22:59 Gürgenç / romandan bölek | |
GÜRGENÇ
Taryhy proza
• Mämünler döwri I BAP Ymgyr sähralaryň, çöl-beýewanlaryň, deredir derýalaryň üstünden geçip, tomsuň jöwzasynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen uzak ýoly söküp gelýän agyr kerwen Horezmiň paýtagty Gürgenje golaýlapdy. «Ýol azaby-gör azaby» diýen nakylyň asyl manysyna ine, şunuň ýaly ýol geçenler gowy düşünseler gerek. Emma adamzat öňde nähili azap we kynçylyklar bolmagyna garamazdan hemişe öňe, uzak menzillere ymtylyp gelipdir. Adamlary uzak ýollara, alys menzillere iterýän güýçler olaryň özleri ýaly dürli dürlüdir: kimleri mal-dünýä, kimleri şan-şöhrat, kimleri söýgi-muhabbet, kimleri-de ylym-magryfat. Bu kerwen bilen gelýänleriň içinde şolaryň hemmesinden hem bardy. Kerweniň ýüki bolsa diňe adamlaryň hajatlary üçin gerek bolýan harytlardan ybarat bolman, onda haryt hökmünde satylýan eli hünärli gullar, gözel gyrnaklar hem ýok däldi. Bu agyr kerweni düzen iner düýeler, gatyrlar, kerweni gorap gelýän nökerleriñ astyndaky atlar bilen olaryň eýelerini hem howanyň yssysynyñ hem-de uzak ýoluň halys ýadadandygy görnüp durdy. Emma kerwene goşulyp gelýän egni ak ýuka ýektaýly, kellesi iki oram kiçiräk ak selleli bir jahankeşde Horezmiň topragyna gadam basaly bäri ýadawlygyny unudyp, daş-töweregine nebsewürlik bilen göz aýlaýardy. Otuz bilen kyrkyň ortasyndaky, gytyk gara sakgal-murty bugdaýreňk ýüzüne gelşik berip duran bu syratly ýigidiň astyndaky dor aty-da eýesinden görelde alan kimin ýadawlygyna garamazdan kellesini kakyp, iki ýan tarapyna garanjaklaýardy. Uly ýoluň iki ýan tarapyndaky ýaşyl öwsüp oturan gür baglar, belent küňreli jaýlaryň öňündäki serhowuzlar, olaryň boýundaky äpet güjümler, aryklardan akyp ýatan başga ülkeleriň suwuna meňzemeýän mele reňkli suwlar onuň kalbyny heýjana salýardy. Ol tebigatyň beýle sahawat bilen eçilen gözelligini ne Müsürde, ne Şamda, ne Yrakda görüpdi. Bu ýigit şol ýurtlary aýlanyp görüp, soňunda Bagdat medresesinde ylmyny kämilleşdiren asly horezmli Muhammet ibn Salamdy. Ol Bagdatda şu at bilen tanalýardy. Onuň öz döwrüniň alymlarynyň, pirleriniň hatda şalarynyň köpüsi ýaly şahyrçylykdan hem habary ýok däldi. Ol alym hökmünde ýazan rysalalarynyň soňunda doly adyny goýsa, şahyr hökmünde gazallarynyň soňunda: Husny-jemalyň waspyna tapmady şahyr kelam, Hijranyň odyna ýandy bir ömür Ibn Salam- -diýip, adyny gysgaça berýärdi. «Ibn» sözüniň adamlaryň atlaryna, aýratyn-da şahyrdyr, alymlaryň atlaryna goşulmagy arap istilasyndan soñ ýoñ bolupdy. Muhammet ibn Salamyň pederi mekdep-medrese gören adam bolsa-da, ýönekeý zähmet bilen ýagny Gürgenjiň galasynyň gaýra düýbünden akýan joşgun derýa Jeýhunda balykçylyk bilen meşgullanýardy. Öýleri-de derýanyň golaýyndaky küren obalaryň birindedi. Dost Salamyň özi magryfatly adam bolanyndanmy ýeke ogly Muhammediň bilimli, ylymly alym bolmagyny isleýärdi. Şonuň üçin ilki obadaky metjit-mekdepde onuň sowadyny çykartdy. Soňra Gürgenjiň medresesine okuwa saldy. Ilki erkinlikde ýören oba oglanyna medrese durmuşy, ol ýerdäki tertip-düzgün bilen öwrenişmek aňsat bolmady. Emma ylma bolan yhlasy zerarly kynçylyklardan rüstem gelip, berilýän bilimleriň jümmüşine aralaşmaga jan edip ugrady. Dini bilimlerden daşkary okadylýan felekiýet, jugrafiýa, edebiýat, pelsepe, mantyk ýaly dünýewi ylymlar ony has özüne çekýärdi. Okuwdan soň özüniň hüjresinde kalbyna ylham aralaşanda gazallar ýazardy. Tomsuň jöwzaly yssysynda medresede okuw togdadylyp, talyplara iki aý tätil berilýärdi. Ine, şonda Muhammet kakasyna derýada balyk awlamaga kömekleşýärdi. Ol derýanyň ölemen aşygydy. Balyk tutulmaýan beýleki wagtlarda-da, ol derýanyň kenaryna gelip, onuň tolkunlanyp, buralyp akýan mele suwuna seredip, sagatlap oturýardy. Käte gyrada gezim edýärkä gözlerini ýumup, hyýalynda gazallar düzýärdi. Ýatdan dokan gazallaryny öýüne gelip, depdere göçürip goýýardy. Günleriň birinde ol adatyna görä derýanyň gyrasynda gözlerini ýumup, hyýalynda gazal düzüp ýörkä gulagyna «Waý, indi nädeýin» diýen näzik ses eşidildi. Gözüni açyp seretse derýadan suw almaga gelen gyzlaryň biriniň tüňi elinden sypyp, suwa gaçypdyr. Muhammet şol bada köýnegini hem çykarman, özüni derýa atdy, çümüp barýan tüňi alyp çykdy.Suw gaby derýa gaçan gyz minnetdarçylygyny nädip aýtjagyny bilmän aljyrap duranynda joralarynyň biri ony dürtüp: - Mahynur, «Sag boluň» diý aýhyryn, - diýeninden soň - Sag boluñ, ýagşylygyňyz Alladan gaýtsyn-diýdi. Muhammet : - Sizdenem gaýdar-da - diýdi welin bu sözüne özü-de, gyz hem gyzardy. Gyzlar gülüşip, bokurdagyna ýüp daňylan tüñlerini arkalaryna atyp, ýola düşdüler. Olaryň yzyndan seredip duran Muhammet «Mahynur diýeni gowy gyz ekeni» diýip içini gepletdi. Muhammediň ýylgyryp duruşy, mylaýym garaýşy göz öňünden gitmedik Mahynur arkasyndaky suwly gabyň agramyny hem duýman barýardy. Ýigidiň «Sizden-de gaýdar-da» diýen sözi entegem gulagyndan gidenokdy. Şundan soň Muhammet derýanyň boýuna gelse ol gyzyň gelmegine garaşýardy, ony ýene bir gezek göresi gelýärdi. Emma ol gyz başga gelmedi, Suwa gelen beýleki gyzlar Muhammediň gözleriniň özleriniň arasyndan Mahynury gözleýändigini aňyp gülüşýärdiler. Ahyr olaryň biri Mahynuryň indi gelmejekdigini, ýakynda toýy boljakdygyny aýtdy. Bu habary eşiden Muhammediň ýüregi entek heserlenip ýetişmedik bolsa-da, bir hili jigläp gitdi. Emma ol gyzyň başganyň däl-de, hut özüniň ykbalyna ýazylandygyny Muhammet şol wagt nirden bilsin. *** Ine, indi gaýry ýurtlarda on ýyllap ylym öwrenip, alymlyk derejesine ýeten Muhammet ibn Salam ata Watany Horezme dolanyp gelýärdi. Ylym yzarlap ýurtdan gideninde entek otuz hem ýaşanokdy, bir wagt çepiksije oglana meňzeýän Mujhammet indi kyrkyna golaýlap barýan syratly, salyhatly ýigit bolupdy. Wagt diýilýän biçak gudratly zat adamy diňe beden taýdan däl, akyl we ruhy taýdan hem özgerdýär. Durmuşda görülen, eşidilen ähli zatlar, wakalar, hadysalar adamyň aňyna, duýgularyna öz täsirini ýetirmän goýmaýar. Olaryň ýiti täsir ýetirenleri hakydada möhürlenip galýar. Bagdatda geçen ýyllar hem Muhammediň hakydasynda öçmez yz galdyrypdy. Ol bu talyplyk ýyllaryny häli niçeler ýatlasa gerek. *** Kerwen Gürgenje gelip ýeteninde jahana gijäniň gara perdesi çekilipdi. Düzgüne görä galanyň derwezeleri daň atýança ýapylýardy. Şonuň üçin kerwen gelip düşen Hazarasyp derwezesiniň öňünde daňdana çenli garaşmaly boldy. (Gürgenjiň galasynyň derwezeleriniň her biriniň öz ady bardy. Bu derweze Hazarasp tarapa bakany üçin Hazarasp derwezesi diýilýärdi.) Daň agaryp ugranyndan ukuda ýatanlar örüşip namaz okamaga taýýarlyk görüp başladylar. Gije bir ýerlere ýitirim bolup, daňdana golaý goşa gelen Ibn Salam hem özüniň berkidilen düýesiniň üstündäki çuwaldan agzy gapakly kündügini alyp, täret kyldy-da, gije üstünde ýatan namazlygynda azan namazyny okady. Jahan ýagtylyp, daş-töwerek mesaňa görünende Ibn Salamyň nazary ilki bilen garşysynda magallaklap duran haýbatly beýik gala düşdi. Adam on ýyllap görmedik gadyrdanyna duşanynda nähili tolgundyryjy duýgulary başdan geçirýän bolsa Ibn Salam hem kalbynda edil şeýle tolgunma bilen beýik şäheriň daşyny gurşap alan bu belent diwarlardan gözüni aýyryp bilmän durup galdy. Ol şeýle äpet gala diwaryny gezen ýurtlarynyň hiç haýsysynda-da görmändi. Onuň aşagyna baryp, depesine seretjek adam bir eli bilen telpegini tutup seretmese telpegi aşak gaçardy. Ibn Salam näçe ýüz müňläp ilat ýaşaýan bu ägirt uly şäheriň daşyny şeýle beýik diwar bilen gurşamak üçin näçe müňläp adamlaryň, näçe ýyllap zähmet çekendigini göz öňüne getirýärdi. Ýaşlygynda galanyň beýle biçak haýbatyna onçakly üns bermändigine haýran galdy. Gürgenjiň galasynyň haýbatly görnüşi Horezme ilkinji sapar gelen kerwenbaşyny has hem heýjana salypdy. Ol ýanynda duran Ibn Salama ýüzlenip: - Muhammet, şäheriňiziň daşky görnüşi heýwere haýbatly ekeni, onuň içi nähili?-diýip sorady. - Gireniňizde görersiňiz, dostum. Ibn Salamyň kerwenbaşa «dostum» diýmesi ýöne ýere däldi. Olar ýaşytdaş we öz aralarynda ruhy taýdan ýakynlyk duýanlary üçin uzak ýoluň dowamynda dostlaşypdylar. Kerwenbaşy söwdagär maşgalasyndan bolsa-da sowatly, okuwly, edebiýaty söýýän, ylma sarpa goýýan, öz ene dili bolan arap diliniň ähli şiwelerinden daşgary pars we türki dillerini-de bilýärdi. Adam biri-birine dil arkaly ýakynlaşýar. Kerwenbaşy bilen Ibn Salam kä parsça, kä arapça, käte-de türkide gürleşip, dil tapyşdylar, dostlaşdylar. Kerwen dynç almak üçin goş ýazdyranynda ikiçäk söhbetdeşlikde Ibn Salamyň berýän gyzykly gürrüňleri, labyzly okaýan gazallary kerwenbaşyny käte tolgundyrsa, käte meýmiredýärdi. Gün çykmagynyň öň ýanynda belentligi on iki geze, ini on geze golaý daşyna demir gaplanan äpet derweze uly ses edip açyldy. Şol bada-da içerden çykan elleri uzyn naýzaly ona golaý nöker derwezäniň iki tarapyna geçip hatara durdular. Kerwenbaşy kerweniň şähere girmegi üçin rugsat almaga gitdi. Nökerleriň başlygy ony derwezäniň öňünde saklap, bir zatlar soranyndan soň içeri geçirip goýberdi. Kerwenbaşy baş derwezebanyň huzuryna girip, törde oturan ak sakgally ýaşuly adama gol gowşuryp salam berdi. Ýaşuly gelen kişiniň egin-başyndan arapdygyny bilip, "Ählän we sählän! diýip, ýerinden turup gelip görüşdi, arap dilinde saglyk-amanlyk soraşdy. «Ählän bik» diýip, oturmaga ýer görkezdi. Kerwenbaşy derwezebanyň özüni mylakatly garşylany, ene dilinde soraşany üçin juda hoşal boldy. (Şol döwürde arap dili halkara dil hökmünde giň ýaýrapdy. Aýratyn-da döwlet işinde işleýänler ony gowy bilmelidi) Kerwenbaşy derwezebana kerweniň Bagdatdan gelendigini aýdyp, oňa getiren harytlarynyň sanawy ýazylan kagyzy uzatdy. Derwezeban harytlaryň sanawyna bir laý göz gezdirdi-de, ony dört epläp, bir çetde goýdy. Soňra: - Muhterem jenap, düýn agşamara kerwen geleninden habarly bolanymyz üçin şu gün irden şäheriň häkimine, baş pajymana habar etdik. Siz olardan wekiller gelýänçä garaşmaly bolarsyňyz-diýdi. Kerwenbaşy köp garaşmaly bolmady. Ilki bilen şäher häkiminiň wekili geldi. Ol getirlen harytlaryň sanawyny gözden geçirdi-de, kerwenbaşa köpmanyly garap: - Jenap, siz kadany bilýänsiňiz-le... Gyrnaklaryň iň gözelini onuň aly hezreti horezmşa Äl Mämün penakärimize sowgat etmeli bolarsyňyz-diýdi. Kerwenbaşy edep bilen bir elini gursagyna goýup: - Gyrnaklar meniňki däl, eýesi bar-diýdi. - Kimiňki bolsa-da, şähere girip, kerwensaraýda ýerleşeniňizden soň özüm gelip, gyrnagy alyp giderin- diýip, wekil hökümli gepledi. Kerwenbaşy başyny egdi. Şäher häkiminiň wekili gideninden soň baş pajymanyň özi geldi. Ol hem harytlaryň sanawyny gözden geçirip, tölenmeli pajyň möçberini aýdanda kerwenbaşynyň gözleri tegelenip gitdi. Ol: - Tagsyr, bu juda köp bolýa dälmi? Biz ýurduňyza tomsyň jöwzasyna garamazdan aýlap ýol basyp geldik. Biz beýik Horezmini adalatyň höküm sürýän ýurdy diýip eşidipdik-diýdi. - Siz näme ýurdyňyzda adalat ýok eken, diýjek bolýaňyzmy? - diýip pajyman azgyryldy. - Ýok, asla beýle diýjek bolamok, tagsyr, tersine Horezmin adalatyň berkarar ýurdy diýjek boldym. - Onuň ýaly bolsa siz hem adalatyň has berkarar bolmagy üçin bir goşant goşmaly, ahryn-diýip, ol uçlary çekgesine ýetip duran ýaňy çalaryp ugran murtyny sypap goýberdi. - Düşündim, tagsyr . Biz bir bazaryňyza çykyp söwdamyzy açyp goýbereli, onsoň özüm siziň bilen habarlaşaryn-diýdi, kerwenbaşy elini gursagynyň üstüne goýdy. - Ine, munyňyz başga gep. Paç hem siziň habarlaşyşyňyza görä bolar. Şäherimizde on iki uly bazar bar, islän bazaryňyzda söwda ediberiň-diýip, it ýylgyryşyny eden pajyman Kerwenbaşy bilen mähirli hoşlaşdy. Bu zatlaryň gözli şaýady bolyp oturan derwezeban ak sakgalyny barmaklary bilen aralap, kellesini ýaýkady. Soňra haýsydyr bir şahyryň: - Hudaýym bendesine mähribandyr, We leýkin bendesiniň özi ýamandyr - diýen setirlerini ýuwaşja dile getirdi. Şundan soň derwezebanyň hakykatçy adamdygyna göz ýetiren kerwenbaşy oňa hormat bilen garap: - Tagsyr, indi hemme iş bitdi dälmi?-diýip sorady. - Ýok, inim, esasy iş indi başlanýar. Ýaňy gelip giden şäher häkiminiň wekili siziň hemmäňizi tibbi gözden geçirýen lukmanlary iberýär. Içiňizde ýokanç keselli adam bolmasa, onsoň şähere girmäge rugsat edilýär. Siz nä bu düzgünleri bileňizokmy? - Ýok, ýaşuly. Meniň Horezmine ilkinji gelişim. Öň biziň pederimiz gelýärdi. Indi ol kişi garrap, uzak ýola ýaranok. Şonuň üçin ýolbeledi bilen meni iberdi. Indiden beýläk pederimiziň kerwenini men ýöretmeli boldum. - Hä, şeý diýseňiz-le. «Ata kesbi ogula halal» diýipdirler. Işiňiz, söwdaňyz oňuna bolubersin, inim-diýip, derwezeban kerwenbaşynyň göwnüni göterýän dileg etdi. - Sag boluň, ýaşuly! Ýöne ýaňky aýdanyňyz meni uly ünjä goýdy. Eger aramyzda birde, ikide keselli bolaýsa nähili bolar? - Keselliňizi aýryp, hassahana ýatyrarlar, galanlaryňyza rugsat ediler. - Onuň ýaly bolsa gowy eken. Men aramyzdan keselli çykaýsa, nähili bolar, Yzymyza gaýtmaly bolarmyka, diýip gorkdum. Pederimiz hem düzgünleri maňa aýtmagy ýadyndan çykardymyka, aýtmady. - Gorkdum, diýseňiz-le - diýip, derwezeban ýylgyrdy. - Gorkyňyz ýerliksiz. Şonça haryt bilen gelen kerweni yzyna gaýtaryp bolarmy. Biziň ýurdumyzda hiç haçan beýle zat bolan däldir. Derwezeban sözüni gutaryp gutarmanka alty sany egni gök ýektaýly adamlar gelip girdi: - Ine, tibbi gözegçi lukmanlar hem geldi-diýip, derwezeban gelenleri kerwenbaşy bilen tanyşdyrdy. Şundan soň lukmanlar kerwenbaşy bilen kerweniň duran ýerine ugradylar. Kerweniň düzümindäki ýüze golaý adamy ýekän-ýekän gözden geçirýänçe kerwenbaşy Ibn Salama içerde bolan zatlary gürrüň berdi. Ibn Salam şäher häkiminiň wekiliniň taçlabyny, pajymanyň tamakinligini eşidip, öz ýurdynda-da şeýle adamlaryň barlygyna gynandy. Ýöne derwezebanyň aýdan iki setir goşgusyna garşy çykdy: - Muny haýsy şahyr aýdanam bolsa galat aýdypdyr. Hudaýymyň bendeleriniň ýamanyndan ýagşysy köpdür-diýdi. Soňra kerwenbaşa bir hili gülümjiräp seredip: - Ol wekil gelse burunlak (gyrnaklaryň eýesini burny adatdakydan has uly bolansoň kerwendäkiler şeýle atlandyrýardylar) gyrnaklarynyň birini, onda-da iň gözelini berermikä-diýip, sorady. Kerwenbaşy onuň sowalyny birneme geň görse-de: - Bermän oýnaram. Wekil ýalandanmy, çyndanmy patyşanyň adyny aýdyp dur, ahyryn-diýdi. Ibn Salamyň kerwendäki gullaryň, gyrnaklaryň nädip bu ýagdaýa düşenini oýlanyp, olara rehimi gelýärdi. Kerwen uzak ýoluň dowamynda näçe ýerde goş ýazdyryp, näçe ýerde dynç alynan bolsa Ibn Salam şonça-da adamlar bilen tanyşyp, olaryň hüý-häsiýetlerine ýetik bolýardy. Ilki tanyşanlarynyň biri-de gullaryň, gyrnaklaryň eýesidi. Ibn Salam bu burunlak adamy içinden ýaman görse-de, alyp barýan bendileriniň, aýratyn-da Rugsar atly bir gyzyň ykbaly bilen gyzyklanýandygy üçin onuň bilen iki dilde-de söhbetdeş bolýardy. Onuň asly pars bolup, arap ýurtlarynda-da, Mawerannahr ýurtlarynda-da, gul söwdasy bilen meşgullanýanlygy üçin arap, türk dillerini-de bilýän eken. Bir dynç alyşda çakyrdan keýpini köklän burunlak çaýyň başynda gürleşip oturan Ibn Salam bilen kerwenbaşynyň ýanyna gelip: - Size bir ajaýyp saz çaldyryp bereýinmi?- diýdi. - Serhoşlugyň diýdirýänimi bu aýdýanyň ýa çynyňmy?-diýip, kerwenbaşy onuň gepine kän bir ynanman sorady. - Çynym, agam, çynym - diýdi-de, goşuna gidip, bir salymdan eli dutarly bir gyzy yzyna tirkäp geldi. Ikisi hem görkezilen ýerde oturanlaryndan soň gyz sowally nazary bilen burunlaga garady. Ol «Başlaber» diýen manyda kellesini kakdy. Şundan soň dutar dile girip, ýürekleri endiredip barýan şeýle bir zaryn mukam ýaňlanyp ugrady welin, ony diňläp oturanlaryň gözlerine ýaş indi. Ibn Salam gyzyň perdeler üstünde oýnaýan näzik barmaklaryna, gözellikde bir kemsiz jemalyna seredip oturşyna bu gyzyň asly asylzadalardan bolsa gerek diýip çak etdi. Bu mukamyň yzyndan çalynan heň hem gyzyň ýürek hasratynyň beýany ýaly ýaňlandy. Uzak çalynan iki mukamdan soň gyz dutary gapdalynda goýup, maňlaýynda peýda bolan deri başyndaky öýmesiniň ujy bilen syldy-da, «boldumy?» diýen manyda burunlaga garady. Ol hem kerwenbaşy bilen Ibn Salama seredip: - Nähili, boljakmy biziň gyzyň dutar çalyşy? - diýdi. Kerwenbaşy geplemän başyny atdy. Ibn Salam gyza ýüzlendi: - Adyň kim, aýym? Nireden özüň? Gyz geplemän eýesine seretdi. Burunlak rugsat berdi: - Aýdyber, belki seni satyn alar. Bu kişi alym adam. Şunuň ýaly alymyň öýüne düşseň azar görmersiň. - Adym Rugsar, özüm Mazandarandan - diýip, Ibn Salamyň türki dilde beren sowalyna parsça jogap berdi. Mundan Ibn Salam gyzyň türki dili hem bilýändigini aňdy. Ibn Salam gyzyň öz dilinde ýene sowal berdi: - Ökde sazanda ekeniň, doganym, sen nädip bu ýagdaýa düşüp ýörsüň? Rugsar Ibn Salamyň sözleýiş äheňindäki mylakatlylygy, keşbindäki mähremligi ýüregi bilen duýup, özüne hossar tapynan ýaly boldy-da, özi hakda gysgaça gürrüň berdi. Onuň pederi ýurdy baglan sazanda bolupdyr. Rugsar hem ýaşlygyndan saza gyzyklanyp, dutar çalmagy öwrenipdir. Ol on bäş ýaşa ýetende pederi dünýäden ötüpdir. Pederi ölüminiň öň ýanynda gyzyny ýanyna çagyryp, özüniň dutaryny onuň eline berip: - Gyzym, bu dutar menden saňa galjak iň uly miras hem ýadygärlikdir - diýipdir. - Sen muny gaty aýawly sakla. Sen sazanda bolup, ile çykmasaň-da, kalbyňy hasrat gurşap alanda, meniň heňlerimiň birini çalsaň hasratyň ýeňlär, gam-gussaň yza çekiler. Saz ynsanyň ruhuny göterýän iň ajaýyp zatdyr... Pederi ýene bir zatlar diýmekçi ekeni emma ýetişmändir, gyzyna delminip bakan gözleri baky ýumulypdyr. Pederiniň wepatyndan soň gyzyň ýeke-täk güýmenji şu dutar bolupdyr. Onda dürli heňleri, mukamlary çalyp, kalbyndaky gam-gussany ýeňletmäge çalyşypdyr. Günlerde bir gün hemişeki adatyna görä öýlerinden biraz saýlanyp, hoş howaly ýerde dutar çalyp otyrka obalaryny Owgan tarapdan gelen ýagy basanyny duýman galypdyr. Dutaryny göterip gaçyp barýarka büdräp ýykylyp, dutaryny döwüpdir. Onýança bir atly ýetip gelip, gyzy çekip alýarda atyň öňüne basyp alyp gidýär. Şeýlelikde ol Bagdadyň gul bazaryna düşýär. Rugsaryň bu beren gürrüňi Ibn Salama gaty täsir etdi. Nobatdaky dynç alyşlykda, Ibn Salamyň berýän gyzykly gürrüňlerini diňlemäge höwesek burunlak çäýnek-käsesini göterip, kerwenbaşynyň goşuna geldi. Ol Ibn Salamyň kerwenbaşy bilen dostdugyny, hemişe onuň bilen bile iýip-içýändigini bilýärdi. - Sizler bilen bile çaý içsem hezil edýän. Alym agamyz köpden bäri gürrüň hem tapanok, şu gün diliniň gulpy açylmazmyka?! - Düýnki çalynan ýa sazdan, ýa sazy çalan gyzdan alym agaňa bir täsir ýetdi, şondan bäri dymyp ýör-diýip, kerwenbaşy degişmä salyp aýtdy. - Aý, sazdan täsir ýeten bolsa, agamyza her günem saz çaldyryp bereýin. Eger gyzdan täsir ýeten bolsa onuň özünem beräýerin. - Bäh! Men siziň beýle jomartdygyňyzy bilmeýän ekenim. Onda ol gyzy alym agaňyza beräýjekmisiňz? - diýip, kerwenbaşy birhili geň galmak bilen sorady. - Bermän näme, nyrhyny ylalaşsa... - Hä, hä! Nyrhyny ylalaşsa, diýsene-diýip, kerwenbaşy indi özüniň sadalygyna geň galdy. Ol ýene bir zatlar diýmekçidi, emma ondan öňürti Ibn Salam gepledi: - Bi, ylalaşyp, ylalaşmaz ýaly bahasy gaty gymmatmy gyzyň? - Arzanam däl, agam, sebäbi ol gyrnak entek el degirilmedik, gözellikde taýsyz, munuň üstesine ökde sazanda. Şeýle bolansoň bahasy arzan bolýamy? Ýöne agam, siz bir gowy adam, şonuň üçin size ylalaşyp bereýin. - Eý gardaş, ylalaşmak üçin ortada pul bolmaly. Eger meniň pulum bolsady, ylalaşaly diýmän aýdan bahaňa alardym hem-de ony islän ýerine gitmäge kömegem ederdim. Burunlak tüýsüz çekgesini gaşap, Ibn Salama geňirgenip seretdi, soňra ardynjyrap şeýle diýdi: - Agam, men bir zada düşünemok, ýagny, siz puluňyz bolup, ol gyrnagy menden satyn alsaňyz, soňra ony özüňiziň aýdyşyňyz ýaly azat edip, islän ýerine iberseňiz, siz näme peýda edýäňiz? Ibn Salam: - Meniň etjek peýdamy, şu beren sowalyňyza garanda siz hasaplap bilmeseňiz gerek, ýagny düşünmersiňuz-diýip, beren jogabynda onuň «ýagnysyny» gaýtalap agzyny öýkündi. Muny burunlak aňşyrmady. Adam ýaman görýän adamyna sataşanda içindäki ýigrenjini ýa söz bilen ýa bir hereket bilen ýüze çykaranyny özü-de duýman galýar. Ibn Salam hem burunlagyň agzyny öýkünmek bilen çäklenmän. Ýene-de onuň çetine degjek boldy: - Eý, ýagşyzada, - onuň bu sözi kakdyryp aýdanyny burunlak duýmady. - Siz rehimdar adama meňzeýäňiz, ýöne näme üçin beýle birehim, şepagatsyz adamlaryň edýän işi bilen meşgulanýaňyz? - Ha-ha-ha... - Burunlak hahahaýlap güldi. - Bu zamanda rehimdarlyk bilen gün görüp bolýamy, ýagny, gazanç edip bolýamy, tagsyr? Zamananyň zeýli şeýle. Bizem şoňa görä-de. Ine, kerwende menden başga-da söwdagärler bar. Olar jansyz haryt satýa, men bolsa janly haryt satýan ýagny şeýdip gazanç edýäs. Indi özüňizden hem sorasak, siz näme gazanç etmäge barýaňyz? Burunlak Muhammet ibn Salamyň alymdygyny bilse-de, onuň asly horezminlidigini bilmeýärdi. Ol hem Gürgenje özüniň bir peýdaly işi bilen barýandyr diýip pikir edýärdi. - Men örän uly gazanç etmäge barýan. Siz ony hiç zat bilen ölçäp, deňäp bilmersiňiz - diýip, Ibn Salam ýylgyrdy. - Oho! Ol nähili gazanç, agam? - Ol ylym, diýilýän gazanç - Ylym?... Özüňiz ylymly alym bolsaňyz, size ýene ylym nämä gerek, agam? - Ylym diýýilýän çäksizdir, gardaş. Gürgençde Horezmşa Mämün tarapyndan açylan «Beýtil hikme» diýilýän ylmy mesgen bar. Ol ýerde Aburaýhan Biruny, Abu Aly Ibn Sina, Abu Nasyr Ibn Yrak ýaly beýik alymlar bar. Men şolardan öwrenip, ylymymyň üstüne ylym goşmak üçin barýaryn. Indi düşündiňizmi?! Ibn Salam soňunda bir gatyrak söz aýdyp, bu nadan adamy ompa oturtjakdy, emma saklandy. Çünki, Gürgenje çenli onuň bilen arany bozmak, gatnaşygy saklamagy gerekdi. Bu ýöne ýere däldi. Reýimbaý SABYROW. * * * (Bellik: Romanyñ doly warianty türkmen we özbek dillerinde ýakynda saýtymyzyñ kitaphanasynda goýuljakdyr. Sahypamyzda galyñ !!!) | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |