18:49 Gürgenç / 3-nji kitap -17 | |
XVII BAP
Taryhy proza
Horezmşa Alawetdin Muhammet saparda mahaly Gürgençde Terken hatyn tutuş Horezme hökmüni ýöredip, hökmürowan bolup oturdy. Onuñ hökmürowanlygy diñe köşkde, ýurtda däl, maşgalanyñ içinde-de duýulýardy. Gelinleri, agtyklary, beýleki garyndaşlary Terken hatynyñ sesi çykan ýerde kelleleri dyzyna ýetýänçä epilip tagzym edip durýardylar. Diñe türkmen gelni Aýçeçek sähraýylygyny edip, çalarak egilip salam berýärdi. Mundan başga-da Terken hatynyñ gaharyny getireni - oña bir işi aýdanynda, ol türkmençeläp "Bolýar, enesi" diýerdi. Terken hatyn "Saña näçe gezek aýtmaly, maña ýöne "enesi" diýme, "Hudawendi jahan ene" diý, diýeninde Aýçeçek "Meniñ o diýen sözüñize dilim gelmeýär" diýip aýtdym-a - diýip ýylgyrypdy. Onuñ ýylgyranyna beter gahary gelen Terken hatyn: - Seniñ şu söze gelmeýän diliñi bir gün özüm keserin! - diýip torsaryp gidipdi. Ýene bir sapar Aýçeçek nämedir bir zat soramakçy bolup "Enesi" diýip ýüzleneninden Terken hatyn: "Gepleme, lal bol!" diýip azgyrylypdy. Aýçeçek agzyna elini basyp, yzyna öwrülip gidipdi, otagyna gelip, elini agzyndan aýranyndan pyñkyryp goýberipdi. Näme üçindir Terken hatyn gaharlansa Aýçeçegiñ gülesi gelýärdi. Giñ sährada erkin ösen gyzyñ häsiýeti-dä. Şol günüñ ertesi Horezmşa sapardan gaýtdy. Tomus aýy bolansoñ gije salkynda ýol söküp gelen goşun bilen Horezmşa dañ saz berende paýtagta gelip girdi. Horezmşanyñ sapardan geleniniñ şanyna çalnan kernaý-surnaýlaryñ, deprekleriñ owazy al-asmana çykyp, Gürgenjiñ ilaty bilen Aýçeçegi-de ukydan oýardy. Aýçeçek oña biparh däldi. Göz açyp göreni ol bolansoñ käteler ony küýseýärdi. Ol paýtagtda bolan wagtlarynda günde bolmasa-da, günaşa Aýçeçegiñ habaryny tutýardy, hepde-de bir gezek onuñ ýanynda bolýardy. "Hudaýa şükür, ol sag-aman geldi" diýip, öz içinden gürlän Aýçeçek oña garaşýardy. Onuñ bolsa Aýçeçegiñ ýanyna gelmäge diñe öýlän eli ýetdi. Ol gapydan girenden Aýçeçek ýerinden turup, tagzym etdi-de, oña ýylgyryp seredip duruberdi. Ol uzak saparda bolsa-da, gyzgylt öwüsýän nurana ýüzünde ýadawlyk alamaty ýokdy. Keşbine gelşip duran gara gytyk sakgaly, ösgünräk murty, ýanyp duran gözleri, başyndaky tylla jygaly sur bagana telpegi, zerbap donuñ içindäki syratly kamaty her niçik aýalyñ hem içini imrindirmän durmazdy. Aýçeçek hem entek beýle äre içi imrenmez ýaly ýaşdan geçenokdy. Ol Aýçeçegiñ geplemän durşyny bir hili görse-de, özi soraşyp başlady: - Aýçeçek, janyñ-teniñ salamatmy? Kemis zadyñ ýokmy? Aýçeçek birinji sowala ýylgyryp başyny atdy, ikinji sowala-da kellesini ýaýkady. Muhammet onuñ bolşuna geñ galyp: - Men ýoklugymda diliñi kesdilermi, näme gepläñok? - diýdi. Aýçeçek dilini çykaryp görkezdi. - Heý, samsyjak, oýun etme, geple! - diýip, şa höküm etdi. Şundan soñ Aýçeçek: - Enemiz maña "Lal bol!" diýdi. Men onsoñ nädip gepläýin- diýip ýylgyrdy. Muhammet: - Hä, şunuñ oýny bu diýsene - diýip güldi. - Näme üçin saña lal bol diýdi, ýöne ýere däldir, sebäbi bardyr. - Sebäbi men oña türkmençesine ýöne "enesi" diýäýýän-dä. - Ol diýeniñ bolmandyr, Aýçeçek. Ol beýik aýal. Senem oña hemmeler ýaly "Hudawendi jahan ene" diýip ýüzlenmelisiñ. Düşündiñ gerek?-diÿdi Muhammet. Aýçeçek ýylgyryp başyny atdy. - Hany indi diliñ açylan bolsa, meniñ ýoklugymda nämeler bolanyny gürrüñ ber. - Köşgiñ içinde bolan üýtgeşik zat ýok, şahym. Daşardaky ýagdaýlary Jelaleddinden sorap durdum. Olam "Hemme zat gowy eje" diýýär. Jelaleddiniñ ady tutulandan Muhammediñ ýüzi açylyp: - Jelaleddin meni garşy alanlaryñ öñ hatarynda duran eken, ylgap gelip ilkinji bolup görüşdi. Tüweleme, ogluñ gün-günden görke-kamata gelip barýar - diýdi. Soñra Aýçeçege syrly gülümjiräp: -Ýeñiş bilen gelenimiziñ şanyna agşam meýlis guralýar. Meýlisden irräk çykyp gelerin, garaş. Seni juda küýsedim. - Ýanyñyz bilen mendenem ýaş, bir däl, iki aýalyñyzy hem alyp gitdiñiz-ä. Meni küýsärlik bolan däldir-le - diýip, Aýçeçek kinaýa bilen gülümjiredi. -Ten başga, köñül başga, Aýçeçegim. Meniñ köñlümde hemişe sensiñ, başgasy däl. Galanyny gelenimden soñ gepleşeris. Men gelýänçäm içiñi gysdyrman otur - diýip, gülüp çykyp gitdi. Aýçeçek gelin bolup köşge düşeninde, Muhammedi halap baranam bolsa, ilki juda içi gysdy, köp wagta çenli köşk durmuşy bilen öwrenişip bilmän gynandy. Alla berip, ogul perzendi - Jelaleddin dünýä inensoñ, çaga bilen güýmenip köşeşdi. Indi bolsa gün-günden ösüp barýan oglunyñ boýuna, syratyna guwanyp ýaşaýardy. Guwanmazça däldi. Jelaletdin entek ýaş bolsa-da, erjelligi, dogry sözlüligi ene ýüregine buýsanç bagyşlaýardy. Jelaleddini okadan mugallymlary hem onuñ geljekde beýik şahsyýet boljakdygyna ynanýardylar. Ýöne enesi Terken hatynyñ oña garaýşy başgaçady - ejesini ýaman göreni üçin ogluny-da halamaýardy. Köşkdäkiler Terken hatynyñ özüni-de halap baranokdylar. Emma ol halasyn-halamasynlar köşgüñ içki durmuşynda berk tertip-düzgün ornadypdy. Hemmeler ondan heder edýärdiler. Emma daşky tertip-düzgün berk bolsa-da, içki agzybirlik ýokdy. Horezmşanyñ aýallary biri-birini gözünde oky bolsa atjakdy. Hawa-da, bir zada köp adam şärik bolsa ony agzybirlikde paýlaşyp bolýamy näme! Bu wagta gelip, Muhammet şanyñ dört şäri aýalyndan alty ogly, iki gyzy bardy. Ogullarynyñ iñ ulusy Jelaleddin, ondan soñ Ruknetdin Gursenji, Kütbetdin Uzlagşa, Gyýasetdin Pirşa, Akşa, Ýahýa Hürşa; gyzlary Hansoltan, Aýşihan. Terken hatyn agtyklarynyñ agzybirligini, biri-birine hormaty saklamaklary üçin olaryñ terbiýeçileri, mugallymlary, tälimçileri bilen deñ-derejede alada edýärdi. Emma özi olaryñ hemmesini hem deñ-derejede gowy görmeýärdi. Ýaşy taýdan üçünji ogul Uzlagşa onuñ iñ söýgüli agtygydy. Munuñ sebäbi Uzlagşanyñ ejesi onuñ öz urugundandy. Şonuñ üçinem söýgüli agtygyny mirasdüşer belletmegi ýüregine düwüp goýupdy. Ýüregine düwen bu işi maýyny tapyp, amala aşyrmakçydy. Muhammet şa sapardan gelen güni-de, ertesi-de käbesiniñ huzuryna baryp, saparda bolan wakalary gürrüñ berdi. Ine şunda Terken hatyn Uzlagşa barada ýüregine düwen niýetini uzakdan aýlap, diline çykardy: - Oglum Muhammet, "Sapar-hatar" diýen gep ýöne ýere däl. Her bir saparda hatar bar. Allajanym seniñ saparlaryñy bihatar etgeý. Ýöne, oglum, şalar şunuñ ýaly hatarlardan ätiýaç edip, tagtyna mirasdüşer belleýärler. Senem başyñ dik wagtynda, meniñ gözümiñ açyklygynda mirasdüşer belläp goýsañ, yzyñdan arkaýyn bolarsyñ. Muhammet ejesiniñ bu gepini içinden ýaman görse-de, daşyndan bildirmedi: - Mirasdüşer bellesem, bellemesem menden soñ uly oglum Jelaleddin, başy aman bolsa, oturar tagta. Menem mirasdüşer bellenmesemem, ogullaryñ ulusy bolanym üçin çykdym-a tagta... -Muhammet! - diýip, Terken hatyn gatyrganybrak seslendi.-Sen kimiñ arkasyndan tagta çykanyñy gowy bilýänsiñ, oglum... Diñleseñ, men saña bir ene pendini bermekçi! - Diñleýän, käbäm, aýdyberiñ! - Senden soñ Horezminiñ tagtyna çykjak adamyñ arkasy daýaw bolmaly. Jelaleddiniñ arkasynda töweregindäki on türkmenden başga kim bar? Eger ol tagta çyksa, şolar bilen döwletiñ berkararlygyny saklap biler öýdýärmiñ? Bilmez! Gaýtam, öz janyny howp astynda goýar. Tagtda uzak oturtmazlar, basyp alarlar, özüniñ ýaranlary bilen... Aýtmaýyn añyrsyny. Eger Kütbeddin Uzlagşa tagta çyksa, onuñ arkasynda häzirki döwletiñ sütüni hasaplanýan gypjaklar dur. Goşunyñ aglaba bölegi hem şolardan ybarat. Arkasynda şeýle güýç bar patyşa döwleti gül ýaly dolandyraram, ösdürerem. Eger sen özüñden soñ Horezminiñ berkarar döwlet bolup, ýene-de giñelip, beýiklik derejesine çykmagyny isleseñ, Uzlagşany mirasdüşer belle. Meniñ saña ene pendim ine şu, oglum. Muhammet şa uzak dymyp oturdy. Ejesiniñ aýdanlarynda mantyk bardy. Hakykatdan-da, Jelaleddine garanda Uzlagşanyñ arkasy daýaw. Gypjaklar Jelaleddiniñ janyna kast etmekleri hem mümkin. Ol şulary oýlap, ejesiniñ aýdany bilen ylalaşdy: - Bolýar, käbäm. Goý, Siziñ aýdanyñyz bolsun! Men bu hakda perman bereýin. Ýöne ol men aýatda barkam, gizlin saklansyn. Eger ol häzir jar edilse, adamlar, aýratyn-da daşardaky hökümdarlar Horezmşa ýaman derde duçar bolandyr, ýakynda ölse gerek, ýogsa entek ýaş jany barka mirasdüşer bellemezdi diýip pikir ederler. Terken hatyn hem şa oglunyñ pikiri bilen ylalaşdy. Emma bu hakdaky permany Terken hatyn gizlin saklamak üçin alyp goýsa-da, ol özüniñ ynamdary, Horezmşanyñ weziri Muhammet Salyhyñ gulagyna ýetip, köşgüñ içine ýaýrady. Indi onuñ daşary çykmagy-da kyn däldi. Aradan bir hepde geçip, Muhammet Aýçeçegiñ ýanyna baranynda, ony hemişe güler ýüz bilen garşy alýan aýal, bu sapar oña ýüzüni açmady. - Bir hili tukat görünýäñ-le, Aýçeçek? Näme boldy? - diýip, Muhammet şa aýalynyñ ýüzüne dykgat bilen garady. - Näme bolanyny özüñiz bilýänsiñiz! - Nämäni bilýän men? Düşündirip aýt! Aýçeçek gönüläp däl-de, başgaçarak edip aýtdy: - Şahym, Size Alla uzak ömür bersin! Näme beýle ýaş başyñyz barka mirasdüşer belläp ýörsüñiz? Muhammet Aýçeçegiñ näme diýjegine düşündi. Syryñ açylanyna bir hili bolup, uludan demini aldy: - Bu gepi kim aýtdy saña? - diýip, agraslyk bilen sorady. - Aýallaryñ arasynda hyşy-wuşy gürrüñ bar. Bu gep aýallaryñam gulagyna degen bolsa, ony köşkde bilmeýän adam ýokdur. - Kim ýaýradypdyr bu gepi? - Weziriñiz Muhammet Salyhdan eşidipdirler. Ol enemiziñ ynamdar adamy. Ol aýdan bolsa anygyny bilip aýdandyr. Muhammet şanyñ weziri bilen ejesine bolan gaharyna ýüzi üýtgäp gitdi. Ol häziriñ özünde baryp, olar bilen "gepleşmekçi" boldy. Ýöne hiç zat diýmän çykyp gitse Aýçeçegiñ göwni synjakdygyny oýlap, bir salym mañlaýyny tutup durdy-da: - Aýçeçek, sen maña aýtmakçy bolan gepiñi aýtman, başga gep aýdan bolsañam, men düşündim - diýdi. - Sen häzirden mirasdüşer bellemek hökman bolsa, näme üçin Jelaleddin duranda ondan kiçi dogany bellenmeli diýip, ýokuş göreniñi bilýän. Gel, oturaly, men saña näme üçin beýle bolanynyñ sebäbini düşündireýin - diýip, Muhammet Aýçeçegiñ elinden çekip ýanynda oturtdy-da, ejesiniñ huzurynda bolan gürrüñi aýdyp berdi. Soñundanam şeýle diýdi: -Men muña diñe Jelaleddiniñ janyny howp-hatardan goramak üçin razy boldum. Jelaleddini hemmesindenem eý görýän-ä men. Aýçeçek ärine kinaýaly seredip gülümjiredi-de: -Uzlagşanyñ ejesine-de, "Ogluñy hemmesinden gowy görenim üçin mirasdüşer belledim" diýensiñiz - diýdi. Muhammet: - Sen günülerime jinnegem gabanjañlygym ýok diýýädiñ-ä, bar eken-ä - diýip güldi. -Ýok, men gabanjañlyk edip aýdamok, degişdim Size. Ýöne islendik degişmede-de hakykatyñ bir ujy bolaýmagy mümkin diýýärler - diýip, Aýçeçek ýene kakdyrdy. Muhammet kellesini ýaýkap gülüp, gepi başga tarapa sowdy: - Aýçeçek, ýañy sen maña Alladan uzak ömür dilediñ. Alla seniñ dilegiñi kabul eder. Şonuñ üçin entek-entekler mirasdüşere tagt ýetmez. Soñam tagta kimiñ oturjagyny Alla bilýär! Hemme zat Allanyñ eradasy bilen bolýandyr, Aýçeçek!- diýip, Muhammet şa Aýçeçegi birneme köşeşdirip, çykyp gitdi. Ol gitmekçi däldi, galmakçydy. Emma syryñ açylanyna entegem köşeşmedik gahary bilen köşgüñ kabulhanasyna baryp, weziri çagyrtdy. Wezir Muhammet Salyh agşamdan soñ çagyrylmagynyñ gowulyga däldigini duýup, howatyrlanyp geldi. Tagzym edip, gol gowşuryp durdy. - Ahwallaryñyz gowumy, weziri agzam? - diýip, Horezmşa teýeneli äheñ bilen sorady. - Hudaýa şükür, Aly hezret. Siziñ saýañyzda ahwalymyzyñ kemi ýok. - Biziñ saýamyzda ahwalyñyzyñ kemi bolmasa-da, siz özge bir saýanyñ arzuwyny edip ýören ýaly-la. - Düşünmedim, Aly hezret, näme üçin men özge saýanyñ arzuwyny edeýin? - Onda näme Uzlagşa mirasdüşer boldy diýip, heşelle kakyp, gep ýaýradyp ýörsüñ? - Alla saklasyn, Aly hezret. Töhmete ynanmañ. Meniñ özüm bu gepi aýalymdan eşitdim. - Ine, indi düşnükli boldy. Bu gepi sen aýalyñdan däl, aýalyñ senden eşidip, aýallaryñ arasynda gep ýaýradypdyr. Şeýle dälmi? Hany, dogryñy aýt?! Ýogsa, häzir jellada tabşyraryn! Muhammet Salyh arkasynda Terken hatynyñ durandygyna arkaýyn bolsa-da, "jellat" sözüni eşidensoñ ini titräp gitdi. Titremezçe däldi. Patyşa emir etse, jellat äkidip, häzir kellesini alar, Terken hatyn bilmänem galar. Şu aýylganç pikir kellesine gelip, ol ýalbaryp başlady: - Bir çemçe ganymdan geçiñ, Aly hezret. Hata kylyp men... - Saña bu gepi aýdan - onuñ entek syr saklanmalydygyny, jar edilmeli däldigini aýtmadymy? - Aýdypdy, Aly hezret. Günä mende, meniñ dilimi kesmeli. - Boluşyñ şu bolsa seniñ diliñi däl, kelläñi kesmeli. Seniñ başga-da käbir işleriñ gulagyma degip ýör. Eger şolara delil tapsam, seni näme etmelisini özüm bilýän. - Başga meniñ namakul eden işim ýok, Aly hezret. - Näme üçin muhtasyplary tiz-tiz çalşyrýarsyñ? Özüñe näme makul tarapy bar munuñ? - Gowy işlemeýänini çalşyrmaly bolýar, Aly hezret. - Täze goýanyñ gowy işleýärmi. Ýa gowuja berýärmi? - Alla saklasyn, Aly hezret. Onuñ ýaly zat etmeýän men. - Derýanyñ ikinji köprüsini abatlamak üçin hazynadan artykmaç köp pul alypsyñ. Hemmesini köprä sarpladyñmy? - Juda düýpli abatlandy, Aly hezret. Baryp göräýiñ. - Baryp görenim üçin aýdyp duryn, saña. Mundan beýläk hazyna el uzadanyñy bilsem menden gowulyk isleme!- diýip, Horezmşa oña ýeser nazar bilen seretdi-de - Gaýdyber - diýdi. Wezir lam-jim, başyny egip, çykyp gitdi. Ýeke özi galan Muhammet indi bu gepi ejesi bilen nähili gepleşjegini bilmän, bir salym ýaýdandy. Oña wezire aýdan igençli sözleri ýaly söz aýdyp bolmaýar. "Gowusy men onuñ ýanyna barmaýynam, aýtmaýynam. Weziriñ özi menden eşidenlerini aýdar. Menem hemişeki salama barmasam, görünmesem gahar edenime düşüner" diýip, içini gepleden Muhammet barybir köşeşmedi, gaharyny içine sygdyryp bilmän, ejesiniñ huzuryna bardy. Ejesi ony hemişekisi ýaly mähirli garşylap, ýanynda oturtdy. Muhammet ýüregindäkini göni aýdyp bilmän, gepi añyrdan aýlap başlady: - Käbäm, maña wezir edip, ýanyma sokan adamyñyz Muhammet Salyh gowy adam däl eken, özem haramy. Onuñ gümüni çekmeli. - Haý-haý, gyzyberme, oglum! Seniñ beýle gaharyñy getirer ýaly näme boldy? Näme iş edipdir ol? - Onuñ eden işlerinden özüñizem habarly bolmaly. - Öñräk puly gowy görýärmiş diýip eşidip, gulagyny mazaly towlapdym. Beýle zat üçin başga biri bolsa gümüni çekse bolardy. Emma onuñ gümüni çekseñ, özüñe köp duşman artdyrarsyñ. Onuñ döwletde-de, goşunda-da tarapdarlary köp. Şonuñ üçin oña jeza berseñ özüñe ýamanlyk etdigiñ bolar, oglum. Ejesiniñ weziriñ haramylygyny bilibem, onuñ tarapyny çalyp oturmagy Muhammediñ öñki gaharynyñ üstüne gazap bolup goşuldy. Ol indi özüni saklap bilmedi: - Onuñ beýle tarapyny çalyp oturşyñyza garanda, ol Size juda gadyrdan bolsa gerek. Hatda meniñ syr saklanmaly permanymy hem oña aýdypsyñyz. Olam ony bütin köşge ýaýradypdyr. Terken hatynyñ ýüzi boz-ýaz boldy. - Ol gep señ türkmenjigiñiñ gulagyna degen bolsa, seni şol küşgürip goýberendir. Patyşa kişä aýalyñ gepine gidip, gaharlanmak gelişmeýär, Muhammet. - Aýalyñ gepine gitmeli däl bolsa, men Aýçeçegiñ däl, Siziñ gepiñize gitmeli däl ekenim. Gizlin saklajak diýip, alyp goýlan zady, näme üçin ol nejise aýtdyñyz? Terken hatyn Muhammediñ ýüzüne bir salym müýnli nazar bilen seredip oturdy-da: - Oglum, mendenem bir hatalyk ötdi - diýdi. - Men köşgüñ içki işlerine degişli tabşyryklary ýazyp goýan kagyzymy-da seniñ permanyñyñ ýanynda goýan ekenim. Men bilmän oña tabşyryk ýazylan kagyzyñ ýerine permany beripdirin. Ol kagyzy açyp, göz gezdirdi-de, ýüzüme gülümjiräp seredip: "Bu başga kagyz eken" diýip gaýtaryp berdi. Şonda ýalñyşanymy bilip galdym. Oña "Muny agzyñdan sypdyraýma" diýip, berk tabşyrypdym - diýdi. Ejesiniñ ýalan gepläp oturanyna Muhammediñ beter gahary geldi: - Käbäm, Siziñ aýdyşyñyz ýaly, patyşa kişä aýalyñ gepine gitmek gelişmeýän bolsa, patyşanyñ käbesine-de ýalan geplemek gelişmeýär - diýdi. - Heý sen, ak süýt beren ejeñe şeýle söz aýtmak gelişýär öýütdiñmi?! Sen gatyrak gitdiñ-le, oglum. - Gaty gitsemem, ýuwaş gitsemem, men gitdim, hoş! - diýdi-de, ýerinden tarsa turup, çykyp gitdi. Ol bu gödek hereketiñ ýaş oglanyñka meñzänini özi duýmady. "Gahar gelende akyl gaçýar" diýenleri boldy. Ol şu gahary bilen bir hepde - ýedi gün ejesiniñ huzuryna barmady, döwlet işleri bilen gümra bolup, ejesi ýadyna-da düşmedi. Emma ýedinji gün agşamdan soñ düşegine geçip, adatdakysy ýaly geçeni, geljegi kellesinde aýlap ýatyrka hyýaly aýlanyp, bir hepde öñ ejesi bilen bolan çaknyşygyñ üstünden bardy. Ol aralarynda bolup geçen ähli gep-gürrüñleri akyl terezisinde ölçäp, seljerip gördi-de, birden ýüregine bükgüldi gitdi. Serine gelen pikir aýylgançdy. "Bu kempir näme üçin entek meniñ ýaş bolmagyma garamazdan mirasdüşer belletdikä? Kä mahal men onuñ maslahatlaryny äsgermän öz bildigimi edýänligim oña gaty ýokuş degýän bolmaga çemeli. Ol meniñ mundan beýläk has özbaşdak höküm sürjegimi añan bolmaga çemeli.. Onsoñ özüne hökmürowanlyk ýetmejek bolansoñ, meniñ ýerime açsa aýasynda - ýumsa ýumrugynda boljak patyşa goýmak niýeti bolaýmasyn. Uzlagy adyna patyşa edip, özi hökümdarlyk sürmek islegi ýokmyka? Eger şeýle islegi bar bolsa meniñ ýoguma ýanman, ol islegini amala aşyryp bilmez. Şonuñ üçin meni... Aý, ýok. Hiý bir ene öz dogran perzendine şeýle ýamanlygy rowa görermi? Kim bilýär. Taryhda tagt üçin ogul atasyny, atasy ogluny öldüren ýagdaýlar hem ýok däl-ä..." Muhammediñ serinden geçen bu pikirler ony halys ynjalykdan aýyrdy, ukysynam gaçyrdy. Ol dañdana golaý biraz irkilip, hopugyp oýandy. Kellesinde ýene-de gijeki oýlaryñ dowamy at salýardy. Ahyr soñunda "Men ýene-de onuñ ýanyna barman ýörsem, gör, ol näme iş eder. Baraýyn, belanyñ öñüni alaýyn" diýen netijä geldi. Şundan soñ azan namazyny okap, ertirligi-de ejesi bilen etmekçi bolup, onuñ huzuryna bardy. Salam-helikden soñ Terken hatyn Muhammede kinaýaly nazar bilen seredip: - Gaharyñy ýatyryp bildiñmi, oglum? - diýdi. - Boljak iş bolandan soñ gahardan peýda ýokdugyny bildim- diýip, Muhammet aşak oturdy. -Şu bir ýönekeý zady bilmek üçin ýedi gün gerek boldumy saña? Ejeñi didaryña zar edip goýdyñ-a, oglum - diýip, Terken hatyn enelik mähri bilen dillenen ýaly etdi. Gijeki gorkuly pikirleriniñ täsirinde ol ejesiniñ mähirli äheñine-de ynanmady. Terken hatyn onuñ gözüne eje däl-de, Ezraýyl bolup göründi. Janyñ özüñe şirin bolsa Ezraýyla ýaranmaly bolýar. Şonuñ üçin Muhammet şa ömrüniñ ahyryna çenli Terken hatyna ýaranyp ýaşady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |