19:05 Gümanly pikirleri aradan aýyrmak | |
GÜMANLY PIKIRLERI ARADAN AÝYRMAK
Publisistika
1917-nji ýyl. "Köpçüligiñ tarapynda" manysyny berýän bolşewikler "Parahatçylyk, çörek, adalat" talaby bilen aýaga galyp despot patyşalyk režimini ýykdy. XX asyry doly üýtgedip bilen iñ beýik sosialistik rewolýusiýa bolup geçdi. Emma. Bolşewikler öñki režimden haraba aldy: - Ýurt jahan urşundan ýañy çykypdy, indi bu gezek graždanlyk urşy bolup geçýärdi. - Halkyñ üçden bir bölegi açlyk çekýärdi. - Russiýadaky 4 müñ 877 kärhanadan bary-ýogy 2 müñ 984-i işleýärdi. - Halkyñ "özüni oñarýan" bölegi daşary ýurtlara gaçýardy. Haos bolup geçýärdi. - Käbirleri "halk suduny" gurup, Hudaýy jogapkärçilige çekip, ölüm jezasyna höküm edip, asmany oka tutýardy! - Käbirleri mundan beýläk işlemejek bolup, sagatly diñlere ok ýagdyrýardy! Onçakly garaşmadyk rewolýusiýasyny eliniñ aýasynda tapan Lenin näme etmelidi? Marks-Engels umuman alanda anti-kapitalizm boýunça işläpdiler, ýazypdylar. Olaryñ pikiriçe taryhy proses bellidi: kapitalilizmden soñky stadiýa sosializm bolmalydy. Emma... Sosializm entek senagatlaşyp we aýratynam proletariat düşünjesi ýaýrap ýetişmändi, ösen buržuaziýasy bolmadyk we uruşlar bilen boguşýan Russiýada gurlupdy. Russiýada "wagtyndan öñ dogulma" bolupdy! Galyberse-de, Leniniñ 1871-nji ýyldaky 72 günlük Pariž Kommunasyndan başga alan praktiki bilimi-de ýokdy. Ilki garaşdy: "Germaniýa we Angliýa ýaly Ýewropa ýurtlarynda-da sosializm gurulmalydy! Hudaý bersin! Olaram Gyzyl Goşuna garaşýardy, "gelse-de, sosializmi gursa" diýip. Netijede... Iş başa düşdi, wagtyndan ir doglan “kemis bäbek” ýaşadylmalydy.. Ýöne nädip? • Lenin Marksa garşy! Taryhda... Hiç bir täze gurlan düzgün üçin ykdysady göreş bular ýaly derwaýys bolmady. Taryhda... Hiç bir wagt rewolýusionerler bular ýaly ykdysatçy bolmaga mejbur bolmady. Ilkinji nobatda aç halky gyssagly doýurmak gerekdi. Nädip doýurmalydy? Her rewolýusiýa maglumat teoriýasynda täzeden gözlegdir. Sowet Soýuzynda "merkezi ykdysadyýet" dünýä indi. Ýogsam bolmasa... "merkezi ykdysadyýet Marksyñ teoriýasynda ýokdy! Häli-häzirlerem "sosializm" diýlende birinji ýada düşýän merkezileşen ykdysadyýetiñ teoretigi çepçi-de däldi! Öñki harby gullukçy italýan ykdysatçysy professor Enriko Baronedi (1859- 1924). Italýan rewolýusioneri Gramsi aýtmyşlaýyn, "Lenin Marksyñ "Kapitalyna" garşy rewolýusiýa geçirdi! Lenin "Täze ykdysady syýasat" meýilnamasy bilen rewolýusiýanyñ ykdysady ýoluny çyzdy. Maksat tizara senagatlaşmak arkaly ýokary ösüş tizligine ýetmekdi! Ýogsam bolmasa... Marksyñ teoriýasynda "tiz ösüşi ýola goýmak" diýen ýaly kesgitleme-de ýokdy. Hawa, Sowet Soýuzy "özüne mahsus sosializmi" gurýardy. Muña "marksizm-leninizm" diýildi. Ýurdy nadanlygyñ batgasyndan çykaryp, döwrebap industriýa we enjamlaşdyrylan ekerançylyga geçirmek hiç añsat düşmedi. Ownuk hususy eýeçilik düşünjesini-de ýok edip bolmady, kagyz ýüzündäki göze ýakymly görünýän "deñ işe deñ aýlyk" prinsipi meselesiz boldy. Daýhana işçi tulumy geýdirilip ýa-da zähmetkeşleriñ mekdebini açyp "synpy düşünje" berilmedi. Birinji bölünişikler, oñşuksyzlyklar ykdysadyýetden gözbaş aldy. Öçli düşünje "kapitalizmdi", merkezi ykdysadyýete tankydy belliklerini eden Gromon-Bazarow ýaly möhüm ykdysatçylar "saga gyşarmakda" aýyplanyp ýok edildi. Häzir... Fransuz rewolýusiýasynyñ ähli "günäsi" nädip Robespýeriñ boýnuna ýüklenýän bolsa, Oktýabr rewolýusiýasynyñam ähli günäsi Staliniñ üstüne syrykdyrylýar. Aslynda şundsn añsat zat ýok. Stalin kynçylyklaryñ içinde gaýnap, ähli düzgün-tertibi ýola goýan beýik adamdy! Pikiri anykdy: "ýa problemalarymyzy çözeris ýa-da çözüp bilmän, imperialistleriñ oýunjagy bolarys..." Dogry aýdýarmydy? • Ýeñliş öwredijidir Taryhy mejburylyklary görmezden baha bermek ýa-da öñküleriñ aýdyşy ýaly akyl satmak añsat! Stalin... Iki uly jahan urşuna we graždanlyk urşuna garamazdan “kemis bäbegi” ýaşatdy, ulaltdy, adam etdi. Bäbegiñ süýdüni, çöregini berdi, mekdeplerde okatdy, hünär eýesi etdi, hiç kime mätäç bolmajak durmuşyny gurdurdy. Ýeri onsoñ bu adam näme üçin Sowet Soýuzyny ýykdy? Stanislaw Gomikadan başlap Paul Kuk ýaly ähli amerikan sowetologlary Sowet Soýuzynyñ ýykyljagyny öñünden çaklap bilmedi. Çünki, Sowet Soýuzynyñ ykdysady taýdanam, tehnologiki taýdanam hiç bir kemçiligi ýokdy. Mysal üçin... - Her öýde holodilnik, kir ýuwýan maşyn, telewizor bardy. Köp hojalyk ikinji telewizoryny alýardy. - Banklarda köp kişiniñ sçýoty bardy. - Aýlyklar, hak-heşdekler köpelip durdy, muña derek sarp edijilik harytlarynyñ bahasy kyrk ýyl bäri üýtgänokdy. - Bilim, saglygy goraýyş hyzmatlarynyñ-a tölegsiz bolandygyny ýazmagyñ geregi-de ýok. Hawa, sowet ykdysadyýetinde ullakan kemçilik ýokdy... Kemçilik nämededi, bilýäñizmi: "Täze adamy" döredip bilmediler. Adamyñ pikirini hususy eýeçilige bolan gara nebsinden daşlaşdyryp bilmediler. Ýogsam bolmasa, sosializm deñsizligiñ gözbaşy bolan hususy eýeçiligi ýok saýýan we garşylyksyz işlemegi durmuşyñ ullakan bagtyna öwren režimdi. Fransuz rewolýusiýasy nädip buržuaziýa ýeñilen bolsa, sowet rewolýusiýasy-da hususy eýeçilige ýeñildi. Adamzadyñ taryhy uly ýörişinde ýeñlişler hemişe bolup geldi. Emma adamzat her gezehinde aýaga galdy, ýeñlişlerinden sapak alyp, ýörişini dowam etdirdi. Çünki... Her uly realizm, her uly praktika adamzadyñ düşünme, pikirlenme ukybyny artdyrýar. Uzyn ýörişleriñ yzy gutarmaýar, hiç haçanam gutarmaz... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 29.12.2017 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |