17:41 Gülýaka / hekaýa | |
GÜLÝAKA
Taryhy proza
Sumbar derýasy kämahal dolup-daşýar; iner kimin kükräp, kenaryndan agaýjak-agaýjak bolýar. Şeýle pursat dañyñ ümüş-tamşynda derýa ýakasyna seýle çykan ýaş ýigidiñ gursagynda-da döreýär. Meger, muña ylham diýilýän bolsa gerek. Ýöne häzir niçik? Tomsuñ ahyrky aýy. Ýaldyrak bireýýäm dogdy, howa çigredi. Derýanyñ weli, tereñligi ýok, haýal akýar. Ýigidiñ haly-da teñ, hatda aýagynyñ aşagynda, dañyñ ukusyndan oýanyp, ýorgalap gidýän käkiliklerem ünsüni sowup bilenok. Ter ýañaklary hazan ýeli uran alma kimin myssarana meñzeýär. Saryýagyz ýüzi sörtük çawlan ýaly garalypdyr. "Maña derýanyń kenarynda göwün açmagam täsir edenok. Eý, Alla, özüñ medet ber" diýip, ol oýlanýar. "Ýa Etrek ýakasyna - daýym Magtymgulylara gidäýsemmikäm? O ýere doganym Nepesem gezelenje gitdi. Aý, ýok, men bu mekany taşlap gitmäýin". Zelili säginip, derýanyñ buz ýaly suwunu hezil edip içip duran ýabysyna seretdi-de, ýene pikire çümdi: "Maña bu şirin hasraty beren Döndim sen-ä. Belki, şumat süýji ukuda ýatansyñ. Aý, beýle däldir, görgüli gijesini çirim etmän geçirýändir. Eý, täleý, täleý..." Ýigit uludan dem aldy: "Ony tütjar baý ogluna durmuşa çykarýarlar. Şoña çenli ýadygärlik sowgadymy - gülýakamy gutaraýsadym. Entek mundan Döndiniñ habaram ýok. Dostum Gara batyr gylyjyna çaýmak üçin beren kümşünden artanyny bagyşlaýar. Özümde hem az-owlak altyn bar. Sygrymyzy ejemden soraýyn, dädemden haýyş etse berer. Ony-da Ahmet kürte satyp, ýetmeýän gyzyly alaýyn, wessalam, barybir, bir damjadan derýa bolanok, ýeke sygyr bilen baýap gidemzok, şaý-sep ýasap, ejeme täze sygyr alyp bererin". Ol süññüýeñillik bilen ýabysyna garşy ýöneldi. ...Zelili öýe girende ejesi Hurma çaý-çöregi ýañy öñüne alypdy. Kakasy Mämmetdöwlet aga bolsa, sygry örä kowmaga gidipdi. Hurma eje: - Geldiñmi, oglum, çaý-çöregiñi bir wagtynda edin, ýogsam, iññä sapaýmaly bolup barýañ - diýip özelendi. Zelili käsä çaý guýup, göwünsiz gaýtardy: - Çaýy öñ gaýtaryp goýdum, oglum. Zelili muny pikir edip oturyşyna ýadyndan çykarypdy. Ol ýene käsesine çaý guýdy. - Uly ünjüñ bardygyny bilýän. Ony unut, oglum. - Hurma eje çekinibräk Zelilä ündew etdi. - Ýürege emr edip bolanok, eje. - Zelilo sesiniñ batly çykanyny duýman, gobsundy. - Takdyr şeýledir-dä, janym, daýyñ Magtymguly-da Meñli gyzyñ wysalyna zar bolandyr. Özüñ bilýäñ, ýogsam, dädem görgüli Döndülere saçwylyga köp gatnady. Bizi garyp görýäler. Ýaş ýigit dymyp, çaýy gyzgynlygyna owurtlady-da, gursagyny sypalady. Muny gören Hurma eje: - Wah, men guraýyn, içiñi ýakaýdyñmy käbäm, gel, şu gürrüñi goýaly - diýip elewredi. - Gursagymyñ içi öñ ýandy eje, seniñ günäñ ýok - diýip ogly parahat aýtdy. - Eje! - Boýuña döneýin, aýdyber. - Sygrymyzy sataly-la?! Ejesiniñ gözleri giñden açyldy: - Sygyr bizi ekleýär-ä, oglum. - Ony bilýän. - Bizem Döndini alyp bilmedik diýip ýöne ýatjak däl. Nurulara barmakçy, obañ iñ gowy gyzynyñ bir-ä, ol. Sowalga gerek, öñ ýetirinip bilemzok, kyn görme, ýagdaý şeýle, beýgim. Ýañaklary gyzaran Zelili ýan bermedi: - Biraz puryja beriñ, men ýene sizi sygyrly edeýin. - Nepesiñ ýabysyny sataýsak nädýä? - Lagar düşen ýabyñ bahasy ýetmez. Hurma eje dymdy. Ol Zeliliniñ şular ýaly çynlakaý haýyş bilen ýüzlenenini bilenokdy. Öñem göwnüçökgün gezip ýör. Dädesine geñeşip görmeli... Zelili ertesi sygry zergär Ahmet kürte satdy. Şundan soñ onuñ derýa ýakasyna gitmesi galyşdy. Il oýanmanka ussahana - kepbesinde işleýärdi. Obanyñ gelin-gyzlary şaý-sep ýasatmak üçin goja zergär Ahmet kürtden sowluşyp, Zelilä gelýärdiler. Ýaş ýigidiñ eliniñ hünäri goñşy obalara-da tiz ýaýrapdy. Töwerekdenem altyn-kümüşden şaý-sep ýasatmak üçin onuñ ussahanasyna gelip başladylar. Ýöne buýrulmadyk gülýakany has tiz gutarmalydy. Zeliliniñ göwnüne şundan soñ hiç zat ýasap bilmejek ýalydy. Mazaly, dosty Gara batyr üçin ýasap başlan gylyjyny gutardy. Ol bu gün ýa ertir ýaragyny idäp geler. Gün guşluk boldy. Ol ýene-de wagtynda çaý-çörege barmady. Ikinji gezek ýanyna gelen ejesine mañlaýyna inen deri süpürişdirip, ýylgyryp seretdi. - Tüweleme, oglum, şo gülýakany ýasap ugralyñ bäri şähdiñ açyk. - Ene perzendine mähir bilen bakdy. - Şeýlemi, eje. - Ýör, oglum, ertir çaýyñy içsene, il guşluk çaýynyñ aladasyny edýä. Olar tirkeşip kepbeden çykdylar. Zelili çaýyny içip, öwrülip gelende haýran galdy. Ussahanada Döndiniñ ejesi başyny galdyryp bilmän, çugutdyryp otyrdy. - Salawmaleýkim, ene. - Gurgunmyñ, dünýäm? - Ol elindäki düwünçegi ýerde goýdy. Ara dymyşlyk düşdi. Çal saç ene ýaş ýigidiñ ýüzüne seredip bilmän, ýer dyrmaýardy. Zelili ýaýdandy, ellerini owkalaşdyryp: - Öýe bar, ene, çaý iç, ejem bardyr - diýdi. - Ýok, guzym, senlik işjagazym bardy. - Aýdyber, onda. Ene ýazykly çaga ýaly gürrüñe başlady: - Döndiniñ dädesinden gaty görme, balam. Olam özüñ ýaly garyp, öýermeli ogullary bar. Şonuñ üçin Döndiniñ galyñyny agyr saldy. Wah, maña galsa-ha... - Ene çygjaran gözlerine elini ýetirdi. Juda tolgunan Zelili ony köşeşdirdi. - Häzirki gelmegimiñ maksady Döndi janyñ haýyşy bilen, oglum. Hemme süýşürintgimi alyp geldim. Diñe saña ýasasyn diýdi. Gülýaka. Zelilo tisginip gitdi. Dar ussahanada elewräp gezmeledi. - Dädesine aýtmarys. Ahmet kürt ýasady diýerin. Ol Döndini bir ädimligem garawulsyz goýanok. - Ene ör turdy: - Me, dünýäm, örän tiz gerek özem. - Ol düwünçegi uzatdy. Zelili säginip, egniniñ üstaşyr enä äñetdi. - Düwünçegiñi alaý ene, bir gülýaka ýasarlyk zadym bar. - Bolmaz, oglum, sende depseñ yranmaz baýlyk ýog-a. - Ýüregim baý, ene, meniñ. - Ýigit gursagyna elinu goýdy. Döndiniñ ejesi sessiz-üýnsüz çykyp gitdi. Ussahana öñküdenem daralan ýaly boldy. Ýigit haşlap dem aldy. "Hawa, ol başganyñky bolar. Gülýaka-da keseki biriniñ gelinliginiñki. Indi muny ýasamak ölümiñ üçin ýakylýan oda özüñi oklan ýaly bolmazmyka?" Ýigidiñ birhili işinden eli sowady. Gurallaryny parhsyz gözden geçirdi. Näme üçindir, agşamky hupbat görkezen setirlerini hakydasyna getirdi. Ol birden hyjuwlandy: Eý, ýaranlar, Döndi janym, Her sözümuñ kekinjidir. Gutulmaz bu - ýazy, gyşym Böwrüme ýaman sanjydyr. Boldy ýürek üzüm-üzüm, Gandyr bagrym ezim-ezim, Dahan içre düzüm-düzüm, Dişleri göýä hünjüdir. Tirmeli gyzyl gülleri, Sowmaly şirin tilleri, Guçmaly inçe billeri, Däli köñlüm begenjidir. Içeri Gara batyr girdi: - Essalawmaleýkim! Zelili şähdaçyk dosty bilen gadyrly görşüp, perişan halyny unutdy. - Çuñ pikire batypsyñ, dostum. - Hym. - Ýene, şo-ol, Döndi hakdamy? - Bildiñ, dostum. - Menem köp pikir edýän. Bir teklip bar. - Aýt, eşideli. - Döndini alyp gaçaly. Zelili az-kem oýlandy: - Bu barada öñ men pikirlendim. Onuñ enesi pukara, aglaymaýly. Özlerem garyp. Garanyñ bady gaýdyp, mañlaýyna elini goýdy, soñ ikinji teklibini mälim etdi. - Onda otükini... Baýyñ öýüni başyna düñderip, özüni çapym-çapym edeýin. Mende, özüñ bilýäñ, on-onki ýigit bar, aýdanyny ederler. Zelili başyny aşak saldy. Gara umyt bilen garaşdy. Dosty birhaýukdan soñ jogap berdi: - Sendäki gylyçdyr adam olarda-da bardyr. Gaýtam, arkasy güýçlüdirem. Gan döküler, dostum, gan... Ara ýowuz dymyşlyk düşdi. Gara täze öýlenipdi. Ol yşkyñ meýinden datdymyka? Dadandyr. Ýigitlik çagynda yşkyñ heseri urmadyk ynsany tapaýmak çetindir. Olar oba ýañyrak göçüp gelipdiler. Gara şygryñ hem-de at-ýaragyñ aşygydy. Zelili bilen dostlaşdyran, elbetde, munuñ ilkinjisidi. Öýlenmekde Garanyñ bagty çüwdi. Kakasy öz tirelerinden bolan iñ edaly gyzyñ ene-atasy bilen guda bolaýdy. - Gara jan, senmiñ inerim? Dostlar öz pikirleri bilen gümra bolup, gapyda duran Hurm ejäniñ gelenimem duýmadylar. Gara onuñ bilen gadyrly görüşdi. Hal-ahwal soraşdy. - Ýöre, öýden otur, beýgim. - Häzir howlukmaç, Hurma eje. - Soñra Zelilä öwrüldi: - Gylyç taýynmy? - Hawa. - Zelili sapy zerewşanly, ýalpyldap duran almaz gylyjy dostunyñ eline tutdurdy. Garanyñ göwni bitdi: - Meger, Alynyñ Zülpükary şunçadyr. - Göroglynyñ şemşirinem unutma. Zelili degişdi. Göwünleri galkan ýigitler gülüşdiler. Hurma eje-de ýylgyrjaklady. Zelili dosty ugrajak bolanda şeýle diýdi: - Bigünäniñ başyny kesmesin. - Diñe duşmana galar, enşalla. Zelili hyruç bilen gurallaryny eline aldy. Zergäriñki-de şahyr ýüregi ýaly öýdýän. Ylham gerek! Şeýle pursat hem zergär, hem şahyr Zelili-de döredi. Ýogsam, ýap-ýañy-da höwessizdi ahyry! "Gülýakany ýasamaly. Özem zergärçilikdäki şygryýet deñine ýetirmeli. Gülýaka - müdimi goşgy bolsun!" Ýigit adaja hiñlenmäge başlady. Şeýle halda ol ürç edip, esli gün işledi. Gülýaka taýýar bolup, kepbede gün dek lowurdady. Zelili ony hak eýesine - Döndä jigisiniñ üsti bilen gowşurdy. Ýöne onuñ ýene ýüregi gysyp başlady. Döndiniñ durmuşa çykmagyna sanalgyja gün galypdy. Horazlar ilkinji gygyryşanda ol eýýäm derýa ýakasynda gezmeläp ýördi. Daglar başyna ümürden öýme edinipdi. Guş-gumrular heniz örmändi. Ol täze düzen goşgusyna aýdymyñ heñinfe pessaýja, şirin labyz bilen hiñlendi: Dilber, sen meni ýandyrdyñ, Bir görünmez köz biläni. Ýene ýüz kürsä mündürdiñ, Müñ dürlüje näz biläni. Ýakyp sen içim-daşymy, Telbe edip sen başymy, Alyp sen akyl-huşumy, Şol piýala göz biläni. Husnuñ dünýä şugla salar, Aý-gün ýanaşsa, uýalar, Özünden giden kän bolar, Ýörir bolsañ düz biläni. Bagyña seýle barmadym, Nowça gülüñi tirmedim, Aý dek jemalyñ görmedim, Ötdi tomus-güýz biläni. Birden oba tarapdan "tark-turk" edip, tüpeñ sesi eşidildi. Itler uwlaşdy. Ýüregi erbetligi syzam şahyr derrew ýabysyna münüp, oba tarap gyp basdy. Zelili bärden baranda yzanda-çuwanlykdy. Öýleriñ burugsap ýanýany bardy. Ol dañyñ alagarañkysynda ýabysyny daljykdyryp, gapylaryna geldi. Ses-üýn ýok. - Eje, aý eje. - Ol ýuwaşja seslendi. - Dirimiñ oglum, biz bärde. - Gapydaky üýşmek odunyñ içinden ejesiniñ sesi eşidildi, soñra kakasy bilen tirkeşip geldi. Zelili ynjalyp, ýabysyny gaýralygyna - Döndülere tarap debsiledi. - Gizlen, oglum, duşmanlar heniz obadan çykan däldirler - diýip, ejesiniñ ýarym-ýaş halda gygyrmady ýaş ýigidi ýolundan saklap bilmedi. Zelili basym keýpsiz öwrülip geldi. Öýe girip, Nepesiñ jonnuk gylyjyny dakyndy, bir meşik suw, ýene odur-budur alyp, horjuna saldy. Ugrajak bolup durka ýanyna gelen ejesine: - Döndini äkidipdirler - diýip, gysgaça aýtdy. Oglunyñ eýýäm obadan çykan duşmanyñ yzyndan kowmak hyýalynyñ bardygyny añan Hurma eje elewredi: - Gitme janym, ol gyzy aljaklar alada etsin. Enäniñ ýalbarmasy ogluny saklamakdan ejiz geldi. Zelili eýýäm ýola düşüpdi. Gyk-bak, sygyrlaryñ molamasy gulagyñy gapyp barýardy. Nirededir bir ýerde çaganyñ çyrlap aglaýşy ýüregiñi paralaýardy. - Gyryldymy obamyzyñ ýigitleri - diýip, köýnegine ot düşüp, zordan söndürilen bir naçaryñ gyjytly eñremesi golaýdan eşidilýärdi. Hawa, duşman tomus çabgasy ýaly göz açyp-ýumasy salymda etjegini edip gidipdi. Zelilş ýolda Gara duşdy. Onuñ ýanynda ýigrimş golaý adam bardy. Agyzdyrygyny çeýneýän demir gyratyny saklan Gara: - Dirimiñ, size barýardym - diýip, begençli aýtdy. - Haýp, gapyllykda döküldiler. Ýesirdir mal-gara äkidipdirler, kowmaly. - Gyzylbaşlarmyka? - diýip, Zelili asuda sorady. - Hywa hanlygynyñ nökerleri bolmaly. Dädem Hywa argyşa gidende Iltezeriñ* nökerleriniñ birini görüpdir. Ony ýañy başagaýlykda tanapdyr. - Öwez begiñ özümikä? - Iltezeriñ atlylary bolsa gerek, kän däl. Bularyñ bir bölegi goñşy obalara-da dökülendir. Ýolda şolar bilen birikmänkä, ýetmeli. Atlylar demirgazyk tarapa howlukmaç ugradylar. ◆ ◆ ◆ Kowguçylar duşmanyñ süresöbügine düşmän, Garanyñ teklibi boýunça gapdallaýyn gaýtdylar. Günorta golaý olar göründiler. Kyrka golaý atly üçe bölünipdi: öñden barýanlaryñ yzynda ýesirler, ortadakylaryñ yzynda mal-gara, iñ yzdan soñky topar. Hol, etekde, dar jülgäniñ yzy tot-tozandy. - Teşwüş edenoklar, bu biziñ peýdamyza - diýip, ýokarda dag daşlarynyñ arasyndan aşak esedýän Gara dillendi. Zelili gañrylyp, dostuna ser saldy. Dykyz göwreli, garaýagyz ýigit edil bürgüt kimin atyñ üstüne gondy. Ol güýjüni bölmän, duşmanyñ öñünden barmagy ýüregine düwdi. Duşman köplükdi, bularyñ ýedi-sekiz sanysynyñ ýaragy bolsa, diñe ujuna çiş dañlan ýabady. Galany tüpeñdir gylyçlydy. Gara iñ soñky gezek aşak äñetdi. Duranlaryñ ini düýrükdi. Duşman atlysynyñ biri ýaraman ýykylan ýesiri gylyç bilen parçalady. Bendiler eñreşdiler. Gany depesine uran Gara atlylaryna öñe tarap ümledi. ...Yzly-yzyna çykan tüpeñ sesine duşmanyñ bäş atlysy ýykyldy. - Obadaşlar, uruñ duşmany içinden! - diýip, Gara Zeliliniñ ýasan gylyjyny ýalañaçlap öñe okduryldy. Munda entek gylyjyny gynyndan çykarmadyk ýekeje adamdy. Ol hem Zelilidi. Belki, jeñ meýdanydygyny unudandyr. Onuñ gözleri garma-gürmelikden Döndini agtarýardy. Ýöne edil tümlükdäki ýaly saýgaryp bilenokdy. Mal-gara, adam bary gatyşdy. Sygyrlaryñ molamasy, atlaryñ kişñemesi, naçarlaryñ eñşemesi jülgäni lerzana getirdi. Ölenleriñ ýaragyny alan ýesirleriñem söweşe gireni bar. Bar zat duşmanyñ oba dökülendäkisi ýaly, göz açyp-ýumasy salymda boldy. Gelmişekler yza serpigip, gapdala pytraýan dag ýodajygy bilen dargap, gaçdylar. Garanyñ atlylary-da ýygnanyşdy. Bulardan üçüsi wepat bolup, ikisi ýaralanypdy. Duşman tarapdan ölenler häzir hadaba alynmandy. Diñe iki sany ýesir obadan sürlüp getirilýänleriñ ortasynda başyny aşak salşyp durdy. Zelili Döndini gyradan tapdy. - Döndi... - Hiýh... - Gyz tisginip, elini ýakasyna ýetirdi. Az salymyñ içinde onuñ dal gerdeni gysylyp, inçe, boýy eglen ýalydy. Ter ýañaklary solgun, jeren gözleri çym-gyzyldy. - Hany, gülýaka? - Zor bilen aldylar. - Döndi zar-zar aglady. Ýüzüne çañ siñen Gara geldi. Döndiniñ halyny sorady. - Nämä aglaýañ? - Ol soragy Döndä berse-de, ýüzi gara-ört bolan Zelilä bakdy. Dosty ysgynsyz dillendi: - Gülýakany alypdyrlar. Ýeñşe ruhlanan Garanyñ bar keýpi gaçdy. Diş-dyrnak bolup ýasalan altyn gülýaka! Nätmeli? - Alany görseñ, tanajakmy? Garanyñ sowalyna Döndi baş atdy. Ölenleri aýlanyp gördüler. Uç tapylmady. Biraz ýüregi düşüşen Döndi: - Ol ýezidiñ mañlaýy çapyk egri burun, şar garady - diýdi. Gara ýesirleriñ ýanyna bardy. Gülýakany alanyñ keşbini aýdyp, şeýle diýdi: - Haýsy ugra gidenligini aýtsañyz, ikiñizem ýesirlikden boşadýan. Olaryñ öçügsi gözleri uçganaklady. Biri-birine seredişip, ümleşdiler. Ýesiriñ kyrk bäş ýaşlaryndaky uzynak daýawy: - Çynyñmy, ýaş ýigit? - diýdi. - Goç ýigidiñ sözi bir bolar. - Zelili Gara jogap bermäge ýetişdirmedi. - Bol, gepiñi köpeldip durma, ýogsa-da, kelläñi alýan - diýip, Gara herrelip, onuñ alkymyna dykylyp bardy. Ýesir: - Gyzyberme, ýaş ýigit, bizi añsat öldürmejegiñ belli, sebäbi, ol gülýaka juda gerekli bolmaly - diýse-de, ýüzüne öleniñ reñki urdy. - Biz üç bolup gaçdyk. Bu-ýa, oglum, beýlekisi mañlaýy çapyk onbaşy. Dag öwrüminde ony öldürip gülýakany aldyk. Oglumyñ gelinligi üçin sowgat etjekdik. Ony öldürmedik bolsak, biz halas bolýardyk. Gülýakany gözläp eglenäýdik. Ondan soñky ýagdaý özüñize belli. Men-ä, atym büdräp ýykyldym, oglumyñkyny-d urduñyz. - Ýesir eglip, ädiginiñ gonjundan lowurdap duran gülýakany çykardy. - Me, alyñ, en süýdi ýaly halal eken. Zelili ýüwrüp baryp, gülýakany aldy. Gursagyna gysdy: "Dinim-imanym, şatlygym-gussam, süýji umydym"... Gara ýesirleri barlamanyna birbada ökünjek ýaly etdi. Ýöne basym bu gülýaka üçin duşmanyñ hemmesini ýesir alanam bolsa, şondan geçjekligini duýdy. Olary boşadyp goýberdi. Özüni dürsän Zelili ýesirleriñ pyýadalap barýanlygyny gördi. Ýabysyny münüp, şol tarapa eñdi. Duranlar añk-tañk boldular. Az salymdan soñ ýabysyny ýesirlere beren Zelili yzyna pyýada öwrüldi. Gara dostunyñ hojalygyndaky iñ soñky ulagynh duşmana peşgeş berenliginiñ sebäbini bilip durdy. Gülýakanyñ tapylanlygy üçin begenjine etdi. Gör, niçik eken sen, başky söýgi!.. Hemişe at-ýaragy hemdem edinen Garanyñ bogazy doldy. Duşmandan olja alan dor atyny eýer-esbaby bilen dostuna peşgeş bermäge howlugyp, öñünden idip äkitdi. ________________________________________ * Iltezer - Hywa hany Muhammet Eminiñ ogly Öwez begiñ begiñ (1790-1804) mirasdüşer ogly (1804-1806). © Annatagan NURGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |