15:04 "Gudrat" aýnalary / satiriki hekaýa | |
"GUDRAT" AÝNALARY
Satiriki hekaýalar
Daşary ýurt zapas şaýlaryny satyp ýören Dawun Soýuwaryñ öýünde uly dabara gidip durdy. Bu dabara çagyrylýanlaryñ içinde "Labada bankyñ" başlygy özüniñ ýaşajyk aýaly, aýalynyñ etli-ganly uýasy bilen syýast işgär Hamza Ýatmaz hem önelgesiz ýassykdaşy bilen uly mülküñ eýesi Medeni beý, onuñ badam gabak sekretary Ipek hanym, öz adanalymyz söwdägär Hajy Osman, onuñ oýnaşy Fystyka hanym dagy bardy. Radiodan diktoryñ sesi eşidilýärdi. "Gadyrly diñleýjiler! Şunuñ bilen türk halk aýdym-sazlarynyñ agşamky konsertini geçirip gutarýarys. Indi bolsa "Täze açyşlar" diýen gepleşigimize başlaýarys. Leksiýa bilen belli spesialist Mekki Makinejji çykyş eder". "Labada bankyñ" başlygyñ ýaşajyk aýaly: - Wah, şu haramyñ sesinu ýigrenäýşimi! - diýdi. Adanaly Hajy Osman Baýur ýalbaryp başlady: - Haýyş edýärin, diñläýeliñ-le. Geçen hepde ol kagyzdan pagta ýasalyşyny gürrüñ berdi. Inžener Mekki Makinejji radiodan öz gürrüñine başlady: "Gadyrly diñleýjiler! Häzir biz hepdelik "Täze açyşlar" diýen gepleşigimize Amerikanyñ Atom-Ýork şäherinden başlamankak, şol şäherde "atom adamzadyñ hyzmatynda" diýen prinsipe gulluk edýän täze atom stansiýasynyñ açyljakdygyny ýatladýaryn. Ady agzalyp geçilen atom stansiýasyndan dünýäniñ ähli künjegine atom şöhlesi ýaýrajak. Atom şöhlesi ýeriñ her künjegindäki ýüz görülýän aýnalara täsir etjek. Ol aýnalar ýasalandan, ýagny çykarylandan bäri özleriniñ öñünde näme bolup geçen bolsa, şolary ýekän-ýekän görkezjek. Ine, mysal üçin, siziñ öýüñizde ýigrimi ýyl bäri ulanylyp gelýän aýan bar. Atom şöhlesi ýaýrandan ýüz görülýän aýan kim näme iş eden bolsa, şolary täzeden birin-birin göz öñünden geçirer, edil bolşy-bolşy ýaly. Şu çaka çenli edile tejribeleriñ hemmesi örän şowly geçdi. Gysgaça bu görlüp-eşdilmedik açyş netijesinde aýnalaryñyz siziñ ýaşlygyñyzy, çagalyk döwrüñizi, aşyk-magşuk bolşan gözel çagyñyzy täzeden janlandyrar. Ertir sagat dokuzdan aýnalaryñyzyñ öñünd duruberiñ!" "Labada bankyñ" başlygynyñ ýaşajyk aýaly çapak çaldy: - Toba, bu nä hezillik! Çagalykdan bäri ulanyp gelýän aýnam bar. Bütin ömrümi täzeden ýene görüp biljek-dä! Şu-ha bolaýdy! Myhmanlar stoluñ başyndan örüşip bu gudratly atomyñ gürrüñini etmäge başladylar. Biziñ iñ "berkimiz", syýasy işgär Hamza Ýatmaz mülkdar Medeni beýiñ gulagyna pyşyrdady: - Mon şer, bu ýöne-möne açyş däl, hakyky gudrat. Şol gudrat arkaly unudylan faktlaryñ köpüsi aýan boljak. Birwagt howpsuzlyk uprawleniýesinde meni suwa salma ýenjipdiler. O taýdan sypan badyma sudmedekspertizadan şol ýenjilenligim barada sprawka aldym. Şol sprawkanam suda görkezdim. Sudam kimiñ kimi ýenjendigini anyklap bilmän, sen öz-özüñe kast edipsiñ, öz-özüñi horlapsyñ diýip höküm çykardy. - Hamza beý, ýeri bu wakañ ýüz görülýän aýna näme dahyly bar? - diýip, Medeni beý sorady. - Onda-da gös-göni dahyly bar! Meni ýençýärkäler diwarda bir aýna asylgy durdy. Ynha, şol aýna hemme zady eliñ aýasyndaky ýaly eder. Ýalan sözlejek gümanyñ bolmaz. Medeni beý: - O-how, onda menem azyndan kyrk-elli müñu jübime gütülederin-ow! - diýip, onuñ bilen razylaşdy. - Nädip?! - Ynha, şeýdip! Bu gudraty bufetde duran hrustal aýna görkezer. Meniñ uzak wagtlap Kallýawy-zadañ gyzy Altyngül bilen gezenimi, keýpi-sapa sürenimi, belki, eşidensiñiz-ä. - Hawa, hawa, ony bilmeýän adam barmy näme! - Kakasy ony maña bermedi. Gyzyñam şeýdip maña duýgusy öçdi. Indi görersiñ, Kallýawy-zadañ gyzyna öýlenip, hökman millioner bolaryn. - Aýtsana-how, nädip?! - Altyngül ikijigimiz uzakly gün bufetdäki aýnañ öñünde posa alyşýardyk, keýpi-sapa çekýärdik. Ine, ertir irden, saglyk bolsa, şol aýnañ öñünde näme iş eden bolsak, barysy täzeden gaýtalanar. Aýnany Kallýawy-zada eltip berjek, özüm elim bilenjik. Düşünýäñmi?.. Ýa-ha gyzyny berer, ýa-da aýnany satyn alar. Özge çykalgasy ýok, düşündiñmi? - Ýöne bardy-geldi "Ýok" diýäýse, nähili bolar? - Ol-a hasam gowy! Beýtse, edil teatrdaky ýaly, aýnany uly ile görkezip, şeýle bir pul gazanaryn welin, sen ýöne goýaý. Ýaşasyn beýik atom aýnasy! Zapas şaý satýan Dawun Soýuwaryñ aýaly Hajy Osman Baýuryñ oýnaşy Fystyka hanym bilen gürrüñ edip otyr. - Wah, şol oglany hiç unudyp bilemok! Mydama gözümiñ önünde-dä! - Aýu, ol Gaplaña aýdýamyñ? - Hawa, Wah, Gaplañ jan!.. O bolsa, ömri uzak bolmuş, meni gaty bahym unutdy. Gör ahyry, şo süýji pursatlara ýene duçar boljak-da men. Ýeri, gör-ä sen bu bolýan zatlary! - Beýle bolsa menem hojaýynymdan arymy alaryn. Aýnany mañlaýynda dikip, öñ nähili eýjejik zat bolandygymy oña görkezerin. Ilki tanşanymyzda şeýledim, gör, hezil et diýerin. Indem men oña ýaramaýarmyşym. Erkek eşek diýenleri-dä! Unudaýýarlar, ne gözel gyzdym... Içerdäki myhmanlar ala-goh turzup, bu gudratly aýnañ gürrüñini edýärdiler. Fystyka hanym bolsa: - Wah, bahymrak dañ atsady - diýip alñasaýardy. "Labada bankyñ" başlygynyñ aýalynyñ semiz uýasy hem ony goldaýardy: - Näsini aýdýarsyñ! Menem zordan çydap otyryn! Wah, ýaşlyk, ýaşlyk! Ýatlamalardan aýlanaýyn! Olaryñ käbiri-hä gudratly aýnada ölen ejesini, käbiri bolsa çagalygyny görjegine begenýärdi. Şol iki arada-da gapydaky jañ jyñnyrdady. Täze gelen myhmana belli ginekolog-hirurg Şahab Jenabeddin doktor diýýärdiler. Onuñ ýüzu ak-tamdy. Öý eýesi ör-gökden gelip: - Doktor, doktor, näme boldy? Ýa ýoñlap-beýleki etdiñmi? - diýip sorady. Ol uludan demini alyp, sakawlady: - Siz, näme, eşitmediñizmi? Bihabarmy? - Ýeri, näme boldy, doktor? Ýa bir erbet habar barmy? - Edil ýañy radio aýtdy: atom şöhlesi arkaly ýüz görülýän aýnalarda ähli bolan zatlar gaýtalanjakmyş! Sizem bärde dünýeden bihabar, arkaýyn otyrsyñyz. Içerde oturanlar muña haýran galyp gülüşdiler: - Oña ýetesi näme bar, doktor! Şahab Jenabeddin doktor gahar bilen: - Siziñ baryñyz akylyñyzdan azaşypsyñyz! - diýdi. Soñ ol erkek kişileri bir gyra çekip: - Bu açyş meniñ tepbedimiñ okaljagyny añladýar. Operasiýa geçirýän zalymda, edil operasion stoluñ gabadynda ullakan ýüz görülýän aýna bar. - Hä, näme, bolanda näme? - Düşünýäñizmi? Işim gaýtdy. Eden abortlarym, öli çagalar, ömür zürýada gözi düşmejek ulugyzlar, ahy-pyganlar ertir hatar-hatar bolup paraddan geçer, şoña düşünýäñizmi? Erkek kişiler añk-tañk bolşup, biri-biriniñ ýüzüne seredişdiler: - Häýt, peläket!.. - Kellä-de gelmeýşini diýsene! Wah, masgara bolduk. - Eden jenaýatymam... Ýok, ýok, ony diýjek bolamok... Aýallar erkekleriñ pyşyrdysyny eşitdiler. Zapas şaýlaryny satýan Dawun Soýuwaryñ aýaly uludan demini alyp: - Wa-a-ý, işim gaýtdy, öýüm ýykyldy! Tegelek ýigrimi ýyl bäri ärim bilen äbede-jüýje ýaşap gelýärdim. Indem ol bary zady biler!.. Onuñ birinji şofýory, soñ ikinjisi, soñ ýene biri... Bularyñ barysy indi hakyt aýnada görner! - diýip, otly köýnek geýdi. Fystyka hanymyñ hem gonjuna gor guýuldy: - Gel-gel ýüz görülýän aýna dil bitjegini, şonuñ ýüzüñe durjagyny adam pahyr nirden bilsin! - diýip, budundan çümmükledi. - Men bolsam her gün irden onuñ jübüsinden... wah, onuñ gapjygyndan... Wah, ähli işleri ol uklap ýatyrkajyk edýärdim-le! Ol haram hiç zadam añanokdy! Indi hem barysyny aýnada görer. Ýeri, öljekmi-ýitjekmi ahyry! Hajy Osman Baýuram bir zatlar samraýardy: - Wah, hyzmatkär aýal bilen ol işi etmeli däl ekenim. Şeýtan ara gatyşd-ow! "Ah", "Wah" sesleri soña baka güýjäp ugrady. Birhaýukdan soñ bolsa içeri suw sepilen dek boldy. Bu ümsümligi meşhur ginekolog-hirurg Şahab Jenabeddin doktor bozdy: - Gadyrly zenanlar, hormatly jenaplar! Siz häzirem şol açyşyñ güýjüne ikirjiñlenýäñizmi? Bu atom aýnalar ählimiziñ ýogumyza ýanar! Doktor şeýle pert-pert gürleýärdi: - Bu aýnalar jemgyýetiñ sosial düzgün-tertibini çalam-çaş eder. Hut şuña pugta ynanaýyñ! Onsoñ beýlekilerem muny alyp göterdiler: - Hawa... onyñ dogry, ýöne, heý, biziñ edip biljek zadymyz barmy? - Näme iş etmeli? - Heý, bu beladan gutulmañ ýoluny tapyp bolmazmyka? Şahab Jenabeddin doktor uludan demini alyp, dözümli gürledi: - Ýeke-täk ýol, o-da ähli aýnalary çym-pytrak edip döwüşdirip taşlamaly, başga alaç ýok. Medeni beýem üstüne goşdy: - Bulam az... olary kül etmeli! Badam gabak, gara gözleri oýnaklap duran sekretar zenan Inek hanym näzijek, arassa mahmal sesi bilen: - Geliñ, iñ gowusy, aýagymyz bilen owradyp, olary guma garalyñ - diýdi. Myhmanlar öýli-öýüne dagadylar. Şol agşam tä dañ atýança, tutuş şäherde uly güpürdi eşidildi. Hemme ýerde aýna döwülýärdi. Ertesi hapaçylar zibilleri ýygnamaga çykanlarynda, töwerek-daşlaryny görüp, haýran galdylar. Nirä seretseler, aýna döwük bolup dur, aýak basara ýer ýok. Göni ir sagat dokuzda radioda diktoryñ saz bilen goşulyşyp çykýan sesi ýañlandy: "Eziz watandaşlar! Dünýäde iñ gowy aýnalar ~ "Gudrat" markaly aýnalardyr. Olar siziñ ýüzüñizi, diñe oña seredeniñizde görkezýär, soñam hemme zat gözden ýitýär. Markasyna üns beriñ!.. "Gudrat" aýnalary... "Gudrat" aýnalary..." "Gudrat" aýnalaryny öndürýän fabrigiñ eýesi hut bir günüñ içinde millioner boldy oturyberdi. Eziz NESIN. Terjime eden: Kemal YKLYMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |