11:52 Gurbangylyç Hydyryñ horjunyndan | |
GURBANGYLYÇ HYDYRYÑ HORJUNYNDAN
Sözler
"Meni ösdürenoklar" diýip, dyrnak arza ýazypdyr. "Ösdürsek añryñda kir saklaýañ" diýip, jogap beripdirler. * * * Hakykat gulaga däl, ýüze aýdylýar. * * * Tomzak her näçe ys algyjam bolsa, güle gonmaz. * * * Diliñe buýur, pikiriñden öñe geçmesin. * * * Akmaklyk etmek üçin akylyny ulanýanam bar. * * * Öz wagtynda dili dişläp bilen dişe akyl dişi diýilýär. * * * Gurçuk bürgütden däl-de, serçeden gorkýar. * * * Akylyñ näçe az boldugyça kelläñde köp ýer tutýar. "Watan" gazeti, 30.11.1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||