13:52 Gözden-dilden saklasyn! | |
● Kökler
Edebi makalalar
GÖZDEN-DILDEN SAKLASYN! Yrymlara ynanyp ýaşamak adama güzap ýamanyny berýär. Barýan ýoluny gara pişik kesen yrymçyl adamyň bolşy ynanmaýanlarda gülki döredip biler. Ol allaowardan aýlanyp geçer. “Ynha, men geçeýin, maňa hiç zadam bolmaz, senem geçiber!” diýip ýalbaranyň yrymyň garşysyna leksiýa okanyň bilen oňa täsir edip bilmersiň. Yrymçyllyk psihik kesellere çalym edýär. Adama ezýet berýän ýaramaz gylyk-häsiýetlerden ony gabanjaň bilen deňeşdirse bolar. Yrym ilkidurmuş medeniýetinden gözbaş alyp gaýdýar. Ol magiýalaryň, jadygöýleriň, tebipleriň tagallasy bilen döräp, dinleriň ilkinji basgançagy bolsa-da, soňra ýitip gitmedi, müňlerçe ýylyň içinden geçdi, bu gün ýokary medeniýetli, bilimli adamlary-da girisine salyp ýör. Yrymçyllyk endigi adamzat üçin neşä meňzeş alamatdyr. Ýoldaşlarymyň biri altmyşynjy ýyllaryň başynda ýaşyna ýetmedik ogly bilen aýalyny oba, ene-atasynyň ýanyna ugradýar. Öýde oturanlar. Çaga-da gapdalda däbişenekläp ýatan. Gapydan köçäniň aňry ýüzünde ýaşaýan kempir girýär. Ojagyň başynda oturan gaýyn-ene tisginip gidýär, alada galyp, gözi bilen gelnine bir zatlar yşarat edýär, duýdurjak bolýar, gelin many aňanok. Oňa çenli kempiriň ýakymsyz ýiti gözleri çaga dikilýär: “Mazy ýalyja çaga ekeni, kimiňki bu?” diýýär. Garaz, kempir gidenden soň käse çaý içim salym geçmänkä turýar bir başagaýlyk. Sag çaga gözüni depesine dikip, ýumrujaklaryny düwüp gidip barýar diýýär. Agzyndanam ak köpürjik gelýär. Gaýynene görgüli häli yşarat edip, çagany äkit diýen ekeni, gelin düşünmändir. “Gelmän geçmişiň gözi degdi-dä bu çaga” diýýärler. Indi gidip kempiriň iň eý görýän zadyndan gyrkyp getirmeseň, tütetmeseň, galan emiň peýdasy bolmaz! Ýeňňeleriň biri şu tabşyrygy bitirmek üçin kempiriň öýüne eňýär. Emma boş gelýär. Haram kempir bir zady aňan ýaly juda eserdeňlik görkezip, zat almaga maý bermeýär. Soňra başga bir başarjaň aýaly ugradýarlar, ol haýbat bilen kempiriň tüýküligini alyp gelýär, ony çaganyň dabanyna çalýarlar. Diýseň-diýmeseň, çaga derrew bäri bakýar. Bu perişan ýagdaý- dan haýýaty göçen gelin yrymyň nämedigini şonda bilip galýar. Yryma türkmenleriň gatnaşyklary hakynda tutuş bir kitap ýazaýmaly. Olaryň ynanýan yrymlarynyň köpüsine beýleki halklarda-da duş gelinjegine ynanaýyň, sebäbi olaryň düýbi bir kökden gaýdýar. Jadygöý diýlende biziň göz öňümize öňi bilen bedroý kempir gelýär. Bu klassyk obraz ertekilerimize, dessanlarymyza, eposlarymyza-da ýaýran. Kempir beýleki halklaryň arasynda-da meşhur. Eger “Mif we simwol” kitaba salgylansak, bu meşhurlygyň açarynyň nirededigini aýdyp bileris. Onuň bi ýany paleolit döwründe döräp, neolitde has aýdyň ýüze çykan Beýik Aýal hudaýyň obrazyna direýär. Paleolit zamanynda aýallaryň şekili ýüzsüz çekilipdir. Eger şeýle şekildäki aýallaryň eneler däldigini, ýa-da awçylara şowly awy üpjün edýän jadygöýler däldigini hasaba alsak, onda gürrüň ähli zada erki ýerýän, gudraty güýçli jandar hakynda, has dogrusy, keramaty zor hudaý hakynda gitmeli. Hawa, bu şeýle-de. Onuň ýüzüniň şekillendirilmändiginiň sebäbi, onuň gözünden, garaýyşyndan gorkupdyrlar. Kiçi Aziýadan tapylan neolit zamanyna degişli ybadathanalardaky öküz kellelerinde-de göz ýok. Öküziň kellesi gazaply hudaýyň buty. Onuň garaýşyny aýylganç gorky bilen göz öňüne getiripdirler. Ähli zada emri ýetýän jandaryň öz garaýyşy bilen adamy öldürip biljekdigine bolan ynanç global häsiýete eýe bolýar. Ol örän ir zamanlarda döräp, soňra dilden-dile geçip, bütin dünýä ýaýraýar. Ýigriminji asyrda-da dowam edýän “jadyly göz”, “göz degmek” diýen ýaly giň ýaýran yrymlaryň azyndan ýigrimi bäş müň ýyllyk ýoly bar. Ýer ýüzünde häzirki giňden ýaýran dinler bu menziliň bäşden birini-de geçenok. “Gara ýyldyrym” romanymdan bir bölege ünsi çekmekçi: “Sona: ogluma Sülgün goturyň gözi degendir diýdi. Eşreti beladan gutarmagyň aladasyny etdi. Tyllany Galkanlara iberdi, berk sargyt etdi: her et-hesip et Sülgün goturyň geýminden bir bölek alman gelme diýdi. Tylla onuň bir taý jorabyny alyp geldi. Sona joraby tütetdi. - Tüssesi gözüňi gapsyn, Sülgün gotur- diýdi, Tyllany gyssady. - Seredip durma-da, Sülgün gotura garga, gargaber gözüň çyksyn diý. Gözi çyksyn... Tylla betgelşik gurjak ýasady, syn etdigiçe gurjak Tyllanyň ýigrenýän Sülgün goturyna meňzedi. Köne alaçadan ýyrtyk köý- nek geýdirip, ahyr ýaşda onuň horluga uçurajakdygyny göz öňüne getirdi. Başatgyç deregine kellesine esgi bogdy. Kelek geçiniň hapa çöpürinden ýasalan hüžžük saç Sülgün gotury ertekilerdäki jadygöýe meňzetdi. Paşyk burny betgelşikdi. Ýüzüne gazanyň garasyny çaldy, betniýetiň ýüzi gara bolmalydyr. Soňra gözüne temen sançdy. - Iki gözüň kör bolsun, ýer sermen! Tyllanyň ynanjyna görä, temen her sanjylanda Sülgün awusyny duýmalydy. - Awun, awun, ... öl, ýaryl, böwsül!..” Jadylamagyň ýokarky ýaly görnüşini J.Frezer gomeopatika diýip atlandyrýar. Bu yrym dünýä halklaryna giň ýaýrapdyr. Müňlerçe ýylyň dowamynda gadymy Hindistanda, Babilonda, Müsürde, Gresiýada, Rimde, biziň günlerimizde Awstraliýada, Afrikada, Şotlandiýada jadygöýler, garaýürekler öz bet işleri üçin ondan peýdalanypdyrlar, häzirem peýdalanýarlar. Meselem, Amerikanyň indeýleri biriniň garşysyna uruşjak bolsalar, şol adamyň agaçdan şekilini ýasap, onuň kellesine ýa-ha iňňe sançýarlar, ýa-da peýkam atýarlar. Şonyň awysyny bihabar gezip ýören duşman öz bedeninde duýmaly. Eger duşman öldüriljek bolsa, onda gurjagy ýakmaly, gömmeli, nälet sözlerini aýtmaly. Türkmenlerde-de çaga göz degmesin diýip, onuň ýüzüne tüýkürilýän ýaly edilýär. “Ýüz kişiniň tüýküligi bolsun!” diýilýär. Bu dünýä giň ýaýran yrymlaryň biri. Antik zamanyndan galan ýazgylara görä, üç gezek tüýkürmek antyňy, kasamyňy güýçlendirýän serişde bolup- dyr. Rimde dowam eden däp boýunça, çagasynyň saglygyny, rowaçlygyny dilände ene onuň ýüzüne üç öwre tüýkürýän ekeni. Diýmek, türkmenlerde-de doga ýa-da gaýry em üçin berilýän zatlara çüflenmegi onuň güýjüni artdyrmagy aňladýan alamat ekeni. Tüýkürmegiň näleti aňladýan pursatyny-da bilýäris. Çagasy bolmaýan arap aýallary köp çaga dogran aýalyň köýnegini geýip, önelgesizlik derdinden dynarys öýdýärler. Bu yrym türkmenlerde-de bar. Çaga dogýan mahaly enäniň ýagdaýyny ýeňilleşdirmek üçin hemaýatçylar bolýan ekeni. Hemaýatçy aýallar tärime ýapyşyp, edil özleri dogurýan ýaly çyglypdyrlar. Türkmenlere mahsus bu yrymdan baryp-ha Borneo adada ýaşaýanlaram peýdalanýar. Bir adamyň synasyndan alnan zadyň üsti bilen oňa uzak aralykdan täsir etmek usuly jadygöýlügiň giden bir toparyny döredýär. J.Frezer muny kontagioz usul diýip atlandyrýar. Biziň ertekilerimizde, dessanlarymyzda gahrymana kömege ýetişmeli döwler, gaýry jandarlar çakylyk alamaty hökmünde saçlaryndan, ganatlaryndan bir bölek galdyryp, derwaýys pille şolary tütetmegi tabşyrýarlar. Gahryman şeýle-de edýär. Diýmek, saç tütedip, onuň eýesine täsir edip bolýandygy hakyndaky ynanç türkmenlere-de gadymdan belli bolupdyr. Ýene bir mysal. On dokuzynjy asyryň ortalarynda Angliýada öý hyzmatçysy bolup işleýän aýal çagalaryň düşen dişini zyňmazlygy ýalbaryp haýyş edýän ekeni. Eger zyňylan dişi haýsam bolsa bir haýwan ýuwudaýsa, şonuň dişi çaga çykýarmyş. Ol doňuz dişli bir gojany mysal getiripdir. Çagaka onuň gaçan dişini ejesi doňuzlaryň ahyryna zyňyp goýberäýse nätjek! Edil şu ynanç türkmenlerde-de bar. Çagakak dişimiz düşse, ony pagta dolap, guzujygyň aýak yzyna gömerdiler, saňa-da indi guzy dişi çykar diýýärdiler. Elbetde, guzy dişine bolan islegiň sebäbini çarwaçylykdan miras galan endiklerimizden gözlese bolar. Mysallary isledigiňçe uzaldyp oturmaly, ýöne adamzadyň bütewiligini, köküniň birligini yrymlaryň mysalynda-da tekrarlap bolýandygyna düşünen bolsaňyz gerek. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |