00:47 Gözýaş / hekaýa | |
GÖZÝAŞ
Hekaýalar
Hojaýyn täze gelen hyzmatkär aýala: – Diliň anadolylaryňka-ha meňzänok welin, Rum ilinden-ä dälsiň? – diýdi. – Erfiçäniň obalarynyň birinden. Maňlaýyma ýazylanydyr-da, bärlerik düşdüm. Oňa birmahallar gök gözli, saryýagyzdan görmegeý zenan bolupdy diýseň, kim ynanar?! Oýunjak dükanlarynda satylýan gurjaklaryňky ýaly ne gyla, ne-de ota meňzeýän, guraksy, solakdan tutuk saçy degseň şagyrdaberjek ýalydy. Gözleri çap-çaldy, şekere dönen şerbetiň reňki deý öçügsidi, nursuzdy, guraksydy…Düýbe çöken gam löderesi ýalydy. Edil şunuňky ýaly owasy guran, gabykpisint göze ol ozal gabat gelip görmändi. Bu aýal agşam içgisiniň bar keýpini gaçyrmasa ýagşydyr! “Başga birini tapsam, ugradyp goýbärin-dä!” diýip, hojaýyn öz ýanyndan içini gepletdi. Ýöne onuň aýdyp beren hekaýatyny diňlänsoň welin, ol bu niýetinden dändi. Balkan urşy başlananda, serhediň edil golaýjagynda ýerleşýän oba agşamara: “Duşman gelýär!” diýen dowul ýaýrady. Bu gezekki duşman beýleki duşmanlara meňzänokmyş, bular din-imanyňy depeläp, namysyňa göz dikýämiş. Erkekleri naýzadan geçirip, aýallary harlajakmyş. Bu habary eşiden küren oba ähli mal-mülküni taşlap, ur-tut gaçmak bilen boldy. At, öküz, araba diýen ýaly, ýola ýaraýjak zatlaryň bary şobada häzirlendi. Dul gelin Aýşa-da taýýarlyk gördi; özüne müner ýaly ýaby tapyndy. Onuň üstünde – bilinden ykjam ýapyşyp oturan bäş ýaşly ogly, öňünde – guşak bilen dyzyndan eýere ykjam baglanan üç ýaşly gyzy, gujagynda – meýmiräp ýatan, heniz birem ýaşamadyk balasy… Asmandan yzyny üzmän ýagyş guýýardy; gyşyň başyndaky ýagyş… Ýagyş beýdip dursa, obany suw aljagy ikuçsyz; çaýlar joşar, derýalar daşar, köprüler çöker, ýol-yz baglanar. Çygly howada, gijäň içinde öl-myžžyk bolan halaýyk: kimsi pyýada, kimsi atly aýagaldygyna gaçyp barýar. Öňdäki umyt – öz goşunymyza ýetişmek, yzdaky wehim – duşman sülsadynyň aýak astynda galmak. Öňe seredýärler: palçyk, ygal, garaňkylyk… Ýyldyramam çakmaýan, yşam syzmaýan gap-garaňky tümlük. Yza seredýärler: ýene şolar ýaly batgalyk, oýtum-oýtum suw, garaňky gije… Töwerege diň salýarlar: uzakdan çişip ugran çaýlaryň gamgyn nalasy eşidilýär, ýakyndan bolsa batyp-çomup gelýän mähelläniň aýaklarynyň palçyldysy… Aýşa bilinden ykjam ýapyşyp gelýän eliň aram-aram gowşaýandygyny duýýar. – Uklama, Aly, uklama! Öňündäki baş ýuwaş-ýuwaşdan aşak eglip, dyzyna degäýjek bolýar: – Uklama, Eminäm, uklama! Soňra gujagynda gymyldy başlap, çalarak agy sesi gelýär: – Ukla, jigerbendim, ukla, Osmanym! Ýaby zol-zol büdreýär, butnap bilmän birsalym durýar, sojaýar, özüni dürseýär; ýene batga çomýar, ýene dyzaýar, ýene öňe omzaýar. Ol – garry, guragyryly, arryk janawar. Ýer bolsa barha läbige dönüp barýar. Ýagyş diňäýmese, olaryň bir ýerde batyp-çomup galaýmaklary ýa bolmasa daşan derýa suwunyň badyna akyp, gark bolaýmaklary gaty ahmal. Aýşa ýabyda-da, özünde-de ysgyn-mydar galmandygyny duýup, şu wagt balajyklaryny gujaklap öläýse kem görenok. Iň aýylganç gorky bolsa – ýabydan jyda düşüp, üç sany janlyja garagöz çagasy bilen paý-pyýada galmak… Ahyry göwnüne getireni hem bolýar. Ilki lampa çöküp, soň ýanyny ýere beren, soňra bolsa ýerinden galmaga mejaly galmadyk ýabydan örän çalasynlyk bilen düşýärler. Sebäbi aýak çekmän, ala-basgy bolup öňe süýşüp barýan kowçumdan yza galmak Aýşa üçin betbagtçylyklaryň iň eýmenjidi. Biraz yza galandyklaryny aňyp, ep-esli ýere çenli haýdaýar. Beýdip üç çagany birden götermek, üç çagany birden süýremek özüne juda kyn düşjekdigini bilip, bir ylgaýar, bir-de pikirlenýär: ikisini halas etmek üçin iň bolmanda birinden geçäýse nähili borlarka, az-kem ýüki ýeňlemezmikä?!. Ýöne haýsysyndan? Aýşa edil ýanjygynda dyzyna deňiç palçyga batyp, zor bilen ýörejek bolýan Alynyň eýjejik elini goýberesi gelenok. Boýnundan gujaklap oturan ysgynsyz eli-de aýyrmaga bogny ysmaýar. Gujagyndaky öl-myžžyk, ysgyn-mejalsyz, ses-üýnsüz gundagyň şonsuzam jany ýok ýaly-la! Belkem, onuň öz-özi sowukdan, ýagşa buýup ýa-da demigip jan berendir?! Enäniň bar umydy şody: onuň ölendigini görüp, gundajygy bilen azapsyzja, palçyksyzrak, batgasy azrak bir ýere taşlap ötägitmek… Ol şol kyýamatyň içinde elinden tutup gelýäni bilen egnindäkijesini süýrenip diýen ýaly zordan äkidip barşyna, gundaga tarap eglip, birsalym diňşirgendi. Sesi kesilen, hereketi galan bolýady-da diýen umyt bilen diň saldy, onuň ýygjam gelip-gidip duran ýyly demini duýubam, “Wah!..” diýip hyrçyny dişledi. Bu wagt süýşüp barýan kowçumyňam siliň öňüne düşüp, agdar-düňder bolup barýan syr-süplükden tapawudy ýok. Gözedürtme garaňkyň içinde ýykylyp, palçyga gömlenleriň, üstünden basgylanyp ötülenleriň sanam ep-esli bar. aýşa henizem ýükünden dynmaga kaýyl däl.depesinden dabanyna çenli ýagyşdan däl-de, sowuk derden ýaňa öl-myžžyk. Haşlap, zordan dem alýar. Aýagyny palçykdan sogrup alara-da ysgyn-mydary galmady diýen ýaly, gatan gollarydyr boýny gurşup, halys diýen etmän, jümşüldäp, hiç zat duýman ugrady… Gözüni ýumýar, şonda çep eliniň gowşap, öz-özünden “ýüküni” taşlandygyny duýup galýar. Indi döşüniň üstünde başga bir dert peýda boldy. öňküdenem agyr, ýöne öňküdenem ýyly, öňküdenem ýiti dem alýan hem-de barha gysmyljyraýan dert: Aly ýüzin salyp barýan atyň üzeňňisine ilişip, sürenýän jeset ýalydy, ýöränokdy, keseligine eli bilen ejesinden ýapyşyp, ondan aslyşyp barýardy. Ana, şol, häzir Aýşanyň gujagynda. Biri-birine uzak aýralykdan soň gowşan ýaly has-da gysmyljyraýarlar, belkem, begenýärler. Gaçha-gaçlyk henizem dowam edýär, ýagyş bilen palçygyňam şol öňküligi… Şeýle ýagdaýda, näçeligi belli däl, bir sagatmy ýa bir minutmy, durman ylgaýarlar. Aýşa halys ýetdirýär, ýaňyja taşlap gaýdan ýabysy ýaly ýüzinligine süýnüp galaryn gorkusy bilen, haýkyrasy, birini kömege çagyrasy gelýär. ýene ylgaýar, birdenem süňňi ýeňläp, endamyna jan giren bolýar. Öňküdenem beter öňe omzap ugraýar. Bir seretse, boýnundan ýapyşyp oturan horja, kiçijik eller ýok. Emine-de ýolda gaçyp galypdyr. – Arkama hopba bol, Aly, ýapyş, ykjamja ýapyş, özem eliňi gowşadaýma! Şeýdip, güýjünde baryny edip, ýykylyp-sürşüp, ýene turup, ýene togalanyp, ýüzüni ýagşa, dere, gözýaşa basdyryp, yzyny üzmän, dem-dynç alamn öňe barýar. Alysyny halas edenine begenýär. Beýleki ýitgilere döz gelip haýdap barýar, kowçumyň yzyndan ýetýär, ondan ozup geçýär, kowçumy yzda galdyryp, säher wagty öl-myžžyk bolan, Aý-ýyldyzly al baýdak parlaýan kiçeňräk oba baryp ýetýär. Ýüküni ok-däri sandygynyň üstüne düşürýär: – Halas bolduk, Aly, indi turaý, oglum, Aly! – diýýär. Aly turanok, gymyldanogam. Aýşa näçe sagatlap jeset göterip gelýäninden habarsyz, munuň şeýledigine düşünmän, düşünesem gelmän, henizem: – Turaý, Aly, halas bolduk, Aly, oglum! – diýýär. Özem gijeki ýagan ýagyş kimin dynuwsyz akýan gözýaşa boglup ýylgyryp dur, ýylgyryp dur… …Hyzmatkär aýal barmagy bilen nury öçen, mör-möjegiň gurap galan gabygyna çalym edýän gözlerini görkezip: – Hojaýyn, ana, şol günden bäri men hiç aglap bilemok, aglasym gelse-de, näme üçindir, gözümden bir katra nemem syzanok! – diýdi. Halit Refik KARAÝ, türk ýazyjysy. Terjime eden: A.Kulyýew. Surat: Pablo Pikasso / "Aglaýan aýal", 1937 ý. | |
|
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |