15:08 Gürgenç / 3-nji kitap -19 | |
XIX BAP
Taryhy proza
Emirleriň hatyny alyp barýan çaparlar Gürgenjiň ýary ýoluna-da ýetmänkä, ak piliň üstündäki tagty rowanda aý bogdaşyny gurup oturan Horezmşa uly dabara bilen Gürgenjiň derwezesinden girdi. Ol özüni garşy alan mähelläniň alkyş sedalarynyň astynda köşgüň öňündäki meýdança baryp, pili idip baran pilbanlaryň kömegi bilen aşak düşdi. Köşgüň öňünde hatarlanşyp duran ogullary, gyzlary şatlykly ses edişip, pederlerini gurşap aldylar. Muhammet şa perzentlerini ýekän-ýekän ogşap, olara hoş sözler aýtdy. Soňra çagalaryň şatlanyşyna ýylgyryp seredip duran käbesi bilen baş egip salamlaşdy, onuň iki egnine ellerini degrip, maňlaýyna sylyp, togap etdi. Bir çetde öz nobatyna garaşyp duran Aýçeçek ýuwaş ýöräp gelip, egilip salam berdi. Terken hatyn oglunyň Aýçeçek bilen salamlaşyşyny göresi gelmedimi, nämemi Jelaletdinden başga çagalary alyp köşge girip gitdi. -Aýçeçegim, gurgunmyň, saglyk-salamatlygyň gowymy?-diýip Muhammet şa mähir bilen soraşdy. -Gowy, şahym. Özüňiz saparda gynanmadyňyzmy? Söýgüli aýallaryňyz gowy hyzmat etdimi?-diýip, Aýçeçek çalarak ýylgyryp diýdi. Muhammet şa kellesini ýaýkap, gülümjiredi, bir zat diýmekçi boldy-da, ýene saklanyp, töweregine esewan etdi. Ýakyn töwerekde köşgüň gezim edip ýören goragçylaryndan başga adamlar ýokdy. Şonda-da Muhamme şa meýdanda aýal bilen ýaňsylaşyp durmagy bir hili gören bolsa gerek. Ol: -Aýçeçek, ýör jaýyňa baraly, galan gepi şol ýerde gepleşeris-diýip, aýalyny içeri alyp girdi. Köşgüň uzyn dälizinden Aýçeçegiň jaýyna barýança Jelaleddin kakasynyň elinden ýapyşyp, sapary hakda sorap bardy. Soňunda: -Pederim, men Siz sapardakaňyz at münmegi öwrendim. Indi sapara Siziň bilen atly gidip biljek, alyp gidersiňiz-ä? -Sen ýaňy on ýaşa girdiň. Sapara gitmegiňe entek birazrak wagt bar. Wagty gelende men seni ýöne däl goşuna serkerde edip alyp giderin-diýip, Muhammet şa oglunyň arkasyna kakdy. Kakasynyň gepine wagty hoş bolan Jelaleddin yzyna jigileriniň ýanyna oýnamaga gitdi. Aýçeçegiň jaýyna girenlerinden Muhammet şa: -Aýçeçek, seniň şu gabanjaňlygyň galjak däl-ow. Söýgülim-ä sen. Seni näme üçin sapara alyp gitmeýänligimiň sebäbini saňa öň düşündirdim. Sen “Ýol azaby-gör azaby” diýen nakyly bilmeýärmiň? -Bilýän, ýöne bu ýerde Sizsiz geçýän rahatlykdan Siziň bilen ýol azaby gowy maňa. -Bäh! Aýçeçegim, meni şeýle gowy görýäňmi? Men muny öň bilenimde, seni aýap, goýup gtmän, alyp giderdim. -Mundan beýläk alyp gitseňiz hem bolýar. Men gitsem, diňe aýalyňyz hökmünde däl, at-ýarag berseňiz bir söweşiji hökmünde hem gulluk ederin. Dogrymy aýtsam, bir bedewiň üstünde Siziň bilen bile söweşe giresim gelýär. -Oho! Islegiň juda üýteşig-ä, Aýçeçek! Söweş meýdanyna jan bazary diýilýär. Ol ýerde janyny "satyp" gaýdýanlar az bolmaýar. Onsoňam aýal kişiden janyny has “arzan” alýarlar. Men seniň janyňy beýle bazara salyp bilmen. -Meniň eşitmişime görä, goşunyň yzyndaky hojalyk bölümde gulluk edýän aýallaryňam söweşe girýänleri barmyş-a. -Dogry, bar. Ýöne olaryň ärleri aýalyny meniň ýaly gowy görýän däl bolmaly-diýip, gülümjiredi-de, Aýçeçegi özüne çekip, guçdy. Gujagyndan boşadansoň. -Agşam gelýän, garaş!-diýip çykyp gitdi. Oňa käbesi-de garaşýardy. Terken hatyn garaşyp oturyp, öýle namazynyň wagtyny geçirip goýberenini-de duýman, soňundan kazasyny okady. Muhammet käbesiniň huzuryna gün peýşinden aganynda geldi. Şunça wagtyň aýraçylygyndan soň oglunyň öz ýanyna beýle garaşdyrman gelibermänine biraz ýüregi çişen Terken hatyn: -Gel oglum, saňa häliden bäri garaşdym-diýip, sowugrak garşy aldy. -Garaşyp oturanyňyzy bilip geldim käbäm, ýogsam biraz ýatyp dynç aljakdym-diýdi Muhammet. Gepiniň manysynyň parhyna barman aýdyp goýberen bu sözi Terken hatynyň öň çişen ýüregini beter çişirdi. Indi ol öýkesini ýaşyrman gepledi: -Şeý diýsene. Sen özüň isläp, küýsäp gelmän, meni garaşyp oturandyr, barmasam bolmaz diýip gelipsiň-dä. -Ýok-how, käbäm, uzak saparda ilki küýsänim, Siz bolduňyz. -Oglum, adam ilki bilen ilki küýsäniniň ýanyna barýar. Senem ilki bilen ilki küýsäniňiň ýanyna bardyň. Şu zamanda aýal enedenem ileri tutulýan boldy öýdýän. Muhammet gyzardy. Aradaky dartgynlygy gülüp ýumşatmakçy boldy, soňunda: -Beýle diýmäň, käbäm! Dünýäde eneden ileri tutulýan zat ýokdur!-diýdi. Terken hatyn biraz köşeşen ýaly boldy. Ol: -Şuny çynyň blen aýdan bolsaň ýagşy-diýdi.-Hany, indi maňa getirmedik sowgadyňyň ýerine saparyň hakda, eden peýdaň, çeken zyýanyň, alan sebitleriň barada gürrüň ber. Muhammet ejesiniň sowgat hem tama edenine geň galyp diýdi. -Käbäm, Size saparymy başdan-aýak gürrüň berjek. Gürrüňi Siziň häzir ýadyma salan sowgatdan başlaýyn. Käbäm, saparym çagynda alnan ähli oljalar, paçlar, ýesirler, galyberse-de zabt eden ýurtlar Size sowgat bolsun. Terken hatynyň ýüzi açylyp, ýylgyrdy: -Sag bol, oglum. Ýöne bu aýdanlaryň döwlete degişli. Maňa olar ýaly köp zat gerek däl. Maňa “Ine käbäm, size Horasanyň baglaryndan” diýip, birje alma getiren bolsaň hem ýeterlikdi. Sowgat diýilýäniň manysy zat däl-de üns. Eger sen şeýden bolsaň, men özümi seniň ünsüňden düşmändigimi duýardym-diýip, Muhammede synçy nazaryny dikdi. “Ejem garradygy saýyn ynjyk bolup barýar. Öňki sapardan gelenimde sowgat dagy diýmändi. Indi nädip munuň göwnini alsamkam?” diýip, iňkise giden Muhammedi ejesiniň: -Muhammet, näme pikire gitdiň?-diýeni özüne getirdi. -Hä hawa. Käbämiň göwnüni nädip alarkam-diýip oýlanypdym diýip Muhammet ejesine şelaýynlyk bilen seretdi. -Şeý diýip oýlanan bolsaň göwnümi aldygyň bolaýsyn, men öýkämi goýdym. Indi saparyňyň gürrüňini edeli. Maňa boýdan-başa gürrüň ber. Muhammediň Horasana aralaşanyndan başlap, ak pile münüp, Gürgenje gaýdanyna çenli bolan wakalar hakda beren gürrüňi ejesiniň göwnüni arşa göterdi. Bir ýörüşde şunça şäherdir galalary degişli sebitleri bilen boýun egdirip, Horezmiň tabynlygyna geçirmegi Terken hatynyň ogluna bolan buýsanjyny has artdyrdy. Ol: -Berekella oglum, uly iş bitripsiň. Horezminiň serhetleri ýene-de giňäbersin!-diýdi. Onuň diýenine üns berdiňizmi? Terken hatyndan başga ene bolanda beýle sözi diýmezdi. “Oglum, öz ýurduňda parahatlyk bilen döwranyňy sürüp oturgyn. Ýörüşler, söweşler hatarly, howply iş” diýerdi. Ýok ol beýle sözi hiç haçan aýtmaz, çünki onuň ganynda hem jahangirlik hyjuwy bolsa nätsin. Muhammet sapardan meýilleşdirip gaýdan, ejesine-de ýaraýan maksadyny orta atdy: -Käbäm, indi nobat Mawerannahra geldi. Bu baý hem gözel ýurdy-da ele salsak Siziň aýdyşyňyz ýaly Horezminiň serhetleri ýene-de has giňär. -Dogry. Bu maksadyňa-da Alla ýetirer enşala. Onsoňam häzir Mawerannahr bidin gara hytaýlaryň elinde. Sen ol ýurdy bidinlerden azat etmek üçin söweşe atlansaň, bu söweş gazat söweşi bolar. Gazatda gurban bolanlar şehitdir. Şehitleriň jaýy bolsa jennetdir. Muhammet ajy ýylgyrdy: -Onuň ýaly bolsa menem şehit bolsam jennete düşjek ekenim-dä. -Ýok beý diýmäweri, oglum. Sen goragyňda şunça serbazyň bilen şehit bolmarsyň. Men gazada gatnaşjak serbazlaryñy nazarda tutup aýtdym-diýip, Terken hatyn ör gökden geldi. Eneli-ogluň söhbeti şama golaý tamamlandy. Muhammet şam namazyny okap, wadasyna görä Aýçeçegiň huzuryna bardy. *** Muhammet ejesiniň huzurynda ogul, Aýçeçegiň huzurynda är bolan bolsa, ertesi köşgüň mejlisler eýwanyndaky tagtynda Horezmşa bolup işe başlady. Bu ýere özüniň buýrugy boýunça wezir-wekiller, serkerdeler, emirler, ulamalar, kethudalar we beýleki döwlet işgärleri ýygnandylar. Horezmşa ilki ýurtdaky ahwal, kemçilikler, üstünlikler barada degişli adamlaryň habaryny diňledi. Derwaýys düzetmeli kemçiliklere aýratyn üns berdi. Şeýle kemçilikleriň biri hökmünde Gürgenje gelýän kerwenleriň barha köpelýändigi sebäpli kerwensaraýlarda ýer ýetmän başlanlygy aýdyldy. Horezmşa kellesini ýaýkap, weziri Nasyreddin Muhammet ibn Salyha garady. -Jenap weziri agzam, siziň bu ýagdaýlardan habaryňyz ýokmy? Kerwensaraýlarda ýer ýeterli bolmasa, derhal bir, gerek bolsa iki kerwensaraýyň gurluşygyna başlap goýbermeli ekeni. Eger şeýden bolsaňyz bu wagta çenli olaryň gurluşygy bir çene barardy. Bu işiň ugruna çykyň! -Lepbeý, Aly hezret, ertirem däl, şu bugün ugruna çykaryn-diýip, ýerinden turan wezir bir elini gursagyna goýup başyny egdi. Muhammet şa oňa kinaýaly seredip: -Şu bugün bolsa juda ýagşy. Aýdyň hany işi nämeden başlajak bolýaňyz? Nämeden başlajagyny entek weziriň özi-de bilenokdy. Şonuň üçin birden jogap berip bilmän aljyrady. Muhammet şanyň özüne ýiti nazaryny dikip oturanyny görüp: -Aly hezret, men gurluşyk boýunça baş muhandisi çagyryp, onuň bilen maslahatlaşyp, işi oňa tabşyraryn. -Onsoň baş muhandis kerwensaraýy nämäniň hasabyna, öz emläginiň hasabyna gurarmy? -Ýok, oňa hazynadan pul bererin. -Hazynadan pul bererin?! Haýsy hazynadan, döwletiň hazynasyndanmy ýa öz hazynaňyzdanmy? -Meniň öz hazynam ýok, Aly hezret. -Onda döwletiň hazynasy siziň ygtyýaryňyza geçdimi? Men siziň hazyna gol uzatmagy gowy görýäniňizi bilýän. Mundan beýläk hazynanyň golaýyna barmarsyňyz-diýip, Horezmşa ondan ýüzüni sowup, başgalara ýüzlendi. -Jenaplar, Gürgençde kim köp, puluny nirede goýjagyny bilmän ýören baýlar köp. Şolaryň islendik birine ýer berip, kerwensaraý gurmak teklip edilse jan diýip razy bolýar. Çünki geljekde hususy kerwensaraýyndan gowy girdeji gelip durjagyny bilýär. Bu gep wezir Muhammet ibn Salyhyň nebsini gozgady. -Aly hezret, baýlara teklip etmek gerek däl, kerwensaraýy özüm guraryn-diýip, ol garaşylmadyk sözi aýtdy. -Şeýlemi?-diýip, Horezmşa oňa garap, ajy ýylgyrdy: -Siziň wezir bolanyňyza näçe ýyl boldy? Bu sowalyň näme üçin berlenine ilki düşünmedik wezir: -Bäş ýyla golaýlady, Aly hezret-diýdi. -Şu bäş ýylyň içinde döwletden alan aýlyk hakyňyzdan, maşgalaňyzdan artdyryp, ýygnan puluňyz kerwensaraý ýaly uly ymarat gurmaga ýetermi? -Ýetmese karz alaryn. -Uly puly karz berjegi tapaýmagam aňsat däldir. -Aly hezret, şu gara kellämi girewe goýsamam pul taparyn. Muhammet şa onuň hiç kimden karz almajagyny, özüniň haram ýollar bilen ýygan pulunyň köpdigini bilýärdi. Onuň şuňa-da kanagat etmän, kerwensaraý gurmakçy bolýanyna gahary geldi: -Siziň şu girewe goýjak gara kelläňizi bir eýýam jellada tabşyrmalydy, haýp, bu iş bir sebäbe görä soňa galyp gelýär-diýip, Horezmşa uludan demini aldy. Bu ýerde oturanlar patyşanyň aýtmadyk sebäbini-de, ony näme üçin ýaman görýänini-de bilýärdiler. Şoňa görä Horezmşanyň soňky aýdan sözüni hiç kim geň görmedi. Muhammet ibn Salyh bolsa arkasynda Horezmşadan hem güçli howandarynyň bardygy üçin hiç zat bolmadyk ýaly ýerinde oturdy. Horezmşa wezire kinaýaly bir göz aýlady-da, oturanlara garap: -Jenaplar, Kerwensaraý gurmak üçin jenap Muhammet ibn Salyhy karza batyrmaly-da, Gürgenjiň baýlarynyň birine teklip edäýeli-diýip, ýaňsa alyp gepledi. Muňa oturanlaryň käbirleri ýylgyryşyp başlaryny atdylar. Muhammet şa adamlara göz aýlap, nazary ikinji weziri Ala al Mülk al Alawyda eglendi: -Jenap Alawy, bu işi Size tabşyrsak, oňararsyňyz diýip ynanýan-diýdi. Ady tutulan wezir ýerinnden turdy: - Oňarjagyma özümem ynanýan, Aly hezret-diýip, Alawy elini gursagyna goýup ýylgyrdy. -Siz şahyr adam. Kerwensaraýy gurjak baýa gurluşyk gutaransoň bir kasyda bagyşlamagy wada etseňiz, ol kerwensaraýy has uly hem üýtgeşik edip gurar-diýip, Horezmşa hem ýylgyrdy. Alawy goluny gursagyna goýup başyny egdi. Şunuň bilen kerwensaraýly meselä nokat goýuldy. Adamlar hökümdaryň ardynjyrap ykjamlananyndan indi onuň esasy meselä geçjekdigini aňdylar. Hakykatdan hem şeýledi. Horezmşa pikirini jemleýän kimin bir salym dymyp oturdy-da, indiki meseläniň näme hakdadygyna gyzygyp özüne ünsli seredip oturan adamlara garap söze başlady: -Muhterem jenaplar! Pederimiz Tekeş soltan hezretleri Watanymyz Horezmini beýik döwlet etmegi arzuwlap, şu ugurda köp işleri edip gitdi. Pederimiziň ýetip bilmedik arzuwyny amala aşyryp bilsek, bu beýik döwlet ähli horezminliniň buýsanjy bolar. Bu gezekki saparymyzda Horasan tutuşlygyna Horezminiň tabynlygyna geçirildi. Indi bidin gara hytaýlaryň tabynlygyndaky Maweranahry hem alyp, Horezminiñ tabynlygyna geçirmegi başarsak bu pederimiziň, has dogrusy hemmämiziň hem arzuwymyz bolan beýik Horezmin döwletiniň emele gelmegine uly goşant bolar. Emma Mawerannahra ýörüş etmek üçin goşunymyzyň häzirki ýagdaýy dogry gelmeýär. Sebäbi biz Horasanda alnan şäherdir galalara bir bölüm bir bölüm leşger goýup gaýtdyk. Şonuň üçin leşgeriň üstüni dolduryp, goşunymyzyň güýjüni has artdyrmagymyz gerek. Goşunyň adam sanyny artdyryp güýçlendirmek üçin serişde-pul gerek. Gerek puluň hemmesini hazynadan alyp bolmaz, ýurdyň içerki işleri üçin hem hazynada pul durmaly. Ilata-da nobatdan daşary salgyt salsak gowy däl. Şonuň üçin şu ýerde oturan ähli döwlet hadymlary bu beýik ýörüşe goşandyny goşmagy gerek. Ine, weziri agzam jenaplary azyndan on müň dinar goşar. -Aly hezret mende onça pul ýok... -Onça puluňyz ýok bolsa Kerwensaraýy nädip gurjakdyňyz? -Karz aljakdym, Aly hezret. Ýaňy-da şeý diýdim-ä... -Häzir garşyňyzda oturan şyhnyny adamlary bilen iberip, öýüňizi dökdürerin. Ana şonda has köpe düşersiňiz, gowusy geplemän oturyň. Häli jellatly gep aýdylanda üýtgemedik weziriň ýüzi pula gezek gelende gara ört boldy. Horezmşa sözüni dowam etdirip, Gürgenjiň mähelle kethudalaryna ýüzlendi. -Muhterem kethudalar, sizleriň her biriňiziň mähelläňizde bir kiçiräk galanyň ilaty ýaşaýar. Olaryň arasynda barly adamlar az däl, tutçar baýlaram bardyr. Sizler şolar bilen gepleşip, alyp bileniňizi Diwan al arda getirip tabşyryň. Ine şeýdip, ýeterli serişde toplasak, ýörüşe taýýarlyk görübermeli bolýar. Biziň bu ýörüşimiz bidinlere garşy gazat söweşi bolar. Gazada bolsa Şeýhulyslamymyz hem, ulamalarymyz hem ak pata bererler. Ýygnakda ýarawyzlygy zerarly Şeýhulyslam ýokdy, beýleki ulamalar şanyň soňky sözüni baş atyp makulladylar. Horezmşa ýygnakdan soň wezirleri, hajyplary, serkerdeleri alyp galyp, ýörüşe taýýarlyk boýunça olaryň her birine aýratyn tabşyryk berdi. Wezir Nasyreddin ibn Salyh şanyñ huzuryndan sypynan badyna howandary Terken hatynyň huzuryna bardy. Ol gapydan gireninden Terken hatyn onuň näme üçin gelenini bildi. Çünki ýygnakda bolan gepler oňa eýýam ýetipdi. Terken hatynyň köşk hadymlaryndan biri däl iki jansyzy bolup, olar meýlislerde, meşweretlerde, ýygnaklarda bolan gep-gürrüñleri ýetirip durýardylar. -Hä, weziri agzam, ýüzi-gözüňizden gar ýagýar, näme boldy?-diýip, Terken hatyn çalarak ýylgyrdy. Wezir: -Hudawendi jahan hanym, ogluňyz maňa on müň dinar jerime saldy. Men onça puly nädip tölärin-diýip, aglamjyrady. -Birinjiden size salnan pul jerime däl, bir beýik işe goşant, kömek. Ikinjiden on müň dinar siziň güýjüňiz ýetmeýän pul däl. Belki, baýlygyňyzyň üçden birem däldir. Onsoňam, patyşanyň emrini men yzyna gaýtarsam bolmaz, gelişmez. Beriň. Galan iki bölegini hem sowup ýetişmersiňiz-diýip, Terken hatyn weziriň lapyny keç etdi. Wezir geplemän başyny çalarak egip, çykyp gitdi. *** Mawerannahra ýörüşe taýýarlyk gyzgalaňly gidýän wagty Samarkandyñ hökümdary Osman soltan hem-de ulamalar Horezmşaga nama ýollap, ondan Mawerannahryň ilatyna sütemini artdyran gara hytaýlaryň garşysyna göreşmekde kömek soraýarlar. Osman soltan öz hatynda Muhammet şaga şeýle sözler bilen ýüzlenýär: “Merhemetli muhterem Horezmşa hezretleri, Allatagala Size hökümdar hökmünde musulmanlary bidinleriň zulmundan gutarmak, ýurdyny azat etmek üçin egsilmez güýç-gudrat beripdir. Siz bidin garahytaýlar bilen söweşe girseňiz bizem Siziň ýaranyňyz bolup, bile söweşeris. Nesip edip, bidinleri derbi-dagyn edip, ýurtdan kowup çykarsak, öň olara berilýän paç-hyrajy Size bereris hem-de adyňyz Mawerannahryň ähli metjitlerinde okalýan namazlarda hütbä goşular”. Muhammet haty okap, makullaýjy manyda başyny atyp ýylgyrdy. Öz içinden “Mawerannahr hem öz-özünden biziňki boljaga meňzeýär” diýdi. Bu hat Mawarannahra ýörüşi tizleşdirdi. Horezmşa Diwan al Arddan leçgeriñ adam sanyny soranynda "kyrk müň töweregi" diýen jogaby eşidip, “Ýetmezmikä, ýeter-leý. Osmanyň hem on, on bäş müň söweşijisi bardyr. Şonlukda elli müňden hem agdyk leşger bilen gara hytaýlary kül ederis” diýdi içinden. “Enşalla” diýmedi, ähli zat Allanyň eradasyna baglydygyny unutdy. Ol tizräk ýola çykmaga howlugyp, serkerdeleri çagyrdy. Olara iküç güniň içinde taýýarlyk işlerini jemlemegi tabşyrdy. Aýdylan möhlet geçip, Mawerannahra tarap ýola düşüldi. Horezmşa Mawerannahra aralaşanynda Buharada dörän gozgalaň sebäpli ol ýerde eglenmeli boldy. Bu ýerde gara hytaýlaryň dikmesiniň bolmagyna garamazdan, häkimiýet burhanylaryň elindedi. Olaryň häkim bellenen wekili özüni “Sädr jahan” diýip atlandyryp höküm sürýärdi. Ine şu burhanylaryň garşysyna baş göteren gozgalaňçylar olary şäherden kowup çykaryp, häkimiýeti ele alýarlar. Gozgalaňçylaryň baştutany galkan ussasynyň ogly Sanjar atly ýigit özüne Mälik derejesini berip, gara hytaýlary-da äsgermeýär. Bu ýerdäki gara hytaýlaryň wekili hem elinde goşun bolmansoň ýagdaýy düzedip bilmäni üçin burhanylar Mawerannahra gelýän Horezmşanyň öňüne adam çykaryp, ondan ýardam soraýarlar. Horezmiň goşuny gelip, şäheri gozgalaňçylardan arassalaýar, olaryň ýesir düşen baştutany Sanjary Horezmşanyň öňüne getirýärler. Murty ýaňy taban, syratly, görnüşinden merdemsi ýigide Horezmşanyň syny oturýar. Ol: -Jenap Sanjar malik, näme sebäpden gozgalaň turuzyp ýörsüň?-diýip, Horezmşa "malik" sözüni degişme äheňinde aýtdy. -Aly hezret, gozgalaňy men turuzmadym, ony adalatsyzlyk diýen zat turuzdy-diýip, Sanjar gypynç etmän jogap berdi. Horezmşa Sanjaryň bu jogabyndan burhanylaryň ilata sütem edendigini aňdy. Ol Sanjaryň başyny dik tutup, merdana duruşyna garap: “Ine şunuň ýaly ýigitler adalatsyzlygyň, zulmuň astynda köpler ýaly gününe kaýyl bolup ýörmezler, bir gün bolmasa bir gün baş götererler” diýip, serinden geçirdi. -Şeý diýsene, biz bu ýerde adalatsyzlygyň tarapyny çalyp, nädogry iş edäýdikmikä?-diýip, Muhammet şa Sanjara garady. Sanjar: -Siziňkini bilmedim welin, adamzat taryhynyň dowamynda hökümdarlar hökümdarlaryň, garamaýaklar garamaýaklaryň tarapyny çalyp gelýär-diýdi. Horezmşa onuň bu gepine kinaýa bilen ýylgyryp: -Seniň bu gepiň dogry däl. Garamaýaklaryň arkasyny çalýan adyl hökümdarlaram bar-diýdi. Sanjar uludan demini alyp: -Aly hezret, özüňizi olaryň biri hasaplaýan bolsaňyz, ilki biziň üstümize hüjüm etmän, burhnylardan gozgalaň näme üçin turdy diýip soramalydyňyz-diýdi. Muhammet şa bir hili boldy. Hökümdaryň ýüzine beýle sözi aýtmaga her kim milt edip bilmez. Sanjar aýtdy. Agyzdan çykan söz-atylan ok. Özem nyşana degdi. Muhammet şa hakykat näçe ajy bolsa-da, oňa ten berýärdi. Şonuň üçin Sanjara jeza bermäge derek. -Ýalňyşmaýan diňe Alladyr. Hökümdar näçe adyl bolsa-da Alla derejesinde däl-de-diýip hatasyny öwrümli sözler bilenem bolsa boýun aldy. Ýüzüne geleni üçin näme jeza bererkä diýip, garaşyp duran Sanjar Horezmşanyň bu sözünden onuň adyl şadygyna ynandy. Şunuň bilen gürrüň tamam boldy. Horezmşa, barybir, Sanjary ýesirlikden boşatmady, ony Gürgenje iberdi. Munuň bilen ol Sanjary özüniň adyl şadygy hakyndaky pikirinden dändirdi. Häkimiýetde ýene öz ýerlerini eýelän burhanylar Horezmşa bilen onuň goşunyna edibilen hezzet-hormatyny etdiler. Horezmşa Buharanyň köşgünde oturyp, Samarkanda emir Dort Abany Osman soltan bilen gepleşik geçirmek üçin iberdi. Gepleşigiň dowamynda Osman soltan Horezmşaga ýazan hatyndaky wadalaryny tassyklap, gara hytaýlara garşy bilelikde söweşmek üçin goşunynyň taýýardygyny mälim etdi. Emir Dort Aba Osman soltan bilen hoşlaşyp, ýanynda gelen dört serbazy bilen şäheriň içi bolansoň atlaryny ýuwaş sürüp barýarkalar bir gara sakgally adam köçäni kesip geçip gelip, Dort Abanyň atynyň jylawwyndan tutup saklady. Aň-taň bolan Dort Aba: -Kim sen? Näme gerek?!-diýip, azgyryldy. Ol adam jogap ýerine: -Essalawmaleýkim emir Dort Aba jenaplary!-diýip salam berdi. Dort Aba onuň salamyny alyp: -Siz meni nirden tanaýarsyňyz? Men-ä sizi tanamadym, kim siz?-diýdi. -Men siziň dostyňyzyň dosty. -Kim dostumyň? -Emir Abdal dostuňyzyň. -Ony dünýäsini täzeläpdir diýip eşidipdim, ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň. -Siz nädogry eşidipsiňiz. Ol häzir hassahanada ýatyr. Siziň Samarkanda geleniňizi eşidipdir. Siziň bilen bir didarlaşasy gelýär. Şonuň üçin sizi tapyp getirmegimi mendan haýyş etdi. Onuň ýanyna bir degip geçäýiň. Hassany soramak sogapdyr. -Hökman degip geçerin. Hany ýola başlaň, hassahana-diýip Dort Aba dostuny görmäge howlukdy. Gara sakgally Dort Aba dagynyň öňüne düşüp, hassahana alyp geldi. Atlylar hassahananyň howlysynyň derwezesiniň öňünde atlaryndan düşdüler. Dort Aba atynyň jylawyny serbazlarynyň birine berip, gara sakgally bilen derwezeden howla girdi. Uly howlynyň ortasyndaky howuzyň boýundaky güjümleriň aşagynda bir näçe agaç sekiler bardy. Gara sakgally Dort Abany şol sekileriň birinde oturan orta ýaşlaryndaky sakgal-murty seýrregräk, ýarym köse geýnüwli adamyň ýanyna alyp bardy. Ol adam Dort Aba bilen ýerinden turup, salyhatlylyk bilen salamlaşyp görüşdi, soňra ýerine oturyp, Dort Aba-da oturmagy teklip edip, ýanyndan ýer görkezdi. Dort Aba bu ýerde bir “oýnuň” bardygyny duýup, sakawyň soňuna seretmek üçin geplemän görekezilen ýerde oturdy. Köseleç adam: -Dostuňyz emir Abdal gowy adamdy pahyr. Gowylaryň jaýy jennetdir-diýip, merhumyň hakyna doga-dileg eden bolup, ellerini ýüzüne syldy. Dort Aba geplemän oturyp bilmedi: -Meni bu ýere näme üçin çagyrdyňyz? Dostum bilen duşurmak üçin meni jennete eltjek bolýaňyzmy? -Emir jenaplary, sabyr ediň, jennete entek gaty ir. -Onda bu oýnyňyzy düşündiriň. -Biziňki oýun däl, çyn. Siz “Alla nazar salmaý kişi soltan bolmaz” diýen hikmeti eşitmänmidiňzi? -Eşidipdim. -Eşiden bolsaňyz, size-de Allanyň nazary düşdi, siz Horezmine soltan bolýaňyz. -Horezminiň soltany bar, tagsyr! -Horezminiň soltany Mawerannahra ajaly çekip geldi. Tiz ara Gür hanyň gudratly goşuny ýetip geler. Söweşde Horezmşanyň goşuny derbi dagyn edilse Horezmini size, Horasany emir Ruknetdin Kabud Jama bermekçi Gür han. Ruknetdin jenaplary bilen gepleşildi. Ol razy. Sizem razy bolsaňyz Horezmin siziňki. Dort Aba dymdy: “Horezmşanyň goşuny derbi dagyn edilse... Diýmek, derbi dagyn edilmegine biz kömekleşmeli. Düşnükli. Emir Ruknetdin bilen men söweş meýdanyny taşlap, goşunymyzy alyp çykyp gitsek Horezmşanyň goşunynyň derbi-dagyn boljagy anyk” diýip içini gepleden Dort Aba: -Jenap, Gür hanyň bize eçiljek sahawatynyň şertini aýtmadyňyz-a-diýdi. -Aýtmasam-da özüňize düşnükli bolsa gerek. -Düşnükli, ýöne soňy nähili bolar? Goşuny derbi dagyn bolansoň, baryp Gürgenji-de alyp beremi? -Elbetde, Birine bir zat wada edilensoň ony elin gowşurmaly bolar. -Onuň ýaly ýolsa, menem razy. Gür hany ynandyryp bilersiňiz. Şeýlelikde dönüklik ýoluna geçen emir Dort Aba hiç zat bolmadyk ýaly Horezmşanyň huzuryna baryp, Osman soltan bilen geçiren gepleşigini gürrüň berdi. Gürrüňiň dowamynda ol Horezmşanyň başyndaky şalyk alamaty bolan tylla täje aram-aram seredip goýýardy, hyýalynda ol täji öz başyna geçirip, göz öňüne getirip görýärdi. Emma hyýalyna täçden tamakin kellesiniň erte-birgün alynjakdygy gelen däldir şol wagt. *** Gara hytaýlaryň hökümdary Gür han Horezmşa bilen söweşe oňa garanda has ymykly taýýarlyk görüp, uly goşun bilen ýetip geldi. Goşunlar Zerefşan derýasynyň sol kenaryna golaý ýerdäki düzlükde gözýetim aralykda gabatlaşdy. Horezmşanyň goşunynyň bir ganatyny emir Dort Abanyň, ikinji ganatyny emir Ruknetdiniň urşujylary eýeläpdi. Osman soltan bolsa bäş müň atly urşujy iberip, özi ýarawsyzlygy zerarly söweş meýdanyna gelmedi. Dort Aba söweşiň tertibi hakynda edilen maslahatda özi bilen Ruknetdiniň her haýsysy goşunyň bir gapdalynda bolup, söweş başlanandan ikisi duşmanyň iki ýan tarapyndan at salyp, arkasyna geçenden ýeňseden zarba urarys diýip, Horezmşany ynandyrypdy. Mundanam öň iki dönük emir gara hytaýlaryň golunyň örän güýçlidigi, olar bilen söweşe gireniň aman galjagy ýokdygy barada serbazlarynyň biri-biriniň gulagyna çawuş çakdyryp, gaçmaga taýýarlapdylar. Iki dönük hem, olaryň leşgeri hem söweşiň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Emma Gür han Horezmşany uruşsyz teslim edip bolsa, gandöküşlik etmekçi däldi. Şu maksatda ol öň taýýarlap gelen namasyny ýaýyň okuna ak elýaglyk bilen baglap, horezmliler tarapa atdyrdy. Ok aradaky meýdanyň ortasyna gelip, ýere sanjyldy. Baş serkerdäniň buýrugy bilen uşujylaryň biri ylgap baryp, nama baglanan oky alyp geldi. Ony goşunyň sag gapdalyndaky bir depede ýönekeý esger eşiginde, ýakyn adamlary bilen at üstünde duran Horezmşaga ýetirdiler. Haty açyp okap başlan Horezmşanyň gaharynamy ýa-da başga duýgudanmy ýüzüne barha gyzyl çaýylýardy. Hatyň mazmuny şeýledi: “Horezminiň şöwketli şasy Muhammet! Sen nähili adamsyň? Işiň düşende dost, işiň bitensoň duşman. Aslynda Horezmşalar ýagşylygy bilmeýän adamlar ekeni. Seniň kakaň Tekeşe-de tagty inisi Soltanşadan alyp beren gara hytaýlardy. Soňam oňa biz ýardama baryp, müňläp esgerlerimizi gurban etdik. Emma ondan ýagşylyk görmedik. Ýagşylygyňa ýagşylyk gaýtmasa zyýany ýok, oňa uly öýke edibem oturmaly däl. Emma eden ýagşylygyňa ýamanlyk gaýtarsalar muňa çydamak kyn. Goşunyňy gurlylar derbi-dagyn edip, paýtagtyňy gabanynda olardan seni gutaran gara hytaýlar dälmidi? Gara hytaýlar şonda seniň üçin gurlylar bilen jeňe girip, olary ýurdyňdan kowup çykardy, goşunyny derbi-dagyn edip, gurlylary syndyrdy, saňa Horasany eýelemäge ýol açyp berdi. Indi seniň biziň gol astymyzdaky Mawerannahry basyp almak üçin biziň bilen söweşe girmek maksadynda goşun çekip gelmegiň, şol eden ýagşylygymyzyň jogabymy? Ýagşylyga ýamanlyk edeni seniň Hudaýyň hem halamaz, söweşe girseň ol seni goldamaz, derbi-dagyn bolarsyň. Şoniň üçin aklyňa aýlan, gandöküşlik etmäli, teslim bol. Teslimiň şerti: Mundan beýläk biziň garşymyza hiç hili hereket etmejegiňe ahdnama ýazyp, möhüriňi basyp berersiň hem-de iki ýyl bäri bermedik pajy tölärsiň..". Horezmşa hatyň şu ýerine geleninde dowamyny okaman, ýyrtyp-ýyrtyp zyňyp goýberdi. Şanyň gapdalynda duran emir Ibn Masud: -Aly hezret, ýaman gaharyňyz geldi-le, näme diýip ýazypdyr?-diýdi. -Teslim bolmagy teklip edýär. Biz bu ýere teslim bolmak üçin gelmedig-ä. Şuňa akly ýetmeýärmikä!-diýip, töweregine esewan eden Muhammet şanyň gözi münşüsinde eglendi-de oňa: -Gür hana bizem jogap hökmünde bir nama ýollaýaly. Döwet-galamyňyzy alyp, maňa golaýrak geliñ - diýdi. Münşi horjunyndan hat ýazmak üçin gerekli zatlaryny alyp, atyndan düşdi-de, şanyň golaýyna gelip, bir dyzynyň üstünde oturdy, beýleki dyzynyň üstüne hattagta bilen kagyzy goýdy, galamyny aşakda goýan döwetine batyryp, ýazmaga taýynlandy. Horezmşa: -Ýazyň, Jenap Gür han, geçeni ýatlandanam, ýatladandanam peýda ýok. Peýdany gelejekden gözlemeli. Eger siz hakykatdan hem gandöküşikligi islemeýän bolsaňyz, menden ahdnama talap etmän, özüňiz Horezmini paç tölemekden, Mawerannahry tabynlykdan boşatmak hakynda ahdnama ýazyp beriň. Ine şonda biziň gylyçlarymyz gynyndan çykarylmaz-diýip, sözme-söz aýdyp ýazdyrdy. Namany aňyrdan atylan ýaýyň okuna öz el ýaglyklary bilen baglap gelen tarapyna atyp goýberdiler. Orta ýola baryp düşen oky derhal gelip aldylar-da Gür hana eltip berdiler. Şundan soň salym geçmän gara hytaýlaryň söweş surnaýlary çalnyp, deprekleri kakylyp, goşuny alazenzele bilen öňe omzady. Horezmlileriň oň hataryndaky naýzadarlary hem naýzalaryny öňe tutup, okdurylydylar. Edil şol wagt iki gapdaldaky Dort Aba bilen Ruknetdin, öň aýdylyşy ýaly, iki ýan tarapyndan at salyp, duşmanyň arkasyna geçmän, zut gitdiler. Maňlaýdan gelip garpyşan gara hytaýlaryň hem naýzadarlary bilen naýzalaşmak jeňi gidýärkä, yzdaky iki tarapyň atlylary hem pyýadalaryny aýlanyp geçip, jeňe girdiler. Gylyçlaryň şarkyldysy, galkana urulandaky tarkyldysy, urşujylaryň gykylygy jeň meýdanynda alazenzele turuzdy. Söweş aýgytly gidýärdi, gara hytaýlaryň hyjuwy barha güýçlenýärdi, horezmlileriň bady barha haýallaýardy. Guşlukda başlanan jeň ikindine golaý Horezm leşgeriniň derbi-dagyn bolmagy bilen tamamlandy. Gaçan gaçyp gutuldy, gurban bolanlar ýere ýazyldy, ýaragyny taşlap teslim bolanlar ýesir alyndy. Iň ýamany: Horezmşanyň özi hem dosty emir Ibn Masud bilen bile ýesir düşdi. Bir ýagşysy, ol ýönekeý esger eşiginde bolansoň onuň patyşadygyny bilmediler. Muhammet şa ýesir düşenine bir hili aljyrajak ýaly boldy. -Emir, bu nähili beýle boldy? Biz indi diňe şalyk däl, ömrümizi hem sürüp boldykmyka-diýip, ol Ibn Masuda naýynjar garady. -Ruhdan düşmäň, Aly hezret. Bu hem Size Allanyň synagy bolsa bildiňizmi. Synagdan geçirip bolansoň, halas bolmagyň ýoluny hem salgy berer-diýip, Ibn Masud Horezmşaga göwünlik berdi. -Men düşünmedim, biz ýeňilmeli däldik, güýjümiz ýeterlikdi, ahyryn. Ýeňseden zarba urmaga giden Dort Aba bilen Ruknediniň leşgeri hem derbi-dagyn boldumyka? -Aly hezret, şol ikisi duşmanyň ýeňsesinden zarba uranda biz ýeňilmezdik, ýeňiji bolardyk. Meniň çakym boýunça olar iki ýan tarapdan at salyp gidenlerinde duşmanyň arkasyna geçip, ýeňseden zarba urmak üçin däl-de, umuman söweşe goşulmazlyk üçin özlerine çete alandyrlar. -Olar näme üçin beýitdikäler? Söweşe girmekden gorkandyrlar diýseňiz, olar gorkak adamlar däl, emir. -Gorkak däl bolsalar, dönükdirler onda. Duşmana satylandyrlar. Muhammet şanyň gazapdan dodaklary titredi: -Şeý diýsene! Men olaryň ikisini-de gowy görýärdim, ynanýardym. Olar hakykatdanam dönüklik eden bolsalar, sag aman ýesirlikden halas bolup, ýurda baraýsam, olary ýeriň aşagyna giren bolsalaram tapdyryp, derilerine saman dykdyraryn!-diýdi. Dönüklere aýdyşy ýaly jeza bermek Horezmşaga nesip etmedi. Olaryň jezasyny Gür hanyň özi berdi. Haçanda olar eden hyzmatlary üçin wada edilen ýurtlary sorap gelenlerinde Gür han ajy ýylgyryp seretdi-de: -Horezm bilen Horasany soraýarsyňyz dälmi? Sizler dönünkleriň taryhda şeýle sylag alanyny eşidipmidiňiz? Dönükligiň ýeke täk sylagy bar, ol hem ölüm!-diýdi. Gür hanyň agzyndan soňky söz çykandan dönükleri nökerler süýräp alyp çykp gitdiler. Ine şeýdip dönüklik bilen täç geýmekçi bolan kelleler göwresinden jyda boldylar. Hakyky dost ine şunuň ýaly başyňa iş düşende belli bolýan ekeni. Emir Ibn Mäsud özüniň däl, Muhammet şanyň başyny gutarmak barada pikirlenip, bir pirim oýlap tapdy. Ol töweregindäkiler eşitmez ýaly ýuwaşlyk bilen: -Aly hezret-diýdi.-Siz birazrak wagt meniň gulum bolup, hyzmatymy etseňiz, Sizi ýesirlikden azat edýän. Muhammet şa dostunyň bir çäre oýlap tapanyny aňdy, “nädip” diýip soramady-da: -Bolýar. Gulluk diýen zat biziň üçin ýat zat däl, aslymyz gul-da, iň uly atamyz Anuştegin ýaşlygynda gul bolan. Siz muny bilýänsiňiz-le. Şoniň üçin meni aslyma gaýtarjak bolýansyňyz-diýip degişdi. Mert adamlar iň agyr günlerde-de ruhdan düşmän, degişmegi, gülüşmegi ýatdan çykarmaýan ekenler. Şeýlelikde “Gämiçi han boldy, biz nöker bolduk, Allanyň emrinden suw döker bolduk” diýleni ýaly Horezmşa öz emiriniň guluna öwrüldi. Onuň naharyny, çaýyny edep bilen eltip, öňüne goýdy, ýuwunsa eline, aýagyna suw akytdy. Garaz näme hyzmaty bolsa etdi ýördi. Muny synlap ýören bulary ýesir alan ýüzbaşy bir gün Ibn Mäsude: -Görýän weli, bu adam guluň ýaly seniň hyzmatyňda, sen özüň kim?-diýip soraýar. Ibn Mäsudiň garaşýan soragy-da şudy. Ol: -Men gaty baý adam, bu bolsa meniň hyzmatkär gulum. Özi juda halal, gowy adam. Biz muňa ähli zadymyzy ynanýas-diýip, “hyzmatkäriniň” öwgüsini ýetireninden soň ýüzbaşa teklibini aýtdy. –Jenap, etseň ikimize-de peýdaly teklibim bar. Sen iki serbazyñ bilen meniň gulumy Gürgenje goýber. Ol meniň maşgalamdan on müň dinar alyp, seniň serbazyñdan berip goýberer. Onsoň meni-de azat edersiň. Ýüzbaşy oýlanyp dymdy. Gözöňüne ýalpyldap duran on müň altyn dinarlar gelip razy boldy. Şeýdip Muhammet şa iki gara hytaý bilen birnäçe gün atly ýol söküp, gün öýleden agan wagty Gürgenje gelip ýetdi. Muhammet gara hytaýlara özüniň patyşadygyny bildirmezlik üçin olary kerwensaraýda ýerleşdirdi, puly şu ýere getirip berjekdigini aýdyp, özi köşge bardy. Köşgiň goragçylary ýönekeý eşikde bolsa-da, ony tanap, uly şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar. Patyşanyň gelen habary şolbada köşgiň içine-de ýaýrady. Ony köşge girilýän ýerdäki uly eýwanda ähli ýakynlary gurşap aldylar. Aýallary, ogul-gyzlary, köşkde ýaşaýan garyndaşlary ýekän-ýekän gelip görüşdiler. Iň soňunda ejesi Terken hatyn, şeýle tolgundyryjy pursatda-da salyhatlylygyny ýitirmän gelip, ýuwaşlyk bilen gujaklady, gujagyndan boşadyp: -Sag-aman geldiňmi, oglum!-diýdi. Ejesiniň hereketlerinde, äheňinde enelik mährini duýmadyk Muhammet: -Geldim, käbäm, geldim. Entek Uzlagşany patyşa yglan etmediňizmi?-diýdi. Terken hatyn oglunyň bu sözi kakdyryp aýdanyny duýsa-da, bilmediksiräp: -Ýok, oglum meniň enelik ýüregim seniň aýatda bardygyňy duýup durdy-diýdi. Muhammet şanyň diline bu söz duýdansyz gelmändi. Ol ýesirlikde mahaly ejesiniň Uzlagşany adyna patyşa edip, özi höküm sürjekdigi baradaky pikir kellesine bir näçe gezek gelipdi. Muhammet şa töweregindäkilere göz aýlaýarka aýallaryndan diňe Aýçeçegiň owadan gara gözlerinde buldurap duran begenç ýaşlaryny görüp, onuñ özüni çyn ýürekden söýýändigine ýene bir gezek göz ýetirdi. Ol ogul-gyzlarynyň başyny sypap, hemmelerine hoş söz aýdyp, ejesi bilen onuň jaýyna gitdi. Muhammet özüniň ýoklugynda ýurtda we ýurtdan daşarda bolan wakalary bilmäge howlugýardy. Ol jaýa girip oturanlarynda: -Käbäm, ýurt parahatmy, näme üýtgeşiklikler boldy?-diýip sorady. -Hudawendi jahan käbäñiň başy dik wagty ýurdyňda hiç hili bozgakçylyk bolup bilmez. Ýurt parahat, oglum. Başga gepleri soň aýdaryn, sen maňa özüňiň näme bolanyňy, şunça wagt nirededigiňi aýdyp ber. Sen gelýänçäň ýüregim suw üstünde boldy, oglum. -Käbäm, nämeler bolanyny soň boýdan başa gürrüň bererin. Gysgasy, biz ýesir düşdik. On müň dinara dostum Ibn Masud ikimiz özümizi satyn aldyk. Häzir şol puly berip goýberip, girewde galan Ibn Masudy hem halas etmeli. Başga gepleri diýeniňizi aýdyň, soň men gideýin. -Aýtmasam kararyň çydamaz, aýtsam keýpiň gaçar. -Aýdyň, aýdyň käbäm, gaçmaz keýpim. -Aýtsam, seniň ýitirim bolan habaryňy eşidip, Nyşapurda meniň garyndaşym Kezlik han, Tabarystanda seniň iniň Alyşa özbaşdaklyk yglan edip, Horezminiň tabynlygyndan çykypdyrlar. -Ä-hä! Süleýman ölüp, döwler azat bolupdyr-da!-diýen Muhammet şa öz ýanyndan “derisine saman dykmaly dört boldy” diýip, ejesi bilen hoşlaşyp çykyp gitdi. Muhammet ejesine “Aýdyň gaçmaz keýpim” diýse-de, keýpi gaty gaçdy. Dönüklik diýen zadyň adama täsir etmezligi mükin däl. Bolsada yzly-yzyna. Dort Aba bilen Ruknetdiniň dönükliginden soň bu iki ynamdary, biri öz inisi, ikinjisi daýy toparyndan bolanyň dönüklik etmegi onuň juda gaharyny getirdi. Ýöne bu ýerde, olardan daşda durup, gahar-gazaba münmegiň peýdasy ýokdugyny, olar bilen baryp ýerinde hasaplaşmalydygyny oýlanyp, özüni özi birneme köşeşdirdi. Ol has köşeşmek üçin uzak ýoluň ýadawlygyna-da garamazdan häliden ýüregi telwas edip duran Aýçeçegiň huzuryna bardy. Aýçeçegiň ýüregi onuň geljegini duýýardy. Garaşypdy. Muhammet otaga girenden ol ýerinden böküp turup, onuň gujagyna doldy. - Aýçeçegim, mähribanym, meni ýitirerin diýip gorkduňmy? Men entek-entek seniň bilen Jelaleddinimi taşlap, o dünýä gitmerin-diýip, Muhammet öýmesi aşak gaçyp, saçy ýalpyldap duran gursagynyň üstündäki başy sypady, mähir bilen sypady. Ol şam namazyndan soň şamlygy-da şu ýerde edindi. Huptan namazyndan soň ýadawlygyny-da Aýçeçegiň ýatalgasynda çykardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |