21:47 Günbataryñ zamanabap gahrymanlary | |
GÜNBATARYÑ ZAMANABAP GAHRYMANLARY
Publisistika
Fransiýaly Bernar-Anri Lewi ýaly günbatarly progressiwler öz göresi gelýän zatlaryny ýazýar. Lewi "New Republic" amerikan žurnalynda "PKK-ä indi terrorçy gurama diýmegi bes ediñ" diýip ýazdy. Ýakyn Gündogarda haýsy çöpi galdyrsañ, şol çöpüñ aşagyndan çykýan ABŞ-ly Maýkl Rubin ABŞ-nyñ Girişim Enstitüsü'nde “Mundan beýläk "PKK terrory" diýmeli däl" diýdi. Prezident Klinton, Buş, Obama döwürlerinde ABŞ-nyñ Daşary işler ministrliginde daşarky gatnaşyklar boýunça hünärmen-geñeşçi bolup işlän Dewid L.Fillips, “PKK-ny kese ýerli terrorçy guramalaryñ sanawyndan çykaralyñ" teklibini beripdi. Žurnalist tüýsüne giren ABŞ-ly Meghan Bodette ýaly PKK tarapdarlarynyñ köpüsi "ABŞ-nyñ PKK-nh terrorçy guramalaryñ sanawyndan çykmagyñ wagty geldi" diýip, şowhun turuzdy. "Bloomberg" ýaly neşirleriñ "PKK urşujylary terrorçy däldir" diýen çykyşlaryny-ha agzabam durjak däl... Diñe ABŞ-nyñ terrorçy guramalary boýunça sanawy-da däl. Iñlis žurnalisti Uilýam Şomberg hem "Ýewropa bileleşigi PKK-ny terrorçy guramalaryñ sanawyna girizmek bilen ýalñyşdy" diýip ýazdy. Ştab-kwartirasy Lýuksemburgda ýerleşýän Ýewropa Adalat diwany Türkiýäniñ basyşy bolmasa dagy, PKK-ny tasdan ÝB-niñ terrorçy guramalar boýunça sanawyndan çykarýardy. Wikipediýa, PKK-ni hut şu jümle bilen tanadýar: "PKK-nyñ terrorçylykly gurama hökmünde ýarlyklanmagy jedellidir: Käbir analitikler we guramalar PKK-nyñ indi guramaçylykly terror aktlaryna baş goşmaýandygyny ýa-da sistematiki ýagdaýda raýatlara zyýan ýetirmeýändigini öñe sürýär". Özem şu abzas 2021-nji ýylyñ 18-nji martynda girizildi… Sözüme şeýle uzyn giriş bilen başlap, sowal bermek islämok: Günbatarda käbir sferalar "terrorçy gurama däl" diýip, kampaniýa ýöredip ýörkä, PKK soñky wagtlar Mersin-Stambhl ýaly aktlara gaýtadan näme sebäpli başlady? Şeýle: ABŞ başlyklaýyn Günbatar mediýasy hemişe (aýal terrorçylary dagy görkezip) PKK-ny YŞYD-a garşy söweşýän "zamanabap gahrymanlar" hökmünde mahabatlandyrýardy. ABŞ-nyñ Siriýa-Ýakyn Gündogar strategiýalaryna tutalga üçin PKK-nyñ şol döwür “sypaýyja çagajygyñ" roluny oýnamagy gerekdi. HDP-den türmedäki Selahatdin Demirtaş ýaly özüne simpatiýa bilen garaýanlara-da ýüz öwürtdiren PKK ganly teraktlaryna nämüçin ýañadandan başlady? - Ahlak kadalaryna sygyşmaýan formada ýene raýatlary öldürip başlan PKK terrora baknalygyndan halas bolup bilenokmy? - Ýa bolmasa... Taşeron terrorçy topara öwrülen PKK (şu günlerde) türk daşary syýasatyndan ynjalyksyzlanýanlar tarapyndan içerde durnuksyzlyk döretmek maksady bilen herekete geçirildimi? PKK-nyñ Stambulyñ orra-ortasyndaky ganly aktynyñ türk turizmini paltalamak maksadynyñ bardygyny "New York Times" boýun aldy! Galyberse-de: Türkiýäni ykdysady-syýasy taýdan içerde tapdan düşürip, daşary syýasat bilen gyzyklanmaz ýaly islenýändigi gizlin syr däl! Türkiýäniñ Ukraina-Russiýa urşundaky "aktiw bitaraplygy", Erdogan-Putin gatnaşyklary, Şanhaý hyzmatdaşlygy guramasy bilen geçirilen gepleşikler, Demirgazyk Kipr Türk respublikasyndan Azerbaýjana berilen goldawlar, Gündogar Ortaýer deñzinden Egeý deñzine çenli aralykdaky manýowrlar, Orta Aziýada Türk bileleşigini gurmak üçin edilen işler ABŞ bilen bir hatarda Günbatary ynjalykdan gaçyrýan bolsa gerek?!. Diñe Türkiýe däl… Meselem, Päkistana ser salyñ: Günbataryñ halaýan sportsmeni-jalaý pleýboýy bolup ýörkä, öwülip arşa çykarylan we syýasata baş goşmaga iterilen Imran Hanyñ premýer-ministrlik eden döwründe Hytaýa, Orsyýete ýakynlaşdy welin, başyna gelmedik galmady, hatda janyna kast etmäge hem synanyşyldy. Başdan geçirýän şu döwrümizde dünýäde köp polýuslylyk gurulýar. Geografiýalaryñ üstünden täze geosyýasy ýaranlyklar gurulýar. Güýçli döwletler biri-birleri bilen üçünji dünýä ýurtlarynyñ üstünden aldym-berdimli tutluşýar, garpyşýar. Ýurtda PKK-nyñ ABŞ-nyñ saýasyndaky taşeron guramadygyny - hakynatutma ganhordugyny bilmeýän galdymy? Onuñ haos meýilnamasynyñ bir parçasy hökmünde döwrä sokulandygy äşgär... Ýogsam bolmasa, XXI asyrda Stambul-Beýoglynda partladylan Bomba ýaly kör terror bilen kim näme gazanyp biler? Gurjakçysy bar onuñ Oýnawaç PKK gurjakçynyñ tow bermeginde özünden islenilen oýny oýnap berýär. Ýeri gelende, 'PKK terrorçy gurama däl" diýerler! Ýeri gelende, kiçijik Ýagmyrdyr Ejrin üçin krokodil gözýaşyny dökerler! Imperializm ikiýüzlidir. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |