05:43 Gözden sypyp galan | |
GÖZDEN SYPYP GALAN
Maliýe we ykdysadyýet
"Adamyñ özi bilen ýüzleşmäge ýüzi bolmasa, başgalaryñ ýalñyşlyklaryny dörjelär ýörer." AKP-ä ýakyn durýanlaryñ köçe duşuşyklarynda dowamly diýen ýaly ýaşlara "öñler çörek nobaty, ýag nobaty, gaz ballon nobaty bolardy" sözlerini eşidenimde, Oskar Waýldyñ ýokarky aýdan sözi ýadyma düşýär. Elli ýyl owalynyñ ýalñyşlyklary şu günüñ hatalaryna perde tutulýar! Bu ýagdaý hatalar bilen ýüzleşmegi däl-de, hatalar bilen ýüzsüzleşmegi öwredýär... Häkimiýetiñ şu gün başdan geçirýän maliýe krizisi boýunça öz-özüne tankydy garamaýşyna geñ galamok. Häkimiýet ýalanlar bilen özüni özi awutmaga dowam edýär. Yzyndanam "jeza taýagyny" bulaýlaýar! Hawa, "häkimiýetiñ hakykat bilen ýüzleşmegi lazym" diýip, şu sahypamyzdan müñ kere ýazsagam, munuñ mümkin däldigini soñky ýigrimi ýylyñ tejribesinde göre-göre geldik. Ýagdaý-a şeýle... Men onsoñ ýene "öz-özüme" ýazaýaýyn-la! Hepdäniñ ahyrynda "krizisleriñ sebäpleriniñ" üstünde oýlandym: Özally ýyllardan başlap Erdoganly ýyllarda ýetjek derejesine ýeten ykdysady düşünje bar: yslamy-ýaşyl kapital! Kyrk ýyl bäri bu kapital topary - "Anadoly gaplañlary" ykdysadyýetde ýokarlanşyny konserwatiw häkimiýetleriñ ýola goýan tory - deñsiz-taýsyz rentalar-ýeñillikler-partikulýarizm arkaly dowam etdi. Yslam referansly kimligi bu kapitala “bazarda” hemişe artykmaçlyk berdi, bazar bäsdeşliginde hemişe torpedaly boldy. Ýagny: Syýasy yslam soñky kyrk ýylda ykdysadyýete-de kök saldy. Eýse, netijesi? Munuñ ýurda peýdasy-gymmaty näderejede boldy? Orta öndürijilik ýa-da renta ykdysadyýeti çykdymy? Krizisi şu nukdaýnazardan jedelleşsek bolmaýarmy? • MUSULMAN ELITARLAR Yslamy kapital "Türkiýede täze kapitalizm" diýip, Günbatarda-da öwüldi. Hamana, din bilen kapitalizmi biri-birine baglanyşdyrýan "Türkiýe modeli" - rasional ykdysady dolandyryşy bilen demokratiýany birleşdirip, Ýakyn Gündogara nusga bolmalydy... Ikiýana öwsüp duran liboş topbak Günbataryñ terjimeso bilen aýdanda respublikanyñ sekulýar modernleşmegini dowamly garalap geldi: - Döwlet bazaryñ öñüne päsgelçilik döredýär. - Döwlet aradan çekilse yslam kapitaly (protestant) ahlagy bilen Türkiýäni baý ýurda öwrer. Netijede: Neoliberalizm syýasat we medeniýet ýaly kapitaly-da "etniki-dini taraplary bilen bazara salyp ulus döwletiñ aşagyny köwlemek isledi. Häkimiýete gelen Erdoganyñ iş dünýäsinde öwrülişiginde dini güýje girizdi. Turuwbaşdan "ylymly yslamçy" syýasy häkimiýet arkaly global bazara laýyk “musulman elitarlar” synpyny döretmek üçin ýeñini çyzgady. Şeýlelikde Erdogan respublikanyñ elitary saýylýan TÜSİAD bilen gatnaşygyny hemişe dartgynly saklady. Erdogan MÜSİAD-a goldaw berdi… Erdogan ASKON-a goldaw berdi… Erdogan TUSKON-a goldaw berdi… (Erdoganyñ ölçegsiz güýç paýlaşygy FETÖ-nyñam uludan renta agdaryp almagyna sebäp boldy.) Netijede: sözde “mazlum”- “çetleşdirilen” yslam kapitaly “elitarçy” diýip garşy çykan TÜSİAD kimin arkasyny döwlet rentasyna daýady! Häzir mesaña görünýän zat: dawanyñ sebäbi renta paýlaşygynda. Ýurda beren "goşmaça gymmaty" bolsa kän bolmady. • NÄMÜÇIN BÖLDÜLER? Häzir... ýurt ýene agyr maliýe krizisini başdan geçirýär. Erdogan ýene TÜSİAD-dan gaharyny çykarýar! Ol nämüçin "Şunça aýratynlyk-renta berilen yslam kapitaly nirde?" diýip soranok? Hawa, sorag şu - ýene bir krizis bilen ýüzbe-ýüz bolan bolsak, goralyp-aýalan yslam kapitalynyñ ýurduñ ykdysadyýetine peýdasynyñ bolup-bolmandygyny soramaga mejburdyrys. (Galyberse-de ýurduñ umumy maýasyny bölen bu bölünişigiñ nämä geregi bardy?) Milli galkynyşy-agyr senagat hemlesini ýatdan çykaryp, neoliberalizme tarap öwrülen, berilen rentadan özüne baý, garşy çykýanlaryna çalymdaş "yslam buržuaziýasynyñ" dogluşyny amala aşyrdymy diñe? Ýogsa-da: Nirä gitdi hususyýetçilige bölünip berlen şunça pul? Nirä gitdi şunça ÖTV puly? Nirä gitdi daşary ýurtdan alynan bergileriñ puly? Nirä gitdi susaklap paýlanan şonça kreditler? Yslam kapitaly nämüçin sagdyn galkynyp başarmady? Yslam kapitaly nämüçin ykdysadyýetde öndümliligi ýola goýup bilmedi? Yslam kapitaly nämüçin türk ykdysadyýetinden kapital gaçgaklygyny edýär? Ahlagy bilen öñe çykarylan yslam kapitalynyñ ANAP-dan AKP-ä uzaýan kyrk ýyllyk şejeresinde näme gördük: Görlüp-eşdilmedik korrupsiýa tolkunlary we öñi-ardy görünmeýän maliýe krizisleri! Yslam tony agyr basýan “liberal kapitalizmi” täzeden tanamagyñ gerekdigine ynanýaryn. AKP ykdysady krisiz arkaly häkimiýete geldi. We görşüñiz ýaly ol hiç sapak alana meñzemeýär. Ýa-da "bil baglan yslam kapitaly - "gara dagy" diñe "syçan" dogurdy" diýeýin! Onuñ bähbidi üçin ýüzlerçe gezek tender kanuny ýaly kanunlary üýtgedilen yslam kapitaly kyrk ýylda nämüçin üstünlik gazanyp bilmedi? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 30.11.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |