15:01 Göwündäki gündelik -8/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Maňa Eýran Yslam Respublikasyndan biri bir kitap ugradypdyr. Dogrusy, meni tapman, iş ýerimde goýup gidipdirler. Kim getirdi, kimden? Gapyda oturan gyz adaty bir makala-material getirilendir öýdüp, kän bir ünsem bermän, “goýup gidiberiň, başlyga gowşurarys” diýipdir. Bukjany açsam, kompýuterde kitap görnüşinde ýazylan, çaklaňja-23 sahypalyk kitap. Ady “Jüneýit han”. Okap çykdym. Gaty bir üýtgeşik maglumat, öň aýdylmadyk pikir bar diýsem ýalançy. Bu kitaby ýazan sag bolsun, meger, ol meniň mundan 4-5 ýyl öň gazetlerde parçalary çap edilen “Jüneýit han” (soňky ady “Hupbulwatan”) romanymy okan ýa-da bu hakda eşiden bolmaly. Şonuň üçinem ugradandyr. Belki, bu eser mendan başgalar üçinem gyzykly bolar diýip, üýtgetman “Gündelikde” ýerleşdirmegi makul gördüm: GIRIŞ Gündogar halklarynyň arasynda türkmenler iň gadymy medeniýete eýe bolan milletdir. Olar öz batyr ýigitleri, çeper el hünärleri we meşhur bedew atlary bilen taryhyň sahypalarynda öçmejek yzlar galdyrypdyrlar. Orhun, Ýenisewi, we Kültekin daş ýazgylarynda, Hytaý gaýnaklarynda, Oguznama, Gorkut ata we Gutadgubilik ýaly gadymy eserlerde bu milletiň şan-şöhratyny görse bolýar. Türküstanly türkleriň arasynda diňe türkmenleriň Magtymguly ýaly milli şahyry bar. Şeýle uly we baý medeniýete eýe bolan milletimiz 12-nji asyr Seljuk imperaturlygy dargandan soň Mongollaryň çozuşlaryna uçrap, dagnyk ýaşamak mejburýetinde galypdyrlar. Bularyň yzsyrasy Sefeýitler we Nadiriň gazabyna duçar bolan milletimiz Türküstün çöllerinde erkana ýaşamagy ýüz öwrüpdirler, emma Hywa hanlary we Bahara emirleri başlaryna musallat bolup, olara milli döwlet gurmak pursatyny bermändirler. Bularyň üstesine, dura-bara rus koloniýalistleri hem artyp, halkymyzy halys aýakdan düşüripdirler. Ezijileriň iň agyr zarbalary 1881-nji ýylda Gökdepe galasynyň synmagy bolupdyr. Rus we Eýran döwletleri topragymyzy ikä bölenlerinden soň öz çäklerinde ýaşaýan türkmenleri ezip, olara agyr salgytlar salyp başlaýarlar. Beýle ýagdaýa tap getirip bilmedik milletimiz Etrek-Gürgen, Ahal-Tejen, Mary we Daşoguz etraplarynda zalymlar bilen diş-dyrnak bolup söweşe girýärler. Şol gahrymanlaryň birisi hem Gurbanmämmet Serdar (Jüneýit han)dyr. Koloniýalistler bir millete öz agalyklaryny bermek üçin ilki bilen olaryň milli taryhlaryny galplaşdyrýarlar. Iňlisler, Fransuzlar baryp 17-nji asyrda bular ýaly işi Afrika medeniýetleri bilen alyp baryp, özlerini (Aklary) “Garalaryň” pygamberi we olary betbagtçylykdan gutarmaga gelen milletler diýip görkezmäge synanşypdyrlar. Ak we Gyzyl ruslarda türküstanly türkler bilen şeýle edip gelipdirler. Rus “alymlary” elmydama türkmenler düzde ýaşap gelen, medeniýetsiz millet, biz baryp olary medeniýetleşdirdik” diýip samraýarlar. Olar biziň milli gahrymanlarymyzy “basmaçy” we “galtaman” diýip görkezmegi hem başarypdyrlar. Şol mekdepde tälim alan Türkmenistanyň käbir alymsumaklary-da şol pikirlere uýup, medeniýetli milletimizi, medeniýetsiz diýip ýaňsa alypdyrlar. Esasan sowet döwri ýyllarynda ýazylan türkmen taryhy eserlerde iki sany möhüm galplygy görse bolýar, olardan birisi türkmenleriň ýaşaýan topraklaryny diňe häzirki Türkmenistan teretoriýasy, ýagny Jeýhun bilen Hazar deňzi arasy diýip görkezmeleri, emma dogry bolanda, Oguz türkmenleriň ýaşan topraklary has giň we şoňa gadyr taryhymyz bardyr, ikinjisi bolsa, milletimiziň taryhyny öz köki we düýp özeni bolan Gök-türklerden üzňe edip, olary pars asylly Täjikler urugina degişli edip görkezmekleri bolupdyr. (Rosolýakow, “Türkmenleriň taryhy”. Aşgabat, 1974ý.) Taryhy hakykatlary ýoýup, galplaşdyrmak diňe bular bilen çäklenmän, hatta ýaňy geçen we üstümizdäki asyryň wakalaryny degişdirmeklige hem baryp ýetipdir. Gökdepe gahrymançylygy “ruslara meýletin birigmek akymy”diýenlerden näme tamaň bar? Jüneýt han hakynda işlenen makalalaryň ählisinde ony basmaçy diýip görkezilýän, hatda 1991-nji ýylyň soňunda Ata Nuryýew diýen birisi mili serdarymyz bolan Jüneýt hany “öz bähbidini göz astyndan salmadyk”, “Söwda kerwenlerini talamak bilen kiçiräk galtamançylyk hereketlerini başlan”, “Jüneýt hanyň ähli alyp baran işlerine ilki German-Türk, soňra bolsa Iňlis-Türk razwetkasy goldow berýär”, “Jüneýt han islam dinini we şerigatyny goraýjy hökmünde fanatiki ideýa esaslanyp”, “Jüneýt hany Özbek feodallaryň belli topary goldapdyr”, “Ol baý feodallardan we kärhana eýelerinden 260,000 manat paç alypdyr”, “Hywa hanlygy Jüneýithanyň harby diktatutasy astynda bolýar” ...diýip, bir-birine gapma-garşy deliller getirmäge synanyşýar. (“Ýaşlyk” žurnaly, №10-91 Aşgabat) Garaşsyz Türkmenistanyň döwletiniň taryhçy alymlary indi milletimiziň hakyky taryhyny ýazmaga çemeleşmelidirler. Meniň pikirimçe, olar herzatdan öň Amerika, Britan, Pariž, Terhan, Türkiýe, Hindistan, Hytaý...ýurtlarynyň milli arhiwlerinde saklanýan taryhy dökumentleri ýygnamaly, soň olary gözden geçirip, milli taryhymyzy ýazmaly. Bu alymlar hiç bir ideologiýa daýanman, diňe milli bähbidimizi göz öňüne almaly, bu möhüm işde Türkmenistan döwleti bar güýji bilen olara ýardam bermelidir. Şol pähimlerden ugur aly, bu makalada milli serdarymyz Gurbanmämmet Serdar (Jüneýt han) suratlandyrmaga synanyşýaryn. Häzir öz watanymdan-ulusymdan uzakda ýaşap, gerekli materýallar erkimde bolmany üçin, bu işi doly ýerine ýetirip biljegime gözüm çatmaýar, emma onda-da “Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar” diýlişi ýaly, geljekde bu işi öz gözel watanymda kämilleşdirmek umydy bilen başladym. Akmyrat Gürgenli Agust 1993 SWEDEN Jüneýit han (1867-1937) Baryp 16-njy asyrdan bäri Türkmenistanda başlanyp gelýän syýasy gapma-garşylyklar, 19-njy asyrda Rus, Eýran we Iňlisleriň bu topraklara aralaşmaklary bilen gaýtadan möwç alyp başlanýar, ylaýta-da Buhara Emiri we Huwa hanlygy arasynda nirnäçe gezek ganly çaknyşyklar ýüz berýär. Bu ýagdaý demirgazykda ýaşaýan Gazaklaryň we Köpetdag etegindäki Tekeleriň gozgalaňy kesgin täsir galdyrýar. Eýran döwleti kä Hywa hanyny, kä bolsa Buhara Emiri bilen öz aralarynda ýaşaýan türkmenleri ezip, horlap saklamak barada şertnamalar baglaşýarlar. Beýle ýagdaý azat-erkin ýaşap gelýän milletimize gaty agyr düşýärdi. Hywada ýaşaýan Ýomutlar hiç haçan Hana diýipgöter boýun bolman gelýärdiler. Olar birnäçe gezek Hana garşy gozgalaň göteripdirler. Hywa hany Tekelerden salgyt ýygnamak üçin agyr goşun ýygyp, Ýomut serdaryny olaryň üstüne ibermekçi bolýar, emma ol öz Teke doganlaryny horlamaga razy bolmany üçin Hanyň gazabyna duçar bolup öldürilýär. Biraz wagt geçip, geçmänkä, türkmenler Hanyň başyny kesýärler. Beýle çaknyşyklar 1870-1880-nji ýyllara çenli dowam edipdir. Şular ýalyýa ýaňy ýigrimi ýaşyny dolduran Gurbanmämmet, Jüneýit han ady bilen Hywa türkmenleriniň gozgalaňyna ýolbaşçylyk etmegi başarypdyr. Hojabaý ogly Gurbanmämmet 1862-nji ýylda häzirki Tagta raýonyň Bedirkent obasynda doglupdyr. Ol Ýomutlaryň Ursokçy ugugynyň Jünet tiresindendir. (“Ýaşlyk” žurnaly, 10-91), başga bir ýerde ony Salar urugyndan bolan Hajybaý ogly diýip görkezipdirler. (“Ýaş Türkmenistan” žurnaly, 92-93-nji san,1937). Jüneýit han köp ýyllaryň dowamynda öz obasynda Kazy we mirap ýaly wezipeleri ýerine ýetirip, halkyň doly ynamyny gazanyp bilipdir. Türkmenlere sözüni ýöretdirmegi başarmadyk Hywa hany bu gezek Rusiýanyň goldawyna daýanyp, türkmenleriň üstünden hokümdarlygyny berkitmek isläpdir, ýöne bu edilen synanşyklar hem başa barmandyr Gurbanmämet 1912-nji ýylda öz dogany Hajymyrat bilen arasyny açyp, Hywa hany Seýit Iswendiýara garşy göreş alyp barýan “Şammy keliň atlylaryna goşulýar. Jüneýit hanyň başarjaňlygy hem şol ýyllardan ýüze çukýar. Özbek-Goňurat urgunyndan bolan Hywa-hanlary ol ýerde ýaşaýan türkmen-özbeklere aýry syýasat ýöretýardiler. Şol sebäpli olaryň aralarynda yzygiderli aňlaşmasyzlyklar we agzalalyklar döräp gelýärdi. Rus hökümeti bolsa Hywa hanynyň bu syýasatyny goldaýardy. Bu syýasatyň tersine baş göterip tawuş çykaranlaryň birisi Seýt Ishendiýaryň gaýyn atasy Seýit Yslamhoja bolupdy. Türkmen-Özbek milli goşunyny döretmek- birleşdirmek syýasatyny talap eden bu kişi 1912-nji ýylda bir gün öýleden soň han saraýyndan çykyp, öz öýüne barşyna ýol üstünde öldürilýär (“Ýaş Türküstan” žur. 68-nji san, 1937). Ruhy taýdan hassa bir insan bolan Isfendiýar han, Islan hojanyň ornuna baş wekil bolan paňky gylykly “Muhammet Wepanyň” täsiri astynda galýar. Ýene-de gadymy özbek-türkmen agzalalygy güýçlenipdir. Bu ýagdaýdan nägile türkmenleriň başlygyna Gurbanmämet geçýär. Hywa hanynyň arkasynda bolda ruslar durýardy. Hana garşy bolýan söweşler türkmenlere agyr düşýärdi. Edil şeýle ýagdaýda birinji jahan söweşiniň öň syrasynda rus hökümýetiniň agyr ýagdaýa düşenden habardar bolan Gurbanmämet, pursatdan peýdalanyp galasyny gurşap başlady. Onuň bu işi Hywa Ýomutlaryny galkyndyryp, halk ony Jüneýit nesli bilen atlandyryp, şondan soň Gurbanmämediň ýetine, Jüneýit han ady ýörgünli boldy. Ol türkmenleriň garyp ýa-da baý bolmagyna garamazdan, olaryň hakyky ar-namysyny goramagy başarypdyr (“Ýaşlyk” žur. Şol ýer). Jüneýit hany diňe türkmenler däl, eýsem Hywa hanyndan nayrza bolan özbekler hem goldapdyrlar. 1913-nji türkmenleriň ýaraglanan toparynyň sany 15 müňe ýetipdir. Türküstandan rus patyşasynyň hökümlerini gysyp çykarmakda Jüneýit han uly güýç bolsagyna daşary ýurt hökümetleri hem gyzyklanyp başlapdyrlar. 1916-njy ýyl birinji jahan urşunda Orusýet gir ýeňşişlere uçraýar, muny eşiden Türküstanlylar ruslara garşy baş alyp göterýärler, Hywa türkmenleri hem Hana garşy baş göterýärler. Türkmenistan umumy welaýat başy (gubernatory) Sir derýa welaýatynyň harby gubernatory general Galkin öz komendantyna jeza beriş topar iberipdir. Söweş herki tarap üçin soňy dereje-de agyr düşýärdi, türkmenler ok-ýaragyň ýetmezçiliginden ruslar bolsa suwsuz yssy çöllerde gyrylýardylar. Jüneýit han açyk söweşe girmän, wagtal-wagtal ruslary gumlaryň içinde çekip başlaryna bela getirýärdi. Rus güýçleri aman bermän jeza bermage başladylar. Suw guýularyny dolyduryp, obalary talap, mallary haýdap gitýardilar. Jüneýit han bolsa birden togtaman ruslar bilen sawaşýardy. Bu ýyllarda Hywa hanynyň eden-etdiklerini barlap, halk gozgalaňynyň esasy sebäplerini anyklamak üçin Türküstan General gubernaturyň görkezmesi boýunça Daşkentden ýörite iberilen General Geppener gozgalaňy Hywa hanynyň nökerleriniň proýokasiýony (dürtgisi) diýip bellenäge mejbur bolýar (Türkmen wideniýe 1.1930). Jüneýit hanyň baştutanlygyndaky gozgalaň ähliumumy häsiýete eýe bolup, Türküstanda ony goldan günsaýyn köpelip başlaýar. “Hoja ýeli” obasynyň ýaşaýjylary öz näyrzalyklaryny aýtmak üçin Ishendiýarhanyň ýanyna baranda, Han olary tussak edýär. Muny eşiden Jüneýit han 3 müň atlysy bilen Hywa galasynyň golaýyna gelip, tussaglar bir gije-gündiziň dowamynda boşadylmasa gala girip, galany Hanyň başyna ýumurjagyny duýdurýar. Gepleşikler netije bermänsoň ol galany gol astyna geçirýär, onuň bilen hem çäklenmän Gürlen, Şabat, Kiýat, Daşoguz şäherlerini hem alypdyr. Gala düşen Isfendiýarhan, Jüneýit hanyň merhemetine duş gelip, gany geçilip gaýtadan tagtynda oturdylýar. “Jüneýit hanyň Hywa tagtyna bäsdeşlik etmegi patyşa russiýanyň ynjalyksyzlygyna sebäp bolýar, şoňa görä ol gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin general Talkinniň ýolbaşçylygynda jeza beriji topar bütin türkmen obalarynyň içinden “gyzyç” bilen geçýär. Müňlerçe türkmenleriň rehimsizlik bilen öldürilmegi sebäpli we wakanyň halk arasynda häli-şindiler hem “Galkyn ýeli” diýip ýatlanmagy ýöne ýerden däldir (ýaşlyk, žurnaly şol ýerde). Bu wakadan soň Jüneýit han goşunlaryny Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda ýaşaýan ildeşleriniň arasyna çykýar. Ýazyjy Ata nuryýew hiçbir fakt görkezmezden (belkide bolşewik taryhçylaryň çaklamalary esasynda) Jüneýit han Owganystanda bolan döwründe Iňlisler bilen ylalaşyga gelip, ony satylan nöker diýip görkezjek bolýar. (Y.J) 1917-nji ýylyň sentýabrynda “Aklar” henizem “Gyzyllara” ýol bermän, ýerli häkimler bilen aralaryny berk saklamagy başarypdyrlar. Buhara Emiri ýaly, Hywa Hany hem “reform” wadasyny ýerip başlaýar, wagtlaýynça seweş togtaýar, emma Jüneýit han öz atlylaryny mydam taýýar saklaýar. 1918-nji ýylda Türküstanda Bolşewikleriň diktaturçylyk döwri başlaýar, olar Buharany “Sowetlaşdyryp” bilmeýärler, Hywa bolsa bir çetde galypdy. Bolşewikleriň Hywadaky hereketlerine Jüneýit han päsgel berýärdi, ol Hywa hanynyň baryşmaz duşmany bolsa-da, hana garşy Bolşewiklerden ýardam soramady. 1918-nji ýylyň güýzünde ol Hywany gol astyna geçirýär, Han bu arada öldürilýär, ýerine köpden bäri işlerden çetleşdirilen dogan oglany “Seýit Abdylla” hanlyga ýetýär, emma hakykatdan hanlygy dolandyrýan Jüneýit handy. Onuň akylly başlygy şol ýerde mälim boldy. Ol hany ýeňdi, emma Hanlyk düzgünini Bolşewik sistemasy bilen çalyşmady. Jüneýit hanyň Hywada hökümdarlygy 1920-nji ýyla çenli dowam edýär. Ata Nurlyýewiň aýtmagyna görä, Eziz Çapykow (Eziz han) bilen Jüneýit han iňlisleriň buýrugy esasynda wagtlaýyn hökümetiň Hywadäki wekili bilen harby komisar, polkownik Zaýsew tarapyndan goldanyp, sewet hökümeti organlary bilen söwaşa girmelidiler. (Y.J) 1918-nji ýylyň ortalarynda Jüneýit hanyň iş başyna geçenden bir ýyl Hywada öňki özbek-türkmen dawasy gaýtadan möwç alyp başlaýar. Bu işde Bolşewikleriň esasy roly bardy. Olar bu şantaž üsti bilen Jüneýit hanyň ýeňmegi planlaşdyrýardylar. Şol Şol ýylyň 20-nji sentýabrynda Jüneýit hanyň toparlary Rahmanbegiň ýolbaşçylygynda Ürgenç şäherine hüjüm edip Rus-Asiýa bankynyň bölümini, ambarlary, söwda edaralary dargatýarlar. 1873-de Hywa hanlygy basyp alandan soň ruslar Amyderýanyň sag kenarynda uly razwetka döredip, Türküstana gözegçilik edýärdiler. Bölümiň merkezi Dörtgülde ýerleşýärdi, ol ýerde köp mukdarda ak-ýarag we däri saklanýardy 25njy noýabrda Janeýit han Dörtgüle geçirýär, emma onuň bu hüjümi şowsuzlyga uçraýar. Edil 1919-nji ýylyň içinde Gyzyl orda ýardamy bilen Jüneýit han “Hywa kommunistler” atlandyrylan näbelli topar tarapyndan “Wgtlaýyn hökümet” guralýar. “1919—nji ýylyň 9-nji aprelinde Jüneýit han bilen Bolşewikler arasynda parahatçylykda ýaşamak baradaky şertnama şol çekilýär. Şertnama Hywa hökümet adyndan Jüneýit han, Türküstan sowet hökümetiniň adyndan bolsa ýörite Daşkentden gelen toparyň wekili A.N.Hristoforow gol çekýärler” (Y.J) Ýazyjy A.Nurlyýew 1919-njy ýyllar arasyndaky wakalara göz aýlap Jüneýit hanyň gizlinlikde bir tarapdan Buhara Emiri, aýry tarapdan bolsa Eýran we Owganystanda ýerleşen Iňlisler bilen aragatnaşygynyň bardygyny nygtaýar, ýazyjy, Karpowyň eserine salgylanyp iňlisleriň ýardamy bilen Türküstan ruslardan gutulanyndan soňra 55 ýyllap iňlisleriň gol astyna geçmelidigini görkezýär (Y.J). Bu ýagdaýlardan soň Bolşewikleriň hökümýeti Türkistanda barha güýçlenip ugraýar, türkmenleriň partizanlyk hereketleri esasynda degdim-gaçdym ýörişleri hem onçakly netije bermeýär. Jüneýit han öz atlylary bilen Garaguma tarap çekilmäge mejbur bolýar, olar Akjaguýyň tewereginde düşleýärler . Ol 1921-nji ýylyň fewralynda “Hanyşanyň” ýolbaşçylygynda Owganystana, « Şihim Sülgüniň » baştutanlygynda bolsa Eýrana ýörite wekiller iberilýär. Jüneýit han daşardan köp mukdarda ýarag satyn alyp mynasyp pursata garaşýardy. Şol ýylyň aprelinde 3 müň tüpeň, 54 müň ok we birnäçe plimýot ýüklenen kerwen gelip ýetýär (Y.J) Jüneýit hanyň alyp barýan göreşi 1928-nji ýyla çenli kä wagt köşeşip, kä wagt möwç alyp dowam etdi. 1924-nji ýylda ol 1-njy Rürkmenistan ýolbaşçylar gurultaýyna ýüzlenip, Garagumda mesgen tutmagyny sorapdyr. Bolşewikleriň gurultaýyna çagyrylan Jüneýit han, wekiller tarapyndan gyzgyn garşy alynyp, aýaküstünde durup ony alkyşlapdyrlar. Türkmenistan häkimýeti Orta-guýy, Peşkeguýy, Çarşeli guýy etraplaryny han we onuň ýaranlarynyň erkinde goýýar. Şol ýylda Horezim sowet hökümýetiniň adyndan A. I. Ibrahimowyň ýolbaşçylygynda ýörite wekil gelip, Hanyň emlägini, we watandaşlyk hukugyny el degrilmesizligini ykrar etmäge söz berýär. Halkyň ar-namysyny goramaga ant içen Jüneýit han Bolşewikleriň eden-etdiligini göre-göre asuwa oturyp bilmeýärdi. 1924-25 aralygynda sowet hökümeti “milli serhetler” we “ýer-suw” reformalaryny başlady. Halk arasynda muňa garşylyk köpelýärdi. Bolşewikleriň gynamagyndan boşamagy isleýänleriň ählisi Jüneýit hanyň ýanyna jemlenip başladylar. Ol bolsa bolup geçýän sütemlere göz ýumup bilmeýärdi. Jüneýit hanyň ýakyn ýoldaşlary Ahmetbeg, Ýagşygeldi, Şaltaý batyr we başgalar ol ýerde, bu ýerde gozgalaň çykaryp gelýärdiler. 1924-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Jüneýit han Horezim halk jemhurýetine garşy baş göterip, Daşoguz, Maňňyt, Şabat, Gazabat, Haňka ýaly bölekleri eýeleýär, emma Gyzyl goşun olary ýene-de Guma tarap yza çekilmäge mejbur edýär. 1927-nji ýylyň awgustynda Jüneýit han oturan ýerinden “Peşke guýa” tarap göçüp, bu ýerde Bolşewiklere garşy harby merkez döredýär. Bu göreşler 1928-nji ýylyň ortalaryna çenli dowam edýar. Bolşewikler olary derwi-dagyn etmäge karar alypdylar, şoňa görä uly goşun topar ýygyp, uçardan bolsa bomba we zäherli gazlar atýardy, guýulary zäherleýärdiler (Y.J) . ýazyjy A. Nuryýewiň Jüneýit hanyň bu ýyllardaky jan aýaman alyp barylýan göreşlerini imperialitaryň prowokasiony diýip görkezýär. (Y.J). 1927-nji ýylyň iýul aýyna çenli türkmen halkynyň gozgalaňy dowam edip geldi. Bolşewikler bilen Jüneýit hanyň arasynda baglanan şertnama esasynda Hanyň erkinde durýan atlylar asuda ýaşamalydylar, emma Bolşewikler ýerli-ýerden ýagdaýy bozup, olara jeza berip başladylar. Köneürgenç etrabynyň komitetiň başlygy öň Jüneýit hanyň hyzmatynda bolan, soň bolsa söweşden dönüp, Maskwa “Ç.K.A” –syna ajandyk eden birisini bellediler. Ýer-suw reform diýlen kanun esasynda bu ajandyn peýdalanylýar, ahyrynda bir gije ol öli çykýar. “Ç.K.A” bu jenaýaty Jüneýit hanyň üstüne ýükledi. Bolşewikleriň prowokasiýany ýa-da şahsy bähbitleri ugrunda öldürlen bu kişi wakasyndan peýdalanyp, Ç.K.A olaryň garyndaşlaryny Jüneýit hanyň atlylaryna tarap küşgürdi. Han bu ýagdaýa çydamany, Ahmetbeg we Şaltaýbegiň ýaşaýan ýurtlaryna sygynmaly boldy. Bularyň üstüne Hanyň tersine ýigrenç propagantlyk yzy üzülmäni ýaýraýardy. “Prawda wastoka” gazetiniň noýabr 1927 sanynda Jüneýit hany Iňlisleriň ýardamy bilen gozgalaň göteren adam diýip belleýär. (Y.J) Daşoguz ýomutlary Jüneýit hanyň baştutanlygynda agyr göreşlere girdiler. Sowet hökümetiniň Türkmenistandaky ......komiteti bu ýerlerde adatdan daşary ýagdaý yglan edip, bütin Daşoguz welaýaty we Türkmenistandakydemir ýollary harby kommiserligi tarapyndan “howply” we Jüneýit hany bolsa “ganundan daşda ” diýip jar edýär. Bu ýerler “ýörite sawaş kommisionlary” döredilip, onuň wezipesini Gyzyl orda ýardam bermek diýip belleýärler. Bu komitetiň başlygyna türkmen kommunistlaryndan “Ahundow” adynda birini belleýärler (Gyzyl Özbegistan gazeti 242/1927). Göreşjek halkyň ruhdan düşürmek üçin Bolşewikler hanyň ölüm habaryny ýaýratýarlar. Bu arada Daşoguz etrabynyň Aşyrbaý, Seýt Uşak, Bugra serdar, Şaltaý batyr ýaly gerýekler müňlerçe goşun ýygnap “Gyzyllara” tarap söweşe girýärler. Ata, Ýomut we Teke türkmenlerinden toplanan ýigitlere bolsa “Durdy murt” ýolbaşçylyk edip Gyzylarbatda Bolşewiklere agyr zarbalar urupdyrlar. Aşgabatda rus we türkmen dillerinde neşir bolýan “Krasnowodskaýa iskra”, “Türkmeniskaýa iskra” we “Türkmenistan” gazeti Gyzyl goşunyň Garagumda “basmaçylar” bilen agyr söweşe girendiklerinden habar beripdirler. Bu söweşler Bolşewikler uçaklar bilen zäherli gazlardan peýdalanypdyrlar. “Türkmeniskaýa iskra” gazetiniň 16-njy oktaýabr sanynda Çarşili, Dahili, Tuwar we Çetil guýularyň töweregindäki “basmaçylaryň” merkezleri dargadylandan bahar berip, onda ölen bolşewikleriň atlary, ýagny Lumanow, Ýanko, Hojaýew, Skolow, Nedaçin, Borowin, Şewçenko, Çary Myradow ýaly harby we syýasy komidantlary görkezipdir. Türkmensähra tarap.... “Asmandan aýyrpalan uçar, Köçeden aftomobil geçer, Milletiň Eýrana gaçar, Boş galar Leliniň ýurdy.” Afan şahyr Cergelan 1927-nji ýylyň oktaýabrynda Jüneýit han Bolşewikleriň arasynda ýüz beren ganly çaknyşyklar, Hanyň Garaguma giň möçberde alyp baran söweşleriniň iň soňkusy bolupdyr. Şyhymsülgüniň ýolbaşçylygynda Eýran türkmenleriniň arsynda giden topar ol ýerden hoş habarlar bilen öwrülip, Jüneýithanyň Türkmensähra baryp biljegini Hana ýetiripdiler. Şol säbap bilen 1928-nji ýylyň iýun aýynda Jüneýit han öz 600 atlysy bilen Türkmensähra tarap ugraýar. Şol ýylda Eýran türkmenleri Nepes serdar we Annageldi serdaryň (Annageldi Aç-Kelte) baştutanlyklarynda Tähran hökümeti bilen aldym-berdimli söweşler alyp barýardylar. Irzaşah türkmenleri ýaragsyzlandyrmak we olary boýun etmek syýasatyny zor bilen alyp barmagy öňe sürýärdi. “Sallah” obasy ot berilip, namartlyk bilen Annageldi Sedar öldürilenden soň, türkmenleriň bir bölegine Annageldiniň ogly Çaranserdarlyk edip, öz atlylaryny Kümmet-gabus we Marawadepe düzlüklerine tarap çykýar. Türkmen başlyklary Jüneýit hanyň Egri-bugry obasynda garşy alýarlar. Astanababanyň harby hükimi serheň Häkimi türkemenleriň üstünden uçak bilen haýwat atýar, soň Mämet-ahun we Marjanhan ýaly adamlardan peýdalanyp, olara ýaraglary ýerde goýup boýun bolmaklaryny talap edýär. Jüneýit han ýagdaýa tap getirmän ol ýerden Owganystanyň demirgazygyndaky Hijrat türkmenleriniň arasyna sygynmaly bollupdyr. Han Jüneýit 1938-nji ýylda şol ýerde wepat bolupdyr. Jüneýit han ýurdy terk edenden soň Bolşewikleriň zulumlaryna çydap bilmedik türkmenler topar-topar serhetden aşyp, kümüşdepe, Marawadepe, Sergelen, Maşat, Turbet-sam şeýle-de Owganystanyň demirgazygyna gözýärler. Bu işiň öňüni almak üçin Türkmenistanda dürli çäreler alynýar. “Türkmenistan” gazetiniň 16-njy nji iýul sanynda Eýran we Owganystana geçen türkmenleriň mal-mülklerini öwürlip gelen ýagdaýlarynda olara gaýtarylyp berilmejekdigi baradaky permany çap edilipdir. Türkmenleriň ýurdy terk etmeklerinde, Türkmenistanda gahatçylygyň höküm sürýäni hem sebäp bolupdyr. Türkmenleriň watanlaryny terk edip bosgunlaryň aç hor ýaşaýan barada günbätar gazetlerinde-de subutlandyrylypdyr. Germaniýada “Memler Dampboot” gazetiniň 30-njy iýul 1931-nji sanynda awtor “Rosita Forbes” türkmenleriň topar-topar Eýrana gaçyşlary” atly makala bilen bu wakany suratlandyrypdyr. Iňlisleriň “Timis” gazeti 22 maý.1934-ý sanynda öz Tahran habarçysyndan alyp neşir eden bir habarynda şeýle ýazylypdyr: “Türkmenistandan gaçyp, Eýrana geçýän türkmenleriň sany günsaýyn artýar, olaryň sany 30 müňe golaý baryp ýetipdir. Eýran döwleti bulary 30-40 K.M serhetden içerde ýerleşdiripdir. Maşada sygynanlaryň arasyna aç-hor, egin-eşiksizler bolany bu şäherdäki “Amerikan jemgyýeti” türkmenleri gaýym-geçim bilen üpjün edenmiş emma Eýran adamlary ýardamlariň köpüsini özleri alypdyrlar.” Rus-Eýran döwletler arasyndaky döstluk şertnamalar esasynda her iki döwlet halkymyzyň köküne palta urmakda ormak syýasaty alyp gelipdirler. Bu syýasaty Bolşewikler hem dowam etdiripdirler. 1924-1926-njy ýyllar arasynda Tähranyň güýçli ýaragly çozuşlarynyň öňünde durup bilmedik halk Türkmenistana sygynýarlar, emma ruslar olary Eýrana gaýtaryp berýärler, şeýle-de Eýran döwleti 1931-nji ýylyň iýun aýynda ýaýan bir bildirişinde türkmenleri ruslara gaýtaryp berjegini görkezýär. bildiriş “eýran hökümetiniň karary” ady bilen ýaýrapdyr: “Eýran hökümetiniň karary boýunça gündogar polis başlygy tarapyndan bildiriş: Çet ülkelerden pasportsyz we ýa-da süreksiz pasport bilen Eýran topragyna öten kişiler gijigmezden tiz Eýran topragyndan çykmalydyrlar. Eger bu permanyň amala aşyrylmagynda bir adam garşylyk görkezse, polis ony tutup haýsy döwlet topragyndan Eýrana giren bolsa ol döwlete gaýtaryp bermelidirler.” (1-njy ropport) Hususan welaýatynyň häkimi Muhamed Cem Tehrana vazan sekret repportynda (N’386,aprel 1931) Türkmenistandan gaçyp Eýrana sygynanlar hakynda şeýle karar çykarypdyr; “Parslary Maşatda ýerleşdirip olary öý, ýer-suw we iş bilen üpjün etmeli, türkmenleri bolsa Garadepe we Pişkemer ýaly obalarda ýerleşdirip Kümmet-gabus goşunynyň kontrol astynda saklamaly. Her-halda serhetden aşýan türkmenleriň özüni almaly, ýogsa ruslar bizden gaty ynjarlar”. (2-nji depport) Kümüş depede ýerleşen jandarma komandanyň başlygy Astrabadyň goşun başlygyna ýazan (01719-njy ý. 16 –njy oktaýabr repportynda serhetden aşan 9 sany türkmeniň adyny görkezipdir. Astrabadhäkimi olary berk kontrol astynda saklamagyny we öz milli eşiklerini derhal degişdirmeklerini buýrupdyr. (3-nji repport) *** han bilen baglanşykly halk arasynda birnäçe gürrüň ýygnadym. Şolaryň birisi meşhur “Çuwal bagşy” Magtymguly Garly hakyndadyr. Jüneýit han başyly mydam golladyp gidipdir. Eýrana aşmazdan öň ony hem özi bilen alyp gitmegi niýet edipdir, emma käbir sebäplere görä bi işi amala aşyryp bilmändir. Omçaly obasynda ýaşaýan meşhur “Işan Piri” maňa, Hywada ýaşan döwründe “Jüneýit hanyň ýüpek mata üstünde çap bolup, ýörgünli bolan puly bardy” diýip gürrüň beripdi. Jüneýit hanyň ölmezinden öň ýanynda eden wesýeti: “Men ölsem, jesedimi ene topraga aşyryp jaýlaň.” Eger eltdirmeseler pul bilen aşyryň. Eger bu-da Bolmasa jesedimi hol akyp ýatan derýa taşlaň Diýip, garry han Jeýhuna nazaryny dikýär. – Men Türkmen iline derýa bilen bararyn, bolmanda Jesedimi iýen balyklar bilen bararyn”. Şeýle watansöýer insana nädip watana garşy dönük diýip elleri titremezden ýazýarlarka? Jüneýit hanyň wesýeti ýerine ýetirmeli, has bolmanda onuň ýadygarlik heýkellerini Hanyň doglan topragynda we Aşgabadyň merkezi meýdançasynda dikeltmeli. Jüneýit hanyň agtyk-çowluklary häzir ýaşaýan bolmaly, olary tapyp öz ata watanlarynda mynasyp orun berilmeli. Jüneýit hanyň adyny mekdeplere, köçelere, şäherlere dakmaly, onuň taryhy muzeýini döretmeli. Bu işleri ýerine ýetirmek Türkmenistanyň esasy borjudyr. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Milletimiziň adyny arşa Göteren milli serdarymyz JÜNEÝIT HAN 13.11.2018. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |