09:16 "Gözýetimiñizi giñeldiñ. Syýasatda tötänlik ýok" | |
"GÖZÝETIMIÑIZI GIÑELDIÑ: SYÝASATDA TÖTÄNLIK ÝOK"
Publisistika
1993-nji ýylyñ 13-nji sentýabry bilen 2020-nji ýylyñ 15-nji sentýabrynda "Ak Tamyñ" howlusynda bolup geçenleriñ arasynda meñzeşlik bar. Izak Rabin, Bill Klinton we Ýaser Arafat 1993-nji ýylyñ 13-nji sentýabrynda Oslo ýaraşyk şertnamasy gepleşiklerinde / Fotosurat: Wikipedia Bärde haýsydyr bir tötänleýin ilteşik barmy-ýokmy, bilemok. Emma 1981-nji ýylda Taifde eşiden zatlarymy hemişe gaýtalap gelýärin. Şonda merhum lider Ýaser Arafat beren bir soragyma şeýle jogap beripdi: - Gözýetimiñizi giñeldiñ. Syýasatda tötänlik ýok. Emma azyndan taryhy meñzeşlikler nukdaýnazarynda käbir taryhy şekillenmeleriñ yzda galdyranlaryndan gaçyp gutulyp bolmaýar. 1993-nji ýylyñ 13-nji sentýabrynda Ýaser Arafat Bill Klintonyñ öñünde Ysraýylyñ premýer-ministri Izak Rabin we Daşary işler ministri Şimon Peres bilen Ak Tamda Oslo ýaraşyk şertnamasyna gol çekdi. Ylalaşyga gol çekilen wagty palestin delegasiýasynyñ arasynda ýoldaş Mahmud Abbas hem bardy. Şol gün Arap dünýäsi palestin rewolýusiýasynyñ atasyna we esaslandyryjysyna esaslandy. Haýynlyk aýyplamalary seteran duran ýagdaýda garaşyp durdy. Dumly-duşdan ýagan haýynlyk aýyplamalary Ýaser Arafata we Kuweýtde birküç ýoldaşy bilen guran "Fetih" hereketiniñ 80 müñ şehidine ýöñkeldi. Has soñra olara Ebu Mazen (Mahmud Abbas) hem goşuldy. Osla şertnamasy palestinalylara belli bir mukdarda ýer we status berdi, emma galan hemme zadyñ öñüne bent basdy: Döwlet, ýer-ýurduña dolanyp gelmek, Ierusalim, araçäkler we beýlekiler. Ebu Ammar ilki Osloda we has soñra Tabada gizlin gepleşiklerde anyklan zadyny öñe sürdi. Eden zady eger dawanyñ peýdasyna bolan bolsa, özüne çyny bilen sorag beeenlere açyklyk, sypaýylyk we dogruçyllyk bilen şuny aýdardy: - Üstünde durar ýaly topragymyzyñ bolmagyny isleýäris. Oslo hakda gowuryñ turan wagtynda palestinaly dostum bu barada näme pikir edýändigimi soradу. Menem oña jogap bermek üçin juda irdigini we heniz hiç zadyñ anyk däldigini aýtdym. Emma düýni, şu güni we ertiri öz içine aljak şekilde şuny aýdyp bilerin: Palestinany Ebu Ammar ýaly söýüp we palestinalylaryñ bähbitleriniñ onuñ bilşi ýaly bilip bilmerin. 1993-nji ýylyñ 13-nji sentýabry bilen 2020-nji ýylyñ 15-nji sentýabrynda "Ak Tamyñ" howlusynda bolup geçenleriñ arasynda meñzeşlik bar. 1993-nji ýylyñ 13-nji sentýabrynda ABŞ-nyñ prezidentiniñ öñünde Palestina-Ysraýyl ylalaşygy, 2000-nji ýylyñ 15-nji sentýabrynda bolsa ýene prezidentiñ öñünde Arap-Ysraýyl gepleşikleri we gol çekişmeleri. Emma aradaky tapawut - Palestinany Azat ediş guramasynyñ (PAEG) bu güne "Palestin dawasynyñ taryhynda gara gün" hökmünde baha berýänligidir. Ýogsa-da şu soragy sorap bolar: Bu gynançly dawa 1948-nji ýyldan şu güne çenli haçan ak gününi başdan geçiripdir? Belki-de, palestinalylaryñ kösençleriniñ iñ uly şaýady köp sanly palestinalylaryñ Pars aýlagy ýurtlarynda ýaşaýanlarydyr. Taryhda seýrek duş gelýän bitewileşme we raýdaşlyk bilen ýurduñ gurulmagyna goşant goşdular hem-de birtopar kynçylygyñ hötdesinden gelmekde kömekçu boldular. Birleşen Arap Emirlikleriniñ, Bahreýniñ garşysyna käbir syýasatçylaryñ we metbugat işgärleriniñ aýdýan sözleri dogry däldir. Olar muña rowa görüler ýaly zat edenoklar. Ýazylyp-pozulýanlar we aýdylýanlar dawany hasaba goşanok. Tersine, Pars aýlagynyñ arap ýurtlarynyñ Ysraýyl bilen ylalaşyga gelmegiñ ýoluny açan ilkinji döwleti hasaba goşýarlar. Şol bir wagtyñ özünde Şimon Peresiñ kadalaşma babatdaky seminaryny-da ilkinji bolup geçiren döwletdir. Şeýle-de, özüniñ şwesiýaly tarap däl-de, çaknyşyklaryñ taraplaryñ biridigini görmezlige salyp, arap delegasiýasy bilen Ysraýylyñ arasynda araçylyk eden ilkinji tarapdyr. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 20.09.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |