23:50 Gül ýetişdiren adam | |
GÜL ÝETIŞDIREN ADAM
Publisistika
Monako şäherinde baýlaryñ garbanýan mekanynda iýilýän deñiz leññejiniñ halkyñ gözüne güjeñlenmegi düýp mesele däl. Ýa-da Maldiwlerde dynç alýan diýip öwünmegem däl... Ýadyma Rasim Özdenöreniñ ýazan "Gül ýetişdiren adam" romany düşdi! “Gül ýetiştiren adam” obrazy konserwatiw gatlaklar tarapyndan elmydama gyzyklanyp gelindi. Ondaky aýlawly manyda näme aýdyljak bolunýardy? Kemalistik özgerişe we dini uguryñ darlaşdyrylmagyna ýürekden garşy çykmak, sögünmek esasdy. Ýagny: Takdyra ten bermek, sabyr esasdy... Ýollaryny başga formada dowam etdirmek üçin ýaşyrynlyk, syr, takiýe esasdy... "Kalp tekgelerini" gurmak esasdy... Wagyzlarda, söhbetlerde üsti örtülen "ezop dilini" ulanmak esasdy... Hynjyñy içiñde saklamak esasdy... Tarykatlaryñ işi gadagan edilip, tekgeler ýapylanam bolsa, olar raýlaryndan gaýtman "gül ýetişdirjeklerdi": Romanda atanyñ agtygyna namaz okamagy öwredişi ýaly! Nagyşbendilerde mürit "gül ýetişdirme" metaforasyna gabat gelýärdi. Nurjylarda şägirt "gül ýetişdirme" aýlawyna gabat gelýärdi. Galyberse-de: Ymam Hatyp mekdeplerini açmak, "Ylym ýaýma jemgyýeti" ýaly toparlary janlandyrmak, kärhanalar açmak, syýasy partiýalary gurmak... Bularyñ hemmesiniñ maksady "gül ýetişdirmekdi". * * * Demokratik partiýa 1950-nji ýylda häkimiýet başyna geldi. Yzyndan "milli front hökümetleri" guruldy. Mukaddesatçy gatlaklaryñ Atatürke we onuñ rewolýusiýalaryna garşy zoñtar duşmançylygy göze ilip başlady. Ýagny, ýaşyrynlyk aradan aýryldy, gös-göni herekete geçildi. Meselem, tijaniler diñe Atatürküñ heýkellerine, býustlaryna hüjüm etmek bilen çäklenmedi, "azan dälileri" diýip at dakan adamlaryny (şonsuzam A.Baljy, Ý.Özkan ýalylaryñ ruhy taýdan näsagdyklary hakda kepilnamalary bardy) mukaddesleşdirdi. Atatürki abraýdan gaçyrmak üçin aldaw, ýoýuşlyk, paýyş sögüşlik döwri başlandy. (Onuñ ejesi hakda ýazylanlar dagy biziñ illeriñ terbiýesinden mahrum masgaraçylyklardy). Öñki şeýhulyslam Mustafa Sabri, Eşref Edip, Osman Zeki Serdengeçdi, Nejip Fazyl Kysakürek, M.Raif Ogan ýaly agitatorlar hakykaty ýoýýan "mukaddesatçy taryh" ýazylşygyna baş goşdular. Ideologik duşmançylyk taryhy hakydany bulaşdyryp taşlaýan garalamalara öwrüldi... Añyýetleri gödek sözlere goldanýan trawmatiki törpi dil bilen abstraktlaşdy... Atatürke aýdanlaryny agzabam durjak däl, mysal üçin režimiñ düýbüni tutujy wekilleri bolansoñ, "suwuñ añyrsy" diýýän balkan bosgunlaryna dil uzatdylar. Aýdýanlary gury samramadan başga zat däldi... Şular ýaly mukaddesatçy añyýetde ösüp ýetişenler, şeýle ýoldan geçip gelen "güller" wagtyñ geçmegi bilen häkimiýet başyna geldi: AKP... Ýogsa-da: Ähli problemalaryñ sakasy hasaplaýan respublikan sekulýarizmine garşy göreşip, duşman saýýan kemalizmden ozýan haýsy alternatiw maksatnamany durmuşa geçirdiler. Hiç zady! Ine, 31-nji martda geçirilen saýlawlaryñ netijesi "mukaddes utopiýanyñ" nähili soñuna gelinendigini görkezýär. Şuny diýmek isleýärin: * * * AKP 23 ýyl bäri häkimiýet başynda. Hany "gül çagalar" nirede? Siz nämäniñ gürrüñini edýärsiñiz, ortada "gül ýetişdiren adam" idealynyñ özi galmady... Kemalizmden galanam bolsa, mundan soñ mazaly añyny üýtgedenlere çenli gazap bilen jemgyýetden çetleşdirdiler. A ýerine näme goýdular. Hany ideal jemgyýet nirede? Nämüçin bolmady? Näme sebäpli edilmedi? Sebäbi düşnükli: Kemalizm duşmançylygy bilen, ýalana esaslanýan ritorikalar bilen ýaşadylar. Ýurduñ başdan geçirýän häzirki hakyky ýagdaýy bilen çynlaryny edip ýüzleşmediler. Kemçilikleriñ çözgüdi babatda tutanýerli, giñ gurşawly intellektual tejribäni kemala getirmediler. Bolmanam, fantaziýalardan doly nutuklar bilen muny başaryp biljek däldiler. Gymmaty gaçyrylmaga çytraşylan kemalizmden ozup biljek, oña garşydaş ýeke maksatnama orta goýulmady. Şol sebäpli şindizem bar oñarýan zatlary halymsyrap gürlemek, oñaýsyzlama paradigmasy, gorkuzma strategiýasy. Munuñ soñuna gelinendigini 31-nji mart saýlawlary görkezdi... Tuty syryldy welin, añyrsyndan monako baýlarynyñ iýýän meşhur deñiz leññejinden doly legen çykyberdi. Deñiz leññeji ýüzýyllyk halymsyramanyñ nämä öwrülendiginiñ simwoly boldy: Olar "gül" däl, gaty gabykly "deñiz leññejini" ýetişdiripdir! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |