02:09 Göwündäki gündelik / esse-ýatlamalar | |
GÖWÜNDÄKI GÜNDELIK
Ýatlamalar
Bu ýazgylar altmyşy alkymlamda kagyza geçip ugrady. Onuňam “günäkäri” Atajan Tagan. Hawa, ol düýn öýlänler Aşgabadyň ilersindäki Sergiler köşgünde açylan “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly XI halkara sergi-ýarmarkasyndan gelýärkäk maňa halypalyk iňirdisini etdi: -Sen meň aýdanymy unaý, inim. Gündelik ýöret, heniz giç dälkä. Allanyň beren ömrüni ýaşap otursaň, galňap gidenini duýman galarsyň, ynan. Bu pikirimi Orazgula (Orazguly Annaýew) aýtsam, gaýta “Özüň bu žanryň gaýmagyny syrdyň, indem galan-gaçanyny bize çöpledip, gep ýassygy etjek bolýamyň” diýip, içimi ýakýar. Ýok how, Atamyrat (Atamytat Atabaýew) has beterini tapýar: “Seň müň setir ýatlamaň meň ýüz setir goşgyma degenok” diýen bolup. Ýöne sen inim, meň diýenjigimi et-de, başla gündelik ýöretmäge. Günde görüp, eşidip duran zadyňy näçe ýatkeşdirin diýseňem, beýni wagty ýetende öçürip goýberýär. Kagyza ýa-da komýutere geçse weli, ýüzläp ýyllabam durýa, şoňa düşün. Durmuşy ýatlamalar gowy hekaýa-da gaýra dur diýdirýändir. Muňa dünýä belli ýazyjy-şahyrlaryň galdyryp giden gündelik ýazgylaram mysaldyr... Ine, indem gündelik şekilli bir zat döräp barýan ýaly. Özem ady bilen geldi göwnüme bolmasa. “Göwündäki gündelik” diýýäýseň jüpüne düşjek ýaly. Galanynam Alla oňarsyn, hernä! 22.O9. 2016. * * * Düýn Sergiler köşgüne irdenem barmaly boldy. Moskwanyň neşirýat we mediaindustria boýunça Ýokary mekdebiniň prorektory, ykdysady ylymlarynyň doktory, professor Konstantin Antipow, Hytaýyň edebi döredijilik awtorlyk hukuklary baradaky jemgyýetiniň baş direktory Çjan Hunbo (rus dilini bilýänligi üçin oňa Oleg hem diýýän ekenler), Eýrandaky Magymguly jemgyýetiniň hem-de şeýle at bilen çykýan žurnalyň ýolbaşçysy Oraz Muhammet Sary hem-de Türkmenistanyň Metbugat Öýi toplumynyň başlygy Amangeldi Amanow bilen “Altyn asyr” teleýaýlymy üçin gepleşik ýazdyk. Esasy gürrüň hormatly Prezidentimiziň “Ganatly bedewler” kitaby, onuň çeperçilik bezegi, illiýustrasion aýratynlygy, ýokary hildäki çap edilişi hakda boldy. Myhmanlaryň bu kitaba “heniz beýle bezelen, bedewiň şeýlekin waspy ýetirilen eser dünýäde ýok diýse bolar” diýen bahasy türkmem bolanyň üçin gulaga gör nähili hoş ýakýar! Gazagystanyň Almaty şäherinden gelen şahyr Kadyrbek Kunipiýa ogly “Altyn asyr” teleýaýlymynda ýazylan döredijilik duşuşygynda Aşgabada şu ýere gelip ýazan goşgysyny okady weli, walla “şygra, saza, aýdyma, sungata terjime gerek däl” diýenininiň dogrudygyny görkezäýdi. Şol goşgyny alyp, Atajan Tagana “terjime et, žurnalda bereli” diýdim öz-ä, unutmadyk bolsa. Ertir bu serginiň ýapylyşy bolar. Şu sergä gabatlanyp “Watan” gazetiniň tuyş sahypasyny dolduryp duran “Ýol baran ýere bagt bakar” atly publisistik makalam çykdy. Aşa salykatlylygam käte adamy gülkünç ýagdaýa salaýýar-ow. Şol makalada adymyň, familiýamyň aşagyndan “žurnalist” diýip ýazypdyrlar. Ýeri, redaktor “Gurbannazar, familiýaň aşagyndan “ýazyjy” diýip goýaýly diýende näme üçin ”Öňem gazetde ýekeje goşgysy çap edileniň aşagynda “şahyr” diýlip ýazylanda özüm uyanyp ýörün, şeýle gidibersin-le” diýmeli däl ekenim, paňkelle. Asla “ýazyjy”, şahyr, “žurnalist” diýip ýazmak hökmanmy eýse? 23. O9. 2016. * * * Düýn hem öňňin Mara hem-de Tejene döredijilik saparyna gidip geldik. Gidişin Mara çenli uçarda, gaýdyşyn maşynda gaýtmaly boldy. Tüweleme, ýollary oňarypdyrlar. Mundan 5-6 ýylkydan tapawudy ýer bilen gök ýaly. Täzeden göwnejaýlap edip ýörlen ýerlerem bar. Tejende bir tupan-tozan turandyr weli, “beh, bazarçylar aljak harydyny nädip görübilýärka?” diýdirdi. Garaz, ýol ýadawlygy gowy bildirse-de, gitseň, görseň gowy. Aýdylyşy ýaly, “Seýilem seýil, sergazdançylygam seýil”. Tejenden çykan ýeriňde ýolugrundaky “Waharman bazaryny” görseň, walla dünýä dürli gawundyr garpyzdan, kädidir gawun kakyndan dolup duran ýaly göwnüň göterilýär. 26. O9. 2016. * * * Awazada “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi we ylmy maslahaty boldy. Dünýäniň 22 döwletinden wekiller geldi. Açylan güni-27-nji sentýabrda gelen myhmanlaryň türkmen aýdym-sazlaryna, oýnalan tanslara, ylaýta-da “Küştdepdä” hem täsin duýgy, hem gyzyklanma bilen seredişleri “bä-ä, biziň sungatymyz şeýle geňmikä?” diýdirýär. Ylaýta-da, haly, amaly-haşal sungatynyň beýleki görnüşlerine edil ertekä düşen ýly gyzygyberişleri milli miras hakdaky buýsanjyňy artdyrýar. 29.O9. 2016. * * * Şu gün hakyky güýzüň ýüzi göründi. Ýarygijeden soň owunjakdan sowujak ýagyş ýagdy. Gün görünmese-de, häzirem deňziň üstündäki ýagyşa meňzeş ownuk ygal ýüzüňi ölläp dur. Owadan gyzlar bilen uz gelinler sowukdan, ýagyşdan goranyp geýim geýdiler weli, haýp, “altyn güýz” diýilýän garagol ol näzeninleriň kepderi topugynyň, gaz boýnunyň gözelligini ogurlan ýaly bolaýdy. Beýlekileri bilemok, özüm-ä güýzi o diýen nalap baramok. Köçeden gidip barýarkaň duýdansyz gaçýan sary ýapraklar ömrüň üzülip barýan günlerini “gözüňe basýar” weli, ýüregim gyýlyp gidýär. Eýsem güýz ýaly ömrüň geçýänini şeýlekin ýatladýan pasyl başga ýok bolsa gerek. Sary ýapraklar gussa berýä. Öňňun Daşoguzda ýagyş ýagypdyr. Hernä daýhan ýetişdiren pagtasyny gar-ýagşyň aşagynda goýman ýygnasyn-da armanly bolmaz ýaly. Garaşsyzlygyň 25 ýyllygyna sowgat-serpaýly barmak her kimiň arzuwy. Irden ýoldaş Şaýymoskiniň (Şaýymow-“Garagum” žurnalynyň baş redaktory) huzuryna baryp, žurnalyň sentýabr sanyny aldym. “Heňňam hekaýatlary” toplumynda Soltanşa aga ( Soltanşa Atanyzow) hakdaky ýatlamalarym çap edilipdir. Bende ruhyna aýan bolup, tirsegine galandyr, belki! “Ak öýler-zamananyň keşbi” atly göwrümli publisistik makalamy şu gün tamamlaýsam gerek. “Watanda” çap ediler. Irden kerler keri Atajan ker (Atajan Tagan) gelip “Edebiýat-sungatda” çykan “Ak kömelek” atly hekaýam hakynda pikirini aýtdy. Döwük sagat ýaly käte kellesi işleýär how, şu jöhütden sapak alan garrynyň. Dogrudanam, kakyş-kukuş edäýmeli ýerleri bar eken diňläp otursam. Wah, şony oňa arta-taşa wagt tapmadyk bolup ýörmän, düzedäýmeli ekenim. 30. O9. 2016. * * * Kakamyrat Rejep biziň žurnalmyzyň 10-njy-baýramçylyk sanyna Atamyrat Atabaý aýtmyşlaýyn, genialnyý goşgy ýazypdyr. Dädem Gorkudyň boýlarynyň ähende ýazylan “Watan, saňa!” diýlen goşgy. Sered-ä alaýşyna: Garşy ýatan gara daglar daýym gorag-penaň bolsun! Tanap-tanap goýry baglar saňa jennet-jemal bolsun! Ak alnyňda bir söz diýem-köňlüm siňen kelam bolsun! Aşyk bolar, şahyr bolar, Her kim goýsa gadam saňa! Gara başym gurban bolsun, Watan, saňa! Kakamyrat-Puşkin (Bekdurdy Amansaryýewiň goýan lakamy) gowy şahyr-la, diýseň-diýmeseňem. Ýöne heressäni “Türkmenistan” ýaly hepdede alty gezek çykýan gazet enter-pelegini öwrüp, halys galamy ele almaga wagt goýmaýar. Käte dagy ýygnaklarda ýarym ukuly otyr-a, gije 3-4-e çenli gazet çykaransoň. Şonda-da oýanan wagty elindäki bloknodyna ýa kagyza bir zatlar bellik edýär. Kellede ýer eýläp duran goşgy setirleri şeýdip döreýändir diýýän özüm-ä. Häzirjek “Garagumyň” sentabr sanynda Atamyradyň Nobatguly şahyryň 70 ýaşyna bagyşlap ýazan “Indi gör, bak, uly bolup galyp men” atly makalasyny okadym. Ajaýyp! Ine, kireňsiz dost sözi, onda-da galamdaş sözi şeýle bolmaly. Bizem “Diýaryň” şol sanynda Nobatgult şahyryň goşgularyny Atamyradyň gutlag sözi bilen berdik. Eýýäm okyjylardan jaň edip, galamdaşlaryndan duşup, “oňarypsyňyz” diýýänler käneldi. Hoş sözi adama diri wagty aýtmaly. (Bu meniň açyşym däl, öň eşidenim). Eşidenim diýemde, 10-12-günlükde obadan gelen Hudaýberdi hajy Akmedowyň gep arasynda aýdan rowaýat-tymsaly şapba ýadymda galaýdy. Ol şeýle: ...Bir pöwheräk kişi awa çykarman bolupdyr. Birwagtlardan bäri ýatan ýekenil tüpeňini ýaglap, içine-de ok sürüp, tabyrdyny uran çöle tarap. Görse, bir oýda-çöketlikde giden towşan gezip ýörmüş. Bu-da “aw-a ganly boljak!” diýip, nyşanalap-nyşanalamanka, tüpeňi “gümp” bolýamyş-da, towşan serrelip gaýdaýýarmyş. “Gör-ä, özümiziň mergenligimizi, çenänimiz pys geçenok, mäşäni gysyp-gysmankak towşanlar tükge düşüp ýatyr” diýip, öz-özünden gomalyp, ýegdekläp ýörmüş. Ahyry haşlap başyny galdyrsa, eňsesinde bir mergen durmuş, ujy tüsseläp duran tüpeňiniň niline söýenip. Häki “awçy” aljyrap, tüpeňiniň mäşesini barlasa, ýeke okam atylmanmyş diýýä. Ol-a höküdikläp, boş ylgan, çyn awçam oň “azabyna” dözmän, göz doýarlyk aw edip beren... Şu rowaýaty käte ýatlap durmak zyýan-a etmejek eken. 1.10. 2016. * * * Şu hepde komandirowka (döredijilik sapary) bilen ötdi. Lebapda bolduk “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen. Ilki Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody, soň Zergerdäki elewator, yzýanam Türkmenabadyň pagtany gaýtadan işleýän fabrigi, Türkmenabat-Farap köprüleri... garaz, birki gün “hezil” edip işledik. Lebabyň altyn güýzi gör nähili owadan! Ekin meýdanlaryny diýsene! Pagtanam, şalynam, darynam ýetişen wagty synlaýsaň! Gözüňem ganýar, göwnüňem. Lebaply daýhanlaryň ýere ideg edişine bolsa hut telpek goýaýmaly. Güýzlik ekilen meýdanlar daraýy don geýdirilen ýaly. Tagt suwy tutulanam bar. Şonda “ýol kesip” barýarkak, Toýly diýen ýigidiň daýhançylykdan, ýerden, suwdan gürrüň çykanda aýdan ýekeje jümlesi derhal ýadymda galdy. Ol şeýle: -Biz gadymy Astanababa obasyndan. Ömrüni deraý boýunda daýhançylyk edip geçiren atamdan eşiden gepim şu: “Derýa bir-ä bugdaý bişende, birem gamyş başlanda joşýandyr”. Ulagyň içinde “hasap çykaryp” gördük. Bugdaý-a, iýun aýynyň başyna bişýär. Gamyşam iýulyň ortasynda başlaýar. Diýmek, bir-ä bol ýagan ýaz ýagşyndan soň, birem tomsuň örküjnde dagyň depesindaki gardyr buz eräp ugranda joşýan eken. Il içinde bilmeýän zadymyz, eşitmedik gepimiz köp-ow. 7. 10. 2016. * * * “Kerler keri” Atajan ker( Atajan Tagan) şu gün irden ýene gelip şol hekaýa (“Ak kömelek”) hakda maryly bir mugallym bilen agşam telefonlaşanlarynda pikir alşandyklaryny, onuňam esasy wakalary diňe kömelegiň töwereginde açmak hakda pikirdedigini, düýe çally, professor bilen gaýybana gepleşilýän ýerleriň artykmaçdygyny, aslyýetinde hekaýany şol terzde gaýtadan syntgylasaň, “gül ýaly” eser boljakdygyny uly gykylyk bilen-ker bilen gepleşýän ýaly aýdyp ditdi. Gorkuzýaram-aý, “bolmasa şo temany alyp, özüm hekaýa edäýjek” diýip. Görmeli bor-da. Şu wagt birbada iki hekaýa ýazýan. Bir-ä “Kümüş perde”-Şükür bagşy hakda. Ikinjisi-“Serpaý”. Ol däp-dessurlarymyz hakda. Meger, wakalarynyň gyzyklylygy bilen başky hekaýa has şowly çyksa gerek. Indi publisistikadan “el üzübräk”, diňe proza “ýatsam” diýýän. Muňa bir eşiden gepim “gyjyklama” berdi. Öňräk-kitap sergisinde ýaşulyrak galamdaşlaryň biri döredijilik hakda gürrüň çykanda, meň üstümden düşülip, “Gurbannazar erbet ýazyjam däl weli, ýöne žurnalist-dä” diýipdir. Eýsem žurnalistlik ýazyjylyga iň golaý dälmidir? Ýa-da hökman Edebiýat institutyny gutaryp ýazyjy ýa şahyr bolunýarmyka? Şu gepden soň “hany, bir bilek çermäp, hekaýa geçip göreýin, şol akgamyň gepini yzyna aldyryp bolmazmyka?” diýen “şeýtany” pikir döredi. Galamasyna-da Alla gaýrat bilen zehin bersin-dä! Ertirem daň bilen nesip bolsa Türkmenbaşa döredijilik saparyna ugramaly. 10.10. 2016. * * * Birküç günlükde Türkmenbaşy şäherine günün gidip geldik. “Doýan ýeriňde doklugyňy siňdirme” diýip gidipdir türkmen aga. Daň bilen öýden ertirlik edinip, günortanam deňziň güýz köpelýän ýodundan “doýup”, derhal ýene yzymyza uçara mündük. Gadymy nakylda aýdylyşy ýaly, “Myhmançylykda gowy, ýöne öýde has ajaýyp”. Şu günem säher bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna baryp, “Gujurly ýaşlar” (ady ýerine düşmändir. Suhgat bilen iş salyşýan talyplara “Zeginli ýaşlar” “Umyt uçgunlary” ýalyrak şahyrana at bilen bäsleşik edilse jüpüne düşäýjek ýaly) atly bäsleşige hödürlenýän grafika, žifopis, hakgaşçylyk, gobelen işleri bilen tanyşdym. Hezil edäýdim. Göwnüme bolmasa, sungat ybadathanasyna zyýarat eden ýaly boldum. “Dünýäni gözellik saklaýar” diýilýän gaty gadymy söz irretsiz çyn-ow. 13.10. 2016. * * * Baýramçylyk çäreleri şeýle bir köp hemem şüweleňli weli, walla, wakalaryň yzyndan ýeter ýaly däl. Tüweleme, tüýs bedew batly zamana diýilýäni şu. 18-nji oktýabrda Aşgabadyň ortarasyndaky emeli derýanyň gaýra gyrasynda, hemişe “Hangeldi Hojaýewi it gezdiren ýaly gezdurdim” diýip, oglanlary gülüşdirýän ýerimizde äpet binanyň açylyşy boldy. Ir säherde güýzem “menem gelendirin how, öz nobatym bilenjik” diýýän ýaly şemallyja, çigreklije, mahal-mahalam ygallyja mahaly paýtagtyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýan toplumlaryň açylyşy boldy. Ertesi günem Aşgabadyň gaýra-günbatarynda-Ruhabat etrabynda gurlan “Täze zaman” ýaşaýyş jaý toplumy açyldy. Gözüňe söweýin, Köpetdag bilen Garagumyň arasyndaky giň düzlükde dörän obany, ýok, şäherçäni görmäge göz gerek. Ähli amatlyklary bar. Howla girseň, 8 sotuk mellgi bar, tüýs türkmeniň “aýagym ýere degip ýaşasam” diýýäni. Bir gatly, iki gatly kottej jaýlary. Bize-de nesip etsin! Bu günem ynha, säher bilen paýtagtyň öňki “Sowhoznaýa” diýilýän, öňki döwürde görseň weýran bolup, girseň yzyňy tapdyrmaýan ýerinde dörän täze 14-nji tapgyrdaky ýaşaýyş jaýlar toplumy açyldy. Görseň agzyňy açdyrýan belentden ähli amatlyklary bolan, adan pakyryň janyna ýaramly ähli şertler döredilen jaýlar. Belki, bize-de ýetsin-dä şolardan! Hä-ä, ýene-de bir “täzelik”-“Kümüş perde” hekaýamy boldum edip, “Edebiýat-sungata” berdim. Şu gün sorasam Hemra jan (baş redaktory) heniz okamandyr. Türkmen aýtmyşlaýyn, “Aýda gelsin, aman gelsin”. 20. 10. 2016. * * * Bir hepde nundan ozalrak bir hat aldym. Ony gazet-žurnallar bilen gowy aragatnaşyk saklaýan Annamyrat Berdimyradow ýazypdyr. Ol “Tejen aýagy” diýilýän ýerde mugallym bolup işleýär. Atamyrat halypanyň aýdyşy ýaly, “Öwgi diýlen zat ýalanyram bolsa, gulaga hoş ýakýar”. Şol hatda ýazylan setirleri gylyny gyşartman alýaryn: “Tüweleme, ýetişikli işleýärsiňiz. Materiallaryňyzy höwes bilen okaýaryn. “Watan” gazetindäki “Ýollar...” we “Bereketli toprakdaky” “Düýe...” ýaly soňky çap edilen publisistik materiallaryňyz hem gaty gowy çykypdyr. Gowulygy, ol materiallar maglumatlara diýseň baý. Okan adam olardan köp zatlary öwrenip biljek. Ýazylmaly obýekti, ugry köp, içgin öwrenýärsiňiz, köp okaýanlygyňyz ýazýan zatlaryňyzda görünýär. Geljekde hem şeýle materiallaryň höwri köp bolsun! Mukaddes Mekge-Medinä we Ärsarybaba zyýaratlaryňyz hem kabul bolsun! Bize edýän hormatyňyza, edýän hemaýatlaryňyza diýseň minnetdardyryn! Bizi sylany Alla sylasyn! Beýle dereje, hormat, ýagşy işler ömrüňizi bezesin! Şuňa il alkyşyny hem goşasym gelýär. Nesip bolsa, “Diýara” bolaýjak zatlar gözümde bolar. Sebäbi, gaty köp wagtdan bäri ýazylyp, okap we aragatnaşyk saklap (1992-den bäri) ýöremsoň, neşiriň kuhniýasy-aşhanasy bilen tanyşlygym bar. Häzir hem “Türkmen arwanasy” diýen materialyň üstünde işläp ýörün. Nesip bolsa ibererin. Ýene bir gezek hemaýatyňyz üçin sag boluň! Taňryýalkasyn! Ýazuw-pozuw bilen meşgullanýan adama az-owlak “buksir” hem gerek. Dogrymy aýdaýyn: käbir redaktorlar bilen duşuşybam, düşünişibem bolanok. Kyn! Umuman, “ýok” diýidirip oturnalary hem bar. Sylag-hormat, baha her kişiniň öz häsiýetine-hereketine görä berilýär. Onsoň şeýle adamlary il alkyşlamazam, hormatam etmez. Sag-aman işläň! Işleriňiz rowaç bolsun! Size uly hormat bilen: Annamyrat Berdimyradow, 4.10. 2016 ý.” Şeýle ýazgy-pikirler özüňi ‘terezä” salyp görmäge, eselmezlige-peselmezlige, gapdaldakylara hem özüňe kesilýän adyl nyrhy bilmäge kömek edýär. Şeýle bolanda her gezek Sopy Allaýaryň şu setirlerini ýatlaýan: Her gijäni gadyr bil, Her göreniň Hydyr bil. Il ýagşydyr, sen ýaman, Il bugdaýdyr, sen saman. 21.10. 2016. * * * Bir hepde-on gün “garynja gümrasy” bilen geçdi. Ýet-hä-ýet bir tarapdan gowam. Ynha, Owganystanyň Farýap welaýatynyň Akina şäherine baryp-geldik. Döwletli iş edildi-owgan topragyna demir ýol bardy. 30-yna irden uçup, 31-ne agşamara yzyzmyza geldik. Bu ýoluň ugrunda iki sany köpri hem gurlupdyr. “Hem zyýarat, hem seýil” diýlenini edip, Zeýit suw howdanyna-da baryp gördük ýüzugra. Balyklarynyň süýjüligini diýsene! Ýöne gelemde egin-eşigim kilwanyňky ýaly bolan eken. Tozany ýaman, özem ýelim ýaly ýelmeşip ýatyr. Bu wakadan azajyk öňräk has gowy ahwalatlar boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Garaşsyzlyk baýramyna gabatlnyp, merhumlaryň birnäçesi döwlet sylaglary bilen sylaglandy. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazow, şonuň bilen bir hatarda hökümetde, döwlet edaralarynda, oba hojalygynda işlän ençeme adamlar bar. “Köýnek öz teniňe ýakyn” diýlişi ýaly, edebiýat, sungat, medeniýet, ylym ugrynda yz goýan ençeme şahsyýetlerimizem ýatlanypdyr. Şolaryň arasynda Soltanşa Atanyýazow, Kaýum Taňrygulyýew, Durdy Baýramow, Ata Jykyýew, Jora Allakow, Ýegen Atagarryýew, Annaberdi Agabaýew, Osman Ödäýew, Nury Baýramow, Ýylgaý Durdyýew, Hudaýberdi Durdyýew, Aman Agajykow, Baba Annanow, Ahmet Pürsýanow, Näzik Annatyýewa, başga-da ençeme bagşy-sazandalar, hudožnikler, kompozitorler, aýdymçylar bar. Aýatda gezip ýörenlerden Sapar Öräýew, Agajan Babaýew, Muhammet Aýdogdyýew, Roza Bazarowa, Roza Nepesowa, Gözel Nuralyýewa, Kakabaý Ylýasow, Aýdogdy Gurbanow ýaly adamlaram sylaglandy. Gör nähili gowy! Türkmen aýdypdyr-a: “Ölüsini sylan beg, dirisini sylan han” bolar diýip. Sapar Öre dagy begenjinden uçaýjak bolýar. Wah, adam bendede näme göwün bar diýsene! Ylaýta-da diri wagtyň gadyr-gymmat edilse. Sebäbi Berdinazar halypa aýtmyşlaýyn: “Belki, ýene bir günden soň, belki, ýene bir sagatdan giç bolar” 12.11. 2016. * * * Osman Öde hakda “Dogan diýen dilleriň” atly ýatlama ýazyp başladym. “Başladym” diýýän weli, asyl gutarybam barýan şony. Ondan ozal bolsa gadymy mekana-Görogly etrabyna baryp-gaýtdym. Daýhançylykda Hüdük Myrat ýaly aznawur adamlar bilen “egin urup” işleşen Kakyş Piri hakda oçerk ýazmakçy. Ah-aw, “ýazmakçy” diýip, meniň şu ýedi aýlyk-gyssanmaç häsiýetimiň peýdasynyň degýän ýerlerem köp, how! Ynha, ýap-ýaňyja “Topragyň perzendI” atly publisistik oçerkiň soňky nokadyny goýanlygym hakda Kakamyrat Rejebe “hasabat” berdim. “Türkmenistan” gazetinde çykartjak bolsaň, baş redaktoryna şeýtmänem gör-dä (degişme-le, Kakamyrat-Puşkin gaty pälipes ýigid-ä). Düýn şonuň “Nesil” gazetinde çykan goşgularyny okap heziller etdim. “Ýüňi ýetiberipdir” ýigidiň. Oňňun Atamyrat halypanyňam doglan gününi gutladyk. Şonuňky ýaly zehin, şonuňky ýaly adamçylyk eline galam alanlaryň hemmesine nesip etsin! Bir gowy hekaýa ýazasym gelýär. Sýujetini beýnide “bişirmeli-dä” ýone. “Wersiýasy” taýyn. Ýöne hekaýany oçerk, makala ýaly çalt ýazybilemok-da. Geçen agşam şeýle gowy güýz ýagşy ýagdy. Ýarygijeler turip, ýagşyň sesini eşitmegem rahatlyk berýär kellä. Irdenem hakyky gyşyň ysy gelýän howa bar. Şu wagta çenli-hä “goşa güýz” diýleni boldy. Tüýs gündizlerine köýnekçe gezibermeli howa. Ýöne güýz gussalyrak-da. Şu günem irden öýden çykdym weli, sowujak ýagyşa gaýyp düşen sary ýapraklaryň ýere düşek bolanyny görüp, ýüregim gyýylyp gitdi. Göwnüňe, ömürden gädilen parçalar bölünip gaçyp duran ýaly. 19.10. 2016. * * * “Gözüň aýdyň, Gurbannazar!” diýýän şumat öz-özüme. Mundan iki gün öň hut hormatly Prezidentimiziň öz eradasy bilen 5 otagly-aýdylyşy ýaly, içinde atly aýlanybermeli ak jaý berdiler. “Sabyrly gul dura-bara şat bolar” diýleni walla, çyn çykdy ynha. Her gezek “pylankese elitka berlipdir” diýlende ýa-da şol belent, gözüň ýagyny iýip barýan binaň deňesinden geçemde, “ylahym, bize-de nesip etsin!” diýen dilegimi keremli Alla ahyry eşitdi. “Balyk konsewasy ýaly” diýilýän jaýda ýaşama kemini goýmadyk-la, küpür geplemäýin weli. Täze ýyla eden sowgady, onda-da diňe maňa däl, ogluma, gelnime, agtygyma, keýwanyma eden ömürylla unudylmajak ýagşylygy-sahawaty üçin sahawatly-mürewwetli Ýurtbaşymyza alkyşymyz çäksizdir. Metbugat sekretary Kakageldi Çaryýardurdyýewiň öňňün bolan sergide gyra çekip aýdany ýadymda: -Hormatly Prezidentimiz sorady başga-da birki adam barka seň adyňy tutup: ‘Dogrudanam, 29,5 kwadrat metr jaýda 7 baş bolup ýaşapmy şu wagta çenli?” diýip. “Hawa” diýlende bolsa “Jaý sorap arza ýazmadymy, arz hem etmedimi? Iň bärkisi, haýyş hem etmedimi şu meselede” diýlende “etmedi” diýildi weli, “bäh, mert kişilerden eken-ow. Beýle bolsa 50 göterim ýeňillik bilen 5 otagly jaý beriň!” diýdi. Gözüň aýdyň, agam!” Jaý weli tüýs köşk-dä. 10-njy gat, giden ötlem-ötlem otaglar, depeden seretseň Aşgabat aýaňda ýaly. Pah, balkonyny-daş eýwanyny aýtsana! Tüýs meň küýseýänim-dä. Kiçijik stol goýup, seleň howada ýazyp oturmaly. Beýle beýiklikde siňegem ýok, çybynam. Köne ýerde gulagym ganan it-pişigiň sesiniň hergiz eşidiljek gümany ýok. Bir zada haýran galdym! Gabat gelmek bolmagam mümkin. Şu ýylyň içinde iň köp giden ýerimem, iň köp ýazan temamam demir ýol. “Demirýoçularyň güni” diýilýän baýramçylyk senesinde-3-nji dekabrda hem täze jaý berdiler. Türkmen bilmän aýtmandyr: “Garyp çatmam, garnym açyp ýatmam”, ýa-da “Öýüm dar bolandan, gabrym dar bolsun” diýip. Aşgabada ilki göçüp gelen döwürlerimiz-1992-nji ýyllarda amanat jaýda ýaşadyk. Beh, gaty batyr-ýürekli ekenim-aý men. “Özbaşyma jaý berildi” diýip, iki çagam bilen aýalymy yzyma tirkäp, goş-golamam bir “KAMAZ”-a ýükläp dogry gaýdyberipdirin Aşgabada. Şeýtmesem boljagam däldi. Birinjiden-ä, men oba sygmajagymy, haýsydyr bir galam ýöredýäniň “Ýazyjy-şahyrlar obada doglup, soň şäherde ölýärler” diýen sözüniň maňa hem degişlidigini bildim. Nähili ýazyjydymy men bilmen, il biler, ýöne garaz, şähere göçmelidigimi-hä anyk bildim özümçe. Hawa-da, obada gepiň iň naýbaşysy “pylanynyň sygry guzlapdyr, baý, şoň tohumy gowy-aý”, ýa-da “pylankes ogluna jaý salyp beripdir weli, beýlekileňkiden ýütgeşik” diýlip, soňam nämesiniň, niresiniň artyk ýa kemdigi hakdaky gürrüň, bolany! Bir-iki sany pikirdeşräk oglan bilen iç döküşip, dünýäniň, kitabyň, gazetde ýa žurnalda düýn-öňňun çykan haýsydyr bir hekaýanyň, makalanyň gürrüňini edip hezil edip ugrarsyň weli, birden biri “eý, öýdäki maňa towuklara iým ber” diýipd-ä, oturyp galaýypdyryn, ketegiň agzam açyk galandyr, it-pişik girmedik bolsa-da biridir” diýip, ýerinden zöwwe turar weli, bar, heziliň alnar. Onsoň olar gidensoň şäherde ýaşamaýanyňa ökünip ugrarsyň. Dogry, obanyň hem keýpi bar-la. Guýmagursak şahyr Gurbanýaz Daşgyn pahyryň setirleri bar-a: -Şähere şekim ýok, allanämedir, Karz dek ýada düşýän ýene obadyr- diýip. Häzirlerem oba-garry öýe-inim Gögüň (çyn ady Sapaguly) ýanyna barsam, hökman mellegiň içine girip bir gysym ot orup, sygryň ýa öküzçäniň öňüne taşlaýan, towuk ketegine girip, ganaty bilen urup ýykaýjak bolýan horazyň towuklaryň töwereginde pelesaň kakyşyny keýp bilen synlap, birki gysym däne zyňýan. Baý, hezi bolýar-aý! Aşgabada göçüp gelmänkäm, bir ýyldan gowrak Daşoguzdan Aşgabada gatnap işledim. Mertdiris görseňiz özümiz! Ol how, Gökdepeden ýa Ýaşlykdan gatnap işlän ýaly däl-ä! Samolýota bilet tapjak bolsaňam gara görgüdi ol döwürler. Üstesine, pulunam-çykdaýjysynam aýt. Häzirki bolçulyk, arzançylyk döwründe Atajan Tagan ýaly gysgançlar taksä puluny gysganyp, awtobusa münýär. Gürrüň şuňa dorände Atamyrat Atabaýyň döreden anekdotyny, edebi dilde aýdanda. “henegini” hem aýdyp bereýin. ...Atajan Tagan öň Metbugat öýüniň golaýjygynda ýaşansoň, işe pyýada gatnýan eken. Ine, täze iş ýerlerine (ol “Dünýä edebiýaty” žurnalynda hem, “Diýar” žurnalynda hem işleýär)-şäheriň gaýra gyrasynda gurlan Metbugat toplumyna awtobusda gatnamaly bolansoň, il içinde ýörgünli “proýezdnoý”, ýagny aýlyk münülän petegi satyn alypdyr. Ol ýere-de näme her gün birje gezek gidip-gelip ýörlensoň, telpegiňi aýlamankaň, geçip duran günleriň aýy ahyrladandygyny bilip, içinden “gel, şu proýezdnoýyma beren pulumy köýdürmäýin-le” diýip, soňky günler 24-likmi, 25-lik ugur boýunça gatnaýan awtobusda öýüniň deňinde düşüp galaýman, Saglyk ýoluna çenli baryp-gaýdyp, gelişin şaýolda öýüniň gapdalyndaky duralgada düşüp galýarmyş... Şunuň bilen bagly Atamyradyň döreden ýene bir anekdoty: ... Ine, Atajan şeýdip awtobusda barýarka gapdalyna bir naşyja gyz gonupdyr-da, onuň ýüzüne bir seredip (ýogyndan uzyn burun, ösgünden gür gaşlary birigip duran ala göz, özi aýtmyşlaýyn, göreni tisgindirjek bedroýrak ýüz), bir zatlar diýip ugrapdyr. Tamakinçilik gursun, Atajan hem bu gyzy “Saragt galasyny” ýa-da soňky çykan “Serwi gelin” kitabyny okan talyplaryň biridir öýdüp: -Keýgim, näme diýýänem bolsaň, gatyrak aýt, men kerdirin-diýipdir. Ýüregi ýarylana dönen gyzam onuň ýüzüne bir mölterilipdir-de, ýene gepläp ugrapdyr. Asyl ol gyz gulagyna gysdyralan kinniwanja mikrofon bilen el telefonynda gürleşip oturan eken. Öz-özi gürläp oturan gyz özüne gep aýdýandyr öýdüpdir gapdaldaky ker bende-de. Indi, ýene-de Aşgabada göçüp gelmek gürrüňine dolanalyň! Bir gün ýegre dostum hem kursdaşym, indi bolsa kärdeşim (ol wagtlar ol huhuk goraýjy edaralardady) Juma Ataýewiň Köşüdäki howlusynda ikijigimiz keýpimizi kökläp otyrkak, ol “Gurban jan, senem beýdip, çagalaryňy aňyrda gözüni ýolda goýup, özüňem bärde tapan ýeriňde ýatyp-turup ýörmän, belli-külli göçüp gelsene şähere” diýdi. “Wah, geljek-le, jaýsyzlyk ýaýdandyrýa, agam ogly (men oňa köplenç şeýle diýip ýüzlenýän)” diýdim. Olam “seret-dä, hä diýmänkäň, ogluň ýetişer, gyzyň ýetişer. Olaram öň şäheri görmedik çagalar bolansoň özüň gelersiň yzyňa düşürip, şlýapaň etegini derledip: “agam ogly, şulara “okuwa girjek” diýip duransoň gapdallary bilen özümem gaýdyberdim” diýip. Menem gadyr etsem iki gün öýümde saklaryn, bilýäň-ä, ”Myhman birinji gün altyn, ikinji gün kümüş, üçünji gün mis, dördünji gün pis” diýlenini. Ondan gowusy, ýüregi bire bagla-da gel belli-külli”. Meniň ýaýdanýanymy aňyp, ol birden bir zat ýadyna düşen ýaly: “oh-ow, bolmasa sen meň Gowdandaky jaýyma göçüp geläýseň näder. Ahyry boş dur şol. Çagalaram entek ýaş, iň ulusy üçünji klasda. Näçe wagtlap ýaşasaň ýaşaber. Jaýyň kommunalnyý tölegem men Owganystanda bolup gelenim üçin mugt. Diňe käwagt hepde-de-on günde men baramda bir ümmüldeşere öňümde odur-budur goýsaň bolany, sen tarhansyň” diýdi-de, çürt-kesik etdi oturyberdi. Söl kesgitli sözi bilen meni Aşgabada getireni, üç ýyla golaýam gaşyny çytman öz öýüm ýaly edip ýaşadany, onda-da her hepdede üstüňe ýyrtyk haltadaky terne ýaly dökülýän talyp dogan-garyndaşlary görende-de kejikmedik Juma ömürboýy menem, çagalarymam minnetdardyr, hemişe taňryýalkasynlydyr, tükenmejek tagzymlydyr. Ylahym, eden ýagşylygyň bizden gaýtmasa-da, Alladan gaýtsyn, agam ogly! Ynha, içinde futbol oýnabermeli täze jaýa göçmezden öň häzir gözüme ýaş aýlap, şu zatlary-geçen günleri hakyda depderimden dörüp görýän. 5. XI. 2016. * * * „Wagt telpegiňi aýlamankaň geçip barýar“ diýleni dop-dogry. Öňem biriniň „näçe ýaşadyň?“ diýlen sowala „sanap oturmaýyn, bir aýdybiljek zadym, „ömür“ diýlen närse gaçyp barýan keýigiň kölegesinde uklan ýaly gysga eken“ diýşi ýaly, baý, çalt geçýär-aý möwrätler-ömürler. Hudaýberdi halypa ( belli ýazyjy, il içinde „Jöhüdiň aklawçysy“ diýlen ady alan (beýle diýilmegi onuň okumyşlygy, islendik meseleden özgelerden anyk hem dürs baş alyp çykyp bilýänligi bilen bagly) Hudaýberdi Diwangulyýew) aýdypdy bir gezek: -Inim, elli ýaşdan soň wagt edil ýapaşak gaýdan ýaly bolaýýan eken. Baharyň gelenini duýup ýetişmänkäň, eýýäm tomus depäňi deşip gelýär ýokaryňa seretseň. Ýöne ömürler, ýyllar maňyzly-maýalyja geçse, şoňa-da şükür. Ynha, birküç gün bäri täze jaýdan-paýtagtyň ed-dil ortarasyndan, il içinde „Aşgabadyň Rublýowkasy“ diýilýän ýerden berlen 5 otagly öýden girip-çykýan weli, birhili hekgeren ýaly, öz göwnüme. Öň dagy dar köwşüň içinde ýaşap ýören ýaly ekenik, indi baryp 10-njy gatdaky ötlem-ötlem otaglara girseň. Agtyjagym Aýjäjek agşam aýnadan seredip: „Oý, kakaýa krasota!“ diýip, çapak çalýar. Garaz, häzir meniň üçin gyşyň howasy ýaz ýaly. Bijin ýylynyň gyşy weli çynyrgadýar-aý, takyk gapydan girmänkä. Ynha, şu günem irden bäri gar gatyşykly ýagyş ýagýar, hernä, howa o diýen sowuk däl. Öňräk dagy Üstýurt, Aüböwür taraplarda 20 gradusdan geçýän aýaz bolupdyr. Hä-ä, esasy ýakymly zat, 9-njy dekabrda geçen Ministrler Kabinetiniň giňişlrýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz halkara Pul Gaznasynyň wekilleriniň Türkmenistana geçiren seljermesini telewideniýede düşündirmek meselesini agzap, şeýle diýdi: „Ynha, şony „Diýaryň“ redaktory oňarar, köp zat biljek, etjek bolýar şu oglan. Syýasatçylar, alymlar çyşyrymly, termin bilen gürläp, düşnüksiz edýärler weli, seredýän, diňleýän az. Sen halka ýakyn dilde gowja gepleşik et, şulary üýşür-de“ diýdi. Ertesi „Altyn asyr” teleýaýlymynda ministrler, bankirler, rektorlar bilen „Tegelek stol“ etdik. Erbet gören däldirler-dä, bellik-hä bolmady. Garaz, şeýleräk. 21. XII. 2016 * * * “Diňe eden işiň galar” diýleni gaty dogry. Täze jaýyň ýelginine aldygyna işleýän. Harbylaryň dili bilen aýdanda, “tylyň gowy bolanda şöweşe çykyşyňam garadangaýtmaz bolýar”. Gije 10-njy gatdan seretseň, ýyldyz dökülene meňzeş Aşgabady görüp, goşgy ýazasyň gelip dur, how! Ömrümde goşgy ýazyp görmedigim, goram-gowşak goşgyny okasam kejebäm daygyberýäni üçin bu pikirimi bada-bat ret edýän. Garaz, joşup işlemek üçin jaý, onda-da, dokuzy düzüw jaý gerekdigini-hä bildim ýöne. Osman Ödäniň eserler ýygyndysyny okap çykamda, “Takdyryň ýagyr teni” atly hekaýasy aýratyn täsir galdyrdy. Şoňa wariasiýa edip “Gülüp gelen ýaz” atly hekaýamyň soňky nokadyny goýdum, düýnem gutarnykyl “kakyş-kukuş” etdim. Häzirem Atajan Tagana hemem Akmuhammet Hemide okamaga berjek. Goý, “ýüz görüp, gapyrga syrman” belliklerini aýtsynlar. Soň gazetde çykansoň, “wah, şo ýerini şeýdäýmeli eken-ow” diýip ahmyr edeňden, ýa-da galamdaşlaryň biriniň “şojagaz ýerini şeýle alaýmaly ekeniň” ýa-da “şo jümläňi aýraýsaňam boljak eken” diýlen, özem ýüregiňe jüňk bolýan belliklerini häzirden düzeden ýagşy. Ýogsam-a, eseriň edil perzendiň ýaly-la, “on iki süňňüni” ýerbe-ýer etdimmikäm diýeňsoň, kesip-aýyrmak, edil öz etiňden kesilen ýaly bolýar. Ýöne nätjek, özüňden artyk bilýän, senden has gowy zada garaşýan okyjynyň göwnünden turmak üçin hökman öz göwnüňi ýykmaly. Düzüw eseriň ilkinji talaby şudur, meger. Publisistika bilenem “gidişýän”. Türkmen demir ýolunyň taryhy bilen bagly gaty täsin hem gyzykly materiallar elime düşdi. Sag bolsun, Şöhrat Mülki! Şeýdibem “Kerwen geçen gadym ýollar” atly kiçiräk publisistik sikl-toplum ýazdym. Düýn-26-njy dekabrda “Mugallymlar gazeti” berip başlady, ýene 3- 4 sanynda gitse gerek. Garaz, “günde 3, bolmanda 2 sahypa ýazmaly” diýlen berk ýörelgäni özüme kada edindim. Komýuteriň başyna barybilseň, özem oňarsaň kelle tämiz, iş wagty başlanmaýan mahaly-säher bilen ýazsaň, utýaň. Ýöne hekaýada weli, günde 1-1,5 ýarym (kompýuterde, el bilen bolanda bu hem 2-2,5 sahypadan gowrak boýar) sahypadan köp ýazyp bilemok. Ýadasam onsoň publisistika ýa-da gury makala geçäýýän. Şeýleräk. Howa şu gün irden “deňiz howasy” diýleni-maňlaýyňy ölleýän çygly. Meger, ýagsa gerek. Howa hakda aýdylanda ýadyma düşýär. Öňler Türkmenbaşydan Didar däde (Allaberdiýew) bilen jaňlaşamyzda “Aşgabatda howa nähili?” diýip sorardy. Menem “edil Osman akgaň ýüzi ýaly” diýerdim. Ol degişmä-deňeşdirmä ýatan ýeri ýagty bolsun, Osman agaň özem hezil ederdi. Hä-ä, ýadymda barka aýdaýyn, Dört-bäş günlükde Osman Ödäýewiň adyny onuň dogduk obasyndaky öz okan mekdebine dakdylar. Gaty begendik. Ol ýazyjy hökmünde-de, hakyky Ynsan hökmünde-de şoňa gaty mynsayp. Geçen hepde ussahanasyna baramda, Saragt Babaýew görkezdi ýasap oturan heýkelini. Tizara “Ylham” seýilgähinde-de Osman aganyň heýkeli oturdylmaly. Başga-da Täşli Gurban, Mäti Köse, Gowşut Şamy bar, bilýänlerimden. Ýene bir täzelik. Saragt Baba hakda dokumental powest ýazmaga girişdim. Ýöne käbir “aňtawçylara” aňňalak gapdyrmak üçin oňa “dokumental hekaýa” diýerin. Göwrümi babatda weli, kellede “tüweleýleýän” fantaziýa görä, ol powest derejesinde bolsa gerek. Sebäbi beýle ussat hakda “kagyz garalara” zat kän. Galanynam Alla oňlasyn! 27. XII. 2016. * * * Ýagyş ýagýar. Ýöne men gurbany gitdigim, Tebigatyň bir gudratymy, gujagyndaky ynsanlary haýrana goýmak üçin edýän oýnumy, garaz, bir ahwalata geň galdym. 2016-njy ýyly ugratmak dabarasynda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki baş arçanyň ýanynda durduk. Ýyl çalşan minudy asmandan ak damjalar düşdi. Ol ýagyş däldi, göwnüňe bolmasa, dört-bäş damja “Täze ýyl nurly-yrsgally bolar” diýlen alamatyň buşlugyna meňzeşdi. Menziller-ömürler ötýänini täze ýyly garşylaňda has anyk duýýaň. Ömürler geçip otyr-ow! Ýöne özümden çen tutsam, 2016-njy ýyl meniň üçin-ä düşümli boldy. Köşge berimsiz ak jaýly boldum! “Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy” medalyny berdiler! Ençeme daşary ýurt döwletlerinde bolup geldim. Onda-da Türkmenistanyň Prezidenti bilen bile! Birnäçe hekaýalardyr oçerkler ýazdym. Edebi esasyny ýazan “Jan Watanym, Türkmenistan!” atly dokumental kinomyz 4-5 gezek “Altyn asyr” yeleýaýlymynda görkezildi. Iň esasy, Gurbannazar şahyr aýtmyşlaýyn: Biz näm bolsak, şol bolaly, Bolsa bolýar ata Watan. Il-gün abadan, Watan asuda, şükür! Geçen ýylyň ahyrynda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan halkara demir ýolunyň Atamayrat-Ymamnazar-Akina bölegi açylanda asly Kerkiniň Daşlyk obasyndan bolan Muhammet diýen adamyň aýdan gürrüňi ýadyma düşse, häzirem inim dyglap gidýär: -Ogluň ýetişse “Taliban” ýa “Igil” diýilýänleri gelip soraman alsa, ýetişen gyzyňy özüňden bidin bagyrdyp alyp gitseler, ýaşaýyşmy-aý şo, doganlar. Şoň üçinem Türkmenistan diýlen ýurdy gözüňe sürme etmeli... Ine, parahat günleriň gdyr-gymmatynyň bahasy nähili! Hä-ä, ýadyma düşüp durka 30-njy dekabrda redaksiýamyzda hem işgärler bilen kiçeňräk “çaý içişlik” etdik. Gyzlar palaw bişirdiler, erkeklerimiziň hersi bir zat getirdiler, Robert Borisowiç aw etinden şeýlebir gowy tagam taýýarlapdyr, garaz ýazylyp-ýaýrap oturdyk. Geçen ýylyň, ýatda galan wakalaryň gürrüňi edildi. Gurban Hallyýewiç žurnal hakda özgeleriň, dürli kärdäki, dürli ýaşdaky okyjylaryň diýseň ýagşy pikirdedigini aýtdy. Agzybirlik diýlen, mähremlik diýlen zatlaryň gadyry saçak başynda “syryny” açýar, meger. Diýjek bolýanym, žurnalyň baýramçylyk “agşamynda” türkmen dilinde-de, rus dilinde-de ýurt hakda, Prezident hakda, döwür hakda, syýasat hakda, şu gün hakda, ertir hakda gürrüň edildi. Hemmesem gulaga ýakymly, aýdylyşy ýaly, ýürekden gaýdýan sözler. Şonda şu kiçijik kollektiwimiziň içinde türkmenleriňem, ruslaryňam, ermenileriňem, ukrainleriňem bardygyna, özem hemmesiniň “bir gulakdan göçýändigine” öz ýanyňdan neneň begenmejek, buýsanmajak! Şoň üçinem iş ýerimden-9-njy gatdan ýagýan ak ýagyşy synlap, içimden (daşymdan aýtjak weli, açyk gapynyň aňyrsynda Akmuhammet Hemid otyr): “Asmana nur, Zemine bereket, il-günümize parahatlyk, ilimize agzybirlik bereweri, Biribar!” diýýän. 3.01. 2017. * * * Ýurduň ähli ýerine seýran-sapar etdik. Hormatly Prezidentimiziň welaýatlara iş saparynyň düzümine „Türkmenistan“ gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebowy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Jumamyrat Gurbangeldiýewi hemem meni goşdular. Ilki çal Hazaryň kenaryndaky Garabogaza baryp goş ýazdyrdyk. Ýanymda-da köne ülpetlerim-bile işleşýänlerim-„Altyn asyr“ teleýaýlymynyň režissýory Nurguly Orazdurdyýew hemem teleoperator Esen Çaryew bar. Bir-birimize gep däl, üm bilen düşünişip, „bir gulakdan deň gopup” işleşibilýäs telegepleşik edilende. Bärde gurulýan karbamid zawodynyň gurluşygy bilen aýdylyşy ýaly, üç günläp, ilik-düwme tanyşma kemini goýmadyk. 1 sagatlyk çemesi gepleşik taýynladyk. Ilki ýanymyzda Kakamyrat bolup, soň ertesi ol Gyýanla gaýtdy. Zawodyň işçilere hemem inžener-tehniki işgärlere gurlan „Kemp“ diýilýän göçme-mobil jaýlarynda ýaşadyk. Ýeke adamlyk, iki adamlyk otaglar şäheriň „men“ diýen otel-myhmanhanasyndan artyk bolmasa, kem däl. Garabogaz aýlagyny birinji gezek ine-gana synladym. Täsin aýlag. Gadymy döwütlerde „Ajyderýa“ diýlip atlandyrylan aýlagda Mendeleewiň himiki tablisasyna girýän elementleriň ählisi-60-a golaý görnüşi bar. Şondandyr-da, suwy Hazaryň adaty ýerlerindäkä seredeňde has garamtyl öwüsýär. Ady hem aýdyp dur-la şeýledigini. Gelip bu aýlag baradaky maglumatlary tapyp, käsini birinji gezek, käsini gaýtadan okap çykdym. Ýöne „Atam döwründe gurlan“ diýilýän sulfat zawodyny göreňde weli, baş ýaýkaýýaň. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze zawodyň gurluşygy bilen tanşanda, Garabogaz şäheri bilen bu desganyň arasyndaky boşlukda täze şäheri gurjakdygyny aýdanda, walla, eşidenleriň gözüne ýaş aýlandy. Dagy nä, 3 ýa-da 4 gatly jaýlara suwy aşakda uly gaba, ýogsamam sardoba şekilli „guýa“ guýduryp, soňam nasos bilen özüň ýokary çykarmaly. Tüýs „günüňe it aglabermeli“ diýleni-dä. Bärsi ýurduň gaýra-günbatar gyrasy, aýdylyşy ýaly, çet-gyrak künjek. Ýöne basan ýeriň baýlyk, ylmy dilde aýdaňda, dürli mineral serişdeleriň gorlaryndan doly. Şondan iki güni geçirip Mara ýola rowana bolduk. Bu ýerde Prezidentimiz Mary GRES-iniň gurluşygyna bardy. Ol ýerde gurulýan desga Aziýa yklymynda ilusy, kuwwatlysy. Öňküleriň „patyşada kyrk kişiniň akyly, ýedi kişiniň gujury bolarmyş“ diýleniniň çyndygyna men birnäçe gezek göz ýetirdim. Prezident bir ýere barjak bolanda howa bulutlaşyp, çytawun bolup, ýa-da şemal öwsüp durandyr. Haýran galmaly, Hudanyň ýerdäki wekili hasaplanýan patyşa-Prezident barýaram weli, howa birden ýaza dönäýýär. Ynanayyň, şu gezek Hazaryň kenarynda-da, Mary topragyndada soň Lebapdyr Daşoguzda-da hut şeýle boldy. Ondan iki gün soň bolsa ilki Türkmenabada uçup, soň ondanam ýüwrük „JEEP“ bilen Köýtendaga, has anygy, Garlyga tarap ýelk ýasadyk. Ýol uzak-420 kilometrden gowrak. Ýöne Kerkiçiden aňryk hakyt „eliň aýasy ýaly“ diýilýän ýol gurlupdyr.Bu jelegaýda tutuş Aziýa sebitinde iň uly dag-magdan toplumy, anyk aýdanda, kaliý zawody gurulýar. Äpet desga. Göz öňüne getirip görüň! Ýylda1 million 400 müň tonna kaliý dökünleri öndürilmeli. Onda 1 müňden gowrak iş orunlary döremeli. Ine, döwrüň güýji. Garazsyzlyk gazanylmadyk bolsa beýle Aziýa yklymynda “men” diýen toplumy gurmak hakda düýşde-de arzuw edip bolmajagy bes-belli. 295 metr çuňlukdaky şahta düşüp gördüm. “Беларускалий” açyk пъктч\дш paýdarar jemgyýetiniň başlygy Iwan Iwanowiç Golowatyý dünýäniň tas ähli ýerlerindäki şeýle erasty şahtalarda işlemegiň adam üçin howpludygy hem-de saglygy üçin zyýanlydygyny, ýöne Garlykdaky bu şahtanyň ala-böle tapawutlylykda, beýle hadysalardan doly azatdygyny, gaýtam, şu kaliý şahtasynda işleýän adamlaryň öýken keseli, demgysma, inçekeseli, zob ýaly dertler bilen hiç wagt kesellemeýändigini, sebäbi, bu ýerdäki howanyň maddalar bilen täsirlenme astynda şeýle derdi ýom-ýok edýändigini aýdanda walla, agzymy açdym. Bu ýerleriniň tebigatyny diýsene! Gyşyň örküji weli, dört paslyň howasyny görüp bolýar. Irden gyş howasy, guşlugrak bahara çalymdaş, günortan Gibiriň, Uralyň tomsuna meňzeş-20 gradus çemesi maýyl, öýle guşlygynda güýz howasy. Kawkaz töweregindäki ýaly birden ýagyş guýýar, soňam Gün çykýar. Hol beýledenem gerşi garly Köýten göze gör nähili owadan görünýär. Gaýnarbaba baryp suw içdik, el-ýüz ýuwduk. Bärde gürrüň berişlerine görä, gök 100-lüge men diýen-agramy 20 kileden aşýan tokly, 10 manada gygyranda arkan ýykylýan gyzyl horaz alyp bolýandygyny eşidip, gaşlarym gerlip gitdi geň galmakdan. „Mal, ylaýta-da ownuk dowar kän, her hojalykda 500, hatda müň basalykly baş sany, towuk diýlen janawer bäriniň seleň howasynda ýylda iki gezek basyp, her gezegem 15-20 jüýje çykarýar. Gür ilatly ýerden-etrap, welaýat merkezinden daş bolansoň, alyjy-hyrydaram az, onsoň baha topukdan“ diýip güşündirdiler. „Ertir gar gatyşykly ýagyş ýagmagyna garaşylýar“ diýlen howa maglumatyndan soň bärik hormatly Presidentimiziň dikuçarda gelmek meselesi goýbosun edildi. Onsoň bizem gyssag bilen gije sagat 10-nyň ýarlarynda Türkmenabada gaýtdyk. Ertesi säher bilen bu ýerde gurulýan köp ugurly hassahananyň gurluşygyna milli Liderimiz bardy, işleriň gidişi bilen tanyşdy, binany gurýan „Nahal“ hojalyk jemgyýetiniň işçileri bilen duşuşdy, hal-ahwal soraşdy. Şondan üç gün soň Daşoguza uçduk. “Ýer ala-ýurt ala” diýlişi ýaly, bu ýeriň aýazy çeniň däl. “Oglan wagtlarym, ondan soň 35 ýaşa çenli bu ýerlerde nädip beýle sowuklara döz gelipdirin-aý?” diýdirdi öz ýanymdan. Biz indi Aşgabadyň mylaýym gyşyna, gurak yssysyna mazaly öwrenişäýen oguşýas. Hormatly Prezidentimiziň S. Nyýazow etrabynyň Hudaýbergen Jumanyýazow adyndaky daýhan birleşiginde gaty märem, açyk ýagdaýda geçen duşuşygy-gürrüňdeşligi boldy. Welaýaty ösdürmegiň, oba hojalygyny ilerletmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň, ekologiýanyň meseleleri hakda gürrüň edildi. Täze ençeme senagat desgalaryny, mekdeplerdir çagalar baglaryny, Saglyk merkezleridir Öýlerini... gurjakdygyny Prezidentimiz aýtdy. Şeýle-de Daşoguz şäheriniň içinde ýalňyşmaýan bolsam, geçen asyryň 20-nji ýyllarynda gurlan, il içinde “Maslozawod” diýilýän, töweregine künjara ysyny “atyr “ edip duran köne desgany şäherden daşaryk çykaryp gurmagyň wagty ýetendigini nygtady. Ugrajak wagtam hormatly Prezidentimiz “hany, “Diýar” nirede?” diýip meni ýanyna çagyrdy-da: -Senem şu töwereklerden dälmi näme?-diýdi. -Hawa-diýenimden bolsa: -Ýaňky aýdan zawodymyň ysyny senem alyp görensiň-ä. Men kiçeňräk oglan wagtymyz-a onuň ysy burna ýakymly degýän ýalydy-diýdi. Menem: -Hormatly Prezidentimiz, şonuň ysynyň gowy ýeri ýokdur-la-diýdim weli, uludan güldi-de: -Şonyň-a dogry-aý-diýdi. Elbetde, Patyşanyň-Prezidentiň ala-böle seni ýanyna çagyrmagy, bardygyňa ýns bermegi gaty ýakymly duýgy, unudylmajak begenç döredýär. “Daşoguz” myhmanhanasynyň ýyljajyk otagynda mazaly ýapylan zyýat janlara noş berdi. Daşoguz palawy, ýuka nany, bäşbarmagy, bal ýaly gyş gawuny, gyzgynjak balygy bilen Jumamyrat ikimiz (Kalamyrat jan bolsa bu keýpden binesip) “balyk ýüzmedik suw” bilen, gaýtjak günümiz bolsa tagamy agzyňdan gitmeýän “Garabekewül” konýagy bilen keýpleri kökledik. Ondan gelibem iki günden soň Ahal welaýatynda gurulýan, has anygy, Aşgabadyň ýeňsesindäki 34-nji kilometrlikde, Owadandepedäki tebigy gazdan suntetiki benzin öndürýän zawoda hormatly Prezidentimiz bardy.Ol ýerde-de işçiler bilen bolan duşuşygynda ýene bizi-Kakamyrady, Jumamyrady, meni käbir wakalar bilen bagly “şularam bilýändir” diýip oturanlara görkezdi. Soň men gijöýlänler gyssagly ýene gaýrak-şondan 10 kilometr daşlykdaky çopan goşuna gitdim. Sebäbi Kakageldi aga (Çaryýardurdyýew-Prezidentiň Metbugat gullugynyň başlygy) jaň edip. “Hut hormatly Prezidentimiz “Gurbannazar gelip, şu çopan-çoluk bilen telewideniýe üçin söhbetdeşlik gurasyn” diýip tabşyryk berdi” diýdi. Tyrrygragam bolsa çopan eşigini geýip, Amanmuhammet aga diýilýän çopan, onuň Öwezmuhammet diýilýän ogly bilen agzyna nasos goýup diýen ýaly soragyma zordan jogap alyp, tabşyrygy “depmehalal” etdim. Ýöne yhlasymyz güýçlidir-dä, soň “Altyn asyrda” görenler “gaty tebigy, ýürekdeş gepleşik bolupdyr” diýib-ä öwdüler. Indem ynha, iş otagymda-9-njy gatda oturyp, şu zatlary ýazga geçirýän. 2.02. 2017. * * * Baý, şu gün gar ýagdy-ow! Öýlän öňüni ýagyş bilen başlan gar ertesi günortana çenli guýdy. Haýp, howa o diýen sowuk bolmansoň-plýus 2-3 gradus bolansoň, ertesine galman eredi. Wah, birküç gün “gözüni jüýjerdip” ýataýan bolsa, ajap boljakdy weli, nätjek-dä. Biziň gyşymyzyň garyny görüp galsaňam guwanaýmaly. Hernäme-de bolsa öz ýurdumyzyň pasyllaryna gurban! “Garagum” žurnalynda Osman aga hakda “Dogan diýen dilleriň” atly ýatlamam çykdy. Ýurduň çar ýanyndan on-on bäş adam-a jaň etdi. Lebapdan filologiýa ylymlarynyň doktory Hanguly Amansähedow, Balkandan Didar däde-Allaberdiýew, Daşoguzdan Aşyrdurdy Allaýew... garaz, kän. Didar däde-hä “Bir-ä Osman pahyr ýogalanda şeýdip aglapdym, häzirem şu ýazylan zatlary okap, elýaglygym sykaýmaly boldy, azajyk özümi dürsäp, jaň edip “beýle sogaply işiň üçin taňryýalkasyn aýdaýyn” diýip, jaň edişim boldy” diýdi. Ýazan zady il göwnüne ýarasa, galam tutýan üçin gör nähili ýakymly! 3.02. 2017. * * * Ýene-de gar ýagýar. Görýän weli, takyk-towuk ýyly ygally-bereketli boljaga meňzeş. Düýn elekden dökülýän ýaly bolup gijesi bilen, ertesem tutuş gündiz diýen ýaly ýagdy. Häzirem käwagt “towşan yzy düşer ýaly” diýleni bolup, ownuklap sepeläp dur. Garaz, çarwa hasaby bilen gara gyşyň soňunyň “oýunjygy” bara meňzeş. Düýn Dörtguly Mämijigiň (“Diýar” žurnalynyň jogapkär kätibi, belli suratkeş) aýdyşy ýaly, bizde hakyky gyş fewralyň 10-yndan martyň 31-ne çenli bolar, ondan öňi gyşa meňzeş. Düýnki “Edebiýat-sungat” Atajan Taganyň “Beki aganyň sözleri bilen aýdyşy ýaly” altyn harplar bilen çykypdyr. Onda “Bossan ene” diýlen ajaýyp hekaýa bar. Atajan Tagan diýilýäni diýseň ussat ýazyjy. Okap başlaňda eliňden goýdurmaýan bolsa çyn eser şol. Dili dagy ed-dil kesgir gylyç ýaly. Birje sözlemini alyp göräý: “Arryk towuk ýaly günuzyn ýer dörer ýörer”. Meňzetme kemi barmy? Hekaýa gaty husyt kempir barada. Onsoň Atajanyň özi degşip şeýle diýýär: -Depesine “A. Atabaýewe bagyşlanýar” diýip goýupdym weli, arman, aýraýypdyrlar. Atamyrat bolsa töweregindäkileri: -Hekaýadaky şol kempir awtoryň öz prototipi-diýip gülüşdirýär. Döredijilik adamlarynyň, onda-da beýik halypalaryň degişme-heneklerem mekdep. Menem şu günler aýdyllyşy ýaly, essimden gidýänçäm işleýän. Bir gezek belli ýazyjy Gowşutgeldi Daňatar Medeniýet ministrliginden çykyp barýarkak gep çykanda şeýle diýipdi: “Zähmet çekibermeli, şonda ähli zady ýeňip bolýar”. Gaty dürs kesgitleme. Häzir hormatly Prezidentimiz bilen bile welaýatlara gidip gelmegimiz bilen bagly publisistik toplum ýazýan. Öwünmäýin weli, her gün, bolmasa gün ýarymda 7-8 kagyzlyk (kompýuterde 14-lik şriftde) publisistikany agdarýan. Ýöne ondan öň ony gündiz gezip ýörkäm huşumda, gije ýatamda bolsa düýşümde-de bir gezek “ýazyp” çykýan. Hudaýberdi halypanyň (Diwangulyýew) sargaýşy ýaly, 1 kagyzlyk zat ýazmak üçin 8 sahypalyk materialy okap çykmaly. Ýazmaga ýapyşmazdan ozal şol tema degişli näme tapsam dörüp çykýan. Häzirem “Gudrat görseň Garlyga bar” atlandyran publisistikama gerek magllumatlary (tebigatyna degişli) 2012-nji ýylda çykan “Lebap welaýaty” diýlen fotoalbomdan dörüp-gözläp tapdym. Gyzyl tapan ýaly begenäýdim. Sebäbi okyjy indi gün gören zadyny okap ýörenok. Myhyny ýere “çüýläp”, geň-del magumatlary getirmeseň, oz gören-goýanyňy çeper eserdäkiden kem etmän beýan etmeseň, iň esasam, öz garaýşyň hem kesgitli pikiriň bolmasa, okalmaýar. Okalmaýan zat bolsa awtor üçin biabraýçylyk. “Türkmenistan” gazetinde düýn-öňun “Suw strategiýasy”, yzýanam “Watan” gazetinde “Garabogazdaky ak desga” atly publisistikalarym çykdy. Okanlara erbet diýmedi. “Watanda” “Nur paýlamak parzy” diýen ýene bir publisistika ýatyr. Meger, hepdäniň 2-nji güni-14-ine çap bolaýsa gerek. Indem ýene özümiz üçin ýaradylan “ýaraga”-kompýutere ýapyşyp, 9-njy gatyň aýnasyndan daşarda ýagýan akja gary synlap, “pikir derýasyna gämimizi batyryp” otyrys. Ylham bilen zehini Alla berse, gara gaýrat-zähmet özümizden bitýär. 11. 02. 2017. * * * “Bu gün göreniň ertir ýok” diýleni. Ynha, şu gün Ejegül (Hojamedowa) pahyry jaýlaýarlar. Ysmamytata äkitdiler. Öňňun ýarygijeler Ogulnabat bilen Eziz gidip Nyýazow keselhanasynyň reanimasiýasyna ýerleşdirip gaýdypdylar adamsy Wepa hopugyp telefon edensoň. Şondan 3 sagat çemesi geçensoň bolsa “ýogaldy” habary geldi. Dokuzy düzüw maşgala. Ogullary Şöhrat Piterde awiasiýa ugrundan akademiýada okap ýör, uly gyzy Gülaý uniwersiteti gutaryp işläp ýör, körpe gyzlary 5-mi ýa 6-njy klasda, özi kandidatlyk derejesini 2 ýyl ozalrak gorady, adamsy “Boingiň” komandiri. Elbetde, ajal bu zatlara seredýän däldir-dä. Agşamsy bilen gar ýagdy, häzirem käte sepeleýär, 20 santimetr dagy düşdi öýdýän. Aldygyna işleýän. Düýn dagy kopýuterde 6 sahypa golaý ýazaýypdyryn. Täze hekaýa başladym-“Altyn gapy”. Galamasynam görüberýäs. 14. 02. 2017. * * * Öňräk öýe pyýadalap barýarkam, öňküleriň “käte ýamanlyk diýip edenleri seniň üçin bähbide öwrülýär” diýen gepi ýadyma düşdi. Şonda “şol gezek tamaň çykmany üçin sen çalaja öýkelemedik bolsaň, Aşgabatda beýdip gaýşarylyp gezmezdiň belki” diýip, içimi gepletdim. Ol waka 1988-njy ýylda bolaýypdy öýdýän. Şol döwür tutuş ýurtda “Üýtgedip gurmak” diýlen bir nysak ýoň boldy. Işläp ýören ýerimiz-“Kommunizm ýoly” gazetinde hem bölüm müdirleri gizlin ses bermek arkaly “erkin saýlamak” meselesine höwesekler köp boldy. Sebäbi Medeniýet bölüminiň müdiri Mämmetnazar Babanazarow Daşkent şäherindäki Ýokary partiýa mekdebine okuwa ugradyldy-da, şonuň ýerine kandidatura esasynda saýlanmaly edildi. Görkeziýänem iki adam-öň Oba hojalygy bölüminde uly habarçy bolup ýören Baba Şyhyýew bilen men. Men “Medeniýetde” uly habarçy bolup ýördüm. Gizlin ses berlişikde men özüm “ýeňerin” diýlen ynamdadym. Sebäbi şol döwür bu gazete “Merkezi WUZ” diýilýänleri gutaryp, Rejepgeldi Mejik (ýatan ýeri ýagty bolsun), Amanmyrat Sapar, Şamyrat Halmedow, Güljemal Ýomutbaýewa (menem şolaryň biri) gelipdiler. Elimizem işleýärdi. Ýadamany-ýaltanmany bilmezdigem. Onsoň şol döwürlerde Amanmyradyň ýazan publisistikasydyr oçerkleri, Rejepgeldiniň döreden, çap edilen goşgulary, Güljemalyň galamyndan çykan syýasy äheňli makalalar gazet üçin täzelig-ä bolupdy. Hakyky halypalyk edeni, adyl göz bilen seredeni üçin gazetiň şol wagtky baş redaktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şu ýazgylar dörän wagty 101 ýaşy arka atan Baba Garaýewe sag bolsunymyz tükenmezdir. Baş redaktoryň orunbasarlarynyň birisi Orunbasar Alimanowyň milleti gazak, beýleki bir orunbasary Dosy Halmyradowyky hem özbekdi. Ýöne olaryň türkmen dilini bilişleri weli, hut “telpek goýaýmaly” diýilýänidi. Ikisem “türkmenleriň arasynda doglup-döräp, gözümiz açylandanam şol oglanlar bilen owlak-guzy bakylansoň, olaryň özlerinden ökde bolmasaň bolmaz-a” diýip, gülüşdirerdiler (ýatan ýeri ýagty bolsun bendeleriň). Orazdurdy Annaýew, Myrat Saparow, Tekebaý Ýomutbaýew, Gurbanbaý Kurambaýew (ol bende-de Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan özbek adamydy) ýaly halypalyk hemaýatyny ýetirmäge taýyn, hoşgylaw adamlar bardy. Ýöne biziň “täzeçe pikirlenşimiz” öňden “düşegi ýumşan”, aýdylyşy ýaly, “köne gwardiýa” gaty bir ýarap duranokdy. Şonda-da “ýaş güýçleriň” şu gezekki bäsleşikde “ýeňşe” bolan ynamy güýçlüdi. Ýöne ses berlişik sanalanda Baba Şyhynyň iki sesi artyk boldy duruberdi. Men bolsa şondan bir gün öňünçä gije tolgunjymdan ýatybilmän diýen ýaly çykypdym. “Birden asgyn düşäýsem nähili bolarka?” diýlen howpurganma uky bermändi. Dogrusy, serpmeden gaýdan ýaly boldum. Ýöne sepimi bildirmedim. Ýöne birhili sygdyrylmaýan ýaly duýýan özümi. “Oňarýan bolsaň bölüm müdiri goýlardyň-la” diýlip, ýeňsämden gyjyt berilýän ýaly göwnüme. Kän wagt geçirmänem, baş redaktor Sabyr Atamedowyň ýanyna işden gitmek hakdaky arzam bilen bardym. Şeýdibem aňyrsy birki aýa ýetirmän, goşumy saýladym. “Ýaşlyk” žurnalyna edebi işgär edip alyp, “sen inim, welaýatdan her sanymyza bir oçerk ýa-da düýpli publisitika ýollap dursaň bolany” diýeni üçin, şol wagtky baş redaktor Jumadurdy Nepesowa “halypa, jaýyň jennetden bolsun!” diýýärin. “Halk sesi” gazetiniň ilki bölüm müdiri, soňam welaýat boýunça habarçysy boldum. Şeýdip sergezdançylyk başlandy. Bir ýarym ýyllap Daşoguzdan Aşgabada samolýotly gatnap işlemeli hupbaty başa satyn aldym. Şonda düşünendirin ”Garyp çatmam-garnym açyp ýatmam” diýlen gepiň gadyryna. Nirede bolsaňam, baý bol, garyp bol, gedaý bol, sergezdan bol, ýöne ýanýoldaşyň, çagalaryň ýanyňda bolsa, iň aňrybaş parz, iň aňrybaş bagt, hökmany terbiýe möhümligi eken. Alýan aýlygymy “öýsüz, öwransyz Goňurja” bolamsoň, gören ýerimde ýatyp-turmaly halda gezip sowamsoň, her hepdäniň 5-nji güni Daşoguza gidip, täze hepdäniň 1-nji güni Aşgabada-işe gaýdyp ýöremsoň, pulum hiç zada-da ýetenok. Şonda ýüzüni çytman goldany, her gezek aýlyjagyndan maňa “paý” bölüp berip goýbereni, “munyň bolanok” diýip, igenmän, gaýtam, “bu-da geçer, sen hökman hakyky döredijilige ulaşyp gitmeli, çagalary alada etme, garrynam özüm elimiň aýasynda saklaryn” diýeni üçin ýanýoldaşym Ogulnabada o dünýe, bu dünýe minnetdardyryn. “Halk sesinde” wagtym baş redaktor Perman Allakul bilen onuň “baş maslahatçysy”, bölüm müdiri, profsoýuzyň-kärdeşler arkalaşygynyň gazetdäki guramasynyň başlygy Öwlüýäguly Çary ikisiniň beren azary baý-buw, aýdyp tükederden kändir. Soň olara jogapkär sekretar Täzebaý Saparam goşuljak boldy. Garaz, ýaşap ýörseň “ýaka tutuşmaly” ýerlerem maňlaýdan çykaýýan eken. “Geçeni geçdi bil” edeli, gowusy. Oturyp oýlanýan-da, öz ýanymdan şeýle diýýän: “Eger-de, şo wagtlar bölüm müdiri edip saýlan bolsalar, guba gaz ýaly şol ýerde çöküp galardym. Belki soň ýene-de wezipejik ýokarlanardy, hal-ýagadaýyňam elhal bolmagy ahmal. Ýöne hemmesini ýygnaňda-da, Aşgabada gelip, ornuňy tapmak, aýdylyşy ýaly, bärde çiläň açylmagy bilen arasy Ýer bilen gök ýaly ahyry, dogry dälmi?! Ol görgüler görülmedik bolsa belki, şindiki göwy ykbal, garaz, il içinde tanalmagymyz, dört-bäş sany kitabymyzyň çykmagy, paýtagtyň edil merkezinden han köşgi ýaly bäş otagly, aňrybaş şertli jaý nesibem etmezdi. Ine, onsoň “her işiň aňyrsynda belki bähbit ýatandyr” diýen aýtga-pende neneň ynanmarsyň! * * * 18-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz oňä gatnaşanlaryň aýdyşy ýaly, meni “ýyldyza’’ dönderdi. Aziada-2017 bilen bagly meselelere degip geçende, “Diýar”, hany tur, şu mesele şeýle dälmi?”, “Diýar”, bilýändir alaja ýüpüň nirede, nämä dakylýanyny”, “Ýüzärlik ýöne bir tütedilmeýär, hany sen aýt “Diýar”, onuň nämä gerekligini”..., garaz, meni ençe gezek öz aýdan meseleleridir pikirlerinde şaýat tutundy. Ýurduň Baştutany şeýdip dursa, eselmeseňem, garaz, göwnüň-ä suwlanyp, kaddyňam has dikleniberýän eken. Saragt Baba hakdaky dokumental powest hem “ýöreýär”. Häzirem şoňa ýapyşjak. 22.02. 2017. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |