetleri getirdiler. “Türkmenistan” gazetiniň şu günki sanynda “Dag içindäki bag” atly oçerkim çykypdyr. Şol 6 sahypalyk oçerki bir ýarym günde ýazdym. Aýdylyşy ýaly diňe başyny galdyrman işlän ýeňer! Ertir irden hormatly Prerzidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary bolany üçin bizem käbir redaktorlar bilen Bakuwa uçýas. Aýdylyşy ýaly sag gidip, aman gelmek nesip etsin. Döwlet sapary şowly bolsun! 7. 08. 2017. * * * Hazar deňziniň aňry kenaryndaky ýurt bizi diýseň gyzgyn howasy bilen garşylady. Howa Baku şäherinde iki gün hem 43-45 gradus gyzdy. Ýöne sapar diýseň şowly hem netijeli tamamlandy. Jemi 14 resminama gol çekidi. Hemmesem diňe iki ýurduň bähbitleri üçinem däl, eýsem tutuş Ýewraziýa giňişligi üçin diýseň möhüm. Bir bolan wakany weli aýratyn nygtasym gelýär. Ajaýyp ýerde ýerleşen, azerbaýjan garyndaşlaryň aýdyşy ýaly çoh gözel “Genjilik” hökümet rezidensiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hatyrayna berilýan agşamky nahara baranalaryň atasynda dünýä belli aýdymçy Polat Bilbil ogly hem bardy. Biziň-Türkmenistan dan baran resmi wekilýetiň agzalarynyň ýeke-ýeke baryp salamlaşmagyna ýaşy 80-i sermeläberen meşhur şahsyýet monça boldy. Biziň ýurdumyza gelende oňa “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen gazet-jurnallarymyzda ençeme makalalaryň ýazylandygyny aýdanymyzda, ol juda hoş boldy. Kakamyrat ikimiz bu meşhur adam bilen surata düşdük. Ol biziň üçin iň gymmatly ýadygärlige öwrüler. Aşgabada sagat 14-tde gelip düşen badymyza halkara aeroportynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňeldileh düzümdäki göçme mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Azarbaýjan respublikasyna bolan resmi saparyň ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Soňra jurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Bakuda wagtym Prezidentiň metbugat sekretary Kakageldi Çaryýardurdyýewden alan tabşyyrygyma görä, men Azarbaýjan bilen ýangyç-energetika, şeýle hem söwda-ykdysady babatdaky gatnaşyklaryň jikme-jiklikleri hakda sowal berdim. “Zenan kalby” žurnalynyň baş redaktory Maýsa Taýjykowa hem Azaiada hem-de Gawun baýramyna degişli sowal bilen ýüzlendi. Ençeme kärdeşleriň içinden ala-böle beýle saýlanylmagy uly hormat ahbetin! “Tamdyry gyzanda ýap” edip şu gün ir bilen bu sapar bilen bagly “Mugam” diňläli, gardaş!” atly publisistik makalanyň sagat 10-a galman nokadyny goýdum. Nesip bolsa ertir “Edebiýat-sungat” gazetiniň tututş bir sahypasyny tutup, çykaýsa gerek. * * * Il içinde eşidilmedik gep, ýa-da öň eşidip, bilip ýöreniňi owazlap, owadanlap aýtmak bar. Öňräjik “Mekan” köşgünde bolan bir ýygnakda-maslahatda Hormatly il ýaşulysy, ömrüni mugallymçylyga bagyşlap, 80 ýaşa aýak atyberen Çary aga Ataýew bir del gürrüň aýtdy: -Boş wagt ýok, boş geçirilen wagt bar. Gör nähili jaýdar aýdylan gep! 10.08. 2017. * * * Ýurt içine aýdylyşy ýaly “köpek seýlini” etdik. Ilki bilen-a Mary şäherine gitdik. 10 adama golaý “iş topary” diýilýäneTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyü orunbasary Annageldi Garajaýew ýolbaşçylyk etdi. Aziada-2017-niä alawynyň alnyp gaýdyljak ýerindäki taýýarlyk işleri bilen tanyşdyk, özümize degişli işleri ýerine ýetirdik. Garagumyň sary çägeleriniň arasynda gurlan 150 çemesi ak öýüň görnüşi walla, haýrana goýýar. Bu ýeri geljekde-de uly toý-baýramçylyklaryň mesgeni bolar, enşalla. Şonuň ertesi güni bolsa Daşoguza uçdum. Hudaýberdi Nuryýew oň körpe ogluny öýlendirdi. Gaty ajap toý boldy. Gelin gelen günü Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Sabyr Sabyrowy hezil edip diňledik. Öň görülmedik ýüzler, sataşylmadyk kişiler bilen bir saçagyň başynda oturmagam jdiýseň lezzetli. Sapargeldi Motaýew, Otuzmät Kakyşow ýaly “köne adamlar” bilen didarlaşdyk, hemsöhbet bolduk, Şahyr Toýly Öweziň goşgularyny diňledik. Garaz, gezilip, görlüp, iýlip-içilip göwün solpusyndan çykyldy. 28.08. 2017. * * * “NTW” teleýaýlymynda belli aýdymçy Iosif Kobzonyň 80 ýaş ýubilýine bagyşlanan uly dokumental film görkezdiler. Şonda onuň bir ýatlamasy has ýiti täsir etdi. ...Bir gezek daşary ýurtda uzagrak dowam eden gastroldan-sapardan gaýdyp gelen badyna oňa ejesi jaň edipdir: - Oglum, sag-aman gelen bolsaň, eglenmän meň ýanyma gaýt, seň iň gowy görýän naharyň bolan borş bişirdim. - Öte ýadaw-da men şumat eje jan. Gel gowusy, ertir baraýaýyn-la. Ejesi najynjar geläpdir: - Edil häzir geläýseň ýagşy bordy-da. - Ertire goýaýa-la, aýagymyň üstünde zordan durun, öýe baryp bir dynjymy alaýyn. Şondan soňra gürrüňi Iosif Kobzonyň aýal dogany (adyny häzir ýatdan çykardym) dowam edýär: - Trubkany goýan ejem “wah, juda göresim gelipdi-dä” diýdi-de, gözüni ýaşlady. Men "eje, ýör, aşhana geçeli-de, borşy ikijigimiz iýäýeli!” diýdim. Ol başyny ýaýkady: - Işdäm ýanan ýaly bolaýdy, sen özüňjik iýäýsene. Şeýle diýip, ol diwana gyşardy. Men ymyzganjakdyr öýdüp, üstüne odeýal çekip, aşhana çykdym, telewizora seretdim. Birdenem ýüregim bir zat syzan ýaly käbämiň gapdalyna çöküp, ellerini tutsam, buz ýaly. Men wägirenimi duýmandyryn. ...Iosif Kobzonyň ejesi jaýlananda bolşuna seretseň özüň bokurdagyň dolup gidýär. Ol gumynyň reňki solmadyk gabry dyrnaçaklap bozlaýar: “Eje jan, käbäm, meň günämi geç! Düýn çagyraňda baramda, seni soňky gesek görüp galardym. Belki-de begenjiňden sen entekler ýaşardyňam. Sen çakylygyňa barmanyma gynanyp ýogalan bolsaň kim bilýär...?!” Şonda birwagt okan zadym ýadyma düşüp gitdi. ... Russiýanyň “göze ilmeýän”(özleri muny “glubinka” atlandyrýarlar) diýilýän obalarynyň birinde günortadan soň öýüniň agzyna çykyp goňşy aýal bilen mesawy gürrüň edip oturan ene birden çirkin gygyryp, çep gursagyny tutup ýylylyşyna jan berýär. Bu pajyganyň bolan sagadyny, hat-da minutyny hem takyk belleýärler. Soň görüp otursalar şol enäniň harby uçarman bolup ýören ýalňyz ogly edil şol mütdetde asmanda uçary heläkçilige uçrap, ýogalan eken. Eneleriň ýüregi nirede, näçe uzaklykda bolsa-da, söwer perzentleriniň başyna düşen hasraty-pajygany hökman duýýan bolmaly. 15.09. 2017. * * * "Köpden bäri gündeligiň töweregine barypbilmän ýörün. Elbetde, biagyrylykdan diýib-ň biljek däl, ýöne özümi aklasymam gelip duranok. Garaz, elimi gowşuryp oturman-a işleýän. Ýek-ýarym hekaýa çykdy, birnäçe publisistik makala, ýol ýazgylary dýredi. „ýol ýazgylary‘ diiýänim, geçen aýyň aýagynda Russiýa Fedrasiýasynyň iň ajap, Gara deýziň kenaryndaky merjen şäheri Soçä baryp geldik. Ol. Ýerde GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti boldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Soçi gaty gözel şäher. Garaz, barsak, gezseý, görseň ne arman! Şu gün Atajan Tagan begenip geldi. Halypanyň "Gowşut han“ romany 2018-nji ýylyň tematiki meýilnamasyna girizilipdir. Gowy habar. Gowy eserler okyjysyna ýetse, olary begendirse gowy. Atamyrat Atabaýyň terjime eden "Мастер и Маргарита “ eseri hem "Dünýä edebiýaty“ žurnalynda çap ediler. Bu haýyrly işe özümiňem az-maz hemaýatymyň ýetenine begenýän. Nobatguly Rejep şu gün irden iş ýerime salama gelende eserler ýygyndysynyň korrekturasynyň okalandygyny begene-begene aýtdy. Uly ussatlaryň ýazan ýekeje setirem ýerde ýatman, çap edilse gowy. Meniň durmuşymda-da gowy zatlar bar. Eziz işe girdi. Ony Döwlet ätiýaçlandyryş edarasynyň Ahal welaýat müdirliginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellediler. Ogullar bilek çermäp işleseler gowu-da! Güýz şu ýyl gowy geldi. Şu gün hem edil ýazyň güni ýaly, 22 gradus maýyl. Düýn weli sowugrajyk, özem „göterip äkideýjekmikä?“ diýdiren öelli-şemaly boldy. Düýn Aşgabadyň ilersinde-„Ýyldyz“ oteliniň kybla eteginde Golf kluby açyldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de dünýäniň dürli döwletlerinden gelen tanymal myhmanlar gatnaşdylar. Dogrusyny aýtmaly, 2017-nji ýyl Türkmenistanyň sport abraýyny arşa galdyrdy. Sentýabr aýynda geçen V Aziýa oýunlarynyň derejesini gözi bilen gören biler. Bu wakanyň waspyny Watandan has alysda-Soçi şäherinde hem eşitdik. Ine, bu gezekki Golf klubynyň açylyşy bolsa aýratyn waka. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan gelen myhman, „Nisklaus“ kompaniýalar toparynyň baş direktory Jek Niklaus gaty ähmiýetli, entek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hijisinde beýle giň hem dünýä talaplaryna leýyk gelýän meýdançanyň ýokdugyny aýdanda, walla, muny hut özüň guran ýaly begenmezmiň eýsem! Häzir iş ýerime gelip, Gurban Hallyýewiçe jaň etdim. Ýaşulynyň halynyň teňdigi trubkany alşyndan, sesinden, dem alşyndan bildirýär. Ýüregim gyýlyp gitdi. Alla belki „ýatan ölmez, ýeten öler“ diýleni bolsun-da. Alym, uly harpalar bilen ADAM diýilmeli, diýseň giň dünýägaraýyşyly, ençeme ýyllap öňki Krasnowodsk oblastynda obkomyň ikinji sekretar, ondan öý Gyzylarbat raýkomynyň sekretary, LKSMT-Türkmenistan komsomolynyň merkezi komitetiniň sekretary, soň Moskwada-Komsomolyň Soýuz boýunça Merkezi komitetinde jogapkär wezipelerde işlän, türkmenlerden ilkinji bolup dünýä belli bilgiç Wango bilen, ady rowaýata öwrülen rewolýuçioner hem döwlet baştutany Fidel Kastro bilen duşuşan adam. "Diýar“ žurnalynyň rus bölüminiň redaktorlygynda eden işleri hakyky halypalyk mekdebi. Hernä, entek uzak ýaşasyn-da biziň Gurban agamyz. 18.10.2017. * * * 2017-niň güýzi hakyky tomsa meňzedi. Düýn Awazadan geldim, ol ýerde Ýewropadan gelen myhmanlar hezil edip Hazara suwa düşüp ýörler. Sebäbi howa 22 gradus maýyl. Beýle howa Sibir, Ural hem-de Günbatar Ýewropa ýurtlary üçin tomus möwsümi ýaly. Düýn biri “Beýele howa mundan 122 ýyl ozal bolan eken” diýibem geň bir gürrüň tapdy. ”Myhmanlar” diýýänim, Awazada “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara maslahaty we sergisi geçirildi. Batyr Ataýewiç (“Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktory) ikimizi ugratdylar. Gaty täsirli çäre boldy. Dünýäniň 25-e golaý döwletinden myhmanlar, uly kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen işleklisini, balykly palawyny iýip görüp, beýle tagamlara haýran galyşlaryny keseden synlamagyň özi bir hezillik. Keýpim göteriläýdi. Sebäbi ondan birki gün öň Gurban Hallyýewiç Agalyýewiň ýogalmagy agyr täsir etdi. Gowy adamdy, 82 ýaşyň içinde dünýäden gidiberdi pahyr. Zehinli žurnalistdi, talantly, juda köp bilýän alymdy, gowy terjimeçidi. Iň esasam, Baş harp bilen ýazylmaly Adamdy. Ýanynda otursaň turasyň gelmezdi. Dünýäniň köp ýerini gezen, gören, Watandan has alyslarda işlän, Wango bilen duşuşan, Fidel Kastro bilen gürrüňdeş bolan türkmendi. Ýanýoldaşy Roza gelneje ýogalansoň, Gurban aga-da çökäýdi birden, dert tapyndy oturyberdi. Roza gelneje Sowet Soýuzynyň Gahrymany Ahhagylyç Ataýewiň gyzydy, maňa “düýp garyndaşym” diýerdi pahyr. Eli süýji, dili süýji zenandy, ýatan ýeri ýagty bolsun bendäň! Ondan öň-bir hepde ozal Berekede-öňki Gazanjyga gidip-geldim. Ol ýerde täze lokomotiw deposy açyldy. Onda-da howa tomsuň bir güni ýaly boldy. Ýogsam, Gazanjyk, Gyzylarbat aglaba ýelli, sörtükli bolýar-a. garaz, tüýs “Ýalaňaja ýaz ýagşy” diýilýän howa şu ýylyň güýzü-hä. Hernä, gyşy bir gazabyna tutman, gowy gelsin-dä! Ýene bir anekdot-durmuşy henek döredi. Atajan Taganyň “Edebiýat-sungat” gazetinde “Kyrk ýylda ýazylan kitap” esse-ýatlamasyndan parça çap edilipdir. Onda serhediň podpolkownigi, özem ýazyp-pozýan Halmuhammet Hajyýewiň eserlerine muşdak bolup duýdansyz Atajan Taganyň öýüne baryşy, soň özi aýtmyşlaýyn, gapyda gyzyl-çog bolup duran podpolkownik bilen onuň ýanyndaky kapitana gözi düşüp, gorkudan, tolgunmakdan sowuk der basyşy, sesiniň ysgynsyz çykyşy, “içerik giriň!” diýmäge-de ýaraman, hyzmatlaryny bitirip, gapysyny gürpüldedip ýapyşy... ýazylan. Gazeti okap, Atamyrat Atabaýa jaň etdim: -Atam, gyly gyrylmadyk täzeligi bilýärmiň? -Ýok, aýt bakaly! -Atajan Taganyň öýüne giribilmeýänler hökman onuň “gündeligine” girýär eken. Nämäni ýaňzydýanymy aňah, asyl gazeti eýýäm okan halypa “aldyň, şol-a tüýs şeýle-aý” diýip gülüp ugrady. “Edebiýat-sungat” diýlende bir zat ýadyma düşdi. Şol gazetiň baş redaktory Haýdar Muhammetgulyýew aýdýar: “Mämmetgurban Mämmetgurbanow ýanyma gelip, “Näme üçin meň hekaýamy bereňok?” diýip, gazarylyp dur. “Onyň-a bolanok” diýdim weli, “men 90 sany roman ýazdym, sen kim bilen gepleşýäniňi bir bilýämiň?” diýip gabarylýar. Siz heý, şoň şonça roman ýazanyndan habarlymy?” diýip soraýar. Tüýs “Adam özün bilmez, ham-hyýal bolar” diýleni öýdýän. Eline galam alanyň käbiri, ylaýta-da heniz 60 ýaşa ýetmedikler şeýle bir badyhowa weli, özleini Puşkin ýa-da Kerbabaýew däldirin öýdenoklar. Aý bolýa-da, geçinem öz ýaýagyndan asarlar, goýnam. Biz garyp günümize gezibereli. Iň esasy, gelip, biziň redaksiýamyzyň gapysyny depip duranoklar, böwür berip geçýärler. Sebäbi menden “Biz diri klassyklary däl-de, dünýäden öten klassyklary çap edýäris” diýlen jogap eşitjekdiklerini bilýärler. Ýöne hernäme diýseňem, gazet-žurnallaryň many-mazmun taýdan soňky döwürde egbarlaýandygy, çig-çarsy zatlaryň çap edilýänligi-hä çyn. Ozalam, kompýuter, telewizor, beýleki tehnologiýalar okamak ukybyndan köpümizi mahrum edip barýarka bu örän gorkuly. Hatda uniweritetleriň, institutlaryň žurnalistika bölümlerinde okap ýörenleriniňem aglabasy “taýaklap ýöretmeli” diýilýänlerden. Berdinazar Hudaýnazary, Mämmet Seýidi, Gowşut Çamyny... tanamaýan, olaryň döredijliginden bihabar “edebiýatçylaryň” ýetişip gelýändigi gaty hopukdyryjy. Hernä ýöne “müň ýylkynyň içinden bir tulpar çykar” diýlenine şükür. Çamanyň içinden ýüwrügem çykaýýar. Ynha, redaksiýamyza Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünärinden Aýmyrat Pirjikow, Daşary işler ministrliginiň institutyndan Şirin Ismatowa, Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Mähri Geldiýewa ýaly talyplary 0,5 stawka işe aldyk. Tüweleme, owup-döwüp barýalar, ellerem işleýär. Mähri-hä üç dilde hem erkin okap, iki dilde-türkmen, rus dillerinde ýazyp hem bilýär. Aýdylyşy ýaly, Hudaýyň bir tarapyny açyp goýýanyna şükür! 4. 11. 11. * * * ...Öňräjik Ahmet Mämmediň 70 ýyllyk ýubileý toýuna restorana baran Atajan Tagan, Atamyrat Atabaý, Hudaýberdi Diwanguly, Kakajan Açyl dagy bir stoluň başynda oturypdyrlar (Men Mara döredijilik saparyna gidenim üçin baryp bilmedim, haýp). Şonda Atajan nahar hödür edilse-de, „ýüz gram“ berilse-de, „aşgazanym bolanok“ diýip, gaýkyjyklap oturan. Şonda Atamyrat halypa aýdan: -Atajan, saz diňläýin diýseň gulagyň ýok, tans oýnaýyn diýseň aýagyň ýok, toýa gelen gyz-gelne seredip göwün çaglaýyn diýseň gözüň ýok, iýeýin-içeýin diýseň aşgazanyň ýok, onda sen toýa-şagalaňa näme üçin gelýäň? 7.11.2017. * * * Akmuhammet Hemidow ýazyjy, onda-da nowellaçy hökmünde-de, terjimeçi hökmünde-de, žurnalist hökmünde-de tanalýan awtor. Mundan 10-15 ýyl ozal „Garagum“ žurnalynda işlňp ýörkäk, bir gezek redaksiýada tejribeçilik geçýän türkmen filoligiýasymy ýa-da žurnalistika bölüminiň talyp gyzlarynyň biri gep arasynda „talyplaryň-studentleriň arasynda iň köp okalýany Akmuhammet Hemidiň söýgi temasyndaky nowellalary“ diýdi. Köpleriň "Hemid aga“ diýýän bu ýazyjysy diýseň şahandaz, degişmäni göterýän, gönümelräk häsiýetli, has ýakyn dostlarynyň aýdyşy ýaly, "Parahat-2“ mikraroýyndaky 3-nji gatdaky jaýynyň demir gapysyny açdyryp, içine giribilseň, Hemidiň-ä ýüzi , Zülpi gelnejäňem eli açylaýar“. Hemid aganyň gysgançlygy hakda, iliňkiden üýtgeşigräk häsiýetleri hakda gep-degişme kän. Şolardan käbiri: ...Aziýada-2017-niň öň ýanynda arak-şerabyň satuwyna az-kem çäk girizildi. Şonda biri Hemide: - Ätiýaçdan alyp goýduňmy?-diýende, ol säginmän: - Bir çüýşe aldym, şol maňa bir ýyla ýetýär-diýipdir. * * * Hemid agaň uniwersitetde bile okan kursdaşlary tanymal adamlar. Olardan Agamyrat Mämmedow, Araznepes Mämmetjumaýew Magymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kafedra müdirleri, Allaberdi Soltanow podpolkownik, instititda mugallym, Harmuhammet Kakabaýew žurnalist, ýazyjy, Sapapberdi Çaryýew alym, beýlekilerem tanalýan, aznawur adamlar. Şolaryň bir häsiýeti bar. Kursdaşlaryň kimdir biriniň toý-märekesi boljak bolsa, hemmesi Hemide garaşýamyşlar. Beýlekileriň maşynyl-taksili barýan ýerine pyýadalap şolardan öň barýan Hemid aga hasanaklap barandanam, aýdýamyşlar: -Biz-ä 100 bolsa (pul möçberi-G. O.) bolar diýýäs, nähili görýäň? Şonda ol gülmän-yşman: -Hemmämiz jemlenişip şo dämi, onda bolsa bolýa-diýýämiş. Şonda gapdaldan muny synlap duran hem-de beýlekileriň gülki seslerini eşiden başga bir zenan maşgala: -Toba, dünýäde beýle-de gysyk erkek ýaşaýan eken-ow-diýenmiş. * * * Mundan esli ýyl ozarak-1980-nji ýyllarda ilkinji kitaby-„Gyz iýaly begenginden ýyrş-ýyrş edýän awtor heniz reňk ysy gitmedik täzeje kitabyny agtograf-ýadygärlik ýazgy bilen kärdeşlerine paýlapdyr. Şonda Goçaw Nyýazgylyýew diýilýän ýaşuly žurnalist elne berlen kitabyň eýlesine beýlesine seredip, ýogyn burnunyň üstüne düşüp duran äýnegini düzedişdirip, sahabyň daşyndakyny okapdyr: - Akmuhammet hem it. „Gyz ýüregi“. Beh, muny iki bolup ýazdyýyzmy, inim?! Gülki sesleri otagy göçüräýjek bolupdyr. Degişgen ýaşuly „Hemid“ diýlenini boguna bölüp okan eken. * * * Şuňa meňseş waka özümem gözli şaýat boldum. „Garagum“ žurnalynda işläp ýördük. Žurnalyň çapa taýýarlanylýan sanynda korrektura gelenden soň görsek, Akmuhammet Hemidiň (şol döwürler diňe ady bilen kakasynyň adyny goýmak ýörgünlidi) iki materialy gidip barýar. Žurnalyň johapkär kätibi bolamsoň, men ony çagyrdym-da, „birine psewdon-lakamyňy goý, başga et, garaz, meňzeş familiýa gitmesin“ diýdim. Olam hekaýasynda hakyky adyny, familiýasyny ýazyp, beýlekisinde „Akmuhammet Haýytguly ogly“ diýip goýupdyr. Tehniki ýalňyşlyk bolupmy, ýa-da korrektorlaryň säwligi bilenmi, garaz, žurnal çykanda görsek, ýaňky „Haýynguly ogly“ bolup dur. Ol muny görüp hezil edip güldi. * * * 2017-nji ýylyň güýzüniň başynda gazetde bir makala okadym. Onda Aşgabadyň eteginde, has anygy, Bekrewe şäherçesinde eýesiz haýwanlara, esasanam itlere eýelik edýän edaranyň döredilendigi hakda gabar berilýärdi. Salgysyna görä, ol mundan 15-20 ýyl ozal pitomnik-şitil ýetişdirilýän ýerde ýerleşýän bolmalydy. Şol şitilhana Öwez diýilýän işjanly, diýseň myhmansöýer, şahandaz adam ýolbaşçy bolupdy. “Öwez aga” diýidirip dünýäden ötüp giden ýagşy kişiniň Türkmen döwlet neşirýt gullugynyň başlygy Akmyrat Hudaýberdiýew bilen kursdaşdygyny-Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika falultetini gutarandygyndanam habarlydym. Onsoň gazeti okap boldum-da, derhal dik depämde oturýan (iş ýermizde-“Erkin döredijilik mekany” atlandyrylýan binada men 9-njy, ol bolsa 10-njy gatda) Akmyrat Rozydurdyýewiçe jaň etdim. Gaty çynlakaýly bilen soradym: -Şu günki gazetde eýesiz itlere eýelik edýän edaranyň döredilendigi hakda ýazylypdyr, okansyň-la. -Hawa-la, ony meýletinlik esasda döreden aýalam tanaýan, ol birwagtlar Öwez aganyň ýanynda işläpdi, çenim çen bolsa. -Oň ýaly bolsa-ha hasam gowy. Onda sen kyn görmän şol zenandan sorap görsene, ol diňe dört aýakly itleri alýarmyka, ýa iki aýaklysyny tabşyrsaňam bolýamyka? Näme diýjek bolýanyma düşünmänini dymyşyndan aňdym. Onsoň özüm gepime anyklyk berdim: -Hemidi tabşyraýjakdym, düýn-öňňun zeýrendi: “Öýmüzi remont etmäge berdik. Indi ogullarymyň birinkide ýatyp-turaýmasam” diýip. Onsoň-a indi lagar düşübem barýar, öňümizdäki ýylda pensiýa çykmaly. Bir ýagşylyg-a ederdik öz-ä. Uludan gülen Akmyrat “beýleden çykdy-ow bu gürrüň” diýip, trubkany goýdy. * * * Belli şahyrymyz Atamyrat Atabaý aýdýar: -Biziň bilip, tanap ýören adamlarymyzyň içinde ýeke-täk Hemid 8-nji martda golaýlandan jübi telefonyny öçürip goýýar. Sebäbi tanyş zenanlaryny gutlamaly bolar, oňa-da iň bärkisi, gül çemenini sowgat bermeli bolar, beýtseňem jübüňe el sokmaly. Onuň bolsa jübüsinde ýylan bar ýaly hergiz kisesine el sokasy gelmez. Karunam diri gezip ýören bolsa. şuňky ýaly gysgançlyk etmezdi. Bu gürrüňi eşideniň gülmejegi ýokdur. * * * Meniň gündiz uklamda gözümi “daňyp”, ýagny ýapyp ýatmak edähedim bar. Şony aýtmak bilen, başga bir wakany ýatlamakçy bolýan. ...Mundan 5-6 ýyl ozalrakdy öýdýän. Ýalňyşmasak, Ystambula uçduk öýdýän. Türkiýe Respublikasyna hormatly Prezidentimiziň resmi sapary bilen baglydy bilen baglylykda. Aşgabadyň aeroportundan saparyň hökümet düzümindäkiler bolup 58 adamlyk “Çellenjer” samolýotyna mündük. Adam kän däl, 20 çemesi. Onsoň her kim bir ýerde ýerleşdi. Gapdalragymda Azady adyndaky Milli dünýä dilleri institutynyň rektory Saparberdi Çaryýew bilen onuň ýene bir kärdeşi (adyny agzap oturmaýyn) oturdylar. Emin-erkin oturmak üçin aýaga geýilýän mata tapoçka, ýassyjak, ýatasyň gelse ýapynar ýaly odeýal paýladylar. Oturgyjyň yzynda-da beýleki gerek-ýaraklar üçin kinniwanja sumkajyk bar. Men ondan göze daňylýany aldym-da, Saparberdä ýüzlendim: -Uklaryn diýseň gözüňi ýapar ýaly zad-a bardyr ynha, gerek bolsa. Uçara girileli bäri sakyrdap duran ýaňra kärdeşiniň ýüzüne çala göz aýlan Saparberdi ýeserden öwrümli sorag berdi: -Şol gabyň içinde eňek daňylýany barmy, şony aýtsana! Şeýle jaý düşýän gepi eşideniňde heziller edäýýäň. 8. 11. 2017. * * * Düýn agşam “Mukamlar köşgünde” Özbegistan Respublikasynyň Türkmenisatndaky Medeniýet günleriniň açylyşy boldy. Agşamara-sagat 18-de hem özbek garyndaşlaryň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Pah, ine, hakyky sungat! Diňleseň gulakdan girip, ýürege, görseň gözden geçip, beýnä baryp ornaýar. Aý, bu millet walla, aýdyma-saza gaty şeýle berlen, ýöne çapak çalyp, baş ýaýkap oturmaly. Zora zor diýmeli. Şaýy köýnekli, gotazy balakly gyzlary (dünýä belli “Howruz” ansambly) pyrlanyp tans oýnap ugranda ynanmarsyňyz, Ýer togalagy daşyňdan pyrlanyp ugrana dönäýýär. Hemmesem, ejesi uzak ýaşamyşlar, çybyk ýaly, ýüzlerem aýdan bölünip alnan ýaly. Adymlaryny aýtsana, diňläp ugrasaň, kelläň yralyp ugralanyny özüňem bileňok. “Horezm lezgisini” tansy bilen bile aýdanlarynda zal göçäýjek boldy. Tomaşaçylaryň içinde oral aýallardan başlap ýaşajyk gyzlara, talyp oglanlara deňiç orta çykyp, duran ýerlerinde tans oýnaşyp durlar. Ine, çyn sungatyň, aňrybaş ussatlygyň jadysy. Biziň aýdymçylarymyzyňkyny diňleseň, döwlet konsertlerinde-de sazy bir ýana, sözi bir ýana gyşaryp ýatyr. Eşik bilen, batnyksyz hereket bilen “alyp çykjak bolup”, arrygyny gynaşyp, sahnada maşgara bolşup ýörler. Diňleseň, görseň myrryhyň tutýar. Sahna çykyp-çykmanka, eli bilen “hany maňa çapak çalyň!” diýip, dilegçilik edip ugaraýarlar. Gulmyrat Myradowiçiň aýdyşy ýaly. “beýle konsertler lezzet däl-de, ezýet berip, ömrüňi gyrkýar”. Özbek garyndaşlaryň konserti weli, ömürylla ýatdan çykmajak lezzet, unudylmaz keýpiçaglyk paýlady. Konsert gutaransoň oglanlara aýtdym: “Geliň-ow, öýdäkileri bir gapdala süýşüreliň-de, üstümize gelen wagty şu aýyň parçasy ýaly gyzlardan adamy birini alalyň. Kyrk örüm saçyny sanap oturanyň nämä degenok, pul sanap oturan ýaly edip. Dillerine serediň-ä, sögende-de söýen ýaly näz bilen kereşmeli owaz “koýuň-ň-eý, ne iş etesiz?” diýende oniki süňňüňde gymyldamjak agza ýok. Biziň öýdäkilerimiz dagy söýende-de, seslerinden, äheňinden endamyň düýrügip gidýär-ä. Ine, hakyky alma ýaly owadan, guş ýaly näzik sesli näzeninler şular” diýip. Hiç biriniň bogny ysmady, zaňňarlaryň. Onsoň menem atymy ýeke çapmaýyn diýdim. Garaz, keýpiň çaglananda kellä gelmeýän pikir ýok-da how! 14.11.2017. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||