07:02 Göwündäki gündelik -3/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Düýn kompýuter bölümine girsem gyzlar “başlyk, üýtgeşik çaý “demledik, içip görüň” diýdiler. Ol çaýy işe täze kabul eden gyzymyz Mähri Geldiýewa getiren eken. Onuň kakasy, meniň öňden tanaýan kişim Sapargeldi Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Maşary-Şerif şäherindäki konsullygynda işleýär. Onsoň ol çaýyň şol ýerden getirilendigi düşnükli. Çaýyň gabynyň daşynda “Hytaýda öndürildi” diýlen ýazgy bar. Garaz, hakyky “guşdyrnak gök çaý” diýilýäni. Çaýnege ataňda däne-däne, basyryp goýup, birsellemden käsäňe guýsaň, gögümtil-ýaşylymtyl öwsüp, özem ysy janyňy alyp barýar. Şondan sähel salym öňem žurnalymyzyň noýabr sanynyň korrekturasyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinden alyp gelipdik. Adatça, žurnal çykmazdan öň şol ýerde ilik-düwme okalýar. Käte dagy biziň dürbüli diýen ýaly okasagam gözümize ilmedik harp ýalňyşynam çykaryp berip durlar. Garaz, şu gezegem esasy bellik rus diline terjime edilen bir materialymyza bolupdyr. Olam rus bölümine täze, has anygy, Gurban aga Agalyýew pahyr ýogalansoň, ornuna işe alan gyzymyz Mähri Geldiýewanyň säwligi bilen sypypdyr. “Sypypdyr” diýäýýäs. Ýöne olaryň eden “düzedişi”, ýagny birje sözlemi düzedişi, anyk yzarlap otursaň, Mähriniň eden terjimesiniň manysyny anyk beribem dur-la. Garaz, “Kötek güýçli bolsa, ýük gazyk ýere girer” diýleni-dä, “düzetdik”. Hawa, şol “düzedişi” gutaryp barýan wagtymyz şol “çaý içiň!” gürrüňi boldy. Gyzlar, ömri uzak bolsun hernä, iş otagyma tarelkanyň goýup, gapdalynda-da iküç konfet bilen bir käse çaý getirip gidipdirler. Çala sowan çaýy içdim weli, tagamy agzymdan gitmedi. Onsoň baryp bir wakany gürrüň berdim. ...Mundan 30 ýyl çemesi ozalrak Tagta raýonyna (häzirki Görogly etraby) ýatan ýerleri ýagty bolsun, belli ýazyjylar Täşli Gurbanow bilen Hojanepes Meläýew ikisi iş bilenmi, ýa döredijilik saparynamay, bilmedim, barypdyrlar. Täşli Gurban hem-ä Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň başlygy, hemem Respublikanyň Ýokary Sowetiniň deputaty, Hojanepesem ýalňyşmasam, “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynyň baş redaktory. Onsoň hatyraly myhmanlaryň şanyna raýkomyň birinji sekretary Täji Ataýew (iman baýlygyny bersin) bir agşam ýörite oturylyşyk gurap, hezzet-hormat eden. “Iýseňem iýdirjek, iýmeseňem iýdirjek”, “Iýdirip-içirip öldürjek” diýilýän hyzmatdan soň myhmanlar myhmanhana gelenler. Ertesi irden myhmanlaryň şol ýerdedigini bilýän ýerli ýazyjy Gazakbaý Ýollyýew myhmanhananyň dewezesiniň öňünde gögeren. Göterip eltenem saryýaga gowrulan towuk, gök-sök bilen iki çüýşe “balyk ýüzmedik suw”. Ýöne raýonyň komhozynyň başlygy, murty bir gysym, agras ýüzli Gürji Waşak ony içerik goýbermändir. “Bar git, inim, Täji Ataýewiç “men gelýänçäm myhmanlara özüň göz-gulak bol” diýdi. Gaýdyber yzyňa!” diýip, ýer depip duran. Çala açyk derwezeden bolan wakany ukudan ýaňy oýanyp, el-ýüzüni ýuwup duran myhmanlar gören eken. Agşamky agyr oturylyşykdan soň kelleleri güwläp, şat açyp barýan, ajydan gyzgyn çaý däl-de, sowujak bir zatlary küýseýän myhmanlar ylaýta-da Gazakbaý janyň (onuň adyny ýazyjylar şeýle tutardylar) elindäki zatlarda göz egäpdirler. Ahyram Täşli aga sögünjiräp, yzyna öwrülen Gazakbaýy group, durup bilmändir: -Goýbersene how şony, beýdip elendirip durma-da! Ýyljyraklap içeri giren Gazakbaýyň getiren zatlary derrew stoluň üstüne geçipdir. Ýüz gram goýberilip, agzyňda eräp barýan towuk etinden aňryk geçirilensoň, geçisi daga ýaýran myhmanlaryň dillerem açylypdyr. Hojanepes aýdypdyr: -Gazakbaý jan, sen ýaňy “doganyňyzy...” diýibem bir zatlar diýäýdiňmi, ýa gulaga eşidildimikä? Eýýäm keýpi çaglanan Täşli aga gülüp, Hojanepese ýüzlenipdir: -Oglana näme azgyrylýaň? Şeýle hyzmata gaýym, özem boý ýigit bolsa, ýetişip oturanam gyz jigiň bolsa säginmän beräýse bolar, düşdüňmi?! Bu gürrüňe oturanlaram, hyzmat edip ýören Gürji aga hem, şol wagt gapydan giren Täji Ataýewiç hem hezil edip gülşüpdirler... Bu wakany aýdyp berdim-de, menem gyzlara ýüzlendim: -Beýle çaý bilen bizi hezzetläp bilýäni üçin Mähri üçin edilen igenji çekäýseňem bolar. Bu sözem gülüşme döretdi. 18. 11. 2017. * * * Kakamyrat Rejep 31 ýaşady. Öýüne Atamyrat Atabaý, Nobatguly Rejep, Myratgeldi Berdi, Seýitmyrat Geldi, Akmyrat Hudaýberdiýew dagy bolup bardyk. Gowy oturylyşyk boldy. Diňe edebiýatyň gürrüňi edilip, ýazyjy-şahyrlar bilen bagly anekdot-henekler aýdyldy. Şonda gapa girip barýarkak Atamyrat halypa bir zat aýtdy: -Düýn bir ýerde otyrkak, biri “Gurbannazar Orazguly halk ýazyjysymy-aý?” diýip sorady. Menem derrew: -Ýok, ol häzirlikçe Türkmenistanyň çalt ýazyjysy –diýdim. Gülüşip oňaýdyk. Düýn-oňňun Atamyrat hem 69 ýaşady. Türkmeniň iki zehinli şahyryna ylahym, Alla uzak ömür, egsilmeýän ylham bersin! * * * Mary topragyna döredijilik saparyna gidip-geldim. “Gidip-geldik” diýsem, gas dogry bolar. “Köne komanda”-Nurguly aga, Esen hemem men. Tagtabazaryň üsti bilen Owganystana çekilýän elektrik ulgamy hakynda hemem Mary GRES-iniň täze desgasynyň gurluşygy hakda “Altyn asyr” teleýaýlymyna gepleşik etdik. Gitseň, görseň gözüň açylan ýaly bolaýýar-aý walla. Pendi sähralary ne ajaýyp! Öň barmadyk ýerlerimi görüp, hezillerem etdim, haýranlaram galdym. Tebigatynyň täsindigini! Ýapaşak baýyrlaryň ýüzüne bugdaý ekmegi, bag ýetişdirmegi indi biziň ildäkilerem aňryýany bilen oňaryberipdirler. Şeýle ekin, bag ekilişini mundan 20 ýyl ozal Eýranda göremde gözüm giderdi. Indi özümiziňkilere-de “tüweleme” diýäýmeli. Ýene bir täsinligem, mary illerine entek sowuk degmändir. “Akrapda urmasam ahyretde-de urmaryn” diýlenine gözüň düşýär. Baglaryň ýapraklaram sarymtyl däl-de, gögi-ýaşyly köpräk. Göm-gök ýorunjanyň pellerde dyza ýetip ýatyşyny güýz ahyrynda görmek geňräk. Ah-aw, sap-sary güle bürenip oturan gowaçaly atyzlaram bar. Garaz, gezseň, geň-enaýylyga duşup gidip otyrsyň. Şu gün göni sagat 12-de bolsa “Türkmenistan” gazetine “Nurana ýollar” atly 7 sahypalyk publisistikany tabşyrdym. Aýdylyşy ýaly, ýol azabyndan gaçman gitseň iş bitirib-ä bolýar. Osman aga pahyr aýdardy: (ýatan ýeri ýagty bolsun) “Biz-ä öýden çyksaň horlanyp öläýjek ýaly weli, Gurbannazar tüweleme, elmydama ýol ogly. Giden ýerinden garnynam, bloknodynam doýrup, keýpinem çaglap geläýýär” diýip. Gitmekden, ýazmakdan gürrüň çykanda öňräk Neşirýat gullugynyň başlygy Akmyrat Hudaýberdiýewiň aýdan bir gürrüňinem ýatlaýyn. Ol aýdýar: “Gurbannazar nohurlylaryň ölenlerini ýazýar, dirileriindenem iýýär”. Umyman alaňda, dogry. Nohur illerine düşseň, hyzmatyň-a kemini goýmaýarlar. 21.11. 2017. * * * Türkmenistanyň belli suratkeşi Saragt Babaýewden bir gezek: -Halyp, sen nijeme şahsyýetleriň heýkelini ýasadyň, ençemesi bilen tirkeşdiň, duz-emek bolduň. Araň belli saz läheňi Nury halmämmet bilen nähiliräkdi? Siz bir döwürräkde Moskwada okan bolmaly. Heriňiz bir institutda bolsaňyzam gara uçraşansyňyz-a-diýip soradym. Şonda Saragt halypanyň ýüzi azajyk çytyldy. Oýlanyp durubam, şeýle diýdi: -Nury taňrytarapyn berlen üçtgeşik zehinem bolsa, häsiýetinde kelte kakýan taraplary bardy. Ylaýta-da içgi bilen gyz-geline gowşakdy. Ilkibaşdalar üýnümizem alşaýjak ýaly boldy. “Saragt jan, hany bir sowujak şampan içeli-le” diýip geläýmesi bardy. Raýyny ýykmazdym. Bir gezegem usshanama geldi oslagsyz. Bärde-de bir owadan gyz otyrdy. Öňküsi ýaly “içeli-le” diýdi. Menem getirişdirdim. Kelleler gyzyp başlansoň häki gyza lak atyp başlady. Ilki çydajagam bolsam, halys çygyrdan çykyp barýar. Ol pahyrjygam näderini bilmän, ýere giräýjek bolýar. Ahyry ýaryldym: “Nury, çeniňi bilsene!”. Bu söze garaşmansoňmy, ýa-da heniz edenine däl diýilmedikdenmi, garaz, derrew turmak bilen boldy. Menem sowuk ugratdym. Birki günden geldi. “Saragt jan, hany, bir sowujak şampan içeli-le” diýdi. Menem başymy galdyrman: ”Meňň-ä şu wagt meýlim ýok” diýdim. Bu jogaba birhili boldy-da, az salym durup: “Onda sowujak piwojyk içäýsek bolmazmy?” diýdi. Oň aýdylandan düňüküldäp getirýänem bolsam, bu gezek sowuklyk bilen: “piwe-de içesim gelenok” diýdim. Durdy-durdy-da, ýuwaşjadan: “Aý, bolýa-da onda” diýip çykyp gitdi. Boýnuny sallap barşyna ýüregim awadam weli... Şodur-şodur gabatlaşsagam salamdan aňry geçmedik... Bu hakykaty eşidip, birhili boldum. Hernäçe zehini daş ýarýanam bolsa, häsiýet-gylygyň pesräk, egsik kakýan ýeri bar bolarly. Hernäme-de bolsa iki beýik zehiniň arasyna beýle sowuklyk düşmegine gyýyldym. 23. 11. 2017. * * * “NTW” teleýaýlymynda ýazyjy, satitik, artisy Mihail Zadornowyň ýogalandygy hakda eşidip gynandym. Nähili ussat! Öz ýazan zadyňy özgäniň hyzmatyna mätäç bolman, ile-diňleýjä, tomaşaça ýetireip bilmek, onda-da sahna dilinde, artistlik ussatlygy bilen ýetirmek-köp talantyň jemlenmesini aňladýar. Beýle ussatlar dünýäden gitse, orny oýulyp galyberýär. 24.11. 2017. * * * Aşgabatda “Watutindäki öwlüýä” ady bilen belli, resmi taýdan “Şöhrat alleýasy” atlandyrylýan, demir ýoluň gaýrasyndaky gonamçylykda türkmeniň men-men diýen gerçekleri, ady belli şahsyýetleri-Şaja Batyr, Balyş Öwez, Berdi Kerbaba, Beki Seýtek, Muhammetnazar Gapurow, Gara Seýitli, Kerim Gurbannepesow... (ýadyma düşenlerini sanadym, galanlaram müňlerçe, ylahym, ählisine Biribar iman baýlygyny bersin) dagy baky ukuda ýatyrlar. Tüýs: -Men-men diýen Ärler ýatyr gum bolup... diýleni. Özüm-ä baryp görmedim weli, alym, hukuk ylymlarynyň kandidaty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, diýseň okumyş, bilmäge höwesek Aşyr Jumaýewiň aýtmagyna görä, belli ýazyjymyz Hydyr Derýaýewiň guburynyň başujunda şeýle ýazgy bar: “Asly päk ahlaga gara ýokmaz”. Muny megerem, ömrüniň tas 20 ýyla golaý wagtyny uzak Sibirde, özi aýtmyşlaýyn, “läşiňi çokjak gara gargalaryňam Watanyňa gelmejek ýerinde”-sowugy 50 gradusa ýetýän Kalymda agaç çapyp geçiren, özem nähak töhmet zerarly gazamt edilen uly söz ussady şol pajyga bilen bagly aýdyp giden bolsa gerek. Şunda ýazyjynyň ogly, ýurdumyzda belli çaga lukmany bolup at goýup öten Eziz Deýaýewiçiň (ýatan ýeri ýagty bolsun) bir gezek aýdan gepi beýnime magnit bolup ýapyşypdy. Eziz Derýaýewiç bilen Atamyrat Atabaýyň üsti bien tanyşmak, ençeme gezk toýda-meýlisde oturyşmak, hemsöhbet bolmak miýesser edipdi). -Kakam pahyr sol günleri ýatlanda göz owalary nemleniberdi. “Şol wagtlar ýekeje zady-bir buhanka gara çöregi jama dograp, üstüne-de sowuk suw guýup, myjladyp iýip, bir garnymy doýursam” diýerdim. Sebäbi ölmezligiň, şeýdibem dogduk ýurda, öý-ojaga aşmagyň iň başky şerti açlykdan ölmezlikdi” diýerdi. Takdyryň kyn hem adaty däl ykbal, tapdyrygsyz talant bagyşlan ynsany, hindi halkynyň dünýä belli “Mahabharata” eseriniň 8 tomuny rus diline terjime eden, tanymal lukman-alym, professor, görnükli newropotolog hem neýrohirurg, pedagog, Ýazyjylar birleşmesiniň agzasy, Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri, akademik, ömrüni Türkmenistana bagyşlap, Aşgabatda ahyret ukusyna batan Boris Leonidowiç Smirnow hem edebi hyzmatdaşlykda, halklaryň doganlyk gatnaşyklarynda, umumyadamzat medeni mirasynyň hazynasynyň galňamagynda rowaýata çalymdaş yz goýup giden şahsyýet. Bu täsinden manyly ykbalyň, tanymal şahsyýetiň dünýä derejeli bitiren işiniň, taryh gatyna siňen hyzmatynyň türkmen topragy bilen aýrylmaz baglanşyklydygy hakda okan zatlarymyň täsirinden men “Üç halkyň ogly” atly göwrümli makala ýazdym. Häki ýokarda ady agzalan Aşyr Jumaýewiç hem şony okap, “Watutinli wakany” telefonda aýdyp beripdi. Ol mundan 3-4 ýyl ozal eli boşlukda bu gonamçylygy aýlanyp görüpdir. B. L. Smirnowyň guburynyň başujyndaky gara daşda şeýle ýazylypdyr: “Hakykatdan başga kanun ýokdur”. Gysym gum bolup ýatan beýik adamlaryň nesillere edip gidýän öwüdiniň çuňlugyna sered-ä! 2.12. 2017. * * * Çärjewe-de, Kerkä-de, Dänewe-de ýene-de gadymy adyny gaýtraryp berdiler. 27-nji noýabrda iň soňky gezek ady Türkmenabat diýlip tutulan Çärjew şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu hakda ýurduň Mejlisiniň çözgüdini yglan etdi. Hany beýleki ýerlerem şeýle edäýseler! Ertesi Mary welaýatynda hem Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi boldy. Halk Serhetabat adynyň aýrylyp, Guşgy bolaryna garaşdy. Ýöne hormatly Prezidentimiz şondan bir gün soň Serhetabat-Turgundy aralygynda 1978-1979-njy ýyllarda gurlan demir ýol şahasynyň (ol aralyk 13 kilometr) gaýtadan gurulmak dabarasyna gatnaşdy. Mary aeroportynda Aşgabada uçjak bolup otyrkak Kakamyrat Rejebi, “Aşgabat” teleýaýlymynyň başlygy Arslany, hemem meni alyp galyp, 4-5 sagatdan soňam bu dabaranyň geçýän ýerine otly bilen ugratdylar. Şondan galan täsirler hakda ýaňyja “Kerwen geçer bu ýollardan” atly 6 sahypalyk publisistik ýol ýazgylaryny “Nesil” gazetine tabşyrdym. Ertirki sanynda çykmaly. Etraplara, şäherlere at dakmak meselesi agzalanda, şol döwürler-Beýik Serdaryň edip giden bu nysagy bilen bagly bir waka ýada düşýär. ...Ýylanly etrabyna Gurbansoltan, Tagta etrabyna Görogly, Daşoguz etrabyna S. Nyýazow ady dakyldy. Şonda asly Ýylanlynyň Arap obasyndan bolan halypa ýazyjy gadym-gadym döwürlerde-de Ýylanly bolup ile dolan adynyň bir zenanyň ady bilen çalşyrylmagyny juda ýokuş gördi. Ol wagtlar redaksiýalar Atabaýew köçesiniň ugrundaky Metbugat öýündedi. (häzir ol bina Metbugat-çaphana ýörite okuw mekdebi boldy). Ýalňyşmasam, gyş içidi. Agşamky “Watanda” bu täzelikleri eşiden, irdenem gazetden okan Hudaýberdi aga meniň iş otagyma geldi. Andalyp köçesine bakyp duran giň aýnadan “Jennet” bazaryna girip-çykýanlary keýp bilen synlap oturmaly, içi fontanly alleýa bilen sepleşip gidýän köçeli ýeri 3-nji gatyň giň äpişgesinden synlap duran halypanyň keýpi bozukdy. Ol birden maňa ýüzlendi: -Hany, bärik gel-le, inim! Bardym. Ol gyrlarynyň kä ýeri doňanam bolsa bugaryp işläp duran fontana barmagyny uzadyp, sowal berdi: -Şu fontanyň içine agaç ekseň gögerermi, hä? Men demsalym synlap durup: -Gögermez-diýdim. Hudaýberdi halypa aýgyt bilen bärik öwrüldi: -Ine, könäniň üstüne mündürilip dakylýan täze atlar hem şeýdip agaç gögerdiljek bolşuna meňzeş, inim. Agajy gögerjek ýerine, ýüki gerek ýerine goýmasaň, ahyry edeniňi gaýtadan düzetmeli bolar. Hudaýberdi halypanyň halatly gepiniň bu gün irretsiz dürs çykyşyny gör-ä! 4.12. 2017. * * * Düýn Kakamyrat Rejep “Baýram aga 80 ýaşaýar, gutlag papkasyny taýýarlaýas, senem ýürek sözüňi ýazaýsaň” diýdi. Uzyn gije diýen ýaly oýlandym. Baýram Jütdi sözüň doly manysynda, uly halypa. Ine, şeýdibem aşakdaky ýürek sözleri döredi. ...Ýyllar, heý-ý, ýyllar, heý! Bu jümle, Baýram halypa, Siziň gaýtalamany göwy görýän kelamyňyz! Ine, uçar guşuň ýeleginde ýaly şol ýyllar Sizem segseniň işigine getiräýen eken-ow. Mübärek bolsun! Käteler “kimler bilen işleşdiň?” diýlen sowal beriläýýär. Şonda “Baýram Jütdi bilenem işleşdim” diýlen sözi juda buýsançly aýdýanymy Size-de aýdasym gelýär. Ýadyňyza düşýän bolsa, 1990-njy ýyllaryň ortalarynda “Diýar” žurnalynda ýagşy birsellem işlemek maňa-da nesip edipdi. Özem zehine, ýagşy ýigide gadyr goýýanyňyzy görkezip, şonda Siz men “Garagum” žurnalynda jogapkär kätip bolup ýörenem bolsam, “Inim, eliň işleýän wagty, gujuryň dyzyňdan dökülip durka, gapdalyndan bu işem oňararsyň-la” diýip, 0,5 edebi işgär edip kabul edipdiňiz. Öz aýdyşyňyz ýaly, ýagşylyk ýerde ýatýan däldir, hemişe ýatlanylýandyr. Ýagşylygam her kesiň elinden gelýän däldir, ony mertler başarýandyr. Şeýdip, Siziň halypalyk mekdebiňizi geçmek bagty biziňem maňlaýymyza ýazylan bolup çykdy. Şol ýyllar ýaşdyk, göçgünlidik, badyhowadyk. Asla Siziň zandyňyzda, tutuş döredijiligiňizde göçgünliligiň bardygy setirleriňizi okan her kese aýandyr. Baýram aganyň şägirdi bolup ýören, Siziň gazet-žurnallarda çykan her goşgyňyzy, publisistik makalalaryňyzy gyzyl tapan deýin dessine okap ýören biz ýaly şägirtleriňize hem göçgünlilik “keseliniň” ýokaşjakdygy onsoň düşnükli dälmidir?! Men şahyr dälem bolsam, käte poeziýadan gürrüň çykanda “Goşgyny Baýram Jütdi ýaly ýazyp bolsa” diýýän, özem kän gaýtalaýan. Siziň galamyňyzdan çykan her setiriň nakyl ýalydygyny segseni sermelän beýik Ussada aýtmagy şu gün çyn şägirt hökmünde borjum hasaplaýan, Baýram halypa! Çäç bilen harpygyň nämedigini bilýän, talapkär, özem juda okumyş, her setire, her söze ylla gyly dikligine iki bölen ýaly nyrh kesip bilýän okyjylar Siziň çyn şahyrdygyňyzy ikirjiňlenmän, onda-da uly tagzym bilen aýdýandyr. Ony Siziň janköýer okyjyňyz, çyn şägirdiňiz (goşgy ýazmaýanam bolsam, edebiýatyň nämedigini öwredeniňiz üçin) bolanym sebäpli, edil häzirem tutuş dördijiligiňizden hakyda depderime öçmez bolup ýazylan ýüzlerçe setir mysalam getiribiljek weli, meger, gysga gutlagda beýtmegiň zerurlygy ýokdur öýdýänim üçin elimi ýüregimiň üstüne goýup aýdýandyryn. Uzyn gepiň, gysgasy, Baýram halypa, segsen ýaşyň altyn gapysyndan arkaýyn, gaýşaryp giriň! Siz şoňa aňryýany bilen mynasypsyňyz. Türkmen edebiýatynyň altyn töründe gazanan ornuňyzyňam arzylydygyny ýadyňyzdan çykarmaň! Ýaşaljak indiki ýyllar hasylly-döredijilikli, abraýly-mertebeli, saglykly, bereketli, agtykly-çowlukly, ýuwlukly, gowlukly bolsun! Biz-şägirtleriňize uly halypa uzak-uzak ýyllar guwanmak, söýünmek bagty nesip etsin! 7.12. 2017. * * * Okamagyňam öz keýpi bar. Ynha, elimde “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň soňky sany. Düýn öýlänler getiren wagty agdaryşdyryp, “açgözlçk” bilen Atajan Taganyň terjimesinde belli rus ýazyjysy Wladimir Didinsewiň “Gaýyň agajy bilen duşuşyk” atly hekaýasyny hezil edip okap gitardym. Şu gün irdenem ynha, täjik ýazyjysy Bahrom Firiziň “Dönüklik” hekaýasyny okap, gapdala goýdum. Tüweleme, Myrat Goşly diýseň gowy terjime edipdir. Indem, türk ýazyjysy Hüseýin Jahitiň “Sawçylar” hekaýasyny okap lezzet almagyň humaryna gaplanyp otyryn. Ýöne awtor hakdaky çykgytda “ýazyjy, terjimeçi, syýasatçy, hem-de galamgär” diýlip ýazylan weli, soňkysyny okaňda lapyň keç bolaýýar. Ýeri, “galamgär” sözi nämä gerek, “žurnalist” diýlen gül ýaly sözi barka?! Şeýdip diliň eýini alýarlar-da, walla. Aýdyşlaryna görä, muny Beýik Serdar döwri Dil we edebiýat institutynyň direkrory bolup oturan kişi edipdir. Soňam žurnalda baş redaktor bolan döwri käbir şeýle söze “aşyklar” alyp göterdiler. Düýn Atajan Tagan gelip, zeýrenýär: “Jan inim, “talyp” sözüniň düýp köküni yzarlap gördüm weli, türklerde-de, arap, pars, özbek, täjik düýp sözlüginde-de bu “dini mekdebiň okuwçysy” diýlen anyk manyda. Bizem hil bir zat ýaly uniwersitetlerimizde, institutlarymyzda okaýan gül ýaly ýigitlerimizdir gyzlarymyza “talyp” diýen bolup ýörüs. Muny professor “şeýtsek bolar” diýip, öňe sürüpmiş” diýlen gep bar. Haýp, Nazar uly alymam bolsa kelte iş, özem döwrüň, nesilleriň bagyşlamajak telek işini edip gidipdir, Oglan-a, fransuzlaryň gulagyňa degende ýüregiňe jüňk bolýan “student” sözüni tutuş dünýä ulanyp ýörkä, ondan ýüz öwürmek nämä gerek bolduka?!” diýip jibrindi. Dogrudanam, dilimizdäki heňe gelmeýän şeýle adalgalardyr sözler, çalşyrgyçlar babatda entegem “Hatanyň ýaryndan gaýtmagam bir peýda” ediläýse näderkä? 7.12. 2017. * * * Düýnmi, ýa-da öňňun gulluk ulagynyň-“Mersedesiň” içinde gelýärkäm, Çopan atanyň deňine ýetiberemizde, iki elimi galdyryp, içimden bilýänjelerini okap ugradym weli, deňämizde säginen awtobusyň aýnasyndan bärik sereden bir ýetginjek (meger, talyp bolsa gerek) meniň hereketlerimi geň görýän ýaly boldy göwnüme. Elbetde, gara kostýum-balakly, ak köýnekli, boýny galstukly, çal saçly epeý pyýada, özem hökümet belgili ak maşynda beýdäýýän bolsa, gözüne birhili görnen bolaýmasa. Men bolsa hökman ähli bilýänjämi diňe türkmençeläp yhlas bilen okaýan. Belki, beýik Biribar sedamyzy eşidäýedi-dä! Okyjylaryň, “eýsem, näme okaýaň?!” diýjekleri bardyr. Ine, sizem diňläň: -Bismilla, Rahman rahym! Ýatanlar, büdrükler, öten-geçen gerçekler, ärler, pirler, ýagşyzadalar, melekler, mömün musulmanyň ýurdunda ýatan öwlüýäler, ata-babalam, hezreti üç ýüz altmyş, Ysmamayt ata, Lälezem ata, Goç ata, Goçgar ata, Gözli ata, Çopan ata, Ak işan, Gurbanmyrat işan, Mahmyt işan, Äraly pirim, Sultanweýis babam, Öre işan, Ybraýym medhem pirim, Şahymerdan babam, Ärsary babam, Öre işan, Zamahşary babam, Şirkebir atam, Zamahşary babam, Azym işan, ýada düşen-düşmedik öten-geçenleriň ýatan ýerleri ýagty, imanlary hemra bolsun! Alllam, beladan-beterden, howpdan-hatardan, göze görünýä-u-görünmeýän apatladan, ot belasyndan, suw belasyndan, ýaman hatyndan, nähak töhmetden, Watansyz galyp, saýyl bolmakdan, biabraýçylykdan özüň goraweri! Ýagşynyň ýüzi bärik, ýamanyň ýüzi aňryk bolsun, ylahym! Edeniňe, etjegiňe müňde bir şükürlidiris. Asmana nur, derýa bereket, daýhanyň bir dänesini müň edip, gidenler gelip, ýatanlar galyp, ogulsyza ogul gyzsyza gyz, mätäje rehim eçileweri! Eý, Allam, ýatanlara nur-iman, diri hezip ýörenlere ömür, rysgal-bereket, dünýä inenlere uzak ýaş bereweri. Günämiz-bergimiz köpdür, öz dergähiňde şol hatamyzy düýe ýaly bolsa dary ýaly edip öteweri! Bu dünýäde näçe ömür beren bolsaň, saglygy bilen, berekedi bilen, abraýy bilen bereweri! O dünýäde iman bereweri, omyn! Näme gowy zät-mürewwet berseňem, il-gün, dogan-garyndaş, mömün-musulman, Ýer ýüzüniň adamlary bilen bilelikde bereweri! Şeýle doga-dilegleriň ählisi Alla derhähinde kabul bolsun! Alnymyzda täze ýyl dur. Ylahym, saglykly, döwletli, agzybirlikli, döredijilikli, ähli ýagşy umyt-arzuwlaryň wysal bolýan ýyly bolsun! Toý kän bolsun! 14. 12. 2017. * * * Ata-babalaryň „bal süýj, baldanam bala süýji“ diýen nakylynyň bardygyny-ha bilýänsiňiz. Özüm-ä şol gadymy nakyly „Bal-süýji, baladanam agtyk“ diýip düzedesim gelip dur. Sebäbini aýdaýynmy?! Agtyjagym Mäligiň irden turamda, indi „iň-ňä“-den azajyk ýognan sesini (indi 5 aýlyk) eşitmesem, bir zadym kem ýaly bolup dur. Işe gaýtmankam azsalym oýnaşsam, ökjäm ýeňläp öýden çykýan. Günortanlyk arakesmä hem baý, howlugýan. Öň beýle däldi. Öýümize şol agtyjak geleli bäri şeýle. Gapydan girersiňem weli, iki goluny kepderiniň ganaty ýaljak edip, ýylgyrypjyk-gülümjiräp ýüzüňe sereder weli, süňňüň ýeňläýýär. Soňam öz “dilinde“ bir zatlary „pyt-pyt” eder weli, ajaýyp aýdymdaman zyýatdyr. Onsoň oňa neneň „peltek guşum“ diýmersiň! Ýüregimi gyýyp goýberýän birje ahwalatyňam şu aýdanlam bilen baglydygyny näçe agyr kyn görsemem, agzasym gelýär. Şony tä şu wagta çenli-60 ýaşy alkymlaýançam syr edip saklanam bolsam, şu gün aýtmagy makul tapdym. Olam ýetimçilik derdi. Merdemjigi ýa-da ondan uly agtyjagym-7 ýaşly Aýjäjegi göremde käte „şol derdi siz bir çekmäweiň, jan balalam, mäherm agtyjaklam!“ diýip, pyşyrdaýan. Indi näçe agyr görsemem, şol günleriň wakalaryny siziň bilen paýlaşaýyn. Men 1958-nji ýylyň 5-nji fewralynda doglupdyryn. Inim Saparguly (il içindäki ady Gök) menden 1 ýaş, ondan kiçisi Dünýägözel hem ondan 1, 5 ýaş kiçi. Kakam Arazguly bilen ejem Nurbibi aýdyşlaryna görň, bir ýassygyň üstünde tersleşip, aýrylyşypdyrlar. Şonda men entek 4 ýaşamaman ekenim. Düýş ýaly ýadyma düşýär, enem Jäjek(soň biz ony eje diýip ulaldy, şol adyny tutubam 83 ýaşanda soňky ýoluna ugratdyk, uly agtyjagymyz Aýjäjek ejemiň ady dakylan)) Dünýäni arkasyna alyp, Gök bilen meňem elimden tutup, „detdoma tabşyr“ diýýänleriň özleri çagalaryny tabşyrybersin, men başym dik bolsa bu garagözleri öz elim bilenn terbiýärin“ diýýäni. Şeýdip, galayragam bolsa, ýüregi ýuka, ömrüni kolhoz işine bagyşlan, hatda doganoglan agan Satlygam pagta ýygyp ýörkä joýanyň içinde dogran, diýseň jepakeş aýal. Jaýyň jennet, imanyň hemra bolsun, käbäm ejem! Meniň, menden kiçi jigimiň,uýamyň şeýle derejelere ýetenimiz üçin ruhuňa baş egýändirin! Dädem bilen ejem aslyýetinde garyndaş, Babam Alty kaşyk pahyr diýseň mährem adam bolup hakydamda galypdyr. Soň ulalyp, aga-gara düşünip ugramsoň pikir eleginden geçirip, günäniň ulusynyň Arazgulydadygyny öz ýnymdan çen etdim. Sebäbi aýrylyşan döwürleri ol Aşgabadyň medeni-aň bilim tehnikumyny kitaphanaçylyk boýunça gutaryp gelensoň, şäher ýelgini oňa oba gyzy bilen ýaşaşmagyň „medeniýetsizräkdigini“ ýüreginde şineleden bolmaly, ýalňyşmasam. Arazguly diýip, adyny dogry tutýanym, men dädemi tä şu wagta çenli kaka hökmünde kabul edip bilmeýänlimdir. Ýatan ýeri ýagty bolsun, Öwlüýäguly brigadur diýdirip giden adam bize hakyky kaka bolupdy. Ol azaphon, tüýs zähmer üçin dörän adamdy. Ine, biz şu iki halaldan azapkeş garrylaryň „gazanynda“ gaýnadyk. Ol ikisi bolsa,bize ýetimligiň nänedigini bildirmän kemala getirdiler. Kakam Öwlüýäçuly aýdyşym ýaly, pagtaçylyk brigadur bolup, pensiýa çykypdy. Aýtjak bolýany, ol wagtlar mekdeplerde sentabr başlanandan okuwlar ýatyrylyp,tň gyş başyna çenli oagta sürlerdi. Meger, 5-6 njy klasda okaýardyk öýdýän. Bir hezek agşamara telejka ganarlary ýüklňp, gapana äkitjek bolup durka, klasdaşym Üzümgül bilen sözümiz azaşdy-da, maňa „ýetimçe“ diýdi. Şonda möňňürmesem, baý, gözümden ýaş paýrandyr-a bu ajy sözüň zarbyna. Ine, şonda men bilip galypdym, çala ýetimdigimi. Oýmüz bilen Aarzguly dagynyň öýüniň arasyny diňe kiçijik salma bölýärdi. Ol salamanyň boýy Gün görünmez üzümdi. Kakam Tagtadan (raýon merkezi şeýle atlandyrylýardy) bir özbek aşnaussasyny alyp gelip, gowy dalbar ýasadypdy. Soň men işe başlap, elim uzadan ýerimize ýetip başlansoň, şol egri-bugry agaçlardan ýonulyp, sünnälenip, birenaýy edilenem bolsa, çüýrňp başlansoň, täzeden „ok ýaly“ diýilýän „droçka“ atlandyrylýan bilekçeräk agaçlardan dalbarty täzeläpdim. Haýp, häzir şol üzümler gurapdyr, Ynansaňyz, Arazgulylaryň öýüne baryp, biz ýylda bir gezegem okara elimizi sokmazdyk. Sebäbi gelnejemiz, has anygy, ejeligimiz Keýik garasöýmez, gysganjyrak aýaldy. Iň bolmanda, biziň göwnümize şeýledi. Ylaýta-da „öweý“ sözi ejeligimiz üçin döredilene meňzeýärdi. Ejem bolsa enebaşga inilerimiz Baýram gelse-de, Rahman gelse-de, agzyndakyny çykaryp beräýjek bolardy. Agtygy-da olaram! Inilerimizem, uýlarymyzam ejem bilen kakamy juda gowy görerdiler. Görüp, bilip duran hakykat bolsa hemişe ýüregime iňňe sünjülene döndererdi. Ol bolsa ejeligimiň öz dogran çagalaryny bizden-öweýlerden has gowy görýänligidi. Mekdebe gatnamyzda-da, biz geýim-gejim, iýgi-içgi meselesinde-de, hiç kimden kem däldik. Kakam bize zňhmet çekmegem zor öwretdi. Bilimiz bekänden elimize orakdyr pil berdi. Ýöne gizlemäýin weli, men pagta ýygmaga çöňňedim. Deň-duşlarym 50-60 kile gapana getirerler, meňki bolsa 30 kilä ýa ýeter, ýa ýetmez. Oýa derek kitap okamaga weli, ýaman ökdedim. Şeýdibem 5-6-njy klasda wagtym gazet-jurnallara kiçijik makalalar, habarlar ýazyp uugradym. Mekdepde diwar gazeti meniň elimden çykardy. Şonuň üçinem mekdebi gutaramda meni öňüne salyp, Aşgabada uniwersitete girizmäge, şol meselede ugur-ýoluny salgy berer ýaly Kuwwat Mätgeldiýewiň öýüni idäp-tapyp, aladamy edipdi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa giremde ejem bilen kakam ikisi özümden zyýat begenipdiler. Soň 3-nji kursy tamamalap, Orsýete, has anygy, häzirki Ýekaterinburg şäherindäki Ural döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetine gitjek bolamda bolsa, ejem pahyr. „waý, gitme, ýat ýerlere, horlanarsyň“ diýip, baý özelenipdi. Kakam dymanam bolsa, daş illere gitmegimi o diýen bir oňlamaýanuny bilipjik dirdum. Şonda-da diýenimden dänmedim. Dogram eden eknim. Soň bilip otursam, ejem pahyr „kelle gyzgynyna bir kelte köýneklini yzyna tirkäp geler“ diýip, howpurganan eken. Bir gezekki bolan waka hiç ýadymdan çykanok. Heniz mekdepde okap ýörkäk, bir gezek saý-sebäp bilen Arazgulylara nahara çagyryldyk. Şonda öňümdäki okara işdämen ýapyşdym, birdenem gapdala seretsem, ejeligim nahar iýşimi şeýle bir „rentgene“ salypdyr, özem halamazlykly otlukly tiňkesini tikip otyr. Elimdäki çemçäni nädip üere goýanymy duýmandyryn. Işdämem sogan dogralana dönäýdi. Soň öýe gelip, saçaga ýapyşdym. Ýagdaýymy sözzüz aýan ejem ýeke agyz: -„ Öweý ene-ot“ diýlenini edipdir-ow, kelte akylly. Ejeligim nämüçin gaýyn atasy bilen gaýyn enesiniň ömürylla mäşiniň bişişmändigine henizlerem haýran galýan, sebäbine bolsa hiç dsüşünip bilemok. Dogry „Jäjek gagalrak, dogry sözli, gep çekmeýän“ diýlerdi. Pahyr dogry gylyç ýalydy-da, egilenden jorta uçanyny gowy görerdi. Kakam bolsa zandy ýumşak, hele-müçe zat üçin galaňňyramaýan giň adamdy. Namysjaňdy. Bie gezek, heniz biz gögele oglankak, goňşymyz Rejepgeldi aga (olaryň howlusy obamyzda iň üzümli howludy) „miwe bişenden dilegçisi gutaranok, ekseňiz bolmaýarmy“ diýenini eşidip, ertesi güni ilerki Diregli obasyndaky Gunna bagbanyňkydan bir gujak çybyk-nahal getirip, öýmüziň töweregine ehip çykdy. „Oýnap ekseň-boýnap biter“ boldy gidiberdi şeýdip. Meniň garyp maňlaýyma „Gaýyn bilen gelniň topragy bir ýerden alnar“ diýleni bolanyna şu günem öz ýanymdan begenip ýörün. Aýtjak bolýanym, ýanöoldaşym Ogulnabat ejem bilen şeýle bir dil tapyşdy weli, edil eneli-gyz ýaly bolaýdylar. Gizlemäýin, öňküleriň „käse käsä degende-de jyňňyrdaýar‘ diöleni. Käte sene-mene de bolaýýardy, olam derrew ýaz ýagşy ýaly geçer gidibererdi. Gelni tä ahyr gününe çenli gaýnatasy bilen gaýyn enesini elinde saklady. Bu hyzmaty üçin men Ogulnabada ömürbaky minnetdardyryn. Ylaýta-da kakam gelniniň bişiren haharlaryny halardy. „Palawy Ogulnabat bişirsin“, „gelin, mantyny bal ýaly edäýipsiň“ diýen gepini eşidemde özüm bişiren ýaly begenerdim. Heýem, atany, enäni begendirmekden, göwnüni hoň etmekden aňrybaşam sogap hem parz bolarmy?! Inilerim Baýram bilen Rahmany bolsa Gökden kem görmeýänimi bassyr-ýussursyz aýdybiljek. Olaram, ömürleri uzak bolsun, meni aga hökmünde sarpamy saklaýarlar. Näme goltgy, kömek gerek bolsa birek-birek üçin elimizden gelenini gaýgyramyzok. Ejeligim birküç ýyl mundan ozal ýogaldy, iman baýlygyny bersin, Allam! Dädem Atazguly şükür, aramyzda, 80 ýaşy tegeläp barýar, hernä Biribar, ömrüni uzak etsin! Kakamyň ady dakylan Öwlüýäguly Türkmen oba hojalyk institutyny indiki ýyl gutarar. Ejemiň ady dakylan nowbagar agtygym Aýjäjek 2-nji synpyň okuwçysy. Rus dilini suwara bilýär, iňlis dilinem öwrenýär, „Radoguna“ çeperçilik öýüne gatnap, suratkeşligem öwrenýär. Ine, şu ýazgylary Medeniýet minisrtliginiň mejlisler zalynda ýazyp otyryn (ýygnaklary boş oturyp geçirip bolmaz-a). Tizräk gutaraýsa, ýürek guş sesli agtyjagym Mälik janyň ýanyna howlugýar. Durmuşdaky iň gowy dermanym arzyly agtygym. Şol bagt hernä, hemmä nesip etsin! 9.12. 2017. * * * 8-nji dekabrda bolan Türkmenistanyň Ministlrer Kabinetiniň giňişleýin meşlisinde „Küştdepdi“ tansynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl gymmatlyklarynyň mirasynyň sanawyna girizilenligi hakda Koreýa Respublikasyndan gelen habar aýdyldy. Bu buşluk habary gulaga juda hoş ýakýar. Sebäbi küştdepdi türkmeniň hakyky guwanjyna öwrülen sungat gymmatlygy. Onuň dünýäde ykrar edilmegi elbetde milli buýsanjmyz hem guwanjymyzdyr. Islendik toý-märekede küştdepdi ýaňlananda dokuzy düzülene meňzäberüär, şonda märekäniň jogundan ýaňa göçüşini gözüň bilen görseň haýran galarsyň. Umuman, halkyň milli mirasy dünýä ýaýylsa, oňa ýetesi sogap barmy?! 17.12. 2017 * * * Atajan Taganyň öz agzyndan eşiden täsin wakaýany eşidip, türkmen aýtmyşlaýyn, gülüp-gülüp içim gyryldy. Ol şeýle: Atajan Han dädäni (alym Hanguly Amansähedowy) doglan güni bilen gutlamak üçin, Aşgabatdan Türkmenabada jaň edipdir. Ker hem körjümegräk bolansoň, sanlaryň birini nädogry aýlapdyr. Aňyrdan göterilende, trubkany zenan maşgala alypdyr. Göreniň “kerlerbaşy-da”. “Doglan günleriňiz, onda-da 69 ýaşyňyz gutly bolsun!” diýip, sen-men ýok, derrew gürläp ugrapdyr. Aňyrky zenan “Biziň öýmüzde heniz onça ýaşa baran ýok, men-ä 36, adamymam menden iki ýaş uly” diýse-de, “siziň henek ýadyňyza düşýär, hany hojaýynyňa ber!” diýen. Zenan düşündirjek bolsa-da, aşgabatda trubkany göterip duran kejirligine tutup, “beý, bu adamlary-aý...” diýip, gaýtmyşym etmändir. Aňyrky zenan “Nega kyçkyrasyz siz” diýip, trubka adamsyny çagyran. Atajan trubkany alan erkegem doglan güni bilen gutlap, “näme how, Han, ýene keýwanyňy täzelediňmi-aý, men 36 ýaşymda dibýýär-ä” onyň” diýip, ýene “ikinji bölüme” gegjek wagty, aňyrdaky “bagyşlaň siz...” diýjek bolupdyr weli, Atajan alyp göteripdir: -Dur how, bagyşlap-bagyşlamaz ýaly, bärde näm barmyş. Senem Atamyrat ýaly derrew meň gepimiň arasyny böljek bolup dursuň-aý. Olam bilýämiň, öňräk näme diýýä... Şeýdip Atamyrat Ataýaý hakda tükezzibanyna tutup ugran. Aňyrdaky gürlejek bolýamyşam weli, “dursan-aý” diýip, gidip oturan. “Siz bärik...” diýip, aňyrdaky agzyny açýamyşam, Atajan: “siz” diýen bolup, halys professorlygyňy ediberýäň-aý, meň bilen beýle resmi dilde gürleşmek nänä gerek?” diýip, abyr-zabyr edýän. Onsoň aňyrky bende agzynam açyp bilenokmyş. Ahyrsoňy agzy ýadap geplemesini goýupdyr weli, aňyrdaky ýuwaşjadan: -Men Remetulla, siz nirä jaň edýäňiz, aşna?- diýipdir. Düwnene dönen Atajan derrew trubkany goýupdyr. 20. 12. 2017. * * * Öňňun irden işe gelýärkäk geň bir ahwalat boldy. Öýden çykyp, “Mersedes” Alyşir Nowaýy köçesi bilen baş münberiň deňine gelende, edil öňümize bir ak kepderi gelip gondy. Walla, gyş gününiň daň yzyndaky garaňkysy, heniz sagat 7-i hem bolanok, guş uçjak wagty däl. Biziňkiden başga-da ýeke maşyn, yns-jyns ýok. Sürüjim Alekseý bu boluşy görüp, “eto, prosto çudo!” diýdi. Hawa, keramat diýerçe bar. Kepderi swetoforyň yşygy ýaşyl ýananda biziň bilen deň uçdy. Men-ä muny gowulyga ýordum. Şu gije gowy ýagyş ýagdy, howa diýseň tämiz. Düýn Gypjakda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýer düýnän ýerinde-ymam Kasym gonamçylygynyň gapdalynda onuň muzeýiniň açylyşy boldy. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Merhumyň hatyrasyna aýat-doga okaldy, guburyna gül goýuldy. Ondan öň bolsa ýogalan güni mynasybetli, onuň A. Nyýazow şaýolunyň ugrundaky ýadygärligine hem ter gül desseleri goýuldy. “Ölüsini sylan beg bolar” diýleni. 22.12.2017. * * * Russiýa Federasiýasynyň Başkortostan Respublikasynyň paýtagty Ufa şäherinden elektron poçta arkaly hat aldyk.Ony başgyr ýazyjysy Sabir Şaripow ugradypdyr. Ol “Agidel” (“Ak derýa” diýmek) žurnalynda meniň üç sany hekaýamy tejime edip çap etdirendigini habar berýär. Uzak illerde eseriň çap edilmeginden uly şatlyk barmy eýse! 24.12.2017. * * * Russiýanyň merkezi teleýaýlymlarynyň ählisi diýen ýaly ýurduň Prezidenti Wladimir Putiniň “NTW” teleýaýlymynyň syýasy synçysy, telewizorçylaryň öz aýdyşy ýaly “Kreml habarçysy” Wladimir Kondratewi 75 ýaşynyň dolmagy bilen gutlaýşyny gaýtalap-gaýtalap görkezdiler. Şonda “telewideniýäniň atasy” atlandyrylýanlaryň biri Wladimir Petrowiç bilen bolan duşuşyk ýakymlylyk bilen ýadyma düşüp gitdi. ...2011-nji ýylyň marty. Kreml köşgüniň Ýekaterina zaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň jemi boýunça döwletara Ylalaşyklara gol çekilmelidi. Şol ýerde hem iki ýurduň Prezidentleri metbugat konferensiýasyny geçirmelidi. Biz-žurnalistler gepleşikleriň tamamlanaryna garaşyp otyrdyk. Meniň gapdaljygyma gelip oturan adamyň ýüzi maňa, diňe maňa däl, hemmlere “mawy ekran” arkaly tanyşdy. Ol belli teležurnalist Wladimir Kondratewdi. Asyl ol sadadan gürüňçil adam bolsa nätjek! -Moskwanyň howasyna öwrenişýäňizmi?! Onuň mähremlik bilen beren bu sowalyndan soň gürrüňimiz alyşdy gidiberdi. Türkmenistan hakda sorady. Biziň topragymyzda bitýän ir-iýmişleri örän halaýandygyny, biziň ýurdumyzda ilata tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, suwuň, duzuň mugtdy hakynda aýdyp, "beýle edibilýän döwlet heniz dünýäniň hiç ýerinde bolmandy” diýende, tolgunjymdan inim ýakymly jümşüldäp gitdi. Şol döwürler Soçide geçiriljek Bütündünýä gyşky oýunlaryna taýýarlygyň agza-dile düşen wagtydy. -Siziň Prezidentiňiziň şol Olimpiada bagyşlap, biziň Prezidentimize sowgat eden gaplaň çagasy gör nähili ajap, garaşylmadyk täzelik-diýdi. Şol wakany teleýaýlymda tomaşaçylara ýetiren hut onuň özüdi. Ol waka ýalňyşmaýan bolsam, Soçiden “Türkmenistanyň Prezidentiniň Köpetdag döwlet goraghanasyndaky iň gyt hem ajaýyp jandary Russiýaly öz kärdeşine Soçi sport çäresi üçin sowgady” diýlip teswirlenipdi. Prezidentleriň gelýänligi yglan ediljek wagty ol maňa wizit kartiçkasyny uzatdy: -Türkmenistanly kärdeşime ýene-de Moskwa düşende garaşjakdyryn. Ady dünýä dolan teležurnaliste şondan soň sataşmak miýesser etmedi. Wladimir Pertowiç Kondratewiň öz eli bilen beren şol wizit kartoçkasyny bolsa gymmatly ýadygärlik ýaly saklaýaryn. Gaýybana şeýle diýýärin: -Hormatyňa sag bol, ussat! 27.12. 2017. * * * Täze-2018-nji ýyl hoş nabarlar, toý-şatlyk bilen başlandy. Türkmen aýtmyşlaýyn, “it geldi-gut geldi”. It ýylynyň ir säheri bilen uly halypa, belli heýkeltaraş Saragt Babaýewe “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy” diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny buşladylar. Şonuň yzýany, sagat 15-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň mejlisler zalynda bu adyň dakylmagy mynasybetli uly dabara boldy. Tanymal adamlar çykyş edip, uly ussady, çyn halypany gutladylar, ýürek sözlerini aýtdylar. Maňa hem söz berildi. Agşamara bolsa Saragt halypanyň öýünde kiçeňräk toý-şagalaň tutuldy. Tamdyrlama, gazanlama iýildi, çekdirme, unaş içildi, “balyk ýüzmedik” suw bilen joşup-joşup arzuw aýdyldy. Gowy habar, ýurt Baştutanynyň sylag-serpaýy gör, nähili ýürek gopduryjy! Hawa, biziň maşgalamyz üçinem ýyl gowulyk bilen başlandy. Oglumyz Ezizi aýyň 2-sine Döwlet Ätiýaçlandyryş guramasynyň Ahal welaýaty boýunça başlyklygyna bellediler. Hernä, abraý bilen işlemek, edilen ynamy aňryýany bilen ödemek nesip etsin-dä! 3. 01. 2018. * * * Ýer üstünde aman ýaşsaň şondan uly bagt ýok “Türkmeniň bilbili” ady bilen Äleme tanalan sungat ussady, SSSR-iň halk artisti, Döwlet baýraklarynyň eýesi, altyn sesli Medeniýet Şahberdiýewanyň düýn 7-si boldy. Jaýy jennetden bolsun! Şonda ýas ýerine tirkeşip barýarkak, kärdeşim-“Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebow bir täsin gep aýtdy: -Bende ýaşan ömründe gazananynyň ýaryny pişiklere, ýarynam talyplaryna paýlap gitdi-dä. Meniň geňirgenip garanymy bilibem, gepine anyklyk berdi: -Bir gezek öz agzyndan eşitdim, pişik bakmagynyň sebäbini. Şeýle gürrüň berdi: “Ýörite sazçylyk uçilişesini gutaryp, Moskwa okuwa gitjegem bolsam “entek işläber, ýörite hünärli seň ýaly adamlar häzir howa ýaly zerur” diýip, çagalar sungat mekdebine ugratdylar, Ol ýerde geljekki sazandalardyr aýdymçylar taýýarlanýardy. Tas hemmesem özüm ýaly ýetim çagalardy. Şu günki ýaly ýadymda. 1948-nji ýylyň oktýabr aýy görülmedik maýylganlyk, has anygy, gyzgyn geldi. Aýyň 7-siniň ýarygijesine golaýlanda it-pişikler şeýle bir biynjalyk bolup ugradylar, aýdyp-diýer ýaly däl. Biz uzyn dälizli iki gat umumyýaşaýyş jaýynda ýaşaýardyk. Şonda hemişe aýagymyzyň aşagynda ýumak ýaly togalanyp ýören pişikleriň jandan geçen ýaly özlerini äpişgäniň aýnasyna uruşlaryny görüp, bir eýmençligiň boljagyny ýüregim syzdy. Käsi uklan, käsi ýerine geçmäge hyýallanýan okuwçylarymyzy gapydan çykarmaga-da howlugyp, haýdan-haý äpişgeden aşak sallap ugradym. Jaý pessejik bolansoň, oglanlar aşak bökäýende-de hiç ýerini agytjak däller, gyzlaram eýdip-beýdip çykardym. Ýigrimi çemesi oglan-gyzy çykaryp, özümem aşak sallandym. Açyk meýdanda tegelenip duran okuwçylarymyň ýanyna ýetip barýarkam, ýer aýagymyň aşagyndan sypyp giden ýaly boldy. Oňa deňijem bir erbet güwwüldi boldy-da, ähli zat ýer bilen ýegsan boldy. Çaň-tozandan ýaňa göz açar, hiç zady görer ýaly däl. Umumuýaşayş jaýymyz gum-kesege garylyp ýatyr. Biz bir-birimizi gujaklap, aglaşyp durus. Ine, şonda bizi pişikleriň sessiz aýdan “yzyma düşüň!” diýen hereketleri ajaldan aman alyp galdy. Ýene bir ýagdaýam aýdaýyn. Birküç günden Soýuzyň ähli ýerinden kömege ýetişdiler. Şonda “Sungat mekdebi entek-entekler diklenmez, şonuň üçinem okuwçylaryňyzy Daşkende ýa-da Bakuwa alyp gitmeli” diýlende, aýak diräp garşy bolduk. Biz türkmen aýdym-sa gungatynyň geljekki garlawaçlary bolmaly, ilki bilen öz ata Watanyna hyzmat görkezmeli ol garagöz çagajyklary nä günlük bilen ýygnapdyk ahyry! Olaryň alys illere düşse yzyna dolanjagy-dolanmajagy gümanady. “Ýerdöle gazarys, çadyr gurarys, ýöne bu çagalary özümiz okadarys” diýip, berk duranymyzy görüp, “onda bolýa-da” diýdiler. Şol okuwçylarymyzyň ählisi diýen ýaly soň milli sungatymyzyň çynarlary bolup ýetişdiler”. Şondan soň, ylaýta-da ömrüniň ahyrlarynda Medeniýet Şahberdiýewa daşda-işde duşan, jaýlaryň arasynda gezip ýören pişikleri görse, “bular halasgärlerimiz” diýip, öýüne getirip, naharlap gezipdir. Aýdyşlaryna görä, ýogalanda bendäniň jaýynda 20-30 pişik bar eken. Gaty täsin ahwalatlara eýlenen gürrüň gulaga degenden haýrana goýýar. Ýeri gelende ýokarky waka bilen bagly başga bir zadam agzaýyn. Öňräk rus dilinde çap edilen “Ýarym asyrlap Garagumda” (“Полвека в Kaрaкумaх”) atly kitaby okadym. Onuň awtory akademik, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, ençeme baýraklaryň eýesi Nina Trofimowna Neçaýewa. Agzalan eseriň başragynda şeýle waka gürrüň berilýär. ...1948-nji ýylyň şol pajygaly güniniň oň ýany-7-nji oktýabrynda günortana golaý Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýaşaýanlary bir geň hadysa haýran galdyrypdyr. Ýylanlar öz hinlerinden çykyp, çar ýana pytrapdyrlar. Guryhowdan tarapda gijöýläniň Gününiň şuglasy ýapgyt baýryň depesinden tä gapbiline çenli bir-birine çolaşyp ýatan ýylanlara düşüp, göz gamaşdyrypdyr. Bu görülmedik ahwalatyň jogabyny köp ýaşan, köpi gören, durmuş tejribesi ýetik ýaşulylar “Ýer goduklaýmasa” diýip ýorupdyrlar. Hatda olar şäher häkimligine hem bu barada habar ýetiripdirler. Ýerine gelip, gözi bilen gören çinownikler “ýyly güýzüň howasyna imrinip, sowuk nininden endamyny gyzdyrmaga çykandyrlar” diýip, pitiwa etmändirler. Ýylan üşügine ähmiýet berlen, inçeden yzarlanan bolsa, belki, nijeme janlary halas edip bolardy, dogry dälmi? 11.01.2018. * * * Ýurduň o çetinden bu çetine çenli aýlanyp çykdym. Döredijilik sapary Gazagystanyň Balaşak, bizde bolsa Sehetýaka diýilýän ýerden ilerik-Eýran tarapdaky Inçeburun, bizde bolsa Akýaýla çenli aralygy sökdürdi. Ilki Berekede çenli “JIP”-de gidip, gijöýlänler ýörite otla mündük. Ugur Türkmenistan-Gazagystan serhedine tarap. Maksat-gagymy Hytaý diwarlaryndan gaýdan ýük-konteýner otlusynyň biziň ýurdumyzyň içinden geçip gidýänligini “Altyn asyr” teleýaýlymynda hem-de “Türkmenistan” gazetinde giňişleýin beýan etmek. Otluda jemi 1200 kilometre ýakyn, maşyn bilenem 800 kilometr çemsi ýol sökdük. 50 minutlyk çemesi telegepleşik, gazetiň hem iki sanynda uly ýol ýazgysyny desbi-dähel taýynlap, türkmen aýtmyşlaýyn, “kör abraý” etdik. Umuman, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli halkara demir ýolundan şeýle ýükli kerwenleriň geçip durmagy diýseň guwandyryjy ýagdaý. Hernä, yzy köpelewersin! 12.01.2018. * * * Оразгулыеву Гурбанназару от Шарипова Сабира из Уфы Уважаемый Гурбанназар туган! Пишет тебе башкирский писатель Сабир Шарипов, знакомый тебе по конгрессам тюркских журналов. Сообщаю, что в N3 журнала “Агидель” за 2017 год вышли твои два рассказа, переводы который организовал я, как зав. отделом прозы. Мне кажется, что я выбрал самые колоритные для нашего читателя. Не думай, что я расчетливый, но намерен предлагать 2-3 своих рассказа на выбор. С пожеланиями счастья в Новом году Сабир. 14.01.2018. * * * Akdepe etrabynda ýaşaýan şahyr, žurnalymyz bilen işjeň aragatnaşyk saklaýan awtor Bally Seýitberdiýewden hat geldi. Onda şeýle ýazylan: “Her bir sanyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýan žurnalymyz «Diýara» täze ýyl arzwulary Başy ak telpekli, egni possunly, Gutly bolsun täze ýylyň, «Diýarym!» Gujagy bagtyýar, goýny hoş günli, Gutly bolsun täze ýylyň, «Diýarym!» Aýdymlara nagma goşup, saza-heň, Gyş diýjeksiň, her günümiz ýaza deň, Demi bilen derýalary buz eden, Gutly bolsun täze ýylyň,«Diýarym!» Teşne dostlaryňda üzmezden araň, Her pursat bolgaý sen köňüldeş, ýaran. Bagtyýar döwrüniň şanyna saýrap, Asala ezilsin diliň, «Diýarym!» Hoş hyýallar içre oýlanýar her kim, Ýaýna ummanlarda balyk deý erkin. Her setiriň, jümläň, sahypaň-durkuň. Yşkyny ýaýratsyn gülüň, «Diýarym!» 2018-den kändir tamamyz, Çawuny has giňden ýaý sen zamanaň. Arzuwma ýetjegne bolmaz gümanam, Gülleýärka ylym-bilim, «Diýarym!» Il-gün bir jan-u-bir ten bolar, Her sanyň ünsüni çekýär hemmeleň, Mukam bolup köňüllerde ýaňlanar, Kagyzly-galamly eliň, «Diýarym!» Hoş geldiň, täze ýyl, billeriň guşap, Gir sen eýýamlardan heňňama uzap, Okyjyň köpelsin, abraýyň zyýat, Il içinde ömür salyň, «Diýarym!» Başga bir hatjagazam geldi. Ony öňräk “Seni halypa saýyp ýörendirin” diýýän kärdeş gelinleriň birine soňky çykan “Bagt mukamy” kitabymy awtograf-ýadygärlik ýazgy bilen berenimden 10-15 gün geçenden soň şol ugradypdyr. Özem SMS bilen. Ine ol: Aýdym ýazýan bagtdan serhoş günlerim, Şygra dökýän ýüregimiň azaryn, Ýöne ýazanlarym sussumy basýar, Okap kitabyny Gurbannazaryň. Serwisypat gelinlerden şeýle sözleri eşitmek altmyşyň alkymynda jana juda hoş ýakýar. 16.01.2018. * * * Belarus Respublikasynyň ilçihanasynda bu ýurduň Türkmenistan bilen diplomatuk gatnaşyklary ýola goýmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli žurnalistler üçin brifing geçirildi. Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Oleg Mihaýlowiç Tabanýuhow gysgadan mazmunly çykyş etdi. Soňra “Belarus-mynmansöýer ýurt” atly, dowamlylygy 2 minuda hem ýetmeýän wideorolik görkezildi. Şonda şeýle täsin maglumatlar meni (belki beýlekiler-de) haýran galdyrdy. Olar şeýle: Belarussiýada (şol wagtky atlandyrylyşy) 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe ýaşaýan her üçünji adam gurban bolupdyr. Gör nähili pajyga! Belarus Respublikasynda häzirki wagtda 475 sany kurort-sagaldyş we dynç alyş edaralary bar. Taňry eçilen tebigy gözellikler hem-de bejeriş baýlyklary, galyberse-de, halk hakyndaky döwlet syýasatynyň ajaýyp netijesi! Belarus Respublikasynda 8 million gektar çemesi tokaý bolup, şol “ýaşyl guşak” her ýylda adama zyýanly 288 million tonna zyýanly gazlary-hapalary “iýýýr”. Deregine hem ömre tenekar kislorod eçilýär. 19.01.2018. * * * Hemit ogly Akmuhammet bilen geçen şenbe güni Aşgabadyň ýeňsesindäki “Şöhrat alleýasy” atlandyrylýan, il arasynda “Watutindäki öwlüýä” diýilýän gonamçylyga zyýarat etdik. “Daşgynlasaň mazara, göwnüň çökse bazara” diýilen köne söz bar. Mesçilikdenem, terkidünýälikdenem däl, asyl birwagtlardan bäri bar, özem türkmeniň “men-men” diýen ogul-gyzlarynyň ýer düýnän, bu ýurtda ýaşap öten beýleki milletleriňem müňlerçe bendeleriniň ýatan öwlüýäsine barmak, bilenjäňden aýat-töwür okamak, guburlaryna zyýarat etmek adamçylyk babatdan, hem, ruhy-ahlak babatdan hem parz dälmidir näme?! Kermatmy ýa-da tötänlikmi bilmedim, ulagdan düşüp, ilki nazarymyz düşen ýer Nury Halmämmämediň bize bakyp duran buýra saçly, nurana ýüzli keşbi boldy. Ol daşdan ýasalyp, mazar üste goýlanam bolsa juda gelşikli, göz egleýjidi. Türkmeniň saz sungatynyň gaýtalanmajak läheňi! Bu halkyň sungatyny dünýä belentligine göterip giden ussat! Müdimi ýaňlanjak mukamlary, özem diňledigiňsaýyn gulakdan girip, ýürege ornaýan, ýok, jigeriňi jigledýän ajapdan täsin sazlary döredip, özem ak guş deýin uçup giden maestro indi mazarystanda-baky uka gidilýän ümsüm “obada” gara daşa öwrülip, geleni garşylap, gidenii ugradyp, natuwan nazaryny uzaklara dikip dur. Gussaly hem kalbyňdaky duýgulary oýaryp goýberýän görnüş! Beýik kompozitoryň daş heýkeliniň ýüzünde şeýle ýazgy bar: Ты для Родины песней был, Ты всех песен чудесней был. Ondan beýleräk ýöreseň “köçe” bolup gidýän “jaýlaryň” her biri türkmeniň bir läheň är oglunyňky. Daňatar Öwezow äýnekli seredip oturşyna saňa ynha, häzir saz çalyp berýäýjek ýaly göwnüňe. Öz döwründe milli syýasaty ýaýbaňlandyrmakda, halk hojalygynda öwrülişikleri-özgerişikleri geçirmekde, baryp Moskwanyň Kremlindäki haýbatly gapylary ýaýdanman kakyp, türkmen halkynyň bähbidini döş gerip goran Sähetmyrat Gylyçdurdyýew. Onuň bakylyga öwrülen ýerindäki daşa oýulyp, şeýle setirler ýazylypdyr: Bolmak üçin bagtly, Islämok men ýüz ýyly. Kaýyl men öz paýyma, Ýöne şat pursatyma Bolsun ilim dahylly. Gezip, görüp, bilýänje aýat-töwüriňi okap ýörkäň, gadymy kitaplaryň birindäki “dünýäde diri köpmi ýa öli?!” diýen sowal biygtyýar ýada düşüp gidýär. Ynha, gujagy dutarly jan beren ussat ýazyjy Täşli Gurban. Onuň golaýragynda türkmeniň gaýtalanmajak saz ussady Mylly Täçmyrat, sähel ýöreseň galamyndan çykan eserler bilen okyjylaryny ýüpsüz daňan söz ussady Beki Seýtek. Ine-de, gowy şähyr, ömri pajygaly tamamlanan şahyr Ýuriý Rýabinin. Onuň mazar daşyna şeýle goşgy setirleri ýazylan: Летят скворцы Во всю ругая осень, Летят, быть может О Брящины моей. Aýaklaryň aşagynda güýzde düşüp, entegem ýere düşek bolup ýatan sary ýapraklar şygyrdaşýar. Ýok, olar tänen ömür ýaly eýýäm gara-goňur bolupdyrlar. Ozalam ýuwaş urup barýan ädimleriňi saklanyňy duýman galýaň. Sebäbi alnyňda daşa öwrülip türkmen milletiniň hakydasynda, Türkmenistan döwletiniň taryhynda öçmez orun tutan Balyş Öwez dur. Onsoň ylym dünýäsiniň läheňi Aga Garryýew, türkmeniň söwer perzendi, alym, döwlet işgäri, adamçylygy bilen “han ogul” diýdiren Şaja Batyr ýatyr. Eý, pany dünýä! Sen gör kimleri gara ýeriň gujagyna dözüpsiň. Bularyň hersi bir şahsyýet, hersi bir dünýä, hersi bir ajaýyplyk ahyry. Şahyr, ýazyjy Oleg Kuzmin, hindileriň dünýä belli eseri, asla Älemiň medeni-ruhy gymmatlygynyň şamçyragy ”Mahamharatany” terjime eden alym, lukman Ýuriý Wolobuýew, görnükli döwlet işgäri, aşgabatdaky uly köçeleriň birine ady dakylan Ýazguly Hudaýberdiýew, ençeme ýyllap Respublikanyň kommunistik pariýasyna baştutanlyk eden Muhammetnazar Gapurow, ady aýdyma öwrülen şahyr, döwlet işgäri, milli medeniýetiň ösmegine abyrsyz goşant goşup giden Gara Seýitli... Ine-de, gabadyňda äpet Berdi Kerbaba dur. Onuň kimdigini düşündirere söz bärden gaýdýar. Onuň gapdaljygynda ajaýyp şahyr, uly alym Aman Kekil ýatyr. Soň alym, lukman, türkmen zenanlaryndan taryh gatyna “Beýik Watançylyk urşy” ady bilen ýowuz darkaşa-jeňe gatnaşan, “men” diýen erkekler bilen deň durup gaýduwsyzlyk görkezen lukman Saçly Dursunowa, onuň beýleräginde milli teatr sungatynyň ilkinji kerpijini goýup, soň sütüne öwrülen belli artistimiz Muhammet Çerkez, owazasy Älem çawlan, sahnanyň hem kinonyň gaýtalanmajak ussady Alty Garly. Onuň at-derejelerini, alan sylag-serpaýlaryny sanajak bolsaň, sahypa dolup gider. Bärde-ümsüm dünýäde weli ol bir gysym gum bolup ýatyr. Akademik Kerim Maşrykow, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Nurgali Galiýew, türkmen sazlaryny elektrodutarda çalanda “türkmeniň özem beýle näzik, beýle ussat çalyp bilmez” diýdiren, ençeme atly bagşy-aýdymçylaryň häzirem gulaklarda duran aýdymlaryna sazandarlyk eden Wladimir Sapegin. Muny-gör-le! “Adam kowmy dörände, jesediiň içine gorkusyndan giribilmän saňňyldap duran jany sazyň güýji bilen salypdyrlar” diýlenine şu ýerde-ýaşalmaýan dünýäde-de şaýatlyk edýän ahwalat bar. Sapeginiň gapdalragynda Kerim şahyryň aýdyşy ýaly, “ýene üç asyrdan soň bir bagşyň ady tutulmaly bolsa ol sensiň-Jepbar agaň zürýady” diýlen bagşy Sahy Jepbar ýatyr. Saz dini, dili, mezhebi birikdirýän güýç bolmasa, beýle bolmaz. Dili, dini aýry, ýöne saz bilen birleşen göwünleriň göwreleri duldegşir mazar bolup gujaklaşyp ýatyr. Akademik Mämmetnazar Hydyrowyň başujyndaky gara daşda şu setirler bar: Gybat-ýalandan gaçdym, Magrypatdan söz açdym, Nesillere ylym Nurun paýladym. Il pendini kükergimde jaýladym. Mugt-haramy sowurdym men şemala, Ýüregimden orun berdim halala. Şahyr Ata Atajanowyň mazar daşyndaky setirler şeýle: Dünýä döredesim gelýär goşgudan, Öz Güni, öz Aýy, Öz deňzi bilen. Dünýä döredesim gelýär goşgudan öz laby-kamaty, Gül meňzi bilen. Türkmen edebiýatynyň iň naýbaşy ýazyjylarynyň biri, ömrüniň tas 20 ýylyny Sibirde sürgünlikde nahak töhmet zerarly geçirip, soňam ýanbermezligini, mertligini galamyna geçirip, “Ykbal” ýaly ajaýyp romany il-gününe baky miras goýup giden Hydyr Derýänyň mazar daşynda şeýle gysga ýazgy bar: “Päk ahlaga hiç wagtda hapalyk ýokmaz”. Bu manyly setir onuň ömür ýörelgesi! Ýazyjy, şahyr Towşan Esenowanyň ýatan ýeriniň başujynda bolsa şeýle ýazgy goýlupdyr: Ata Watan, Ene ýer, Günüm-Aýym sen meniň. Bagt paýym sen meniň, Durmuş görküm sen meniň. Hatar-hatar, köçe-köçe gara daşlar. Ýüzündäki ýazgylara gussa bilen seredýäň: Belli artistler, dramaturglar Aman Gulmämmet, Bazar Aman, Gylyç Berdiýew, žurnalist, döwlet işgäri Akmyrat Mämmedow, uly söz ussady, türkmenlerden ilkinji diplomat Gylyç Kulyýew, Türkmenistanyň hak hudojnikleri Ýewgeniýa Adamowa, Aman Kulyýew, akademik Öwez Mämmetnyýazow, professor Akmyrat Hojagulyýew, Türkmenistanyň halk artisti Kerim Nyýazow, belli kompozitor, bakylyk mukamyna öwrülen ajaýyp sazlardyr simfoniýalary, hakyda öçmez bolup ýazylan aýdymlary döredip, özi gara daşa öwrülip ýatan Çary Nurymow... Gijaralar “ýatan ýeriňiz ýagty, imanyňyz hemra bolsun!” diýip, yzymyza öwrüldik. Gussa batanam bolsak, birhili göwnümiz giňäp, parzymyzy bitirip, sogap gazanan ýaly duýgular bilen gaýtdyk. Bir pikirem özümiz bilen alyp gaýtdyk. Şu ýere ýokary okuw mekdepleriniň, esasanam Milli konserwatoriýanyň, Çeperçilik Akademiýasynyň, uniwersitetleriň, institutlaryň filologiýa fakultetleriniň, žurnalistika hünärleriniň talyplarydyr mugallymlaryny getirip hem zyýarat etdirip, hemem guburlara serenjam berdirip, arassalýyş çäreleri geçirdip durulsa, gaty ýerlikli bolardy. Bu çäre gaty köp many-mazmuny, sogap-parz işleri özünde jemlärdi. 21.01.2018. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||