14:54 Göwündäki gündelik -6/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Şu günki “Nesil” gazetinde “NÄME OKANYŇY AÝT...” diýlen sözbaşyly makalam çykdy. Aslyýetinde munuň ýazylmagy hakdaky ideýany berenligi, meni “gorjap goýberenligi” üçin şu gazetiň jogapkär kätibi, diýseň okymyş hem gazet işinden biçak gowy baş çykarýan Orazmyrat Myradowa minnetdar bolmaly. Irden täze gazeti okap, Jumamyrat Gurbangeldiýew jaň etdi. Özem birje wakany gürrüň berdi: - Mekdepde okaýan döwrümiz kitaphanaçymyz Äraly piriň nebesersinden Muhammetjan agady. Ol şu gün Käbeden gelmeli. Şonda mugallymlaryň “kitaphana gatnaň, çeper eser okaň!” diýen iňirdisine çydaman nälaç kitaphana gelýän käbir okuwçylaryň gözboýagçylygynyň sepini Muhammetjan aga derrew açyp beräýerdi. “Okap boldum” diýip, elten kitabyňy eliňden alman, mazmunyny änik-şänik sorardy. Gitjek ýeriň nire, çala-çula okan bolsaň, ýa-da il gözüne “kitap alypdyr” diýdirjek bolanlar girere deşik tapmazdy. Şolam uly sapak ekeni... Häzirem eli gazetli Akmuhammet Hemit “Şuny oňarypsyň-aý” diýip, kabinete girdi. Onsoň gündeligi okajaklara-da belki gerek bolar diýip, şol makalany dolulygyna ýetiräýeýin: “Akyldarlaryň biri: „Okamaga başlan güni ynsan paýhaslar ummanyna ýüzüşe girýändir. Ýöne onuň soňra bu ummanda haýsy gaýykda ýüzjegi özüne bagly“ diýip gidipdir. Şu ýazgylary kagyza geçirmezden ozal „beýnide bişirip“ ýörkäm, „Gündogar pähimleri“ diýen kitap elime düşdi. Gözüm kaklyşan ýerde şeýle setirler bardy: Diňe ylym bilen diridir ynsan, Külpet-muşakgaty ýeňer ol hökman. Bu setirleri beik danalaryň biri Abulkasym Firdöwsi goýup gidipdir. Ylmyň ähli syry kitaplara siňen, dogrumy?! Ýene-de danalaryň birinden miras galan jümle ýada düşüp gidýär: “Gowy kitap okasaň, gowy dostuňa duşan ýaly duýgy kalba dolýandyr”. Juda jaýdar gep. Bizem şu gezekki söhbedi kitap, ýagny, akyl eleginden süzülip, kagyza geçip, ylyma öwrülen gymmatlyga bagş etmekçi. „Nesil gazetinde mundan 3-4 ýyl öň okamak medeniýeti hakda publisistik makalamyň çap edilenini ýatlaýan. Hawa, okamak endik däl-de, medeniýetdir. Okamak medeniýeti bolsa adamyň içki dünýäsiniň gözelliginiň, aň-paýhasynyň barha ýitelmeginiň, durmuş wakalaryna dürs hem akylly baha kesmeginiň, şahsyýet hökmündäki kämilliginiň... garaz, köp zadyň binýadydyr. Okamagy ömrüne ýaran edinen ynsan ömürboýy şony aýrylmaz pişe edinýändir. Gepimiz gury bolmaz ýaly, birje wakaýany gürrüň beräýeýin. ...“Elimden tutup“ žurnalistika dünýäsiniň çetinden girizen ilkinji halypam, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri, 103 ýaşynda bolsa-da, akyl-huşy juda jaýba-jaý Baba aga Garaýew bilen aram-aram jaňlaşyp durýan. Öňräjik telefon edemde, saglyk-amanlykdan soň, ýaşuly birje towakga aýtdy: -Beki Seýtegiň eserler ýygyndysy „Tylla seniň yşgyňda” ady bilen gaýtadan çap edilipdir. Daşoguzyň kitap dükanlaryna barsam,“ eýýäm gutaraýdy” diýdi satyjy gyzlar. Aşgabatdan tapyp birjesini goýbersene. Men geň galmamy gizläp bilmedim: -Ýaşuly, tüweleme, kitap okamaga entek göz kesýär-ow. Aňyrdan çynlakaý ses eşidildi: -Hemişe zahmet çekip ýören el, mydama okap ýören göz näçe ýaşasaňam zaýalanýan däldir. Şumata çenli äýneksiz okaýardym, birki aý bäri dakynan bolýan. Men trubkany goýup „aperin!“ diýdim. Indi geliň, bu gezek okamak medeniýetiniň žurnalistika, çeper döredijilik, aýdylyşy ýaly, galam ujundan çöýrek iýýän adamlara dahylly peýdasy hakda sýhbet edeliň! Ilki bilen-ä, okamak diýlende, diňe kitaby waraklap geçäýmeli däldigini öňki danalardyr alymlaram aýdyp gidipdir. Bu kireňsiz hakykatyň üýtgewsizdigini döwürdeşlerimizem tekrarlaýarlar. Nätmeli? Eliňe galam alyp okamaly. Gowy goşgy bolsa bir gözüň düşeňde hakyda depderiňe öçmez bolup ýazylýandyr, dogrumy?! Oňa ýetesi zat ýok. Ýogsamam „beh“ diýdirýänini ýandepderçäňe derhal („edebi bellik depderi“ bolsa-ha has gowy) belläp almaly. Soňa goýsaň, sahypadan ätläp ötseň, „guşuňy uçurdyň“ biläý. Proza ýa-da başga islendik çeper eseri okasaňam şeýtmeli. Eger-de eliňe maglumatlar bilen ýzaylan, ýol ýazgylary, jahankeşdelik ýazgylary, pamflet-esse, westeller eliňe düşse-hä, galamyňy gulagyňa gysdyryp oka. Bilmeýän maglumatyň, öň eşitmedik del jümläň, nakyldyr tymsal, ýer-ýurt atlary... garaz, „gyzylyň gyryndysyna“ duşsaň, derrew belläp al! Žurnaliste, ýazyja, publisiste hökmany endikleriň birem gündelik ýa-da ýataňda-da ýassygyň başujynda goýulýan ýandepderçe gerekligi. Şu ýerde birje zady agzamagy zerur hasaplaýan. Biziň käbirimiz, ylaýta-da ösen döwrüň tehnologiýalaryndan has gowy baş çykarýan galamdaş ýaş kärdeşlerimiziň käbiri iş sapary bolsun, duşuşyk ýa-da çäre bolsun, aňsadyna bakyp, diktofon-kinniwanja ses ýazyjyny işledip, soýam şondan diňläpjik kagyza geçirenini kem görenok. Soňam öçürip goýberýär. Gowudyr, ýeňildir, söz ýok. Ýöne islendik waka, islendik fakt-delil, tutaryk, görlen täsir kagyza, ýagny ýandepderçä syýa bilen ýazylyp goýulsa ýagşy. Ol ýene 10, 20, 30 ýyldanam açsaň, edil aýna ýaly ýalpyldar durar. Wagt geçmegi bilen başgaça garaşyş, täzeçe duýgy, kämillik gözýetimi bilen has giň, has çeper ýazmaga binýat bolup biljegine-de şübhe ýok. Gel, ýekeje mysala ýüzleneliň! Uly halypa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew hemişe öz durmuş tejribesinde, döredijilik ussahanasynda kämil bolan birje hakykaty gulagyňa guýýar: „Ýekeje sahypa zat ýazjak bolsaň, şoň bilen bagly sekiz sahypa zady okagyn!“. Ýazýan adam üçin ýene bir hökmany endik, kagyza (indi-hä kompýutere) ýazan zadyňy anyk senesi bilen özüň üçin arhiw edinmekdir. Ol kämilleşmek „ädimiňi‘ ölçäp, gepi gelşirip aýdanda, „özüňi taraşlap durmak“ üçin iňňän peýdalydyr. Muňa anyk mysaly uzakdan gözläbem oturmaly däl. Döwrümiziň belli ýazyjysy Atajan Taganyň „Kyrk pylda ýazylan kitap“ atly esse-ýatlamasyny okap göräýmeli. Adyndan belli bolşy ýaly, gyzyl çöplän misli her gün irinmän, gören, bilen, täsir alan wakalaryny gyzgyny bilen gündelik şekilli ýazan zatlary „dama-dama köl bolar“ diýlenine dönüp, küti kitap derejesine baryberipdir. Uly ussat häzirem şol endigine eýreip ýazyp ýör. Danalaryň birinden şeýle tymsal galypdyr: „Sen näme okanyňy aýt, men seniň kimdigiňi aýdyp bereýin“. Biz bolsa gepimizi galam ujundan çörek iýeklere birje sowal bilen jemlemekçi. Ol şeýle: „Sen näme ýazanyňy görkez, men seniň näme okanyňy, nämeler bilýäniňi aýdaýyn“. Howul-hara, birje günüň içinde ýazamsoň käbir zatlar makala girmän galdy. Ine olar: Gündelik ýöretmegiň bähbidi hakda belli rus ýazyjysy Ýuriý Trigonow şeýle ýazýar: “Ýazuw depderçede bellige alnan zatlaryň ýyllarboýy ulanylman ýatýan halatlary hem bolýar, emma soňra, birden olar öz ýerini tapyp oturyberýär. Ünsüňi çeken zatlary ätiýaç üçin, gerek bolar diýen niýet bilen ýazyp almaly. Eseri ýazmaga girişmeziňden öň, heniz dil çykmadyk, sözsüz, akyp gelýän saz ýaly bolup, tema peýda bolýar. Nämedigi belli bolmadyk zat barada ölemen ýazasyň gelýär. Aňyň teýinde bir ýerlerde temanyň barlygy belli, emma ony daşyna çykarmak gerek. Göýä, sazlanmadyk surat alynýan enjam arkaly dünýä sereden ýaly bolýarsyň: gözüňe diňe dumana gaplanan reňkli tegmil ilýär. Nämäniň nämedigini saýgarmak üçin jikme-jiklikler, sähelçe-de bolsa anyklyk gerek. Ine, şunuň ýaly pursatda köne depderçelerdäki ýazgylar käte dadyňa ýetişýär. 1966-njy ýylyň ýazynda türkmen ýazyjylarynyň gurultaýyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gitdim. Şondan bäri bu ýurtda bolup göremok. Öňler bu ýurda gelemde, işim daglara, çöllere aýlanmak bolardy. Emma bu gezek bar zat başgaça boldy. Şol saparlarymdyr syýahatlarym barada (1952-nji ýyldan başlap, olaryň sany ýedä ýa-da sekize ýetäýipdi öýdýän) hekaýalary, gysga bellikleri, bir romany, kinolaryň edebi esaslaryny, garaz, elimden gelen ähli zady ýazan bolsam gerek. Uzak ýyllaryň dowamynda günüme goýmadyk temany döwnemek kemini goýmandym. Men Türkmenistan barada artyk eser ýazmak islemeýärdim. Gurultaýdan soňra ýoldaşym bilen Aşgabadyň etegindäki Pöwrize diýilýän ýerdäki dynç alyş öýünde birnäçe günümi geçirdim. Heniz dynç alyş möwsümi başlaman ekeni. Maý aýydy. Agaçlar güle basyrynyp otyrdy, guşlar saýraşýardylar, ýapdaky suw şildiräp akýardy. Men bu ýerde özümde galan täsirleriň ählisini, eden gözegçiliklerimi, agaçlardyr guşlaryň atlaryny, öz ýoldaşym, bagban, zenan maşgalalar, sürüjiler, çaýhanadaky hyzmatkär bilen eden gürrüňlerimiň ählisini nämüçindir ýazyp alýardym. Olary ýazyp almak bilen öňümde belli bir maksat goýmandym. Belki, birmahal gerek bolar. Hakykatdan hem, dört ýyldan soň bu ýazgylaryň peýdasy degdi oturyberdi. «Deslapky netijeler» powestimde düýbünden başga zadyň: Moskwanyň, şäher durmuşyndan ýadan adamlaryň gürrüňi edilýärdi”. Ine, gündelik ýöretmegiň döredijilik adamlary çüin gadyr-gymmaty. Edil häzirem Orazmyrat gapydan girip, howlukmaçlyk bilen habaryny aýtdy: -Halypa, sag bol ýaşlar üçin pen-du-nesihata meňzeş eden işiňiz üçin. Indem bir pikir etsene, diýeli “Halypanyň ýanynda içilen bir käse çaý” diýen ýalyrak bir zatjagaz ýazmak hakda. Ýogsam how, bu ýazyp başlanlaryň, asyl-ha ýazyp ýörenleriň köpüsi halypa gadyryny bilenoklar-a. Hany görsene.., Häý, zaňňar Orazmyrat “otlap” gitdi-dä walla. * * * ...Dokuzy düzüw öýüň bir kemi perzent eken. Är-aýal bilen günuzyn işe mübtela bolup bu ýetmezi duýmaýan ýalam ekenler. Al ýöne, agşam şamyndan soň duldegşir goňşulardan eşidilýän şowhun-şagalaň bu ümsüm öýe hasam tukatlyk çaýamyş. Är-aýal öýi alaýaz bolýan goňşularynyň bu syryny bilmek üçin soranmyşlar ahyry: -Iňrik garalýaram weli, siziň öýňüz toýhana dönäýýär. Nädip beýdip bilýäňiz? Goňşulary aýdypdyr: -Biziň bir altyn aşygymyz bar, şony oýnaýas üýşüp. Muny eşiden är-aýal haýdan-haý bar-ýoguny tylla çalşyp, bir ussa buýrubam, sap altyndan guýlan kenek ýasadypdyrlar. Ilki gije delje güýmenje hezil beripdir. Göwünleri az-maz açylan är-aýal ertesi agşamam elleriniňem, dilleriniňem hözürini görüpdirler. Soň weli, altyn kenegiň gyzygy gaçyp ugrapdyr. Jansyz kenek eliň, göwnüň diýenini etmän, islän tarapyna agyp, ony oýnaýanlary kejikdirip ugrapdyr. Onsoň ýene goňşulara barlypdyrlar: -O diýýän altyn aşygyňyz-a artykmaç şatlyk-şowhun bermedi. Siziň altyn aşygyňyzyň artyk syry barmy, aýdyň? Şonda goňşular ýaňy dil çykarjak bolýan bäbegi görkezipdirler: -Ynha, biziň altyn aşygymyz! Dogurdanam, öz ýanyndan wajyr-wujur edýän, elleri-aýaklary dek durmaýan tokarja bäbejik şeýlebir hezil oýunlar görkezýärmiş weli, gapdalyndan aýyrlar ýaly däl diýýä. Onsoň barjamly goňşular töweregini bazar edýän çaga «ine, hakyky altyn aşyk şul eken» diýip, yza dolanypdyrlar... Her gezek söwer agtygym, ýaňy bir ýaşyny dolduran Mälik janyň guş dilinde (men bolsa oňa “peltek guşum” diýýärin, sebäbi hiç dile meňzemeýän, heniz dil çykarmadyk çaganyň “dilinde” gürleýär) “jürrüldisini” eşidemde, hökman şu rowaýaty ýatlaýan. Onsoň “agtyk” diýlen baldan süýjä “altyn aşygym” diýersiň-dä! 4.09.2018. * * * Ýaponlary soňky döwür az çaga dogulýanlygy howsala salýar. Bu bolsa “işçi güýji” diýilýäniniň ýetmezçilgi zererly, pensiýa ýaşyna ýetenleriň zähmetine mejbury islegi döredýär. Ýapon diýilýän millet bolsa zähmet çekmek pellesi resmi taýdan dolansoň, işlemek isemeýän, dynç almagy, süýşürüntgi pulunyň hasabyna jahankeşdelik etmegi, rahatlygy halaýan häsiýetli. Şeýle bolansoň “ýüki agralýan”-artykmaç işlemeli bolýan ýaşlar hem has rahadrak, gazanjy köpräk ýurtlara sumat bolýarlar. Statistik maglumatlara salgylansaň, Ikinji Janah urşundan soň Ýaponiýanyň ilaty 72 milliondan 128 milliona çenli köpelenem bolsa, soňky ýyllarda ilatyň sany üzül-kesil aşak düşýär. Aslyýetinde ýapon aýallary milli däbe laýyklykda, öýdeçil, çaga tebiýesini dolulygyna diýen ýaly öz üstüne alan, perzentleri ýetişip, özbaşdak çykansoň bolsa, “ýüki ýeňlän”, gartaşan mahalynda dünýä aýlanmak, beýleki halkaryň medeniýeti bilen tanyşmak rowaç. Ýöne şindiki ýapon zenanlarynyň zähmet ýüki ýetik, has bol-telki ýaşamak höwesi olary maşgala endişesinden daşlaşdyryp, küýü-köçesini işe baglaýar. Ýaponlar immigrantlary-keseki gelenleri gaty bir sygyryp durmaýan häsiýeti bilenem tapawutlanýarlar. Häzirki wagtda başga ýurtdan gelip işleýänler umumy ilatyň 1,2 göterimine ýetýär. Bu deňeşdirme Beýik Britaniýada 6 göterime, Germniýada 8 göterime, Ispaniýada bolsa 10 göterime deňdir. “Ýapon beýnisi” diýlen düşünje bolsa häzir tutuş dünýäni haýrana goýýar. Juda işjanly bu milletiň ýaşan ýurdunda 1960-1990-njy ýyllar aralygynda jemi içerki önümiň mukdary 6,2 göterim ösüpdir. Ikinji Jahan urşundan soňky “ykdysady silkinişde” amerikanlaryň ýardamy bilen ýaponlar Ýer ýüzünde ykdysady babatda ikinji orna çykdylar. Ýöne inkär edip bolmaýan bir hakykat ýaponlary eýmendirýär. Ol bolsa çaga dogluşynyň azlygynyň wehimidir. Adam azalsa-işçi güýji azalýar, adam azalsa- ösüşiň “beýnisi” kiçelýär, azalýar. Ýaponiýa häzir tehnologik açyşlar babatda ABŞ-dan soň dünýäde ikinji ýerde. Ýöne Hytaý arany barha ýygyryp ýetip gelýär. Ýurtda çaga doglanda berilýän ýeňilliklerdir sosial goraglylyk aňrybaş derejä eltilýär. Ýöne bilermenler muny hem anyk çykalga hasaplamaýarlar. Belli döwlet işgäri, syýatçy, alym, “Singapur gudratynyň” atasy Li Kuan Ýu-nyň pikirine görä, meseläni pul çözmez, çykalga durmuş ýörelgesini özgermekde, milli mentaliteti dikeltmekde. Ýaponlar haýran galmaly, sowukganly hem milliçil (milletçil däl) halk. Muny birje mysal bilen delillendirmek bolar. 2011-nji ýylyň 11-nji martynda Tohoko adasynda bolan aýylganç, juda pajygaly ýer titremesi wagtynda taşlanyp gidilen öýlere birugsat hiç bir ýat adamyň girmändigi, hiç hili ogry-jümrüligiň bolmandygy, derrew birek-birege kömege ýetişilendigi bu milletiň içki medeniýetiniň-intellektiniň juda uludygyndan, kalbynyň päkdiginden habar berýär. * * * “Diýar” žirnalynyň 2018-nji ýylyň 9-njy (sentýabr) sanynda şeýle makala çap edildi: “DAŞA ÝAZYLAN GOŞGY Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz (öňki Bekdaş) şäherçesiniň demirgazyk çetinde, hut Hazar deňziniň kenarynda, ýerli ilat tarapyndan «Gaýa» diýlip atlandyrylýan belentlik bar. Ýerli ilat dabaraly günlerde şol belentlikden daş-töwerege, deňze we deňziň içinde ýerleşýän üsti maýakly «Gara ada» diýlip atlandyrylýan ada seretmegi gowy görýär. Mekdebi tamamlan ýaş uçurymlar bolsa şol belentlikden Günüň ýaşyşyny (deňziň tekizligine Günüň gabat bolşuny) synlaýarlar, Garagum sährasynyň üstünden dogup gelýän Güni garşy alýarlar. Bu ýagdaý däp bolup galan hakykat. Bu ýagdaý Garabogaz şäherçesine myhman bolanlarda-da ýatdan çykmajak duýgy-täsirleri galdyrýar. Garabogaz şäherinde doglan, ýaşan (soň Russiýa göçüp giden) ýaş juwan-şahyr ýigit Wladimir Gaýdukow 1971-nji ýylyň 7-nji iýulynda öz şygra öwrülen ýürek joşgunyny «Gaýa» belentliginiň daşyna ýazyp, açyk asmanyň astynda täsin ýadygärlik goýup gidipdir. Belki, ol şol wagt özüniň ýazyp goýan daş düzündäki ýadygärliginiň asyrdan-asra aşyp, biziň şu bagtyýar günlerimize gelip ýetjegini bilenem däldir?!. W.Gaýdukow daş ýüzüne şu goşgyny ýazypdyr: «Гляжу на море голубое, В даль летит моя мечта. Какой простор, какая ширь, Кругом такая красота. В дали гордо и величаво, Как страж на рейде у порта. Возвысился над гладью моря, Красивый остров Кара-Ата. 7 июль 1971 г.” Bu täsirden ruhlanyp, awtoryň döwürdeşi we deň-duşy, häzir Gazagystanda ýaşaýan Amantaý Kaynow daş ýüzünkdäki goşgyny gazak diline şu aşakdaky görnüşde terjime edipdir: Kök teňizge karaýmyn, Armanym uşady alysga. Karasam közim toýmaýdy, Kandaý gažap aýnala. Port žanynda kök törde, Tur äne maýak žarkyrap. Ädemi Aral Kara-Ada! Aňyz bolgun Kara-Ada! Kaynow Amantaý, 2015 ýyl. Häzir, tehnologiýanyň ösen döwri, aragatnaşyk mümkinçilikleriniň çägi ýok. Ine, şundan peýdalanyp Türkmenistanda doglup, ýaşap giden, ykbalyň akymy bilen häzirki wagtda başga ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz Garabogaz şäherçesine gelenlerinde, «Gaýa» belentligine çykyp, çar ýany synlamagy yrym edinipdirler. Hut şol ýerdenem soňky watanyna jaň edip: «Men şu mahal «Gaýanyň» üstünde çar ýany synlap Siziň salamyňyzy Türkmenistana ýetirýärin we goja Watanymyz Türkmenistandan Size salam ýollaýaryn, özüm hem şu pursat W. Gaýdukowyň «Gaýa» belentligindäki daşyň ýüzüne goşgy ýazan ýerinde durun» diýip, ýaýlyma çykýarlar. Tolgundyryjy pursatlar... Şeýle täsirler bilen dagyň gaýasynda galan bu goşgyny, Garabogaz şäherinde işlemek nesip eden, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Isgender obasyndan bolan ildeşimiz, edebiýatyň janköýeri, şygryýetiň muşdagy, söz keramatynyň hyrydary Nurmuhammet Muhammedow şu aşakdaky görnüşde türkmen diline terjime edipdir: Nazarymy salýan mawy ummana, Arzuw-hyýallarym alysa uçýar. Söz ýetmez gözellik, göz ýetmez giňlik, Özüne çagyrýar, gujagyn açýar. Gomlara döz gelip, labyryn taşlap, Kenary goraýan gämi mysaly. «Gara ada» bize bakýar buýsançly, Rowaýata meňzeş hakykat ýaly. Didarberdi ALLABERDIÝEW, magtymgulyşynas, mirasgär.” Gaty täsin, dogry dälmi?! Tutarykly bolar ýaly, häzir gyzlara kompýuterden şol gaýanyň žurnalda çap edilen suratyny hem getirdip, goýdurdym. Belki, aýagy ýetmedikler şol suraty görübem "bäh" diýerler. Wah, gidip, görüp bolsa Türkmenistanymyzyň içinde geň-taňlyklar kän-ow! * * * Sözüň gudratyna baş egdiren ýene bir waka boldy. Geçen hepdäniň içinde Kakajan Açyl özi aýtmyşlaýyn, biziň başymyzy üýşürdi. Ogly Myradyň “Aşgabat” kinokonsert merkezindäki kafesinde Atamytat Atabaý, Atajan Tagan, Nurgeldi Aşyrmämmedow hemem meni çagyryp, agşamlyk zyýapadyny ýapdy. Ikinji gatdaky aýlawly foýe-giň eýwanda güýzüň agşamara jana ýakymly howasynda hezil edip oturdyk, iýip-içdik, esasy gürrüň ýazyjy-şahyrlar, edebiýat hakda boldy, garaz, göwün solpusyndan çykdyk. Bir garaşylmadyk geň wakaýa boldy. Bir oglan pessaý heňde rus, käte iňlis, ispan dilinde aýdym aýdyp durdy. Şenbe gününiň agşamarasy bolansow, dynç almaga, iüp-içmäge gelen märeke ýetik. Keýpi gowy göterilen Atajan Tagan ker gulagy bilen sazam, aýdymam ýetik eşidip oturan bolmaly. Ara böwşeňlik düşende, ol Kakajan Açyla gatyrak ses bilen ýüzlendi: -Atdaş, men goşgy okaýsam bolmazmyka?! -Gatam bolar, oturanlar hezil ederler. Şeýle diýip, Kakajan turup gitdi-de, mikrofony getirip Atajanyň eline tutdurdy. Oturyp okamagy uslyp görmedik Atajan ýerinden turdy-da, rus dilinde “Dostlarym, ömez diýiň, maňa!”, “Palçy gelin” goşgularyny, soňam soňky goşgyny türkmençe okady. Gözüňiz bilen görmeseňiz ynanmarsyňyz, oturanlar, hat-da göçgünliräk oturan ýaş-ýeleňlerem diňe gulaga öwrüläýdiler. Okap boldam weli, şeýle bir çapak çalyndy weli, aşakda geçip barýanlaram aýak çekäýdiler gerek. Gapdaldaky stolda oturan uzyndan deşli bir ýigit gelip, ony gujaklady: -Agam, ýene-de okasana! Eýýäm ýerine geçen Atajan ýarym degişmeli söz urdy: -Ýaşgşy ýigit, az bolsa, hem süýji, hem gadyrly bolýandyr. Edil gabatda iki sany najyja gyz otyrdy näz-kereşme bolup. Şolaryň gepiksije biri ofisiant-hyzmat edýän oglanlaryň birini çagyryp, “Şol goşgy okan ýaşulynyň kimdigini anyklap gelsene, biz soraýar diýip aýdaýyň” diýipdir. Bu hereketi assyryn synlap oturan zaňňar Atajan ker ol ýigit gelip ýetäýmänkä, eýýäm wizitkasyny somlady: -Me eltip ber, inim, hiç bolmanda trubkada näzijek seslerini eşidip bir ýaýnaýyn. Biz gülüşdik. Hä-äý, ýaş segseni semeläp ýörkä-de, göwün garramaýan borly. 6.09. 2018. * * * „Garagum“ žurnalynda, „Edebiýat-sungat“ gazetinde soňky döwürde Öwezmyrat Ýerbendiniň hekaýalary köp çykýar. Şu awtorda birhili hiç kimiňkä meňzemeýän öwüsgin bar. Ynha, häzirem elime düşen „Garagumyň“ 5.2018 sanynda onuň „Ejeri“ atly hekaýasyny okadym. Garagumy söze salşy hiç awtoryňka meňzänok. Dogry, Berdinazar Hudaýnazaryň goşgularynda Garaguma söz bilen nagyş çekilişi bu sähranyň müň dürli ot-çöpi ýaly baş çämediberýär. Ynha, mysal: „Kesiljek halynyň hormatyna biz bilen bile Baltagam barardy. Eger ol bilmezlikde kimdir birine üýräýse-de, şol gün oňa käýelmezdi. Gaýtam halydan kesilip alnan ak erişler onuň boýnuna dakylardy. Sebäp, olam öz obamyzyň itidi“. Watanparazlygy soňkuja jümle gör nähili beýgeldýär! * * * Düýn agşamara Lebap welaýatyndan, has anygy, Türkmenabat şäherinden gaýdyp geldik. Ol ýerde „Amul-Hazar-2018“ halkara awtorallisine badalga berildi. Dünýäniň 25 ýurdundan 94 ekipaž bu ýaryşa gatnaşýar. Açylyş dabarasyna hem-de ertesi gündäki starta-badalga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Täsin çäre! Gatnaşýan, özem dünýäniň dürli ýerlerinde gelen adamlar Türkmenistan hakda gowy sözleri aýdýarlar. Howa yssyrak boldy, türkmen hasabyndan „saryja tomsuň“ gyzgyny maňlaýam, ýagyrnynam mazalyja gyzdyrdy. Ondan öň bolsa Mary GRESiniň çäginde utgaşykly ulgamda işleýän täze eletrik stansiýasynyň açylyşy boldy. „Çalyk Eneji“ türk kompaniýasynyň dört ýylyň dowamynda guran bu eletrostansiýasy Merkezi Aziýa sebitinde iň täze innowasion tenologiýaly desgadyr. Aýdylyşy ýaly, ile-güne bähbitli, goňşy-golama ýardamy ýetjek desga bolsun! Şol açylyşdan soň ir guşlukda wagonlara münüp, Lebap topragyna gitdik. Barybam her kim bir ýerde ýerleşdi, biz-baş redaktorlar täze aeroportuň ýolunda gurlan täze jaýlarda ýerleşdik, gowy hyzmatam etdiler. Hem-ä köpräk ýatyp, öýden alysda dem-dynç aldyk, ertesem köpräk ylgap, ganymatja ýoruldygam. Häzirem ynha, 8 aýyň jemine bagyşlanyp, toplum boýunça geçirilýçn ýygnaga ýygnanyp, Türkmenistanyň Syýahatçylyk boýunça döwlet komitetiniň mejlisler zalynda Burkut babanyň ýoluna ýadylan geçi ýaly içimizden „çekräp“, boş gürrüňlere boglup, demigip otyrys. Wah,şumat ýüpden boşan göle ýaly bolup, dazlap gidip, „gyzyl dilini dişläp“ ýatan negözel işleri bitirseň! Ertir agşam ýa-da birigün irden bolsa Awaza uçarys. Balkan welaýatynda uly açylyşlar bar, Garaşsyzlyk baýramçylygy bilen bagly uly çäreler bar. Türkmen aýtmyşlaýyn, barmaga aýak, görmäge göz sag bolsun! Nesip etdiginden, bilimiz guşalgy, haçan „çüw“ diýilse, goşumyz güwülgi dur. 12.09. 2018. * * * Şu gün ir sagat 10-da Olimpiýa şäherjiginiň „Sport“ myhmanhanasynda „Amul-Hazar-2018“ halkara awtorallisine gatnaşyp, ýeňiş gazanan sürüjilere-sportsmenlere baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabarany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Bedimuhamedow açyp, sportyň ähmiýeti, onuň jemgyýeti sagdynlaşdyrmakdaky orny, saglyga, merdanalyga edýän täsiri hakda gürrüň etdi. Düýn agşamara bolsa biz Türkmenbaşy şäherinden gaýdyp geldik. Ol ýerde „Amul-Hazar-2018“ halkara aňwtorallisiniň jemlenmesi-finaly boldy. Ertesi-17-nji sentýabrda bolsa Garabogaz şäherinde ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän zawodyň-gazhimiýa toplumynyň açylyşy boldy. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşdy, söz sözledi. Gowy dynç alyş hem boldy. Deňze suwa düşüdük, baý gowudygyny! Saryja tomus tamamlanyp barýan wagty-sentýabryň ortasynda Hazaryň suwy edil ýyljajyk süýt ýaly mylaýýym, tä barmaklarymyzyň ujy garrap gidýänçä suwa düşüp hezill etdik. Baýdak meýdancasynda awtoralla gatnaşanlary uçdantutma sylaglamak dabarasy geçirildi. Gün gaty gyzdy, tomsuň bir güni gizlenip galana döndi. Agamasy bolsa Prezidentiň adyndan Hazaryň kenarynda banket-agşamlyk nahary berildi. Awtorallide iň gowy-naýbaşy bolanlary Prezident we awtoralli boöunça halkara Federasiýasynyň prezidenti sylaglady. Keýpi topugyndan dökülýän myhmanlar baý pyrlanyp, aýlanyp tans oýnadylar. Ylaýta-da bili bir gysym, hakyky sportsmen-sürüji daşary ýurtly näzeninler iki aýagyny jübüt tutup dikligine göwräni ýokaryk zyňyp bir tans edýärler weli, agzyňdan suw akyp gidýär-aý, walla. Ine, şu “Sport“ myhmanhasayndaky dabarada hem hormatly Preziidentimiz 4 sürüa ýeňil awtoulag, galanlaryna hem gymmat bahaly sylaglary gowşurdy. 18.09.2018. * * * Dil diýlen zadyň döwletiň ösüşine, aňyýetiiň öňe gitmegine, intellektual derejäniň kämilleşmegine diýseň uly täsiriniň bardygy hakynda täsin maglumatyň üstünden bardym. 1965-nji ýylda Singapur döwlet hökmünde Malaýziýadan bölünip aýrylanda, iki ýurt hem iňlis dilini döwlet dili hökmünde yglan edýär. Ýöne birnäçe ýyldan soň Malaýziýa iňlis dilinden ýüz öwrüp, okuwy-bilimi dolulygyna malaý diline geçirýär. Bu ýagdaý ykdysady, syýasy ösüşe, şahsyýet kämilligine uly selteň salýar. 2003-nji ýylda iňlis dilinden ýüz öwürmegiň düýpli zyýanyna açyk göz ýetiren hökümet ýene-de okuwlary dolulygyna iňlis diline geçirmäge mejbur bolýar. Ýöne eýýäm ene dilleine öwrenişen obalaylar bu karar bilen ylalaşmaýarlar. Mejbury bolup 2009-njy ýylda hökümet ýene-de ähli sapaklary malaý dilinde okatmak düzgünini girizýär. Aňy-dili bulaşan halk ösüşiň 30-40 ýyl yzyna zyňylýar. Ýeke-täk, özem dünýäde iň köp gürlenilýän iňlis dilini ymykly döwlet dili edinen Singapur ählitaraplaýyn öňe gidýär. * * * Ýuwaş umman sebitinde, has anygy, Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşen Indoneziýa 17 müň 500 adadan ybarat ýurt. Gündogardan günbatara 5 müň kilometre ýaýlyp gidýän Indoneziýa esasan musulman döwleti bolup, halkyny 220-den gowrak etniki toparlar düzýär. Malaý dili esasy dil, beýleki dialekt dilleri bolsa goşmaça dil hökmünde mekdeplere ornaşdyrylýar, şeýdip bu döwletde öz döwrüniň Prezidenti Sukarno taryhy hyzmat bitirýär, häzir bu ýurtda ýaşaýanalar bir-biriniň diline tälkewsiz düşünýärler. 29.09.2018. * * * Haýran galmaly paradoks! Dünýä belli Oksford hem-de Kembiriž umiwersitetlerini tamamlaýanlaryň içinde özüni syýasata urýanlary juda az eken. Aglabasy bankir, maliýeçi, ykdysadyýetçi, lukman, hukukçy, işewür. Tejribäniň görkezişi ýaly, bu aňrybaş ylym ojagyny tamamlaýanlar Britaniýanyň Parlamentiniň öňki hatar kürsülerinde oturmagy däl-de, pul gazanmagy has ileri görýärler. Günbatarda “ministr bolaňdan, puldar bolanyň has gowy” diýlen üýtgewsiz düşünje höküm sürýär. * * * Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyny belledik. Şoňa gabatlanyp Mary GRES-inde bug bilen üznüksiz işleýan täze ektrostansiýa açyldy. Yzýany Garabogaza gitdik. Ol ýerde “Garagogazkarbamid” zawody açyldy. Kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna dökün öndürmäge ukyply bu toplum häzir Merkezi Aziýada iň naýbaşy senagat desgasydyr. Aşgabatdaky 45 müň adamlyk “Olippiýa” stadionynda 27-nji sentýabrda agşamara uly baýramçylyk boldy. Ertesi Çülüdäki (häzir Gökdere) atçylyk-sport toplumynda uly at çapyşygy boldy. Ýeňijilere 15 müň, iň naýbaşa bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 45 müň amerikan dollary sowgat berildi. Gutly bolsun! 1.10.2018. * * * Türkmen hakda, bu milletiň ogul-gyzlarynyň bitiren, dünýä ýaň saldyran işleri, haýran galdyran edermenligi, başarnygy, ukyby hakda eşitmek gör nähili ýakymyly! Russiýanyň “Звезда” teleýaýlymynda ady belli sirk iussady, haýwanlary eldekileşdiriji Edgard Zapaşnyý biziň ildeşimiz, SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň halk artisti Döwlet Hojabaýewiň 90 ýaşamagy mynasybetli ýörite gepleşik berdi. Gör nähili ussat! “Türkmen jigitleri” (“Туркменские джигиты”) at üstündäki sirk toparyny döredip, Älemi aýlanan, aýlanybam, gamyşgulak, gyzgylyk, towşan turuşly, ynsan gylykly bedewleriň üstünde göze ilmeýän çeýe-çakgan hereketler bilen owazasy yklymlar baglan türkmenleriň biri. Oglan wagtymyz-geçen asyryň 70-nji ýyllarynda ak-gara görkezýän telewizorda Döwlet Hojabaýewiň, şeýle hem doganlar Annaýewleriň sirk arenasynda at üstünde edýän oýunlaryna seredip, baý, kän aňkarylyp oturandyrys-a. “Edil jyn ýaly” diýilýänidi ediberýän oýunlary, görkeziberýän tomaşalary. Ady belli alym, ençeme ýyllap dünýä belli ylym ojagyna-Türkmenistanyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutyna direktor bolan Paltamed Esenow iş ýerime gelende, ýokarky täsirleri paýlaşdyk. Şonda ol bir täsin wakaýany gürrüň berdi: -Şol döwürde-80-nji ýyllaryň başynda bir gezek aşgabada belli “Aspirantlar öýi” diýilýän ýerde dynç güni üýşüp, çaý-nahar edinip otyrdyk. Daşoguzdan Durdy Gylyç şahyryň ogly Aman (ol ençeme ýyllap Daşoguz welaýat sport komitetine başlyklyk etdi), ýene birlän ikilän myhman bardy. Birdenem biri “Täze açylan sirke Döwlet Hojabaýewiň ýolbaşçylygyndaky artistler gelipdir, agşam çykyşy bar” diýip habar tapdy. Bu täzelikden soň böwregi bölüp duran ýaş ýigitler, “gideliň, göreliň!” boluşdyk, Topumyzy bozman bardyk. Kassanyň agzyna ýetenimizde weli, bar keýpimize sogan dograldy. “Biletler satylyp gutaryldy” diýdiler. Bizem her zat etjek, görjek. Biziň halymyza dözmedik kassir zenan “oglanlar, Hojabaýewi tanaýan bolsaňyz, göni ýanyna baryň. Ol her seans üçin 10-12 biledi özüne goýdurýar, iň öňdäki hatarda gaýşarylyp tomaşa edibem bolýar” diýdi. Onsoň oglanlaryň biri ýeseräk gürrüň-teklip oklady: “Siziň geleniňizi eşidip, ýörite Daşoguzdan geldik, ýaşuly, oýnuňy görmän yzymyza gitjek däl” diýäge-de, ýanyna baralyň!” Keýpikök, göçgünli ýigitler, “ýör-hä-ýör!” boluşdyk. Görsek, suraty gazetleri bezäp ýören, telewizopda bir görlende keşbi ýatda galaýan adam sirkiň ýeňse gapysynyň agzynda üç-dört adam bilen mesawy gürrüň edip otyr. Baryp salam berenimizden, bir öwşerilip seretdi. Ýagdaýymyzy aňandyr-da: -Hä, ýigitler, bilet gerekmidi?-diýdi. Aman dilewarrak bolansoň: -Wah, şo gerek-dä. Daşoguzdan ýöriteläp şu sirki görmäge genlerimizem bar içimizde, Size-de Kalininsk (häzirki Boldumsaz) raýkomynyňň birinji sekretary Mergenow köp salam goýberdi-diýip sugşurdy. Döwlet Hojabaýew derrew ýerinden turdy. Biziň bilen elleşip salamlaşyp çykdy. Hoşgylaw ýylgyrdy: -Oglanlar, doglan topragyň hemişe ýatda durýandyr, bilseňiz. Boldumsazy göresim gelýän-ä çyn. Ene ýabyň boýunda oturyp, gyzgynjak tamdyr çöregi mele suwa batyryp iýsem, ýaşlygym gaýdyp geläýjek ýaly göwnüme. Hany, ýörüň sizi ýerleşdirip gaýdaýyn men. Şeýle diýip, ol öňümize düşüp, arenanyň iň öňdäki hataryndan bize ýer görkezdi. Hezil edip tomaşa gördük. Dogrusy, at üsründe ýelgamak bolup pyrlanýan ak telpekli, gyrmyzy donly jigitleri synlap, agzymyz açyldy. Sirk gutaransoň taňryýalkasyn aýdaly diýip, ýene-de Döwlet Hojabaýy gözläp tapdyk. Ol Duşanbeden öňňün gelendiklerini, bir aý gowrak aşgabatda boljakdyklaryny aýtdy. Biz edilen ýagşylygyň aşagynda galmajak bolup, ony çaýa çagyrdyk. Ol “Wah, siz ýaly ýigitler bilen otyryşyp bilsem, ne armanym!’ diýip, begenip, ylalaşdy. Biz gününi belleşip, ony Köşüdäki howlularyň birinde guran oturylyşygymyza alyp gaýtdyk. Mymyk bagşa hem aýdym aýtdyrdyk. Döwlet aga ýazylyp-ýaýrap oturdy. “At üstem-ä hezil weli, ýerde oturyp, aýbogdaş gurup, bagşy diňleseň başga bolaýýar. Ýöne oglanlar, men dogrujamy aýdaýyn, aýdymyň hemme sözüne düşündim, sazyň heňiniň ählisini aňşyrdym diýsem ýalançy, emma diňläp otyrkam, biri üstümden gyzgyn suw guýup duran ýaly boldy” diýdi. Şonda bir geň wakanam gürrüň berdi: -Kanada gastrolymyz wagtynda Toronta şäherinde çykyş edip ýörkäk, bir türkmen adamy geldi. Garsa gujaklap, gözýaş edip dur. “Diliňize döneýin, hany türkmençe gepleseňizläň!” diýibem baý, özelenýär. Asyl görüp otursak, ol Beýik Watançylyk urşunda ýesir düşüp, soňam şol ýere-Demirgazyk Amerika düşüpdir. Ýeli gyzlaryň birine öýlenipdir, iki çagaly bolupdyr. Ýöne özünden özge türkmen bolmansoň, ene dilini tas ýatdan çykarar derejä baryberipdir. ‘Him bilen gürleşeýin, diňe içimi hümledip, öz-özüm bilen gepleşip, gijämi-gündizi geçirip ýörün” diýýär. Ynanmarsyňyz, bir hepdelik gastrolymyyz wagtynda her gün biziň ýanymyza gatnap, ene dilimizde gepleşip, şol yürkmeçäni täzeden öwrenäýdi. “Indi ölmänkäm, öz-özüm bilen gepleşip, içimi sowadarlyk gor edindim” diýende walla, inim dyglap gitdi hoşlaşanymyzda... Palta Esenowiçiň gürrüňi meni hem haýran etdi. Ylahym, türkmeniň adyny jahana ýaýan Döwlet Hojabaý uzak ýaşasyn! 9.10. 2018. * * * Her gün säher bilen (sagat 6-da turup) ertirlik edinip otyrkam, çaýymy “Owaz” teleýaýlymynda berilýän dutaryň sesine goşup içmek edähedim bar. Çaý janyňa noş bolaýýar. Şeýtmesem kemişdä dönäýýän. Ýene bir telwas edýän zadym-halyplaryň başdan geçirmelerini gulak gerip diňlemek. Şonda belli çagalar şahyrymyz, ýatan ýeri ýagy bolmuş Gurban Çöli pahyryň bir gezek aýdyp beren gyzykly gürrüňi ýadyma düşüp gidýär. -Öňki Soýuz döwründe her ýylyň tomsunda Baltika deňziniň ýakasyndaky gözel künjekde-Ýurmala şäherinde çagalar edebiýatynyň günleri geçirilerdi. Ine, bir gezegem Nury Baýram ikimizi ugratdylar Türkmenistandan wekil edip. Bardyk, ýerleşdik, barmaly çärelerimize gatnaşdyk. Indi birki gün dynç alara maý döredi. Şol döwürler “wodolazka” diýilýän, boýnuňy büräp duran bir eşik nysak bolupdy. “Atly gözläňde tapdyrmaýar” diýilýän şo gyt zadyň dükünda duşýan ýerem biziň baran ýerlerimiz. Onsoň hyýalym wodolazka gözlegine gitmekdi. Bu pikirimi Nura hem ýaňzydypdym. Ine, ol hasanaklap girdi gapydan guşlugraklar. “Ýör, çaltrak, gitdik!” Gitdik. Ol meni düküna däl-de, filarmoniýanyň gapysyndan eltdi. “Näme?” diýsem, elindäki çakylyk biletleri uzatdy. “Meýilnama boýunça şuňa girmeli, bizden galany eýýäm oturypdyrlar öýdýän, bol howlugaly!” Şeýdip ol meni itekläp diýen ýaly gapydan saldy. Oňa deňijem serenjamçy gelin goltugymdan tutup, ýarym garaňly zalda oturmaly ýerime tarap idirdedip äkitdi. Oturyp, gapdala seretsem, Nury ýok. “Wah, kelte deýýus!” diýip, bir hyrçymy dişläp, başymy ýaýkadym, içimiň ýangyjyna. Meni bilgeşländen şeýdenini bilip, içim tütäpjik dur. Oňa çenlem konsert başlady. Ol “kamera sazlary” diýilýäni eken. Tabyt ugradylanda çalynýanam, gamly günde çalynýanam, uzyn, irkilip turýançaň çalynýanam bar. Gozganjyrasam, gapdala öwrüljek, oňarsam çykyp gitjegem bolsam, ýa gapdaldaky gözüni alardyp seredýär, ýa biri ”gorşanman otursaňyzlaň!” diýip, kineli pyşyrdaýar, kim egnimden ýuwaşja basýar. Tüýs jöhütleriň halaýan, biziň ýaly dutaryň sazyna ulalanlaryň gulagyna bigäne degýän, asyl ynansaň, ýüregiňi mynçgalaýan sazlar-da. Ynansaň inijigim, men urşuň yzunda galan gögele, özem ýetim oglan bolamsoň, galyň garda aýakýalaňajam gezip gördüm, injigimi gyzyl käşir ýaly edip, dabanyma hersi temen ýaly çöňür-tiken çümdürip, goýun bakybam gördüm, açlygymdan ýaňa burlup ýatan gezeklerimem az däldir. Al ýöne şol ýetimlikde, horlikda geçen dört ýylym bir ýana, şo gezekki konsert “diňläp” gören horlugym bir ýana boldy. Hut ýagydan sypan ýaly bolup, konsertden çykdym-da, Nury deýýus gözüme görünse, güýjüm ýetmese-de, aslyşyp, ýaňagyna bir şapbat çaljagym çynymdy. Hasanaklap bolýan ýerimize gelsem, niç zat bolmadyk ýaly, şirpildedip çaý içen bolup otyr, it ýylgyrşyny edip. Gaty gaharymyň gelenini ýüz-gözümden aňandyr-da, derrew iki sany wodolazkany uzatdy: “Al, uzyn nobata durup, zordan alaýdym, ikisi seniňki”. Gözläp ýören zadyňa gözüň düşse, gaharyň gaçaýýan eken. Onda-da Ýurmaladaky şo görlen görgi, alnan lezzet däl-de, iýlen ezýet ýadyma düşse, henizem inim tikenekläp gidýär”. Her gezek irden dutar diňlämde Gurban Çöli pahyryň şol gürrüňi ýadyma düşüp, ýylgyrýan. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, halypa! * * * “Türkmen dili” gazetiniň şu gezekki-10-njy oktýabrda çykan sanynda “TANYSAŇ, DÜNÝE MALYDYR...” atly makala çal edilipdir. Onuň awtory Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Ýolaman Gurbanow . Gaty täsin maglumatlara baý şol makalany “göçürmegi” dogry tapdym. Belki, muny okanlar peýdalanarlar, bilmedigini bilerler, öňküsiniň üstüni doldurarlar. (gysgaldyldy). Köşek – düýäniň dünýä ineninden alty aýa çenli bolan ýaş aralygy. Torum – alty aýdan bir ýaş aralygyndaky uly köşek. Güýzüň ilkinji günleri ýandak çapylyp, däne ýygnalýar. Düýäniň şondan soňky döwrüne torum diýilýär. Ogşuk – bir ýyl iki aý ýaşan düýe. Ogşuklar maý aýyndan soň gyrkyma gelýär. Keser (iki ýaşar) – iki ýaşyna ýeten erkek düýe. Burunlyk – düýäniň burnuna ýa-da burnunyň ujundaky çetnige daňlyp idilýän ýüp. Gaýalyk (duluç) – 3 ýaşar inen düýe. Bular 3 ýaşyna baranda gaýýar. Botlan düýe – ilkinji köşegini dünýä indiren düýe. Iner – arwana bilen bugradan bolan, boýny tüýlek erkegiň bir görnüşi – bäş ýaşdan geçen düýe. Bular 8–10 batman (200 kg) çemesi ýük götermäge ukyply. Iner kerwen üçin iň zerur mal. Sebäbi, ineriň beýlekilerden tapawudy, aýagy berk bolýar. Şonuň üçin olar, gar-taýgaklyk bolsun, eňňit bolsun, dagyň kert ýeri bolsun... hiç haçan taýmaýar. Üstüne sygan ýükdenem hiç hili heder etmeýär. Ýeri basanda-da şeýle bir dogumly basýar, irmäni bilmeýär. Kerwen üçin düýeler ýörite terbiýelenmeýär. «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýleni. Beýewar, ýükli düýeleriň biri maýrylaýan halatynda, olary inerlere taýlap ýükläpdirler. Ineriň ýüki ýazdyrylanda, ony çökermezden, duran ýerinde çöşlemeli. Sebäbi, inerler tasyrdap çöküp, ýatan ýerindenem tarsa göterilýän jandar. Bu ýagdaýam üstündäki agyr ýük zerarly böwreginiň süýşmegine getirip bilýär. Inerler babatda il arasynda «Logala ber-de, baharda gör, jöwen ber-de, hatarda gör» diýen parasatly pähim hem bar. Bu diýildigi, agyr kerwen ýola düşende, içinde çöküp galmaklaryndan howatyrlanyp, ätiýaçlyk üçin gapylar ýanlary bilen bir halta üwelen jöweni alyp gidipdirler. Gapyla – arap dilindäki «kafyle» sözünden gelip çykyp, «kerwen, ýolagçylar topary» diýmegi aňladýar. Sarwan – düýe çopany. Göhert – inerden gaýyp, arwanadan bolan ýa-da bugradan gaýyp, maýadan bolan düýäniň erkegi. Göhert garraberse dişleri lagyrdap, özlerem bagyryp, semräberse-de, eýesini depip-dişlemegi hiç zatça görmeýär. Kärderi – inerden gaýan, arwanadan bolan inen düýe – gany bulaşan, häsiýetsiz mal. Bu barada «Saklasaň kärderi, çykarar alyn deri» diýen halk pähimi hem bar. Muny çarwalar o diýen bir unamaýar. Sähel bolup, maý tapyberse, bagyryp hezil bermeýän düýelerden hasap edilýär. Maýa – bugradan gaýan, arwanadan bolan inen düýe. Arwana – uly düýäniň hasabyna goşulan inen. Bular kerwen üçin ukypsyz. Türkmen aganyň «Bir düýäm bar – arwana, sürsem, gitmez kerwene» diýmegi-de ýönelige däl. Arwanalar gazaply gyşa dözümsizdir. Olar çygly ýerlerde, kölleriň we derýalaryň kenarynda özlerini ýaramaz duýýar. Emma arwana türkmeniň ýagşy gylyk-häsiýetlerini özüne siňdiren, ynsan durmuşy üçin juda ähmiýetli bolan jandar. Türkmeniň saryja goýny, alabaý iti, bedew aty, arwanasy halkymyzyň ýagşy hüý-häsiýeti bilen hutma-hut gabat gelýär. Arwana beýlekilere garanda, ýokary derejeli süýtlüligi, et önümliligi bilen tapawutlanýar. Düýäniň bu tohumy örküjinde 40–60 kilogram ýag saklap bilýär. Olar kadaly şertlerde Güne bakyp çökýär we beýleki mallaryň iýip bilmeýän tikenli, dürli görnüşli otlaryny iýip bilýär. Süýji suwuň ýok ýerinde duzly, ajy suwlary hem içip, oňup bilýär. Hakyky arwananyň, hatda gulagynyň içinde-de tüýi bolmaýar. Örküji-de biraz yzrakda ýerleşýär. Ardana – köşeksiz sagdyrýan düýe. Bugra – iki örküçli düýäniň umumy atlandyrylyşy. Bugralar, galaba ýurdumyzyň çetki demirgazyk sebitlerinde seýregräk duş gelýär. Dünýä ýüzi boýunça-da bular Zemin düýeleriniň 10 göterimine barabardyr. Aýry – iki örküçli maýa. Heşdek – iki örküçli erkek. Gartaşan düýe – on bäş-on sekiz ýaşan inen düýe. Garry düýe – ýaşy on dokuz-ýigrimiden geçen inen düýe. Harwar – düýä urulýan 7 batman, ýagny 140 kg möçberindäki ýük. Serwer – harwaryň üstüne 1 batman (20 kg) möçberindäki urulýan goşmaça ýük. Bu dogruda il arasynda «Harwaryny göteren serwerini-de göterer», «Altmyşyny arkalar, kyrkysyny goltuklar» diýen nakyllar hem bar. Depebag – hatabyň ýokarky bölegine berkidilýän ýüp. Sazak, köwreýik, köjelik – düýäniň esasy iýmiti – höregi. Kekre, kerwengyran – düýeler üçin zyýanly bolan tagamy ajy ot. «Kekreli oýa kowduk düýäni, süýdünde ajy duýduk düýäniň» diýen pent pederlerimiziň bize goýan mirasy. Guşgun – howut öňe süýşmezlik üçin düýäniň guýrugynyň aşagyndan alnyp howuda berkidilýän ýüp. Çemmer – howudyň berk durmagy üçin düýäniň garnynyň aşagyndan alnyp daňylýan ýüp. Ol ýasy ýüpden edilýär. Bu söz göçme manyda – «Düýe çökerip, çemmer işmek», ýagny, edilmeli işi öz wagtynda etmän gyssagara, howul-hara ýerine ýetirmek manysynda hem ulanylýar. Şu iki ýüp howudyň öňe-yza süýşmezligi üçin esasy güýç bolup hyzmat edýär. Ikisiniň-de ýüpleri gurgan bilen daňylýar. Howut – düýä ýük urmak üçin salynýan ýörite ýasalan hataply enjam. Hatap – howudyň öň tarapynyň üstüne goýulýan haçja görnüşli dört sally agaç esbap. Düýä münüp, hataba bukmak – aýdyň zady ýaşyrjak bolmak, gizlemek. Bu durnukly aňlatma «Düýä münüp, hataba bukulma!» diýen nakyla hem öwrülipdir. Sepirjik – düýäniň gapyrgasynyň iki tarapyndan döşe gelip birleşýän ýerinde aşak çykyp duran gaty bölejigi. Düýe çökende, onuň 3 zady özüne pena bolýar: Öňki aýagynyň tirsegi, yzky aýaklarynyň ýamalygy, döşündäki sepirjik. 10.10.2018. * * * Bu dünýäniň geňdigini! Alanyna begenýänem bar, berenine begenýänem. Ýöne soňkusynyň gowudygyny “Alla “men bir eli bilen berene iki elim bilen bererin” diýenmiş” diýen nakyl anyk aýdyp dur-a! * * * Iş ýerime belli atşynas, tanalýan seýis Bäşimdurdy Şadurdyýew geldi. Men hem daýhan, hem atşynas, şol bir wagtda-da mirasy öwrenmegiň ölemen aşygy, il içindäki dürli gürrüňleri, rowaýatlary, aýtgylary, ylaýta-da bedewe degişli gymmatlyklary edil zer çöplän ýaly edibilňýän adam bilen öňden gatnaşykly. Bäşimdurdy aganyň dürli temadaky, esasanam bedewlere, atşynaslara bagyşlanan makalalary biziň žurnalymyzda yzygider çap edilýär. Bu gezgem çaý başynda ol maňa eşitmedik bir hekaýatymy aýdyp berdi. Ol şeýle: - Häzirki gürrüňimiz Arkadagymyzyň Akhan atynyň gelip çykyşy barada. Bu barada men gyzyklydan täsin maglumatlary tapdym il içinden. Akhanyň ata-baba aňyrsyny yzarlap otursak, diňe bir onuň şejere daragty däl, şol atlar bilen baglylykda bir topar şahsyýetler örboýuna galýar. Akhanyň atasyna Gurply, enesine Ruhyýet diýýärler. Gurplynyň aslyny yzarlap gitseň: Gökleň, Derbi, Keýmir, Gyrsakar, Algyr, Ak işan, Meleçep, Boýnow, Läläniň çepi, Garamça, Gutlysakar ýaly iň naýbaşy, tohum atlardan gözbaş alyp gaýdýandygy äşgär bolýar. Şu atlary seýislän, çapan adamlar barada ýatlap geçeniňde bolsa, olaryň çapyksuwarlykda, at ýetişdirmekde özlerini dünýä tanadan adamlar bolandyklary seni buýsandyrýar. Sözümiz gury bolmaz ýaly, olar barada bilen-eşidenimden hem görenimden ýatlap geçeýin. Bular halkyň içinde rowaýatlardyr ertekilere öwrülen hakykatdyr. Akhanyň gelip çykyşynda, düýp-damarynda Ak işan piriň aty bar. Ak işan pir bilen baglanşykly köp wakalar dilden-dile geçip, biziň günlerimize hem gelip ýetipdir. Şol rowaýatlardan bir täsin wakany gürrüň bereýin. Ol waka şeýle bolupdyr. ...Bir baýyň ýyndam gysragy bar eken. Aradan esli wagt geçse-de, ol baý gysragyndan taý alyp bilmändir. Günleriň birinde çuňňur oýa batypdyr. Şol pursat baý: «Şundan bir taý alyp bilsem, şony Ak işan atama berjek» diýip, içinden pikir öwürýär. Allanyň gudraty bilen uzak wagt garaşdyran taý dünýä inýär. Ol taý şeýle bir owadan, şeýle bir ýyndammyşyn. Ol taýyň geljekde uly aýlawlary baglajagy doglanyndan aňdyrypdyr. Muňa aňrybaşy bilen göz ýetiren baýyň ýaňkyja taýyny Ak işana beresi gelmändir. Ýöne «aýdylan söz, atylan ok» diýleni. Şunlukda baý her edip, hesip edip, taýy bermezden Ak işany yrza etmeli diýen karara gelýär. Baý şol niýet bilen işan aganyň huzuryna barýar. Ol bolan ýagdaýy işan aga gürrüň berýär. Ak işan bolsa: «Allanyň gudraty bilen dünýä inen taýy maňa aýdan bolsaň, bermeli borsuň. Belki bu bir Allanyň bendesine edýän synagydyr» diýýär. Taý alty aý bolansoň, ene süýdünden aýrylýar. Muny eşiden Ak işan baýa ýüzlenip: «Sen şol taýa «eýäňi tap!» diýip goýber. Gapymy tapyp gelmese, şol taýy al-da, ötägit, men razy» diýýär. Taý ýola düşeninden göni işan aganyň gapysyndan barypdyr. Baý üç gezek: «Keramat, keramat, keramat!» diýip, bar sesi bilen gygyrypdyr. Bu gudraty gözi bilen gören baý Ak işanyň ýanyna baryp, gowy dilegler edip, razylaşyp gaýdypdyr. Şol wagtlar işan aganyň gapysynda ylym alyp ýören Öwezmyrat atly ýetim oglanjyk bar eken. Ak işan şol taýy Öwezmyrada sowgat berýär. Ol taýa ideg edýär. Ondan men diýen at çykarýar. Şol döwürler toýlarda at çapdyrylanynda oňa Ak işanyň atyny hem gatnaşdyrýarlar. Öwezmyrat hälki at çykan taýyň çapyksuwary bolýar. Şeýdip ol toýda ilkinji bolup pellehana gelýär. Şondan soň ol «Ak işanyň aty» diýip, at alýar. Wagt geçip ony Ak işan diýip, atlandyryp ugraýarlar. Ak işan diýen atdan bolsa özi ýaly ýüwrükden zyba-gözel atlar döreýär. 1919-njy ýylda şol atyň urugyndan gaýdan ata yrym edip, gaýtadan Ak işan diýip, at dakypdyrlar. Ak işandan bolan ata bolsa Algyr diýip at dakýarlar. Algyrdanam Gyrsakar bolýar. Ony Türkmenistanyň at gazanan seýsi Annaguly Kiçiýew seýisleýär, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Babaly Taýmazow bolsa çapýar. Babaly şol aty çapanda, seýsi Annaguly: «Ak işanym, ýetiş!» diýýär. Babaly muňa düşünmän, näme üçin şeýle diýeniniň sebäbini soraýar. Annaguly halypa bolsa: «Gyrsakar Ak işanyň atyndan gaýdýar, şoň üçinem şeýle diýýän» diýip jogap berýär. Ynha, şular ýaly rowaýata öwrülen wakalar halkyň içinde henizlerem ýaşaýar, häli-häzirlerem gürrüň edilýär. Çünki ol rowaýatlar halkyň hakydasyna ýazylypdyr. Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Orazgeldi Atamyradowdan eşiden gürrüňlerimiň birini ýatlaýyn. 1963-nji ýylyň ýaz aýlarynyň bir güni Ahalyň Garadaşaýak obasynda owadan taý dünýä inýär. Ol döwürler seýisler taýynyň bolanyna begenip, bir-birine ogly bolan ýaly buşlaşar ekenler. Aşyr Garrybaý şonda Orazgeldi bilen gabatlaşanynda: «Hany, seniň taýyňy bir göreli!» diýýär. Taýy synlap durka, Orazgeldi Aşyr Garrybaýa ýüzlenip: — Syn et, bak, gör haýsy atyň ugruna meňzeýär? — diýip, soraýar. Aşyr Garrybaý taýyň daşyndan, öňünden, yzyndan syn edip, şeýle diýýär: —Öňünden seretseň, kelle tutuşy, döşüniň giňligi Gyrsakaryň ugruna meňzeýär. Yzyna geçseň, Atahojanagyň Ak bilegem görünýär. Soňam Orazgeldi halypa: «Gyrsakaryň aňyrsynda görülmedik keramat bar» diýýär. Aşyr Garrybaý muňa düşünmän, jikme-jik soraýar: — Ol näme diýdigiň boldugy? Aşyr Garrybaý: — Ak işandan gaýdýar diýdigim şol- diýýär. 1963-nji ýylda doglan hälki taýa Derbi diýip at dakypdyrlar. Ol at şeýle ýyndam eken. Onuň atasy Keýmir, enesi Pobeda atly tohum atlardan bolýar. Derbi Türkmenistanda ençeme ýaryşlara gatnaşyp, birgiden baýraklar alypdyr. Ony seýislän Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Narly Ataýew, çapan Baba Annaseýidow dagylardyr. Bu aty ýatlaýanymyzyň sebäbi, ondan 1979-njy ýylda Gökdepäniň «Ahal» daýhan birleşiginde Gökleň diýen at dünýä inýär. Gökleňiň atasy gürrüňi edilýän Derbi, enesi bolsa Gülsarydyr. Ony Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet aganyň okuwçysy Geldimuhammet Annalyýew seýisleýär. Gökleňi seýisläp, çapyşy barada meşhur seýis Geldimuhammet aga şeýleräk gürrüň berýär: — Türkmende «mal eýesine çekmese, şumluk» diýlen aýtgy bar. Şu aty seýisläp, çapanymda onuň gelip çykyşy barada seýislerden gaty täsin gürrüňleri eşitdim. Özümem dogrusy, bir geňsi wakany başymdan geçirdim. Şondan gürrüň bereýin. Ertir Gökleň bilen Alýur diýlen at ýaryşa goşulmaly edilipdi. Öň ýany ikisi çapyşyp gördi. Gökleň ýarym boýun Alýurdan yza galdy. Indiki ýaryşda ýene şular çapyşmalydy. Şonda daňdana golaý bir düýş gördüm. Düýşüme Ak işan atam girdi. Ol maňa: «Geldi jan, göwnüňden näme çykarýan bolsaň, Ak işanyň ýoluna aýt!» diýdi. Menem şony aýtdym hem ýetim çagalara berdim. Ine, şondan soň, Gökleň ep-esli ara açyp geldi. Görüp otursam, Gökleň Ak işanyň atynyň ugrundan bolsa nätjek?! — diýip gürrüň berdi. Ýadyma düşüşinden ýene bir geň waka barada gürrüň bereýin. 1952-nji ýylyň ýaz aýynda bir täsin taý dünýä inýär. Ony ähli seýisler, atbakarlar, çapyksuwarlar görýärler. Bu taýyň ýöne taý däldigini bada aňyp, oňa gowy at gözleýärler. Ilki Göroglynyň soňra Magtymgulynyň, Mätäjiniň adyny dakjak bolup, seýisler özara sala salyşýar. Babaly aganyň gürrüň berşine görä, şol döwürde seýisleriň ýaşulusy Annaguly Kiçä maslahat salýarlar. Şonda köpügören adam: «Maňa maslahat salsaňyz, ahalteke atyny atlanyp, ony Ýer ýüzüne tanadan, janyny orta atyp, ýurdunyň ar-namysyny goran, gönümelden weli şahs bolan Keýmiriň adyny dakalyň. Sebäbi Keýmiriň bir öz diýen gürrüňi bar: «Men ölemden soň meniň adymy ýedinji arkama dakyň. Ondan bärdäkilere daksaňyz meň adymy götermez, ýa däli, ýa-da gepe düşmez bolar. Soň daksaňyz elýetmez bolar» diýipdir. Bu gürrüňi eşiden uly märekä taýa Keýmir diýip at berýärler. Şeýdibem at adyna eýe bolup, aýlawda öňüne bedew geçirmeýär. 1930-njy ýylda bolan Arap hem Ak işanyň ugrundandyr. Şondan gaýdan atlaryň birentegi ýyndamlykda, owadanlykda özüni tanadan bolsa, birnäçesi konkur, marafon ýaryşlarynda meşhurdyr. Anyk aýtsak, konkur ýaryşynda Arap hem Absent, ýyndamlykda Garader, owadanlykda Gaplaň, marafon ýaryşynda Peýkam diýen atlar dünýä tanaldy. Hormatly Prezidentimiziň Akhan aty bolsa öň aýaklarynda on ädim ýöräp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Geljekde hem V Aziýa oýunlarynyň çempiony bolan, Toýçy diýen gyr atym ýaly at ýetişdirjegime ynamym bar... Men bu gürrüňleri diňläp, gürrüňdeşime “sen bulary kagyza geçiribillseň, derrew žurnalymyzda çap ederdik” diýdim. Ol söz berip gitdi. Uzaklaşdyrmanam getirdi. Şeýdibem şu ýylyň oktýabr aýyndaky sanynda “SEGREDIP BEDEW MÜNERLER...” atly makalasyny berdik. Il içindäkini il bilse oňa ýetesi sogap barmy näme?! * * * Güýz görnüşi göwne gussa guýýar. Ynha, agşamara öýden çykyp, gezelenç edip ýörün weli, depesine gözýetmez agaçlaryň şahasyndan tänip gaýdýan sary ýapraklar ýere düşek bolýar. Bu görnüşe birhili ýüregim sanjyp gidýär. Göýä şol ýaprak ömrüň bir ülüşini üzüp, gaýyp gaýdýan ýaly. Ömürler şeýdip geçiberýär-ow! 15.10.2018. * * * “Nesil “ gazetiniň şu günki sanynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri Saparmyrat ARTYKOW tarapyndan taýýarlanan “Meşhurlaryň durmuşyndan” atly rubrika bilen Albert Eýnşteýn” atly makala çap edildi. Gaty täsin hem gyzykly. Şonuň üçin hem ony dolulygyna diýen ýaly almagy dogry bildim. Eýnşteýn ХХ asyryň beýik fizigi. Ol giňişlik we wagt barada täze taglymaty — ýörite görälik nazarýetini döretdi. Ilkinji bolup foton we kwantlar diýip at alan düşünjäni hem-de fotoelektrik hadysasyny ylma girizdi. Ol Germaniýanyň Ulme şäherinde 1879-nji ýylda gullukçynyň maşgalasynda dünýä inýär. 14 ýaşynda onuň maşgalasy Şweýsariýa göçüp gidýär. 1900-nji ýylda politehnikumy tamamlap, şol ýerde mugallym bolup on ýyl işleýär we köp ylmy işleri ýerine ýetirýär. Soňra Pragada uniwersitetde kafedra müdiri bolup işleýär. Ýene-de ony Germaniýa işe çagyrýarlar. Ol Berlin uniwersitetinde mugallym, soňra direktor bolup zähmet çekýär. 1921-nji ýylda fotoelektrik hadysasyny açany üçin oňa Nobel baýragy berilýär. Geljekki alymyň çagalyk döwrüne dolanyp gelsek, Albert öz deň-duşlaryna garanyňda, has giç gepläp ugrapdyr. Mekdepde okaýan döwürleri sapaklaryna pes ýetişipdir. Ylgamakda, towusmakda, käbir oýunlary oýnamakda beýlekileriň yzlaryna eýerip bilmänsoň, oglanjyklar oňa «lellim» diýip at dakypdyrlar. Mýunheniň gimnaziýasynda okaýarka, mugallymy ony ýerinden turzup: «Eýnşteýn, senden hiç wagt idili zat çykmaz» diýipdir. Sýurihdäki federal ýokary polotehniki uçilişşede fizikadan okadýan professor hem «Sende erk-de, jepakeşlik-de bar, arman, zehin ýok» diýip, oňa bolan garaýşyny aýan edipdir. Beýik alym özüni hiç wagt hem beýlekilerden ýokarda goýmandyr. Ol 26 ýaşyndaka bäş hepdäniň içinde görälik nazaryýetini (otnositellik teoriýasy) baradaky ilkinji ylmy işiniň parçalaryny ýazypdyr. Aradan birnäçe ýyl geçenden soň azat Ispaniýanyň dostluk komitetiniň gaznasy üçin serişde toplaýarkalar, Eýnşteýnden şol golýazmanyň puluny söweşijilere sowgat bermegi haýyş edýärler. Ol düşen puly ispaniýalylara bermek kararyna gelýär we 1944-nji ýylda Waşingtondaky kongresiň kitaphanasy 30 sahypalyk şol golýazmany 6 million dollara satyn alypdyr. Günlerde bir gün Eýnşteýniň 9 ýaşly ogly ondan: — Kaka, sen nädip şeýle meşhur bolup bildiň? — diýip sorapdyr. Eýnşteýn oňa: — Görýäňmi, haçan-da köp tomzak şaryň üst ýüzünden süýşende (süýrenende) ol özüniň geçen ýolunyň gyşarýandygyny bilmeýär. Maňa bolsa geçilen ýoluň şeýledigini görmek bagty miýesser etdi — diýip jogap beripdir. Meşhur alymyň bu sözlerinde islendik bilimiň döremek özboluşlylygy şöhlelenýär. Ol täze bilim çeşmesiniň tejribe bolýandygyndan ybaratdyr. Özüniň ýiti dili bilen dünýäde tanalýan Bernard Şou atly alym bilen tanşan mahaly: — Siz sekiz, bary-ýogy sekiz adam! – diýýär. Eýnşteýn aýdylan sözleriň manysyna düşünmändigini oňa aýan edýär. Bernard Şou barmaklaryny büküp, beýik alymlaryň atlaryny sanap başlaýar. — Pifagor, Ptolemeý, Aristotel, Kopernik, Galileý, Kepler, Nýuton we Eýnşteýn. Eýnşteýniň kärdeşleriniň biri professoryň öz öýünde işleýşini şeýle suratlandyrýar: «Ol sag eli bilen hat ýazyp oturşyna çep eli bilen körpe ogly Eduardy saklaýardy. Hol aňyrrakda oýnap oturan uly ogly Albertiň berýän soraglaryny-da jogapsyz galdyranokdy». Alym ömürboýy pul diýlen zada parhsyz garapdyr. Rokfelleriň gaznasyndan 15 müň dollara çek berenlerine, ony kitaplaryň biriniň içine salypdyr we ulanmagy ýadyndan çykarypdyr. Teatra barmagy halamandyr. Köp okapdyr. Şekspire, Geýnä, Şillere, Tolstoýa sarpa goýupdyr. Dostoýewskiniň eserlerini gaýtalap-gaýtalap okap, ondan lezzet alýan ekeni. Meýdana çykyp, guşlaryň owazyny diňlemegi halapdyr. Ondan: «Siziň kortotekaňyz barmy?» diýip soranlarynda maňlaýyny, «Siziň laboratoriýaňyz barmy?» diýip soranlarynda bolsa, awtoruçkasyny görkezipdir. Ol 1955-nji ýylda 76 ýaşynyň içinde aradan çykýar. Alym hemişe ölümden gorkmaýandygyny nygtap: «Kagyzlarymy tertibe salar ýaly, maňa ölmezden ozal azajyk wagt berilse bolýar» diýip dileg edipdir. Albert Eýnşteýn ýagty jahan bilen hoşlaşmaly pursat gelende, ýanynda oturanlara ýüzlenip, ýuwaşjadan: «Men öz etmeli işlerimi bitirdim» diýip pyşyrdapdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||