14:26 Göwündäki gündelik -4/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
4-ji fewralda (dynç güne düşensoň, ýogsam hakyky doglan günüm 5-nji fewral) 60 ýaş ýubileýi belledik. Toý gapyda boldy. Ýazyjy-şahyrlar, artistler, teatr işgärleri, žurnalistler, alymlar... garaz, göwün sygýan adamlary ýygnadyk. Dädem Arazgulyny görenler “80 ýaşap barýan ata 60 ýaşan oglunyň toýunda otursa nähili gowy” diýişdiler, maňlaýlaryna syldylar. Oturyp, göwün açyşyp hezil etdiler. Eziz ogullyk borjuny ödedi. Saçagy aýdylyşy ýaly “akan-dökän edip” taşlady. Dogram-da. Gapydan gireňde ortadan gözüň doýsa, keýpiň çaglabybermeýärmi näme. Aýdymam diňlnedi, sazam çalyndy, dessanam aýdyldy. Garaz, Atajan Tagan aýtmyşlaýyn, gelenler göwün solpusyndan çykdylar. Iň bärklsi, keýpi topugyna dökülensoň “Gumly gelni” aýtmasa, ýüregi içine sygmaýan Gurban Tüşiýewiç bu aýdymy orta çykyp, saza goşup, edil sahnadaky ýaly edip ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahargül Gurbanowna Abdyýewa toý gidip durka jaň edip, hormatly Prezidentimiziň adyndan gutlady. Hernä şeýle toýlar bizden kiçilere-de nesip etsin! Hä-ä, ýadymdan çykmanka ýatlaýyn. Düýn öýlänler Saragt Babaýew Hindistandan jaň edip (ol bu ýurtda döredijilik saparynda) “baramsoň hut özüm ýuwjakdyryn” diýdi. Hoş söz sowgatdan arzyly ahyry. Ine, käbir arzuwlar: Gurbannazar Orazgulyýewe 60 ýaş toýuň gutly bolsun! Ýene bir 60-y men dileg edýärin! Galanam Allatagallanyň özi bersin! Ýoluň açyk bolsun, işleriň şowna, Türkmeniň redaktor, ýazyjy ogly! Hormat bilen A. Hojanyýaz GURBANNAZAR HALYPA Owalda bir Sözden dörändir dünýä, Şol sözden ak ýola ugrandyr dünýä, Söz gadryn bilene döwrandyr dünýä, Uzak ýaşa, Gurbannazar halypa! Gözel ömrüň bir gezeklik bijesin Söze çalşyp, çalşyp gündiz-gijesin, Sen ykbaly hoş kelamdan idediň, Uzak ýaşa, Gurbannazar halypa! Taýlap altmyş gyşa altmyş bahary, Haklap Siz il öňündäki kasamy, Mertebedir uly ömrüň bahasy, Uzak ýaşa, Gurbannazar halypa! Hatarda ner bardyr –ýük ýerde galmaz, Şahalar gol ýaýar – kök ýerde galmaz, Menzilden menzile ulaşsyn sallar, Uzak ýaşa, Gurbannazar halypa! Duz nesibi dartyp nije illere, Ýoldaş bolduk uzak-uzak ýollara. Mydam hemra bolup ak ykballara, Uzak ýaşa, Gurbannazar halypa! “Gurban bolam galam tutan ellere, Gurban bolam bir söz öwredenlere”, Her güni manyly ömre deň gelen, Uzak ýaşa, Gurbannazar halypa! Hazyna Siz–genji kelam-kyssaly, Çyn ussatlar–ulus-iliň rysgaly. Bolup nesilleriň mekdep-nusgasy, Uzak ýaşa, Gurbannazar halypa! Iň gowy arzuwlar we şägirtlik sarpasy bilen, Kakamyrat REJEPOW. 04.02.2018ý. 7. 02. 2018. * * * H-udojnik L-iterator A-rtist M-uzykant. Bu-Atajan Taganyň elime gysdyryp giden kagyzynda ýazylgy eken. 9.02.2018. * * * Dursun ejekem-dädemiň uly aýal dogany aradan çykypdyr. Iman baýlygyny bersin, 86 ýaşdan geçiberipdi. Garaporsaň obasyna gidip, aýada-gölegçä men-ä gatnaşybilmen, sebäbi ertir Prezidentiň gatnaşmagynda Owadandepede aýna zawody hemem şäheriň gaýra böleginde telekeçileriň işewürlik toplumlary açylmaly. Ogulnabat gidip geler-dä. Dogan dogan bolýar, onda-da naçar dogan. Özem durmuşda kän muşakgatlary, kynçylyklary, gören, bagyr awusyny dadan Dursun ejekemdir ol. Ilki nikasy paşmadyk, öz garyndaşymyz Kuwwat däde “maňa aýal gerek däl, okuw gerek” diýip, taşlap gaýdan gününden atyzdan çykman, meýdan işinde işlän. Ogly Arazgeldini hor-zar etmän saklan. Soň ikinji gezek Garaporsaňdaky aýaly ýogalan Ýoldurdy mugalym diýilýäne durmuşa çykdy. Ondan ogullam boldy, gyzlam. Hemmesem ýetişdi, hersi öýli-ojakly. Imanlykly bende eken. Ýöne gagalrakdy-da o doganymyz, diňe özüniňkini dogry tutýardy. Hernä durmuşynyň soňy gowy boldy, şoňa şükür. Iman baýlygyny bersin! 13.02.2018. * * * „Нейтральный Туркменистан” gazetiniň baş redaktory Maýýa Alimowa kärdeşleriniň ýanynda şeýle diýipdir: „Baýguşyň iýjegi agzyna, Gurbannazaryň diýjegi diline gelip dur“ * * * Düýn gijöýlänler goňşym hem „daýym“ Nurgeldi (nohurlaryň iň uly tireleriniň birine „hywalylar“ diýilýär. Ol hem dag içindäki Könekesir obasyndan) bilen gezeleenç etdik. Çala ýagyşly howa şeýle bir tämiz weli, demligiň açylyp barýar. Aslynda it ýylynyň-2018-iň gyşy gurak geldi. Gar asla ýagmady. Asmandan ýagyşam dammady diýen ýaly. Ýöne hernä togsan dolup ugran uçurlary-fewralyň ahyrlary ak ýagyş bol ýagyp ugrady. Özem tüweleme, ýurduň hemme ýerine deň ýagýar. Aşgabatda düýn-oňňun bahar ýagşy ýagdy weli, sosna, arça ýaly agaçlaryň reňki açylyp, beýleki baglaryň pyntyklary gyzaryberdi. Şeýle howada gezelenç etmegiň keýpini-lezzetini söz bilen düşündirer ýaly däl. Ýöne edil häzir-irden başlap, günortan bolup barýarka-da ak ýagyşa derek, Syýahatçylar komitetiniň mejlisler zalyndaky ýygnakda diňe boş gürrüň „ýagýar“. Wah, häzir daşarda bir şaglap ak ýagyş guýsady! * * * Mary hem-de Lebap welaýatlarynaTürkmenistanyň Prezidentiniň fewral aýynyň 22-26-sy aralygynda iş saparlary boldy. Togsan golup, ýere ýyly gidenini tebigat dilsizem bolsa aýtdy. Baýramaly şypahanasynda ýerleşdirdiler. Ozalam şypa mekany hasaplanýan bu ýerde bahar nepesi mazaly dýýuldy. Iki gün soň agşamara Mary wokzalyndan otly bilen Serhetabada (Guşgy) gitdik. Çemenabatda TAPI-Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan bölegine, TAP-Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elktrik geçirijisine, şol ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýol böleginiň ulanylmaga berilmegine bagyşlanan dabara boldy. Bu dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurnanguly Berdimuhamedow, Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani, Pakistanyň Premýer-ministri, Hindistanyň Daşary işler ministri gatnaşdylar. Soňra günortana golaý „Türkmenistan“ gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebow, „Türkmen dünýäsi“ gazetiniň baş redaktory Batyr Myradow hem-de men Owganystanyň Hyrat şňherine „MI-6“ dikuçarynda uçduk. Bu gadymy şäherde Farabi, Rudaki, Omar Haýýam, beýleki danalar, alymlar, ulamalar ýaşap ötüpdir. Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy ugry Hyrat bilen berk bagly. Uruş diýlen aýylganç apatyň ynsan durmuşyna, dünýäniň ösüşine edýän söz bilen aýdyp bolmaýan täsirini görjek bolsaň Hyrada, umuman, owgan topragyna baryp göräýmeli. Başy pürenjekli aýal-gyzlar, içinde toba, 6-7 ýaşlyja gyzlar hem bar. 7-8 ýaşly oglanlaryň saüy ösgün, boýur-bulaşyk, reňkleri öçügsi, elleri dilegçilik torbaly. Köçelerde eli ýaragly, sellesi digir ýaly, sakgaly torba ýaly owganlar däl, eýsem depede amerikan goşunlarynyň dikuçarlary, köçelerde NATO-nyň harby alýansyna degişli fransuz kontingentiniň esgerleridir ofiserleri, hakyna tutma harbylar... tanklar, bronotransportýorlar, pulemýotlar, granatomýotlar... garaz, hemme ýerde „uruş“ howasy. Özüm-ň bu durmuşy, görnüşleri görüp, „ýeriň ýüzündňki dowzah diýilýäni meger, şu bolasa gerek“ diýen netijä geldim. Ýöne haýran galmaly, banar bu ýere ir gelýän eken. Uçardan düşdük weli, köçeleriň iki gyrasynda miweli baglar akly-gyzylly güllere bürenip otyr. Howasam bize seredeňde gas maýylgan. „Ak zat-alnyňa ýagşy“ bolubam, ýyljajyk ýaz ýagşy ýagdy. Bir bellemeli tarapy, owganlylaryň ählisi Türkmenistandan barjak tebigy gaza, elektrik toguna göz dikip garaşýarlar. Diýmek, bu taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine doly ynansa bolar. Soňra biz gijöýlänler „BOING“ bilen Aşgabada uçduk. Owgan topragy bilen deňäňde, türkmen ýurdy hakyt jennet diýilýäni. Ertesi irden sagat 10-larda Türkmenabada uçduk. Ol ýerde Türkmenabat halkara aeroporty açyldy. Binany „Gündogdy“ hususy kärhanasy gurdy. Özem bu aeroport arhitektura gurluşy taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ondan öň bolsa marafon ylgawy, welosipedli ýörüş geçirildi. Baý-buw, ondan oňki agşam başlan ýagyş şeýle bir guýandyr weli, süllämbaý bolduk. Ýöne hernä ýere ýyly gidensoň, ýagyş jana ýakymly, sowuk däl. Soň „Amul-Hazar“ awtorallisine badalga berlip, Prezident bu ýoluň belli bir bölegini geçdi. Umuman, sapar gowy geçdi. „Watan“ gazetinde „Ak güller arzuwa meňzeş“ diýlen publisistik sikl-tapgyr çykdy. (Şu ýazgylar Türkmenistanyň Syýatçylar komitetinde her hepdäniň ekşenbe-bazar güni geçirilýän ýygnak wagtynda wagty boş geçirmezlik üçin ýazyldy. Walla, bu dereksiz, 4-5 ýygnaga çekýän ýygnaklar ýürek-bagra düşýär). 4. 03. 2018. * * * Türkmen Kölüne gitdik. Nowruzyň birki gün öňüsyrasy Gün ir guşluga ýetmänkä Serdar şäherine ýetip, göni gaýra ýüzümizi tutduk. 40 kilometr çemesi ýöräbem Garabogaz obasyna girdik. “Ýol ogly ýolda ýagşy” edip, ýüzümizi demirgazyk-gündogara tutup, ilki asfalt, soň çagyl, alaňlaryň arasyna uruberseňem gumak, kä ýeri urpak, barjak menziliňe golaýlaşdygyňça bolsa hakyt “ýumurtga togalabermeli” diýilýän ak takyrlygyň içi bilen kä gönüläp, kä ýylan yzy ýaly egrelip gidýän ýol bilen Türkmen kölüne ýetýänçäň, 150 kilometrden gowrak ýöremeli. “Ýer ala-ýurt ala” diýlenini görjek bolsaň ine, şu meýdanlara, mekanlara seýrana çykaýmaly Garadepiz, Tablak, Amantoýeden, Tamly, Tegelejik, Gyzydepiz, Goşa şorja, Derýatakyr, Inerýüzdüren, Çeperli, Garatakyr, Garrygeçelge, Igdeli guýy. Bularyň hersiniň özüne muwapyk aýratynlygynyň bardygyny atlaram aýdyp durandyr. Gadymy Uzboýuň suduryny synlajakmy, Derýatakyrda, Garatakyrda, Garrygeçelgede ulagyňy sägindiräý! Akýaýla obasyna ýetiberersiňem weli, birwagtlar akan köne derýanyň hanasynyň ugrunda depez, ýagny, gyşyn-ýazyn guramaýan, düýe giräýse batyrýan çalpaw-batgalyk duşar. Sähel ýöreseňem, edil Köle ýetäýmänkäň, göm-gök suw tolkun atyp görner. Ol Uzboýuň gadymy akaba ugrudyr. Şonuň boýuny syryp gidiberseň, baryp Mollagaradan çykarsyň. Häli geçilip gaýdan Igde guýudan dehin gaýra ýöräberseňem, Dähli, Jamal guýularyna ýetersiň. Ine, türkmeniň hiç wagt unudylmajak bir pajygasam şu ýerlerdäki depe-gollaryň goýnunda seda bolup ýatandyr. Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda şol wagtky Soýuzyň taryhyna “Dähli söweşi” ady bilen giren pajyganyň bolan ýerleri. Şonda özbaşdaklyk, milli erkinlik ugrunda bolan aýylganç darkaşda müňlerçe şirin jan pida berilýär. Elbetde, ol şehitleriň ruhy bu gün Özbaşdak, hemişelik Bitarap ata Watanyň biçak uly ykdysady kuwwaty bilen gurlan Türkmen Kölüniň gudrat-keremini duýýandyr. Sebäbi şol pajygaly günlerde iň aýylganç kösençlik adam jany üçinem, mal-gara üçinem içimlik suw bolupdyr. Mundan bir ýyl çemesi öňräk köne tanşym, Balaýşem obasyndaky mekdebiň mugallymy, gowy goşgulary bilen tanalýan zehinli ýigit Begenç Baýnepesowyň Aşgabada gelende aýdan gürrüňi ýadyma düşýär. -Türkmen Köli döränsoň gum içindäki çarwalaryň berekedi goşalanan ýaly bolaýdy. Öňler aga-ini bolup üç-dört hojalyk bir çekene sürüli bolan bolsa, indi her öýüň iki-üç sürüsi bar. Süri diýeniňem 200-300 goýun-geçi diýmek. Şondan agralyberse, sürüni bölmeli bolýar, ýogsam çopana-da eýgertmeýär, agyr sürä öri hem darlyk edýär. Kölüň gyrasam, oňa gelýän akabalaryň ýakasam dowar saklajaga tüýs mekan. Inderseň suw, ýaýratsaň sonarly meýdan. Köle akabalar çekilensoň, öň gurruk-kör ýatan guýularyňam gözi açylyp, jüňňüldäp duran suwly bolaýdy... Şol wagt bu gürrüň gulaga degende edil erteki otarylýan ýalydy. Ine, indem “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” boldy weli, haýran galmakdan ýaňa gaşlaryň gerlip dur. Hawa, ýaňy bärik gelýärkäk, ilki öňümizden çykan Tamly guýusydy. Ol oýa üýşen sygyrdyr öküzleriň, gölelikden saýlanan tüweleriň, ýoz mallaryň sanap aňyrsyna çykar ýaly däldi. Del bir gürrüňem “bäý-bä” diýdirýärdi. -Bu pada mallar günde bir gezek şu ýerdäki guýa suwa inýär. Ýylboýy gapa barmaýanam bar. Bogaz mallaryň käsi, sagylýan sygyrlary irden goşsalaram, galany aýagyna geziberýä. Bugdaý oragy başlanýaram weli, orlan samanyň ysyny alan mallaryň ählisi Garagum derýasynyň kenaryna tarap süýşýär. Onsoň huruşlyk üçin soýuljak öküz, tüwe ýa-da sagymlyk bolmasa, ýene ählisi gum içine siňýär. Gyş aşa sowuk ýa galyň garly gelmese, ir bahar gurak gelip, sowuk sörtük etini ýukaltmasa, idelmeýärem, özi guzlap, özi köpelip ýörenem bar... Bir öýde ýüzläp sygyr, süri dowar bolsa türkmen aýtmyşlaýyn, telpegiňi gyşyjak geýäýseňem bolar. Halal baýlygyň hözirem bir başga dälmi näme! Esasy aýdylmaly zat ýene Garagumda dörän Köl bilen bagly. Garabogaz ýaly ýarym çomry, ýarym çarwa obalar däl, eýsem gum gujagyndaky, özem Köle ýakyn, onuň akabalaryna 40-50 kilometr golaýdaky onlarça obalarda öň diňe dowardyr düýe sürüleri bolan bolsa, indi gara mallaryň pada-sürülerem döreýär. Belli-dä, il baýasa döwlet baýaýar. Ine, Türkmen Kölüniň ýene bir gudraty! “Altyn asyr” Türkmen Kölüniň taslama uzynlygy 103 kilometre, ini 18,6 kilometre, göwrümi 132 kub metre barabardyr. Şor suwlar köle iki sany uly akabalar arkaly getirilýär. Olaryň birinjisi Baş şor suw akabasy, ikinjisi Daşoguz goludyr. Baş şor suw akabasy gözbaşyny Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabyndaky Ketteşordan alyp gaýdýar. Baş şor suw akabasy Garagumyň depe-gollarynyň arasy bilen 720 kilometre uzaýar. Baş şor suw akabasynyň Lebap, Mary hem-de Ahal welaýatlaryň çägindäki zeýkeş, kollektor gollarynyň-şahalarynyň uzynlygy bolsa 1553 kilometre barýar. Baş şor suw akabasynyň ugrunda göwrümi 700 million kub metr bolan Uly şor, göwrümi 300 million kub metr bolan Rahman hem-de göwrümi 200 million kub metr bolan Ýerajy kölleri ýerleşýär. Taslama laýyklykda, Baş şor suw akabasynyň welaýatlaryň çäginden şor suwlary getirýän umumy uzynlygy 825 kilometr çemesindäki birnäçe gollary guruldy. Lebap welaýatyndaky “Çepkenar” şor suw akabasy-240 kilometre, Mary welaýatyndaky “Jar” goly-90 kilometre; Baş Murgap şor suw akabasy-120 kilometre; Merkezi Tejen şor suw akabasy-140 kilometre; Ak bugdaý goly-74,1 kilometre; Ruhabat goly-74,3 kilometre; Gökdepe goly-86 kilometre deňdir. Daşoguz şor suw akabasynyň uzynlygy 381 kilometr bolup, ol öz gözbaşyny Görogly etrabynyň çägindäki “Dostluk” kollektoryndan başlaýar. Türkmen alymlary Garagumdaky öri meýdanlarynyň 450 müň gektar çemesiniň Türkmen Kölüniň döremegi bilen öt-çöpüniň, tehniki dilde aýdanda, hasyllylygynyň köpelendigini aýdýarlar. Ine, indi bir ýere¬-Garaşora akdyrylmagy bilen, Garagum “zyňyndy suwlar” diýlen düşünjäni doly ýatdan çykarar. Şol bir wagtda alymlar şor suwlary ylmy esasda ulananyňda, peýdasynyňam uludygyny aýdýarlar. Ýylak, çopantelpek, ýandak, şorçaýyr ýaly ösümlikler öri meýdanlarynyň hasyllylygyny 31 sentnerden 64 sentnere çenli artdyryp bilýär. Şonda toprak has ýeňil düzümli, ýagny, çägesow bolmaly. Ulanyljak suwuň duzlulygam litrde 2-3 gramdan geçmeli däl. Kölüň dörän Garaşor çöketligi Gündogardan gaýdýan esasy şor suw akabasynyň gözbaş alýan ýeri bolan Ketteşordan 120 metr pesde. Geçýän ugry hem esasan çägesow toprak. Duza çydamly şora, guşgözi, izen, ak selme, köjelik, ýarmanlyk, peşmek, syrkyn, ýata (salikorniýa), ýylgyn, derek ýaly ösümlikler Garaşora barýan akabalaryň ugrunda bol gögerer. Hindi alymlary bolsa bizde „ýata“, ylmy dilde „salikorniýa” diýilýän şora meňzeş ösümligiň düzüminiň 30 göterimine golaýynyň iň gymmatbaha ýagdygyny birwagt subut etdiler. Şeýle bolansoň, Meksikada, Günorta Amerikanyň beýleki ýurtlarynda, Saud Arabystanynda ony senagat önümçiligi hökmünde ýetişdirýärler. Megerem, pisse, palma agaçlarynyňam çägesöw ýeri, duzly suwy, gurak howany gowy görýändigini köpümiz ýagşy bilýändiris. Alymlar eýýäm Türkmen Kölüniň kenarynda ýelden, epgekden goraýan „ýaşyl zolaklaryň“ döredilmeginiň sebit üçin örän uly ähmiýetiniň boljakdygyny kesgitli aýdýarlar. Ine, üşeden hem sowuklama zererly birki hepdeläp ukol-sanjym etdiren sapar şeýleräk geçdi. 28.03.2018. * * * “It ýyly ek, doňuz ýyly or” diýlen nakyl üstümizdäki ýyla degişli däle meňzeýär. Bahar juda gurak, martyň ahyrynda howa birden 30 gradusa ýetip, Orsýetiň tomsuny ýatladýar. Häzirem howa 26 gradus yssy. Garagumda ýeke damja nem dammadyk ýerleriň bardygyny gidenler, gelenler baş ýaýkap aýdýarlar. Düýn Hemit ogly Akmuhammet bilen dynç güni bolansoň, agşamara Aşgabadyň içinde gurlan emeli kanalyň kenarynda gezelenç edip, tä Änew etegine çenli baryp-gaýtdyk. Kanalyň iki ýakasyndaky çäge depelerine dyrmaşyp gördük. Ot gögeripdir, ýöne eýýäm yssy zerarly maýda ot-çöpleriň ýüzi ýanypdyr. Yzgar bolsa ýok, asmanyň ýüzi gadymy adamlaryň aýdyşy ýaly, edil çäkmen bilen süpürilen ýaly. Birküç günlükde Göroglydan Otuzmät Kakyş iş ýerime salama geldi. Dempartuýanyň gurultaýyna gatnaşmaga gelen eken. Gürleşip oturdyk, şonda öz döwründe raýispolkomyň başlygy, raýkomyň sekretary bolan, asly käri agronom adam Daşoguz röwereklerinde, esasanam Görogly etrabynda häzirki suw gytçylygyndan zeýrendi. Aýdyşyna görä, pagta ekilmeli meýdanlaryň apreliň başy bolsa-da, heniz “gyş suwy” diýilýäniň, anyk aýdanda, ýeriň duzuny ýuwýan suwuň berilmändigini aýtdy. Onsoň haçan ekip, haçan hasyl alarsyň? Daýhanyňky “giç ekseň arman” diýleni bolsa ýaman ahyry. “Gyry aýak” diýilýänden daş etsin hernä! 9.04.2018. * * * Gurbany boldugym tebigatyň oýnuna düşüner ýaly däl. Ýagman-ýagman iki hünläp ýagyş ýagdy. Başga ýerlerde-de (diňe Daşoguzda däl) ýagypdyr. Yzýanam sowujaga tutdy, şu gün irden howa 9 gradus ýyly. Dagyň diňe üstüne däl, eňňitlerine-de gar düşdi. Jaýlarda peç ýakasyň gelip dur. Geň galaýmaly, martyň içinde howa 35 gradusa çenli gyzdy, indem... Ýagyşam azajyk irräk ýagan bolsa gowy boljakdy. Ýeri bolýa-la, Allanyň işine goşulyp bolmaz. Ýöne şeýle çygly-ýagyşly, salkyntap howa özümiň-ä janyma ýaraýa. Galamyňam ýeňil ýöräberýä. “Edebiýat we syngatyň” geçen sanynda “Garagumyň gyzy” atly tutuş bir sahypany dolduryp duran “Heňňam hekaýatlaryndan” bölek çykdy. Akademik, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, SSSR-iň Döwlet baýaragynynyň laureaty Nina Trofimowna Neçaewa hakda. Häzirem aldygyna işleýän. Aýdylyşy ýaly, wagty bihuda goýbermän, diňe işlän ýeňýändir bu dünýäsinde. 17.04.2018. * * * Kakabaý Ylýasow aradan çykdy. Bir hepde mundan ozal ýedisini bellediler. Bende gowy adamdy. Nijeme ýyllap „Türkmenistan“ gazetine baş redaktor boldy. Özem belli ýazyjylar Täşli, Arap, Hasymguly, Baýram Gurbanowlaryň dogan ýegeni bolmaly, ýalňyşmasam. Kakabaý aga bilen bagly degişmeler, geň hekaýa, rowaýata meňzeş gürrüňler kän. Ýadymda galanlaryny aýdaýyn (bendäniň jaýy jennet bolsun). Ilki bilen özäm bilen baglylaryndan başlaýyn. ... Ol wagtlar men „Garagum“ žurnalynda işleýärdim. Ýaşdym, hyjuwlydym, gezegendim. Şeýdip köpräk ýazasym, özümi görkezesim, adygasym gelýärdi. Ýaşlyk çögçünliligindendir-dä. Şonda Kakabaý aganyň gapysyny hem kakardym. Haçan girseňem keltejik göwräniň kakçekge ýüzündäki gür gaşly gözleri çytykdyr. Gapysyndaky sekretar gelinden geçip, kabinetine girersiň weli, stoluň aýyrsynda doňup oturandyr. Salamlaşan dessiňe, elňdäki kagyzlara sowuk nazar aýlar. Senem derrew habaryňy aýtmaga howlugarsyň: -Kakabaý aga, Lebaba komandirowka gidip gelipdim-de, bir zatjagaz ýazaýdym. Hasam çytylar, çyglyp geplär: -Içinde, höküwmete sögýän ýeri, şahsyýeti kemsidýän ýeri, maglumatlaň nädürs giden ýeri ýok dämi özi?! -Oň ýaly zat edip bolmaz-a, Kakabaý aga. -Edip bolmanmy? Baý edýäler-ä, kän görendiris, kän gezek gözümiziň ody alnandyr, şeýle säwlik üçin SK-a kän gezek düşündiriş ýzandyrys. Ýöne sen jürsüň-le. Onda, men okaman gol çekäýjek. -Özüňiz gowy bilýäňiz-dä, ýaşuly. Soňam eliňdäki kagyzlary alar-da, gapydaky gelne gygyrar: -Hany Myrady çagyr! Derrew gazeiň jogapkär katibi Myrat Rejep ýetip geler. -Me, şuny erirki wýorstkaňa goý! Ol çykyp gider, senem derrew hoşlaşmak bilen bolarsyň. Gapa ýetip barýarkaňam adyňy tutar, yzyňa öwrülersiň: -Gurbannazar jan, ýaňkyňy ertirki çykjak sanymyza goýsagam bolardy weli, şu diýmäýin diýsem (agzyna gelenini aýdyp goýberer) Annaberdi Agabaý bilen Annageldi Nurgeldi diýen gazete gelen iki sany aldajy bar. Ýöne ýazyp ýatyrlar, doganyňy... Ertirki sanda-da, Annaberdiň bir uly zady gidýäd-ä. Ýöne sen gaty görüp gidip barýan bolsaň-a, aýt, aýyrdaýyn-da, seňkini goýaýyn. -Ýok how, Kakabaý aga, howlugýan ýerimiz ýok, haçan çykanda-da... Ertesi gazeti görseň, Annaberdi agaňam, Nurgeldi agaňam hiç zady ýokdur. Aýdylan wagtynda „Türkmenistan“ gazetinde weli seň makalaňmy, oçerkiň ýalpyldap durandyr. Derrew „sag bolsun” diýmäge ýene bararsyň. Hudaýlygyny aýtmaly, ýazybilýän awtory gadyrlamagy Kakabaý aga başarýardy. -Ýene getirip durgun, şuň ýaljak döwre seslenýän zadyň bolsa başga redaksiýalar eltmegin, göni bärik geläý. Uçaýjak bolup, gapa ýetersiň weli, Kakabaý aganyň inçemik sesi ýene seni saklar: -Gurbannazar hjan, sen käte ýüz gram içýänsiňem-le? Baş atarsyň. -Wah, seň gowy arak içýäniň bildirip dur-la. Ýöne ynha, agaň kösenýä. Düýnem ýaşaýan jaýymyzyň ýanyndaky „Sarskoe gnezdo“ diýilýän ýeriň aşagyndaky gastronomdan bir çüýşe arak alyp, onam jalbarymyň içine gysdyryp (bolşuny görkezýärem), öýe baryp, saçagyň başyna çökdüm. Ejew (aýaly) „jalbaryňy çykaryp otur-da“ diýdi. „Ýok, garbandygym, ýene işe gitmeli bolaýmasa“ diýen boldum. Çorba bişiren ekenler. Gizlenipjik, gelnejeňe bildirmän içmekde iş bar indi. Jalbarymyň içinden bokurdagy görnüp duran çüýşäniň agzyny şubela towlaýan weli, ýöne boş pyrlanyp dur. Çeksem, badyna zomap, özümiň otyrýerim ýerden galyp gidýä. Birden gapydan giren Ejew sorady: „nädip otyrsyň saçagyň başynda eliňi balagyň içine sokup“. Janyýangynlyk bilen jabşyndym: “gijäp dursa, näme ,sen eliňi sokup gaşap berjekmi“ diýip. Bolmajagyny bilip, „pyçak getiriň!“ diýip gygyrdym. Ýene Ejewiň sesi geldi: “Pyçagy nätjek, çorbanyň ýanynda“ . Menem „Içindäki etlerini kesip iýjek, çala bişipdir“ diýen boldum. Pyçak gelensoň şeýdipjik, buşugýan adamyň edişi ýaljak (bolşuny ussat artistler ýaly hereket bilen görkezýär) edip, bildirmän üç gezejik ýelmedim. Soňam çüýşäni şkafyň içnindäki ýuka kitaplaryň aňyrsynda zordan bukup ýetişdim. Aýtjak bolýanym, gowy arak tapmak kyn, inim... Bu gepleriň niräni tozadýanyny derrew aňyp: -Kakabaý aga, arkaýyn bolaýyň, gowja arak tapdyrar-diýersiň. Ol bolsa çala ýylgyrar: -Inim, aragy elmydama kolbasa bilen içgin, lezzeti üýtgeşik bolar. Bu sözem düşnükli. Ertesimi, birigüni işden soň ýaňky aýdylanlary alyp, Kakabaý agaň huzurynda gögerersiň weli, pahyr gül-gül açylyberer: „ Beki aga aýdardy: „inim, özüň-de bir gowy ýgit“ diýip, gör-ä, şeýle ýigitleň yzy ýitmän eken-ä“ diýip. „Aşgabat“ gazetiniň baş redaktory Annamyrat Mämmet bir wakany gürrüň berýär: -O döwürde men „Türkmenistan“ gazetiniň jogapkär sekretarynyň orunbasarydym. Bir gün agşamara sekretariatyň gapysy açyldy-da, içerik eli ullakan sallýofan paketli biri girdi. Ýerde goýlandanam onuň içinden şakyrdy eşidildi. -Salawmaleýkim , bagyşlaň başlygyňyz gerekdi. Şol wagt Kakabaý aga-da şol ýerdedi. Kakabaý aga ony dykgatly gözden geçirdi: -Başlyg-a men, siz kim, nireden, näme hyzmat? Ol çala düýrlengi iki sahypalyk kagyzy uzatdy: -Men nebitgaz toplumyndan, ine, şuny çap etmegi soradylar-soň ol pakete baş atdy-munam size ugratdylar. Kakabaý aganyň ozalam gamaşyk ýüzi ýagmajak buluda döndi. Ýuwaşjadan sorady: -Bu getireniň içinde näme bar? -Arak, konýak, kolbasa, syr, gaplanan... Kakabaý aga yzyny diňlemän ýaryldy: -Näme Kakabaý Ylýas alkaş diýip eşidipdirlermi, hä? Arak getirdip makala çykarýar diýip aýdylyýarmy, jogap ber? Näme bu ýeri para-peşgeş hödürlenýän ýermi? Girere deşiik tapmadyk kişi gapa howlugdy. Kakabaý aga onuň eline kagyzlaram tutdurdy: -Me kim goýberen bolsa elt-de, zyň yzyna! Äm-säm bolan ýumuş oglany getirenini göterip, gapyny açjak bolanda ýene-de çüýşeler şakyrdady. Kakabaý aganyň sesi bu gezek çasly çykdy: -Dur! Yzyna öwrülene sowal berdi: -Şoň içindäkileriň aýak agyra peýdasy bamy?! Olam ýeser eken, jogaby nagt etdi: -Bire-bir emi-dä şular. -Goý onda şo ýerde, getir eliňdäki kagyzlaram. Meniň elime-de getirilen makalany tutdurdy: -Me, aýyr bir zady, bas, ertir çyksyn! Ertesi gazeti gören awtor häki ýigidi-kömekçisini çagyrypdyr: -Sen düýn makalany kime eltip berdiň? -Başlygyna. Kakabaý aga diýäýdiler öýdýän adyna. Awtor ýylgyryp, kellesini ýaýkapdyr: -Pekge diýsänim, men saňa Annaberdi aga gowşur diýmänmidim näme, işden soň, hiç kim ýokka. Asyl awtor Annaberdi Agabaýyň ýegre dosty eken-de, ýagdaýyny-içmegi halaýanyny, oňa-da elmydam pul tapylyp durmaýanyny bilensoň, „goşuny“ düzläp ugradan eken. Annaberdi aga bölüm müdiri bolansoň, ýumuş buýrulan açyk gapa girip, soňam Kakabaý agaň „demine“ düşüp, sypsa razy bolan. Ine, Kakabaý aga şeýleräk adamdy bende. Gagalrakdy, öýkelegräkdi, ýöne göwnünde kine saklamazdy. Ol hakda anekdota-henege meňzeş , ýöne hakyky durmuşy wakaly gürrüňler kän. Jaýy jennet bolsun! 18. 04. 2018. * * * Hazaryň türkmen kenarynda-„Awazada“ maý aýynyň 2-sine uly dabara boldy. Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň açylyş dabarasyna gatnaşdyk. Diňe bir gatnaşmak däl, bilek çermäp işledigem. Ylaýta-da Kakamyrat Rejep bilen baý, haýdadyg-a. „Altyn asyr“ teleýaýmy üçin aldygyna gepleşik etdik. Ylaýta-da „Çarlak“ gämisi bilen Gyzylsuw obasyna baryp görmegimiz, soňam motorly gaýykda portdan 5 kilometr daşlykdaky emeli ada baryp görmegimiz juda täsirli boldy. Indem alnan täsirlerden, galan duýgulardan galam ýöredibermeli. (Häzirem ýylyň 4 aýynyň jemi boýunça toplumyň Syýahatçylyk komitetinde geçirilýän ýygnagyna daňlyp otrys. Wah, şu boş ýygnaklardan gutulyp bolsady, gidip işleseň, ýeke galyp). Hä-ä, huşum gursun! Özbegistana hem gidip geldig-ä. Ol saparyň täsiri hakdaky gürrüň özbaşyna dessan. Ine-de, gapdaljygymda oturan Kakamyrat Rejep bir tagta kagyzy elime berip, ýuwaşjadan gulagyma pyşyrdady: -Ýusup ugratdy. Ýusup Baýramow Türkmenistanyň Milli Medeniýet Merkeziniň baş direktory. Özem alym, ýazyjy Kakajan Durdynyň, ýazyjy Rejepmyrat Durdynyň dogan ýegeni. Dili duzlyja zaňňar, düzüwli zat ýazan däldir, ylaýta-da kagyza çyrşan bolsa. Ynha, ýazylan setirler: Aýaklaň gabarypdyr, Ýüzleriň saralypdyr, Otur indi sem bolup, Saçlaryň agarypdyr. Gözel baryn saýalap, Kagyz baryn zaýalap, Setirleňňi okanlar, Boldular haly-harap. Akyl baryn satýarsyň, Hemmä hemle atýarsyň, Biz-ä zordan çydaýas. Öýde nädip ýatýarsyň. Adyň bar-da özüň ýok, Oduň bar-da közüň ýok, Ýüzüňe-de alaňok. Meň-ä saňa sözüm ýok. Tamşandyrýaň dodagyňy, Az görýärsiň dadanyňy, Her kim için gepledýär: “Gurbannazar adammy?” Okap görüp, gülküňi saklap bilmän oturşyňa, setirlerdäki zatlara özüňem ynanyp barýaň how! 7.05. 2018. * * * Bu gün köne baýram-Ýeňiş güni. Telewizor (Russiýanyň kanallary) diňe Beýik Watançylyk urşy hakda gepleşik, kino beýär. Irden kabinete gelip, “Azat ediş” (Oсвобеждение) kinoepopeýasynyň käbir seriýalaryna seretdim. Soň Atajan Tagan gelip, uruş hakda iki sany goşgy okap berdi weli, gözüm ýaşaryp gitdi. Dogrudanam, 32 ýaşda uruşda-gaty alys ýerde ýogalan gahrymana “ata” diýip bilmedik, asla onuň reň-roýuny görmedik ogluň ýürek elegiýasy nähili gamgyn, tolgundyryjy! Düýn Daşoguza jaň edip, 103 ýaşyndaky, urşuň yzynda galyp, zähmet çeken halypam Baba Garaýewiçi gutladym. Tüweleme, (şoň ýaşyny Alla bize-de eçilsin!) akly dury, gepi-sözi kesgin, dili düzüw, ýaşulynyň. Gaty göwni bitdi jaň edenime, hal-ahwal soraşanyma, gitlanyma. Wah, adamda näme göwün bar, damarlar diňe hoş sözden suw içýär-ä. Hemit ogly Akmuhammet bilen häzirjek ýokaryk-4-ji gata galyp, Nurgeldi daýymyň (Aşyrmämmedow) ýanyna baryp, Beýik Ýeňiş üçin, Ýer ýüzünde hiç wagt uruş bolmazlygy üçin 2-3 gezek “Garabekewül” konýagyndan goýberdik. Şu wagt kabinetime gelip, telewizora seredip otyrkam, mundan 4 ýa-da 5 ýyl ozal hormatly Prezidentimiziň Şwesariýa konfederasiýasyna resmi sapary wagtynda ýurduň paýtagty Ženewa şäherindäki hökümet rezidensiýasynyň köşgünde bir diwanda oturan wagtymyz “1945-nji ýylda şu diwanda Angliýanyň Premýer-ministri Çerçill oturypdy” diýleni ýadyma düşüp gitdi. Ylahym “uruş” ady gurasyn! Şol uruş-jeňde gurban bolanlaryň jaýy jennet, kesilen ömürleri nebereleriniň ömürlerine ýazylan bolsun! Hemişe abdançylyk, parahatçylyk bolsun! 9.05. 2018. * * * Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap“ atly hekaýasyny ýene bir öwre okap, pikire batdym. Köneje kitaby guba düýä şalşan kişi şol wagt söwdasy öňanyň keýpinde guş bolup gidipdir. Şol düýe janawer birwagt ölüp-ýitip gidendir. Kitap bolsa henizlerem ýaşap ýör. 11.05.2018. * * * Hazar deňziniň gyrasynda-Türkmebaşy şäherinde ýaşaýan goja awtorymyz Hojagylyç aga Mazarowdan içi hekaýaly bukja geldi. Hekaýanyň üstünde ine şeýle setirler ýazylan birje tagta kagyz bar eken: Salam, inim Gurbannazar! Ýazýanlarymy çykaryp dursuňyz, Sag boluň! Işiňiz rowaç bolsun, at-abraýyňyz barha artsyn, başyňyz dik, maşgalaňyz abat bolsun! Ýazanlaryňyzy höwes bilen okaýaryn. Tüweleme, köp hem-de gowy ýazýarsyňyz, galamyňyz barha ýitelsin! Inim, ýene bir hekaýa iberýärin. Özüm kompýuterde ýazyp bilmämsoň, oňa-muňa ýazdyrýaryn. Olaram ýalňyşýarlar. Gaýrat edip düşünip, çap etjek bolaweriň! Inim, 50 ýaşymdan bäri beýik Alla çynym, ýüregim bilen ybadat edip ýörün. Ertir namazyndan soňra öten ilen-çalanlarymyza, dost-ýarlarymyza, obadaşlarymyza, halal ýaşap, il-güne haýyr eden ýagşy adamlara aýat okaýaryn. Aýatdakylarymyzyň hem uzak ýaşamaklaryna, işleriniň rowaç bolmagyna doga-dileg edýärin. Doga-dileg edýänlerimiziň arasynda siziň hem adyňyz bardyr. Men muny minnet edip aýdamok, aňrym bilen aýdýaryn. Akmuhammede hem-de redaksiýadaky ähli işgärleriňize, aýal doganlarymyza hem salam aýdyň! Ýazýanlarymy tizräk çykarjak bolaweriň! «Ömre ygtyýar ýok, jana durum ýok Ahyrýet esbabyn paýlamaýynmy». (Magtymguly). Ýaş gidip barýar, 80-den geçdik. Ýazan Hojagylyç Nazarow. 07.05.2018 ý. * * * “Salam, hormatly halypam Gurbannazar aga! Bu haty saňa Täçdurdy ýazýar. Halypam, sen meniň goşgularymyň metbugatda çykmagyna sebäp bolan iň bir eziz adam. Men saňa Allatagaladan uzak ömür, maşgala abadançylygyny, işiňde rowaçlyk dileýärin. Taňry seniň öňüňde erbetlik bar bolsa, olaryň hemmesini ýoluňdan sowsun! Ýaşyň uzak bolsun, eziz halypa! Salam bilen, Täçdurdy”. Bu haty aýak ýeterden has daşda-Gazagystanyň araçägine golaý, Üstýurduň gyryndaky Bötendag ýaýlasynda ýaşaýan mugallym ýazypdyr. Diýseň zehinli, ýöne zyňlan kesek ýaly bolup, ses ýeterden, hat ýeterden alysda galansoň, “çöken ördek” ýaly bolup galan galamy ýiti, dili owazly şahyr ýigit. Men heniz mundan 30 ýyl çemesi ozal Daşoguzda “Kommunizm ýoly” oblast gzaetinde işläp ýörkäm, ilkinji goşgularyny okap görüp, ýaňy Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutyny gutaryp gelen ýaş, ýöne zehini daş ýarýan şahyra ýöriteläp hat ýazyp, goşgularyny ibertdirip, çap etdiripdim. Soň Aşgabada gelemsoň, “Garagum” žurnalynda hem hat ýazyp, habar iberip (Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň direktory (ady, familiýasy şu wagt ýadymda däl) mekdepde bir partada oturyp okan eken, şondan habar gönderip) goşgularyny has soňrak häzirki işläp oturan ýerim- “Diýar” žurnalynda hem çap etdirdim. Tüýs “Altyn asyr” bäsleşigine mynasyp şahyr. Bir aýby-ýygra hem paýtagtdan uzakda ýaşaýar. Akyldarlaryň biri aýdyp gidipdir-ä: “şahyrlar obada doglup, şäherde ýogalmaly” diýip. Täçdurdy dogrusy, Aşgabada gelip görendirem öýdemok. Sährada “Bent obasyndan aňyrda oba ýokdur” diýip, giň sährada gezip ýören boz oglan. Käbir “nahal” diýilýän-gapydan kowsaň, äpişgeden girýän ýüzi galyň, zehini kütek “şahyrlardanam” däl. Biziň günlerimizde şeýle “şahyrlar” şeýle bir köpelipdir, hemmesem baýrakdan tamakin, onsoň Atamyrat Atabaýyň ajy kinaýa bilen aýdyşy ýaly, “Altyn asyr” konkursyny ýatyrýan başga bir konkurs yglan etmeli. Şonda şol eli eplengi kagyzdan doly, redaksiýadan redaksiýa ylgap ýören körzehinleriň serpigip gitmegi ahmal. Gepiň keltesi, Täçdurdynyň hatyň ýany bilen ugradan dört sany goşgusynyň özi tutuş şol kagyz garalaýan “goşunyň” bir batalýonyna degýär. 26.05. 2018. * * * Klimatyň üýtgeýändigi, ekologiýanyň bozulýandygy dogry bolaýmasa. Iki gün mundan ozal tutuş Daşoguz welaýatyna 2 sanyimetr galyňlykdanam geçýän ak duzly tupan ýagypdyr. Ine, düýn irden-sagat 5-ler töweregi aýnany açsam, 10-njy gatdan ilerki dag görnenok, ak duman gözýetimi tutupdyr. Işe pyýadalp gaýtdym, görsem, agaçlaryň ýapraklary ak una bulanan ýaly. Gidip barýarkaň dodagyňy ýalasaň, duz çalnanyň tagamyny berýär. Howa häzir-bir ýarym gün soňam üýtgänok-ak duzly duman asmany tutup dur. Aralyň duzly çägesi bolsa gerek, meger. Ýap-ýaňyja Myrat Haşaýew gelip, bir käse çaý içip gitdi. Diýseň, sowatly, nemes dilini suwara, iňlis dilini gowy, türkmen dilini änigi-şänigi bilen bilýän ýigit. “Ýedi çakrym” kitabyny okasaň, geçmiş hakda gözüň açylan ýaly bolaýýar. Çeper eserem bolsa, durşy bilen taryh. Şol kitap hakda bir syn ýazaýmak niýetimem ýok däl. Ýaňy gep arasynda Myrat ýedi arka hakda köneden gelýän şejere sanawyny ýatlady. Ine, ol şeýle: Ogul, Agtyk, Çowluk, Ýuwluk, Gowluk, Geňlik, Taňlyk. Ýedi arkadan soň “ýatlyk” ýagny, ýedi arkanyň ýat kişilere öwrülip gidýänliginem aýdýarlar. Hernä, Alla uzak ýaşadyp, çowluk, ýuwluk görmek bagtynam nesip etdirsin-dä! 29.05. 2018. * * * Düýbi biderek, boş ýygnaklar şeýle bir ýadadýar, şeýle bir ýürege düşýär, şeýle bir wagt alýar weli, walla, möňňürip aglaberesiň gelýär. Halys ýürek bulaýan, has dogrusy, ýüregiňi agyrdýan ýeri-de, ýygnagy alyp barýanyň öz bilmeýän zady barada sakyrdap, takal okamagy. Göz öňüne getirip görüň! Hiç hili ylmy derejesi bolmadyk adam-wezipesi uly kişi şol pudagyň ýolbaşçysy, bu ugurda kän çorba sowadan, onda-da şol ugurdan kandidatlyk dissertasiýaçyny goran alym adama işi nähili guramaladygy, ylmy şözgütleri nädip tapmalydygy hakda „leksiýa“ berýär. Ynha, häzirem 5 aýyň jemeleri boýunça Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda hut şeýle ýygnakda amanat jany gynap, ýaşymyzdan kesip, negözel gymmatly wagtmyzdan gädip, sary-sadylla bolup otyrys. Pikir edýäň: şeýle ýygnaklarda biziň işimize gönüden-göni mesele, aýdylmaly gürrüň 10-15 minutdan geçmeýär. Ýeri bolýar, hany, çopanyň balagy ýaly giňräk boljak bolaly! Garaz, wagty bisarpa tutmajak bolup aldygyna işleýäs, öz-ä. Geçen aýda hekaýa çykdy diýseg-ä ýalançy, öýne birküç sany publisistika, „Heňňam hekaýatlary“ tapgyryndan bölekler „Mugllymlar gazetinde“, „Nesil“ gazetinde çap edildi, „Türkmenistan“, „Bereketli toprak“ gazetinleride, „Güneş“, „Dünýä edebiýaty“ žurnallarynda ýatan çeper zatlar bar. Telewideniýäniň biziň boýnumyza daňlan, mugt işläp bermek ýükem ýegşerdip barýar. Öňem bir akmagyň „atyňy dilime daň!“ diýşi ýayy, öz teklimimiz bilen döredilen „Žurnalistika we döwür“ atly gepleşigiňem 3 sanyny ýazdyk. Ýene 3 günden Halkara Ynsanperwer we ösüş uniwersitetinde täze sanyny ýazarys. Kakamyrat Rejebow, Mähriban Gandymowa ýaly kärdeşler bu işde egin-egne berip ýardamlaşýarlar, sag bolsunlar! Ýöne ömür çäkli, wagt gidip barýar. Biz bolsa ownuk-uşak meselejiklere çolaşyp ýörüs. Düýn Gadyr gijesi boldy. Hernä, bu gijede edilen doga-dilegler beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun-da! Beýle diýmegimiň aňyrsynda ýürege wehim salyberýän, ulydan dem aldyrýan howpurgadyjy ýagdaý bar. Ýurtda ykdysadyýeti has berkitmeli. Un, çörek dükanda dursa nä söz! Gymmatçylyk halky ýegşertmese gowy. Ýygnalan miwelerdir ýetişen pomidorlary daşky bazara ugratjak bolsaň, ýokarda ýumşak kürsüde gaýşarylyp oturan garny ýogyn çinownikler jan ýandyryp aýdylyşyna görä, “ýok, äkitmeli däl“ diýýämiş. Gara ýanyk bolup ýeridiren, ýetişen harytlary äkitmäge döwtalap ýigitler „haryt äkidilip, satylsa, şol ýerden „KAMAZ-a“, „MAZ-a“ bärde gerek harytlar ýüklenip gaýdylýar-a, ýa-da lükgelenip gyzyl getiriljeg-ä, ekin ýetişdirewn daýhan baýaja-a, äkiden kişileriň jübi galňajag-a“ diýip, jan ýandyrýarlar. Hernä, şükranaly, owaly-ebedi kanagatly türkmeniň güni gowulyga ýazylan bolsun! „NTW“ teleýaýlymynda Hytýyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň birek-birek bilen söwda-ykdysady gaynaşyklar hakda uzak möhletleýin ylalaşyklarynyň möçberi ýüzlerçe millird dollara barýar, inwestisiýalar çekilýär, bilekidäki şeýlekin uly kärhanalr gurulýar. Belki bizde-de bolsun-da... ...Ýygnak dowam edýär. Uly derejedäki tribunadan aýdylmaly meseleler däl-de, „bazar gürrüňi“ edilýär. Indi telewideniýede gepleşigi nädip gowy guramalaydygy hakda „akylly maslahat“ otarylýar. Muňa derek çaň-tozana bulaşdyryp, bir daş ýerlere komandiroka-iş saparyna ugradan bolsalar, janym hezil edip, gulagym dynç bolardy, kelläm dykylman, açylyp, bir gowy zatlar dörärdi. Aý, bolýa-da, aýdylyşy ýaly, „başyňa düşse, towukly palaw iýersiň“. Dur how, gulak nämüni eşidýär?! Münberden biziň taýýarlaýan „Žurnalistika we döwür” atly gepleşimizi agyz dolduryp öwüp durlar-la! Bir gowy hekaýa ýazyp bolsady! Bärde beýdip ejir çekip oturandan „Diýara“ işe baryp, Atajan Taganyň böwregiňi bökdürýän gürrüňlerini diňläp, zehini çaglasaň!. “Ýoldaky söwda“ hekaýasynyň şu ýygnaklardan sypybilsem, baryp soňky nokadyny goýaýsam gerek. Başga-da etsem-petsemler, başlanyp, ýöne taşlanmadyk, ellenmegine garaşyp ýatan hekaýalaram, çeper publisistika-da ýok däl. Hä-ä, şu gün baýry magaryfçy Juma Girman hakda ýazýan „Göwünlere akan aryk“ atly oçerkimi boldum edäýsem diýýän. Bu zatlar hiç-le, başymyz dik bolsa çekerisem, çydarysam, ýazarysam. Hernä Daşoguza äkideilende näsaglap gelen mährem agtygym, ak öýüň „altyn aşygy“ Mälik jan bir sagalyp gidewersin, Alla jan! Birenaýy bolup ýörenje balajyk izzildäp, horlanyp, iki göz bolup galaýypdy. Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, Bala biziňki däldir, beren Allanyňkydyr. Eziziň işleriniň rowaçlanyp gidenine, allanäme abraý bilen işläp ýörenine müň-de bir şükrümiz bardyr. Ata-ene üçin bala-çagasynyň ilhalar ynsan, halalsöýer bolup ýetişmeginden aňrybaş bagt barmy näme?! Wah, şu ýüregedüşgünç ýygnak bir tizräk gutaraýsady, öýe ýetip, Mälik janyň „at-a“ diýen naşyja sesini bir eşitsedim! Soňam az-owlak dem-dynç alyp, işe baryp, göwün solpudan çykyp işleseň! 11.06.2018 * * * Hemit balasy Akmuhammet beg pensiýa çykdy. “Birinji pensiýamdan bir janly kesip, aragyny-şerabyny boldan alyp, meýlis gurjak” diýse, ilki ynanmadyk. “Seň ýaly gobsek (ýerinden gelme gysganç) beýle tarhandökerlik edip bilmez” diýdik. Iki gün mundan ozal, ýekşenbe-bazar güni körpe oglunyň ýaşan ýerine-10-njy gata çagyrdy. Men ýüzugra maşynda Atamyrat Atabaýy alyp bardym. Barsak Jumamyrat Gurbangeldi bilen Töre söwdagär otyr ekenler. Soň Annamyrat Mämmet, yzýanam Döwran Agaly, soň Döwlet Garkyn geldi. Garaz, meý-mes bolundy. Ýöne “ýaramok” diýip, Atamyrat halypa içmedi, naharam çäm-çüm etdi. Ýogsam, lebap ýörmesi, gazanlama, onuň çorbasy, kellebaşaýak, gowurma, saçak bol boldy. “Saman özgäňkem bolsa, samanhana özüňki” diýleni. Ýogsam, ýolda Annamyart bilen Töräniň maşynyndan düşüp galyp, bir sagat çemesi gezelenç edip, iýenimi siňdirdimem weli, ýarygijeden soň dawleniýe-gan basyş ýokarlanyp, öýdäkilere bildirmejek bolup, kelleagyrynyň, gan basyşyň dermanlaryny atdymam, teý peýdasy bolmady. Onsoň gije sagat 3-ler töweregi Ogulnabady oýadyp, iki sany ukol almaly boldy. Şondan tekiz ýatyp, irden 7-lerde gözümi Mälik janyň aglaýan, gygyrýan sesine açypdyryn. Ýogsam, irden 6-da turup, kera-mara ertirlikden soň, pyýada gaýdyp, 7-ä işe gelýän gylygym bardy. Ondanam sagat 9-a çenli notbugyň başynda basa oturyp işleýän, esli önäýýär, köplenç 2-2 ýarym sahypany “beýläk atýan”. Baý, hezil bolýar-a, şeýdip işläp “içiňi sowatsaň”. Hä-ä, ýaňyja Atajan Tagan kabinete gelip, gygyryp-bagyryp (ker bilen gepleşseň günüň şo-da) täze dörän hekaýaty aýdyp berdi. Ol şeýle: ... Atamyrat Bibä şeýle sargyt edenmiş: -Alla işidir, men ýogalaýsam, oba äkidip jaýlaň! Bibi gelneje-de: -Hemme tanymal adamlar bärde ýatyrlar-a, nämä gerek oba süýräp ýörmek-diýipdir weli, Atamyrat: -Ýok how, Aşgabatda ölüňe jynaza duranlaryň hersiniň köwşüne bir manat salmaly, şol däp biziň obamyzda ýok, nämä gerek öleňden soňky çykdajy?!-diýenmiş. Atajan bolsa şeýle diýýär: -Meňki bolsa hezil. Ýatan ýeri ýagty bolsun, Aşyr Mämili aýalym Sona şeýle diýipdir: “Atajan ölse, artykmaç gykdaýjy etmek endişesi ýok, aýagyndan süýräp, üç ädim gapdalgyndaky Çopan ata getirip jaýlaýmaly. Hakyt bir gubur boşam dur, Mylly Täçmyrat pahyryň mazaryny göçürdik, orny hoňkaryp galdy. Tüýs bolýany, Mylly aga hem Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, Atajan hem şol adyň eýesi. Onsoň haýsy ýatanda näme” diýipdir. Älhepus, döredijilik adamlary gör nähili giň! Bular ölümden gorkmag-a beýlede dursun, gaýtam, onuň üstünden gülýärler. 19.06.2018. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna uş sapary boldy. Şol wekilýetiň düzüminde 21-nji iýunda Duşanbe şäherine günün gidip geldik. Ol ýerde “Ösüş üçin suw, 2018-2028-nji ýyllar üçin maksatnama” atly halkara forumy geçirildi. Dört tarapyny gara daglar gabsap oturan Duşanbä, asyl täjik iline birinji gezek baryp görüşim. Täjik garyndaşlaryň “Duşanbe-şahri sabz”, ýagny ”Duşanbe-bagly şäher” diýýäni hakyt çyn. Biline gujak ýetmez, başy asman bilen salamlaşýan ak çynarlar, gür ýapraklary Gün geçirmeýän äpet dublar, ýag çalnan ýaly ýapraklary şabram saz edýän syrdam derekler, gabaraly sosnalar, tuýalar, ýüz ýaşdan aşan tutlar... garaz, Alla agaç gögertmek bagtyny bu mekana eçilibilipdir. Täjik aşhanasy hem tagamly, aýratyn tapawutly. Şapbadyň ýarysy ýaljak somsany birje dişläp bokirdakdan ötüräýmeli, ýöne dişläňde derrew çorbasy owurdyňy doldurýar, daşy şeýle ýuka mantynyň nädip ýarylman içindäki dykyz salnan eti saklaýşyna haýran galyp oturmaly, palawlaram türkmeniňkiden, özbegiňkiden üýtgeşik bişirilen. Soň sol günüň gijöýläni Türkmenabat şäherine geldik. Ertesi Türkmenistanyň Prezidenti bu şäherde täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Biz bolsa dört redaktor-men, Batyr Myradow, Mähriban Gandymowa, Gülälek Babaýewa dagymyz Sedi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Žurnalistika we döwür” atly telegepleşigi ýazdyk. Hem-iş bitirdik, hemem Batyr Ataýewiç bilen professor Muhammetguly Amansehodowyň-Han dädäniň derýanyň boýundaky daçasynda, ýok, köşk ýaly gurlan, tüýs dokuzy düzüw jaýynda öz elimiz, öz ýakamyz bolup, ýazylyp-ýaýrap, çişlik bişirip, ýagly gapyrgany köze goýup, “balyk ýüzmedik suwdan” ganýançak içip, keýpimizi kökledik. Indem Aşgabada gelip, futbol boýunça dünýä çempionatyny sypdyrman, käteler ýarygijä çenli oturyp görýäs. “Futbol” diýlende täze döreden henegimizem ýatlalay. Atajan Tagan düýn Bibi gelnejeden sorapdyr: “Hany, bi Atamyrady sorap “Güneşe” jaň etsem. “ýaranok öýünde” diýdiler. Özüne jaň etsemem, “arkamda çiş bar ýaly, bagrymam sallanan ýaly” diýýä-le, eýgilikmi?!” diýip. Bibi gelneje elini salgapdyr: “Ýalan aýdýandyr, sondan sag adam ýok, gijäniň birmahalyna çenli oturyp futbol görýär, birdenem dälirän ýaly “go-ol” diýip, bir çirkin gygyrýar weli, diňe biz däl, goňşularam oýanýar, kesel adam beýdip il ürküzip gygyrmaz-a”. Biz bolsa şeýle “gep” ýaýratdyk: -Ronaldo aňyrdan-Orsýetden Aşgabada jaň edýärmiş: “Atamyrat Atabaý telewizoryň öňüne geçen bolsa biz oýna başlaberjek” diýip. 28.06.2018. * * * “Durmuş gymmatlygy” diýlen düşünje dünýäde owal-ahyr bar, özem ýörgünli. Ol her ýurduň ykdysady ýagdaýy bilen ölçelýän hadysa. Ýöne “dollar” diýilýän bela başa oýun salmasa ne ýagşy. Şu wagt gara bazaryň nyrhynda alanda, dollar keýgigiň şahyna mündi-20 manada 1 dollar ölçelýän ýaly aýdyşlaryna görä. Bazaram galyp gidip otyr. Ýaňy-ýakynda juda ýokarda-şu bolýan zatlara eli, ýüregi bilen göz-gulak bolmaly, garşysyna göreşmeli uly, ýöne ýaşy kiçi çinownikleriň biri gapjalypdyr. Daş gulakdan eşidilişine görä, Gökgedemi, Bagyr obasyndaky howlusyndaky derwezäniň bahasy 90 müň dollarmyş. Öýünden çykanam 60-70 million “gök kagyş” dagy barmyş, käbiri-hä 600 million dollara eltýär. Haýsy bolanda-da, tüýs “balyk başyndan porsar” diýleni. Korrupsiýa aýrylmasa, jemgyýetiň zaýalanýandygyny dünýä bilýär-ä. Şol beladan biziň ýurdumyzy Alla daş etsind-ä! Ýurtda 1millon 30 müň tonna bugdaý ýygnalandygyny resmi taýdan habar berdiler. Il yrsgy-ak bugdaý bir bolsun-da! 29.06.2018. * * * Düýn Nobatguly Rejep gyz agtygyny çykarýanlygy üçin gapysynda toý sadakasyny berdi. Günortanara işden şoňa Atajan Tagan bilen bile gitdik. Agşamara öýe tanyşlaryň biri jaň edip henek atdy: - Ýeri how, Atajan Tagany tutaklap, hasasyny eline berip, goltugyndan söýgerläp ýörsüň-le. - Durdy Gylyjy tutaklap, daşoguzda Beki Seýtek, Ata Salyhy tutaklap maryda Çary Gurbangylyç döwrüniň uly ýazyjylary bolup ýetişipdirler. Menem altmyşa baramsoň, Atajan halypany tutaklap, şolar ýaly ýazyjy bolasym gelýär. Bu jogapdan soň trubkadan “lah-lah” gülki eşidildi. 3.07.2018. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||