12:44 Guduz açanlar | |
GUDUZ AÇANLAR
Publisistika
Sosial mediýadaky syýasy köçe reportažlary ýañkalaşmalara, sene-menelere sebäp bolýar. Bu çekişmeleriñ özeninde el telefony bar: Häkimiýetiñ tarapyny çalýanlaryñ argumenti hökmany suratda gelip-gelip ahyrsoñunda şu söze direýär: "- Çykar, el telefonyñy görkez!" Diýmek isleýän zatlary: "jübiñde gymmatbahaly telefon barka, nädip ýoksullykdan, ýetde-gütdelikden söz açyp bilýärsiñiz". Ýagny, häkimiýetiñ bolşuna tankydy bellik edýänlere "Siz ýalançy" diýmek isleýärler. Hawa, syýasy çekişmelerde el telefony simwol boldy. "Çykar, görkez" diýip, häkimiýetiñ tarapyny çalýanlar köplenç gartaşan adamlar. Özem bularyñ bellän ýene bir sözi bar: "Siz bilýän dälsiñiz, biziñ döwrümizde uzyn-uzyn nobatlar bardy!" Bu aýdylýän sözler, çekişmeler täze däl: Dünýäni, ýurdy özgertmek islän ýaş 68-iñ nesline garrylar "ýokary okuw jaýlarynda okap ýörsüñiz, size başga näme gerek" diýýärdiler! Çünki 68-iñ nesliniñ köpçülikleýin çykyş edýän ýerleri köplenç ýokary okuw jaýlarydy. Diñe Türkiýede däl, Ikinji jahan urşundan soñ Ýewropada kapitalizm çaltlyk bilen üýtgeme döwrüne girdi. Ykdysady üýtgeşme, täze sosial-medeni durmuşy emele getirdi. Ilatyñ barha artmagy, şäherleşme prosesi, bosgunlar we başgalar täze pikirleriñ döremegine sebäp boldy. Altmyşynjy ýyllara gelinende dünýä boýunça alanda özünden öñki nesillerden tapawutly taraplary bolan täze ýaşlar potansialy orta çykdy. Ýaşlar syýasylaşdy. Özem bu nesliñ maşgalalary düýnki güne garanda gurplylaşan orta synpdy. Otnositel baý maşgalalaryñ çagalary öwrülişik geçirip, dowam edip duran düzgüni ýykmak isledi. “Çykar, el telefonyñy görkez" diýen gödek mantyga görä hereket etsek, 68-iñ nesliniñ eden oppozision hereketlerinde çaprazlyk bar! Aslynda hiç hili çaprazlyk ýok. Şeýle: • SYÝASY KIMLIK Mysal üçin ýokary okuw jaýly gürrüñe ser salalyñ: Ýaşlar ýigrimi ýedi ýyllyk JHP häkimiýetini agdaran Demokratik partiýa (DP) nämüçin garşy çykdy? Bu sowal şu günüñ ýaşlaryna düşünmek nukdaýnazaryndan möhüm. Respublikanyñ gurlan wagtynda Stambuldaky Darülfünun ýeke-täk uniwersitetdi, ýokary bilim berýän we fakultetleriniñ sany dokuza ýetýärdi. JHP ýokary okuwdan has beter başlangyç bilime üns berdi, sebäbi ýurdy okap-ýazyp bilýän ýokdy we ş.m. DP döwründe dört uniwersitet açyldy: Garadeñiz Tehniki uniwersiteti, Egeý uniwersiteti, Atatürk uniwersiteti, ODTU... DP barha artmaga başlan ýokary okuwa bolan islegleri kanagatlandyrmak üçin birnäçe şäherde ýokary okuw jaýlaryny we akademiýalary açdy: Ýokary deñiz-söwda mekdebi, Ýokary mugallymçylyk mekdebi, Ykdysady ylymlar boýunça ýokary mekdepleri, Döwlet inženerçilik we arhitektorlyk akademiýalary we ş.m. Özem: DP döwründe Yslam instituty guruldy, Ymam Hatyp mekdepleriniñ sany artdyryldy. Saýlawlarda üstün çykmaga gönükdirilen dinçileşme häkimiýetiñ medeni syýasatyna öwrüldi. Bu sistematika boýun egmedik ýaşlar çaltlyk bilen syýasylaşyp, nämüçin häkimiýete garşy boldy? DP häkimiýetine garşy (28-29-njy aprel wakalary ýaly) herekete geçen ýaşlaryñ baş talaby syýasy erkinlikdi. Talapkär ýaşlar her dürli basyşa garşy çykýardy. Edil şu gün ýaly şol wagtyñ ýaşlarynyñam aslyşýan syýasy ugry öñdebaryjy atatürkçülikdi. Şu günki gün düýne nähili köp meñzeýär gerek? • MTTB KELLESI "Çykar, el telefonyñy görkez" diýýänler el telefonynyñ ýaşlar üçin belli bir derejede sosial we syýasy taýdan erkinleşme nyşanydygyny bilenoklarmyka? Bilýändirler öýdemok. Höküm edijilikli "Çykar, görkez" sözüni eşiden ýaşlaryñ nämüçin we nämä gaharlanýandygyna-da düşünýäne meñzänoklar. El telefony kimler üçin hernäçe "baýamagyñ" serişdesi hökmünde görülse-de, özeninde durmuşyñ jümmüşine ýerleşen, arkaýyn dem alynýan erkinlige bolan islegdir... Köçedäki "ýaşulylar" ýaly (her dürli basyşa garşy çykan ýaş nesile) düşünmeýän häkimiýet otyr hökümet başynda... Erkinlik talap eden Gezi tolgunşygyna "üstki akyl komplimasiýasy" diýip baha beren häkimiýet tarapdarlarynyñ "çykar telefonyñy, görkez" sözüni ýanjap durmagyy geñirgäp ýörmegiñ geregem ýok aslynda, olar giñişleýin gurşap alyp biljek syýasy düşünjeden mahrum adamlar. Milli türk talyplary bileleşiginiñ (MTTB) ýaly sagçy toparlarda ýetişen şu günüñ häkimiýetini emele getiren konserwatiw syýasatçylaryñ ýaşlary añlamasy kyn... Ýaşlara "çykar, el telefonyñy görkez" diýen düşünje bilen protestçi 68-iñ nesliniñ ýaşlaryna "guduz açanlar" diýenleriñ arasynda hiç hili tapawut ýok. Tutujy syýasatçylaryñ rewolýusioner ýaşlara "guduz açanlar" diýmeginden soñ 1968-nji ýylyñ 22-nji martynda Daniel Kohn-Benditiñ ýolbaşçylygynda ýaşlar Parižde "Guduz açanlar" atly topar döretdi! (Bu enrages-gaharjañlar birinji gezek 1792-nji ýylyñ Paris tolgunşygynda orta çykypdy.) Bu gidişine gitse, ýaşlar Türkiýede "El telefony raýat raýdaşlygyny" gurarlar! Jemleme ýerine "pent" bereýin: Ýaşlar razy edilmegi däl-de, ynandyrylmagy göwni isteýär! Soner ÝALÇYN. syalcin@sozcu.com.tr "SÖZCÜ" gazeti, 03.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |