GÜNLERIÑ BIR GÜNI
Bir wagtlar başy ak selleli garly daglaryň jülgesinde, gün geçirmez ýaşyl baglaryň kölegesinde bir türkmen obasy bolanmyş. Şol obanyň çetindäki öýleriň birinde bolsa ýaş gelin bilen adamsy özleriniň ilkinji perzentlerine guwanyp ýaşar ýörer ekenler. Ýaňy dil açyp ugran oglanjyk enesiniň göwnüni göterip, atasyna gurbat beripdir. Ýaş ata-ene jigerbentleriniň oýun-gülkülerine guwanyp, özleriniň uzak günki argynlygynam unudypdyrlar.
Günleriň bir güni bolsa şum ajal bu bagtly gapyny kakypdyr. Körpäni ýetimlik derdine ýolukdyryp gidipdir. Gelin zar-zar aglap, ýanýoldaşyny iň soňky ýoluna ugradypdyr. Gama batyp, umytdan düşüpdir.
Ol gijelerini içini hümledip geçirer eken. Gün-günden saralyp-solupdyr.
Bir gün agşam gün daglaryň aňyrsynda gizlenip, gije gara şalyny atynan mahaly gelniň gara öýüniň gapdalynda şygyrdy eşidilipdir. Gelin, kellejigini ejesiniň dyzyna goýup, süýji uka giden balasynyň saçjagazyny sypap oturyşyna, çybşylda pikirini bölüpdir. Çagajygy oýarmaýyn diýen niýet bilen ýuwaşja seslenipdir:
—Kimsiň?
—Diňle, gelin!—diýip, daşardan howsalaly ses pyşyrdapdyr.—Meň adyma Habar diýerler. Goňşy obada bir barly gapy bar. Şol gapyda lagly-jowahyram bar, mal-mülkem. Gat-gat haly-da bar, kişňäp duran atlaram. Ol gapydan girip-çykýan goç ýigidiň boý-syratyny bolsa, görmäge göz gerek, taryplamaga söz. Ýöne, ol görgüliniň bir tükenmez gussasy bar...
Gulagynyň eşidýän zatlaryna gelin ynanmandyr. Şeýle dokuzy düzüw öýüň eýesiniň nämäniň gaýgysyny edýändigini bilmek höwesi ony öz gününe goýmandyr. Ol:
—Wah-eý, o ýigidiň näme gaýgysy barka?—diýip sesleneninem duýman galypdyr.
Gelniň göwnüniň bölünýänini duýan Habar bolsa barha joşupdyr:
—O ýigidiň görküni görseň, bütin aýlap iýip-içmeseň hem oňarsyň. Haýp, görgüli ýekelik derdinden ejir çekýä-dä. Onuň mal-mülküne, baýlyk-känine eýe ýok. Şum ajal gapysyny kakan wagty ojagyny tabşyrjak zürýady ýok. Öň, ol bende bir şortoýnagy gapysynda saklap aldandy. Ol şortoýnak bi ýigide ne-hä ogul dogrup berdi, ne-de gyz. Soň ol saçy ütülmiş, goç ýigidi öýi-öwzary bilen taşlap gitdi. Mert ýigidiň gözlerini ýaşlap gitdi. Ýigit bolsa gijelerine gussa çekip, iňňä sapaýmaly boldy. Hor düşüp, oklap-gapaýmaly boldy. Ýakynda bolsa onuň gulagyna seniň ýeke galanlygyň baradaky «myş» ýetdi. Sen bar-da, onuň mal-mülküne eýe bol, çöken göwnüni galdyr! Lagly-jowahyrlaryny dakynyp, bezenip-beslen-de, şady-horram ýaşa! Nä görgiň, garyp çatmada içiňi hümledip, gül ömrüňi kül edip. Özüňem razy bolsaň, häziriň özünde düş yzyma!
Gelin bu sözleri diňläp, uzak oturyp bilmändir. Ol uklap ýatan çagajygyny gujagyna alypdyr-da, garyp öýüni terk edip, nije ýyllap syr alşyp-syr berşen söwer ýassykdaşynyň ojagyny taşlap, Habaryň yzyna düşüp ugrapdyr. Goňşy-golamyna maslahat salman, il-gününe ýagdaýyny aýtman gidipdir. Basymrak şol barly öýe ýetmek üçin ädimlerini batlandyryp, Habaryň yzyndan garama-gara gidiberipdir.
Aý aýdyňdy. Bahar aýlary bolansoň, daglaryň gary eräp, çeşmelere jan giripdi. Bulaklaryň şirin aýdymy-da, seleňläp oturan dagyň gözelligi-de, baglaryň, gül-gülälekleriň bark urýan ysy-da bu wagt gelne täsir edenokdy. Oýnap-ösen obasyndan, söwer ýaryna sataşan, perzent süýjüsini dadan mekanyndan, gelin bolup ilkinji ot ýakan ojagyndan daşlaşýandygy hakda ol pikirem öwrenokdy. Onuň bar küýi-köçesi şol, barly gapydady, şol baýlygy gök dirän ýigitdedi.
Dagly oba gutaryp, çöp bitmez çöllügiň başlanýan ýerinde gelne bir ýaşuly sataşypdyr. Onuň nurana ýüzi Güne gaýzygypdyr. Döşüni ýapyp duran sakgaly jowur akdy.
—Gelin, saklan!—diýip, ýaşuly oňa tiňkesini dikipdir.—«Ilkim—bagtym, soňkym—görgim» diýipdirler, gelin. Sen Habaryň yzyna nähak düşüpsiň.
Gelin ilkibada sypaýyçylygy elden bermän gepläpdir:
—Ýekelik derdi irizdi meni, atam!
—Sen ýeke däl ahyry!—diýip, ýaşuly gelne has ýakyn gelipdir.—Seniň ogluň bar. Ogly bar enä «Men ýeke» diýmek aýypdyr. Ogly bar enä ikinji gapyny kakmak utançdyr. Wagt geçer, jigerbendiň dag ýaly ýigit bolar. Seň ýüregiňe kuwwat, dyzyňa gurbat berer. Gaýt yzyňa, gelin! Dlan yzyňa gadam uran ýoluňdan! Seň barýan ýoluň hatarly ýoldur. Oguljygyňy öz atasynyň tüneginde ulalt!
Ýaşulynyň sözleri gelniň çetini gyzdyrypdyr. Ol eglip, ýerden kesek alypdyr-da, dazyrdadyp, ýaşula tarap zyňyp goýberipdir:
—Ýok bolsana ýolumdan, sakgaly ütülmiş! Meni yzyma dönderip, baý ýigide sen öz gyzyňy berjeksiň! Eddil sakgalyňdan hiňňildik uçaýaryn seň! Ýit, ýok bol! Garyp çatmada ýeke çüýretjek bolýansyň sen meni...
—Maňa Maslahat ata diýerler, gelin!—diýip, ýaşuly gelniň bolşuna per bermän gepläpdir.—Meňk-ä ýöne bir aýtmak. Soň puşman edersiň!
Şeý diýip ýaşuly gözden sumat bolupdyr. Gelin bolsa gadamyny has-da batlandyrypdyr.
...Gelniň kaddy-kamatyna, balkyldap duran gara gözlerine, elde çyzylan ýaly gaşlaryna gözi düşen ýigit elewräp, birbada ony nirede oturtjagyny-da bilmändir. Bütin baýlyk-baryny gelniň öňüne döküpdir. Ýöne gündan gün, aýdan aý ötüpdir welin, gelniň täze adamsynyň gygy ajap ugrapdyr. Ol gelniň ýany bilen gelen oglanjygy gören wagty guduz açypdyr.
—Meň öýümde keseki erkegiň neslini ýöretjek mahluga ýer ýok, eşidýäňmi, sen heleý—diýip, ol sesine bat beripdir.—Ýa-ha şony gözümiň öňünden ýok et, ýa-da garaňy saýla özüňem mundan!
Gelin oýlanyp-ölçeripdir. «Adamym barka, çaga-ha tapdyrar» diýip içini gepledipdir. «Ýöne bi giden baýlygy, alty ganat ak öýi taşlap öňki garyp tünege barsam welin, meniň günüme ýene it uwlar. Aç-hor bolup, gül ömrümi kül ederin. Iň gowusy, men muny çöl-beýewana çykaryp goýbereýin. Ölenmiş-dä hamala. Ýeke çaga üçin kösenip, ömrümi harlamaýyn».
Şeýdip, baýlyk gözüni gapan enäniň päli azypdyr. Ýüregi üýtgäpdir.Ol, öňem bu öýe geleli bäri ideg-yssywat edilmän, çöpe dönen iglije oglunyň elinden tutupdyr-da, idenekledip alyp ugrapdyr.
—Eje jan! Sen meni nirä alyp barýaň?—diýip, ýürejigi nämedir bir ýakymsyz wakanyň boljagyny syzan çagajyk ejesine zol-zol sorag berýärdi.—Gitjek ýerimiz uzakmy, eje?! Göteräý-dä meni! Men gaty ýadadym.
Ene ogluny götermedi. Hatda onuň ýüzüne-de gaňrylyp seredenokdy. Onuň şar garaja, buýra saçlaryny söýünç bilen sypalanokdy. Jigerbendine mähirli sözler diýenokdy.
Ol dagly obanyň—özüniň mundan birnäçe ýyl ozal taşlap giden obasynyň ýanyna geldi. Şol ýerde, çeşmäniň boýunda gollaryny çar ýana ýaýyp oturan çynaryň kölegesinde aýagynyň gurşuny ýazmakçy boldy. Uzak ýoly pyýadaja külterläp, halys surnugan çagajyk bolsa argynlykdan ýaňa özüni ýere goýberdi. Ter maýsalaryň üstünde basym uka gitdi. Muny gören enäniň guşy uçdy. Ol bu ýerden ökje ogurlap, yzyna dolandy.
Çagajyk bu wagt ejesiniň özüni taşlap gidenini-de duýman, süýji ukuda ýatyrdy. Ol düýşünde gülli-gülälekli meýdanda ylgap jykyrdaýardy. Ýadap surnugansoň bolsa özüni ejesiniň gujagyna oklap meýmireýärdi. Baharyň mylaýym şemaly onuň buýra saçjagazlaryny sypalaýardy. Çeşme bolsa oglanjygy şirin mukamy bilen hüwdüleýärdi.
Birsalymdan çagajyk tisginip gözüni açdy. Görse, ýanynda ejesi ýok. Janly-jemende-de görnenok. Giden meýdan hopukdyryjy ümsümlige çümüp ýatyrdy. Çeşmejik bolsa zaryn saz çalýardy.
—Eje-e!—diýip, oglanjyk ukuly gözlerini owkalap durşuna çar ýana delmuryp bakdy. Ýöne hiç ýerde oňa ses beren bolmady.
Oglanjyk eňräp ýörşüne eýläk ylgady, beýläk ylgady. Ejesini tapmady. Her agajyň düýbüni barlady, hossaryna sataşmady. Çeşme güwleýärdi, oglanjyk bolsa aglaýardy. Ol atasynyň mekanyna—ejesi bilen heniz mana düşmez çagajykka çykyp gaýdan obalaryna bardy. Ony il-gün bagryna basdy. Il-gün ulaltdy. Il-gün onuň atasynyň ojagyny dikeldip, üstüne öý tutup berdi. Il-gün ony öýerdi. Şeýdip, ol oglan dag ýaly ýigit çykyp, gelni bilen süýjülikde ömür sürüp başlady. Dünýä inen ogul bolsa dikeldilen ojagyň guwanjy boldy.
Şu geçen döwürde baýlyk üçin zürýadyndan geçip, duz iýen ojagyny zyňyp giden aýalyň bolsa soňky adamsyndan bäş gyzy bolupdyr. Ol gyzlar gündizine öli bolarmyş, gijelerine bolsa janlanýarmyş. Janlanan wagtlary olar gezek-gezegine nirede nähili gep barka diýip, oba aýlanyp, öý diňlär ekenler.
Günleriň bir güni gyzlaryň bäşisiniňem ýoly dagly obanyň üstünden düşüpdir. Olar ýigidiň oglunyň bolandygy hakdaky habary derrew kakalaryna ýetiripdirler. Bu habar gyzlaryň kakasyny dälilik hetdine ýetiripdir. Ol agzyndan ak köpük saçyp, aýalyny ýanyna çagyrypdyr-da, dulda asylgy gamçy bilen ony saýgylamaga başlapdyr.
—Sen heleý—diýip, demi-demine ýetmän haslapdyr.—Sen heleý, öňki äriňe-hä ogul dogrup beripsiň. Maňa bolsa ýurt eýesini bilgeşländen dograňok. Gör ahyry, seň öňki äriň nesli ölensoňam dowam edip dur. Meniň bolsa indi neslim, şeýdip ýitip gitmeli boldumy?! Bu giden mal-mülk indi eýesiz galmaly boldumy?! Seň dogran bu saçy uzynlaryňy çar ýandan sawçylar gelip äkider. Olar bolsa bütinleý başga öýe eýe boljak çagany gujagyna alarlar, hatda şol pursatda bu saçy ütülenleriň ýadyna öz kakalary-da düşmez, onuň eýesiz galan ojagy-da.
Baý hojaýyn şeý diýip, elleri bilen ýüzüni ýapyp dyza çöküpdir. Esli wagtlap hyňranyp, janagyryly aglapdyr. Birdenem ýene gamçy göterip, aýalyna topulypdyr.
—Sen ýa-ha maňa ogul dogrup ber, ýa-da git-de, şol çagany öňki äriň dogmasyndan bolany ejesi bilen dünýä inmedik ýaly edip gel. Ýogsa-da gözüm görmesin seni!
Aýal ýenjilmekden ýaňa ýüz-gözüni gök-dalak edip, daşaryk çykdy. Bu ýaşdan soň onuň alty ganat ak öýden, giden mal-mülkden aýrylasy gelenokdy. Şonuň üçinem ol ýüzüni garaňka tutup, bet niýetini hemra edinip ýola düşdi. Ýanyna-da gijesine direlýän bäş gyzyny aldy. Ol her ädimde perzendiniň ýüregine nähili ot basanda, soňky adamsyny şatlandyryp biljekdigi hakda oýlanýardy. Ol az ýöräp, köp ýöräp, ilki gözüniň gören söwer ýary bilen süýjülikde ömür süren gapysyna bardy. Tüýnükden jyklady. Törde gurlan sallançakda ak posalajyk çaga uka batyp, dünýeden bihabar ýatyrdy. Iňňeden çykma tahýajykdan mele gulpaklar birgeňsi dökülişip durdy. Ölügsije yşyga balasyna köýnek tikýän ýaş enäniň mylaýym hüwdüsi bolsa, misli gije ümsümligini bozmajak bolýan ýaly, çalaja eşidilýärdi. Parlak ýyldyzlar bilen gögi bezän aýdyň gije juda asudady, ýürekleri heýjana getirýärdi.
Taşlap giden tüneginiň dikeldilenini, ýalňyz oglunyň söwer gelnini, oguljygyny görüp, begenjinden gözýaş dökmeli çal saç ene begenmedi. Gynandy. «Şol wagt çynaryň kölegesinde uklap ýatyrka, oglumy suwa gark eden bolsam-a, belki, men ömürboýy bir ogul üçin kösenip, ejir çekip ýörmeli bolmazdym» diýip içini gepledýärdi.
Gara niýeti ýüregine düwüp gelen enäniň göz öňüne soňky adamsynyň hyýrsyz keşbi gelende, ol tisginip gitdi. Gözüne urlan dek bolup, öýe kürsäp urdy. Tikine dümtünip, hiç bir erbetligi küýüne getirmän oturan ýaş ene nämäniň-nämedigini aňlap ýetişmedi. Çal saç aýal gyzlary bilen hasyr-husur onuň daşyna geçägede, başyna şal düşegi atdylar. Üstüne münübem, demini bermän durdular. Huşundan giden gelni halta salyp, dula okladylar. Çagajygyň üstüne bolsa iki sany degirmen daşyny goýdular-da, «assa gaçan namart» diýşip, garalaryny saýlamak bilen boldular.
Irden mallaryny sürüp, gelnidir oglunyň halyndan habar almaga gelen çopan ýigit bolan wakany görüp, maňlaýyny ýumruklap, söwer ýarynyň üstüne ýykyldy.
—Ah, gara bagtym!..
Çopan ýigide ýene il-gün kömege geldi. Ýerli-ýerden onuň derdini paýlaşdylar. Obanyň iň owadan gyzlarynyň ýene birini gelinlige berdiler. Uly toý tutup, çopan ýigidiň gün-güzeranyny ýene-de dikeltdiler.
Wagt geçipdir. Baýlyga gözi düşüp, azan enäniň gyzlarynyň hersini bir sawçy gelip äkidipdir. Gyzlar uzak ýolda özleriniň janlarynyň gutaryp, tä direlýänçäler, ýollarda göz-gülban bolup ýatmaklaryndan gorkularyna, ejeleriniňkä bütnleý gelmändirler. Soňabaka bolsa olar ejeleri bu dünýäde bardyram öýtmändirler. Biwepa enäniň adamsy hem aradan çykypdyr. Baýlyklary gutarypdyr. Özi bolsa garrap, içjek çaýyny demlemäge-de ýaramandyr.
Şeýle bolansoň, garry ene günleriň bir güni eline hasasyny alyp ýola düşüpdir. Ölümiň öýünde oglunyň çatmasyna ýetipdir.
—günämi öt, balam!—diýip, dişleri dökülip, eňegi hemperip giden kempir damarlak ellerini ogluna uzadyp, dyza çökdi.—Ömrümiň sanalgyja güni galdy. Senden başga hossarym ýok, jigerbendim. Sen meni penaňa al-da, sanalgym dolan güni öz elleriň bilen gara ýere tabşyr!
Hasasyny tyrkyldadyp, eňegini ýere ýetirip gelýän pukaraja aýaly görende, brbada çopan ýigidiň oňa ýüregi awady. Ylgap onuň öňünden çykmak isledi. Ýeke ädim ädibem, misli ýylanyň üstünden baran dek kürtdürdi. Äden ädimini yzyna aldy. Ol öz öňünde duranyň bir wagt özüni çynaryň kölegesinde taşlap giden doňýürek enedigini, özüni ilkinji perzendinden, gelninden aýran nägehandygyny tanady. Ol hyrra yzyna öwrüldi-de, ondan ýüz öwrüp gidibermekçi boldy. Ene bolsa zarynlaýardy:
—Balam, seni dünýä inderjek bolup, niçe ezýet çekdim men! Seni ulaltjak bolup, niçe gijeleri ukusyz geçiripdim! Ak göwsümden ak sýt berdim ahyry!
Edil şol pursat hem niredendir bir ýerden Maslahat ata peýda boldy.
—Sen indi oňa ene dälsiň!—diýip, Maslahat ata sandyraýardy.—Diňe gijeler ukudan galyp, al süýt bereniň bilen ene bolunýan däldir. Hakyky eneler balalaryny taşlamaýarlar! Hakyky eneler perzentleriniň başyna külpet indermeýärler. Hakyky eneler balalaryny ynjytman ösdürjek bolup, kynçylyklara döz gelýärler. Sen bolsa, ýeke çagany ekläp-saklamagy özüňe ýük bilip, jigerbendiňden geçdiň!
Eneler mukaddesdir. Ýöne perzentlerini agladýanlar ene däldir!
Awgust, 1983ý.
Ogulsenem Taññyýewa.
Hekaýalar