05:06 "Gül bolup açylmasaň-da her günde..." | |
"GÜL BOLUP AÇYLMASAÑ-DA HER GÜNDE..."
Goşgular
Gül bolup açylmasaň-da her günde Meniň üçin sen mydama gül ýalak Güle meňzetsemem, sorag göwünde Çigildemmiň, ýa-da ajap gülälek? Gyzyl bägülsiň, belki-de jümjüme Haýsysyn saýlasaň saýlabermeli Her gözleň ýüz akyldara terjime, Älemi zabt edip, aýlabermeli Baha berjek, meňzetjegem tapylar Emma, Haýran men, entek iç görküňe Göreçleňde yşgyň ody ýakylar, Ýylgyrşyňam berilenok her kime Güle meňzetsem, güllerem çekinsin, Gül pisintli, aý ýalkymly keşbiňden Geljegiňe bagtyň ýoly çekilsin, Sarpasy beýik, mugallym kesbiňden Ylham GURBANALYÝEW. 2021. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |