14:57 Göwündäki gündelik -7/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Erjel hem gaýduwsyz adamlar meniň idealym-sygynýan kişilerim. Ynha, ýakynda bir zat okadym. Pukaralygyň nämedigini garyplardanam gowy bilýän, ýöne tutan ýerini goparmasa aýrylmaýan, öz güýjüne hem bilim-başarnygyna daýanýan adam- hytaýly Jek Ma, onuň ömür ýoly, bitiren, bitirýän işleri maňa “bäý-bä!” diýdirdi. 1964-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Hytaýyň Hançžou şäherinde juda pukara maşgalada dünýä inen çaganyň ýaşlykda görgi, horluk görme kemi galmandyr. Ýeter-ýetmez maşgalada üç perzendiň ortanjysy bolan Jek ýumruk ýalylygyndan işe werziş bolýar, ýetginjeklige ýetende iki gezek ýokary okuw jaýyndan ýykylýar. Gündiz sütüni süýnýänçä işläp, gije-de gözi bürülýänçä okap, käte halys uky basmarlanda, ýüzüne şarpyk çalyp, özüni zorlap okan ýigit ahyram zor çykýar. “Maksada ýetmegiň syry-özüňi ýeňmekdir”, “Üstünligiň açary başlamakda” diýen ýörelgelere ymykly eýren kişi 1988-nji ýylda Hançžoýuň mugallymçylyk institutyny tamalap, şol ýerde aýyna 12 dollar aýlyk hakyna mugallym bolup işleýär. Geň galmay, internetden, şeýle-de tehnologiýalar dünýäsinden düýpden diýen başy çykmaýan Jek Man 1995-nji ýylda bagty synap görýär. Ýöne aýdylyşy ýaly, “maňlaýy daşa degýär”. Ylmy taslamalary şowsuz çykanam bolsa, ol töwekgelligi ýaran edinýär. Şedibem 4 ýyldan soň ylmyň dürli ugurlaryndan ýeterlik başarnygy bolan dostlaryny daşyna üýşürip, Älemi aňkardan “Alibaba” elektron-söwda taslamasynyň binýadyny düzýär. Jek Manyň baştutanlyk edýän “Alibaba” elektron-söwda platformasynyň maýasy häzirki wagtda 300 milliard dollara bardy. Her gün bolsa ortaça 9,3 milliard dollarlyk söwda edilýär. Şeýlekide Hytaýyň iň aňrybaş gurply adamay hasaplanýan Jek Man dünýäde hem baýlygy babatda 18-nji orny eýeleýär. “Telekeçilik işi bilen meşgullanmak hakdaky pikirimi dostlarym bilen paýlaşamda, olaryň hersi bir zat diýdi. Dogrusy, 24 sany göwnüm ýetýän işewür, ylym ýüki ýetik ülpetlerimi öýe üýşürip, kofedir çaýyň başynda matlabymy orta atdym. Iki sagada golaý çekeleşme boldy. Dostlarym meniň etsem-petsemimi garaňky gördüler, ýetiljek maksada şübhelendiler. Köwüşlerini geýip durkalar hem olar biragyzdan diýen ýaly maňa pälimden gaýtmagy maslahat berdiler. Sebäbini bolsa internetden suwutly zat bilmeýänligim, galyberse-de, halys elimiň ýukalygy-maýa goýumyna hiç zat goýum bilmejekdigim bilen tekrarladylar. Diňe hoşlaşjak bolanymda olaryň biri-bankda işleýän dostum gulagyma pyşyrdady: “Halys ýüregiňe düwen bolsaň, synanyşyp bir gör. Şowuna düşmese, ýene öňküje güzeranyňy eliňden alýan ýog-a”. Gijesi bilen bolsa öz-özüm bilen jedelleşip çykdym. Daňa golaý bolsa, “maksatdan dänmeli däl” diýen belli-külli karara gelip, irkildim. “Alibaba” kompaniýasyny esaslandyrmnak hakdaly pikirimi maşgalamda hem oňlamandyklarynam aýdaýyn. Ýöne maksadymdan dänmezlik hem-de töwekgelçilikden gorkmazlyk üstünlige ýetmegiň açary bolup çykdy”. Sözi jemläp aýtsaň-Jek Ma-akylyň, zähmetiň, erjelligiň nusgasy. Jek Manyň durmuş pelsepesi şeýle: “Ýüregiňizden tizräk urmagyny talap etmäge derek, özüňiz tizräk hereket ediň!” * * * “Pikir edip bilýän hem-de zahmetden basylmaýan adam-ýaşan asyrynyň ölçeg birligidir”. (Akademik Wernadskiý). 18.10.2018. * * * Hatly bukja gelen eken. Açdym. Hatdatyň elinden çykana meňzeş, monjuk ýaly setirleri görenden kimdendigini aňdym. Onda şeýle setirler bardy: “Salam, inim Gurbannazar! Sag-salamat ýaşap ýörmegiňizi, galamyňyzyň ötgür bolmagyny Beýik Alladan dileg edip ýörendiris. Biz hem Hudaýa şükür, pyşdyl ýörişi bar. Sag boluň, inim, ýazýanlarymyzy çap edipň dursuňyz! Külli türkmende diňe döredijiligi däl, adamkärçiligi babatynda-da agza-dile dolan Osman Ödäýew bilen duşuşyp gepleşmändim. Ol meni ýazýanlarym boýunça tanap, häli-şindi telefon edýärdi, durmuş temasyndan köpräk ýazmagymy haýyş edýärdi. Ýylda ýazýanlarymyň 9-10 sanyny «Garagumda» çap edýärdi. Ýüzüň ýa-da göwnüň diýip aýdamok, Osman neresseden soňra il-gün Size uly sarpa goýýar. Ýazyjylykdanam beter ynsanperwerlik gerek. Sizde şolaryň ikisem bar. Ony meniň özümem görüp, duýup ýörün. Abraýyňyz barha artsyn! Meniň özüm, tohum-tijim, ogul-gyzlam pes päl, kanagatly, halalhon, hamrak, rehimdar, arkalaşykly... kişiler. Ne doganlarymyň, ne ogul-gyzlarymyň söwda-satyk edip, ili çürkäp ýörenleri ýok. Aýlygymyz bilen orta halda halal ýaşap ýörüs. Köşk ýaly kaşaň jaýymyzam, gymmat bahaly maşynlarymyzam ýok. Biziň dünýäde ýekirýänimiz galyň bendäniň ýagyrniçliginden otlap, baýap ýören näkesler. Dädem pahyr: «Baýajak bolup oda-köze düşüp ýörmän, Biribardan saglyk, agzybirlik biläň!» diýerdi. Şonda ol elmydam Magtymguly atamyzyň eserlerinden tymsal getirerdi. Şolardan käbiri: «Malyny küýseme berimsiz baýyň» «Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr, Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat». «Maly köp diýp myhman bolma namarda, Jomart her çent pahyr bolsa bar eýlär», «Niýeti ýamandyr bahyl mal ýygar, Ne bilmez her dem rysgalyn bogar». «Sogap bolar mätäçlere nan berseň, Bir ajy doýursaň haçdyr, ýaranlar». «Bir misgin telmuryp, ýyglap garasa, Baha gurma, mugt bergil malyňny». «Ýetimi göreňde güler ýüz bergil, Goldan gelse oňa tagam-duz bergil, Gamgyny göreňde ýagşy söz bergil, Entäni goldara hemaýat ýagşy.» «Kyýamat güni jomarda, Dowzahdan zyýan ýetmezmiş.» «Aýdyň ar-namyssyz ýigide, Bu gün onuň zamanydyr, Ýygsyn Karun kibi maly, Hazyna boş döwranydyr.» Ýene –ýeneler, yzyny aýdyp otursaň. Dädemiň öz pähim-paýhasyndan birje parça: «Sadaka beren bolup doky doýryp ýöreniňden, mäteje on manat berseňiz şol haýyrlydyr.» Gurbannazar inim, men siz derdinişmäge, iç dökmäge mynasyp bolanyňyz üçin içimde goş basyp ýatan syrlarymyň milliondan birini aýtdym. Sag bol, inim! Işgärleriňize, ylaýta-da Akmuhammede salam aýdyň! Ýene bir hekaýa iberýärin. Sizde öňem «Göwün garramaz eken» diýen hekaýam, «Ägälilik»,«Ynsan» diýen makalalarym bolmalydyr. Olaram gözden salmaweriň! Ýazan Hojagylyç Nazarow. 3.10. 2018. * * * Häzirki täze iş ýerimize gelemde-gidemde soňky bir ýylyň içinde gurlan, özem telekeçilere berlen hersi üç gatly, “görseň gözüň ýagyny içip barýar” diýdirýän, daşy ak mermere gaplanan binalary görüp hem-ä begenýän, hemem ajy gülki bilen başymy ýaýkaýan. Sebäbimi? Şaglap ýatan uly ýoluň iki gyrasyna jähek bolup duran, hersi bir telekeçä degişli binalaryň depesindäki ýazgylar. Olary okaňda, biriniň aýa bakyp, biriniň şetdaly kakyp durşy hem-ä ajy gülki döredýär, hemem gaharyňy getirýär. Iň ýamanam, “biz şeýle sowatsyzmykak?” diýen ünjüli sowal döredýär. Ynha, sizem okap görüň: “Şirin aý” ( Aý owadan bolup biler, nurana bolup biler, ýeri ol şirin bolup eýsem iýilýän zatmydyr?). “Hilli hyzmat”, “Damjaly baglar”, “Ak kenar” diýlen atlar hem maňzyňa batyp baranok. “Abraýly mebel” diýlip ýazylypdyr. Ýeri, mebel-öýde goýulýan goş-golam, agaç-ugaç bolar-da, oňa “abraýly” diýip bolarmy?! Owadan diýeň, gelşikli diýseň, ýaraşykly diýseň başga gep. Ýa-da ynha, ”Nowruz haly” diýlenem many taýdan düşnüksiz. Iň bärkisi, “Nowruz halysy” bolanda az-owlak ýapa degjek. Aý, garaz, okasaň, janyň janyp, myrryhyň tutýar-ow! * * * Maryda ýaşaýan alym-agronom, şeýlede edebiýatdan hem ganymat baş çykarýan Muhammetöwez ARRYKOW bir goşgy ýazyp, ony hem Atajan Tagana ugradypdyr. Ine, şol goşgy. TÜRKMENE Dok dänediň, dok mädediň, Kiçi göwünli dik başdyň. Ömür boýy namartlyga Ýaraly bars dek daraşdyň. Sözüň-jöwher, diliň dürdi, Ýürek sözüňi aýdardyň. Daş ýaran zehiniň käte, Saz bilen ýagy gaýtardy. Töwekgel, ýöne hüşgärdiň, Hiç zady ahmal etmezdiň. Iman saýyp senetlerňi, Aýardyň-desmal etmezdiň. Kiçelmezdiň nana zarkaň, Oňupdyň bulamak iýip. Türkmen, itiň guýrugynam Kesýärdiň bulama diýip. Desmalçylygy öwrendiň, Ejizlige gulak asdyň. Birmahalky merdan türkmen, Hany özüň, hany aslyň? 22.10.2018. * * * Mara 3 günlük-23-26-njy oktýabr aralykda iş saparyna gidip geldim. Telewideniýe bilen Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda „Žurnalistika we döwür‘ gepleşigini, Wekilbazar etrabynda bolsa „Salam, mugallym!“ gepleşigi ýazyldy. Umuman, gitseň, görseň täsiri başga. Nesip bolsa Kakageldi Ataýew diýilýän mugallym hakda göwrümli oçerk ýazylsa gerek. Howa edil tomsuň güni ýaly boldy, gaýtjak günümiň öýläni Sakarçäge etrabynda Juma aga diýilýän ýaşulynyň howlusynda giň ýerde, agajyň aşagyndaky tapçanyň aşagynda oturyp bezm etdik weli, howanyň keýpi hezzetden gowy. Indi başga bir wakany gürrüň bereýin. Agşam sagat 8-lerde uçara münemde, ornum bir gartaşan zenan hem-de howalasy belent, „sowremmenyý“ diýilýän gelin bilen ýanaşyk düşdüm. Bolaýsa 28-30 ýaşlaryndaky, gazakkeşp gelniň gapdaldaky zenan bilen gürrüňinden „Gözellik salonynda“ işleýändigini aňdym. Gelniň ýanynda iki ýaşlaryndaky, saçlary ýörite bejerilen, gözleri ýanypjyk duran çagajyk bardy. Gelin onuň adyny Gahryman diýip tutdy. Ýöne heniz oturyp- oturmankak, gelin telefonda kimdir birine jaň edip, şäher sudunyň (kazyýetiň) özniň aýrylyşmak hakdaky arzasyny kanagatlandyrandygyny, äri suda gelmedigem bolsa, işe seredilendigini aýdyp, iş bitiren ýaly „alimentiň kagyzy elimde“ diýdi. Soňundanam „Sen bu gün agşam barjakmy, geljek bolsaň uklaman garaşjak“ diýdi. Meger, aňyrky erkek bolsa gerek. Diňläp oturkam, gadymy dessanlardaky yşka melul gyz-gelinleriň uklaman diňe ýaryna garaşýandygyny ýatlap, başymy ýaýkaýdym. Heniz gaýgy-gamdan arasy daş Gahrymanjyga şeýle bir ýüregim awady weli, gözüm ýaşaryp gitdi. Maşgala diýilýän yranmaz daragty meý-mes bolup silkeläp, häzirki gününiň keýpine kowalaşýan gelne haýpym geldi. Wah, şarpygyň ajysy saňa deger, Gahryman jan! Ýetimligiň jebrini ömürboýy çekmegiň güzaby kekreden ajydyr-ow! Gala bolup balasyny goramaly kaka kemlik edende, daş-töweregiňe ýaltaklap, bir bozlarsyň weli, sesiňi-zaryňy diňe özüň eşidirsiň, jan bala! Ata-enäniň ýeňillkellelik bilen başyňa salan külpetini gahrymanlarça ýeňmek saňa nesip etsin-dä, Gahryman jan! 28.10.2018. * * * Ary ýaly azapkeş bolup bolaýsa! 1 kiologram bal öndürmek üçin balarysy 2 million güne gonýar. Onsoň bal neneň süýji, jana tenekar bolmasyn! * * * Ary baly zaýalanmaýan, gaýtam durdugyça dermanlyk häsiýeti tapdyrygsyza öwrülýän iýmit. Ary baly hatda 3 müň ýyllap saklananda-da durkuny üýtgetmän, gaýtam tapdyrygsyz däri-dermana öwrülýär. * * * Düýäniň boýny egri, ýagyrnysy örküçli bolsa-da, bu janaweriň oňurgasy gös-gönüdir. * * * Duýgurlygy biçak güýçli bolsa-da, ýylanlar eşitmeýän jandardyr. * * * Adamyň saçy 2 kilogram agramy göterip bilýär. * * * Adamyň gyzgynlygynyň 80 göterimi kellesinden çykyp gidýär. * * * Dünýä belli suratkeş Leonardo da Winçi bir eli bilen hat ýazyp durka, beýleki eli bilen surat çekip bilýän eken. * * * Ýokarda ady agzalan meşhur hudojnik owazasy Älem baglan ajaýyp eseri “Monolizanyň” dodagyny çekmek üçin 12 ýyllap jebir görüp, şol eseriň töwereginde köwejekläp ýörüpdir. Hakyky eseriň güzaby ýaman, soňky şöhraty bolsa albaý bulaýjy. 30.10.2018. * * * Arzuwynyň bitmegi üçin jan çekýän adam hiç wagt näumyt bolýan däldir. Zähmet hem erjellik-umytlaryň wysaly. * * * Eger arzuwyň hasyl bolmagyny isleseň, danalara köpräk gulak goý. Akyllyny diňlemek, onuň gepine uýmak ýagty ýerden ýörän ýalydyr. W. Şekspir. * * * Ynsan durmuşyny öz arzuwlary esasda gurýandyr. A.Gide. * * * Arzuwlaryňa serhet goýma. Maklawelli. * * * Bitmeýän zatlar barada arzuw edýän adam akmakdyr. Wolter. * * * Arzuwyň yzyndan ýetmek üçin jepakeşlik hem gaýduwsyz hereket gerek. Gýote. * * * Hiç haçan arzuwdan ýüz döndermeli däldir. Iýmitiň bedenimizi berkidişi ýaly, arzuwlar hem köňlümizi suwlandyrýar. Durmuşda umytlaryň kül-peýkun bolşuny häçe gezek görsek-de, umydy elden bermeli däldiris. Gaýtam şol garşylyklar umytlary gylawlandyrmalydyr. Raulo Koelýo. * * * Kükrekde arzuwyňyz barmy? Onuň almala aşmagy üçin edil şu gün näme etdiňiz? Howlugyň! Gaffi. * * * Ajaýyp adamlaryň durmuşy nähili gyzykly hem geň. Ynha, elime dünýäde “matematikanyň XX syrdaky atasy” adyny alan, edebiýat boýunça bolsa Nobel baýragyny alan Bertran Rassel hakda ýazylan makala düşdi. “Söýgüniň hem ylmyň aşygy” atly ol makalany gündeligi okajaklar hem halarlar, durmuş ýörelgesi edinerler diýip pikir edýärin. Yhha, iňlis dilinden göni türkmençä geçirilen şol malkala: “Matematika we pelsepe ylymlaryna özboluşly goşant goşan beýik pelsepeçi hem-de syýasatçy Bertran Artur Wilýam Rassel graf üçünji Welsiň Monmutşir graflygynda, görnükli şahsyýetleri kemala getiren asylzada maşgalada dünýä inýär. Rasseler neberesi baryp-ha Týudorlar zamanyndan bäri Beýik Britaniýanyň syýasy, intellektual hem jemgyýetçilik durmuşynda uly rol oýnap gelýärdi. Geljekki alymyň kakasy wikont Jon Rassel parlament agzalygyna saýlanýar. Ol pelsepeçi Jon Stýuart Millem bilen dostlukly gatnaşyk saklapdyr. Bertranyň ejesi Katrin Stenli hem Angliýanyň abraýly nebereleriniň biri bolan Stenliler maşgalasynda kemala gelipdir. Ol pelsepeçidir suratkeşler bilen ýygy-ýygydan duşuşypdyr. Ýöne uçran zabun keseli 1874-nji ýylda okumyş zenanyň ömür tanapyny kesýär. Adamsy Jon Rassel hem aňyrsy iki ýyldan dünýesini täzeleýär. Olaryň yzynda ýetim galan dört ýaşly Bertranjyk bilen on bir ýaşly Franka atalary graf Jon Rassel hossar çykyp, Pembruk-Loj atly mülküne äkidýär. Şa zenany Wiktoriýanyň iki gezek premýer-ministri bolan graf Rassel hem 1878-nji ýylda aradan çykansoň, Bertranyň terbiýesi berk ahlaky garaýyşlara gulluk edýän enesiniň boýnuna düşýär. Şol döwürde ýoň bolşy ýaly, Rassel başlangyç bilimi öýde, şweýsar hem nemes terbiýeçilerinden alýar. Bertranyň çagalygy bol-telkilikde, ýurduň tanymal şahsyýetleriniň arasynda geçýär. Dünýä belli sahna eserleriniň awtory Bernard Şow oňa tigir sürmegi öwretse, işçiler partiýasynyň ady belli ideology Beatrisa Webb halypa gözi bilen garapdyr. Muňa garamazdan, Bertran çagalyk ýyllarynda «durmuşyň ilkinji söýgi kimin akyl-huşuňy aparýan wakalary» sebäpli özüni diýseň ýalňyz duýandygyny aýdýar. Emma doganynyň gadymy grek matematigi Ewklidiň on üç jiltlik «Başlangyç» atly ylmy eseri bilen tanyşdyrmagy netijesinde Rasseliň durmuşy düýpgöter özgerýär. Ol öz döwrüniň her bir iňlis oglanjygy kimin, bilim basgançagynyň ilkinji ädimini Ewklidiň kömegi bilen ädýär, ýöne adaty iňlis çagalaryndan tapawutlylykda, bu kitabyň ýesirine öwrülýar. Bertran: «Men dünýäde şeýle datly närsäniň bolup biljegini göz öňüne-de getirmändim. Şol pursatdan başlap, tä Alfred Norz Waýthed bilen tanşyp, otuz sekiz ýaşymda «Matematikanyň esaslary» atly işimi tamamlaýançam, matematika meniň esasy güýmenjäm hem-de bagtymyň gözbaşy boldy» diýip belleýär. On sekiz ýaşly Rassel Kembrij uniwersitetiniň Triniti kollejine kabul edilýär. Bu ýerde ol öz döwrüniň iň öňdebaryjy halypalaryndan sapak alyp, matematika we ahlak ylymlaryndan kämilleşendigine garamazdan, terjimehalynda: «Kembrij mende o diýen täsir galdyrmady, derslerdenem üýtgeşik öwrenen zadym bolmady» diýip ýazýar. Bu sözlerden çen tutulsa, onuň käbir ýerli düzgünlerden göwni suw içmedik bolarly. Her näme-de bolsa, 1892-nji ýylda uniwersitetiň çäginde hereket eden «Apostles» atly birleşmäniň agzalygyna kabul edilmegi, Bertranyň kämilleşmegine uly itergi berýär. Bu gurama gatnaşyjylar hepdede bir gezek duşuşyp, döwrüň ýörgünli meselelerini ara alyp maslahatlaşypdyrlar. Rassel bu hakda: «Biz erkin söhbetdeşlik arkaly ýetilýän sepgitlere bil baglardyk» diýip aýdýar. Bu guramanyň saýasynda Rassel pelsepeçiler G. E. Mur we Ellis Mak Taggart, taryhçy G. M. Trewelýan hem-de onuň şahyr dogany R. S. Trewelýan, meşhur doganlar Krompton we Teodor Llewelin Deýwiler, soňraklar bolsa oçerkçi Litton Streçiý ýaly köp sanly ýiti zehinli şahsyýetler bilen dostlaşýar. Akyldarlaryň bu jemgyýetine Kembrij uniwersitetiniň matematika mugallymy A. N. Waýthed hem goşulýar. Ol Rasseliň adatdan daşary zehininiň bardygyna göz ýetirip, oňa goldaw beren ilkinji halypasydyr. Ýaş matematikaçynyň geometriýanyň esaslary hakyndaky dissertasiýasy uniwersitetiň baş baýragyna mynasyp bolup, 1897-nji ýylda «Geometriýanyň esaslary» (”Foundations of Geometry”) ady bilen kitap görnüşinde çap edilýär. Okuwyny tamamlandan soň, Rassel Kembrijde, Triniti kollejinde pelsepe hem matematika ylmyndan ders berip başlaýar. Ol 1894-nji ýylda Elis Pýorsol Smiz atly amerikan gyzyna öýlenýär. Ýaş çatynjalar maşgala durmuşynyň ilkinji ýyllaryny Ýewropa ýurtlaryna we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna syýahat edip geçirýärler. Emma Bertran syýahat eden ýerlerinde-de ders bermegini dowam etdirýär. Şondan soň ol ýuwaş-ýuwaşdan alym hem jymgyýetçilik adamsy hökmünde adygyp ugraýar. 1900-nji ýyl onuň üçin aýgytlaýjy ýyl bolýar. Ol Parižde geçirilen iri filosofik kongrese gatnaşyp, köp sanly meşhur alymlar bilen tanyşýar. Iň esasam, 1903-nji ýylda Waýthed bilen bilelikde ýazan «Matematikanyň esaslary» (“Principia Mathematica”) atly kitaby oňa halkara abraýyny getirýär. Soňra alym «Matematikanyň pelsepewi ylmyna giriş» (“Introduction to Mathematical Philosophy”) atly kitabyny ýazýar. Uruşdan soň gatnaşyklar gaýtadan dikeldilip, Rassel 1925-nji ýylda Triniti kollejine yzyna çagyrylýar. Ol bu ýerde ençeme gezek ylmy nutuk bilen çykyş edýär. Soň-soňlar şol nutuklar ýygyndysy «Barlygyň derňewi» (“The Analysis of Matter”) ady bilen çap edilýär. Rassel ömrüniň ahyryna çenli kollejiň geňeş agzalygynda galýar. Bertran terjimehalynyň giriş sözünde ömürboýy üç hyjuwyň özüne ýol görkeziji bolup hyzmat edendigini belleýär: «Söýgä teşnelik, bagt gözlegi hem-de adamzada bolan söýgi». Onuň bitiren işleri ýaşlyk ýyllaryndan gojalyk çagyna çenli öňünde goýan maksatlaryna nähili tutanýerlilik bilen ýapyşandygyny görkezýär. Rasseliň erjelligi onuň özünden özgäni alga alman gezen kesir adam bolandygyny aňlatmaýar, tersine, ol täzeçillige mydama-da açyk bolupdyr. Ýiti paýhasy netijesinde haýsydyr bir nädogry ýörelgä gulluk edýändigine göz ýetirdigi, şol bir depen ýerini depip durman, ýalňyş pikirinden el çekmegi başarypdyr. Şonda esasanam, ýokarda agzalan üç hyjuw oňa çelgi bolupdyr. Rassel uruş ýyllarynda azapsyz girdejiden, ata-babasyndan miras galan baýlykdan ýüz öwrüp, ähli emlägini aň-bilime sarp edipdir. Pederleriniň ýoluna eýerip, hemişe öňdebaryjy düşünjeler ugrunda göreş alyp baran Rassel 1907-nji ýyllarda zenanlaryň saýlaw hukugyny gorap, kän işleri durmuşa geçirýär. Ol Ikinji Jahan urşunyň öňüsyrasynda ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyna garşy çykyş edip başlaýar. Onuň jilt-jilt kitaplary-da adamzady paýhasly hereket etmäge, täze ylmy açyşlardan ýerlikli peýdalanmaga we olaryň maksadyna doly hem dürs düşünmäge eden çagyryşlarynyň jeminden ybaratdyr. «Ylmyň jemgyýete ýetirýän täsiri» (“The Impact of Science on Society”), «Azatlyk hem guramaçylyk» (“Freedom and Organization”) we «Senagatçylyk siwilizasiýasynyň geljegi» (“Prospects of Industrial Civilization”) ýaly işleri hem onuň belent ideallaryny gyşarnyksyz öňe sürendigine şaýatlyk edýär. Rassel 1920-nji ýyllarda Hytaý we Russiýa ýaly ýurtlara syýahat etmäge başlaýar. Ol 1921-nji ýylda Dora Winfred Blek atly zenan bilen durmuş gurýar. Onuň ikinji nikasyndan ilki gyzy, soňra ogly bolýar. Ata jogapkärçiligini duýmagy hormatly alymda terbiýe hem bilim meselesine-de ýiti gyzyklanma döredýär. Şondan soň ol ýöriteleşdirilen mekdep açýar. Bu mekdepde ol çagalara «Irki çagalyk ýyllarynda ýörite bilim bermek» (“Education Especially in Early Childhood”), «Aň-bilim hem jemgyýetçilik gurluşy» (“Education and the Social Order”) kitaplaryndaky bilim bermegiň täzeçe usullaryna salgylanyp terbiýe berýär. Şeýlelikde, pedagogikanam öz içine alýan ylmy barlaglarynyň çägi hasam giňeýär. «Bilim hakda» (“The Scientific Outlook”), «Durmuş gurmak we ahlak meseleleri» (“Marriage and Morals”) atly eserler bolsa alymyň terbiýeçilik ähmiýetli pikirleriniň miwesidir. 1944-nji ýylda Angliýa dolanyp gelen Rassel sylag yzyna sylag alýar. Ol 1949-njy ýylda Britan Akademiýasynyň hormatly agzalygyna kabul edilse, yz ýanyndan «Bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglanýar. 1950-nji ýylda bolsa «Pikir azatlygy we adamzadyň bähbidi ugrunda bitiren köptaraply hem ähmiýetli işleri üçin» Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Özüniň terjimehalynda: «Men ömürboýy hakyky söýginiň we ylmyň zaryny çekdim. Adam kalbyna ýyldyzlaryň näme sebäpden ýalkym saçýanyna akyl ýetirmek isledim» diýip ýazan Bertran hakyky söýgini dördünji aýaly, amerikaly ýazyjy zenan Edit Finçde tapýar. Ol ylymda-da köp-köp üstünlikleri gazandy. Söýgi hem ylym ony belentliklere sary alyp göterdi. Uzak ömrüniň dowamynda gaýduwsyzlygy hem janypkeşligi bilen tapawutlanan beýik ynsan 1970-nji ýylyň fewral aýynyň 2-sine Beýik Britaniýanyň Wels graflygynda aradan çykýar.” Iňlis diline suwara terjimeçimiz Timar Mämmetdurdyýewa (şahyr Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň gyzy) şeýle gyzyklydan peýdaly, dünýä derejeli zatlary agtaryp, tapmagy, türkmençä geçirip, okyjylara ýetirip “berekellasyny” alyp durmagyny arzuw edýäris. 31.10.2018. * * * Zenana Alla çaga dogurmak, öý-ojaga serenjam bermek bagtyny beripdir. Bu gör nähili ajaýyp peşgeş! Ýöne “erkekler bilen deň hukukly bolduk” diýlen düşünjä uýup, çaga dogurmakdan gaça durmak, ýa-da köpçaglaylykdan el üzmek Biribaryň şol beren peşgeşinden ýüz öwürmekdir. Men bu pikiri öňem kellämde göterýärdim weli, ynha, Li Kuan Ýuuň “Geljege meniň garaýşym” atly kitabyndan şu setirleri okap, hasam ynandym. “”Erkekler bilen ylym-sowat babatda, işe ýerleşmek babatda deň derejäni alan aýallaryň aglabasy wezipe-karera hem-de baýlyk, has köp pul gazanmak ahlagyna eýerdiler. Muny ylaýta-da Ýewropa ýurtlarynda açyk görüp bolýar. “Çaga seredemden boş wagtymy özüme, wagtyhoşluga sarp edenim gowy” diýlen düşünje giň ýaýrady. Günbataryň aglaba ýurtlary ýeke-ýalňyzlykda çaga idedýän aýallara bol-telki kömek pulyny eçilmek bilen, “ärsiz ýaşanyň ýagşy, artykmaç hosasa çekmek nämä gerek” diýen juda gerekmesiz, has anygy, jemgyýet üçin howply endigi döretdi. Beýle endikden Aziýa ýurtlarynyň, esasanam, musulman döwletleriň daşda durýandygy gowudyr”. Bu setirleri okap, “Ýekelik Hudaýa ýagşy”, “Çagaly öý-bazar, çagasyz öý-mazar”, “Aýalsyza eştet ýokdur, hoş günüň hasrata meňzär”, “Äri är bolanyň aýaly şir bolar” (sanap otursaň, yzy kän) diýen nakyllarydyr tymsallary döredip giden türkmen kowmuna baş egesiň geliberýär. Biziň milletimizde äre barmazlyk, ärden aýrylmak, ärsiz gezmek, ärsiz çaga terbiýelemek gadym döwürlerden bäri iň halanmaýan, dogrusy, ýazgarylýan häsiýet-gylyklar. Biziň halkymyzyň düýp kökden gaýdýan mentalteti gör nähili beýik! Sebäbi halk nesilden, nesil öý-ojakdan, öý-ojak nikaly maşgaladan, jemgyýet maşgaladan, döwlet bolsa maşgaladan başlanýar. Bu bütewülik üzülmese, arasyna selteň düşmese berk hem ak-arassa ýolly bolýar. Arassa ýol bolsa uzaga gidýär. 1.11.2018. * * * Şu günki “Edebiýat we sungat” gazetinde filolologiýa ylymlarynyň kandidaty, belli edebiýatçy alym Çary Kulyýewiň “Ylma meňzeş alym, kitaba meňzeş mugallym” atly göwrümli makalasy çap edildi. “Baş gahryman” filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Muhammetguly Hanguly Amasähedow. Başgaça aýdanda, edebi jemgyýetçilikde “Han aga” ady bilen tanalýan alym.Şonuň 70 ýaş ýubileýine bagyşlanyp ýazylan ajap makala. Şol makalada biz garybyň ady hem yuyulypdyr, okanlar jaň etdiler. Ynha, şol jümle: “Kyssanyň kamatyny Atajan Taganda, Kömek Kulyda, Ahmet Halmyratda, Gurbannazar Orazgulyda görmek üçin ýazyjy seniň bilen gürleşýärkä, degişýärkä, derdinişýärkä öz gahrymany bilen “pyşyrdaşýandyklaryna”, olaryň dünýäsinde kyssanyň kysmatynyň köräp kamata öwrülýändigine düşünmeli”. Has gyzykly ýeri indi. Irden Atamyrat Atabaý jaň etdi. Gazetden habarly eken. “Bä-ä, bizem-ä 70 ýaşaýas, onam bellemeli boljak” diýip, bir kafeniň adyny tutdy. Men: -Atam, aljyrama , şo kafe Saragt Babanyň masterskoýyna (ussahnasyna) golaý eken. Saragt eýýäm “Atamytar gysgançlyk edip, azrak goýsa masterskoýa gaýdyp içäýeris” diýýär” diýdim. -Şoň ýaly ýagdaýa düşünýän (degşip diýýär) adamlaryň bardygyna şükür. Onsoňam men-ä azrak iýlip, azrak içiler ýaly tark-turk, gürp-tarpsyz edäýjek. -Wah, şol gürp-tarp gerek däl-dä. Mesawy gürrüň edişip, iýlip-içilse gowu-da. Tirkiş Mätnazar gitarda, Ýagmyr Gurbannazar dutarda dört-bäş aýdym aýdyp berseler. Goňşularyň-a. -Şeýtjek. Onsoňam bilýämiň, gulagyňy gapyp barýan aýdym-saz, ýagny tark-turk bolsa, baran myhmanlar gapdalyndaky bilen gürleşibilmän, diňe başyny galdyrman iýmek, içmek bilen bolýar. Ümsümligräk bolsa, meselem, Atajan Tagan gapdalyňda oturan bolsa birden içäýjegem bolsaň, eliňe ýapyşar: “dur, men şu gürrüňimi soňlaýançam içme” diýip. Lakgyldy köp bolsa, gulak köpräk “doýup”, aşgazana az agram düşýär. Men hezil edip güldüm weli, Atamyrat has mojugyny tapdy: -Men bu praktikany baramda marylylardan öwrendim. Biziň 1-nji Gökje obamyzda 5-10 sany ýaşuly aksakal bar, olar “sadaka edýän” diýseň, sagat 10-larda gelip, ýassyk tirsekläp, çaýdan şirpildedip, mesawy gürrüňe tutup oturýalar. Onsoň çaýdan içi gorlan adamam köp iýýär-dä. Bu ýagdaý obanyň birküç sany ýaş-ýeleňlerine ýaramandyr. Onsoň olar edil nahar çekilmezden 15-20 minut öň “ýaşulylar, çaý içibem içiňiz gorlandyr, hany, şu buz ýaljak çaldanam içip görüň!” diýip, hesine bir şäkese berýamişler. Boşatman yzyna uzatsaň-a birhili, içseňem derew garnyňy güp ýaly edýär. Onsoň öň “gaýtalaý” diýip okarasyny uzadyp oturan ýaşulylar guýlan naharyň ýarsynam iýibilmän gägirişip otyrmyşlar. Muny eşiden 2-nji Gökjeliler has ýeser hile tapypdyrlar. Nahardan sähel öň orta ýaňy bişen erik getirip: “ýaşulylar, kitapda-da, gazetde-de ýazylan, düýn-ä Internetdenem okadyk: “nahardan ozal 4-5 sany erik iýmek diýseň peýdaly, esasanam aşgazan agyrysy barlara nepi degýär” diýlip ýazylan” diýip. Onsoň nabat ýaly erikden goýberen ýaşulylar nahardan sähel dadyp, çümhörek bolup oturyberýämiş. Menem maryly-da, bilýäň-ä... Bu gürrüňi diňläp, içimden şeýle diýdim: “Atamyrat halypa, hany, seň çakylygyň boljak güne-17-nji noýabra bir ýeteli, nädip iýip, nädip içjegimizi özümiz bileris.” Ýa nesipdir! 2.11.2018. * * * Boýnuma alaýyn, Li Kuan Ýu-nyň “Gejekki dünýä meniň garaýşym” atly kitabyny haýal okaýan. Sebäbi ara gyssagly zatlar düşýär. Ýöne gyssanman okaýanymyň esasy sebäbi, ondaky zatlaryň has köp pikir etdirýänligi. Onsoň okalanlary beýnä siňdirmek üçin ara salym salmalam bolýar. Onuň sahypalarynda gör nähili täsin maglumatlar, haýran galdyrýan pikir ýöretmeler bar. Awtoryň-belli döwlet işgäriniň, ýiti paýhasly syýasatçynyň, düýpli hem saýhally pikir edýän ykdysatçynyň pikirine görä, häzir dünýä ykdysadyýetiniň “ýük görerijileri” Atlantik ummanyndan süýşüp, Ýuwaş ummanyna geldi. Munuň sebäbi XX asyryň ortalarynda hem-ä syýasy hemem idustrial taýdan dünýä agalagyny elinde jemlän Adolf Gitleriň Germaniýasy ikinji Jahan urşunda kül-peýkun bolanda bu agalyk elden gitdi. Dünýä ykdysadyýetiniň başyna amerikanlar geldi. Ýakyn 30 ýylyň içinde dünýä ykdyysady agalaygyny Hytaý öz eline alar. Iknji ýeri megerem, Birleşen Ýewropa eýelese gerek. Elbetde ABŞ hem ykdysady taýdan güýçli döwlet bolup galar. Şeýleikde beýleki ýurtlar geljekki ykdysady “akymyň ýelgininde üwrelmeli” bolarlar. Awtor şeýle wakalary ýatlaýar: “ 1920-nji ýylda-heniz men çagakam, Bedokdan-ýaşaýan ýerimizden atamyň kauçuk öndürilýän pantasiýasy bolan Çaý-Çi aralyk iki mil çemesidi. Arabaly gatnardyk, bir sagatdan gowrak wagtymyz giderdi. 1930-njy ýylda, haçanda men başlangyç mekdepde okaýarkam, hepdäniň penşenbe we anna günlerine howlugardym. Sebäbi şol günler Angliýadan gaýdan gämi bäş-alty hepdeläp ýüzüp, Singapuryň kenarlaryna gelerdi, şonda meniň eý görüp okaýan çagalar žurnallarymam gelerdi. Mekdebi tamamlap, Londondaky uniwersitetleriň birine girmek üçin ugramda, men äpet “Britannik” gämisinde ýüzdüm. Uzak Gündogardan Beýik Britaniýanyň paýtagtyna gatnaýan, bortuna müňlerçe ýolagçy ýerleşýän bu transatlantik suw laýneri üç hepdeläp ýüzdi. Londonda ýaşan wagtym meni maşgalamyz bilen baglanyşdyran gatnaşyk awiapoçta boldy. Munuň nyrhy 50 singapur sentine ýa-da 1 britan şillingine deňdi. Biz puly tygşytlamak üçin galyň gök kagyzy satyn alyp, iki tarayna hem ýazardyk. 1950-nji ýylda Londondan Singapura ýetmek üçin dört-bäş gün gerek bolýardy. Münen uçaryň ýolugra Kairde, Karaçide, Kolomboda gonup geçerdi. Indi bolsa bu aralygy 12 sagatda geçip bolýar. Eger-de üstaşyr geçilýän käbir ýurtlar sesden çalt uçýan howa gämilerine ygtyýar bersedi, onda bu aralygy 6 sagat gysgaldybam bolardy. “Konkord” kysymly howa gämisiniň öz ýolagçylaryny Londondan Singapura günortanlyk naharyna äkidip, yzyna Londonda agşamlyk naharyna ýetişdirýäni ýadymda galypdyr. Häzirki zaman howa awiasiýasy nämüçindir sesden çalt uçýan howa laýnerlerinden ýüz öwürdi. Şeýle-de bolsa tehniki ösüş käte ses çaltlygyndanam öňe geçýär. Bu elbetde abadançylyga, parahatçylyga, howpsuzlyga niýetlenendir. Biz birwagtlar irden ugradan awiapogtamyzyň agşamara barmaly salgysyna gowşanyna begenerdik hem geň galardyk. Indi ol hyzmatdan peýdalanýan ýok diýen ýaly. Sebäbi häzir sms-poçta arkaly ugradylýan elektron hatlar ýagtlyk tizligindenem çalt barýar ahbetin. Indi Afrikanyň iň çet-bujagynda gezip ýören fermer aýfony ulanmak arkaly dünýäniň haýsy ýerinde etiň bahasynyň edil häzir bazarda näçedigini, mekgelöweniň biržada näçä nyrha durýandygyny bilipjik otyr. Globalizasiýa dünýäniň islendik ýerindäki ýaşaýyşa hem-de ösüşe diýseň çalt täsirini ýetirýär. Şol bir wagtda ykdysadyýeti berk gözegçilikde saklamak, onuň bozulmazlygyna ýol bermezlik sak talap bolmalydyr. Deňeçerligi saklamak zerurdyr. Ilatyň iň aşaky gatlagynyň ýaşaýyş derejesini hem talap edilýän derejä, islenýän ölçege getirmeseň, jemgyýet agsar, närazylyk dörär. Ýer togalagy biziň islegimiz boýunça däl, öz kanuny boýunça aýlanýandyr. 12. 11.2018. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |