21:05 Güler ýüzli, şorta sözli ýazyjy | |
GÜLER ÝÜZLI, ŞORTA SÖZLI ÝAZYJY
Taryhda şu gün
HORMATLY ÇARY GURBANGYLYJOW! Siz şu gün ýetmiş ýaşy arka atdyňyz. Bu geçilen döwürler gaty manyly boldy. Ýagny Siz 1930-njy ýyllardan başlap, şo döwrüň kynçylyklaryna döz gelip, ençeme hat-sowatsyz çagalary sowatly edip, halkyň uly alkyşyna eýe bolduňyz. Soňam, öz diýşiňiz ýaly, Türkmenistanyň iň görnükli şahyrlary Ata Salyhdyr Ata Köpekmergeniň täsiri bilen döredijilik işine girişdiňiz. Şeýlelik bilenem, Siz şo döwre badak saljak bolýan käbir näkesleri öz şerebeli sözleriňiz bilen rehimsiz ýepbeklediňiz. Hormatly kärdeşimiz Çary Gurbangylyjow! Siziň döredijiligiňiz soňabaka hasam kämilleşdi. Siz öz talapkär okyjylaryňyza "Çölde ýaz pasly", "Goşa gülälek", "Towşanjyk", "Aýtmasyz iş" hem-de "Jeňňeldäki jeň" ýaly şahyrana eserleriňizi hödürläp, edebiýat äleminde özüňize laýyk orny eýelediňiz. Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesi hem-de ähli galamdaş dostlaryňyz bu günki ýubileý dabaraňyzy tüýs ýürekden gutlamak bilen, Size ýene-de berk jan saglygyny hem-de galamyňyzyň hasam ýiti bolmagyny arzuw edýärler. Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesi. Maryda her gezek komandirowkada bolanymda, hormatly halypam Çary Gurbangylyjowyň ýanyna hemişe salama barýaryn. Çünki onuň adamkärçiligi, myhmansöýerligi, şähdaçyklygy, şeýle hem şorta sözi adamyny özüne bendi edýär. Çary aganyň ýaşaýan obasy Mary şäherinden ýigrimi kilometr uzaklykda ýerleşýär. Ine, şu aralygy öňräkki ýyllarda belli türkmen kyssaçysy Nurmyrat Saryhanow onlarça gezek kä arabaly, käte hem pyýada geçipdir. Ol hem Çary aganyň ýanyna ýörite döredijilik ugrundan pikir alyşmaga barar ekeni. "Çary aga, Maksim Gorkiniň, Çehowyň eserlerini köpräk oka" diýip, Nurmyrat Saryhanow maňa şu sözleri birsyhly aýdardy" diýip, Çary aga hemişe ýatlaýar. Şol ýyllardan bäri bu halypanyň öýüne barýan ýoluň gatnawy kesilenok. Ýazyjylardan Hydyr Derýaýew, Ata Atajanow, Ata Köpekmergen, Bazar Öwezow, şeýle hem žurnalistler Çary aganyň ýanyna uly höwes bilen barýarlar. Ýaňy-ýakynda men halypamyň öýüne gezelenje bardym, Pendi keçesiniň üstüne düşekçe ýazynyp, bagana possunyny ýasgynjak atynyp, ol bir zatlara dümtünip oturan ekeni. - Maňa "Magaryf" neşirýatynyň baş redaktory Gurbandurdy Gurbansähedow bir ýumuş tabşyrdy. Halypam Ata Köpegiň eserlerini toplap bermegi boýun aldym. Neşirýat Ata aganyň kitabyny çap etmegi plana girizjek - diýip, Çary aga papkalary, kagyzlary ýygnap, tekjede goýdy. Çaý başynda gyzykly gürrüňler başlandy. Çaý-nahardan soň Çary aga ikimiz Akybaý obasyndaky mekdebe tarap pyýadalap ugradyk. Ýolda Çary agany tanaýanlaryň biri maşynyny saklap, bize ýüzlendi: - Çary aga, münüň maşyna. Gürleşip gideli - diýip, ol bizi "Žigulisine" mündürdi. - Çary aga, ýol kesiň! - Bolmaz. Gylyjym ýok. Bolaýanda-da kesmen. Ýol edarasy ýaňy-ýakynda asfalt etdi. Şondan soň ýene-de gyzykly gürrüňler başlanýar. Akybaý obasynda ýaşap geçen Çorly aganyň degişmelerini Çary aga ussatlyk bilen gürrüň berýär. Ýyndam "Ž!iguli" bizi orta mekdebe alyp bardy. Mugallymlar Çary aganyň daşynda egele boldular. Olardan biri: - Çary aga, Jepbar Mommat demir-betondan jaý salypdyr. Depesinem sement bilen doňdurypdyr. Özünde-de eger-eger ýekeje-de agaç düşnügi ýok - diýip, Çary agany gepletjek boldy. - Ol-a bolmandyr, ony sarygarynja derrewem kertip iýer - diýip, Çary aga jogap berende, mugallymlar hezil edip gülüşdiler. Mara barsaň, Ata Köpekmergen bilen, Çary aga bilen baglanyşykly her dürli ýumorlary eşitmek bolýar. Bir gezek Çary aga awtobusa münýär. Ýekeje boş orun bar ekeni. Şoňa geçýär-de, ol şlýapasyny aşak ýapyryp oturyberýär. Beýleki orunlaryň ählisinde diýen ýaly aýallar, oglan-uşaklar, gojalar oturan ekenler. Ýolda köwüşmesili biri münýär. Gara sakgally, mele çäkmenli, ezýaka köýnekli, ýüzüne çig gaýmak çalnan ýaly bu ýolagçy Çary aganyň üstüne abanyp birsalym durýar. Görse, ornuny berjek ýok. Ol hüňürdemäge durýar. - Şu zamanaň jahyllary-da... Päheý-de welin... Men bil agyryly... Dik durup gitmeli boljag-ow?!. Iňirdä halys çydap bilmän, çary aga başyny galdyrýar-da: - Ýagşy ýigit, kakaň Hojaguly gurgunmy? - diýýär. Garaşylmadyk soraga aňk-taňk bolan ýolagçy: - Gurgun, be sen kakamy nireden tanaýaň?! - diýýär. - Men ony 1928-nji ýylda 1-nji klasda okadypdym. Özüne-de salam aýt. Köne mugallymyň Çary Gurbangylyjowy gördüm diý. "Awtobusda maňa ýerini bermedi" diýibem hökman aýt. Eger sakgalyňy sylap orun bermeli bolsam, onda ony syryp, maňa beräý, elime alyp oturaýyn. Düşjek bolaňda bereýin. ...Biz onuň bilen respublikamyzyň iň demirgazygynda ýerleşýän "Sowet Türkmenistany" kolhozynda-da (Oktýabr raýonynyň Aýböwür oba Soweti), iň günortasyndaky Guşguda-da bolýarys. Diňleýji her gezek täzelenip durýar. Geçen ýylyň güýzünde Oktýabr raýonynyň "8-nji mart" kolhozynda Nury Mergenow diýen bir ýaşulynyň öýüne myhmançylyga bardyk. - Çary aga, näçe ýaşadyňyz? - diýip, Nury aga sorady. - "Kaka, dymsana, senden soralýan zat ýog-a, myhmanlar turýança ol otaga geçäýsene" diýilýän ýaşa-ha ýetdim - diýip, Çary aga jogap berdi. Elbetde, bu degişmedi. Hormatly halypamyz Çary Gurbangylyjow 70 ýaşady. Göwnüme bolmasa, bu ýalan ýaly. Onuň kellesinde entek agaran saçyň sany ýetmişe ýetenok ahyry. Ýol ýöreşseňem, eser ýazyşsaňam, ol ýigrimi bäş ýaşly ýazyjyňa we žurnalistiňe başartjak adam däl. Onsoňam, onuň ýene bir artykmaç tarapy, Çary aga şol ýetmişiň ellisini türkmen sowet edebiýatyna bagyş edipdir. Şeýle ussada biz uzak ýaş, uly bagt, şwoly döredijilik arzuw edýäris. Gurbangylyç HYDYROW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 06.01.1979 ý. (Suratda Ç.Gurbangylyjow. Surat A.Çüriýewiñ şahsy arhiwinden alyndy). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |