16:29 Göwünden düşmek | |
GÖWÜNDEN DÜŞMEK
Goşgular
![]() Kalbym ozal serhedi ýok sährady, Onda zeýkeş ýokdy, ýokdy bir tiken. Mendim saňa duşup akmaklyk edip, Köňlümi bölekläp araçäk çeken. Onsaň näme? Onsaň gatlak döredi, Çür başy sen bolduň, sakçysy özüm. Ah, goradym hatda maşgalamdanam, Hiç hili tanyşlaň diňlemän sözün. Seniň ýakynlarňy çykardym depä, Käbir dostlarymy etdim men surgün. Ýaşadym şu günli, ýaşadym senli, Emma, Durmuşda bar eken erte hem birgün... Harmanyň çäji deý sowruldy gitdi, Özi ýeke mydam gözüm dikenim. Olam hiç-le, ýöne, Gynanýan, gözüňden düşmejek bolup, Örän köp göwünden düşen ekenim. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |