13:04 Gözden sypanlar | |
GÖZDEN SYPANLAR
Publisistika
Gaza - il deñinde ýaşajak bolup çyrpynýan halkyñ kyssasy... Onuñ şum taryhy hiç üýtgemedi: Müsürliler-Ramzes, giksoslar, palestinalylar, assiriýalylar; babyllylar, persler, Aleksandr Makedonskiý, rimliler, jöhitler, musulmanlar (Haşymyñ Gazasy), haçparazlar-ybadathana rysarlary, Selaheddin Eýýuby, mamlýuklar, Ýolbars ýürekli Riçard, mongollar, osmanlylar, N.Bonapart, Kawalaly Mämmedaly paşa, iñlisler, müsürliler girdi... 1948-nji ýylyñ 22-nji dekabrynda, 1956-njy ýylyñ 2-nji noýabrynda, 1967-nji ýylyñ 6-njy iýunynda Ysraýyl girdi (üçünji ezek girende 27 ýyllyk okkupasiýa döwrüni başdan geçirdi). 2000-nji ýylyñ 28-nji sentýabrynda, 2006-njy ýylyñ 25-nji iýunynda, 2008-nji ýylyñ 27-nji dekabrynda, 2009-njy ýylyñ 22-nji noýabrynda, 2010-njy ýylyñ 9-njy ýanwarynda, 2012-nji ýylyñ 14-nji noýabrynda, 2014-nji ýylyñ 8-nji iýulynda Ysraýyl bombalady. 2023-nji ýylyñ 7-nji oktýabrynda Ysraýyl bombalady we yzyndanam şähere girdi. Gaza eýýäm ýetmiş ýyl çemesi wagt bäri dünýäniñ iñ uly konslageri! Nämüçin şeýle? * * * Goşmaça paragraf açmaly bolýaryn: Gazada (Hüseýiniler-Naşaşabiler ýa-da Şawalar-Suraniler ýaly) basdaş maşgalalaryñ arasynda-da aldym-berdimli güýç söweşi bar... Şeýle-de, musulman-hristian arap nasionalistleriniñ (BAAS) birleşen göreşi bar... Gazanyñ başyna şunça çozuşyñ, basybalyjylykly ýörişleriñ gelmeginiñ, palestinalylaryñ özüniñem birde bölünip birde birleşip durmagynyñ gözden sypan esasy sebäbi bar: Sebitiñ geografiki, geostrategiki-geosyýasy taýdan ýerleşişiniñ juda möhüm bolmagy... Gaza göz öñünde tutulan maksatlara ýetmek üçin kritiki sebit bolup durýar... Hawa, geografiki taýdan ýerleşişi strategiýanyñ iñ esasy şerti. Şol sebäpli-de, ilkibaşda deñizýakasynda ýaşayan halklar bilen birlikde, imperiýalaryñ kesişýän ýerinde ýerleşen Gaza taryhyñ dürli döwürlerinde elmydama görnüp duran iñ gowy ýerdi. Gazanyñ ýerleşen Gündogar Ortaýer deñziniñ çanagy taryhyñ dürli döwürlerinde baýlygyñ we bol-elinligiñ çeşmesi boldy. Ýakyn Gündogaryñ baýlyklarynyñ söwda ýoly arkaly Ýewropa ýaly dünýäniñ ähli künjüne daşalan iññän möhüm punktunyñ gürrüñini edýäris. (Gaza jülgesi göçegçi guşlaryñam düşelgesidir...) Gaza diýmek - söwdanyñ gözegçiligini ele almak diýmek. Sebite parahatçylygyñ aralaşmagy Gazäni ikinji Gonkonga öwürjekdigi ikuçsyz. Ysraýyl ekstremistleri palestin halkynyñ baýamagyny islänoklarmy? Aslynda soragyñ jogaby özünde: elbetde, islänoklar! * * * Megerem, şu meselede pikirimiz bir bolmaly: Netanýahu we onun alyp barýan ekstremistik syýasatynyñ tarapdarlary Palestina bilen ýaraşmagyñ pikirini edenok. Soramaly bolýarys, a "Hamas" näme onda? "MOSSAD"-yñ nasional-sosialistlere garşy bolandygy üçin 1987-nji ýylda "Hamasyñ" gurulmagyna ýeñ astyndan rugsat berendigi hakda pikir alyşmalyñmy? "Hamasyñ" Gazadan atan birinji raketasynyñ senesi 2002-nji ýylyñ 10-njy fewraly. Ençeme ýyl bäri gabaw astyndaky Gazadan ýigrimi ýyllap atylyp gelinýän raketalar nirden gelýär. "Hamas" 2023-nji ýylyñ 7-nji oktýabrynda bary-ýogy ýigrimi minudyñ dowamynda Gazadan Ysraýypa bäş müñden gowrak raketa atdy. Her ralketanyñ bahasy 100 müñ dollar. Bu puluñ çeşmesi nirde? Muny üpjün edenleriñ näme maksady bar? Muny derñemäliñmi, soramalyñmy? Bolup geçýänler diñe din urşundan ybaratmy? Serediñ: 90-njy ýyllarda parahatçylyk şemaly öwüsdi: Žak Şirak, Bill Klinton, Nelson Mandela ýaly liderler Gazä geldi. Haçanda, 2000-nji ýyllaryñ başynda Gündogar Ortaýer deñzinde nebit-gaz ýataklarynyñ üsti açyldy welin, uruş başlady! (Ýada salyñ: OPEC bargosyna, bütindünýä nebit krizisine 1973-nji ýylyñ Arap-Ysraýyl urşy sebäp bolmadymy?) "Hamasyñ" birinji raketa atan wagtyna ýene bir gezek serediñ: 2002-nji ýyl... Ysraýylyñ birnäçe ýyl geçensoñ bombalama tapgyrynyñ başlanýan wagtyna yene hir gezek serediñ: 2000-nji ýyl... "Hamasyñ" soñky hüjümi sebitdäki söwda hyzmatdaşlygyna-da ullakan zarba urandygynyñ gürrüñini etjek bolýanam ýok? Erdogan 2013-nji ýylyñ 20-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda ilkinji gezek Netanýahu bilen duşuşypdy. Ikitaraplaýyn resmi saparlaryñ bolmagyna garaşylýardy. Hemmesi bir üflände ýom-ýok boldy... Urşuñ ykdysady-syýasy taraplary gözden salynmaly däl... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 29.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |