12:20 Günden dörän keramatly üçlük | |
GÜNDEN DÖRÄN KERAMATLY ÜÇLÜK
Edebi makalalar
Dinleriň döremeginde tebygy hadysalaryň aýgytly roly bar. Şol hadysalara adamlaryň garaýyşy, olara düşünmäge islegi diniň ösüş ýolundaky basgançaklara öz möhürini basypdyr. Ylymyň başlangyjy ilki dini garaýyşlarda öz beýanyny tapypdyr. Oňa ylym diýmäge en- tek adamlaryň akyly ýetmändir, ol ynanç görnüşde ýüze çykypdyr. Fransuz alymy A.Malwera 1923-nji ýylda çykan “Ylym we din” diýen kitapçasynda biziň eýýämimizde üç müň ýyl ozal, adamlaryň bir mahalda hem ruhany, hem filosof, hem alym bolan döwründe, olar ösümlikleriň gün ýylylygyny toplap bilýändiklerini aňypdyrlar diýip belleýär. Ylym bolsa, bu hadysany golaýda düşündirmegi başardy. Şol düşündirişe görä, ot belli bir temperaturanyň hem-de howanyň täsiri arkaly ösümliklerde ýygnanan gün ýylylygynyň bölünip çykmasydyr. Adamlaryň, haýwanlaryň ýaşaýyşlary-da gün ýylylygyna bagly. Şu ýerden hem Oduň atasy Gün diýen ynanç döräpdir. Ot bilen günüň düzümi bir meňzeş, ot howanyň täsiri arkaly ýüze çykyp bilýär, şonuň üçinem howa ruh diýip düşünipdirler. Asmandaky Günden gäýdyp ýere düşen Ot ýene tüsse görnüşinde asmana göterilýär diýipdirler. Günüň, Oduň, Howanyň keramatly täsirinden ary-wedleriň keramatly üçlük hakyndaky mifi döräpdir. Mif tä ylym tarapyndan hadysanyň sebäbi düşündirilýänçä öz syryny saklap geldi. Wedleriň mukaddes üçlüginiň formulasy şeýle: Sawistri-Gün-ata Agni-Ot, Günden dörän ogul. Ot Maua diýen gyzyň ýatgysynda döreýär, dogulýar. Onuň zemindäki atasyna Twast diýýärler. Ol agaç ussasy, swastikany ýasan adam. Ot swastikanyň iki taýajygynyň ke- sişýän ýerinde döreýär. Şol ýerde-de keramatly Maua (Maýýa) mesgen tutandyr. Maýýa dörediji güýjüň simwolydyr, oňa Ruhuň hemaýaty zerur. Ruha Waui diýýärler. Ol oduň ýanmagy üçin zerur bolan howanyň öwüsginidir. Wedleriň formulasyndan hristianlar öz keramatly üçlügini taslapdyrlar: Hudaý, Hudaýyň ogly Iisus Hristos, ony Mariýanyň göwre- sine salan Keramatly Ruh. Injilde Mariýanyň äri hökmünde ady tutulýan Iosifiň käri-de agaç ussaçylygy, ýagny neçjarçylyk. Sowet ideologiýasy din babatda barlyşyksyzlygy, rehimsizligi bilen tapawutlanýardy. Turuwbaşdan Hudaýyň ýokdugyny jar etmek bilen, “din halk üçin tirýekdir” diýen sözi şygar edip depä göterdi. Ýogsa şol ideologiýanyň çäginde-de diniň ilkinji ädimleriniň jemgyýete peýdaly bolandygyny taryhy dogry beýan etmegiň zerurýetiniň hatyrasyna bellese bolardy. Emma ideologiýa taryhy-da öz göwnüne görä düşündirýärdi. Adamzat siwilizasiýasynyň irki döwründe ylmyň, sungatyň ilkinji ädimlerini, tehnikanyň ilkinji tilsimlerini goran, olara howandarlyk eden dindir. Olary simwollyk derejesine göteripdi, däp-dessuryň obýektine öwrüp, olara sejde etmegi, hormatlamagy gazanypdy. Adamyň iň gymmatly başlangyçlary bolan däne öndürmegi, üzümden dürli içgiler ýasamagy kult ynançlaryna baglapdy. Haýwanlaryň, zerur ösümlikleriň, minerallaryň kulty döredilip, olara aýratyn hormat goýmak endigi gazanylypdy. Müsürlilerde mukaddes öküz saýylan Apisiň kulty hakynda biz öňde aýtdyk. Apisiň kultunyň döremeginde hojalyk bähbitleriniň önjeýli bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Gara reňk öküzleriň meýdan işlerine çydamlylygyny, olardan iri şahly mallary köpeldip boljagyny nazarda tutup ruhanylar olary mukaddes kultyň belentligine göteripdirler. Medisinanyň, gigiýenanyň haýryna diniň gören zerur çäreleriniň bahasy ölçärden ýokarydyr. Näsaglar jadygöýleriň, ynsapsyz tebipleriň zorlugyna sezewar bolmasyn diýlip, bejeriş işleri ybadathanalara, ruhanylaryň gözegçiligine geçirilýär. Edil şeýle nukdaýnazar bilen çeşmelere, minerally suwlaryň çykýan ýerlerine, derýalara keramatlylyk alamaty berilýär. Bu çäreler olaryň arassa, aýawly saklanmagyna, köpçüligiň medeni taýdan ösmegine ýardam edýär. Adamy jemgyýetçilik ýaşaýyşyň endiklerine ram etdirmekde diniň, onuň ojagy bolan ybadathanalaryň hyzmaty ilkinjidir. Soňra ylmyň ybadathanalardan gitmegi, çaphanalaryň ýüze çykmagy bilen din özüniň progressiwlik roluny ýitirýär. Diýmek, dinleriň, ynançlaryň döremeginde, döwürler bilen baglylykda olaryň üýtgäp durmagynda, tebigy hadysalara adamlaryň akyl ýetiriş derejesiniň aýgytlaýjy täsiriniň bolandygy jedelsiz hakykat. Soňabaka Günüň keramatyna-da şübhe döreýär. Otparazlaryň ynanjyndaky ýüze çykan üýtgeşmäniň sebäbi hakynda A.Öräýewiň “Adat” kitabynda şeýle ýazylýar: “Soňlugy bilen adamlarda oduň keramatly güýjüne şübhe döräp ugrapdyr. Çünki gyşyň düşüp, doňaklygyň başlanmagy bilen oduň güýji ep-esli egsilipdir. Buz bütin janly tebigaty gurşap alypdyr we ony doňdurypdyr. Suw öz gezeginde iň bir güýçli alawlap ýanýan ody hem öçürmäge ukyply bolupdyr. Asmandaky Gün hem gyşyna Ýeri, adamlary, haýwanlary, ösümlikleri ýyladyp bilmändir. Gudraty güýçli hudaý hasaplanýan Günüň we onuň ýerdäki parçasy bolan oduň şeýle egbar ýagdaýa düşmegi oňa sygynýanlarda ilkibaşda dörän-Gün hudaý diýen düşünjäniň nesilme nesil gowşap, ahyr netijede-de başga Hudaýa uýup başlamaklaryna getiripdir”. Akyl ýetirme zerarly bir hudaýa uýmak prosesiniň ýew- reýler bilen bagly mysaly nemes ýazyjysy Tomas Mannyň, türkmen şahyry Andalybyň eserleriniň äheňinde goýlan “Pygamberler nalasy” spektaklynda Ýusubyň monologynda beýan edilýär: “Egnimdäki köýnek Ybraýym halylyň, atamyň atasy Ybraýym Halylyň, Hudaýyň dosty Ybraýym halylyň köýnegi! Biribaryň gözleginde bimöçber azaplara döz gelip, hudaýyň keramatyna paýhas bilen ýeten parasatly adamyň köýnegi! Ol ilki başda keramat, gudrat Zemindedir öýdýär. Zemin bizi ekleýär, saklaýar, ähli jandary ekleýär. Ynsanyň rysgaly toprakda, topraga tohum sepseň gögerýär, ýöne asmandan ýagyş ýagmasa gögerenok. Gara bulutlar gelmese, ýagyş ýaganok. Ä-hä, gudrat bulutlarda ekeni diýýär. Bir seretse, bulutlary şemal kowalap ýör, dargadyp goýberýär. Şemal güýçli ekeni! Şol barmana şemalam patda ýatýar. Ybraýym atamyz has belende garaýar. Belentde Güni, Aýy, ýyldyzlary görýär, ä-hä, keramat şolarda bolsun gerek diýýär. Emma olaram gezegi bilen dogup-ýaşyp durlar, olara-da emr edýän bir güýç bolmaly, ýogsa ýaşmazdylar-a. Gün ýaşmasa, gije-de bolmazdy. Gije-de, gündizem bolup dur. Ahyrsoňy biziň atamyz paýhas bilen hudaýyň bardygyna düşünýär, onuň gudratyna ynanýar. Hudaýa ýüzlenip: “Sen ýeke-täksiň diýýär, seniň eradaň bolmasa, älem üzre bir jandar dogup-döräp-de bilmez, senden bidin gymyldy-da bolmaz” diýýär. Emma ýitdi diýilýän dinler, ynançlar dereksiz ýok bolup gitme- ýärler, olaryň yzyny, alamatlaryny täze dörän dinlerde, halkyň ara- synda saklanyp galan däp-dessurlarda, yrymlarda görse bolýar. Mysal hökmünde iki akta ünsüňizi çekmekçi, ikisi-de Gün bilen bagly. Türkmenlerde-de haýyr-sahabat işler gün barka edilse gowy görülýär. Haja barlanda Käbede Beýtullanyň daşyna gün barka aýlanmaly. Gadymy Gündogar halklarynda asmandaky Gün ýagşyny-ýamany görüp, seljerip bilýär diýen düşünje bolupdyr. Hut şu düşünjeden ugur alnyp, Gadymy Rim senaty öz kararlaryny Gün barka kabul etmegi hökmany saýypdyr. Gün ýaşandan soňky çykarlan karar güýjüni ýitiripdir. Türkmenleriň ynanjyna görä, süýt önümlerine mukaddes zat hökmünde garalýar. Gün ýaşansoň süýdi öýden çykaryp alyp gitmek oňlanmandyr. Eger juda zerurlyk ýüze çykan halatynda süýtli, gatykly gabyň içine çöpjagaz, ýa-da sypal bölejigini taşlap, daşyny basyryp äkitmeli. Çöpe derek kömür ýa-da nan bölegini hem taşlapdyrlar, sebäbi mallaryň kesellemegi ähtimal diýlipdir. Tebigatyň tämiz saklanmagynda Günüň keramatyna bolan ynynjyň nusgalaryna Orta Aziýa halklarynyň durmuşynda häli-şindi duýsa bolýar. G.Snesarýew “Horezmiň asmanynyň astynda” atly kitabynda Hywadaky babalylaryň (öli ýuwýanlaryň) ýaşaýşyndan, olara töwerekdäkileriň garaýşyndan gyzykly faktlar getirýär. Babalylar bilen bir saçagyň başynda oturyp nahar iýmeg-ä däl, olara tarap seretmegi-de ýokuş görüpdirler. Ýol ugurunda ýüzbe-ýüz bolnan halatda-da derrew Güne garap, ýüzüňi arassalamak maslahat berlipdir. Şumer hudaýlarynyň pateonynda gün hudaýy Utu ikinji derejedäki orny eýeläpdir. Emma işjeň, durmuş tejribesi bolan adamlar has gudratly hudaýlardan-da Utuwy özlerine golaý, mährem görüpdirler. Şumer gimnleriniň birinde: “Eý, Utu, ýerdäki çopanym, gara kelleli adamlaryň atasy sen! Sen ýataňda adamlaram ýatýar. Eý, biziň gahrymanymyz Utu, sen ýalbyrap galaňda seniň bilen bile adamlaram galýar diýilýär. Türkmenlerde ikindinara ýatmak maslahat berilmeýär. Belki, gijeki uka zyýany bolar öýdendirler? Ikindin ýatsaň basyrganarsyň diýýärler, sebäbi ikindin jynlar örýär. Belki, syrkawy ikindin turzup, gezdirjek bolunýandyr. Bu yrymlaryň köki gadymdan gaýdýar. Hindiler “ýaşyp barýan gün” diýmän, “ölüp barýan gün” diýipdirler, sebäbi has aňyrky ynançlara görä, Gün ýaşanda ol ölüleriň mekanyna gidýändir öýdülipdir. Dürli halkda öleni agşam jaýlamak däbi bar, sebäbi merhumyň jany ýaşýan Gün bilen ol dünýä gidýär diýip ynanypdyrlar. Ikindin ýatmaly däl diýen düşünje ruslarda-da bar. Birdenkä, ýaşyp barýan Gün ukuda ýatan adamy ölendir öýdüp, onuň janyny özi bilen alyp gidäýmesin diýlip, ätiýaç edilýän bolarly. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |