07:33 Gözeller şasy | |
GÖZELLER ŞASY
Goşgular
![]() Ýanar otda ýanar men, Bir gün seni görmesem. Aýyrmasyn ykbalym Saňa boýun burmadan. Hiç kese boýun synman Az görmedim jepany. Indem boýun buramsoň, Rowa görmez sapany. Şa öňünde epilmek Raýatyna aýyp däl. Sen gözeli özümiň Ýalňyz şahym saýyp men. Janym alsaň berermen, Sen deý mahy-tabana. Jan algyçdyr gözleriň, Geldim aý, gyz amana. Seniň ýaly barmy, heý, Şeýle ajap ýasalan. Ykbalym ykbalyňa Müdimilik ýazylan. Göz öňümde jemalyň Çykaňok hiç huşumdan. Sensiň diýip çaklaýan, Geçse biri duşumdan. Tapylmaz seniň taýyň, Meni bagtly eden gyz. Göterdiň ykbalymy Täji-tagtly eden gyz. 18-19.04.2000. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |