11:37 Gowy garpyz / satiriki hekaýa | |
«GOWY» GARPYZ
Satiriki hekaýalar
Añyrdan diýseñ keýplije gelen Sähet Seýidowiç şlýapasyny ýokary galdyrdy-da: - O-ho-ho-ow, bazar-a tamdyr ýaly gyzan eken. Öñürti içimizi bir sowatsak öýdýän - diýip, çöwürmeli ýigidiñ ýanyna ýöneldi. Garpyz satyjynyñ öz işi özüne ýetik bolarly. Ol ýalñyşman şol bir diýen sözlerini yzly-yzyna gygyryp gaýtalaýardy: - Garpyza geliñ, garpyza! Sladkiý arbuz! Dadanam armanly, datmadygam... Ýok, bu dünýeden armanly gitmek bolmaz. Ondan hökman dadyp görmeli diýen pikir bilen, Sähet Seýidowiç satyjynyñ alkymyna dykylyp bardy. - Garpyzyñyz süýjümi? Näçeden diýýäñiz... - Agam, agzyñyz ýanyñyzda bolsa dadyp göräýiñ. Bahasynam oñşarys - diýdi-de, ol biline gysdyrylgy uly gezlik bilen bir garpyzyñ böwründen tümmül aldy. Özüne tarap uzan köz ýaly garpyzyñ bölegi Sähet Seýidowiçiñ agzyny suwartdy. Ol derrew symyşlap başlady. Ine, birdenem, onuñ ýüzi-gözi agardy-da, gaýtdy arkanlygyna, şarpyldap. Bazaryñ ortarasynda üýşen garpyzyñ gapdalynda serlip ýatan syrkawyñ ýanynda pelesañ kakýan ak ýektaýly gelin Sähet Seýidowiçi görenden: - Zäherlenipdir - diýip, başyny ýaýkady. Ony çaltrak keselhana äkitmeklik bilen boldy. Şo wakadan soñ geçse ýarym sagat geçendir-dä, ýañky çöwürmeli ýigidiñ ähli garpyzlaryny seresaplylyk bilen maşyna basdylar-da, özünem nirädir bir ýerik alyp gitdiler. - Be-e, o ýigidiñ garpyzyny aýratyn gowy gördüler öýdýän, hemmesini alyp ötäýitdiler - diýip, bu başagaýlykdan bihabar bir adam içini gepletdi. Täçmämmet JÜRDEKOW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |