17:20 Gündogarly | |
GÜNDOGARLY
Goşgular
Dumly-duşum mylaýymja şemaly Arzuw edip ýatan wagty hemişe, Söýgülsini gören aşyk mysaly, Men begenip salam berýän Güneşe. Güneş meniň iň bir gymmat zadymdyr. Wepaly dostumdyr, syrdaşymdyr ol. Güneş ýaragymdyr, güneş odumdyr, Kyn günde, hossarym, gardaşymdyr ol. Güneşde taplanýar polat ýüregim, Güneşe baglydyr päk arzuwym-da. Güneşe bişendir iýýän höregim, Güneşe ýylandyr içýän suwum-da. Zähmetimiň berýän bar miwesinde Pagtamda, nebtimde... оň yzy bardyr. Ylhammyň döreden saz-nagmasynda Güneşiň goşandy – owazy bardyr. Gysganman güneşi beren tebigat Sahylygam bagyş edipdir maňa. Eý, ýoldaş, çekinme, üşän wagtyňda, Gel ýanyma, güneş bereýin saňa. Ýöne berjek güneşimiň ýerine, Aç ýüregňi, dostlugyňa kasam et. Öňem aldanypdym, eziz ýerime Hile bilen geldi onlap betniýet. Ýanyma gelýänçä maňa «dost» boldy. Ýanyma gelensoň, döndi sülüge. Sordy, damarymda ganym azaldy, Gözün dikdi süňkümdäki ýilige... Güneşiň adyndan kasam içdim men, «Söweşerin» diýip namys-ar üçin. Azatlygmy gözläp, ýola düşdüm men, Ýola düşdüm körpäm – mirasdar üçin. Bu ýolda entedim, ýykyldym, galdym, Aç-ýalaňaç geçdim uzak menzili. Gelmişegi-kowup, ençe künjegmi Tämizledim edil güneşim ýaly. Galanlary şindem guduzlan deýin, Uwlaýar, garşylyk görkezjek bolýar. Nätseler-de, ahyr bolarlar boýun, Çünki meň gün-günden dostum köpelýär. Çyn dostuň gadyrny bilýändirin men, Sag bolsun agsamda pişek getiren. Hawa, dost gadryny bilýändirin men, Sag bolsun adymy arşa ýetiren. Bes!.. Galanny soňra gürrüň bereýin, Wagtym ýok, garaşyp durandyr işim. Gideýin, aýgytly söweş guraýyn, Diýmesinler: «Haýp, seň ýaşan ýaşyň...» Maňa garaşýandyr Liwanmyň çöli, Ondaky al gany ýuwmaly hökman. Ýene Hirosimam janlanar ýaly, Gurmaly, gurmaly azaba bakman. Meniň Palestinam, Meniň Beýrutym Haraba öwrülýär, Ýumrulýar barha. Goý, galkynsyn, görsün ogul gaýratyn, Sarsmaly däl batyr şirleri barka. Armaklyk-irmeklik gelişmez merde, Öz endigme eýe borun hemişe. ...Hemmeden öň salam berdim Güneşe, Hemmeden öň salam biýrin Güneşe. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |