15:08 Göwündäki gündelik -9/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Li Kuan Ýuw-yň ”Geljekki dünýä meniň garaýşym” atly kitabyny okap gutardym. Ajaýyp eser! Syýasy, diplomatik, ykdysady, demografik, taryhy, etnografik... garaz içine alýan, seniň aň gerimiňi giňeldýän meseleler gaty kän. Göräýmäge guraksy, çeper bolmasa okatmajak ýaly weli, asla beýle däl. Şeýle bir täsirli, durmuşy wakalar bilen sepleşikli, durşy bilen bir maglumata baý weli, “aperin” diýdirýär. Şeýle kitaby birbada okap çykmak mümkin däl. Özüm-ä howlukman, diýeli, her gün bir babyny-15-20 sahypany okap, soň okanyňy “sintezllemäni”-pikir eleginden geçirmäni dogry hasap edýän. Şondan kän okasaň, aýdylýan zatalry beýni kabul edip ýetişenok. Süýji naharyň howlukman, lezzet bilen iýlişi ýaly. Nähili geň, gerekli (onda-da ähli milletlere, tutuş halklara) pikirler, durmuşdan susulyp alnan tejribe-garaýyşlar, anyk analitik netijeler. Gepi gurak etmez ýaly, gel, okanlarymdan käbirini siziň bilen paýlaşaýyn. Belki size-de ýarar. “Günorta Koreýanyň ykdysady ösüşi dünýäni haýran etdi. Ylaýta-da bu ýurt elektroaragatnaşyk enjamlaryny öndürmekde Älemiň agzyny aňkartdy. “Samsung”, “LG”, “Hundai” kompaniýalarynyň önümleri dünýä bazarynda towsa görerilýändir. Ylmy derňewler we açyşlar, täze önümçilikler bababtda-da koreýler has öňe gitdiler. 50 million ilatly ýurguň beýle ykdysady böküşi haýran galdyryjy üstünlikdir. “Arabany süýrän” telekeçileriň, işewür adamlaryň aglabasy Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryny tamamlanlar. Milli mentalitet babatda aýdanda, koreýler Günorta-Gündogar sebitde iň berk häsiýetli millet diýip arkaýyn aýdyp bolar. Bu gylyk-endigi olara taryhy ýowuzlyk “sowgat” beripdir. Eger-de taryhy içgin agtaryp görseňiz şeýle hakykatyň üstünden bararsyňyz: Mongol ordasy Koreý ýarym adasyny doly basyp alsa-da, deňiz üsti bilen Ýaponiýa aşmak, olary boýun egdirmek arzuwy amala aşmaýar. Onsoň mongol goşunyndaky müňlerçe adamlar bu ýerde ymykly ornaşyp galypdyrlar. Koreýleriň ganynda Aziýanyň iň batyrgaý, söweşjeň milletiniň ganynyň aýlanýnlygy bu üstünlikleriň gözbaşydyr. Koreýleriň “demir erki” bu gün Älem içinde aýlanýar, halky bagtyýar edýär. Bu halk şeýle hem pikir başarnygynyň inçeligine eýe, tertip-düzgüne gyşarnyksyz eýerýän, diýseň janypkeş”. Kirapda şeýle hem Hindistan, bu ýurduň geosyýasy aýratynlygy, milli häsiýetleri hakda hem täsin, şol bir wagtda düýpli, tutarykly pikir ýöretmeler bar. Iňlis kolonial düzgüninden öň 400-den gowrak dilde gürleýän hindiler bölek, ululy-kiçili, hökümdarlyga ymtylýan toparlar bolup, olara däbine, ýörelgesine, dini ygtykatyna laýyklykda maharadjalar, soltanlar, nawabiler baştutanlyk edipdir. Köpdillilik häzir hem Hindistanyň dolandyryş, kommunikasiýa taýdan ösüşine selteň salýar. Meselem, ýurduň paýtagty Deli “hindi guşagyny” guşanyp otyr, soňky geçirilen ilat ýazuwynyň maglumatlaryna görä, bu ýeriň ilatynyň 41 göterimi şu dilde gepleýär. Dogry, döwlet dili hasaplanýan hindi dilini bu ýurtda ýaşaýanlaryň aglabasy bilýär. Ýöne tamil, penjab dilinde gürleýänler bir-biriniňkä düşünmeýärler. Diýeli, eger iňlisçe gepleseň, 1 milliard 200 milliondan gowrak ilatly ýurduň 200 milliony arkaýyn düşüner, hindiçe gepleseň 500 milliony düşüner. Eger-de, tamilçe gepleseňiz, bary-ýogy 60 million hindi düşüner. Dil bolsa kän-brahman, waýşi, dalit... Şu bolsa döwlet dolandyrylyşynda belli bir derejede päsgelçilik döredýär, sebäbi şu wagta çenli Premýer-ministriň kürsüsünde oturan adamlaryň ýekejesem Hindistanda ýaýran bu dilleri aýry-aýrylykda bilenok. Milli bütewilik bolsa ilkinji nobatda dil bilen baglydyr. Hytaýlylar gören zadyny desbi-dähel ýasamagyň, döretmegiň aladasyna mübtela bolmak endigine eýe. Hindilerde bolsa şol barada köp gürläp, az iş etmek endigi bar. Umuman, her halkyň milli mentaliteti, gadymdan gelýän gylyk-häsiýeti, ganyna ornan endik-edähedi bar. Dil bütewüligi hökmany suratda jemgyýetçilik ösüşine, ykdysady taýdan galkynmagyna ýa-da tersine, pese düşmegine öz täsirini ýetirýär. Bu ähli döwürlere degişli üýtgewsiz hakykatdyr. * * * Meniň durmuşdan öwrenen iň uly sapagym men entegem köp zady öwrenmändirin. * * * Men hiç kime hiç zady öwredemok, men diňe olary pikirlendirýärin. Sokrat * * * Eger ähli zady başga bir adamyň ýalňyşydyr diýip pikir etseň, kän ejir çekmeli bolarsyň. Haçan-da sen ähli zady özüňden görseň, asudalygy hem şatlanmagy öwrenersiň. Dalaý Lama * * * Bilim dünýäni üýtgetmek üçin ulanylýan iň güýçli ýaragdyr. Nelson Mandela * * * Men duşmanlarymy özüme dost edinip ýeňýärin. Abraham Linkoln * * * Maksatsyz akyl ganatsyz guş ýalydyr. Salwador Dali * * * Her kim dünýäni üýtgetmek barada pikir edýär, ýöne hiç kim özüni üýtgetmek barada pikir etmeýär. Kemryn Manheým * * * Oňaýsyz pikirleriň ýerini oňyn pikirler bilen çalşanyňda, gowy netijeleri gazanyp bilersiň. Willi Nelson * * * Bilim bilmeýändigiňi bilip, bilmeýän zadyňy öwrenmekdir. Daniýel Borstin * * * Üstünligimiň syry iki sözden ybarat: adamlary tanamak. Harweý Faýerston * * * Bilim durmuşa taýýarlyk däl, ol durmuşyň özi. Jon Dewey * * * Özüňe ynan! Zehiniňe bil bagla! Öz güýjüňe pespällik bilen paýhasly ynanjyň bolmasa, sen asla üstünlik gazanyp ýa-da bagtly bolup bilmersiň. Norman Winsent Pil * * * Eger kimdir biri bu gün kölegede oturan bolsa, onda ol bir wagtlar kölegesi üçin agaç ekendir. Waren Buffeý * * * Saňa ýazmaga nämäniň hyjuw berýändigini bil, onuň kökleriniň seniň ýüregiňde örän çuň ýerleşendigine göz ýetir, ýazmaklyk gadagan edilen halatynda özüňi bu ýalançydan ötäýjek ýaly duý! Raýner Mariýa Rilk * * * Men öz ýazyşymdan kanagatlanmaýaryn. Men diňlemegi başarýan, ýöne barmaklary sazyny çalmakdan boýun gaçyrýan gyjakça meňzeýärin. Gustaw Flubert * * * Eger sen hakykaty aýtsaň, saňa hiç bir zady ýatlamak gerek bolmaz. Dewid Bekham * * * Käbiri beýik bolup dogulýar, käbirleri ony gazanýarlar, käbirlerini bolsa beýikligiň özi çagyrýar. * * * Wagt garaşýanlar üçin haýal, gazanýanlar üçin çalt, zarynlaýanlar üçin uzak, şatlanýanlar üçin gysga, emma söýýänler üçin ol bakydyr. Wilýam Şekspir 20.11.2018 * * * Awaza gidip-geldik. Ol ýerdäki Kongressler köşgünde Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň Ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi. Gaty wajyp hem täsirli forum. Saglyk bolsa Owganystan-Türkmenistan-Azarbaýjan–Gruziýa-Türkiýe ugry boýunça täze ulag geçelgesi açylsa, işläp başlasa, Türkmenbaşy portundan ýylda 20 million çemesi ýük daşalmaly. Bu Türkmenistan üçin uly girdeji. Gadymy Gündogarda aýdylyşy ýaly, “Nirä kerwen barýan bolsa, şol ýere bereket barýar”. Belki, şeýle bolsun-da! 29.11.2018. * * * Köne kagyzlary saýhallap, gerekli-gerekmezini o ýan-bu ýan edip otyrkam, iki sany kagyzda gözüm eglendi. Hünji ýaly edilip, juda gysby hem sünnäli ýazylan setirleri gaýtadan okadym. Olary mundan nijeme ýyl ozal ätiýaçdaky general-maýor, kitabyň, sungatyň ölemen aşgygy hem-de irretsiz baha kesibilýän, juda okumyş, durmuştň akademiki mekdebini geçen, syýasatdan diýseň inçelik bilen baş çykarýan Allaşükür Öwejow ýazaypdyr. (Ýatan ýeri ýagty bolsun.) Bu üýtgeşik häsiýetli, diýseň hoşgylaw, bir görende islendik adamyň içindäki pikirlerini edil rentgenden geçiren ýaly görüp, gözünden ýüregindäkini okabilýan adam bilen Oraz Nepesowiç (ýatan ýeri ýagty bolsun) tanyşdyrypdy. Oraz Nepesowiç hem il içinde tanalýan, juda sylanýan kişi bolup ötdi. Ol biziň garry-obadaky öýümiziň ajagujundaky duldegşir goňşymyz Aşyrbaý aganyň inisidi. Ýöne heniz bäbekkä dädeleri ýogalyp, Aşyrbaý bilen Oraz ejeleriniň eteginden ýapyşyp durka, ol biçäräni gaýtadan Bişçykyr diýen ýere satyp goýberýärler. Şeýdip Oraz internatdan, Aşyrbaýam dädesiniň inileriniň gapysyndan çykýar. “Ýetimlik kimde adam ysynyň, haýsy garyndaşyňda niçiksi hüý-häsiýetiň bardygyny aýanda görnen ýaly edip beräýýän eken. Kime gargasaň, “ejjeň ýa dädeň öweý bolsun!” diýäý”. Şuny aýdyp, juda mert, diýseň çydamly çal saç adam uludan dem alaýardy. Soň ýörite gullugyň polkownigi bolup ýetişen, abraýly wezipelerde işlän Oraz Nepesowiç Daşoguzdan Aşgabada göçüp gelensoň, (şonuň yzýany men hem aşgabada gelip ýer tutupdym) gaty ýakyn gatnaşylda bolduk, ýogalmazyndan öň baranymda pahyr “men senden razydyryn, Ogulnabadyň çöregini kän iýendirin” diýipdi. Ine, Allaşükür aga bilenem tanyşdyran Oraz Nepesowiç bolupdy. Saçakly gatnaşmasagam, soň Döwlet serhet gullugynda wagtam, pensiýa çykansoňam duşsak gara gadyrdyk, häli-şindi telefonlaşýadyk, birek-birege salam ugradýadyk. Şu aşakdaky setirleri-syny görnüşli haty hem ol “Bagt guşy” romanym “Garagum” žurnalynda çap edilen wagty ýazan eken. Hormatly Gurbannazara, onuň «Bagt guşy» kitaby barada. Seniň jepa çekip döreden «Bagt guşy» kitabyňa baha bermek üçin edebiýat äleminiň dört gözli hem dört gulakly ezberleriňki ýaly mende mümkinçilik ýok. Şeýle-de bolsa bu ajaýyp poman barada özümiň begenjimi, onuň beýan edilişine haýran galýandygymy seniň bilen paýlaşasym gelýär. Ilki bilen bellemeli zat, ol hem bolsa Garaşsyzlyk ýyllary içinde oba durmuşyndan ýazylan eserleriň arasynda Siziň «Bagt guşy» kitabyňyz ilkinjileriň biri, ýa-da şolaryň birinjisi bolmaly. Bu awtoryň uçursyz maksada okgunlygyny we onuň döwrüň derwäýys meselelerini garbap alýandygynyň nyşanydyr. Wakalaryň örän çeperçilik bilen arassa, düşnükli türkmen dilinde beýan edilişi, keýpiňi çaglaýan degişmeleri, şorta sözleri zergär ýaly ýerbe-ýer ulanyşy meniň diýseň göwnümden turýar. Haçanda şunuň ýaly gyzykly kitaplary okanymda, men ilki bilen şol personažlaryň arasyndan kitabyň awtorynyň şekilini gözleýärin. Bu romanda bolsa, ýalňyşmaýan bolsam, ol Atanur-agranomyň bolaýmagy hem mümkin. Sebäbi bu şahsyýet başga delilleri getirmezden hem göze ilýär. Çünki Atanur romanyň başdan aýagyna çenli ýaşaýar. Umuman aýdanda, wakalara garaşýan adamlaryň saýlanyp alynyşlary, olaryň häsiýetlendirişi edil geljekki okyjynyň awtora öňünden sargydy ýaly bolup görünýär. Tagan keliň, Sähet jerçi, Gajar ussa, Gaýyp guduz we beýlekileriň özlerini alyp baryşlary, olaryň Daşogyz şewesinde özüne çekiji söhbetdeşlikleri, biri-birini göwne degmän «duzlaýyşlary» meni haýran galdyrdy we kör iýden ýaly elimden tutup romanyň içine aýladylar. Bularyň hemmesini Siziň ynandyryjy ussatlygyňyzyň miwesi hasap edýärin we olary teatr sahnalaryndan görsem meniň hem keýpim topugymyň çeninde durmazdy. Gardaşym hem pikirdeşim Gurbannazar! Indi iki agyz romanyň atlandyrylyşy barada. Ýöne «Uruş gutaransoň batyr köpelipdir» diýmäweri. Edebiýatda, onda-da çeper edebiýatda haýsy nähili we haçan esere dakylýandygyny diňe “mal” eýesine-awtora bagly. Şeýle-de bolsa Seniň adatdan daşary hoşgylawlygyňdan, geçirimliligiň hem-de köplere edep-terbiýäniň ýokary nusgasyny görkezip bilýändigiňden peýdalanyp we hemişe kämilleşmäge çalyşýandygyňy göz öňünde tutup, göwün-islegimi aýdaýyn. Ilki bilen-ä, romanyň many-mazmunynyň göwrümi onuň çeperçilik bilen beýan edilişi, wakalaryň örüsiniň Seniň «Bagt guşuňdan» has giň. Mekgä zyýarat etmek adamzadyň —musulmanyň Allanyň öňündäki parzyny ýerine ýetirmegini aňladýar. Emma romanda borç barada hem aýdylýar. Beýik mümkinçilikler, ösüşler özgertmeler... barada hem gürrüň gidýär. Garaşsyzlygyň beren azatlygy, il-günümiziň Şuralar hökümetiniň girdabyndan çykmagy we ýene-de bir näçe guwandyryjy wakalar bir «Bagt guşuna» sygdymyka? Meniň pikirimçe, bu ýerde zorlugy ulanmagyň geregi ýok. Bedewi meýdana çykardyňmy, goýber jylawy! Şonuň üçin bu ajaýyp, tolgundyryjy, tüýs türkmen bolup ýazylan, ýöne häzir «ýetimligiň» öňüni dolan şertlerde ýaşaýan romana «Atanur», «Humly depe» , «Bagty çüwenler», şuňa bolmasa «Bagt guşy bilen mukaddeslige», «Galkynan obam» diýen atlar dakylsa jüpüne düşermikä diýýärin. Eger-de, Seniň şu iki kitabyň baradaky meniň «samramalarym» gara bazarda gara şaýa çeçse-de, onda meniň armanym ýok. Çuňňur hormatlamak hem ötünç soramak bilen Allaşükür. PS: olary taplap, goşup-aýryp, seslenme hökmünde «Garagum» žurnalynyň seýrek okalýan burçunda kiçijek harplar bilen ýerleşdirseňiz hem men öz golumyň eýesidigime Seni berk ynandyrýaryn. * * * Gurbannazar Orazgulyýewiň «Garaşsyzlygyň Garagum gudraty» kitapbyna syn. Garagumyň gudratyny, onuň akyl ýetirip bolmaşak ajaýyplyklaryny we täsinliklerini janypkeşlik hem-de ussatlyk bilen beýan eden awtoryň “ylymlaryň doktory” diýen ada ýa-da abraýly sylaglara aňryýany bilen mynasypdygy barada bilermenleriň, alymlaryň, tebigaty öwrenijileriň häzirki wagtda dymýandyklaryny men bu eseriň ýeke-täk kemçiligi hasap edýärin. Onuň awtorynyň Garagumy özgerdijileriň edil biri bolup, olaryň arasynda ýaşaýandygy we wakalary «ýüpek ýolunyň» kerweni ýaly biri-biriniň yzyna tirkeşdirip beýan edendigi hem-de bu işde türkmen diliniň şiwelerini örän ýerlikli ulanmagy başarandygy, mehanizatorlaryň ýol gurmakda ýokary ruhubelentlikde zähmet çekýändiklerini, hatda poezýa hem düşünüşmäge synanyşýandygyny şahyranalyk bilen başarýandygy bu kitabyň gymmatyny we onuň terbiýeçilige ähmiýetini has-da artdyrýar. Altyn asyrda, täze şertlerde, onda-da Garagumyň jümmüşinde bolup geçýän beýle haýran galdyryjy adam zähmetiniň netijelerini görmän, ony wagyz-nesihat etmän deňinden geçmeklik asla mümkin däl, onda-da elmydama täzeligiň gözleginde bolmaly adamlara... Belli şahyrymyz Rehmet Seýidiň: Janym – tenim, Göz – röwşenim, Watanym hem Halkymdyr, Her bir Zaman, Güýç Aýaman Oňa aýdym düzerin– diýişi ýaly, Gurbannazar hem Watanyny, halkyny ýürekden söýüp ýaşlary daň şapagyny türkmen Kölüniň kenarynda we Garagum sährasynda gaýnap joşýan zähmet bilen garşy almaga çagyryp, özüniň «Garaşsyzlygyň Garagum gudraty» diýen mukamyny döretdi. Türkmen köli gurulýar. Ýyllar geçer, ol ülkeler gülzarlyga öwrülip halkymyza bagt, eşret getirer. Şeýle dabaraly pursatda bu mukamyň owazy köpleriň ünsini özine çeker. Ana, şonda Garaguma seýrana çykana dönen türkmen okyjylary, ylaýta-da talyplar ol kitabyň özi hem awtory barada şol «gyrkylyk yzly» çäge depeleriniň üstüne çykyp: “Beh, bu görnükli ýazyjysy, hakdan içen žurnalisti hem ýakymly diplomaty üç-gyraksyz Garagumy dört tarapyndan girip-çikyp, takyk öwrenip, munuň Garagum däl-de, altyn hazynaly gyzyl gumdygyny örän oňat beýan edipdir” diýip guwanç bilen seslenerler. Çünki şeýle surnukdyryjy hem agyr meseläni tomsuň jöwzasynda we gyşyň aňzak şertlerinde ýerinde öwrenip, netijesini kitaba öwrüp, il-gününe hödür etmek diňe Oraz-Guly-Gurban-Nazar ýaly dört mertebeli atlary iner kimin göterip bilýänlere başardýandyr... Ömrüňiz uzak, janyňyz sag, galamyňyz hem ýiti bolsun! Sesiňiz ýeke Garaguma däl, bütin äleme ýaň salsyn. Güýç-gaýratyny, ýiti zehinini, halkyna bagyşlaýan şeýle adamlar olara ýadygärlik dikeldilmese-de hemişe tanymaldyrlar, bellidirler, söýülýän şahsyýetdirler. Ilkinjiler bolanlary üçin bolsa taryh olary hiç wagt unutmaýar. Hormatly Gurbannazar! Size uly Sarpa goýmak bilen öz ýüregimiň hem Seniň ruhlandyryjy isleg-arzuwlaryňy, sylag-hormatyňy saklamak üçin örän ygtybarly ýerdigine ýüzugra aýdýaryn. Ätiýaçlykdaky general-maýor. 30.01.07ý. 2.11.2018. * * * Birwagtlardan bäri meşhur, edebi hem sungat jemgyýetinde juda köp gaýtalanýan “Dünýäni gözellik halas eder” diýen ganatly jümläniň dünýä belli rus ýazyjysy Fedor Mihaýlowiç Dostoýewskiniňkidigini şu gün “Dünýä edebiýaty” žurnalyny okap otyrkam bilip galdym. “Ejir çekmek söýgi hem ynam döredýär”. Bu ajaýyp, hemmämiziň gaýtalamagy halaýan, agramy juda agyr, manysy çuň sözlem-kesgitleme hem şu ajaýyp ýazyjynyň galamyndan çykan eken. 9.11. 2018. * * * “Bereketli toprak” gazetiniň düýnki (10-njy dekabr) sanynda “Sähra syry” atly göwrümli hekaýamyň birinji bölegini çap edipdirler. Eseriň çyksa lezzeti başga-la, walla, keýpiň topugyňdan dölüliberýär. Ýöne hasratly wakalaram duýdansyz öwsen gara şemal ýaly garaşylman durka geläýýär. Ynha, ýap-ýaňyja-öýlän wagtlary belli edebiýatçy alym, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, garyp göwün, giň dünýägaraýyşly, biçak sowatly Nury Seýidowy soňky ýoluna ugratdyk. Ol 48 ýaşynyň içinde dünýäsini täzeledi. 10 ýyllap agyr dertden (hiç bendä nesip etmesin!)-ýata yzmazlykdan, süňk agyrysyndan ejir çekdi. Ýöne galamyny gije-gündiz işletdi. Düýn öýlänler “ýogaldy” habaryny eşidip, “Garagum” dükanynya ýanaşyp duran jaýa-ýaşaýan ýerine dost-ýarlary, ýakyn tanyşlary, işdeş ýoldaşlary ýetip bardylar. Şonda durkak ýazyjy, türkmenistanyň Bilim ministliginiň okuw we ylmy kitaplary taýýarlamk we çap etmek edarasynyň-dolanşygynyň başlygy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Tirkiş Sadykowyň aýdan sözüni eşidip, inim dyglap gitdi: -Bendäniň rus mekdepleriniň 6-njy synpy üçin türkmen edebiýatyndan ýazan kitaby düýn çykypdy. “Buşluk” üçin birini goýberipdik, şony görüp ýetişipdir. Nury neresse edebiýat ylmy üçin är işini bitirdi-“Gördglynyň düşündirişli sözlüginiň” ölmezden ozal nokadyny goýup gitdi. Ol “Garagum” žurnalynda yzygider çap edildi. Başga-da bitiren işi az däl. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Nury jan! Senden kesilen ömri, rysgaly gudratly Biribar ogullaryňa (iki ogly bar), olardan önjek agtyk-çowluklaryňa, ýanýoldaşyň Gülruh mugallyma bersin! Mary hem Lebap welaýatlaryna iş-döredijilik saparyndan soň “Mülkamaşadan uzaýan ýol” hem-de “Ömür binýady” oçerkleri ýazyldy. Birini “Mugallymlar gazeti”, beýlekisini “Nesil” gazeti tutuş sahypa edip berdi. Garaz, günde komýuterde 2-3 sahypa ýazylmasa, arkaýyn ýatyp, uky alyp bolanok. Endik, erk gör nähili gowy zat! 10.11. 2018. * * * Şu günki “Nesil” gazetinde Atajan Taganyň “Kyrk ýylda ýazylan kitap”-bestsellerinden tutuş bir sahypa berildi. Gaty täsin, gysgadan manyly-maňyzly, sözüň doly manysynda aýdanda, kinniwanja hekaýalar. Okasaň, janyň gönenäýýär. Eýýäm ir bilen birküç adam-“säher okyjylary” jaň edibem ýetişdiler. Onuň başynda “Okyja ýüzlenme” bar: “Günbatar filosoflarynyň käbiri talantlylaryň köpüsi örän sada bolýar diýýärler. Men ol aýgydyň hakykata golaýdygyny käbir tanyşlarymyň, şol sanda Atajan Taganyň mysalynda hem görýärin. Döredijiliginde ýeten derejesi hakda oýlansaň, Atajanda buýsanmaga-da, birneme heserlenäýmäge-de esas bar. Ýöne ol beýle adamlardan däl. Men öz sada galamdaşymyň döredijiligindäki käbir pursatlary «Nesil» gazetiniň okyjylaryna ýatlatmak isledim. Nowellistikanyň ussady hökmünde Atajan Taganyň Berlinde «Hekaýalar agşamy» geçirildi. Onuň edebiýatymyzyň taryhynda ilkinji bolup döreden, metbugatda uzak ýyllaryň dowamynda çap edilýän «Kyrk ýylda ýazylan kitap» gündelik-essesi bizde iň köp okalýan esere—bestsellere öwrüldi. Onuň kitaplary dükanlarda ýatmaýar, eserlerinden kinofilmler döredildi, spektakllar goýulýar. Ýazyjynyň Beýik Ýüpek ýolunda bolup geçen taryhy wakalary beýan edýän, dürli dillerde 360 000 nusgada çap bolan «Saragt galasy» («Gowşut han») romanyny, «Serwi gelin», «Ýalňyzlyk», «Aglasy gelýän ak bulut», «Sallançak mukamy», «Lal perişde», «Aýylganç baharyň jybarly güni» powestlerini okyjylar gyzgyn garşyladylar, «Keseki» romany türkmen dilinde üç gezek, rus dilinde hem iki gezek 295 000 nusga bilen çap edildi. Ol türkmen eserlerinden ilkinji gezek Germaniýanyň «Ýam-publishing-ru» söwda belgili neşirýaty tarapyndan bütin dünýäniň onlaýn—kitap dükanlaryna ýaýradyldy, Amerikanyň «Dünýäniň sesi» hepdelik gazeti ony öz okyjylary bilen tanyşdyrdy, Daşkentiň «Jahon adabiýoty» žurnaly bir ýylky 5 sanynda «Kesekini» «Begona» ady bilen özbek dilinde çap etse, «Uzbekiston» neşirýaty aýratyn kitap edip çykardy. Bulary men hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerindäki «Türkmen medeniýetini daşary ýurtlara hem ýaýratmak» çakylygyna mynasyp jogap hasaplasam, Atajan Taganyň onlarça dile terjime edilen eserlerine dünýä hünärmenleriniň 70-den gowrak ýokary bahaly derňew makalasyny çap edendiklerini bolsa, tutuş türkmen edebiýatynyň soňky ýyllardaky ösüşine berilýän baha diýip kabul edýärin. Gurbannazar ORAZGULYÝEW, ýazyjy. Gepim gury bolmaz ýaly, birki sany mysal getireýin: “Akyllylyk özüňe hormat, batyrlyk özüňe guwanç, gözellik özüňe söýgi, gedemlik bilen öwünjeňlik özüňe ýigrenç, ýaranjaňlyk özüňe hem ýigrenç, hem gülki oýarýar”. * * * “Aň-düşünje ösdügiçe, çözülmesi kyn mesele-de köpelýär”. * * * “Ýaşlygyň ýerini almaýan bolsa, garrylyk hem erbet bolmazdy” * * * Görüplik namardy ejize, merdi namarda öwürýär”. Garaz, köp. Ýöne “doýumlyk” etmek üçin, kyrk ýyllap gyzylyň gyryndysy ýaly ýygnalyp, kagyza geçensoň, tutuş esere öwrülen ömürýazgylaryny-400 sahypalyk bestselleri tutuş okamaly. Beýle bagt isleýänleriň hemmesine nesip etsin! 13.11. 2018. * * * “Edebiýat we sungat” gazetinde şu gün Nobatguly Rejebiň “Keramatly kitap” atly nowellasy çap edildi. Ajap eser! Ýazyjy ussat bolanda sözden surat çekiberýär. Gepimiz gury bolmasyn: “-Kepban beg, dünýäniň baýlygyny-puluny toplap näme etjek?-diýseler, ýeser kel: -Dünýäniň altyn-kümüş puluny üýşürip sanap görjek-diýerdi” “Öýdäkime ulygyzka ýüz tümen galyň geçirip öýlendim. -Ýene bir ýola öýlen! Aýalyň iki bolsun! -Pahaý, Katymut batyr, bir heleý aňkamy aşyryp, çamalagymy çaşyryp barýar!” “Zarply urgudan ýaňa ýaşmakly gelniň owadan keşbi Kepban keliň gözlerinden ýere gaçdy, ussa özünden gitdi”. Aperin saňa, Nobatguly halypa! Zehiniňe nur ýagsyn! 14. 11. 2018. * * * “Bereketli toprak” gazeti “Sähra syry” atly hekaýamy iki sanynda çap etdi. Redaktoryna jaň etdim: -Inim, kel gyzy äre beren ýaly, tüweleme, bezp-besläp beripsiň. Dag etediniň suratyna seredip, hekaýany okaman goýsaňam boljak bolup dur. Azat jan hezil edip güldi. Ýaşkiçilik edip, edep saklandyr-da, ýogsam berilmeli jogap belli-le: -Agam, hekaýa gowşak bolsa, okyjy pahyry şeýdip aldamaly bolýa. 17.11.2018. * * * Elektron poçtadan şeýle hat aldym: “Beg inim, Gurbannazar, salam! Men saňa halys ýüregimden minnetdarlyk bildirýärin. Gylyç Berdiýew baradaky makalamy çakdan aşa peşeneli edip beripsiň. Gylyç şoňa degýän ýigit, arman, ol kesel. Golaýda operasiýa etdiler. Döwletiň baş žurnalynda şeýle görnükli berlen makalany okap, diri galjagyna, aramyzda entek köp-köp ýaşajagyna ynanýan. Ömrüň uzak, işleriň rowaç, döredijiligiň gülläp össün, dostum. Nobatguly (Rejebow-G.O.). 16.11.2018. * * * Baý, ýagynyl günler boldy şu hepde. Şol gün hem çisňedi durdy. Agşam hem täze ýyl ýolkasynyň dabarasyndan çykyp ulagymyza ýetýänçäk ezilme kemimiz galmady. 21-ne agşam bolan dabardan soň sagat 9-lardan soň öýe gelen wagtym Paltamed Esenowyň ýogalan habary geldi. Pahyr şondan bir hepde öňräk hem iş ýerime baryp gaýdyp, Ysraýyla bolan iş sapary bilen bagly makalasyny eltipdi. 4-5 gün ozal bolsa sürüjim Alekseý öýüne baryp, ondan iki sany kitap alyp gaýdypdy. Bende tanymal alymdy, ýagşy adamdy, nijeme ýyllap Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutyna direktor bolupdy. Il içindäki lakamy “Fantomasdy”. Hakykatdanam ol belli fransuz filminiň baş gahrymany bilen bir almany iki bölen ýaly meňzeşdi, kellesinde ýekejede tüý bitmedikdi. Ertesi-22-ne irden öýüne barsam, kiçi gelni gapyny açyp, agşam sagat 10-larda obasyna-Görogly etrabynyň Almaatyşan obasyna äkidilendigini, ata-enesiniň ýanynda jaýlanjakdygyny aýtdy. Bende 71 ýaşyň içinde köriçesi operasiýa edilende, ondan 40-50 gün öňýany ýürege edilen operasiýa sebäpli, narkozy ýürek göteribilmän ýogalaýypdyr. Iman baýlygyny bersin! “Ölüme gülmeli, derde gülmeli däl” diýlen gadymy gep bar. Şu gün irden işe gelip, işläp otyrkam, Atajan Tagan gapydan girdi. Ol öz döwründe -1990-njy ýyllarda “Edebiýat we sungat” gazetine baş redaktorlyk eden Aşyrguly Baýryýewiň 69 ýaşyň içinde ýogalanyny aýtdy. Şonuň yzýanam Atamyrat Atabaý jaň etdi. Ol “yzy ýarasyn!” diýip, bir gülküli wakany gürrüň berdi: -Mongoloýa döredijilik saparyna gidipdik mundan 20 ýyl çemesi ozalrak. Şonda ol ýerde Gobi çölüni öwrenmek üçin iş saparyna baran Palta Esenem bar eken. Bir myhmanhanada ýaşadyk, bärigem bir samolýotda uçup gaýtdyk. Şonda ol başyna düşen wakany aýdyp beripdi: ”Bir gezek Moskwadan Aşgabada uşjak wagtym Domodedowo aerorortunda biletimi registrasiýa etdirip durkam, biri gelip, goşarymdan çalaja ýapyşdy. Seretsem, kapitan çinli milisioner. “Siz hany bärik geliň!” diýip, yzyna tirkäp, bir otaga saldy. Ol ýerde başga-da iki adam bar eken. Çiňerilip, hem ýüzüme, hem pasportyma seredýärler. Ahyry ýaňky kapitan “Siz Fantomasmy?” diýip, azmlyrak äheňde sorady. Nämäň-nämedigine düşündim. Şol döwürler bu kinonyň “dünýäni baglan” wagtydy. Men çalarak ýylgyryp: “pasportmda fransiýada doglan diýlip ýazylanmy ýa Türkmenistanda?" diýip jogap gaýtardym. Oturanlaryň biri ýerinden galdy: “Fantomas bolsa oňa pasport düzetmegem, doglan ýerini üýtgetmegem müşgül zat däl, gadyrdan!” diýdi. Men jübümden şahsyýetnamamy çykardym: “Fantomasa meňzeşem bolsam, men ol däl, ynha serediň, men Türkmenistandaky Çöller institutynyň direktory, özümem kinoaktýor däl, ylym adamy, serediň!” Olar meniň bilen elleşip hoşlaşdylar, şonda-da betgumanlyk bilen ýüzüme seredýänlerini aňýan. Çykyp barýarkam ýeňsämden biri şeýle diýdi: “Älhepus, beýle-de meňzeşlik bolar eken-ow”. Şeýdip ýarym sagat töweregi sakladylar, zordan samaolýata ýetişäýdim”. Bu täsin wakany eşidip, trybkany goýamsoňam, esli wagt ýylgyryp oturdym. Ýagşy adamlar gitse ýeri oýulýar duruberýär. 24.12.2018. * * * Ýylyň soňky günleri maýylganlyk. Şu gün ýazyň bir güni ýaly. Ýöne sowuk habarlar kalbyňa aýdylyşy ýaly, buz çökerýär. Ýap-ýaňyja Gökdepäniň Ahal obasyna gidip, Gara Şyhlyny soňky ýoluna ugradyp gaýtdyk. Gowy fotožurnalist, mährem, jomart ýürek, myhmanparaz, kömek etse özüňden zyýat begenibilýän adamdy. Haýp, süýji keseli ýürek agyrysy bilen sepleşip, 62 ýaşda aramyzdan sogruldy gidiberdi. Ogly Begenç Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň suratçysy, kämil fotožurnalist. Gara pahyr hem ömrüni Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde suratçy-fotograf bolup ötürdi. Jaýyň jennet, iman baýlygyň boldan bolsun, dost! Türkmen milli ylmynyň arheologiýa ugrunyň iň naýbaşy alymy bolup ýören, taryh ylymlarynyň doktory, professor Hemra Ýusubowyň ýogalanyny, asyl kyrkynyň golaýlap ýörenini hem şu gün eşitdim. Jaýy jennet bolsun! Umuman, iş-güýç gidip dur. Hernä geljek-doňuz ýyly sag-salamatly, bereketli, il agzybirligi, hasyl berekedi, ähli gowulyklary bilen gelsin! 27. 12. 2018. * * * “Nesil” gazeti aşakdaky äheňde bir makala, anyk aýdanda, nukdaýnazar görnüşli bir zatjagaz ýazyp bermegi köpden bäri towakga edip ýördi. Ahyry ýürekde göterilip ýörlen ýazgylar kagyza-komýutere geçdi. Köne ýylyň ahyryndaky sanynda-29-njy dekabrda hem çap boldy. Ine, şol makala: Nukdaýnazar HALYPA BILEN ÇAÝLAŞSAŇ... ...Ondan bäri är ömri wagt geçiberipdir. 1990-njy ýyllaryň başynda “Diýar” žurnalynyň baş redaktory Hudaýberdi Durdyýewdi. Aznawur ýazyjy, rus dilinde gürlände “özünkilerden ökde” diýdirýän, taryhdan, edebiýatdan bilýän zatlary bilen “agzyňy açdyrýan”, juda medeniýetli, saýhally geplände gulagyňy gerdirýän halypa bir gün uzyn däliziň ugrunda duşamyzda: -Eýsemde bolsa, sen öýlänräk bir käse çaý içer salymlyk meň ýanyma girip çyksana, ogul!-diýdi. Alasarmyk ýagdaýa düşdüm. Bu žurnala bir publisistik makala beripdim. Meger, şonuň üçin çagyrýan bolsa gerek. Aýdylan wagty iş otagyna barsam, gaýym basyrylan kinniwanja çäýneginden eşrepi ýaljak edip guýan çaýyny lezzet bilen owurtlaýşyna haýsydyr bir golýazmany okap oturan eken. Ol başyny galdyrdy-da, peşeneli ýüzüniň ýarsyny diýen ýaly ýapyp duran äýnegini ýaldyradyp, ýüzüme çiňerildi. -Inim, seň ýazan makalaňy okadym, ýöne sen Garaguma o diýen belet däl öýdýän? Indi men soragly nazarymy stoluň aňyrsynda oturana dikdim. Ol tertilije üýşürilen petde kagyzlaryň arasyndan gözläp, meniň makalamy tapyp aldy. -Bek bilgin, Garagum diýilýän gurbany gitdigim, geografik taýdan iki bölege-Üňüz bärsi Garaguma hem-de Üňüz aňyrsy Garaguma bölünýändir. Weý, ýogsa-da sen Üňüz manysyny beri bilýärmiň? -Amyderýanyň gadymy akym ugruna aýdylýarmyka diýýän. -Dop-dogry. Ýöne Garagum diýilýäni bir giň, ümmülmez. Şol bir wagtda hem onuň goýnundaky ot-çöpleriň käbiri Üňüz aňyrsynda, käbiri Üňüz bärsinde bitýär. Ine, sen makalaňda şol inçelige üns bermänsiň. Nädip düzedilendigini žurnal çykanda görersiň. Şondan çykyp, göni kitaphana depdim. Ýadyma düşýär, Nina Neçaýewanyň “Полвека в Каракумах” atly kitabyny, Agajan Babaýewiň “Garagum-hazynaly hum” atly kitabyny, Soltanşa Atanyýazowyň “Täsinlikler dünýäsine syýahat” atly kitabyny alyp gaýdyp, elime galam alyp okadym. Şondan kän wagt geçmänkä belli ekolog alym, (ýatan ýeri ýagty bolsun) Paltamät Esenowa duşamda, “arzymy” aýtdym. Ol-a rus, türkmen, iňlis dillerinde çap edilen bir gujak žurnalmydyr kitap berdi. Hemmesem Garagum hakda. Şeýdip Garaguma gaýybana syýahat eden ýaly bolaýdym. Şol gezek Hudaýberdi Durdyýewiň beren ýene bir unudylmaz halypalyk “sapagy” şu öwüt boldy: “geň, gerekli maglumatlary, hat-da täsin gürrüňleri, eşitmedik nakyldyr tymsalyňy belläp alar ýaly, özem islendik wagtyň ulanara gabyl jübi ýandepderçesini edin!” Şondan bäri “gerekli daşyň agramy ýok” edip döredilen, hemişe goltukda göterilýän ýandepderçäniň sahypalary ýazgydan-bellikden galňap gitdi. Häzir olar ömürylla öçmez ýerde-komýuterde saklanýar. Hä-ä, häki “syrly” ýumagy çöşläliň! Žurnal çykdy, görsem meniň “Garagumyň goýnunda Garaşsyzlyk bagtynyň beren berekedinden-obalaryň doly gazlaşdyrylmagyndan soň dörän ojar tokaýlaryny görmäge göz gerek. Ylaýta-da sazak, çerkez baharda güllände Garagumyň goýnunda jennet döräne dönýär” diýen jümläm “sazak, çerkez güýz güllände” diýlip düzedilipdir. Gör-ä, tebigatyň täsin syryny! Şonda men baş redaktoryň üşükliligine, sowathonlugyna öz ýanymdan “telpek goýdum”. Öňem agzan bolmagym ahmal, başga bir halypa-Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew “bir sahypa zat ýazmak üçin sekiz sahypalyk zat okamaly” diýip, gulaga guýardy. Häzirem setanda-seýranda bu halypanyň ýanyna çaýlaşmaga sowulsaň, gürrüň gazet-žurnaldan başlanyp, edebiýat meýdanynyň giňişliklerine “seýrandan” başga ugra sowulmaýar. “Ýazaňda iň esasy talap-ozal aýdan pikiriňi gaýtalalamazlykdyr. Munuň üçin az söz bilen töwerekleýin suratlandyrmaly, şol günüň, şol görnüşiň, bolan täzeligiň “suratyny” çekmeli, wessalam!” Bu pent ele galam alanlaryň hemmesi üçin möhümdir diýip pikir edýärin. “Ýene görüşýänçäk!” diýip, hoşlaşaňda, kämil mugallymdan sapak alyp gaýdana dönäýýäň. Osman Ödäniň (ýatan ýeri ýagty bolsun) isle iş ýerine bar, isle-de öýüne, töweregi kitapdan egeledi. Ylaýta-da ömrüniň ahyrlarynda döreden “Altynjan hanym” romanyny ýazanda gatyny açan kitaplarynyň sany lap etmäýin weli, ýüze ýetiberen bolsa gerek. “Kitapdan kitap döreýändir. Gatyndan maglumat çöpläbilseň, içindäki pikirleri özüňçe “işledibilseň”, garaýyşlary döwrüň demine salybilseň” diýerdi. Soltanşa Atanyýazow pahyr “ylym gory egsilmez” diýdiribilen alymdy. Ol ömrüniň soňunda “Ýola eltýän ýodalar” atly ýatlama-esse eserini ýazdy. Galyň kitap boldy, şonda-da soňuna çenli okamaga howlugdyrardy. Sebäbi wakalar ynandyryjydy, ýasamalyk ýokdy, awtoryň ýatkeşligi haýran galdyrýardy, her jelagaýyň, her oba-kendiň, şäheriň keşbini söz bilen şeýle bir çeper çekýärdi weli, ussatlygy aznawur ýazyjylaryňkydan egsik däldi. Sebäbini şeýle düşündirerdi: “Gezmek, görmek edil kitap okan ýalydyr. Meniň Türkmenistanda baryp görmedik obam ýokdur. Başga-da Azerbaýjanda birwagtlar Mugan daglarynyň eteklerinde mekan tutan türkmenleriň, gaty daş bolmadyk döwürde Täjigistanyň Ýylyköl diýilýän ýerine göçüp baran türkmenleriň, yrakly türkmenleriň, Türkiýäniň Anadoly uluslygynda mesgen tutan, Müňgyşakda, Russiýanyň Stawropl ülkesinde, Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň arasyna hem dabanym degendir. Göreniňi, bileniňi, galan täsirleri bolsa gyly gyrylmanka belläp almalydyr. Ýazyjylygyň hupbatynyň iňňe bilen guýy gazandan ýeňil däldigine men şu kitabymy ýazamda düşünendirin. Pikir bilen uklap, gijesi bilen beýnä dolan duýgy bilen oýanmasaň, dokuzy düzüw eser döremeýän eken”. Soltanşa agadan bu gürrüňi “Ýola eltýän ýodalaryň” käbir böleklerini “Garagum” žurnalynda çap edýän wagtymyz eşidenim şu günki ýaly ýadymda. Türkmenbaşy şäherinde bir goja kişi ýaşaýar. Okyjylar elbetde Hojagylyç Nazarowyň galamyndan çykýan zatlary okaýandyrlar. Togsanyň hekgesine münen bu ýaşuly bilen men ýüzbe-ýüz bolup görmedim. Ýöne ömürüni mugallymçylykda geçiren, özem Garagumyň Tüwer, Awlamyş, Gyzylgaýa ýaly tüýs jümmüşindäki obalarda işlän ýaşuly bilen mahal-mahal telefon üsti bilen “çaýlaşmamaz” bar. Ol şeýle: žurnalyň okyjylaryny “gyjyklar” ýaly çarwa durmuşyndaky täsinliklere, gumuň ot-çöpüniň hemmä mälim däl syrlaryna, öwrenäýmeli, nusga edinäýmeli durmuşy ahwalatlaryna eýlenen hekaýatlary, pentleri ýazyp ibermegini towakga edip jaň edýän. Gürrüňimiz aglaba uzaga, käte bir çäýnek çaý içer salyma-da çekäýýär. Bärde käsä guýan çaýym sowap gidýär. Ýöne “sag-aman oturyň!” diýip, nabat atylan çaý ýaly süýjülik bilen hoşlaşýas weli, walla, bir çäýnek ajy gök çaýyň mazasyny gören ýaly heziller edýän. Iň gowy tarapam, ara salym salman gelen hatly bukjanyň içindäki ýazgylary “gyzgyny bilen” okyjylara ýetirýäň weli, “şuny oňaraýypsyňyz”, “okap heziller edäýdik” diýlen jaňlar, duşulanda aýdylýan hoşallyklar köpeläýýär. ...Her gezek uly bolsun, kiçi bolsun, garaz, bir zat ýazmagyň kül-külüne düşen wagtym, halypalaryň haýsydyr biriniň ýanyna çaýlaşmaga gidesim gelýär. Ýene bir begenýän zadymy aýdaýyn. Öňräk Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde okaýan Laçyn Nazarmedowa diýen gyz iş ýerimize geldi. Halkara žirnalistikasy fakultetinde okaýan talybyň kitaphonlugyna, esasanam iňlis dilinini suwara bilşine göwnüm ýetdi. Geljekki käri bilen baglylykda ol maňa taýynlap gelen sowallaryny “oklady”. “Tüweleme!” diýdim. Gözýetimi giň, dünýä ösüşinden ganymat başy çykýan, halkara mediasyna muwapyk, syýasy taýdan kämil, milli mentaliteti setirlere sygdyrmak höwesli... Bular milli žurnalistikamyzda täze, bize seredeňde has kämil nesliň ýetişjekdiginiň buşlukçysy. Gel gowusy, bularyň ählisi hakda “iç döküşmek” üçin wagt tapypjyk, halypalryň biriniň ýanyna çaýlaşmaga gideýin. 30.12.2018. (“Nesil” gazeti). * * * Täze-doňuz ýylyny hem garşyladyk. Hernä, ähli gowulyklary getirýän, il agzybirlikli ýyl bolsun! Täze ýyl arçasynyň başynda-31-nji dekabrda şuny arzuwledip, birek-biregi gutladyk. 2. 01. 2019. * * * “Garagum” žurnaly täze ýyldan täze rubrika açypdyr. “Ilknji ýazylan goşgy” bölüminde şahyr Atamyrat Atabaý, “ilkinji kitabyň çykan güni” bolüminde ýazyjy Kömek Kuly, “ýandepderçäniň dörän güni” bölüminde hem meniň çykyşymy bermegi müwessa bilipdirler. Ine, şol towakga esasynda dörän ýazgy-ýatlama. Durmuş pursatlary bilen gönüden-göni baglanşykly bolansoň, şuny “Gündelige-ömür ýazgylaryna” goşmak, meger nädürs bolmaz. ÝANDEPDERÇÄ ÝAZYLAN GÜNI Ondan bäri 40 ýyl basalykly wagt ötüberipdir. Hany hasaplap göreýin, 1980-nji ýylyň tomus başydy. Maksim Gorkiniň adyny göterýän Ural döwlet uniwersitetiniň (häzirki B. Ýelsin adyndaky Ural Federal uniwersiteti) žurnalistika fakultetiniň 4-ji ýyllygyndan soň bizi dogduk mekana iş tejribeligine ugradypdylar. Men şol wagtky “Kommunizm ýoly” (häzirki “Daşoguz habarlary”) gazetine geldim. Saýry saýman, gaýtam “gel how, geljekki kärdeş!” diýip kabul edendiklerini häli-bu güne çenli hoşamaýlyk bilen ýatlap ýörün. Şeýdip 5-6 gün işledim. Sekretariatyň işi, soň “Medeniýet we durmuş” bolüminde ilkinji halypalaryň birine öwrülen, gowy şahyr, päkgylyk adam Juma Nurtaýewden işiň abyny-tabyny öwrenip barýan. Ine, şol günleriň birinde-de ir säher wagty “baş redaktor çagyrýar” diýdiler. Uzyn däliziň çetindäki haşamly gapydan girenimden sussum basyldy. Sebäbi baş redaktor Baba Garaýew juda agras, görer göze tutuksy görünýän, abaýtoş kişidi. Alla ömrüni uzak etsin, zähmet depderçäme “işe kabul edildi” (okuwy gutaryp, işe gelen ýerim hem şol redaksiýa boldy) diýlen ýazgynyň deňine gol goýan, aýdylyşy ýaly, zähmet ýoluma ak pata beren Baba Garaýewiç şu wagt 104 ýaşyň içinde. Tüweleme, häzir hem “akly dik gyly iki kesýär” diýilýänden, synasy dim-dik, il-günüň toýuna, märekesine ýarap ýör. Her gezek jaňlaşamda, “il-güne, Watana hyzmat etmek, onda-da ýagşy zady galamyň bilen ýaýmak iň uly bagtdyr, gaýrat ediber!” diýýär. Halypa öwüdi ömre ýörelge. Hawa, başky gürrüňe dolanalyň! Bardym, girdim ýaýdana-ýaýdana baş redaktoryň guzuryna. Garaşmaýan zadym-ýerinden turup, özem bärräk ýöräp salamlaşdy. Elimi goýbermän durşuna-da şeýle diýdi: -Žurnalist halky ýygra bolmaly däldir. Il bilen işleşjek bolsaň, ýüzüň ýagty, diliňem süýji bolsun. Şonda gürrüňdeşiň göwün kildini açar. Hal-ýagdaýymy sorady. Soňam baş redaktor matlabyny aýtdy: -Kabinete gabalyp otursaň-a düzüwli zat ýazyp bilmersiň. Gitseň, görseň, tanyşsaň iş bitirip gelersiň. Heý, hyýal edýän ýeriň bamy? Men ilki egnimi gysdym. Soňam ýadymda galan wakany çekine-çekine gürrüň berdim: -Geçen ýylyň güýzünde okaýan şäherimiz Swerdlowskiniň (häzirki ady Ýekaterinburg-G. O.) bazaryna bir zerurlyk bilen bardyk oglanlar bilen. Şonda giräýen ýerimizde üýşmek duran gawunlary görüp, ýüregimiz gobsunyp gitdi. Başy sekizburç börükli, pezzik murtly, orta ýaşlyrak adam hem-ä elindäki gawuny depesine göterip, pyr-pyr aýlaýar, hemem sesiniň ýetdiginden gygyrýar: “Buhara gawunyna gel, gülaby, bal garylan ýalydyr, derde dermandyr!” Şol bizde-de bitýän, Il içinde “Çärjew gawuny” diýilýän sary gawunlar eken. Alyjylaryň käsiniň tutuş gawuny däl-de, kesimledip ýarsyny, üçden birini alyp gidişini görüp, “häh-eý, biz illerde-bitýän ýerinde leýs bolup ýatyr, bärde bu nygmatyň beýle gadyr-gymmatlydygyny gör-ä!” diýip, aňalyp durupdyryn. Şonuň üçinem şol gawuny ýetişdirýänleriň biri hakda, özem suraty bilen ýazyp, çykan gazetem okaýan ýerime äkidäýsem diýýän... Meniň sözümi dykgatly diňlän baş redaktor az salym böwrüni diňledi. Birdenem ýitigini tapan ýaly ýylgyranda peşeneli ýüzi hasam nurlanyp gitdi. -Şeýle gawun ýetişdirýänleriň birini tanaýan. Ertir sen fotosuratçymyz Aleksandr Pohilenko bilen Tagta (häzirki Görogly etraby) raýonynyň “Kommunizm” (häzirki Magtymguly adyndaky daýhan birleşigi) kolhozyna gidersiň. Şol ýerde Gaýyp Elýas diýip gawunçylyk brigadasynyň brigadiri bardyr. Orsede, Gazagystana, Ukraina ugradylýan sary gawunlary şoň ekin bitýän atyzlaryna barsaň görüp gözüň ganar. Bloknotyňy taýynlaber! “Bloknot” diýilýäni häzirki biziň ýandepderçämiz. Ertesi Saşanyň (hemmeler Aleksandra şeýle ýüzlenýärdiler) köneje gyzyl “Moskwijinde” ir bilenjik kolhoz edarasyna bardyk. “Kommunizm” adygan kolhozlaryň biridi, oňa janypkeş gaýhan hem diýseň guramaçy Mahmyt Hojanyýazow başlykdy. Ol biziň niýetimizi goldady. Başlygyň giň iş otagynda meniň goltugymda göterip baran ýandepderçämde ilkinji setirler peýda boldy: “Çaýyp ýeriň dilini bilýän daýhandyr. Onuň brigadasyna şu ýyl ekin dolanşygy bilen baglylykda gök-bakja ekdik. Sebäbi gawun planymyz (“meýilnama” diýdigi-G. O.) hem bar. Wagon dolduryp, esasan Orsede ugradýas”. Şulary aýdan Mahmyt aga sözüni jemledi: -Galanynam gözüňiz bilen görersiňiz. Ynha, ýanyňyza partorgymyz Aşyr agany goşaýyn. Ýalňyşmaýan bolsam, gadymy Temeç topragynyň “Eşegarbat” uçastogyna baraýdyk öýdýän. Ilki asfalt, soň uly ýabyň boýy bilen uzaýan gumaksy ýol bilen eslije ýöredik. Ine-de, alnymyzda aňyrsyna göz ýetmeýän gawunçylyk ýaýlyp gitdi. Bize gözi düşenden hol aňyrda, göm-gök biýaralary aralap ýören adam dikeldi. Ýele-guza ganymat garalan atýüzlüräkden bugdaýreňk, ortadan uzyn boýlurak, kellesi göwşüllänräk goňur telpekli adama gözi düşen Aşyr aga dillendi: -Gaýybyň galjaňlygyny gör-ä! 5 gektar sepme gawun-garpyzyň her gün içinden ädimläp geçmese, hasyly kemeljek ýalydyr göwnüne. Men gören zadymy, eşiden gürrüňimi, galan täsirleri gylyny gyrman, gyzgyny bilen ýandepderçäme geçirmäge howlugýardym. Saşa bolsa her hili görnüşde surat almak üçin aldygyna fotoapparatyny şyrkyldadýardy. Gaýyp aga bolsa ikimiziňem “hyzmatymyza” ýetişjek bolup, hem-ä berlen sowallara jogap berýärdi, hemem “şeýdip dur”, “gawuny beýdip sakla”, “oturyp pazyly galdyr, şeýdip synla!” diýlen tabşyryklara amal edýärdi. Ahyry “boldum” etdik weli, Gaýyp aga akar ýabyň boýundakt çatma el salgady: -Hany, şo ýerik geçip, dyz bir epiň! Ýöräp barşyna-da ol eglip, birki gawuny ýolup goltugyna aldy. Olary çatmanyň içine togalap goýberibem, beýleräkde aýratyn ekilen, biýaralary gögümtik öwsüp ýatyşyndan garpyzdygyny aňaýmaly atyza tarap ýöneldi. Onuň ýolup ýokary göteren goşa garpyzy gujaga sygmaz diýilýänidi. Olaryň birini brigadire kömekleşýän oglan ikelläp göterip gelýärdi. Olam hiç. Pyçak degenden ýaňky garpyz tarsyldap gitdi. -Suw içmese şeýle bolýar. Gyş suwundan gowy gandyryp, çuň sürüm geçiribem gowy malalap, tekiz atyza traktyr bilen takyk çiigit taşlap ekýäň. Şonda-da gämik iki gulakdan saýlanansoň arasyny 30-40 santimetrden gür etmän ýekelemeli. Garpyzyň biýarasynyň arasy-ha has giňräk bolsa gowy, şonda ogantaga götertmeýän garpyz bitiberer. Gawuna-da, garpyza-da ekilenden soň dökün bermeli däl, sürümiň aşagyna düşeseň, onda-da ders bolsa bolany... Men hem-ä agza bal bolup degýän gawundyr garpyzdan iýjek bolýardym, hemem gulaga del degýän gürrüňleri sypdyrman ýandepderçä geçirjek bolup başagaýdym. Asyl görüp otursam, öýde mellege joýa çekip, gämik ýerini pil bilen gazyp, el bilen tohum taşlap ekilýänden sürmekiniň ýetişişi, bitişi bütinleý başga eken. Oňa gözüň bilen göreňsoň düşünýän ekeniň. Yza gaýdyşyn kelläm pikirde, gözüm ýandepderçede. Nämeden başlap, nähiliräk beýan etmeli, näçe sahyparak bolmaly, suraty bilen berlende gazet ýüzünde näçeräk möçberde boljak, haýsy janrda ýazmaly... Töwekgelige salyp, “Tylla reňkli gawunlar” diýen sözbaşy goýup, zarisowka ýazdym. Gazetde çykanda hamala şol gawunly meýdany tutuşlygyna özüm eken ýaly, baý, begenendirin-ä! ...”Garagum” žurnalynyň şu tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin ähli “garalan” ýandepderçelerimi bir ýere üýşürdim. Bä-buw, olaryň sany 6-7-ä ýetiberen bolsa nätjek? Ýöne halys könelişen, sahypalaryndaky ýazgylar öçügsireşiberen ilkinji ýandepderçäm gözüme has yssy görünýär. Gatyny açýan weli, yzda galan ýyllaryň ýakymly ýatlamalary hakydamda janlanyp ugraýar. Ýene bir gowy ýeri, şol wagt howul-haralyk bilen ýazylan gazet makalasyna “sygman galan” maglumatlary, wakalary, gözde galan görnüşleri soňlugy bilen pikir “eleginde eleseň” ýatlama-esse, tutumly publisistika, dokumental hekaýa hem döreýär duruberýär. Sebäbi beýnä-hakyda ýazylan ýazgylar wagt geçmegi bilen ýatdan çyksa, “öçse-de”, ýandepçä syýa bilen ýazylan setirler saklanyp galýar. Garaz, ýandepderçede “hikmet” kän. 4. 01. 2019. * * * Gazetleriň birinde “Iň gymmat myhmanhana” atly kiçijik, täsin makala bar eken. Onda şeýle ýazylan: “Dünýäde iň gymmat myhmanhana “Birj al-Arab” myhmanhanasydyr. Ol Birleşen arap Emirliginiň Dubaý şäherinde ýerleşýär. Myhmanhana ýelkeniň şekilini ýatladýar. Bu desga kenardan 280 metr daşlykdaky emeli adada ýerleşýär. Onuň tutýan meýdany 780 inedördül metrdir. Myhmanhanada bir gije-gündizläp bolmak üçin 1 müň amerikan dollaryndan 15 müň amerikan dollary aralygynda nyrh kesilen. Iň gymmat otag bolsa bir gije-gündiz üçin 28 müň amerikan dollaryndadyr”. Muny okap, iş stolumyň bir çüňkünde üýşürilgi goýlan kinniwanja kitaplara-daşary ýurtlara saparlaryň maksatnamalaryna el uzadanymy duýman galdym. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 14-15-nji martynda Birleşen Arap emirliklerine resmi saparynyň maksatnamasy bardy. Ondan üç ýyl öň hem Dubaýda bolanymyzda, ýokarky agzalýan haý-haýly myhmanhanany deňziň kenaryndan synlap esli wagt duranymy ýatladym. 7.01.2019. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |